15:16 Oragatdy / powest - 1 | |
Rejepmyrat Durdyýewiň “Oragatdy” powestiniň baş gahrymany türkmen obasy. Hawa, bir ýa iki däl, tutuş oba adamlary. Ýöne olaryň içinde bize has ýakyn duranlary bar.
Powestler
Olardan ilki bilen Meleje bilen Annak hakydaňa gelýär. Bu köp öwüşginli gahrymanlar biziň çagalar edebiýatymyzy özboluşly, şadyýan, gülkä ýugrulan obrazlar bolup baýlaşdyrdylar. Mekdepde okap ýören bu iki sany ýetginjegiň edýän gowy işleri az däl. Bu iki gahryman hakda gürrüň açylyp başlaýaram welin, ýüregiň gürsüldäp başlaýar, “ýene bir hezillik bolar-ow” diýip begenýärsiň. Dogrudanam, hezillik üstüne hezillik, gülki üstüne gülki… Size Meleje bilen Annagyň başdan geçirmelerini hödürleýäris! ORAGATDY Birinji bap. Kemine şahyryň obamyza gelip, şorta paýymyzy goýup gidişi, bir gazan çorba duz torba gaçyp alakanyň hinine suw gidişi, meniň partadaşly bolup, Jümmi aganyň öýkesiniň ýazylyşy. Siziň üçin-de öz obaňyz, ýaşaýan şäheriňiz şeýledir-le. Meniň-ä öz obamyz gözüme hemişe yp-yssyja görünýär. Ýogsam biziň obamyzyňam illeriňkiden artyk ýeri ýok. Gaýta goňşy obalara garanyňda, biziň obamyz horaşajadyr, sadajadyr. Her hojalygyň diýen ýaly gapysynda gara öý bar. Tamlar hem pagsadan, bolmasa, çig kerpiçden, köne biçüwde salnan. Bişen kerpiçden salnan, yşnaklyrak jaýlar hem ýok däl, ýöne olar keliň saçy ýaly juda seýrek. Obamyzyň içinden geçýän ýollar bolsa kartanyň çyzyklary ýaly egrem-de-bugram. Ýekeje bir zat – esasy köçämiz asfaltlanan, galanlary welin, kirşenlije ýollar-da. Maşyn, motosiklet ýörese, ertir-agşam sygyr sürüsi geçse, hatda eşek gatyrak sürseňem, at çapdyrsaňam ýollarymyzyň tozany-tody asmana göterilýär. Henizem gara öý, gara öý ýaly hellewleşip oturan baglarymyz ýerden bulut kimin galan tozanlary özleriniň gür şahalarynyň arasynda gizläýýärler, bolmasa agzyň-burnuň kirşenden dolup, bokurdagyň hygyldaberýär. Wah, obamyzyň ähli köçesi oklaw ýaly gönülenilip, aýna ýaly asfaltlanyljak-la welin, “täze posýologa göçüljek” diýip, şol mydar edilen bolnup ýör-dä. Pah, bu gürrüň hem men özümi bilip, agy-gara düşünip başlalym bäri obamyza ýaň salýar. Emma obamyzyň ilersindäki tekiz aladan her kime mellek ýer ölçenilip berlen-de bolsa, şoňa göçüp barýan ýok. Her kim göbek ganynyň daman ýerinden gozganasy gelenok bolmaga çemeli. Şol dogrudyr. Ynha, özümem täze ýurdumyzda nähili ýerlejegimizi bilemok. Gözümi açyp görenim – köneje ýurdumyzdan aýlanaýyn. Bir gezek kolhozymyzyň başlygy Gylyçly aga obamyzyň ýedi ýaşaryndan ýetmiş ýaşaryna çenli bar adamyny çagyryp, umumy ýygnak geçirdi. Şonda ol kä janygyp, kä gaharlanyp, şeýle diýdi: – Bäý, ýoldaşlar, size aýtdyň-aýtmadyň bir-le, edil eşegiň gulagyna ýasyn okan ýaly-aýt. Hany, täze posylka ýerimize haçan göçüp barýas ahyry. Pul kömegini diýseňizem, gurluşyk materialy diýseňizem, kolhoz sizden zat gaýgyrjakmy!.. Päheý-de, walla, bi lagar düşen düýe ýaly gozganman ýörşüňize “medeniýetden yza galaklar” diýdirip menem raýkomyň öňünde ýüňsakal edýäňiz. Şu pursat märekäniň ortarasyndan Dürje enemiz ör galdy: – Äýu, başlyk, beýle medeniýetli bolmaly bolsa, onda, ilki özüň göç-dä. Dürje enemiziň sözi töwerekden gowur turuzdy: – Oh-ow, “Däliniň müň gepi telek bolsa-da, birisi gerek” diýipdirler. Dürje eje dogry aýdýar. – Başlyk bolup, özüň görelde görkezerler. Hany, ilki özüň göç-dä. – Oh-ow, bizi göçürip, özi ýurtda ýeke galjak bolýan bolaýmasyn. – Goýsan-aý, walla, Gylyçly agadan oň ýaly mekirlik çykmaz. – Onda, näme “göçüň” diýip, bizi taýaklap ýör. Dumly-duşdan gep bilen keseklenilip, “it alan sanaja dönderilmegi” Gylyçly aganyň biçak degnasyna degdi. Ol dym gyzyl bolup: – Bolýar. Ertirden başlap, men göçüň ugruna çykaýaryn. Şonda ýüregiňiz ýerine gelýän bolsa – diýipdir-de, ýygnakdan çykyp gidiberipdir. Bolsa-da, Gylyçly aga sözünde durdy. Şol günüň ertesi täze ýurdunda täze jaýyň gurluşygyny başlatdy. Birküç aýdan soň bolsa, täze mellekde, giň-giň otagly, bişen kerpiçden şarňyldap duran jaý seleňläp galdy. Ynha, indi köşk ýaly jaýda aga-ýana ýaşap ýörmeli. Ýöne näme üçindir, Gylyçly agalar täze jaýyna göçüp baranoklar. Belki, obadaşlarynyň göçüp baranyna garaşýandyrlar? Ony diýseň, Gylyçly aga bir ýola: “Aý, meniň-ä şol ýerik aýagym çekenok. Il barsa, görüberis-dä. Men-ä başlyklykdan aýyrýanam bolsalar, indiden beýläk “Göç” diýip, adam ogluna azar berip biljek däl” diýip, agzyndan sypdyraýypdyr. Şodur-da şodur, obadaşlarymyzyň “geçisi daga ýaýrady”. Ýöne daş-töweregimizdäki obalar tutuş täze oba bolup oturansoň, biziňkilerem kemsinmän duranoklar. Şonuň üçinem göç meselesi barymyzyň böwrümize sanjy bolup dur. Bu “sanjynyň” näwagt aýryljagy welin entek näbelli. Her obanyň ýerleşýän ýerine, taryhyna, tiresine, adamlyrynyň hüý-häsiýetine, edim-gylymyna laýyk şaplaşyp duran ady bolýandyr. Biziň obamyz hem şonuň ýaly-da. Oňa “Duzluja” diýýärler. “Duzluja” diýsem, bu töwerekden duz çykyp, şondan at galandyr öýdäýmäň. Bu at obamyzyň adamlarynyň öz dilinden galypdyr. Meniň beýle diýdigim, obamyzyň adamlary ötgür dilli, wäşi, ýomakçy diýdigim. Asyl olaryň ýomak aýtmaýany, henek atmaýany, şorta bilmeýäni ýokmuka diýýän. Garasöýmezek, dymma, degişmäni-gülüşmäni başarmaýan dagy bolup, biziň obamyza düşdügiň besdir. Bala çozan arylar ýaly, baý, eýläňden-beýläňden hüjüm edýärler-ä. Ýöne juda bir tüntaw bolmasaň, seniň özüňem olaryň ýomaklaryna goşulyşyp, ala-ýaz bolup gidiberýäň. Şol sebäpden biziň obamyza gelen aňsat-aňsat ýodasyna-ýoluna ot bitirmez. Sähel bahana tapsa, gezmäge gaýdyberer. Wäşi gürrüňlerden, gülküli ýomaklardan, şorta sözlerden ýüklenip gider. Şu, degişme-gülüşme, şadyýana bolmak adam ömrüni uzaldýar diýýärler welin, şony meniň obadaşlarymyň mysalynda göräýmeli. Asyl olar daglylar ýaly segsen-togsan, ýüz, käsi-hä ondanam aňyrrak ýaşaýarlar. Olaryň nähoşlaýany, keselleýäni juda az. Haýsy baýramçylykdygy anyk ýadymda däl welin, öz-ä bir baýramçylykdy. Şol gün obamyzda her hili ýaryş geçirildi. Şonda obamyzyň elli ýedi ýaşly poçtalýony Nunna aga ylgaşmak boýunça birinji ýeri eýeledi. Eýsem, biziň “Duzluja” obamyzyň şeýlekin özboluşlyja bolmagy ýöne ýerden däl. Bir wagtlar Kemine şahyr biziň obamyzyň golaýyndan eşeklije geçip barýarka, dem-dynç almak üçin düşläpdir. Meniň obadaşlarym bolsa, gara-gadyr, näçe günläp, şahyry goýbermän myhman alypdyrlar. Şahyryň şygyrlary hem obadaşlarymyň näçe diýseň göwünlerini göteripdir welin, ýöne onuň ýomaklary-da olara hezil baryny beripdir. Kemine şahyr gaýdan güni obamyzyň adamlary ony uly hormat bilen ugradypdyr. Kemine şahyr obadaşlarym bilen hoşlaşyp durka, aýasyna üç gezek “çüf-çüf” edipdir-de, elini olaryň üstüne tohum sepeleýän edip galgadypdyr. “Aý, Kemine aga, bu näme etdigiňiz? Düşmedik-le” diýip, obadaşlarym onuň bolşuna geň galypdyr. Kemine şahyr bolsa: “Siz bir degişmäniň, şortanyň ýesiri ekeniňiz. Menem öz “gep haltamdan” size az-owlak dadyraýyn diýdim. Indiden beýläk günüňiz gülki, şadyýanlyk bilen geçer” diýipdir-de, eşegini dikgirdedip ýola rowana bolaýypdyr. Şondan soň, obamyz şagalaň-gülki bilen gurşalypdyr. Her kim, uludan-kiçä ýomak aýdyşyp, henek atyşyp başlapdyr. Obadaşlarym özlerindäki bu üýtgeşiklige “Dogrudanam, Kemine şahyr gep haltasyndan biziňem şorta paýymyzy goýup gidipdir. Indi şony dilimiziň senasy, köňlümiziň aramy edip gezibereliň” diýip begenipdirler. Özlerem obamyzyň öňki “Kesirler” adyny aýryp, oňa “Duzluja” dakypdyrlar. Ýogsam, il aýtmyşlaýyn, olar mundan öň dymmarak, garasöýmezek, sähelçe zat üçin biri-birine girleşip duran, bir hili kejireňek adamlar eken. Görseňiz, Kemine şahyr meniň obadaşlarymy özgerdip bilendir. Beýleki obadaşlarym ýaly, men hem “Duzlujamyzda” doglanym üçin, onda ýaşaýanym üçin özümi iňňän bagtly saýýaryn. Şoňa görä-de onuň her adamy, agajy, her öýi, tamdyry-ojagy, her guşy-gumrusy, maly-garasy, hut lap edip aýtdygym däl, tozanlap ýatan ýoly-ýodasam, üýşmek-üýşmek tezegi-külem meniň üçin eziz, mähriban. Peseňräk boýly, ýöne welin, gupba ýalyjak owadanja edilip salnan mekdebimiz obamyzdan at gaýtarym beýleräkde ýerleşýär. Klasymyzyň penjireleri bolsa obamyza bakyp dur. Gabadymdaky penjireden obamyzy synlap oturmak maňa endik bolup gidäýipdir. Elbetde, sapakdan ünsümi sowýanym üçin mugallymlardan men ýygy-ýygydan duýduryş almaly bolýaryn. Bu bolşum, aýratynam, klas ýolbaşçymyz, biologiýadyr zoologiýadan sapak berýän Töremyrat Taganowa ýaranok. Bir gezek penjireden obamyzy keýp edip synlap otyrkam, ol maňa: – Garajaýew! – diýip gygyrdy. Men ziňkildäp gitdim-de, ýalta bärime bakdym. Onuň birden “wäh” diýlen ýaly duýdansyz gygyrmasy meniň keýpimi uçurdy. – Eşidýän, ýoldaş mugallym – diýip, men nägile äheňde dillendim. – Sen kimi eşitseňem, meni eşideňok, Garajaýew. Maňa galanda, gulaklaryňa gara keçe dakylan ýaly – diýip, Töremyrat mugallym menden göwni galan ýaly torsarylybrak gepledi. – Näme, Aý görjek ýaly daşaryk aňalyp otyrsyň? Men Töremyrat mugallymyň igenjinden sypjak boldum-da, kelläme guş ýaly gonan ýalan sözi myçyp goýberdim: – Ýap-ýaňyja şeýläk bir tilki zymdyrylyp geçdi. Şoňa aňalaýypdyryn, ýoldaş mugallym. “Tilki?!” diýşip, klasdaşlarymyň bary birden hor bolup gygyryşdylar: – O nä tilki?.. Tilki näme işlesin bu ýerde? – diýip, Töremyrat mugallym hem geňirgenip, penjiräniň öňüne dykylyp bardy – Hany? “Eh-he, tilki!… Ýörüň, tutalyň-eý tilkijigi” diýip, klasdaşlarymam ala-şakyrdy bolşup, penjirä bakan topulyşdylar. Şol wagt Töremyrat mugallym ýykyr-ýykyr gülüberdi: – Hi.., hi… Garajaýew, aý, Garajaýew, o seň tilki diýýäniň Dürje eneňiz ýaly-la. Okuwçylar hem ýerli-ýerden seslendi: – Meleje Dürje enemizi tilkidir öýtdümikä? – Heý, Dürje enemiz hem mekirje bolansoň, Meleje ony-da tilki hasaplaýan bolaýmasyn! Hakyt, holha, Dürje enem eşegini löňküldedip bir ýerig-ä tozan turzup barýar. Nirä barsa, şoňa barsyn-la. Ýöne şu ikaralykda meniň dilimi kelte edişini diýsene. Töremyrat mugallym birden hyrra yzyna öwrüldi-de ýüzüni kürşertdi: – Hany, hemmejäň ýerli-ýeriňize geçiň. Geçdik. Töremyrat mugallym maňa elini uzatdy. – Garajaýew, gündeligiňi ber. Gündeligimi berdim. Töremyrat mugallym oňa ýogyn ikiligi patyladyp goýdy-da, sesini-üýnüni çykarman, ýerine geçdi. Günäkärdigimi duýsam-da, meniň çetim gyzdy: – Näme üçin ikilik goýduňyz, ýoldaş mugallym? – Sapak wagty “tilkä” tomaşa edýäniň üçin. Ýa bäşlik goýmalymy! – Ýoldaş mugallym, ol tilkä tomaşa etmän, Dürje enesine tomaşa edýär ahyryn – diýip, Wellek arkamy alan bolup, meni ýaňsylady. Töremyrat mugallym elindäki ruçkasy bilen stoluny tarkyldatdy: – Ümsümje otur, Illekow! Garajaýewiň nämä tomaşa edýändigini senden soramok. Erni bir ýere gelmän oturan Wellek şol bada sem boldy. Sapak dowam etdi… Ine, bu gün hem soňky sagat – biologiýa sapagy. Töremyrat mugallym hemişekileri ýaly, sapagy janygyp-janygyp düşündirýär. Menem öňki endigim boýunça aşaklyk bilen penjireden aňyrlaryk nazar aýlaýan. Holha, Nunna aga paýtunly ýabysyny gorgunladyp bir ýaňa barýar. Ana-da Begim aga bir bölejik goýnuny otaryp ýör. Meniň ejem jan bolsa tamdyryň daşynda kebelekleýär, nan bişirýändir. Şu pursat ýaňja tamdyrdan çykan mele-myssyk nanyň ýakymly ysy burnuma uran ýaly bolup, agzym suwardy. Ajygypdyryn. Honha-da bizden uşaklar iki ýaňa at salşyp, çilik oýnaýar. Wellekleriň gapysynda keçe basyp oturan aýallara-da gözüm ilýär. Gepiň keltesi, meniň “Duzlujamda” hemişekisi ýaly durmuş gaýnap-joşup dur. Töremyrat mugallym gara-der bolup okadyp durşuna arasynda gaýta-gaýta goşaryndaky sagadyna-da seredýär. Onuň şeýtdigi basym jaňyň kakyljagydyr. Ýöne welin, Töremyrat mugallymyň bu hereketi käte aldaýgyjam bolýar. Bir sapar sapak ortalaberende, Töremyrat mugallym näme üçindir, sagadyna seredip ugrady. Öň hem jaňyň bolaryna howlugyp, sapandan sypjak ýaly bolup klasdan çykmaga howlugyp oturan Wellek hasyrra zatlaryny ýygnaşdyrmaga başlady. Töremyrat mugallym oňa garady-da: – Illekow, näme goşuňy göteriberdiň-de? – diýdi. – Öýe, ýoldaş mugallym. – Öýe bolup, sapagyň galanyny hudaý ýoluna aýtjakmy. Jaň urulmagyna on bäş minut bar ahyry. – Onda näme siz zol sagadyňyza seredip dursuňyz? Töremyrat mugallym şu ýerde başyny ýaýkap ýylgyrdy: – Äh-hä, sen mundan tutduň-ow, Illekow. Basym telewizerde futbol başlanjak. Men-ä şonuň üçin sagadyma seredýän. Ýogsa-da Töremyrat mugallym futbolyň ölemen janköýeridi. Şu wagtam telewizor görmäge howlugyp, içini it ýyrtýanyny bilip durun. Jaň kakyldygy, Wellekden öň öýlerine ýelk ýasajak-da. Aşgabatda uly futbol oýunlary bolsa dagy, oňa ýörite gidäýmesem ýok däl onuň. Hatda ol biziň ýönekeýje futbol oýnumyzyň gapdalyndan hem biperwaý geçip bilmez. Gyzyklanma bilen tomaşa eder, sudýa-da bolar, kellesi göçüp, özem oýnar. Ýöne pökgini göni depmez, depeni meýdançanyň daşyndadyr, ahmal bolsaň, aýagyňa depip, uwultyradaýýaram. Töremyrat mugallymyň käýarym derwezeçi bolaýmasam bar. Ýöne pökgi tutýandyr öýdüb-ä göwnüňize-de gitirmäň, şol derwezeçi bolsa, aňsat ýüzüňe utuk düşmez. Ýöne bir gezek oýunda uçugyny aldy welin, şondan bäri derwezeçiligiň golaýyndan baranok. Şonda şeýle bolupdy: Wellegiň ykjamlap depen pökgüsi Töremyrat mugallymyň edil çat maňlaýyna patylady-da, onuň äýnegini kül-uşak etdi. Jany ýanan Töremyrat mugallym Wellege herreldi: – Illekow, göni maňlaýdan çüýlär ýaly adamlarda kastyň barmydy? – Men näbileýin ýoldaş mygallym. Ozalkylaryňyz ýaly pökginiň öňünden sowulaýarsyňyz öýdüpdim – diýip, Wellek Töremyrat mugallyma nähili jeza beräýerkä öýdüp, gypjyk-gypjyk edip durdy. Töremyrat mugallym Wellegiň sözüne birbada diňirgenip durdy-da, birdenem “he-he-hi-hi” edip güldi: – Gol, Illekow!.. Bir nol seň haýryňa. … Her niçik, şu geze-ä Töremyrat mugallymyň sagadyna seretmesi wagtyň gyssaýandygyndan habar berýärdi. Tizara jaňyň kakyljagy bellidi. Şu ikaralykda gapy jarka açyldy-da, hüžžük saçly, gyýkmajak gözli, lors ýalyjak dykyzja oglan yzyndan ýagy kowalaýan ýaly içerik kürsäp girdi. Barymyz allaniçiksi bolşup oňa öwelişip seretdik. – Be, be, bolup gelşiň nähili, ýüpden boşanan göle ýaly-la – diýip, Töremyrat mugallym ýerinden turdy. Oglan bolsa: – Şu bäşinji “B” synp dälmi? – diýip, ýeserlik bilen gözlerini oýnatdy-da, synpyň içine nazaryny aýlady. – Hawa, şol synp. Ýeri, nämetjegitdiň? Ol tüňňi-saňňy dişlerini görkezip ýyrşardy: – Men siziň täze okuwçyňyz, ýoldaş mugallym. Töremyrat mugallym äýnegini aýyrdy-da, gözlerini süzgelekledip, ony synlady, ýene äýnegini dakdy. – Aý, şeý diýsene. Bolsa-da çaňňalagymyzy çaşyrdyň – Töremyrat mugallym onyň ýanyna bardy. Söýünç bilen elini egnine goýdy – ynha, indi seniň bilen synpymyzyň okuwçylary ýigrimi dört bolýar. Bary jübütje – Töremyrat mugallym bärsine öwrüldi-de, maňa ýüzlendi – Garajaýew täze synpdaşyňy kabul et! Senem indi ýeke öýliniň horazy bolup oturmakdan dyndyň. Meniň ýekeje özüm bir partany eýeläp, ýaýnap otyrdym. Ýöne onda-da ýeke otyrmak hezil däl eken. Hamana bütin synpda bir özüň ýekirilen ýaly. Galyberse-de kyn meseleleri çözmeli bolanyňda baý, kösenýärsiň-ä. Partadaşyň bolsa, düşünmeýän ýeriňi ýuwaşlyk bilen şondan soraýmaly. Öňünde-yzynda oturanlardan-a bulut ýakyn. Olara bir zat diýdigin, şol bada mugallymlaryň gözündesiň. Men partadaşly bolanyma begenip, uçar guşa döndüm-de, zöwwe ýerimden galdym: – Gel, dost, gel! Ol gülümsiräp, bärik ýöneldi. Şol wagtam jaň kakyldy. Oglanlar bolsa eýleden-de-beýleden çozuşyp, täze partadaşymy maňa ýetirmän gallaşyp klasdan alyp çykdylar. Daşarda-da onuň daşy hümer boldy. Meni ýene oňa golaýlatmadylar. Ol bir zatlar, bir zatlar gürrüň berip, töweregindäkileri gülüşdirýärdi. Diýmek, ol şadyýan, wäşi oglan bolmaly. Maňa geregi-de şonuň ýaly ýoldaş. Meniň onuň bilen gepleşesim gelip, içim byjyklap ugrady. Birdenem güpbe bir zat ýadyma düşdi-de, endamymdan tok ýörän ýaly boldum. Men häziriň özünde öýe ýetmelidim. Gör-ä eden işimi. Kakam işe ugrajak bolanda maňa pomidor joýalarymyza suw gidýän gulagy okuwa gitmänkäň hökman beklegin diýip, tabşyryp-tabşyryp gidipdi. Men bolsa läňke oýnap, şoňa güýmenipdirin-de, soňam gyssagara sapaklaryma taýýarlanyp, kakamyň şol ýumşuny ýerine ýetirmek ýadymdan çykan bolsa nätjek. Wah, wah, pomidorjyklarymyz. Bu wagt siz suwa gark bolup ýatansyňyz. Haý, paňkelle, Meleje. Bu gün-ä kakaňdan ýaglyja şäkärt datsaň gerek. Ýüregime howul düşüp, öýümize ýegelekläberendirin. Ekinçiligiň içi bilen dogrulap barýan. – Partadaş, aý partadaş! Bir görsem, täze partadaşym eňip gelýär. Men oňa garaşman, ýolumy dowam ediberdim. Häzir birje minut-birje minutdy. Ol uly hassyldy bolup yzymdan ýetdi: – Näme menden gaçýaň-aý, dost? Menden öýkelän-ä dälsiň? Ýa bir zat boldumy? Seniň ylgap gaýdanyňy görüp, menem töweregimdäki oglanlary taşladym-da, yzyňdan eňäýdim! – Hawa, bir zat boldy – diýdim. – Näme, aýtsana. – Häzir menden hiç zat sorama. Ikimiz soň düşünişeris. Men ony yzyma tirkäp, mellegimizdäki pomidor joýaçylygyň bir gyrasynda aýak çekdim. Görsem, joýalara suw gelýän salmanyň gulagy beklenipdir. Ýöne pil bilen-ä beklenmändir. Kimdir biri laýdan lüňňeläp-lüňňeläp goýuşdyraýypdyr. Suw pomidor pazyllarynyň ep-eslije ýerine çykanam bolsa, ýöne olary bütinleý gark edip ýetişmändir. – Be, bi kimiň işikä? Öz-ä kimem bolsa, akylly adam eken – diýip, men beklenen gulagyň bir eýlesine geçdim, bir-de beýlesine. – Häli okuwa gitmänkäm, men muny ýadymdan çykaraýypdyryn. – Wiý, seni aljyraňňylyga salan şu gulakdymy asyl? – diýip, täze partadaşym güldi – Bi-ä meň işimdir, dost jan. Häli mekdebe gelýärkäm gözüm düşäýdi. Pil bolmansoň elim bilem bekledim. – Sag bol, dost jan. Bu gün sen men-ä kakamyň ýaglyja şäkärdinden dyndardyň, pomidorlarymyzam suwa gark bolmakdan halas etdiň – diýip, men oňa minnetdarlygymy bildirdim-de, işigi üzüm dalbarly ullakan eýwanly jaýymyzy oňa görkezdim. – Ana, biziň öýümiz. Ýör, ejem günortan unaş etjek diýdi. Unaş içip git, hem ikimiz oňatja tanşarys. – Wiý, şol siziň öýüňizmi? Sen asyl Melejemidiň – diýip, ol şatlyk bilen meniň ýüzüme bakdy. – Biz siziň köne goňşyňyz bolmal-a. – Oh, sen Annaksyň-ow? – Edil özi. Biz garsa gujaklaşdyk. Annaklar öň biziň duldegşir goňşymyz eken. Biz bilen aralaryna bir hilelik bilen tow düşüpdir-de goňşy kolhozdaky Aryklar obasyna göçüp gidipdirler. Munuň özem Annak ikimiziň toýumyzdan başlapdyr. Hawa, menem Annagam bir günde, bir sagatda dünýä inipdiris. Ogullarynyň bolanyna ikimiziňem kakalarymyz diýseň begenipdir. Olar goňşy-golamy çagyryp, üýşmeleň etmekçi bolupdyr. Ýöne olaryň ikisiniňem üýşmeleňi bir güne düşüpdir. Annagyň kakasy Jümmi aga kakama: – Goňşy , sen, toýuňy indiki dynç alyş güni edäýseň nädýär? Men şu dynç alyş güni etmesem, boljak däl. Birinji gün çöle – işe gitmeli – diýipdir. – Wah onyň-a bolman durmaz welin, goňşy jan, menem şol gün edýäris diýip, Çepekýapdaky, Sytgydaky garyndaşlarymyza habar iberäýdim. Indem toýy üýtgedip ýörsem gelşiksiz boljak – diýip, kakam ýagdaýyny düşündiripdir. – Seňkem dogry, öz-ä goňşy. Gel, onda bir zat edeli – diýip, Annagyň kakasy meniň kakama şeýle maslahat biripdir. – Şol gün herimiz bir gazan ataraýaly. Çorbas-a menden, palawy hem senden. Nädýär? Kakam: – Ynha, bu aýdanyň bolýar, goňşy – diýip ylalaşypdyr. Olar aýdyşlary ýaly-da edýärler: iki sany semiz işşek soýlup, Annaklarda durşuna et bolup duran gaýnatma bişirilýär, bizde bolsa käşirli, kişmişli palaw buglanýarmyş. Naharynyň gaýnamy ýetensoň, Jümmi aga kakama: – Goňşy, gel-de naharyň duzuny dadyp gör. Biz nahary ýuwan etgiç – diýipdir. Kakam gaýnatmanyň duzuny görüpdir-de: – Baý, dogrudanam, duzy kemräk ekeni, goňşy. Hany, al bäri duz torbany – diýipdir. Jümmi aga ullakan duz torbasyny kakama uzadypdyr. Kakam eglip, duz atjak bolanda, agyr torba elinden sypyp, gazana gaçaýypdyr. Içi etden, kartoşkadan doly, ot ýaly gazandan torbany çykarýançalar, onuň duzy çorbanyň suwunda eräp gidipdir. Gaýnatma şerebä dönüp, iýer ýaly bolmandyr. Muňa Jümmi aga gazaba münüpdir. Ol hum ýaly gyzarylyp, kakamyň üstüne gygyryp başlapdyr: – Sen meniň toýumy bulajak bolup, naharymy zaýaladyň. Sen baryp ýatan görip ekeniň! – Aýdýanyň näme, goňşy! – diýip, kakam hem düşündirjek bolupdyr. – Men duz torbany elimden bilgeşlin gaçyramok. – Bilgeşlin gaçyrdyň! – Beýle zat kelläme-de gelenok. Men näme seniň toýuňy görüp bilemokmy? Ýa sende köýüp ýatan arym barmy? – Sen indi ak jüýje bolsaňam, men saňa ynanman! Jümmi aga ejem ýalbarypdyr, goňşy-golamlar düşündirjek bolupdyr. Emma Jümmi aga öýkesinden ýazylmandyr. Jümmi aga, her zeýillem bolsa, geleniň öňünde durmaly bolupdyr. Ol duz torba gaçan gazanyň naharyny üç gazana dagy bölüp, üstüne hem suw guýupdyr. Emma şonda-da gazandaky naharlaryň tagamy bijaý duzly bolupdyr. Agzyňy göterip barýarmyş. Üstesine hem gazanlardaky naharlar köpe bölünensoň, olaryň ne içindäki ýagy, ne-de oňly eti, kartoşkasy barmyş, tagam-tagsyr galmanmyş. Üýşmeleňe gelenler Annaklaryň naharyndan çala dadyp-datman, bize sowlupdyrlar. Biziň eden palawymyz bolsa, gaty süýjümiş. Myhmanlar nahardan gaýta-gaýta guýduryp iýipdirler. Ýöne weli Annaklardan oňly garbanman şol aç garynlaryna bize gaýdansoňlar, toýçularyň ýarysyna nahar ýetmändir. Şeýdip, biz hem masgara bolupdyrys. Naharlarynyň iýilmän, gyr-zaýa bolup galmagy Jümmi aganyň ganyny hasam gyzdyrypdyr. Onuň kakamdan bütinleý göwni galyp, biz bilen gatnaşyklaryny kesipdir. Elbetde, barýarka, Jümmi aga öýkesinden ýazylsa ýazylardam-da, öňki-öňküligimiz ýaly, äbede-jüýje bolup, gatnaşsak-gatnaşar ýörerdigem-le. Ýöne soň, ýüze çykan bir waka “durnaň üstüne urna” bolaýypdyr. Ol şeýle bolupdyr: Şol günler, kim bilýär nireden gelenini, töweregimizde alaka köpelipdir. Ýöne eýläň-beýläň hin bolup duranmyş. Alakalar ýeriň asty bilen un-bugdaýyňam goýanokmyş, mal iýmiň bilen kişmişdir kişdäňe-de talan salýarmyş. Kakam alakalardan dynmak üçin olaryň hinine suw goýberipdir. Hinleriň köpüsi pakyrdap suwdan dolanam bolsa, bir hin welin guduk ýaly sorup ýatanmyş. Kakam hiniň agzynda onuň suwdan dolaryna kän garaşyp oturypdyr. Emma dolar ýerde dolmansoň, “Aý, sen hinjagaz, ýeriň teýine gidýänem bolsaň suw ertire çenli belliňi eder” diýip, öýümize gelip gyşarypdyr-da, arkaýyn ukyny urupdyr. Ahyram ýaňky hin nädipdir diýseňiz-le. Salmadan sowulan suw Annaklaryň jaýynyň aşagyndan çykaýypdyr. Guduk ýaly şol hiniň bir ujy bolsa Annaklaryň jaýyndan gaýdýan eken. Ynha, ýarym gije buz ýaly suwa Annaklaryň maşgalasy süýji ukudan zähreleri ýarylan ýaly bolup oýanypdyrlar. Bessir gelnejem başy açyk, aýak ýalaňaç, elem-tas bolup, çyrlap-çyrlap aglaýan Annakjygy içerden bagryna basyp çykypdyr-da, sesinde baryny edip, gygyrypdyr. – Aýu, ýeteweriň-u, ýeteweriň, jaýymyzy sil aldy, sil… Aýu, adamlar ýeteweriň… Bessir gelnejemiň gohuna töwerekden çozup gelipdirler. Şol pursat ejem bilen kakam hem Annaklaryň gapysynda häzir bolupdyr. Kakam nämäniň-nämedigine göz ýetirensoň, başyny ýaýkap, hyrçyny dişläp, lampa aşak oturyberipdir: – Wah, edeniň bar bol-a … – Hä, näme?- diýip goňşular ondan sorapdyr. – Men akmagyň günäsini öteweri, goňşy! – diýip, kakam Jümmi agadan ötünç sorap ugrapdyr – Hudaý ikimiziň agzymyzy alartjak bolsa, bir zadyň üstünden eltäýýär. – At oýnatmasana, Myrat, näme diýjek bolýaň? – diýip, Jümmi aga kakama herrelipdir. – Açygrak pyşgyraweri, Jümmi, adamlary sary-sadylla edip durma-da — diýip, Nunna aga-da kakamy gyssapdyr. Kakam alakalary suwa gark etjek bolşuny, ol suwuň hem Annaklaryň jaýlarynyň aşagyndan çykyşyny saňňyldaý-saňňyldaý gürrüň beripdir. Bu bolan hadysa goňşular ala-pakyrda berşip gülşüpdirler. Jaýynyň suw alşyna hem adamlaryň üstünden gülşüne Jümmi aganyň şeýle bir jany ýanypdyr, şeýle bir gany gyzypdyr, gaharyndan ýaňa ol saklanyp bilmändir-de: – Seniň bir, Myrat… Häzir seň öz hiniňe suw goýbermesem bolmaz – diýip, kakama topulypdyr. Şindem goňşular ara düşäýipdirler, ýogsam, Jümmi aga kakam bilen gyzyl ýumruga girjek eken. Kakam Jümmi aga özi ýalbarsa-da, ýaşululary töwellaçylyga iberse-de, onuň günäsini geçmändir. Öň hem kakama müňkür bolup ýörensoň, hinli waka-da, baryp ýatan duşmançylyk diýip düşünipdir. Şonluk bilen-de, ýüregi çişen Jümmi aga “ýamandan boýuňy satyn al” diýip, maşgalasyny alyp, goňşy – Aryklar obasyna göçüp gidipdir. Jümmi aga Annaga kakamdan eden şol öýkesini gürrüň bermändir, ýa gürrüň berse-de, aýtmagyn diýip berk tabşyrypdyr. … Annak ikimiz bärden barmanymyzda, meniň kakam, ejem Annagyň kakasy, Annagyň ejesi dagy üzüm dalbarynyň aşagynda çaý içişip otyrdylar. Jümmi aga kakama şeýle diýýärdi: – Aý, Aryklaryň içinde-de ýerledik gitdik. Gowy adamlary bar eken. Tüweleme, sylap bildiler. Ýöne öz obaňa geljek ýok eken. Gije-gündiz küýsegimiz öz “Duzlujamyz” boldy. Aýlanaýyn öz obamdan. – Beý, ýogsam näme, goňşy, “towşana dogduk depe” diýlip, ýöne ýerden aýdylýan däldir. – Ýöne, goňşy, seniň göwnüňe degenime ökünip, aňyrsyna çykyp bilýän däldirin men-ä. Adam dargursak bolsa kyn bolar eken. – Ýa, senem, goňşy, ol barada öň gepleşdig-ä. Sen göwnüňe almasaň, men-ä hiç zady göwnüme alamok. Gaýtam, seniň öňüňde özümi bir hili müýnli ýaly duýýan. – Ýok, ýok, meniň soňuny saýmazlygymdan boldy hemme zat. – Aý meniňem ýüzümi ýuwup oturmasana. Şol gezek duz torbany gazana gaçyrmadyk bolsadym… , how, iň bärkisi alakalaryň hinine suw goýbermedik bolsadym… Ejem, Annagyň ejesi Bessir gelnejem bilen bir zatlary pyşyrdaşyp, kakama gygyrdy: – Aýu, beýdişip oturmaň, gazanyň gulagyny gyzdyryp, goňşy-golamy çagyraýsaňyz bolmaýarmy! Siziň äbe-de-jüýje bolşuňyzy il-günem gözi bilen görsün-dä. – Ýogsa-da şeýle-aýt – diýip, kakam Annagyň kakasyna ýylgyryp seretdi. – Neneň görýäň, goňşy? – Gaty bolubilýä. Şol gün goýun soýlup, äpet gazanda nahar edilip, bütin töwerek çagyryldy. Ýöne Annaklaryň göçüp gelenini eşidip, obanyň ähli adamsy ikiden-ýekeden, üçden-dörtden bolşup bize çozaýdy. Şonuň üçinem bişiren naharymyz ýetmejek boldy. Onsoň ýene bir tokly soýup, nahar atardyk. Garaz, biziň bu çakylygymyz uly toýa ýazdy gitdi. Ikinji bap. Dürje enemiziň Töremyrat mugallymyň sygryny ýenjip, gözüniň türmede açylyşy, meniň dostlugymy subut etjek bolup, Annagy suwa gark edişim, Wellegiň timurçylykdan çykyp, garalawçy boljak bolşy. Annaklar melleklerindäki öňki köne tamlaryny bejerişdirip, tämizleşdirip, oňa girýänçäler bizde ýaşadylar. Bu günlerde kakam bilen Jümmi aganyň şeýle bir mäşi bişişdi, şeýle bir gepi-sözi alyşdy welin, indi gaýdyp olaryň agyzlarynyň alarmajagyna biziň barymyz tüýs ýürekden ynandyk. Annak ikimiz üçin iki öýüň tapawudy ýokdy. Bir gün birimizde ýatsak, ertesi birimiziňkide uklap galardyk. Iýenimiz-içenimiz hem kän aýra gitmezdi. Garasaý, men wagtymyň köpüsini şonuň bilen geçirýärdim. Sähelçe ondan daşlaşsam, bir zadym ýetmez ýaly bolar durardy. Çünki Annak ýanyňda bolsa hezildi. Tukatlyk, göwnüçökgünlik diýlen zatlar-a ýeläňden geljek gümany ýokdy. Ýöne Annak bilen bile bir partada oturmak aňsad-a däl eken. Bir gürrüňjik tapýardy-da, senem sapakdan güýmeýärdi. Onsoň senem mugallymlaryň ýanynda şonuň bilen ýaman atlysyň, ýogsa, Annak bilen partadaş bolalym bäri penjireden aňalmak häsiýetimi goýup ýördüm. Ýöne, ýaňky aýdyşym ýaly sapak wagty hyşy-wyşy edişmämiz welin bar-da. Töremyrat mugallym käwagtlar Annak ikimize käýinip: – Bäý, siziň şu ýoknasyzlygyňyz galjak däl öýdýän. Bolmasa, siz aýry oturaýsaňyz nädýär? – diýýärdi. Şonda biz Töremyrat mugallyma, baý ýalbarmak ýalbarardyg-a: – Ýoldaş mugallym, şu gezeklikçe biziň günämizi bagyşlaň. – Aýry otursak, içimiz gysar. – Indi ümsümje otyrys. – Burnumyz deşilen ýaly bolarys. – Aý, ynha nähili oturşyňyzy göreris – diýip, Töremyrat mugallym bize dözmezçilik edýärdi, äýneginiň üstaşyr bolsa ynamsyzlyk bilen mekirleç garaýardy. Şondan soň men özüme basalyk berip, sapakda ünslüräk oturardym, Annagyň welin şol öňküje “keselidi”. Pyşyr-pyşyr edip, gulajygyny “ýalar” otyr. Şol bolşuna-da sapaklaryna-da gowşak ýetişýärdi. Eýsem-de bolsa öýlerinde taýýarlanman-a duranokdy. Ýöne sapak aýtmaly bolanda, ýuwdunyp durdy. Bir ýola Töremyrat mugallym Annakdan: – Jümmiýew, sen näme üçin sapagyňy bilenok? Görýän welin, sen öýde kitabyň gatynam açaňok öýdýän? – diýdi. Annak: – Okaýan-a, ýoldaş mugallym. Ynanmasaňyz Melejeden soraýyň – diýdi. Töremyrat mugallym äýneginiň aňyrsyndan kiçijik gözlerini ýyldyradyp, maňa ynamsyz nazaryny dikdi: – Dogrumy, Garajaýew? – Okaýar öz-ä… – diýip, men bir bada näme jogap berjegimi bilmedim. – Okaýar öz-ä diýip, sen gümansyratma, Garajaýew. Okaýarmy ýa ýok? – Okaýar, ýoldaş mugallym, okaýar. Biologiýadan-a häli men öýlerine baranymda-da okap otyrdy – diýip, men janykdym. Töremyrat mugallym Annaga bakan öwrüldi: – Onda, näme üçin bileňok, Jümmiýew? – Okan zadym kelläme girenok, ýoldaş mugallym. – Girmän, seň kelläňem-ä iliňkiden uly bolmasa, kiçi däl ýaly-la – diýip, Töremyrat mugallym ýylgyrdy. – Belki, kitap okan mahalyň başga bir zadyň pikirini edýänsiň? Annak agyr ýüküň astyndan çykan ýaly, ýeňillik bilen dem aldy: – Hut şeýle, ýoldaş mugallym. Pikir etmejegem bolsam, nämedir bir zat kellämi çokjalap dur-da. – Hüm, şeýlemi? – Töremyrat mugallym Annagyň daşynda bir sapar öwrüm etdi-de, ýene ýerine gelip oturdy. – Hany, sen aýt, häli biologiýadan okanyňda, nämäniň pikirini etdiň? Annak hälki pikir eden zady hakydasyna gelmeýän ýaly, aşaky dodagyny dişläp, ýüzüni galdyryp, gözlerini potaloga dikdi. Birdenem: – Wiý, ýadyma düşdi-laý. Dürje enemiz hakda pikir etdim-laý – diýip, ýyrş edip, Töremyrat mugallymyň ýüzüne seretdi. – Ýeri, Dürje eneň hakda pikir eder ýaly, oňa näme bolupdyr? – Oňamy? – diýip, Annak durup ýadan bolmaga çemeli, bir aýagyndan beýleki aýagyna agram berip – Aý, bolan zad-a ýok-la welin, ol bir ýekelli garry-da. Şoňa nebsim agyrýar. Weý, Jümmiýew, seň gürrüňiň nähil-ä. Bizem şonuň ýekelliligine begenip baramzok. Beýle oňa nebsiň agyrýan bolsa timurçylyk hereketine goşul-da, aram-aram hojalyk işlerine kömek beräý. Kim seniň öňüňe böwet bolýar. Wellek geçiniň öň aýagy ýaly bolup ara goşuldy: -Aý, şol garra uzakly gün sütüniň süýnýänçä, kömekleşeniňde näme. Gadyryňy bilmese. Iň bolmanda, garnyňy bir doýrup goýberäýmeli ahyryn. Bäý onuň gysyklygyny. – Illekow, sen näme, Dürje eneňlere garnyňy doýurmaga barýaňmy, ýa işlemäge?- Işleşmelem welin, ýöne gyzyl aç bolup öýüňize gaýtmagam bir hili-dä, ýoldaş mugallym. Men-ä her gezek Dürje enemlerden gelip, saçagyň başyna çökenimde, “Dürje eneň batrak tutdumy? Işledilenine görä agzyňa-da seretsin-dä” diýip, ejem iňirdeýär – diýip, Wellek çyny bilenmi, oýundanmy, ýalan sözleýärmi onçaklysyn-a biljek däl, ýöne, gepini gögertjek boldy. – Onda, şeýle, Illekow. Şu günden şeýläk sen Dürje eneleriňde garaňy görkezme. Sensizem şonuň işi ýatyp galaýasy ýok – diýip, Töremyrat mugallym gatyrgandy. – Arkaýyn bolaýyň, ýoldaş mugallym, Dürje enemiziň işini ýerde ýatyrmarys. Wellek bolmasa Annak eken-dä. Men Wellegiň deregini tutaryn – diýip, Annak döşüni gaýşartdy. – Ýöne, Dürje enemiziň gysyklygy bilen ylalaşsa bor-la welin, başga bir tarapy maňa ýaramajak bolýar. – O nähili tarapymyş, Jümmiýew? Şu oba göçüp geleniňize bäş gün bolanok welin, eýýäm Dürje ýeňňem bar häsiýetine beletsirän bolýaň. – Ýoldaş mugallym, Dürje enemiziň ýüregi daşdan-laý. – Jümmiýew, Dürje eneň ýüreginiň daşdandygyny, etdendigini biler ýaly, sen näme ony operasiýa etdiňmi? – diýip, Töremyrat mugallym ýarym degişmä saldy. – Ýoldaş mugallym, operasiýa etmesemem, Dürje enemiziň ýüreginiň daşdandygyny aýnada gören ýaly bilip durun – diýip, Annak hem gyzdy – Şu gün irden okuwa gelýärkäm, ol maňa mellekleriniň içinden “Äýu, inerçäm, gel şu sygry tutuşsana” diýip, gygyrdy. Ylgap barsam, bir sygyr günebakar kelleleriniň bir-iki sanysyny goparypdyr-da, şolary gemrip dur eken. Dürje enem ikimiz sygry ýataga gabap, derrew tutduk. Dürje enem ol janaweri şatyr-şutur uzyn demir gazyga sarady-da, ýogyn taýak bilen onuň çem gelen ýerine ýenjiberdi. Sygyr görgüli bögürse-de, bagyrsa-da ýençmesini goýmady. Men: “Dürje ene, bes edäýsene. Indi mellegiňize girmez” diýip, ýalbarsamam gulak asmady. Iň soňunda-da bir şahyny ganadyp, o janaweri öňküdenem beter awundyrdy goýaýdy. “Bar, alan galaň özüňki. Indi Dürjäň sesini eşitseňem siýdiklär ýörersiň” diýip, sygry boşadyp goýberdi. Eýsem, şunuň özi onuň daş ýürekdigini subut edenokmy, ýoldaş mugallym! – diýip, Annak gaýgyly hekaýatyny tamamlady. Biz ýenjilen sygryň halyna Töremyrat mugallym gynanar öýtdük. Emma ol näme üçindir, Dürje enemiziň arkasyny aldy: – Sygyr bolan sygyr ýatakda durar-da. Eýesi boşanmaz ýaly, berkräk daňmaly eken-dä. Annak ýeň bermedi: – Ýoldaş mugallym, atanlykda boşan sygry öldir ýaly ýençmeli diýen düzgün ýokdur-a. Ol janawer, akyly ýetse, Dürje enemiň mellegine barmazdy ahyryn. Wellek çasly gülüp goýberdi. Beýleki okuwçylar hem oturyp bilmän, onuň gülküsini alyp göterdi. Töremyrat mugallym bolsa, gahardan ýaňa gyzyl horaz ýaly gyzaryp: – Geç ýeriňe. Biderek samahyllap durma-da – diýip, Annaga azgyryldy. – Saňa ýene bir ikilik. Eşitdiňmi? – Hawa, eşitdim, ýoldaş mugallym. Eşidenimde nädeýin?! – Nätmeli däl-de, Jümmiýew, sapaga taýýarlanan wagtyň bolgusyz zatlary pikir etmän, ikiligiň hakda oýlanmaly. Düşündiňmi? – Gaty düşündim, ýoldaş mugallym – diýip, Annak lapykeç halda ýerinde oturdy. Şol pursat hem Töremyrat mugallym tiken çümen ýaly tarsa ýerinden turdy. Ýüzüni boz-ýaz edip, dilini peltekledibräk gepledi: – Jüm… Jümmiýew, ýaň… ýaňky Dürje eneňden temmi alan sygryň reň… reňki nähili-dä? -… – Alady?… – Töremyrat mugallymyň gözleri tegelendi – Hany, oňatja pikir etsene, Jümmiýew. Başga bir reňkli sygyr bolaýmasyn? – Ýok, alady, ala… – Bes!.. Töremyrat mugallymyň çasly sesi bilen oturgyjyna uran ýumrugy Annagy lal-jim etdi.. – Sygyr biziňki eken-ä – diýip, Töremyrat mugallym özbaşyna hümürdedi. Annak şu ýerde Töremyrat mugallyma ýaramsaklyk etjek boldumy, garagollyk etjek boldumy, oturan ýerinden söz oklady: – Wah, ýoldaş mugallym, siziňkidigini bilen bolsam, ol janaweri Dürje eneme tutuşmazdym-da. – Biziňki bolmanda-da şeýle zalymlyk edäýmek bormy – diýip, Töremyrat mugallym gaharly hüňürdedi – Wah, wah o janaweriň nähili şahlary bardy… – Sugunyňky ýalymy, ýoldaş mugallym? – diýip, men oturan ýerimden gygyrdym. Töremyrat mugallymyň ýüzi ýagtylan ýaly boldy, barmagyny maňa tarap çommaltdy: – Dogry!… Bildiň, Garajaýew, bildiň. Annak ýene aýlawly söz atdy: – We, ýoldaş mugallym, onuň ýaly sugun şahly sygryňyz dagy bar bolsa, ony pugtaja daňmaly ekeniňiz-dä. Töremyrat mugallymyň ýarasyna duz basylan ýaly boldy. Ol gözlerini alardyp, Annaga seretdi: – Sygrymyzy pugta daňmalymy, gowşak daňmalymy, men ony senden soramok, Jümmiýew. Düşündiňmi? – Weý, elbetde. – Elbetde bolsa, bu günki jenaýaty üçin o… ol seniň Dürje eneňiň gözüni türmede açdyryn. – Wiý, onuň ýaly bolsa, ýoldaş mugallym, Dürje enemiziň Annak inerçesinem gapdalyndan goýmaň. Sebäbi bu “jenaýatyň” gyrasynda Annagam bar-a – diýip, Wellek ör turdy. – Illekow, sen entek garalawçy bolmaga ýetişeňok. Ýetişen wagtyň kimi türmä basdyrmaly bolsa, basdyrmaly däl bolsa, senden soraýarys. Düşündiň gerek? – Ýogsam näme. Jaň urlan badyna Töremyrat mugallym öýlerine eňdi. Sygrynyň ýagdaýy onuň gonjuna gor guýandyr. Sygrynyň bu hala düşüp, özüniň hem bu elewräp ýörmesi Töremyrat mygallymyň özünden. Şol, sygryny örkledigi, ýa ýatagynda daňdygy hökman boşaýmalydyr. Çünki Töremyrat mugallymyň mal daňmaga duranja ýeri. Biz ýaly, oglanka-da şu selkiliginden il güldüripdir. Bir gün Töremyrat mugallymlara atly bir myhman gelipdir. Ol daşarda oýnap ýören Töremyrat mugallymyň eline atynyň jylawyny tutdurypdyr-da: – Bar, han ogul şuny gazyga ildir – diýip, özi hem içeri giripdir. Emma ýaňy saglyk–amanlyk soraşyp, öňüne çaý alan myhman atynyň aýak sesine dyzlap içerden çykmaly bolupdyr. Görse, aty, holha, ümdüzine tutduryp barýarmyş. Myhman: – A-how, inim, aty daňmanmydyň? – diýip,Töremyrat mugallymdan gaharly sorapdyr. – Daňypdym öz-ä… – diýip, Töremyrat mugallym ýeňsesini gaşapdyr-da, myhmanyň gözünden tizräk sypmak bilen bolupdyr. Aty gaçyp gidensoň keýpi pitige münen myhman hem çaýdan-nahardan, hezzetden-hormatdan ellibizar bolup, Töremyrat mugallyma käýinip, paý-pyýada gaýdyberipdir. …Ýöne bir zat: ala sygryň özi hem çaksyz kesir mal. Öldir-sürä gitmez. Goşsaňam, şalk-şalk edip sürüden gaýdyp geläýer. Töremyrat mugallym sürüden gaçmaz ýaly, onuň boýnundan tokmak agaç hem asyp goýdy. Emma onda-da ala sygra alaç bolmady. Agsaklap-togsaklap, gaçyp gaýdyberdi. Onsoň, ala sygyr ýa ýatagynda öňi otdan, iýmden doldurylyp daňylýar ýa-da otluk meýdanda örklenilýär. Ýöne boşadygy welin, pürreläp ýörändir. Bir gije gelip, mallarymyza ýygylgy otumyzy bokurdagyndan geçirip, galan-gaçanynyň üstüne-de tezekläp gidipdir. Näçe diýseň, janymyz ýandy welin, eýesi Töremyrat mugallym bolansoň, dişimizi gysaýdyk. … Wagty bilen Töremyrat mugallymyň mekdebe dolanmazlygy Annak ikimizi iňkise goýdy. Bä, gaharyna Dürje enemizi milisiýanyň öňüne saldyryp, türmä äkitdiräýdimikä? Okuw gutaran badyna Annak ikimiz Dürje enemlere ylgadyk. Barsak, ol öýünde ýok eken. Tamynyň gapysy gulply dur. Diýmek ony ýygnapdyrlar. Ýüregimize howul düşdi, Töremyrat mugallymlara ylgadyk. Barsak, Töremyrat mugallym ýataklarynda ala sygrynyň gerşini, ýagyrnysyny gaşaşdyryp dur. Eýesiniň gaşamasy sygra ýaraýan bolmaga çemeli. Ol myşlap, gäwişäp, çogly güne ýüzüni tutup, gözlerini süzüp dur. Sygryň ýaralanan şahyna bolsa ýod çalnyp, ol hasa bilen saralypdyr. – Ýoldaş mugallym, sygryňyz ýagşymy? – diýip, Annak ilki söz gatdy. – Ýagşy. Soranyňyz üçin sag boluň, Jümmiýew, Garajaýew, sizden tama-da şeýledir – diýip, Töremyrat mugallym sygrynyň gerşini gaşamasyny dowam etdirdi. Annak az salym ýaýdanyp duransoň: – Ýoldaş mugallym, Dürje enemizi türmä basdyraýdyňyzmy? – diýdi. – Basdyraýjakdym welin, gorkan-öňürder edäýdi. Gelip ötünç sorady, görýäňizmi, sygryň şahyny sarap gitdi. Ýöne indi beýleki şahynam ýaralaýsa, ikisiniň jezasyny bile çekdiräýjek. Boljakmy? – Bolar-la welin… Ýöne indi sygryňyz boşaýmady-da. Bolmasa, ýoldaş mugallym, sygryňyzy Meleje ikimiz daňyp beräýeris. – Şeýlemi? Annagyň sözi ýerliksiz boldy. Gahardan ýaňa bizi alaja gözleri bilen iýäýjek bolan Töremyrat mugallym heniz “ýarylyp” ýetişmänkä, biz tiz ýatakdan saýlandyk. Şol günüň ertesi Töremyrat mugallym sapaga girdi-de: – Garajaýew, sen özüňe Jümmiýewi dost hasap edýärmiň? – diýdi. – Elbetde, Annak meniň jan ýaly dostum. Şeýle dälmi, Annak? – diýip, men Annakdan soradym. – Ýogsam, näme? – diýip, Annak jogap berdi. – Ýok, ýalan – diýip, Töremyrat mugallym garşy çykdy – Jümmiýew, Garajaýewdan saňa dost bolmaz. Garajaýew saňa diňe “aýy dostlugyny” edýär. Düşündiň gerek? – Düşünemok, ýoldaş mugallym. – Düşünmeseň, düşündiräýerin, Jümmiýew. Ynha, gulak sal! – Iki gulagymam sizde, ýoldaş mugallym. Töremyrat mugallym iki elini arkasyna tutup, iki ýana gezmeläp, meniň “aýy dostlugymy” düşündirmäge başlady: – Dostluk mukaddes zatdyr, Jümmiýew! Dostuňy her bir ýagdaýda goldap durmalysyň. Seniň Meleje dostuň bolsa bir özüni bilýär. Mysal üçin, ol seni okuwda goldanok. Eger Garajaýew dostluk aladasyny edip, seniň bilen sapaklara bileje taýýarlansa, seniň düşünmeýän ýeriňi düşündürse, sen ikilik alar ýörermidiň? “Almazdy. Meleje ýaly dörtlük, bäşlik okardy” diýen sesler klasy ýaňlandyrdy. Meniň ýüzüme şarpyk çalnan ýaly boldy. Emma etjek alajym ýokdy. Töremyrat mugallymyň aýdýanlary ugrunda bardy. Annagy näçe gowy görsem hem, şindize çenli onuň okuwyna kömek berdim diýsem ýalançy. Her näme-de bolsa, meniň dosta wepalylygyma ynam edilmezligi çetime degdi. Sapak gutardy welin, Annaga: – Men saňa wepaly dostdugymy subut ederin – diýdim. – Sapaklarymy bile taýýarlaşjakmy? Okasym gelse, sensizem okaryn. Menem indi size oýunjak bolupdyryn – diýip, Annak gaharly hüňürdedi. – Ýok, başga bir ýol bilen. – Näme “Biz biri-birimizi ýürekden gowy görýäris” diýip gygyryberjekmi? – Ýuwaşrak-how, ile eşitdiräýme. – Men töweregime howsala bilen äňetdim. – Ynha, eşit! Biz bir iş etsek, men saňa baryp ýatan wepaly dostlugymy görkezerin. – Nähili? – Sen suwda oňly ýüzüp bileňok, şeýle dälmi? Annak meniň ýüzüme geňirgenip seretdi: – Hawa, näme diýjek bolýaň? Dowamy bar. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |