15:17 Oragatdy / powest - 2 | |
– Diýjek bolýan zadym: sen-ä suwa gark bolan borsuň, menem seni halas eden kişi bolaryn. Şeýdibem meniň saňa wepaly dostdugyma Töremyrat mugallym göz ýetirer.
Powestler
– Haý, bilmedim-ow – Annak meniň ýüzüme ynamsyz garady-da, pikire batdy. Ol esli wagt böwrüni diňläp duransoň – Suwdan çykaryp bilermiň? – diýdi. – Näme çykarman?! Meň bu ugurdan tejribämiň bardygyny sen eýýäm bilýäň ahyryn. Ýadyňdamy, arada suwdan akyp gelýän äpet garpyzy çykardym. Şol garpyz ikimize nähili hezil beripdi. Töremyrat mugallymam-a ondan iýip garnyny alaň ýaly edipdi. Senem suwa girip, “Kömege ýetişiň!” diýip, gygyryberseň bor. Galanyny özüm oňaryn. – Bor-da – Annak ýene esli ikirjiňläp duransoň: – Ýör, onda – diýip, aýagy batga giden ýaly ýapbyldak ýaba tarap ugrady. Bu wagt mekdebiň golaýyndan akyp ýatan ýabyň suwy mesdi. Towlanyp-towlanyp, hanasyna sygmajak bolýardy. Dogrysy, ýüzgürlikde özüme göwnüm ýetýän hem bolsa, ondan howpurgaberdim. Emma Annaga syr bildirmän, güzeriň başyna batyrgaý bardym. Annak aýagyny sandyradyp, güzeriň beýle ýanyna atylan paýapyla mündi: – Eý, Meleje, derrew kömege ýetişginiň. Birden akdyraýmagyn. Men: – Bor – diýenimde, näme üçindir sesim ynamsyz çykdy. Annak gözüni ýumdy. Bar howany içine sorjak ýaly agzyny giňden açyp, uludan demini aldy. Birdenem özüni paýapyldan goýberdi. Suwa lakga daş gaçan ýaly pažžyldap gitdi. Men egnimdäki penjegimi sypyryp taşladym-da, suwa bökmäge taýýar bolup durdum. Emma Annak suwuň ýüzüne çykanok. Edil düýpsüz guýa giden ýaly bolaýdy. Meniň zähräm ýaryldy. – Annak, aý Annak! – diýip, güzeriň başynda iki ýana zowzanakladym. Annak bir haýukdan soň, tara ýüwürdýän ýaly, elini kelemenledip, suwuň ýüzünde peýda boldy. Onuň agzy suwdan dolan bolmaga çemeli. Gygyrmagyň deregine maňa garşy elini ysgynsyzja galgadaýdy. Men özümi suwa okladym-da, onuň ýanyna göz açyp-ýumasy salymyň içinde ýüzüp bardym. Goltugyndan tutup, kenara tarap çekmäge synandym. Emma Annak aňyma-maňyma garaman, janhowluna üstüme hopba bolaýdy. Meniň agzym-burnum suwdan dolup, erbet hopukdym. Asyl indi “gyrk-gyrk” ýasap, suwuň düýbüne gidip barýan. Annak bolsa gözüni petredip, barha kebzämden gaty basýar. Men gyssanjyma ýokaryk bir zomadym-da: – Kömek ediň, waý gark bolýas! – diýip, çirkin gygyrdym. Meniň sesime iki sany oglan yglaşyp gelip, bizi ýabyň gyrasyna çykardy. Eýýäm bu ýere adam bary üýşüpdi. Olaryň arasynda Töremyrat mygallym hem bardy. Bizi ürgün çägäniň üstünde ýatyryp, başaşak tutdular. Herimiziň agzymyzdan bir bedre suw döküldimika diýýän. Üstesine buz ýaly suwda tas doňan ekenigem. Birneme özümize gelip, dikelip oturanymyzdan soň Töremyrat mugallym: – Siz suwa nähili ýykyldyňyz? – diýip sorady. Men: – Annak paýapyldan geçjek bolanda aýagy taýyp, suwa gaçaýdy. Menem ony halas etjek boldum welin, janhowluna üstüme münüp, suwa basdy – diýdim. Töremyrat mugallym arkama kakdy: – Berekella! Ynha, munyň bolýar, Garajaýew. Sen kyn pursatda dostuňa kömege ýetişipsiň. Jümmiýew, sen Garajaýewiň bu ýagşylygyny hiç wagt unutmaly dälsiň. Annagyň maňa jany ýanyp duran ekeni: – Ýalan. Meleje ýalan sözleýär, onuň özi maňa “ýykyl” diýdi. Men “aýtma” diýip, her näçe yşarat etsem hem Annak bolan wakany birin-birin gürrüň berdi. Töremyrat mugallym meniň ýüzüme ýaňsyly ýylgyryp bakdy: – Men aýtdym-a Garajaýew saňa “aýy dostlugyny” edýär diýip. Sen bolsa, Jümmiýew, ynanmazçylyk edýäň. Men Annagyň öňünde ýegşerilip, özümi ýere siňip barýan ýaly duýdum. Şondan soň Annak bilen sapaklara bileje taýýarlanyp başladym. Onuň düşünmeýän ýerlerini ýaltanman-ýadaman düşündirýärdim. Ol ikiliklerini kem-kemden seýrekledip, üçlüklerini köpeldip ugrady. Hatda onuň gündeliginde dörtlüjegem peýda bolup başlady. Ýöne Annak gulak gazamak “keselinden” daşlaşyp bilenok. Ynha, ol şu wagt hem sapagyň gidip durandygyna garamazdan, meniň böwrüme symsyklap, gulagyma pyşyrdady: – Meleje, şu Töremyrat mugallymyň ala sygryndan haçan dynarkak? Men öňde janygyp sapak düşündirip duran Töremyrat mugallymdan gözümi aýyrman oturşyma: – Ýeri, indi näme bolupdyr? – diýdim. – Öten agşam boşap gelip, gapyda duran kädilerimiziň işini görüpdir. Baryny parçalap çykaýsa nätjek. – Onuň ýaly bolsa, senem şol sygryň beýleki şahyny ýaralaýsana – diýip, men oýunlyga saldym. – Aý ýok, ol zalymlyk bolýar. Ony etmek üçin Dürje enemiziňki ýaly ýürek gerek. – Onda şol zaýalan kädilerine derek, sagyp onuň süýdüni alaýyň – diýip, men oňa maslahat beren boldum. – Baý, kiş-ä gürled-ow. Süýt alarmyň! Töremyrat mugallym ýekeje damja-da bermez. Ýöne sygry gapyda bir topar lapbajyn-a goýup gidipdir. Şolary güne kakadyp, odun edinäýmeseň. Meniň gülkim tutdy. Töremyrat mugallyma bildirmezlik üçin ýüzümi tutdum. – Jümmiýew!… Birdenkä Töremyrat mugallymyň sesi eşidildi. – Jümmiýew!… Annak eşitmedik bolmaga çemeli. Ol şindizem meniň gulagyma bir zatlar pyşyrdap otyr. – Jümmiýew!.. Jümmiýew… Töremyrat mugallym ahyry stoluny ýumruklap, sesinde baryny edip gygyrdy: – Jümmiýew diýýän men saňa!.. Annak zähresi ýarylan ýaly bolup, syçrap ýerinden galdy. – Men, ýoldaş mugallym… – Men sendigiňi bilýärin, Jümmiýew. Näme üçin sapak gidip durka, gürrüň edýäň? Ýa seniň gürrüňiň meniňkiden gyzyklymy? – Ýok, ýoldaş mugallym… – Seniň sapaga sowuk-sala garaýandygyň üçin we klasda tertipsizlik edýäniň üçin agşam kakaň bilen gowuja gürleşmesem bolmaz. – Kakam Aryklarda galan ekinlerimizi ýygnamaga gitdi. Birküç günden gelýär. – Onda ejeň bilen gürleşerin. – Ejemem kakam bilen gitdi, ýoldaş mugallym. – Gapyşdyrdyň-ow – diýip, Töremyrat mugallym öwhüldäp dem aldy. – Çyk klasdan. Seni görsem mytalam tutulyberýär. Annak oýkanjyrady: – Indikile gaýtalamaýyn, ýoldaş mugallym. – Seniň şo sözüňden aşa düşdüm. Çyk klasdan, wagt alyp durma-da. Annak penjirä tarap howsalaly nazaryny aýlady: – Howa sowuk, ýoldaş mugallym, köýnekçe gaýdyberipdirin. – Boşat klasy. Annak göwünli-göwünsiz gapa tarap ýöräp ugrady. Annagyň daşarda üşejegi ýadyma düşüp, meniň oňa nebsim agyrdy. Elimi göterdim. – Ýeri, seniňki näme, Garajaýew? – diýip, Töremyrat mugallym gaşlaryny çytyp sorady. – Annaga pejegimi beräýin-dä… Töremyrat mugallym “ýok” diýer öýtdüm. Emma: – Beräý. Şol klasdan çyksa bolýar – diýdi. Men Annaga penjegimi çykaryp berdim. Annak çykyp gidensoň, klasa asudalyk aralaşdy. Emma näme üçindir Töremyrat mugallymyň keýpi bolmady. Üçünji bap. Annak ikimiziň töňňe aýryp, gar adamy öýümize getirşimiz, Dürje enemiziň aýdym aýdyp, Töremyrat mugallyma gyzamyk ördürişi, Gylyçly aganyň başlyk bolup, ýumurtga satyn almaga pulunyň ýetmeýşi. Annak gapymyzdan boýnunu uzatdy-da: – Meleje, ikimizi Dürje enemiz çagyrýar – diýdi. Men Dürje enemiziň çakylygyna geňirgendim. – Be, ol bizi nämetjekgän-aýt? – Şoňa-da menem bilemok – diýip, Annak başyny ýaýkady. – Ýöne sizlik möhüm bir işim bar-a diýdi. Ejem beýle ýanymda hamyr ýugrup otyrdy. – Beýdip ýaga depjek ýaly bolup oturma. Ýekelli garrydyr. Bir ýumuşjagazy çykyp çagyrandyr. Şolar ýaly garrylaryň işini edip berseňiz, sogap gazanarsyňyz. Bar, oglum! – diýip, ol takwasyrady. Annak mekirlik bilen ýylgyrdy-da: – Aksoltan gelneje, Dürje enemiziň işini edeniň bilen sogap gelmeli bolsa, onda Meleje ikimiz ýöne sogaba çümüp oturmaly – diýdi. – Çümseňiz gowy-da, Annak jan. Heý, sogaba ýetesem zat bormy?! Ejem Dürje enemize dözmezçilik etse edibersin. Annagyň aýdyşyça bardy. Dürje enemiziň ýumuşlaryna gutarma ýokdy. Özem Wellek olara barmasyny kesip, onuň ornuny Annak eýelänsoň, “Melejäm bilen Annagym gaty düşbüje. Maňa şu iki inerçäm bolýar. Galanlaryňyz bolsa kömelek gözleýän ýaly sürlenşip, gelip durmaň-da öz öýüňiziň aladalary bilen boluberiň” diýip, bar iş-pişini Annak ikimiziň boýnumyza ýükledi oturyberdi. Azajyk gaçgalasaňam, haýal etmän Töremyrat mugallyma şapyladýar: – Äýu, Töremyrat jan, seniňem okuwçylaryňa terbiýe berşiňde derek ýok-ow. Çorba çykararlygyň Jümmiýewiň bilen Garajaýewiňmikä diýsem, olaryňam-a kädisine iş ýokjak däl. Bir, elujundan edip goýbermelije zady haýyş etsemem jort atyşyp, gaçyp gidýärler. Töremyrat mugallym hem Dürje enemizden şular ýaly sözleri eşidip, bize käýiner: – Garajaýew, Jümmiýew, utanaňyzokmy, garry adamy käýidip ýörmäge. Dürje ejäni şeflige almaga biz-ä bütün klas bolup, size ynandyk. Siz bolsa… Biz Töremyrat mugallymyň galanja iňirdisini diňlemejek bolup, derrew Dürje enemiziň öýlerine ylgaýarys. Geçen gyş kanikulynda Dürje enemizden birküç günläp habar tutmadyk. Şol günler howa biçak sowuk boldy. Daş çyksaň, şatlawyk aýaz ýüzüňi-gözüňi kesip barýardy. Ýerem ýöne gar bolup ýatyr. Ýalan sözlemäýin, bu sowukda Dürje enemiziň gapysyndan barasymyz gelmedi. Barsak, onuň haýsydyr bir ýumuşjagazyny etjek bolup, sowukda syňsyraklamalydy. Biz ýyljak peçiň gapdalynda ýassyga ýaplanyşyp, telewizora seredişip ýatyrdyk. “Mawy ekranda” bolsa gyzykly bir multfilm gidip durdy. Birdenkä gapy zarp bilen açyldy. Sowuga ýüzi-gözi gök-dalak bolan Dürje enemiz gapydan girdi. Ol pejiň içine giräýjek bolup oturdy-da: – Äýu, inerçelerim, siz deýmurçymy, deýmurçy däl? – diýdi. – Hawa, biz timurçy, Dürje ene. Näme, timurçylygymyz ýalanmy? – diýip, Annak ilki dillendi. – Goý-a, sizdenem deýmurçy bolarmy?! – diýip, Dürje enemiz elini silkip goýberdi. – Eger siz çyn deýmurçy bolsaňyz, meniň halymdan habar alardyňyz. Tünegimde ýeke özüm gatap galsamam, men ikiňiziň ýadyňyza-oýuňyza düşjek däl-ow – diýip şumjardy. – Goýsaňyzlaň, Dürje ene – diýip, Annak onuň peçe tutup oturan ellerini alyp, ýyly demi bilen üfleşdirdi. – Biz-ä hemişe-de siz hakda pikir edýäris. – Onda düýnde-şu günde “Dürje ene, ýagdaýyň neneň?” diýip, baraýsaňyz bolmaýamy? – Howa sowuk-da, Dürje ene – diýip, Annak bahanamyzy tutaryk etdi. – Howa sowuk bolany üçin barmaly-da. Içerimde bir gysym tutaşdyrlygym ýok. Siz welin… – Odun owradyp bermelimi, Dürje ene? – diýip, men onuň sözüni böldüm. Dürje enemiň gamaşyk ýüzi açyldy: – Wah, akylyňdan aýlanaýyn, Melejäm. Meniň kösenjimi bilip dursuň-da. Ýörüň, inerçelerim, bir deýmurçylygyňy ediň. Ol günki owradyp bereniňizem eýýäm gutardy. – Üşeseň, biziň ýanymyzda boluber, Dürje ene. Bu ýerde sizi üşetmeris –diýip, Annak sypjyklyk etjek boldy. – Ýa, inerçäm, Annakguly jan, bolmajak zady aýtmasana. Öz tünegim barka, haçana çenli men siziň ojagyňyzyň ýylysyna çoýunaýyn ýöreýin. Men: – Bolýar, Dürje ene. Siz gidiberiň. Biz şujagaz multfilmi göreli – diýdim. Dürje enemiz ”Mawy ekrana” çiňerilip-çiňerilip seretdi-de: – Äh-heý, mundanam pilim bormy. Göreniňe görä, pilimiň çynyny göräýseň – diýip, ýerinden turdy. – Men-ä gitdim. Onda, deýmurçylarym, çalt bolaryňyz ýaly paltajyklaryňyzam alyp baraýyň. Dürje enemiz gidensoň, basym multfilm gutardy. Ýöne başga bir multfilm başlandy. Annak bolsa ýene ýassygyna ýaplandy ýatyberdi. Men ony gyssadym: – Annak, ýör. Indi eglensek, Dürje enemiz ýene gelip, başymyzy agyrdar. Gowusy, baryp odunyny owradyp, dynaly-la. Soň telewizora arkaýyn seredäýeris. Annak boýnundan daş asylan ýaly, kynlyk bilen ýerinden turdy. – Aý, ýene Aryklara göçüp gidäýmesek, şu kempiriň işinden dynma ýokdur. – Siz göçseňiz, bizem-ä şu ýerde durmarys – diýip, menem onuň teýenesine jogap berdim. Biz paltalarymyzy alyp, Dürje enelere bardyk. Dürje enemiz iki sany ýogyn igde töňňesini görkezdi-de: – Hany, inerçelerim, dem salymda şulary owradyp taşlaň. Bularyň oduna men size bir çaý gaýnadyp bereýin. Gapdalynyň toşabam bardyr, inerçelerim! – diýip, biziň agzymyzy tamşandyrmaga çalyşdy. Annak basylgy duran ojarlara elini salgap: – Dürje ene, olardan ýakybereniňde bolmaýarmy? – diýdi. Dürje enem sowukdan ýaňa saňňyl-saňňyl edip gepledi: – Wah inerçäm bujagaz ojar tutaşdyrlyga gerek. Şeýdip, birneme ekenum edäýmeseň, bu gyşa odun tüýtjekmi? Gaýrat ediň, men-ä içerik giräýmesem, dümewläpdirinmi, nämemi, hiç süňňümi saklap bilemok. Ol düwdenekläp, öýe girdi. Biz töňňeleriň daşyna geçdik. Aýaza doňup, daşa dönen töňňelere palta ötmese nädersiň. Sowuk bolsa endamyňy kesip barýardy. Men gök-dalak bolanymy bilýärin. Eňeklerimi şakyrdadyp gepledim: – Öýe gitjek, Annak. Üşeýän. – Dursana entek – diýip, Annak paltany bir gapdala oklap goýberdi. – Men näme üşeýän däldir öýdýäňmi? Soň Dürje enemiziň gyjytyny çekmek, şu sowukdan ýeňil düşer öýdýäňmi? Gel, gowusy, Dürje enemize sowuga çydamlylygymyzy görkezeli-le. Ol tursugyndan başga eşigini sypyryp taşlady. Onsoň iki ýana ylgamaga başlady. Endamyna gar sürtdi. – Bol, senem çykaryn. Şeýdip, garda bir öwrenişeli. Onsoň bize sowuk kär etmez. Menem ýaýdana-ýaýdana eşiklerimi çykardym. Annak ýaly iki ýana ylgadym. Endamyma gar sürtdüm. Garyň üstünde togalandym. – Öw-heý… Laňňa ýerimden galdym. Endamym awuşap alyp barýardy. Gözümden paýrap-paýrap ýaş döküldi. – Gaýtjak, how – diýip aglamjyradym. Biziň gohumyza Dürje enemiz gapysyndan boýnuny çykaryp gygyrdy: – Äýu, dälirediňizmi? Men sizi oýnamaga çagyrmadym-a. Boluň, geleniňize görä çapyň. – Häzir, Dürje ene, häzir biz garda gyzyşýarys ¾ diýip, Annak jogap berdi-de maňa: ¾ Ýene azajyk gaýrat et, Meleje. Indi, basym öwrenişeris ¾ diýdi. Annak bu wagt çydamly diýdirjek bolup, iki ýana okkesdirme geçýärdi. Emma onuň hem ýagdaýynyň meniňkiden gowy däldigi bildirip dur. Dodaklary titir-titir edýär. Ýüzi şugundyr ýaly gyzarypdyr. Meniň birdenkä kelläm doňan ýaly boldy. Asyl bütin endamym diýen etmejek bolýar. – Eý, waý, doňýan ¾ diýip, men gyssanjyma gygyrdym. Annak tenimi elleşdirip gördi. – Aý, sen-ä bir ejem ogly ekeniň-laý. Ýör, öýe ¾ diýip, meniň goltugyma girdi. Biz süňňümizi saklap bilmän, sandyraşyp, özümizi zordan öýümize atdyk. Annak meniň üstüme ýorgan baryny atyşdyrdy. Peji gübürdedip ýakdy. Şonda-da endamym ýylar ýaly däl. Ylla bir gaty kesegiň bar-da. Men bütünleý doňandyryn öýtdüm-de, hamsykdym: – Waý, doňýan-eý… – Goýsana, walla, ullakan oglana meňzeş däl sen-ä. Men näme sençe üşeýän däldir öýdýäňmi? Dişimi gysyp çydap otyryn-a. Biraz sabyr et, ýylarsyň – diýip, Annak meni köşeşdirdi. Men ýumak ýaly düýrlenip, dişimi gysyp ýatdym. Dogrudanam, endamyma kem-kemden ýyly ýaýrap ugrady. Gitdigiçe gyzgynym artdy. Gyzgyna çydaman, ýorgany üstümden serpip goýberdim. Ýöne kelläm ýarylyp barýar. Soňabaka gözümiň öňünde garaja-garaja zatlar gaýmalaşyp başlady. Ýanymda oturan Annak gözüme hol günki gardan ýasan adamymyz bolup göründi. – Eý, gar adam, çyk öýden. Senden sowuk gelýär – diýdim. Göwnüme gar adam meni aldajak boldy: – Men gar adam däl. Men – Annak, eşidýäňmi, dostuň Annak. – Ýalan sözleme. Sen gar adam. Git ýanymdan. – Sen näme samraýaň, Meleje! Men Annak ahyryn. – Ýok, ýok, sen Annak däl. Sen gar adam. – Men mejalsyz gygyrdym – Annak, gel, gar adamy öýden kow. Meniň ysgynym gaçdy. Birhili agras uky basmarlap, gözüm süzüldi. Şondan soň näçe wagt geçenini bilemok. Gözümi açsam, öýümizde däl-de, keselhanada ýatyryn. Diýmek, men sowuklap, keselhana düşüpdirin. Kellämiň içine edil gurşun guýlan ýaly. Agzymdan lowlap gyzgyn dem çykýar. Bogazym gijeýär. Gaýta-gaýta üsgürdim. – Üh-he, üh-he… Şol wagt beýle ýanymdaky krowatda aňyrsyna bakyp ýatanam üsgürdi: – Üh-he, üh-he… Meniň ýene üsgülewigim tutdy: – Üh-he, üh-he… Ol hem üsgürdi: – Üh-he, üh-he… Men ýene üsgürdim: – Üh-he, üh-he… Ol hem ýene üsgürmek bilen jogap berdi: – Üh-he, üh-he… “Kimkän-aýt, bu içýakgynç?” Meniň gaharym bokurdagyma geldi: – Näme agzyma öýkünýärsiň? Keýpine üsgürýändir öýdýäňmi? – diýip, men oňa gygyrdym. – Menem bilgeşleýin üsgüremok, how! Bokurdagym agyrýar. “üh-he, üh-he…” Ol burnuny maňňyldadyp, bärik öwrülende, agzymy açyp galdym. Ol Annak ekeni. – Pahaý, seniň sowuga çydamly bolaýşyňy! … Annak ikimiziň akja gardan uçugymyzy alanymyz-a alanymyz welin, Dürje enemiziň dili-de akja garyň “şarpygyça” boldy: – Wah, maňa odun çapyp bermek olaryň küýünde ýog-a. Bolsa, beýdip meniň öýüme gar oýnamaga gelmezdiler. … Biz ejemiň haýyr-sogap hakdaky ýene başga-da bir näçe delillerini diňläp, Dürje enemlere ugradyk. Ýogsa-da, öň bilşiňiz ýaly, Dürje enemiziň öýünden başga örýäni ýokdy. Ýekedi. Adamsy Hapby atamyz entek Annak ikimiz dünýä inmänkäk, bu ýagty jahan bilen hoşlaşypdyr. Ýöne Hapby atamyzyň özüni görmesegem, ol hakda gürrüňler hälimi-şindi gulagymyza degip, onuň mährem keşbi göz öňümizde janlanyp dur. Hapby atamyz ýagty jahany görmek, synlamak bagtyndan mahrum eken. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanda, görgüli, iki gözünem faşist güllesine aldyrypdyr. Ýöne uruşdan gaýdyp gelensoň, “gözüm batyl-ow” diýip, öýüniň dulunda ýaplanyp ýatmandyr. Gaty usully, diýseň aňly, biçak duýgur bolansoň, gözlülerçe iş etmäni başarypdyr. Ýer agdarypdyr, ekin ekipdir, elleri bilen sermeleşdirip, melleklerini hapa-haşal otlardan arassalapdyr, mal-gara seredipdir, üstesine orak dişäp, pil-palta-da saplapdyr. Şondan üçüri, obada oragy kütelen, pil-paltasynyň sapy sypan Hapby atamyzyň ýanyna ylgaberýärmiş. Galyberse-de, Hapby atamyzyň aýdym-sazdanam başy çykypdyr. Uruşdan geleli bäri-hä öý işleriniň hysyrdylaryndan, il-günüň hyzmatlaryndan boşaşan wagtlary, eli dutarda, dili aýdymda bolupdyr. Ýöne Hapby atamyz ýürege düşdüni çalyp, “ýarowjana” gygyryp ýörmändir. Onuň dutar çalşy ezber eken, aýdym aýdyşy-da märeke güýmärlik bar eken. Şol sebäpli, Hapby atamyzyň toýda-tomguda, märekede- üýşmeleňde orny törden bolupdyr. Onuň çalýan sazlary, aýdýan aýdymlary heziller edinip diňlenipdir. Hapby atamyz şol ýyllar özüniň aýdymy, sazy bilen agyr gyzamyk çykan çagalary hem ölümiň penjesinden alyp galypdyr. Gyzamyk çykaryp bilmän ýatan çaganyň başujyna geçip, dutaryny pörňüldedip, bir aýdyma zowladýar eken welin, ojagaz körpäniň jany aram tapyp, endamyna gyzyl keçe ýapylan ýaly boluberýärmişin. Şondan soň, ol çaga ýüzüniň ugruna aýak üstüne-de galyp gidiber eken. Gyzamyk keseli, esasan, çagalaryň daşyndan aýlanýarmyş. Ýöne Töremyrat mugallym-a murty garalan jahylka “çilşirme” salypdyr: Oňa bijaý gatyja-da degenmişin. Ol tamdyr ýaly gyzyp, “jäjegini” (gyzamygyny) ördürip bilmän, töweregine hossaryny, goňşy-golamyny üýşürip, iki ýana urnup ýatanmyşyn. Başyna gyzyl ýaglyk orap, egnine gyrmyzy keteni köýnek geýdirseler-de, Hapby atam bolsa, şunça ýokarky perdä galyp, dutaryny saýratsa-da, bogazyna bat berse-de, gyzamygy içinden çykyp bilmän durmuş. Töremyrat mugallymy töwerekläp oturan aýallaryň arasynda Dürje enemiz hem bar eken. Ol birdenkä syçrap ýerinden turupdyr-da, Hapby atamyzyň ýanyna baryp, onuň elindäki dutaryny kakyp alypdyr. – Äber-ä, çal. Bu oglany indi ýarmajak bolsaň willi-williňi bes edäý. Nädersiň, özüm Töremyrat jany şu minidiň özünde tut ýaly sagaldyp göýberäýsem. Ol dutaryň taryna ugrumalla kakaň bolupdyr-da: – Töremyrad-a, Töremyrat, Tur ýeriňden, ýöre, Myrat! Keteni köýnek geýip ýatma-da, Gülüp-oýnap, daýra Myrat! – diýip, ýognasa ýakyn sesi bilen zowladyp goýberipdir. Dürje enemiziň garaşylmadyk ýerden eline dutar alyp, aýdyma gygyrmasy Töremyrat mugallymyň ýagdaýy zerarly ýüzi salyk oturanlaryň gam-gussasyny ýat edip, olary gyzyl-gyran gülüşdiripdir. Haly harap ýatan Töremyrat mugallymyň hem böwregi böküp, kikir-kikir gülüberipdir. Güldügiçe-de onuň endamyndan gyzamyk düwürtijekleri parsyldaşyp çykyberipdir. Dürje enemiziň “tebipçiligine” içerdäkiler haýran galyp, oňa alkyş baryny ýagdyrypdyrlar. – Eliň-ýüzüň dert görmesin, Dürje eje! – Ýüz ýaşa. – Ylahym, edeniň ugruna bolsun! – Hapby aganyň gözleri açylsyn!.. Hapby atamyz bolsa: “Kempir, men-ä indi bagşyçylygymy saňa tabşyrjak” diýip degşipdir. Şondan bäri-de Töremyrat mugallymyň Dürje enemize bolan garaýşy üýtgeşikmişin. Juda il ýüzüne bildirip ýörmese-de, ony oňat görýändigi çyn. Ala sygrynyň şahyny ýaralanynyň günäsini bagyşlamagy-da şonuň üçin bolsa gerek. Indi Hapby atamyz hakdaky gürrüňe dolanalyň. Hapby atamyz şonuň ýaly, şonuň ýaly il derdine ýarap ýörkä, Aryklar obasynda biri uly toý edipdir-de, şoňa bagşylyk etmäge çagyrylypdyr. Ol saz çalyp, aýdym aýdyp, toýçulara hezil beripdir. Märeke sowluşansoň, toý eýesi Hapby atamyzyň egnine täze garma don geýdirip, eşegine mündürip, ep-esli ýere barýança ugradyp goýberipdir. Toýdan hoşal bolan, agyr märekäniň alkyşyny alan Hapby atamyz keýpini al-asmanda pel-pelledip, eşegini dikgirdedip, aýdyma hiňlenip gelýär eken. Birdenkä ýüregi harpyldap awap gidipdir. Agyry gitdigiçe güýçlenip, Hapby atamyzy ysgyndan-mydardan gaçyryp, eşeginden ýykypdyr. Töwerekden görenler eşegaraba salyp, ony öýüne getiripdirler. Emma ýürekdäki agyry ony aýňaldyrmandyr. Görgüli şondan soň basym aradan çykypdyr. Hapby atamyzdan ýadygärlik – onuň dutary daşy gaply öýüň dulunda asygly dur. Dürje enemiz ony eşrepi ýaly tutýar. Hiç kime elledenok. Ýöne käteler özi ony gabyndan çykaryp, tiňňirdedip görýär. Şonda gözlerine ýaş aýlanýar. Hapby atamyzy ýatlaýan bolmaga çemeli… Ýöne aram-aram şonuň ýaly edäýmese. Dürje eje gaýgy-gama, ýekelige ýekeje-de üstüni basdyranok. Hemişe şadyýan, keýpi kök. Zada-da zar däl, bol-telki ýaşaýar. Gapysynda dört sany goýny, otuz-kyrk towugy, on-onki towşany, bir geçisi bilen eşegi, hatda, iti bilen pişigi hem bar. Melleginde bolsa dürli bakja ekini, her hili ir-iýmişli bagy bar. Emma öz ýeke garabaşy bolsa-da, zadyna tutuk, onuň palt-şalt edip, sowup-sowurtlap ýörenine gabat gelmek kyn. Töremyrat mugallym-a “Dürje eje barja hanyny-manyny o dünýä äkitjekdir” diýýär. Dogrudanam, öňüňde nahar-şor dagy goýsa, okara azajykdan guýup berýär. Onuň bilen aňsat-aňsat doýmarsyň. Gaýtadan guýdurarsyň. Beýdip oturmaga men-ä utanýan. Ýöne Annag-a utanyp-çekinip duranok. Tä garny pitikläbermeli bolýança, okarasyny somlap durandyr. Şonda Dürje enemiz güler-de: “Annak inerçäm, öýünizde-de gazanyň gulagy gyzýandyr-la” diýer. Annak bolsa, “Aý, öýe barýançam siňer-le” diýip, mekirlik bilen jogap berer. Özem nahar iýen tabagyny ýalap-ýalap, içini, aýna ýaly etmelisiň. Eger şeýtmeseňem, Dürje enemiz: “Ýala! “Ýalamadym – doýmadym, ýamamadym – geýmedim” diýipdirler gadymkylar” diýip, seni mejbur eder. Wellegiň Dürje enemizi “gysyk” diýip, gönertleýäni-de, şonuň ýaly häsiýetleri üçin-dä. Aslynda Dürje enemiz beýle bir hem däl eken. Öz-ä onuň bu gylygy Hapby atamyz pahyr bolansoň başlanypdyr. Göwnüňe bolmasa, gitdigiçe-de onuň nebsi otugýan ýaly. Şu ýyl Dürje enemiziň äpet peýwende erigi edil başyna gören ýaly boldy. Her biri ördegiň ýumurtgasy ýaly sap-sary erikler şahalarynda bişip, eräp-akyp durdy. Äwip-säwip, onuň golaýyndan geçäýseň, ýakymlyja ysy burnuňa urýardy. Annak ikimiziň şol eriklerden şeýle bir iýesimiz gelýärdi welin, şolara gözümiz düşenden agzymyzdan gyllygymyz akyberýärdi. Dogry, Dürje enemizden sorap, bir-iki gaýra-ha ondan oňatja “göz hakymyzy aldyk” ýöne sap-saryja erikleri görsek, ýene durup bilemzokdyk. Şonuň gabadyna baranymyzda aýak çekenimizi duýman galýardyk. Bir gezek günortan Annak ikimiz okuwdan açlygymyzdan ýaňa syryljap gelýärdik. Dürje enemiziň öýleriniň golaýyna baranymyzda bulduraşyp duran eriklere nebsewürlik bilen seretdik. Agzymyz suwarmaga başlady. Annak töweregine ýaltaklap: – Eý, gel, şu sapar ogurlap iýeli-le. Zol boýnuňy burup, Dürje enemizden sorap durmakdanam bizar bolduk. – Dürje enemiz göräýse, nätjek? – diýip, men Dürje enemiziň öýüne ätiýaçly seretdim. – Aý, seniň gaýgy edýän zadyňy. Dürje enemizi häzir öýünde daňyp saklap bilermiň. Ol bazardadyr. Bazara terje hyýar äkidendir. Hyýaryň, näme, şu günler basgy bolup alynýandan habaryň ýokmy! – Meniň ýüregime köz basylan ýaly boldy. Henize çenli bidin iliň ýatan çöpüni galdyranym ýadyma düşenok. Meniň tanaýşymça Annak hem şeýle bolmaly. – Annak, ogurlyk erbet zat ahyryn. – Menem şonuň gowy zat däldigini bilýärin, Meleje. Ýöne birje gezek Dürje enemiň eriginden soraman alaýanymyzda hiç zat bolasy ýok. Bolmasa, häli eriginden iýendiris diýip özüne aýdarys. Zor etse, käýýär goýar-da. Annagyň bu sözi meniň ýüregimi bire baglamagyma itergi berdi. – Ýör, onda – diýip, erige tarap assa basyp ugradym. Biz çöp-çalamyň arasy bilen bukdaklaşyp, erik agajynyň aşagyna bardyk. Annak ýumruk ýaly kesegi şahalaryň gür ýerine aýlap saldy. Ýokardan mylkyrap bişen erikler ýere paýyrdap gaçdy. Biz erikleri hasyr-husur çöpleşdirip, gumy-sumy bilen iýmäge başladyk. Annak birdenkä gäwişemesini goýdy-da. – Näme, biz mylkygyny, guma garylanyny iýýäs-ä. Şahasyndan terjelerini ýolup iýeli-le. Sen üstüne çyk-da, iň gowularyny ýere okla. Men bolsa, aşakda garawulçylyk çekeýin. Adam-gara görsem, saňa duýduraryn – diýdi. – Be, bujagaz-aý, seň özüň çykaý – diýip, menem onuň özüni erige çykarjak boldum. – Wah, men seniň ýaly agaja çalasyn çykyp bilýän bolsam, saňa aýtdyrjakmy. Men münsem, ýykylyp beýleki edip, görgä galaryn. Maňa erige çykaýmakdan başga alaç galmady. Men maýmyn ýaly bolup, salymyny bermän, erigiň depesine dyrmyşdym. Annak aşakda etegini tutup durdy. Men bolsa onuň etegine saýlap-seçip, terje erikleri oklamaga başladym. Soňabaka, kelläm gyzyp dünýäni unudypdyryn. Şol barmana meniň gözüm goşa biten erige düşdi. Ol dik depämde sallanyp durdy. Ejem dagynyň şunuň ýaly erige “Hydyr gören” diýýänlerini bilýärin. Men elimi çöňürsek şahalara ýyrtdyryp, ahyry “Hydyr gören” erigi ýoldum. – Eý, Annak muny görsene. Aşak seretsem, Dürje enemiz Annagyň gulagyny towlap tutup dur. Oňa “Sesiňi çykaraýmagyn” diýen ýaly, öz dodagyna barmagyny hem degripdir. Injiklerim saňňyldady-da, aýagym oturan şahamdan taýyp, asyl-asyl bolup duruberdim. – Ýeri, kezzaplar, ogurlygyňyzda tutuldyňyz gerek. Deýmurçy halyňyza utanaňzokmy eli egrilik etmäge? – diýip, Dürje enemiz gykylyklap ugrady. – Dürje ene, aý, Dürje ene, biz-ä ogurlyk edemzok, ýöne, aýtdyrmanjyk size erigiňizi kakyp, çöpläp beräýeli diýdik. – Hawa, hawa, Dürje ene, ertir irden taýýarja erikleri bazara äkidibermeli bolýarsyňyz – diýip, Annak hem meniňkini tassyklajak boldy. – Men entek özümden özge kişä öýüme hojaýynçylyk etmäge rugsat beremok. Şu gulajygyňy kak towlan ýaly edäýsem, bilersiň onsoň, erikleri bazara äkitmelimi, ýa başga ýerik – diýip, Dürje enem Annagyň gulagynyň towuny berkitdi welin, neressejik: – Waý, gulagym gopdy-la – diýip, uwlaberdi. Dürje enem soňra depesine garap, maňa gygyrdy: – Düş senem o taýda erik bilen bile biten ýaly bolup oturma-da. Düşsem, Annagyň gününiň başyma geljegine gözüm ýetikdi. Onsoň ýokarrak dyrmyşdym-da: – Düşmen – diýdim. – Düşmeseň, menem-ä şu ýerden bytnaman. Annak gulagynyň agyrysyna çydaman: – Düşäýsene, dost jan. Dürje enem ertire çenlem gitmez şu ýerden – diýip, maňa ýalbardy. – Düşmese, ertir näme, birigüne, ondan soňky güne çenlem gitmen – diýip, Dürje enemiz hem haýbat atdy. Annak Dürje eneme ýaramsaklyk etjek boldy öýdýän: – Dürje ene, Melejä kesek zyňyber. Ahyry özem düşer – diýdi. Gör bujagazyň pikirini. Maňa kesek zyňdyryp, bar erigimi guma garjak bolýar-a. Dürje enem Annagyň gulagynyň towuny ýene gataltdy. Gulagynyň agyrysyna çydamadyk Annak bolsa, duran ýerinde böküberdi. – Waý, Meleje, düşsene, düşsene, dost jan. Men mundan artyk oňa dözüp, şahada oturyp bilmedim. Aşak düşdüm. Aýagym ýere ýeten badyna-da Dürje enemiň ataýry ýaly eli gulagymy gapjady. Towlanan gulagym düýbi-süýbi bilen durşuna awy-zerzaw boldy. Şindiz-şindiz hem Dürje enemi görsem, gulagym awaberýär. Ýöne şol gün ýene bir garaşmaýan zadymyz hem boldy duruberdi. Dürje enemiz şol arzyly eriginden gerk-gäbe doýýançak iýdirdi. Yzyndan hem “Indiden beýläk ogurlyk edäýmäň, eli egrilik namartlykdyr” diýip, sargydyny aýtdy. … Biz bärden baranymyzda, Dürje enemiz gapysynda paçak dograp oturan eken. Ol bizi ýitirip tapan ýaly garşylady: – Eý, inerçelerim, geleweriň-ä. Siz-ä gözümden uçaýdyňyz. Dürje eneňizi ýadyňyzdan çykarmaň ahyryn. – Baý, Dürje enemiziň diliniň örksüzdigini. Öňňin dälmidi gelip, üzümlerini gyrkyşyp berip gidenimiz. – Aý, geläýjek welin, gulagymyzyň agyrysy ýadymyza düşüp dur-da – diýip, Annak maňa gözüni gypdy. – Ýa, senem, Annak inerçäm garagol-ow, könänem agzap ýörärlermi. “Geçeni geçdi bil” diýipdirler. Alyň, gawun iýiň! Garrygyzdyr. Dürje enemiz dograp oturan gawunyndan käseläp, biziň öňümizde goýdy. Köp durany üçin ol ýöne löt bolup gidipdir. – Başga gowuragy ýokmy, Dürje ene? – diýip, Annak gawun goýulýan köne käsä gözüni dikdi. – Ah-eý, Annak inerçäm, süýji zadyň yrýasy bolmaz “Isrip – haram” diýipdirler gadymkylarymyz. Bilaç biziň herimiz bir kerç gawuna elimizi ýetirdik. Dilimizi degrenimizden, onuň turşusy beýnimize ornady. Dürje enemiz bolsa, hiç zat bilmedikserän bolup gürrüňini dowam etdirdi: – Inerçelerim, bir deýmurçylygyňyzy etmeseňiz-ä boljak däl. – Näme, mellegiňizi dagy depip bermelimi, Dürje ene? – diýip, men soradym. – Ýok-la, inerçäm, mellek depdirip, sizi, ýadadyp bilmen. Başga bir ýeňiljek ýumuş bar. Onuň size-de düşewündi boljak. – O nähili ýumuş? – diýip, Annak gyzyklandy. Dürje enemiz biziň iýmedik gawunymyzy alyp, taňňyra dograşdyrmaga başlady. – Ýumurtga satyp beräýiň diýjekdim. – Nirede? Şäherdemi? – diýip, Annak gözlerini tegeledi. Dürje enemiz dogran paçaklarynyň üstüne kepek sepeleşdirdi. – Ýok-la, inerçäm, şähere wagt tapyp, özüm giderin. Siz, ynha, hol doňuz ýatagyň aňyrsynda salynýan gurluşyg-a bilýänsiňiz? Şol sygyr fermanyň täze jaýy bolmaly. Şonda bir topar ussa işleýär. Towuklarym guzlanda, her daýym, her daýym şolara satyp berseňiz bor. Satyp geleniňizden soň, kino puluňyzam menden alyň. Özüm sataýjak welin, hiç işden elim sypanok. Men ikirjiňledim. Annak gulagyma çawuş kakdy: “Gel, satyp bereli. Kakamyzy “Kino pul ber” diýip bizar etmekden-ä dynardyk”. Men başymy atdym. – Hany, getiriň ýumurtgalaryňyzy. – Wah, gözüňize döneýin, inerçelerim, Siziň bar ýeriňizde dagy goparmaýanmy men. Ynha, häzir. Dürje enemiz ýeňillik bilen ýerinden, gopup öýüne girdi. Eslije eglenensoň ol tutawaçlaryna alaja ýüp dakylan iki sany ýaşyl mejimäni içerden çykardy. Hersini biziň elimize tutdurdy: – Şularyň hersinde otuz ýumurtga bar. Biri on köpükdendir. Döwäýmäň, inerçelerim. Biz ussalaryň ýanyna ýuwaşja ýöreşip gitdik. Kän eýlämize-beýlämize-de garap bilmedik. Büdräp, ýumurtgalary döweris öýtdük. Gurluşykda işleýän adam kän ekeni. Laý daşap ýören gözleri mawy, saryýagyz biri bizi göreninden: – Oh-ow, doganjyklar, düýe çaly getirdiňizmi? – diýdi. – Ýok, ýumurtga satmaga getirdik – diýip, Annak jogap berdi. – Şon-a oňaraýypsyňyz, batyrlar – diýip, kerpiç örüp duran, kellesi akja ýaglyk bilen saralgy, sakgal-murty ösgün adam eliniň laýyny öňlügüne süpürişdirdi. – Hany, maňa on bäş sanysyny ber. – Maňa-da onyny ber. – Haý, maňa-da goýaweriň-ow. Asyl biziň ýumurtgalarymyzy eýlämize-beýlämize garamankak, düw-dagyn edäýdiler. Özleri-de “Ertirem getireweriň. Biz agşamyna-da öýümize gitmän, şu ýerde bolýarys” diýip sargadylar. Biz begenjimizden ýaňa Dürje enemlere ýol boýy çapyşyp diýen ýaly geldik. Bitiren işimize kök bolan Dürje enemiz getiren pullarymyzy ýekän-ýekän sanaşdyryp, ýakasyndan kiçijik bir haltajyk çykaryp, şoňa atdy-da: – Berekella, inerçelerim. Baryň, indi işiňiz bilen boluberiň – diýdi. Biz bir hili bolduk. – Hany, kino pulumyz? – diýip, Annak ýuwdundy. – Şu wagt bölegim ýok. Indiki satyp bereniňizde jemläpjik alaýarsyňyz-da. – Dürje enemiziň jogabyndan göwnümiz suw içmän, ýüzümizi sallaşyp öýümize gaýtdyk. Bir hepdeden biz ýene Dürje enemiziň ýumurtgalaryny ussalara satmaga äkitdik. Ýöne bu sapar Dürje enemiz ýumurtgalarynyň bahasyny on bäş köpüge çykardy. Biz bahanyň ýokarlanyna göwnemejek bolduk. Emma Dürje enemiz “Ýokarlansa, kino puluňyzam köpeler” diýip, hajyk-hujuk edip, bizi ussalaryň üstüne iberdi. Ýöne ussalar elten ýumurtgalarymyzy almasyna-aldylaram-a welin, bahasyny gymmat gördüler, iňňirdäp närazyçylyklarynam bildirdiler. Biz ýumurtgalara düşen pullary şol durşuna Dürje enemiziň eline getirip berdik. Dürje enemiz bolsa, pullary öňküsi ýaly, birin-birin sanapjyk “hazyna” haltajygyna atdy-da, bizi ýene ýuwdundyrdy goýaýdy. – Inerçelerim, mende hakyňyz köýmez. Baryny jemläpjik alsaňyz, kino puluňyzdan başga-da gereklije bir zadyňyza ýarar. Dürje enemiziň ikinji gezegem iti aldan ýaly etmesi Annagyň gaharyny getirdi: – Kino pulumyzy bermeseň, indi bizem ýumurtgaňyzy satyp bermeris. – Satyp bermeseňiz, mendenem siz ýekeje köpük almarsyňyz. Biz bu sapar hem Dürje enemiziň ýumurtga söwdasyny etmäge mejbur bolduk. Sebäbi kino pullarymyz köýüp barýardy. Ýolda Annak birdenkä sakga aýak çekdi-de: – Dur-la, dost jan. Kellä bir pikir geldi – diýdi. – Hany, aýt. O nä pikir-aý? – Gel ýumurtgalary ýigrimi köpükden sataly. On bäş köpükden galan bäş köpügi özümiziňki bor. Bolmasa, Dürje enemiz bizi ýene gultundyryp goýar. Jübimize düşjek girdejijigimizi göz öňüne getirenimde, begençden ýaňa meniň ýüregim tyrsyldap gitdi. Ýöne harydymyzyň gymmat görüljegi, alynjagynyň-alynmajagynyň gümanalygy ýadyma düşende, bar keýpim şemal göteren tozgajyk ýaly kellämden uçdy: – Ýok, Annak dost, garnyňy suwa atyber. Ussalar seniň ýumurtgaňy ýigrimi köpükden almazlar, hanymbaý. Bilýäň-ä, geçen sapar on bäşden alanlarynda-da hoňňul-da-hoňňul bolanlaryny. – Aý, şolar näme bolsalar-da alýarlar. Öýlerinden ýabany ýatyp ýören adamlar, heýem, bular ýaly taýýarja hörekden ýüz döndererlermi? Ol-a ýigrimi eken, otuzdan-kyrkdanam ýere degirmän alarlar. Sen ýanymda yňkyňy çykarmanjyk duruber. Satmak meniň bilen – diýip, Annak gaty ynamly gürledi. Menem: – Beýle söwdagär kişi bolsaň, ýör – diýdim. Gurluşyk gidip duran ýere ýetip barýarkak, Gylyçly aga öňümizden “gazik” maşynly wazlap çykdy. Gabadymyza gelende, ol maşynyny saklap, kabinasynyň äpişgesinden bize tarap boýnuny uzatdy: – Mejimeleriňizde näme bar, goçjaklar? – Ýumurtga. – Satjak bolýaňyzmy? – Hawa, alsaňyz size-de satýarys, Gylyçly aga – diýip, Annak göwnüne gelenini agzyndan duýdansyz sypdyryp goýberdi. – Başlyk seň ýumurtgaňa zardyr öýdýäňm-aý – diýip, menem gelşiksiz gürlänimi duýman galdym. Gylyçly aga meniň sözüme loh-loh güldi-de: – Aý, goçjagym, başlygam özüňiz ýaly adamdyr-da. Şahy ýokdug-a belli. Ynanmasaňyz, göräýiň – diýip, gulakçynyny aýryp, mis kündügi ýaly, gyp-gyzyl taýparyp duran kellesini görkezdi. – Näme, ýumurtgaňyz palak bolmasa, satyn alaýmaly bor-da, goçjaklar. – Ýok-la, palag-a däldir. Täzejedir, towuklar ýap-ýaňrak guzlandyr… – diýip, Annak hamana towuklaryň ýanynda duran ýaly bolup gürledi. – Näçeden? – Ýigrimi köpükden. – Bep-beý. Ýigrimi köpükden satyp, siz näme ýumurtgaňyzy altyn towuk guzlandyr öýdýäňizmi! Annak ur-tut sypjyklyk etdi: – Ýumurtgalar biziňki däl, Gylyçly aga! – Onda kimiňki? – Dürje enemiziňki. – Aý, tapawudy näme – diýip. Gylyçly aga perwaýsyz jogap berdi. – Dürje eneňiziňkem bolsa, men-ä ýigrimi köpükden ýumurtga almaga çakym ýok. Öňem siz ussalara satýardyňyz dälmi? – Öň on, on bäş… Annak öňki satan bahalarymyzy sanajak boldy welin, men onuň aýagyndan basagadan, derrew onuň diline badak atdym. – Onda, goçjaklar söwdaňyz küşat bolsun. Ýumurtgaňyzy satyberiň ussalara… Gylyçly aga syrly ýylgyryp, ýüzümize bakdy-da, şofýoryna ümläp, ýola düşdi. – Başlyk bolubam otuz-kyrk ýumurtga güýji ýetenokmyka?! – diýip, Annak tozan turzup barýan maşynyň yzyndan geň galmak bilen garady. – Şahy bolsa, ondan gymmadyraga-da alardy – diýip, men Annagyň golundan çekip, ony ýola gönükdirdim. Biz gurluşyk gidip duran ýere gelenimizde, günorta nahar wagty bolupdy. Bir görsek, bu ýere dükan maşyn hem gelipdir. Onuň daşy bolsa ussalardan hümer. Gowur berşip, ondan iýer-içer ýaly zat satyn alýarlar. Dükanda bolsa, ýyljak somsa-da, gaýnadylan et bilen gowrulan balygam, gatyk bilen süýdem, gazly suw bilen limonadam bar. Dükandaky akja-akja ýumurtgalary görenimizde biz agzymyzy açaýdyk. Bahasy ýedi köpük. Biz Gylyçly aganyň özümizi aşyk ýaly oýnap goýberenine indi düşündik. Asyl bu zatlary onuň özi getirtdiren eken-ä. – Aý, doganjyklarym, ýumurtgalaryňyzy indi özüňiz iýäýiň. Biz-ä indi öz ýumurtgalarymyzyň sarysyna suwa düşsegem ýeterlik – diýip, mawy gözli saryýagyz ussa öz ýoldaşlaryny gülüşdirdi. Biz ýüzümize urlan ýaly bolup, yzymyza dolandyk. Annak: – Indi Dürje enemiz kino pulumyzy berermikä? – diýip menden sorady. – Iýseň heýgenem bişirip berer – diýip, men ony ýaňsyladym. Birdenkä depämizde gürrüldi eşidildi. Samalýot eken. Oňa aňkarylyp ýöräp barşyma birdenkä büdräp, ýüzinligine şarpyldap ýykylaýsam nätjek. Elimdäki mejime ýere patylap düşdi. Hasyr-husur ýerimden turup, mejimäniň gapagyny açsam, ýumurtgalaryň bary kül-owram bolupdyr. – Seniň-ä heýgenegiň taýyn bolupdyr, Meleje – diýip, Annak hikir-hikir güldi. – Gözüň ýok ýaly-aýt. Tekiz ýoldanam ýöräp bileňok. Ynha men gözümi ýumubam ýöräp bereýin. Ýumurtgalaryň biri ýerinden gozgansa, zat bilmedigim. Ol gözüni ýumup, ýöräp ugrady. Şol barmana-da aýagy aýagyna çolaşyp, gürpüldäp ýykyldy. Baryp, mejimäniň agzyny açyp görsem, onuň içinde ýumurtganyň sarysy çaýkanyp ýatyr. – Seniňem heýgenegiň taýyn, Annak – diýip, menem güldüm. Annak tüýkürinjiräp ýerinden turdy. – Kilçirmesene, Meleje! Seniň ýadyňa oýun düşýär. Ýeri indi Dürje enemize näme jogap bereris? Men egnimi gysdym. Dogrudanam, nätsekkäk? Pikirlene-pikirlene Dürje enemiziň gapysyna baranymyzy-da bilmän galypdyrys. Dürje enemiz goşa ýassygy goltugyna gysyp, öýüň ortarasynda gök çaý süzüp ýatyrdy: – Ýeri, nätdiňiz, deýmurçylarym? – diýip, ol gemmik dişlerini görkezip ýyrşardy. Daşky gapyda kürtdürip duran Annak birdenkä elindäki mejimäni içerde gütüledip goýdy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Menem şeýtdim. Biz gaçyp barýarkak, Dürje enemiz yzymyzdan: – Äýu, naýynsaplar, satan ýumurtgaňyzyň bahasyny bir goýup gidiň ahyryn. Alyp gaçmaňyzda-da kino puluňyzy berjeg-ä – diýip gygyrýardy. Biz birnäçe günläp Dürje enemiziň gözüne görnüp bilmedik. Öz ýanymyza gelende welin, ogurlykda tutulan ýaly bolduk. – Inerçelerim, deýmurçylarym, siz meniň bilen hasaplaşan ekeniňiz-ä. Indi kino pul ber diýip, azar bermeseňiz gerek? Biz onuň aýdýanyna düşündik. Ol “Heýgenek eden” ýumurtgalarymyza derek, kino pulumyzy berjek däl eken. Uly goha elter öýden meselämiziň imi-sala çözülmegi Annak ikimizi ogul jigimiz bolan ýaly begendirdi. | |
|
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |