15:21 Oragatdy / powest - 5 | |
Onunjy bap.
Powestler
Annak ikimiziň tigir sürüp, aýaklarymyzyň ýelini alşymyz, gara äýnekli, ala egin-eşikli içalynyň obamyza myhmançylyga gaýdyp, Dürje enemiziň daşary ýurt agenti bolşy, Öwelegiň başynagaý bolup, uly okuwyň aňyrsyna çykyşy. Jümmi aganyň ýasap beren tigrinde sürmäge türgen bolamsoň, kakam dükandan ýalpyldap duran täzejesini alyp berdi. Men begenip, iki bolup bilmedim. Indi kän pyýada gezemok. Nirä gitsem, tigirlije eňiberýärin. Iň bärkisi aýagymyň ýelini almak üçin hem oňa atlanaýýaryn. Öýdäkileriňem şäherlik işi çyksa, Annak ikimizi tigirli iberýärler. Bu gün hem ejelerimiz bizi “bazardan odur-budur äkeliň” diýip, okuwdan soň şähere iberdi. Biz tigirlerimiziň ýelginine göterilip, çalaja hiňlenen bolup barýarys. O ýerden, bu ýerden güneşlemäge çykan alakalar bizi görýärler-de, hinlerine sumat bolýarlar. Şähere ýakynlaşyberenimizde egni ala penjekli, aýagy ala jalbarly, kellesi ala şlýapaly, gözi ullakan gara äýnekli adam öňümizden çykdy. Biz onuň gabadyna ýetenimizde: – Salam, oglanlar! – diýdi. Biz hem: – Salam! – diýdik. – Oglanlar, siz “Duzlujadan-a” dälsiňiz! – Şondan. Ýeri, näme, agam? – Aý, hiç-le. Menem siziň obaňyza myhmançylyga barýan, ýeri, obalaryňyzyň oňatçylykmy? – Oňat. – Agam, awtobusam gatnaýar ahyryn. Awtobusly gidäýmeli ekeniňiz – diýip, Annak onuň pyýada barşyny geňledi. Ol adam äýnegini gözünden aýryp, onuň tozanyny jübüsinden çykaran elýaglygy bilen süpürişdirdi-de ýene dakyndy: – Awtobusyň gatnaýanyny bilýän, jigim. Ýöne men pyýada ýöremäni gowy görýän. Pyýada ýöremek jan saglygyň üçin peýdaly. Bolýar onda, oglanlar, men-ä gitdim. Nätanyş adam çalaja sykylyk atyp, töweregini synlap, obamyza tarap ugrady. Bizem ýolumyzy dowam etdirdik. Şäheriň bir ujundan giriberenimizde Annak tigrini duruzdy: – Eý, bilýämiň näme? – Nämäni bilmeli? – Ýaňky adamy? – Ýok… – Bilmeseň, diňle. Şol adam oňly adam däl. – Sen näbilýäň? – diýip, men Annagyň ýüzüne seretdim. – Içalydyr şol adam. Daşky görnüşi aýdyp dur. Aradaky gören kinomyzdaky içala meňzäp durandyr-la. Şonuňam ýaňkyňky ýaly, ala egin-başy bardy. Gözünde-de gara äýnegi. Meniň ýüregime howul düşdi: – Bä, hakykatdanam, içalydyr şol. Yzarlaýsakmykak? Annak hem ot-elek boluberdi: – Şeýdeli, ony sypdyrmaly. Ýör, çaltrak – diýip, tigriniň ruluny yza dolady. Menem ondan galmadym. Biz tigirlerimizi birmeýdan haýdap sürenimizden soň, “içalynyň” garasy göründi. – Ony nädip tutarkak? – diýip, men Annakdan soradym. Annak “içalydan” gözüňi aýyrman barşyna: – Onuň oba barjak ýerini bileli bakaly. Onsoň bütin obany örüzip, güpbasdy ederis. Ýogsa, ol aňsat el beräýmez, ýaragy bardyr – diýdi. Biz “içalynyň” yzyndan garama-gara gidiberdik. Ol uly ýol bilen syryp gidip barşyna, ahyry Dürje enemlere sowuldy. Men birhili bolup gitdim. – Be, içalynyň Dürje enemlerde näme işi barka? – diýip, Annagyň ýüzüne soragly garadym. – Menem şoňa haýran – diýip, Annak hem egnini gysdy. – Belki, Dürje enemiz hem içalydyr?.. Näme gülen bolýaň, Meleje! Arada gören kinomyzda obadaky ýaşuly adam içalylaryň agenti bolup çykmaýarmy näme? Dürje enemiz hem agent bolsa bildiňmi? Dürje enemiz içaly görnüşde göz öňüme geldi. Ol bukdaklap öýüne girýär. Gapysyny içinden pugta gulplaýar. Soňra düýpdäki köne-küşül salnan çuwaldan esgä dolanan bir zat alýar. Esgini aýranda, ondan radio gural çykýar. Ol şol gören içalyly kinomyzdaky ýaşuly ýaly, guralyň ses diňlenilýän simini gulagyna dakynyp daşary ýurt dilinde bir zatlar madyrdaýar… Annak egnime kakdy: – Eý, Meleje, näme derleýärsiň? Men ziňkildäp gitdim: – Hä, näme?…. – Seni der basýar, Meleje. Ýa ugruň ýokmy? Men ýüzümiň derini elimiň aýasy bilen sylyp: – Sen dogry aýdýarsyň, Annak. Dürje enemiz hökman içalylaryň agentidir. Gel, derrew obany örüzeli – diýdim. – Entek gyssanma. Ilki baryp, olaryň gürrüňini diňläli. Belki-de, möhüm bir zat eşideris. Soň tutulanlarynda-da aýtmazlyklary mümkin. Biz tigirlerimizi ýoluň gyrasyndaky syrkynlyga süsdürdik-de, kä agaçlara dulanyp, kä jaýlara dulanyp, Dürje enemlere ugradyk. Onuň tamynyň ýol tarapky penjiresi açyk durdy. Biz pişik basyşyny edip, penjiräniň golaýyna bardyk. Içerden nätanyş bilen Dürje enemiziň sesi eşidildi. – Gezelenje dagy gaýdyberdiňmi, ýegen? – Aý, hawa. Ýagdaýyňyzdan bir habar tutaýyn diýdim. – Oňarypsyň-da, Öwelek ýegen. Ömür gapymdan garaňokdyň. Tüweleme, sen-ä iş bitirdiň. – Aý, indi, geler duraryn, Dürje daýza. Şu wagta çenli okuw bilen başyma gaý bolup geçäýdim. – Indi şol uly okuwyňam aňrybaşyna çykdyňmy, Öwelek ýegen? – Hawa, Dürje daýza, ýaňyrak diplom aldym. Sizem diplom toýuma alyp gitmäge geldim. – Tüweleme, tüweleme. Gutly bolsun, gutly bolsun. Diplimiň nanly bolsun? – Aýdanyňyz gelsin, Dürje daýza. Meniň biçak gülkim tutdy. Annagyň ýüzüne seretsem, ol hem agzyny eli bilen berk tutup ýaryljak bolup dur. Dürje enemiziň tamyndan taýak atym aňyrrak saýlanandyrys hernä. Annagam, menem kükregimizi ýaryp barýan gülkümizi dyňzap duran mes suwuň böwedi böwsüp gaýdyşy ýaly birden açyp goýberdik. Ha-ha, he-he, hi-hi… Ýaňky içaly diýenimiz Dürje enemiziň ýeke çagasy – gyzy Owlak ejemiziň adamsy Öwelek eken. Olar şäherde ýaşaýardylar. Öwelegi öň görmämizsoň, biz näbileli munuň beýle boljagyny. On birinji bap. Aýnazaryň harby gullukdan gelip, Aýsenemiň onuň gözüni tegeledişi, Nunna aganyň motorynyň ýagy gutaryp, Annagyň içiniň sanjylaýşy, meniň mekirlik etjek bolup, Dürje enemiziň hilegärliginiň zor çykyşy. Öýlänler Annak ikimiz ýadaw halda mytdyldaşyp mekdepden öýe barýardyk. Çünki Annagyň tigriniň-ä çarhy boş aýlanýar, meniň tigrimiň bolsa tekeri ýel goýberýär. Ikimizem tigirlerimizi şu gün okuwdan soň bejermegi gepleşipdik. Biz eýýäm tigirlerimize şeýle bir öwrenişipdik welin, indi ýekeje ädimem pyýada ýöräsimiz gelenokdy. Ýöne onsuz-da okuwdan soň biziň eýimiz ýetipdi. Futbol oýnapdyk. Şu wagt endam-janymyz owulyp, aýaklarymyz syrkyraşyp durdy. Gabadymyzda awtobus gelip saklandy. Ondan esger geýimli, eli ullakan çemedanly daýaw bir ýigit ýylgyryp düşdi. Ony gören badymyza biziň ýüreklerimiz böküp gitdi. Ol Jumanazar aganyň ortanjy ogly Aýnazardy. Aýnazar bu wagt goşunçylykdan gaýdyp gelýärdi. Onuň şu golaý-goltumda geljegini biz Wellekden eşidipdik. Ol “Basym Aýnazar daýym harby gullukdan gaýdyp gelýär. Kim öňürti buşlasa, Jumanazar daýym onuň buşlugyny ýetirmekçi” diýip, bize ýarym aý mundan öň aýdypdy. Biz ylgaşyp, Aýnazaryň ýanyna bardyk. Oňa hormat bilen elimizi uzatdyk: – Salawmaleýkim, Aýnazar kaka! – Salawmaleýkim, Aýnazar kaka! – Oh-ho, inilerim, sizmi! Salam, salam! – Aýnazar çemedanyny ýere goýup, biziň elimizi pugta silkeleşdirdi – Sag-amanja gezip ýörmüsiňiz? Obalaram saglykmy? Biz “Hawa-da-hawa” boluşdyk. Aýnazar gür baglyga bürenip oturan obamyzy mähirli synlap: – Hany, obada näme täzelik bar? – diýdi. – Täzelikmi? – Annak bälçilik bilen maňa gözüni gypyp goýberdi. – Düýn Melejeleriň gölesi boldy. – Şeýlemi? – Aýnazar meniň ýüzüme ýylgyryp seretdi. Men başymy atdym. – Meleje, sygryňyzyň höwri köp bolsun! Annak meniň geplärime maý bermän, ýene bir täzeligi sugşurdy. – Wiý, tas ýadymdan çykan eken, siziňem geçiňiz üçem guzlady. – Aý, goý-a? – Çypbakaý çynym. Menem Annagyň sözüni tassyklajak bolup: – Owlajyklarynyň biriniň maňlaýjygam sakarja – diýdim. Aýnazar: – Bä, nähili hezillik – diýip, gülmäge başlady. Birdenem gülküsini kesip, ýüzüni gyzardybragada sorady. – Ýogsa-da, Nunna agalar sag-gurgunçylykmy? Aýnazaryň ala-böle Nunna agalary soramagyna men geň galdym. Onýança Annak: – Olar gurgun. Nunna aga oňat işleýändigi üçin kolhoz tarapyndan gozakly motor sylag berildi. Ýöne gyzy Aýsenem gaçyp gitdi – diýdi. Aýnazaryň gözleri tegelendi: – Nirä gaçyp gitdi? – Okuwa-laý – diýip, Annak sumkasyny kellesine kölege tutundy. – Şähere dugtorçylyk okuwyna gitdi. Nunna aga ony okuwa goýbermejek boldy. Emma Aýsenem bir gün daňdan gaçyp ötägidipdir. Ol basym okuwyny gutarýar. Indi Nunna aga-da Aýsenem okuwa goýbermejek bolşuna ökünip ýör. – Hä, şeý diýsene, Annak han – diýip, Aýnazar birhili syrly ýylgyrdy – Siz-ä, ýigitler, meni täzelikleriňiz bilen begendiräýdiňiz. Hany, indi öýümize meniň gelenimi buşlap, sylagyňyzy alyň. Annak ikimiziň guşumyz uçdy. Owsaryndan boşan köşek ýaly dapyrdyklaşyp, syrkynlykdaky ýoda bilen Jumanazar agalara gönüläp ýelk ýasaýdyk. Men Annakdan güýjüm pes bolsa-da, ylgaşmaga gezek geleninde, ondan ozmasam, yza galamokdym. Emma Annagyň häzir burnuny ýellendirip, öňümden taýzarylyp barşy ýetdirerli däldi. Niçikmi, aramyz ýakynlaşaýdygam, derrew öňümi gabalaýardy. Men ondan ozup geçip bilmejegimi aňyp: – Annak, ýuwaşrak gidäýsene, bile buşlaýarys – diýdim. Annak “has-has” edip barşyna “ýok” diýen manyda başyny ýaýkady. Biz uly ýola düşdük. Birdenkä, öňümizden Dürje enemiz çykdy: – Äýu, inerçelerim, gözüňize urlan ýaly bolup, nirä barýaňyz? Annak ylgap barşyna: – Aýnazar weýenniden geldi. Şony öýlerine buşlamaga barýas – diýip, Dürje enemiň gabadyndan geçip gitdi. Men Dürje enemiň gabadyna baranymda: – Jumanazar agadan buşluk hakyňyzy alanyňyzda, menem unutmaweriň, inerçäm, Meleje! Ýogsam-a sizden öýkelärin – diýip, gygyryp galdy. Annak öňümden loňk-loňk edip gidip barýar. Şol barmana ol Nunna agalaryň öýleriniň gabadyna gelip, ylgawyny haýallatdy. Birdenkä-de ýoluň gyrasynda çommalyp oturyberdi. Men aňyrdan ylgap gelşime: – Näme boldy, Annak? – diýip soradym. Annak böwrüni tutup, ýüzüni çytdy. – Içim sanjylaýar. Daljygaýdym öýdýän. Garaş biraz. Sanjym gowşansoň, bile buşlaýarys. Men “Bolýar” diýsemem, diýdim welin, gitdim bükgüldä. “Annagyň sanjysy aýrylyp, menden öňürti buşlaýsa… Gowusy, şu pursatdan peýdalanyp, Jumanazar agalara Annakdan öň baraýyn”. Men içimden şeýle pikir etdim-de: – Annak, Nunna agalardan suw içip geleýin-le. Gaty suwsadym – diýdim. Annak tüňňerilip oturyşyna ýüzüme şübheli garady. – Meni taşlap gidäýmegin. Men: – Arkaýyn bol, Annak. Häzir gelýän – diýdim. Şol bada-da Nunna agalara ýumlugaýdym. Hyýalym – Nunna agalaryň öýleriniň ýany bilen öwrülip, ýene uly ýola düşäýjekdim. Bir görsem, Nunna aga gapylarynda gozokly motosikletini süpürip otyrdy. – Bo-how, Melejeguly, sen-ä tüýs wagtynda geläýdiň – diýip, ol ýerinden dikeldi. – Bar, inim, gaýrat et-de, Ata şopurlardan motora guýar ýaly bir bedre benzin getir. Raýondan poçtany getirjek welin, benzinim ýetmezmikän diýýän. Onsoň seni motora-da mündirin. Bar, inim. Nunna aga aňyma-maňyma seretmän, elime ýagly bedräni tutdurdy. Men kyn ýagdaýa düşdüm. Ata şofýorlardan benzin alyp gelýänçäm, Annagyň sanjysy aýrylyp, Jumanazar agalara menden öňürtmegi mümkindi. Aýnazaryň gelenini Nunna aga aýtsam bolsa, onuňam menden öňürtmegi ahmaldy. Men Ata şofýorlara mytdyldap ugradym. Birdenkä-de bedräni taşlap, Jumanazar agalara gönüläp, ýabyň içi bilen eňdim. Yzymdan Nunna aga gygyrdy: – Häk, bihepbe diýsäni. Seni ömürem motoryma mündürmerin. Men aýagaldygyna ylgap barşyma “Mündürmeseň, özüň bil. “Indi motoraryňa mündür” diýip ýalbarman. Tigrimiň jany sag bolsun” diýip, içimi gepletdim. Men ýapdan çykyp, ýola düşdüm. Jumanazar agalara çenli entegem ep-eslije ara bardy. Ýadadymam. Bu hiç-le. Esasy zat, ilkinji bolup, hoş habary ile buşlamak. Munuň üçin Jumanazar aga araky tigirli wakadaky öýkesinden ýazylsa-da ýazylaýar. Men kelläme gelen bu pikire begenip, ýene çuslandym. Yzymdan bir gürrüldi eşidildi. Seretsem, Nunna aga motosikletli eňip gelýär. Gozagynda bolsa joňkaryp Annak otyr. Olar meni tozana garyp, özlerem gülüşip, gabadymdan geçip gitdiler. Meniň aýaklaryma badak atylan ýaly boldy. Bütin süňňüm gowşap, duran ýerimde zörlediberesim geldi. Lampa özümi aşak goýberdim. Ýöne hol öň ýanymda, Nunna aganyň motosikleti ýoluň ortsynda “pat-pat” edip ýatyberdi. Nunna aga-da motosikletinden düşüp, onuň böwrüne depip ugrady. Emma ol bir “tyrr” edýär-de, ýene sem bolýar. Men böküp ýerimden galdym. Güýjümde baryny edip ylgamaga başladym. Olaryň gabadyna ýetdim welin, Nunna aga gozakda doňdurylan ýaly bolup oturan Annaga gygyrdy: – Tur, çüýlenen ýaly bolup oturma-da. Motoryň ýagy dykyldy. Her zat et welin, şol ýalançydan öň buşla… Annak gozagyň içinden ala-basgy bolup çykdy-da, meniň yzymdan eňdi. Derrewem, tozan turzup, yzymdan ýetdi. Ýöne indi ozup bilenok. Ikimizem deň eňip barýarys. Jumanazar agalaryň at gaýtarym bärisine baraýandyrys hernä, bir topar çaga öňümizden ylgaşyp çykdy. Olar jagyl-da-jugul bolşup, Annak ikimiziň daşymyza üýşdüler. – Buşluk, buşluk, weýenniden Aýnazar kakam geldi… Aýnazar kakam geldi… buşlugymyzy ber… Biz haýran galmakdan ýana doňup galdyk. Bir haýukdan soň Annak: – Kim aýtdy size onuň gelenini? – diýip, çagalara haýbat atdy. Çagalar: – Ýap-ýaňyja Dürje enemiz kolhozyň kontoryndan Jumanazar agalara jaň edip aýtdy – diýip jedirdeşdiler. Soňra olar “Weý, weý, buşlugymyzam berenoklar. Bular-a gysganç ekenler” diýşip, ýoluň iki gyrasyndaky hatar öýlere siňip gitdiler. Annak olaryň yzyndan seredip durşuna aşaky dodagyny dişläp, başyny ýaýkady: – Duruber, sen entek bakaly, Dürje ene! Baýnazar gullukdan geleninde, Jumanazar aga Meleje ikimiz saňa ýetirmän öňürti buşlarys. Annagyň Baýnazar diýýäni Aýnazaryň inisidi. Ol gullukdan täze ýyl gelmelidi. Annagyň sözüne men ýylgyranymy duýman galdym. Ýüregimde bolsa öýke-kineden hiç zat galmady. On üçünji bap. Töremyrat mugallymyň Annak ikimize möhüm tabşyryk berip, özüniň kurorda gidişi, siňegiň ene towşana içigaralyk edip, çebşejikleriň wagtynda dünýä inmeýşi, Dürje enemiziň hokga çykaryp, Nunna aganyň ordene mynasyp bolşy. Okuw ýylynyň ahyrky günleriniň birinde Töremyrat mugallym Annak ikimizi “Zoologiýa” otagyna çagyrdy. Biz “Näme üçin çagyrdyka? ” diýşip, alada galdyk. (Ol indi bizi “Zoologiýadan” okadýardy). “Zoologiýa” otagyna girenimizde Töremyrat mugallym gözenikli kapasanyň içine salnan iki sany towşana ot berip durdy. Biz towşanlara gözümiz düşenden, kapasanyň ýanyna okdurylyşyp bardyk. – Ä-he, towşanlar! – Beý, olaryň gowujadygyny! Töremyrat mugallym gözlerini gyrpyldadyp, äýneginiň üstaşyr bize seretdi: – Men bulary ýaňy Dürje ejeden janly burçumyz üçin satyn alyp getirdim. Siziň olary idedesiňiz gelýärmi? – Hökman idederis, ýoldaş mugallym – diýip, biz şadyýan seslendik. – Ine, menem sizi şonuň üçin çagyrdym-da. Tomus kanikulynda beýleki okuwçylar kolhoza kömekleşseler, siz bu towşanlara seredersiňiz. Eşidip goýuň! Bu size möhüm tabşyrykdyr. Annak bir ädim öňe ätläp, esgerler ýaly pert-pert jogap berdi: – Ýoldaş mugallym, tabşyrygyňyzyň kemini goýman ýerine ýetireris. – Ynanýan, ynanýan, Jümmiýew! – diýip, Töremyrat mugallym kiçijik gözlerini güldürdi – Olary oňat idetseňiz, suratyňyzy ,,Ýaş towşançylar” diýip, mekdebiň zalynda asyp goýarys. Häzir bolsa gaýdyberiň. Kanikula çykan günüňiz geläýiň. Göwnümiz hoş bolup, biz öýümize gaýtdyk. Kanikula çykýançak towşanlaryň öýjagazlary mekdebiň bagyna geçirildi. Onuň gapdalynda towşanlar üçin ýene bir topar sim gözenekli öýjagazlar ýasaldy. Ine, garaşdyryp-garaşdyryp, bizi irikgä goýan tomus kanikuly hem ýetip geldi. Kanikula çykan günümiz Annak ikimiz Töremyrat mugallymy towşanlaryň ýanyndan tapdyk. Ol towşanlary suwa düşürýärdi. – Görýäňizmi, towşanlary wagtal-wagtal şeýdip suwa düşürip durmak gerek. Ýogsa, olaryň tüýleri möjeklär – diýip, Töremyrat mugallym bize düşündirdi. Men boş öýjagazlaryň näme üçin gerekdigini bilmek isledim: – Ýoldaş mugallym, olar towşanlaryň gije ýatýan öýlerimi? – Ýok, olar nahar iýenlerinde hem, ýatanlarynda hem şu öýde bolmaly. Gepiň külesi, Garajaýew, olar şu öýjagazlarda ýaşamaly – diýip, Töremyrat, mugallym biziň indiki etmeli işlerimizem düşündirdi. – Ýöne ýadyňyzda bolsun, ýigriminji iýulda ata towşany bir boş öýjagaza geçiriň. Ol şol ýerde ýaşar. Ýigrimi sekizinji iýul gijesi ene towşan çebşeklär. Men eýýäm zoologiýanyň kanunlary boýunça ol zatlary hasaplap goýdum. – Ýoldaş mugallym, çebşekler[1] aýry ýaşasalar, kakalaryny göresleri gelmezmi? – diýip, Annak gözlerini oýnatdy. Töremyrat mugallym Annagyň ýüzüne äňetmän, sesini batlandyryp gepledi: – Sen diýleni etsene, Jümmiýew. Çebşekler ata towşandan aýra ýaşasalar, basym ulalarlar. Bile ýaşasalar bolsa, bir-ä ýer darlyk eder, ikinjidenem, ata towşan çebşekleriniň agzyna ot ýetirmez. Eşitdiňmi? – Eşitdim, ýoldaş mugallym, eşitdim – diýip, Annak biraz dymyp durdy-da, ýene ýyrş-ýyrş edip gepledi – Ýoldaş mugallym, çebşekler bolan badyna men size Melejeden öň buşlaryn. Töremyrat mugallym küti dodaklaryny toşap ýalan ýaly şapbyldatdy: – Bilýäňizmi, oglanlar, maňa siziň haýsyňyz öňürti buşlajagyňyzy bilemok welin, ýöne ol günler men sizden daşrakda bolmaly boljak. Ertir irden kurorta uçýaryn. Özümem awgust aýynyň başlarynda gaýdyp gelerin. Şoňa çenli towşanlaryň ähli garamaty siziň boýnuňyza. Çebşejikleri bolsa gözüňiziň göreji ýaly saklamagy unutmaň. Olar biziň geljekki ýüzlerçe towşanlarymyzyň ata-babalary bolmalydyr. Men hamana gola sygmaz towşanla döndüm: – Ýoldaş mugallym, towşanlarymyz bu öýjagazlara sygmasa näderis? – Ýene-de öýjagazlar ýasarys. – Köpelip-köpelip, olara-da sygmasa näderis? Töremyrat mugallym ýüzüni gamaşdyryp, sagadyna seretdi: – Bolýar onda, men gideýin. Ýol üçin zatlarymy taýynlamalydyryn. Sag boluň! – diýip, biziň elimizi gysdy. – Sag-aman baryp geliň, ýoldaş mugallym – diýip, bizem tä gözden ýitýänçä, onuň yzyndan garap durduk. … Biz towşanlara yhlas bilen seredip başladyk. Terje ýorunja, güllüje peçek[2], ýumşajyk kepek[3] bilen olary bakýardyk. Gün geldigiçe olar özlerini tutup, semräp barýardy. Biz bolsa çebşejikleriň ýagty dünýä inerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. Ýigriminji iýul diýlen güni, Töremyrat mugallymyň aýdyşy ýaly, ata towşany suwa düşündirip, boş öýjagaza saldyk. Ol owadanlanan ýaly bolaýdy. Tüýleri ýalpyldaberdi. Ene towşanam suwa düşündirmek üçin öýjagazyndan daşyna çykardyk. Men towşany tutdum. Annak bolsa kürüşge bilen onuň üstünden suw akytdy. “Emgek göz bilen gaşyň arasynda” diýleni-dä. Bir ýerden uçup gelen ýaşyl siňek meniň maňlaýyma gondy. Ol maňlaýymdan çokjalamaga başlady. Men oturyp bilmedim. Kellämi bir eýläk, bir beýläk ýaýkadym. Siňegiň azaryna-da däl. Maňlaýymda joňkarylyp otyr. Men kakynjyrap oturşyma siňegi kowjak bolup, elimi towşandan nähili aýranymy-da bilmändirin. Towşan şol bada çalasyn bökdi-de, mekdebiň mekgejöwençiligine bakan ýazzyny berdi. – Tut ony! – diýip, Annak onuň yzyndan ylgady. Menem ondan galmadym. Şunça ylgasagam, towşan yzyndan ýetdirmedi. Ol mekgejöwençilige özüni urdy-da, gürüm-jürüm boldy. Biz mekgejöwençiligiň içini gyzyldörjük edip çykdyk. Emma ene towşan gözümize ilmedi. Halys ýadap, ysgyndan gaçdyk. “Haş-haş” edişip, çile ýaplandyk. Annak maňa iňirdemäge başlady: – Hemmesine sen günäkär, Meleje. Indi näderis? Töremyrat mugallym kurortdan geläýse, näme diýer?! Men günäkärdigimi bilsemem, özümi aklamaga dyrjaşdym: – Towşanyň gaçmagyna men günäkär däl-how, oňa siňek günäkär. Şol nejis siňek maňlaýyma gonmadyk bolsa, towşan gaçardymy? – Özüňi oňarmasaň, siňek maňlaýyňa däl agzyňa-da gonar. – Annak öýkeli ýaly aňyrsyna bakyp oturdy. Derrewem bärsine öwrülip, maňa barmagyny çommaltdy: – Dur, dur, towşan Dürje enemlere gaçyp giden bolaýmaýsyn. “Towşana dogduk depe” diýlip näme, ýöne ýere aýdylýandyr öýdýäňmi? – Sen bildiň, Annak. Towşan hökman şol ýerdedir. Gitdikmi? – Gitdik. Biz begenjimizden Dürje enemlere guş bolup uçaýdyk. Bärden baranymyzda Dürje enemiz ýyrş-ýyrş edip bizi garşylady: – Inerçelerim, siz towşanjygyňyzy yzarlap geldiňizmi? – Hawa, Dürje ene. – Gelen-ä däldir-dä bu ýerik? – Geldi, inerçelerim. Öz öňki doganjyklaryny göresi gelip gaýdyberendir janawer. Men häzir size ony tutup beräýerin. Ol towşan ketegine girdi-de, towşanlarynyň arasyndan ullakan çal birini tutdy: – Şu dälmi?.. – Edil özi. – Şol, han-ha, garny dagam pökgerip dur. – Tanan bolsaňyz bolýar, köşeklerim. Gözüniň aýdyň. Indi bir berkräk boluň. Towşan diýilýän gaty sypjykdyr – diýip, Dürje enem towşany Annagyň eline tutdurdy. Biz towşany getirip, öýjagazyna salyp goýduk. Öňüne peçek dökdük. Ol ysyrganyp, köp oturdy. Soňundanam owuz ýaly tagamlyja peçeklerden kitirdedip iýmäge başlady. Bu wakanyň şeýle oňatlyk bilen gutarmagy towşanlarymyza bolan höwesimizi, yhlasymyzy ýene artdyrdy. … Ýigrimi sekizinji iýul gijesi. Annak ikimiz tolgunmakdan ýaňa hiç uklap bilmedik. Özümizem öýümizden ýorgam-düşek getirip, serginräk ýer diýip, mekdebiň sport meýdançasynda ýatdyk. Annak arkan ýatyşyna göwün ýüwürtdi: – Çebşejiklerimiz sag-aman gezip ýörse, köpeler gidäýer. Dürje enemiz towşan iň köpelgiç jandar diýýär. Aýdaly, biziň alty çebşejigimiz bolsa. Şonuň bir-ä erkejik diýeli, beýleki bäşisem urkaçyja. Olaram basym ulalyp, hersi alty çebşejik berse… Soňam olar ulalyp, alty-altydan çebşejik getirse – diýip, menem durup bilmän Annagyň arzuwyna goşuldym. – Hany, göreýin welin, aýdaly, otuz towşanymyz bar diýeli – diýip, Annak hasap çykardy. – Şol otuzyň altysy ata towşanmyş-da, galan ýigrimi dördem ene towşanmyş. Ýigrimi dördem alta köpeldýäň welin, eý, Meleje, ýüz kyrk dört towşanly dagam bolaýas gerek? – Dogry. Beý, sen-ä hasapdar bolup gidipsiň-aý – diýip, men Annagyň aýdanlaryny tassykladym. – Ýadyňdamy, Annak, eger towşanlarymyzy köpeldip bilsek, Töremyrat mugallym bizi sergä-de iberjek diýipdi. – Ýadymda, Meleje dost. Howlukma, ol günlere-de ýeteris. Biz gürrüňleşip gijäniň agramyna aşyr atdyk. Soň süýji arzuwlar bilen uklap galypdyrys. Daň horazynyň sesi eşidildi. Annak laňňa ýerinden galdy: – Ýör! Ikimizem güpürdeşip eňäýendiris. Towşan ketege barsak, çebşek küje, zat küje. Ýene towşanyň ýekeje özi irkilip otyr. Biz süýjüden ät galan çaga ýaly ýuwdunyşyp, ýüzümizi sallaşyp, yzymyza dolandyk. Annak burnuny çekdi: – O näme üçin bolmadyka? Töremyrat mugallym ýalňyşaýdymyka? – Dar gursak bolmazlar, Annak – diýip, men giňgöwrümlilige salan boldum – Belki, şu günüň bir ýerinde boljakdyr, belki-de bi gije çebşekler dünýä iner. Biz bu gündiz-ä ene towşanyň ýanyndan kän daşlaşyp bilmedik welin, uzakly gijäni-de gözümize çiş kakylan ýaly, uklaman çebşejiklere garaşyp geçirdik. Emma ýene öňkümiz ýaly aldandyk. Şol günüň ertesi Töremyrat mugallymdan bize hat geldi. Ol hatynda şeýle diýipdir: “Salam, meniň mähribanlarym Jümmiýew bilen Garajaýew! Men siziň begenjiňize tüýs ýürekden goşulýaryn. Dünýäde öz zähmetiň miwesini görmekden bagtly zat ýokdur. Sizem öz çebşejikleriňizi synlap, özüňizde şol ýakymly duýgyny başdan geçirýänsiňiz. Elbetde, men siziň towşanlary eýelik gözi bilen idedendigiňize we siziň ýadawsyz aladaňyz bilen owadanja, enaýyja, sagatja çebşejikleriň dünýä inendigine janym bilen ynanýaryn. Çebşejikleriň näçedigini men sizden sorap durjak däl. Ýöne olar näçe-de bolsa, biziň gelejekki uly işlerimiziň başlangyjydyr. Galan işlerimiziňem şular ýaly şowly bolmagyny hem arzuw edýärin. Sözümiň ahyrynda men size çebşejikleriňizi birjigem gözden salmazlygy ýatladýaryn. Häzir olaryň iň bir ynjyk, çagajyk ýaly yrsaraýan döwrüdir. Gaýrat ediň, mähribanlarym! Men basym bararyn. Mugallymyňyz Töremyrat Taganow!” Töremyrat mugallymyň haty bize gyjyt beren ýaly boldy. Aladamyzy artdyrdy. Biz iýul aýynyň soňky gijelerini öýümizden ýabany ýatyp, towşanlaryň ýanynda geçirdik. Emma ene towşanyň öýjagazynda çebşejiklere gözümiz düşmedi. Awgust aýynyň üçünde Töremyrat mugallym kurortdan geldi. Ol semräpdir. Äýneginiň aňyrsyndaky kiçijik gözleri çalaja çyzylýar. Ol biziň bilen gadyrly salamlaşyp: – Bilýäňizmi, mähribanlarym! Men size sowgatjyk getirdim – diýdi. Elindäki ýüzi suratly mata haltajykdan iki sany akja papak çykaryp, hersini birimiziň kellämize geýdirdi. – Beý, şaplaşyp dur-aý. Tüýs size biçilip tikilen ýaly. Gutly bolsun! – Onuň sowgady bizi begendirip bilmedi. Agzymyza suw alan ýaly, sesimizi çykarman, başymyzy galdyryp bilmän, aýagymyzyň burny bilen ýer dörjelän bolup durus. – Be, Jümmiýew, Garajaýew, keýpiňiz ýok-la? Näme bolýar?.. Hä, bilýän, bilýän, towşanlar sizi ýadadandyr. Neressejikler, horlanypsyňyzam. Wah, wah-eý, çebşejikleri saklamak dagy gara görgüdir. Zeleli ýok, azapsyz iş bitýärmi näme! Indi siz bir sellem dynç alyň. Meniň özüm towşanlara-da, çebşejiklere-de idi-yssywat ederin. Ýogsa-da, näçe-näçe çebşejikli bolduňyz? – Biz bir-birimiziň ýüzüne boýurganyşyp seretdik-de, dymşyp duruberdik. Töremyrat mugallym sesini gataltdy. – Aýdyň ahyryn, agaç ýuwdan ýaly bolup durmaň-da. Näçe çebşek boldy? – Birem bolanok – diýip, Annak agy gatyşykly sesi bilen jogap berdi. – Näme bolanok?.. Bolman näme işleýärmişler?.. Biz näbileli, ýoldaş mugallym, olaryň näme işleýänini. Ýöne ene towşanyň-a öňki busurylyp oturşy – diýip, men Töremyrat mugallymdan çekinibräk aýtdym. – Hany, görkeziň maňa şony. Töremyrat mugallym towşanlaryň ýanyna ylgady. Annak ikimizem onuň ökjesini sydyrdyp, yzyna düşdük. Töremyrat mugallym ketegiň toruna maňlaýyny degrip, ene towşana üşerilip-üşerilip äňetdi. – Geň zat, gaty geň zat. Bu nähili beýle bolýar? – Ol biziň ýüzümize soralgy garady. Menem, Annagam egnimizi gysdyk – Çebşejikleri ogurladan-a dälsiňiz? Eger şeýle bolsa, meni heläk etmäň-de mertlerçe boýun alaýyň. – Bolmadyk zat nähili ogurlansyn, ýoldaş mugallym! – diýip, Annak gyzyp gepledi. – Aý, owalam-a siziň zat oňarmajagyňyzy bilýädim-le welin… – Töremyrat mugallymyň bu yrsaramasyna biz düşünmedik. Çebşekleriň dünýä inmedigine hamana biz günäkär ýaly. – Bolýar-da, gidiň-de Nunna agany alyp geliň. Mal-garany bize görä şol köpräk görendir. Biz tigirlerimizi aýagaldygyna sürüp, sähel salymyň içinde, Nunna agany gozakly motorly öňümize salyp getirdik. Töremyrat mugallym bir küti kitaby açyp, garabaşyna gaý bolup, şonuň sahypalaryny agtaryşdyryp, ondan gerekli bir zadyny gözläp oturan eken. (Ol haýwanlara degişli bir ylmy kitap bolmaly. Biz ony Töremyrat mugallymyň elinde ýygy-ýygydan görýärdik). Ol kitaby şarpyldadyp ýapdy-da, Nunna aga salam-helik bermän: – Geldiňmi, Nunna aga! – diýip, ýerinden turdy. – Hany, biziň bir matalymyzy çözüp ber, agasy. – Heý, onuňam gürrüňi bolarmy, Töremyrat molla. Akgaňlar matalyňy çöp döwen ýaly çözäýer. Nunna aga ene towşany keteginden çykaryp, onuň eýlesini-beýlesini görüşdirdi, birdenem “ýah-ýah” edip, gülüberdi. – Näme gülýäň-aýt, Nunna aga? – diýip, Töremyrat mugallym buzuň aşagynda galan ýaly galdyrady. – Gülmez ýalym-aý, Töremyrat molla, edýän işiňiz. Siziň bi ene towşan diýip saklap ýöreniňiz erkek towşan ahyryn. Töremyrat mugallym lampa özüni aşak goýberdi: – Bu nähili zoologiýanyň kanuny bolýarka? Men dodagymy dişläp, kellämi tutdum. Bu ýerde bir ýalňyşlygyň bolanyny, Dürje enemiziň bilmezlikdenmi, nämemi, bar zady çepbe çöwrenini aňdym. Annaga: – Ýör! – diýdim. Töremyrat mugallym: – Nirä? Indi nähili hokga çykarjak bolýaňyz? – diýip gygyrdy. – Dürje enemlere. – Dürje eneň näme saňa çebşek berip goýberer öýdýäňmi?! Biz Töremyrat mugallyma ene towşany ýuwundyryp otyrkak, elimizden gaçyryşymyzy, onuňam Dürje enemiziň towşanlarynyň arasyna baryp goşulandygyny, Dürje enemiziň bolsa, şu towşany elimize tutduryp goýberendigini, özümiziň bolsa gije-gündiz ýürejiklerimiziň üzülere gelip, çebşejiklere garaşandygymyzy biri-birimize gezek bermän, gylyny gymyldatman gürrüň berdik. Töremyrat mugallym biziň gürrüňimizi diňläp, tarsa ýerinden galdy: – Äh-ä, hokgany Dürje eneňiz çykaran eken-ow! Ol siziň ene towşanyňyza derek erkek towşanyny berip goýberipdir… Bolýar, Dürje kempir, biz seniň “hokgaňy geýäýmeris, ony özüň geýmeli” bolarsyň… Ýörüň, onuň towşanly ketegine talaň salalyň. Biz ugrajak bolup durkak, Dürje enemiz gaşymyzdan eşegini öňürdikledip çykdy. – Çöş, haýran, çöş! Bir toýnagy gyzansoň, tormuzyna bassaňam durmaz. – Dürje enemiz eşeginiň nogtasyny çekip, ony biziň edil öň ýanjagazymyzda saklady. – Amanmysyňyz, oglanlar, aman-saglykmy? – Salawmaleýkim, Dürje daýza! – diýip, bir Nunna aga oňa salam berdi. Başgamyz bolsa sessiz-üýnsüz duruberdik. Annak ikimiz-ä salam beräýjekdigem welin, Töremyrat mugallym bize gyýa gözüni aýlansoň, nalaç salamymyzy ýuwutmaly bolduk. Dürje enemiz oýundanmy ýa-da çyny bilenmi, elini kölegeledip, Töremyrat mugallyma äňetdi. – Äýu, Töremyrat jan, bi senmidiň? Tüweleme, tanar ýaly dagy bolmansyň, göz degmesin, kyrk kişiniň tüýküligi, tüf, tüf – Ol Töremyrat mugallyma tarap eşeginiň üstünden gaýta-gaýta tüýkürinjiredi. – Sen-ä gurorda gidip, (ol keteklerdäki towşanlara elini salgady) Annak inerçäm bilen Meleje inerçämiň towşanlary ýaly özüňi tutaýypsyň. Gaharyndan ýaňa sandyraklap duran Töremyrat mugallym Dürje enemiziň şerebelije sözlerine mundan artyk çydam edip bilmedi-de: – Bes, bes!.. – diýip, onuň eşeginiň boýnuna eliniň aýasy bilen patyladyp urdy welin, gulagyny sallap, parahat irkiljiräp duran janawer duýdansyz urga ýüregi ýarylan ýaly bolup, beýläk böküp düşdi-de, tasdanam Dürje enemizi üstünden düňderipdi. Hernä, Dürje enemiz çulumlyk bilen gaňňadan ýapyşyp, ýykylman galdy. – Äýu, Töremyrat jan, maňa gelen gaharyňy eşek janawerden çykarjak bolmasana. Bu janawerde näme ýazyk bar. – Dürje eje! – diýip, Töremyrat mugallym äýnegini aýryp, dakyndy. – Sen ýaňka-ýaňkaňy goý-da, bize ene towşanymyzdan we çebşeklerimizden habar ber! – Äh-heý, seniň häliden bäri peltäňe ot berjek bolup durandygyň şonuň üçindigini bilýän-le. Ýöne gurort ýaly ýerden geleňsoň, ilki bir saglyk-amanlyk soraşaýaly diýdik-dä. – Ol eşeginden towsup düşdi. – Hany, inerçelerim, heriň bir taýyndan tutup, eşegiň üstünden horjuny düşürip beriň. Biz horjuny düşüräýjekdik welin, ýene Töremyrat mugallymdan çekindik. Onýança Nunna aga aňyrdan geldi-de: – Ýanyňda ýegeniň barka, ile ýüzüňi saraltmagyn, Dürje daýza – diýip, daşyna gök otuň, şire-şepbigiň reňki ornap giden horjuny ýere düşürdi. – Boh-ow, agramjyg-a bar eken, Dürje daýza. Horjunyňa garpyz-gawun-a salan dälsiň! – Ol horjunlaryň agyzlaryndan garady. – Äh-he, towşan, beh-heý, çebşekler… – Towşan? – Çebşekler? – Hany! Töremyrat mugallym hem, Annak ikimiz hem topulyşyp, horjunyň iki agzyndan biri-birimiziň kellelerimizi çakyşdyryp seretdik. Horjunyň bir gözünde ene towşan otyrdy, bir gözünde hem alty sany çebşejik bardy. – Biziňkimi? – Hawa, siziňki, deýmurçylarym! – Çebşejikleriň owadanjadygyny. – Tüweleme diý. – Tüweleme, tüweleme. – “Gorkan öňürder-edipdiň-ow”, Dürje eje! – diýip, Töremyrat mugallym bir hili gomparybrak gepledi. – Aý, Töremyrat jan, Dürje eneň şu ömründe adam oglundan gorkan däldir, indiden beýlägem gorkmaz. Sen-ä, näme, beletje çöpüm – diýip, enemiz ýaňky aýdan sözi üçin Töremyrat mugallyma göwnüniň galandygyny duýdurdy. – Ýöne esewan bolman, siziň bogazja towşanyňyza derek, öz erkejik towşanymy berip goýberipdirin. Munuň üçin günämi ötüň. Munuňam şeýle bolandygyny, şu gün irden bildim. Towşanyňyz öten agşam çebşeklän eken. – Weý, Töremyrat mugallym towşanymyz ýigrimi sekizinji iýul gijesi çebşeklemeli diý-dä? – diýip, Annak bir Dürje enemiziň, bir-de Töremyrat mugallymyň ýüzüne ýalt-ýult etdi. – Aý, o zatlary öňünden biler ýaly Töremyrat mugallymyň hudaý däl, Annak inerçäm. Oňaýsyz ýagdaýa düşen Töremyrat mugallym ähem-ühem edip, Annaga “sokulmasyz ýere sokulýaň” diýýän şekilli gözlerini alardyp, soňra ýasama ýylgyrjyrap: – Dürje eje, bi ylym-da. Käte ylymda şular ýaly eýleräk-beýleräk bolaýan wagtlaram bolýar – diýdi – Wiý, ýogsa-da, men size kurortdan bir sowgatjyk getiripdim – Ol hälki haltajygyndan düşegi ak, gülli ýüň ýaglyk çykaryp, Dürje enemiziň başyna atdy – Alyň, Dürje eje, nesip etsin, toýda tozsun! Başy ak ýaglykly Dürje enemiz, dylym-dylym etdi: – Ynha, indi ugruňy düzlediň, Töremyrat jan, häliden şeýt-dä. – Maňa näme getirdiň, Töremyrat molla! Ýa meni ýatdan çykaraýdyňmy? – diýip, Nunna aga ýylgyrjyrap, gyrçuw sakgalyny barmaklary bilen daraklaşdyrdy. – Heý, senem ýatdan çykaryp bolarmy, Nunna aga, sen otliçnik poçtalýon-a. Töremyrat mugallym balagynyň jübüsini sermeleşdirip-sermeleşdirip, bir nyşanjyk çykardy. Ony Nunna aganyň döşüne dakyp! – Dynç alan kurordymdan saňa ýadygärlik – diýdi. Nunna aga döşündäki ýyldyrap duran nyşanjygy eli bilen sypalady: – Bo-how, ahyry ordene-de mynasyp boldug-ow – diýdi. – Hany, indi mally malyňyza eýe boluň. Annak ikimiz-ä horjunyň gözünden çebşekleri çykaryşdyrdyk, Töremyrat mugallymam ene towşany aldy. Nunna aga bolsa ketekden Dürje enemiziň towşanyny alyp, onuň gujagyna berdi. Yhlas bilen idisini ýetiren towşanymyz torsuk ýaly semräýipdir. Ol Dürje enemiziň gujagyny dolduraýdy. [1] ÇEBŞEK [çevşek], at. 1. Towşanyň çagasy. [2] PEÇEK, at. Çyrmaşyklar maşgalasyna degişli, inçeden uzyn baldakly, ýere we başga ösümliklere çyrmaşyp ösýän köpýyllyk ot. [3] KEPEK, at. Un elenende galýan ownuk däne gabyklary. On dördünji bap. Kolhozyň bakjaçylygyna ogry girip, Annak ikimize töhmet atylşy, Töremyrat mugallymyň okuwçylara şübheli garap, klasyň içine yzçy it getirjek bolşy, Wellegiň Jumanazar aganyň ýagysy bolup, oňa meýdan sudunyň edilişi. Edebiýat mugallymymyza garaşyp otyrkak, Töremyrat mugallym duýdansyz klasymyza girdi. Onuň ýüz-gözi eňşäp durdy. – Okuwçylar, iki-üç gijeden bäri kolhozyň bakjasyndan pomidor alynýarmyş, ol ogry biýaralaram basgylaşdyryp zaýalaýarmyş. Sakçy Jumanazar aga öten agşam ogryň üstünden barypdyr. Emma ol sap atyp, özüni tanatdyrmandyram, tutdurmandyram. Sakçynyň aýdyşyna görä, ol kimem bolsa öz-ä okuwçy bolmaly. – Töremyrat mugallym sözüne dyngy berdi-de, biziň ýüzümize birlaý ýiti-ýiti äňedip çykdy. – Haýsyňyz bolsaňyz, boýnuňyza alaýyň. Beýleki klasyň okuwçylaryndan hem soraşdyryp görjek. Ýöne göwnüme bolmasa, ogry biziň şü klasymyzdan tapylaýjak ýaly. Eger ogry özüniň ogrulygyny boýnuna almasa, ertir yzçy it getirip, ogryny iliň öňünde masgara etjek. Biz biri-birimiziň ýüzüne şübheli seredişdik. Wellek ýerinden hasanaklap galdy: – Ýoldaş mugallym, meniň pikirimçe, şol ogry ýa Annak ýa-da Meleje bolmaly. Meniň gulagymyň agzynda tüpeň atylan ýaly boldy. Zöwwe ýerimden galanymy duýmandyryn: – O näme üçin biz bolmalymyşyk, Wellek! Annak hem sandyrap ýerinden turdy: – Töhmet atma, Wellek, Meleje ikimiz pomidora zar däl. Mellegimizde dökün bolup ýatyr. Wellek ýene üstümize dyzady. Hamala ogurlykda tutan ýaly, Annak ikimizi alarladyp barýar. – Mönsürän bolmaň. Hökman siz bolmaly. Dürje enemiziň erigini günortanyň güni tutuşlygyna gyran siz dälmi? Şondan bäri näme, üýtgänsiňiz öýdýäňizmi? Eli egri adam şonuň ýaly bir iş etse, soňam dek gezip bilenokmyş. Ýöne yzçy it getirilmänkä, boýnuňyza alaýyň! Wellegiň göz-görtele myjabat atyp durmasy meniň çydam käsämi doldurdy. Baragetdin onuň gulakçekgesine doňduraýasym geldi. Onýança Töremyrat mugallym: – Illekow, gözüň bilen görmän, biriniň üstünden düşme – diýdi. – Ertire çenli möhlet berýän. Kolhozyň gögüne kim el uran bolsa, maňa habar etsin. Dili bilen aýtmaga utansa, hatjagaz ýazaýsyn. Töremyrat mugallym klasdan çykyp gidensoň, Annak ikimiz Wellegi ara aldyk. Urup, onuň myžžygyny çykarjakdyk. Emma beýleki oglanlar ara düşüp, Wellegi biziň demimizden sypdyrdylar. Ertesi irden Töremyrat mugallym klasa düýnküsindenem gaharly geldi: – Ýeri, bikärler, öňkiňiz-ä, öňkiňiz weli, öten agşamky masgaraçylygyňyz näme? – diýip, ol Annak ikimiziň üstümize abandy. Biz aňka-taňka boluşdyk. – Görüň-ä, okuwçylar, ogry Jümmiýew bilen Garajaýew bolup çykdy. Agyzlary tagam tapan bu ogrular öten agşamam kolhozyň bakjaçylygyna çozuş edipdirler. Jümmiýewi Jumanazar aga tutupdyr. Garaňkyda tanaman, “Sen kim?” diýip sorasa, ogry “Men Annak, ýoldaşym Meleje hem bar. Ol maňa hyşalygyň içinde garaşyp otyr” diýipdir. Soň bolsa Jümmiýew Jumanazar aganyň elini dişläp, gaçyp gidipdir. Okuwçylaryň hemmesi “Utançsyzlar, ogrular!” diýip, bizi gözleri bilen iýäýjek boldular. Wellegem jedir-jedir etdi: – Men aýtdym-a şulardyr diýip. Bular Dürje enemizi nähililer jowrandyrdylar. Men aýazda duran ýaly gagşadym. Aýdylýan gep çyn bolsa, onda ogry Annak-da? Geplämde, sesim agyly çykdy: – Ogurlasa, Annak ogurlandyr-da. Men-ä öten agşam hiç ýere bytnaman, telewizora seretdim. – M…men ogur…l…lamok, how! D…duz…z… kes…sin! – diýip, Annak uly ili bilen möňňürmäge başlady. Men Töremyrat mugallym rehimdarlyk edip, ony köşeşdirer öýtdüm. Emma ol: – Aglanyň peýdasy ýok, Jümmiýew! Ozal dek gezmek gerek. Sen öz abraýyň-a bir dökdüň welin, ähli klasdaşlaryňam, meniňem abraýymy ýere çaldyň… Bolýar-da. Ertir Jumanazar agany mekdebe getirip, ýüzbe-ýüz ederis. Şonda sen ogurlygyň üçin jogap bermeli bolarsyň – diýip, klasdan çykyp gitdi. Şol gün hiç kim biz bilen gepleşmedi. Biziňem klasda oturyp, okuw bilen serimiz bolmady. Ýüregimiz gyýym-gyýym bolup durdy. Annag-a bilemok weli, men-ä öýde-de uzak günümi ynjalyksyz geçirdim. Gijara Annak bize geldi. Onuň ýüzi salykdy. Gözleri pökgerip durdy. Men oňa şübheli garadym. – Özüň ogurlyk edip, menem şaýat edinmäň näme, Annak? – Senem şol geplere ynanýamyň-aý? Duz kessin, men beýle iş edemok – diýip, Annak janykdy. – Ýalan sözläňok gerek? – Meleje, indi seniňki näme? Meni indi däliretmejek bolsaňyz, töhmetiňizi bes ediň. Ol eli bilen ýüzüni tutup sojady. Meniň oňa ýüregim awady. – Onda kim bolup bilerkä? Annak az salym pikirlenip oturdy-da: – Häzir gideli-de, bakjaçylygy saklap ýataly. Belki, ogry şu gije hem geler –diýdi. – Diýseň-diýmeseň, şeýle. Biz, ýeňiljek naharlandyk-da, kolhozyň bakjaçylygyna ugradyk. Daşary şeýle bir garaňkydy welin, ýere gara gazan düňderilen ýalydy. Edil burnuň aşagyndaky zadam saýgarmak kyndy. Biz bakjaçylygy ýakalap oturan hyşalyga girdik. Bukdaklaşyp, pomidor joýalyga ýakynlaşdyk. “Şark” edip, bir zadyň sesi çykdy. Onýança Annak gürpüldäp ýüzin ýykyldy. Men ony ýerinden galdyrjak boldum. Ol bolsa Jumanazar aganyň guran gapanyna düşen eken. Men onyň aýagyny gapandan boşatjak boldum. Emma berk gysan gapan sypdyrarly däl. Annak: – Waý, aýagym döwüldi-le – diýip towlanjyrady. Şol wagt Jumanazar aganyň sesi eşidildi. – Döwülse, kör bol, köpeý ogly. Meniň zähram ýaryldy, gapdaldaky köne ýaba başaşaklygyna özümi goýberdim. Kelläm ýere gütläp degdi. Gorkymdan onuň agyrsynam unutdym “Jumanazar aga, men Annak” – diýip, Annak düşündirjek boldy. Jumanazar aga “Maňa geregem Annak-da” diýip, onuň agzyna sesi çykmaz ýaly bir zat dakdy. – Köpeý ogly, seň agzyňy baglamasam, ýene dişlärsiň, Düş öňe! Jumanazar aga Annagy gapandan boşadyp, çatmasyna alyp ugrady. Menem ýapdan çykdym-da, joýaçylygyň içi bilen ýapyrylyp olaryň yzyna düşdüm. Jumanazar aga Annagy südenekledip getirip, çatmasynyň ýanyndaky tuda daňyp goýdy. Soňundanam: – Häzir men seniň mugallymyňy getirmesem bolmaz. Goý, olam seniň kümsükligiňi gözi bilen görsün – diýip, oba bakan keýtikläp gitdi. Men ýuwaşlyk bilen Annagyň ýanyna bardym. Onuň agzyndaky düýrlenen esgini aýyrdym. – Kim sen? – diýip, ol sorady. – Men, Meleje. – Çöz çaltrak ýüpi, Töremyrat mugallym gelmänkä gaçaly. Men Annagyň daňysyna ýapyşdym. Jumanazar aga ýüpi çigim-çigim edip daňypdyr. Çözjek bolup görgi baryny gördüm. Dyrnaklarymyň ujuna gan öýlüp gitdi. Annak daňydan boşansoň, goşarlaryny owkalaşdyrdy. Men oňa: – Ýör, Annak, eglenmäli – diýdim. Biz ýöräp ugradyk, şol wagt pomidor joýalarynyň içinden bir jygyrdy geldi. Biz ýapylyryşyp, aşak ýatdyk. Gözümizi gyrpman, joýalyga seretdik. Joýalygyň içinde bir gara göründi. Ol biýaralary basgylap ýörşüne, aşak eglip, bir zatlar çöpleýärdi. – Ana, ogry! – diýip, Annak pyşyrdady. Biz syrkynlygyň arasyndan ony ýene bir sellem jyklap ýatdyk. Ol bize ýakynlaşdy. Men: – Tutalymy? – diýdim. Annak: – Tutaly – diýdi. Ikimizem syçan tutjak pişik ýaly ýapyrylyşyp eňdik-de, onuň üstüne özümizi zyňdyk. Üçümizem gujaklaşyp iki ýana towlandyk. Onuň köýneginiň içi pomidordan doly eken. Pomidor mynjyranyp, köýnek-balagymyzy tutuş şireli suw edip taşlady. Annak ogrynyň elini şatyrdadyp, yzyna towlady. – Waý, goýbersene elimi. Döwdüň-le. – Ele düşdüň gerek! Seniň diňe eliňi döwmeli däl, boýnuňam omurmaly. Men ýumrugymy düwüp, onuň üstüne topuldym. – Seniň bir burnuňa.. Annak bir eli bilen döşümden itiberip, meni saklady. Tuduň aşagyna getirensoň, öz daňylan ýüpi bilen ony berk sarady. Ol ýüzüne gara çalypmy, nämemi, gyssagarada onuň kimdigini tanap bilmedik. Şu ikaralykda biýaralygyň içinden Jumanazar aga bilen Töremyrat mugallymyň sesi eşidildi: – Inim, Töremyrat, şu siziň Annagyňyz maňa halys ulukjyn berdi. Şonuň bir çäresini oňatja göreweriň. – Jumanazar aga, esasy zat – ony ogurlygynyň üstünde tutmak. Indi biz Jümmiýewiňem, onuň dosty Garajaýewiňem mazalyja suwuna degeris. Ýöne men bir zada haýran, şol okuwçylardan şular ýaly zat çykar öýdüp ýatsam-tursam, ýadyma düşjek däl. – Aý, inim, akylyň haýran galmasyn. Şu wagt ýere bakandan gorkgyn. Biz tuduň beýle ýanyndaky salma girip ýatdyk. Jumanazar aga bilen Töremyrat mugallym tuduň aşagyna gelip ýetdiler. – Hany, inim şunuň ýüzüni gözüň bilenem gör – diýip, ogrynyň ýüzüne otluçöp çakdy. Birdenem, aýylganç bir zatdan gorkan ýaly, yza çekildi – Wiý, biý-ä Wellek ýegen eken: – Aý, nädäýdiň-ä, Jumanazar aga – diýip, Töremyrat mugallymam otluçöp çakyp, ogrynyň ýüzüni gördi – Dogrudanam, Illekow, ýüzüne gara çalypdyr, utançsyz. Gör tilkini. Özüni tanatmajak bolup, sesinem üýtgedip geplän eken. Şonuň Wellekdigini ýaňy aňdymam-la welin, gyssagarada anyk tanap bilmedim. Jumanazar aga gaharly hüňürdedi: – Heý, köpeý ogly, “Men Annakdyryn” diýip, iliň gül ýaly çagasyna töhmetem atýar-a. Biý-ä, “Ýegen ujyýagy” diýenleri boldy, walla. Biz ýeňillik bilen dem alyp, salmadan çykyp, olara tarap ýöneldik. …Şol gijäniň özünde Wellek bilen “egri oturyşyp, dogry sözleşdik”. Biziň bakjalykda geçiren “meýdan sudumyza” men, Annak, Töremyrat mugallym, Jumanazar aga, Dürje enemiz hem-de Wellegiň kakasy Illek aga gatnaşdy. “Suduň gidişende” sorag-jogaplaryň, käýinmeleriň-sögünmeleriň haýbat atmalaryň, gorkuzmalaryň, ýalbarma-ýakarmalaryň üsti bilen Wellegiň bu misginsokarlygy Aý dogan ýaly edildi. Görüp oturylsa, Wellek kolhozyň bakjaçylygyndaky pomidorlardan ogurlap, olary Dürje enemiz bilen bazara äkidip, satagetdin, aňsatja gazanç edäýjek eken, ýagny kino puly, çigit puly, moroženoýe puly, aý, başga-da gerek-ýarak zatlary üçin sowalgajyk edinmegi ýüregine düwüpdir, zalywat. Hatda: “Pomidorlarymyz köp getirdi. Geregimizden artygy gyr-zaýa bolup ýatyr. (Gör, ýalan sözleýşini. Oňly idi-yssywat edilmänsoň, olaryň pomidorlary hapa-haşal otlaryň içinde, suwsuzlykdan ýaňa eýikmän saralyşyp ýatyr). Siz gaýrat edip, bazarda maňa satyşsaňyzlaň” diýip, Dürje enemize öz maksadyny duýdurypdyram. Dürje enemizem özüni juda köpbilmiş hasap etse-de, käte sadalyk, türklük edäýmesi bar-da. Ol Wellegiň gepine ynanypdyr-da: “Bolýar, inerçäm. “Isrip-haram” diýipdirler. Sen pomidorlaryňyzy ýygyp, ýeşiklere gapgaryp, eşegiňe ýükläp, öňümizdäki bazarda ir bilenjik üstümden geläýgin. Bazara meniňem igde bilen erik kişdesini äkitmek hyýalym bardy. Bileje ötägideris” diýipdir. Wellek ogurlan pomidorlaryny köne syrkyn küdeleriniň gapdalynda, çöp-çalamyň astynda bukup goýupdyr. Onuň ýumşaklary, gaty bişenleri zaýalanyp ugran ekeni. Ýeri, ogurlanyň-a ogurlanyň, Annak ikimize garaňy sürtemäň näme diýsene. Hawa-da, ol şeýdip, ogurlygyny bassyr-ýussur etjek bolupdyr. Ynha, indi Wellegiň günäsi iki hili. Bir-ä ogurlygy, ikinjidenem, Annak ikimize atan töhmeti. – Illekowyň günäsi uly, ýoldaşlar! – diýip, Töremyrat mugallym suduň ýygnanşygynda çykyp gepleýän ýaly bolup, özüni resmi alyp bardy – Şoňa görä-de, günäkär Illekowy milisiýa tabşyraýsak nädýär? Töremyrat mugallymyň bu teklibini eşidip, öňem ýarym ýaş bolup duran Wellek uly ili bilen gijäni ýaňlandyryp, zörledip goýberdi: – Waý, milisiýa bermäň, ýoldaş mugallym. Berseňiz, meni türmä basarlar. – Goý, bassynlar. Türmede birneme akyllanarsyň, Illekow. – Akyllanman, ýoldaş mugallym. Ol ýerde men dälirärin. – Dälireseň, dälihana salarys. Wellek ýene sesine bat berdi. Illek aga gaharyna bir bada Wellegiň ýaňagyna çalan hem bolsa, onuň bu wagtky bolup durşuna ýüreginiň doňy çözüldi: – Töremyrat molla, köpeý oglunyň şu gezeklikçe günäsini geçäýeli. Meniň indi muny özüm mugura getirin. – Mugura getirjek bolsaň, öň näme işleýärdiň. Illek? – diýip, Dürje enem Illek aganyň alkymyndan aldy. – Aý, Dürje ene, bizem-ä şu köpeý ogluna erbet bol-a diýemzok. Ýöne, nädeli-dä… – Onda şeýdäýeliň, ýoldaşlar! – diýip, Töremyrat mugallym ahyrky netijä geldi – Şu gezeklikçe Illek aganyň sözüni ýykmalyň. Makulmy? – Aý, bolýar-da. Şunuň bilen, biziň “meýdan sudumyz” dargady. Ýöne ertesi mekdepde umumy ýygnak çagyrylyp, Wellegiň mazalyja suwuna degildi. Wellek şol günüň özünde pomidor biýaralaryny hapa-haşal otlardan arassalap, uly ýapdan suw getirip, olary suwa ýakdy. | |
|
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |