15:27 Oragatdy / powest - 8 | |
On sekizinji bap.
Powestler
Annagyň sertaraşlyk edip, Nunna aganyň çydamlylygyny görkezişi, Töremyrat mugallymyň geçi gyrkyp, gyzyl öküziň şlýapa geýşi, biziň hüýpüýpüge meňzäp, Dürje enemiziň Hydyr ata bolşy. Munuň bolşy Nunna aganyň özünden boldy. Ýogsam Annak sertaraşlyk etjek bolup, azara galarmydy? Nunna aganyň kellesini torlan gawun ýaly kesim-kesim edermidi?Haý, Nunna aga, Nunna aga, biziň başarmajak işimizi başymyza taşlady-da, öz-özi görgini satyn aldy oturyberdi. Ýaltalykdanmy ýa kän bir geleň etmänimizemi, belki, moda diýilýän zada kowalaşjak bolýanymyzdanam bardyr, garaz şähere gidip sertaraşa bejertmämizsoň, Annak ikimiziň saçlarymyz soňky günlerde, düýbüne azot guýlan ekin ýaly, egnimiziň üstüni ýapyberdi. Meniň-ä saçym ýumşagrak bolansoň, ony daramak, gaňtarmak beýle bir kyn düşüp baranok. Onuň kellämde durşy hem rejesiz däl. Ýöne, ynha, Annagyň saçy welin, suwsan çaýyr ýaly gap-gaty bolansoň, hažžarylyşyp dur. Annagyň ýüzi hem ýasmyfrak bolansoň, ösgün saçlary onuň kellesini diýseň gaba görkezýärdi. Ol kem-kemden ýolbarsyň kellesine meňzäp barýar. Saçy ýüzüne gelişmese-de, Annagyň öz-özünden göwni bitin. Gabarasy otluçöpüň gaby ýaly aýnajygyny jübüsinden çykaryp, zol-zol saçyny synlaaýar. Daraga güýç bermejek bolsa-da, şagyrdadyp daran bolýar. Saçyna öz-özünden buýsanyp, aňňy-saňňy dişlerini syrtardyp, ýyrş-ýyrş edýär. Bir gezek Töremyrat mugallym klasa girdi-de sapaga başlamazdan öňürti Annak ikimize: – Hany, siz, ýeriňizden turuň!-diýdi. Töremyrat mugallym «sen-men ýok» beýle diýmesine, biz aňka-taňka bolşup zöwwe ýerimizden galdyk. Töremyrat mugallym burnunyň üstüne abanyp duran boldumly äýnegini düzedişdirdi-de, ýap-ýasyja aýnalaryň aaňyrsyndaky, alaja gözlerini gyrp-gyrp etdirip, bize garşy süýem barmagyny somlady. – Okuwçylar şu oglanlary tanaýaňyzmy? Okuwçylar wakyrda berdiler. – Olar-a Annak bilen Meleje. – Jümmiýew bilen Garajaýew. Bilmediňiz, bilmediňiz. Olar Annagam däl Meleje-de, Jümmiýewem däl, Garajaýewem. Klasdaşlarymyzyň içi gyjyklanan ýaly boldy. Gülkiniň sesi penjirelerdäki gowşagrak duran aýnalary titretdi. – Onda, kim olar, ýoldaş mugallym! – Annak bilen Melejäniň sypatyna giren arwah-jyn bolaýmasyn. – Ýok-laý, Annak bilen Melejäniň özleri ýaly-la… – Äý, ýaltanyşyp, ýerlerine arwah-jyn iberäýen bolaýmasynlar. Gülki täzeden möwç aldy. Teýeneli, ýaňsyly sözler aryň ketegini gorjalan ýaly, çar ýanymyzdan üstüümize çozdy. Düşünen däldiris. » Gaýa ýok, gopuz ýok» ýerinden Töremyrat mugallymyň bizi beýdip, klasyň içinde masgara edip durmasy nämekä?Ýeldirgäp dag-a eden däldir-dä, hernä? Biz Töremyrat mugallymyň ýüzüne çiňerilip-çiňerilip seredýäris. Ol ýeldirgäne-üýtgäne meňzänok. Şol öňki hyrsyzrak keşbinde. Ýöne häzir-ä onuň keýpi bäş. Okuwçylar bilen birlikde biziň üstümizden gülünip hezil edinýär. Gaharyndan ýaňa dypylyp duran Annak gyzarylyp gepledi: – Ýoldaş mugallym, biz Annak bilen Meleje bolmasak hany onda olar? Töremyrat mugallym gülküsini kesip, ortam barmagy bilen äýneginiň ortasyndan basyp, seňrigine ýelmeşdirdi-de: – Olar Dürje enlerine deýmurçylyk edip berýän bolaýmasa şu klasda-ha ýok-diýdi. -Siz özüňiziň kimdigiňizi bilesiňiz gelýärmi? – «Annak bilen Meleje bolmasak» bilmeli bolar-da. Hany, aýdyň! – Aýtsam, siz hüýpüpik. – Hüýpüpik?! Biziň ikimizem birden gygyryp goýberdik-de, gorkudanmy, haýran galmakdanmy, gahary gelmekdenmi, birhili alasarmyk ýagdaýda bir-birimize seredişdik. – Hawa, siz hüýpüpigiňem eddil özi. Okuwçylaryň ýene içleri gyjyklanan ýaly boldy, ýene gülki klasyň içini göçürere getirdi, ýene penjiräniň aýnalary şskyrdady. – Eý, hüýpüpikler, siz bärde näme işleýäňiz? Baryň, baga gonup oturyň-da. – Ýok-how, olaryňam okuw okaslary gelýär. – Hüýpüpikler, hüýpüpikler… – Hüýpüpik-hüýpüpik… Töremyrat mugallym biziň ýanymyza gelip, herimiziň ýeňsämiziň saçyndan penjeläp tutdy-da: – Görýäňizmi, okuwçylar, ýeňseleriniň çokullary bulary hüýpüpige meňzedip durandyr. Şeýle gerek?-diýdi. – Şeýle. – Dogry. – Olar barypýatanja hüýpüpikler. – Bulara indi Annak bilen Meleje diýmän, hüýpüpikler diýeliň. – Hüýpüpikler diýeliň. – Hüýpüpikler, hüýpüpikler. Töremyrat mugallymyň bizi oda-köze salyp, klasdaşlarymyz gyzyl-gyran güldürmesine indi düşünip ugradyk. Asyl biziň saçymyzy ýaňsa alýan eken. – Men size saçlaryňyzy bejerdiň diýip näçe gezekler käkeledim. Aýdyp-aýdyp dilim syrylyp gitdi. Töremyrat mugallymyň saçymyz üçin bize telim sapar duýduryş bereni çyndy. Umuman, ol saçy ösgünligi halanokdy. Şonuň üçin onuň öz saçy gytyjakdy. Tomus düşdüg-ä Nunna aga saçyny düýp-teýkary bilen syrdyrýar. Nunna aga tutuş obamyzyň sertaraşy diýsegem bolman durjak däl. Ol saç syrmaga biçak ökde. Saçyňy suwa ezip, bir daşyndan aýlanýar welin, eýýäm kelleäň ýalpyldap, şemallap durandyr. Ýöne ol şäheriň sertaraşlary ýaly saçyňy bejerenok, diňe kelläöde ýekeje gyl-gymyr goýman syrýar. Töremyrat mugallymyň ýylgyrmasy, ýaz ýaly açylyň durmasy birdenkä ýitirim boldy. Indi onuň ýüzi gahardan ýaňa eňşäp durdy: – Görýän welin, häzir gyrkaýmasam, size çäre boljak däl. Men ýylgyrdym. Muňa Törmyrat mugallymyň hasam mytalasy tutuldy: – Näme böwregiň bökýär, Garajaýew?Adamlara ynanmazçylyk edýäňmi. Gyrkmaz öýdýäňmi? Ol stoluna tarap hasanaklap gitdi-de, onuň üstündäki gara portfeliniň üstünden daşy poslap giden ullakan gaýçysyny çykardy. Ol gaýçyny görüp men saklanyp bilmedim, pyňkyryp goýberdim. Men ol gaýça beletdim. Töremyrat mugallym gyşyn-ýazyn samankepbeleriniň gapysynyň söýesine gysdyrylyp goýulýan şol gaýçylary bilen Dürje enemiziň geçisini gyrkjak bolupdy. Ýok, bir gapdalyny al-hal edipdi, beýleki gapdalyny gyrkmakçy bolanda bolsa… Hawa, Töremyrat mugallymyň sygyry ýaly Dürje enemiziň hem ekinçil bütin obamyza ulukjyn berýän bir geçisi bardy. Ol birdenkä gotur açyp ugrady. Dürje enem onuň endamyna kerosin çaldy, bürederman basdy. Peýda bermedi. Ap-ak gotur janaweriň endamyny çaýyr ýaly gün-günden tutup barýar. Geçi görgüli endamynyň gijisine çydaman, çemliräk bir zat görse süýkeniberýär. Süýkenen ýerinde-de onuň endamyndan tüý gopup galýar. Onsoň niräni görseň Düürje enemiziň geçisiniň çöpürleri galgaşyp durandyr. Bir gezek Töremyrta mugallym Dürje enemiziň geçisini gördi-de, içini çekäýdi: – Hih, Dürje eje, heý haýwana-da beýle kast etmek bormy!?Seniň ýüregiň daşdanmydy, demirdenmidi! – Ýeri, ýeri, Töremyrat, jan, adam pahyry götinogry tutjak bolup durmasana. Bizem-ä şol janaweriň ugrunda gijämizi gündiz edip ýörüs. Ýöne bi artyp gotur siziň gapyňyzdaky sary çyrmaşyk ýaly hiç aýrylanok-diýip, Dürje enem gatyrgandy. Dürje enemiziň Töremyrat mugallymyň melleklerine at dakmasy onyň çetine degdi: – Dürje eje, senem suwsuz ýerde pažžyldama. Meniň mellegimde çyrmaşyk bardygyny näbilýäň. Şu… şu… bar-a mellegimizden çyrmaşygyň birje tarynam tapsaň… tapsaň… -Töremyrat mugallym etjek şertini hakydasyna getirip bilmedimi, nämemi, dym-gyzyl bolup, böwrüne diň salyp durdy. Birdenem äýnegini gözünden siltäp aýyrdy-da:-Eddil bar-a, şu äýnegimi kül-owram edäýerin-diýdi. – Haý, duraweri, Töremyrat jan, duraweri. » Bite gahar edip, köýnegiňi ýakmaweri» Äýnegiňi döwseň suwly ýaba gaçjak bolar ýörersiň-dä. Çyrmaşykdyr-da haýran galan, ekin-dikin bolan ýerinde, Annak deýmurçynyň maňkasy ýaly şolam bor. Annak ýüzini pomidor ýaly gyzardyp, bir zat diýjek boldy welin, Dürje enem:» Sen bir lal bolup dur» diýýän ýaly elini silkip goýberdi. Annak ýaňaklaryny pökgi ýaly çişirip, burnuny çekip duruberdi. Baý, şu Dürje enemiziň şerebeli diline dygy ýog-ow. Ynha, ol ýene Töremyrat mugallymy ugruna sürmegiň deregine, onuň gaňryşyna gaýtdy. Töremyrat mugallym gaharyna bäs gelip bilmän aýagyny ýere tarpyldadyp urdy-da, sesine bat berdi: – Çyrmaşyk ýok, ýok meniň mellegimde… Onuň aýagynyň astyndan göterilen tot-tozan üflenen pudur ýaly ýüz-gözümizi doldurdy. Dürje enem bilgeşländen aýtdymy ýa tötänden agzyndan sypdyrdymy, onçasyny biljek däl, ýöne welin çyrmaşyk diýildigi Töremyrat mugallymyň ýagyrnysyna ot basylan ýaly boluberýän-ä çyn. Onuňam özüne ýetesi sebäbi bar. Töremyrat mugallym okuwçylara giňişleýin bilim bermek üçin haýwanlardyr ösümlikleriň durmuşyndan mydama tejribe-sunag geçirýär. Onuň bu azaplary käte-hä ýerine-de düşýär. Käte bolsa şowsuzlyk bilen gutarýar. Ine, ol bir gezek kürk towuklarynyň arasyna serçe ýumurtgalaryny goýup, ondan üýtgeşik jüýje aljak boldy. Şonda Töremyrat mugallymam günä baryny gazanandyr welin, Annak ikimiziňem-ä ýüzümizi ýuwarlyk galan däldir. Çünki Töremyrat mugallym serçe ýumurtgalaryny çöpläp getirmegi Annak ikimize tabşyrypdy. Biz serçe görgülijikleri zarynladyp, bu gün erte gyzyletenejeleri dünýä inderjek ýumurtgalaryny almajagam bolsak, Töremyrat mugallym günümize goýman duransoň, üstesine-de «Siziň näme towuk ýaly serçeleri göresiňiz gelenokmy. Bu açyşymyz bizi dünýä meşhur eder» diýip, güp ynandyransoň, bu ýumuşdan el çekip bilmedik. Bolsa-da birnäçe ene serçäniň «gargynjyna» galyp, olary «zar-zar agladyp», talaňçylar ýaly bolup, höwürtgelerinden birgiden ýumurtgasyny alyp gaýdyp, Töremyrat mugallyma gowşurdyk. Gyzyl gapana dönen Töremyrat mugallymyň erni bir ýere ýygnanmady: – Berekella, Jümmiýew, berekella, Garajaýew!Sizde her bir täzelige höwes bar, höwes. Siziň şonyňyz maňa ýaraýar. Siz açyşa tarap eýýäm bir ädim ätdiňiz. Töremyrat mugallym keteklerindäki ommuk gorküýze ýaly bolup busup oturan äpet gara towugy haýbat bilen turuzdy. Towuk görgüli tursa-da turdy welin, ýöne eýsiniň ýersiz ýere azar bermesini öler ýaly gaty gördi. » Tak-tuk» edip öz dilinde bir zatlar diýişdirdi-de, ähli tüýlerini, ýeleklerini hüžžerdip, Töremyrat mugallyma erjeşjek boluberdi. Onuň aşagynda öz ýumurtgasy mygyllym bolup duran eken. Töremyrat mugallym serçe ýumurtgalarynam şolaryň arasyna dykyşdyryp, towuk görgülinem şolaryň üstünde oturtdy. Keseki ýumurtgasynyň aşagyna salnanyna namys etdimi, nämemi, ol gaharly «tak-tuklap», iňňäniň üstünde oturan ýaly, birazlap birahat boldy. Şondan üç-dört gün geçirip, habar tutsak, gara towuk bize ýitije «ultimatum» bildiripdir. Nädipdir diýseňiz-le. Serçe ýumurtgalaryny öz ýumurtgalarynyň arasyndan ketegiň agzyna çykarypdyr-da, baryny çünki bilen deşip çykaýypdyr. Wah, ol munuň bilenem gaharyndan sowaşmandyr. Böwürleri deşik üýşüp duran ýumurtgajyklaryň üstüne aýagy bilen peşeläpdir, tezekläpdir. Bu ahwalaty görüp, meniň ýüregim gyýylyp gitdi. Annak hem aglaýjak-aglaýjak boldy: – Ýoldaş mugallym, baram sizden boldy. Olar basym eýjejik serçejikler bolmalydy ahyryn. Töremurat mugallymyň hem gynanýandygy, bu wakanyň sebäpkäri özi bolany üçin müýnlüdigi ýüzünden-gözünden aňdyryp durdy. Ýöne ol syr bildirmejek bolup, Annagyň başyny sypap, özüni aklara gepjagaz tapdy: – Jümmiýew, «Gerek deregi ýykar» diýipdirler. Ilkinji synanyşyklar hiç wagtam ýitgisiz bolýan däldir. Ýöne paňkelle towugam özüne geljek abraýy bilenok. Ýeri, şol ýumurtgalar senden or-suw isleýärmi diýsene. Oturan ýerinde işiňi bitiräýmeli ahyryn. Ynha, towuklygyny edip, serçe ýumurtgajyklaryndan towuk şekilli jüýje çykarýan bolsa, siz bilen ady alyslara ýaýraýmaly. Ha=äý, ederini bilmez guşkelle diýsäni. Zeleli ýok, «Ýykylan göreşden doýmaz» diýipdirler. Indi serçe ýumurtgalaryny sary towugymyza basyrdaýarys. Şol akyllyjadyr. – Ýok, ýoldaş mugallym biz-ä gaýdyp şunuň ýaly işiň gyrasyndanam barmarys-diýip, Annak gözlerini tegeläp, Törmeyrat mugallymdan gaýra-gaýra çekildi. -Eger sizem indi serçe ýumurtgajyklaryny alaýsaňyz, biz-ä sapagyňyza barmarys. Klasymyzdan galdyraýyň. Şeýle gerek, Meleje? Men Töremyrat mugallymdan çekinip, sesimi çykarmadym-da, oňa duýdurman, çalaja başymy atdym. Töremyrat mugallym aýneginiň aşagyndan gözlerini gyrp-gyrp etdirip, alkymyny ýellendirip aşak oturdy. Deşilen serçe ýumurtgajyklaryny ýekän-ýekän ýygnamaga başlady. Biz ýeňsämizi tüňňerdip, yzymyza dolandyk. Töremyrat mugallym biziň sapagyna gatnaşyp-gatnaşmazlygymyz hakda pikir edipmi, etmänmi, bilemzok . Ýöne serçe ýumurtgalaryny çöpläp, synag geçirmegiň gödek ýalňyşlykdygyna düşünen bolsa gerek. Şondan soň, sary towuklaryna geň jüýje çykartjak bolup, serçe görgülilere azar bermedi. Gaýta eden günäsini ýuwjak bolýab ýaly öýleriniň töweregin gelen serçelere däne sepip berip, olaty birzeýilli naharlady ýördi. Weý, ýogsa-da, Töremyrat mugallymyň serçe ýumurtgajyklaryny synag etjek bolşy hakdaky gürrüňe kellämi gyzdyryp, onuň çyrmaşykly wakasyny tasdanam ýadymdan çykaran ekenim. Hawa, bu şeýle bolupdy. Ekinler ýaňy gol ýaýradyp ugran uçurlary Töremyrat mugallym meýdandan ep-eslije sary çyrmaşyk ýygyp getiripdir-de, geň bir synag geçirjek bolupdyr, ýagny garpyz, gawun, noýba biýaralaryna sary çyrmaşygy sapypdyr. Şol tejribe bilen hem Törmyrat mugallym ekinlerini sary çyrmaşyk ýaly çydamly, bösňäp-bösňäp barýan etjek bolupdyr. Emma onuň synanyşygy tersine bolup çykdy. Sary çyrmaşyk biýaralara güýç ber nirede, tiz wagtyň içinde düşdüşiň kerebi ýaly, ekini durşuna alyp, bogup taşlaýsa nätjek. Nebir-nebir gök parça bolup oturan biýaralar sary çyrmaşygyň derdinden ýaňa içagyryly çaga ýaly süllerdi ýatyberdi. Töremyrat mugallym ekinini halas etmäniň haýdan-haý ugruna çykdy. Sary çyrmaşygy biýaralardan goparyp ugrady. Annak ikimziem oňa kömekleşdik. Emma gijä galan ekenik. Sary çyrmaşyk eýýäm etjegini edipdir. Şondan soň Töremyrat mugallymyň ekini kän eýikmedi. Töremyrat mugallymyň sary çyrmaşykly «operasiýasy» derrew oba doldy. Bu agzyboşlara, «ýeriň ýarygyna» böwregi bökýänlere Töremyrat mugallymyň üstünden gülmäge tutaryk boldy. Derrew onuň adynyň gapdalyna «çyrmaşyk» diýlen ýarlygy ýapladylar. Şindi oňa obada «Töremyrat çyrmaşyk» diýýändirler. Elbetde, ol lakamyny Töremyrat mugallymyň özüne eşitdirip aýdanoklar. Ýöne käbir dili duzly ýeňlesler-ä ýolda-yzda gören wagtlary Annak ikimize:» Eý, Törmyrat çyrmaşygyň okuwçylary» didýip ýüzlenýärler. Mugallymymyza, onda-da mekdepde iň eý görýän mugallymymyzyň kemsidilmegini biz öler ýaly gaty görýäris. Şeýle diýýäniň al-petinden alýarys. Deň-duşlarymyzyň agzyndan çyksa-ha, gyzyl ýumruga girmekdenem gaýdamzok. Töremyrat mugallymyň özi hem eşitse, şol adamy gaýgyryp duranok. Uruşmasa-sögüşmese-de, gulak etini gurudar ýaly sözler tapyp, puşman derini getirdýär. Bir gezek Dürje enem atanlykda:» Töremyrat çyrmaşyk jan» diýäýmezmi, baý-ba-ýow, Töremyrat mugallymam sakyr-sukur edip, Dürje enemizi jala ýagan ýaly darap başlapdyr welin, ol görgüli öýünden ulukjyn alyp çykyp gidipdir. … Ýeri, Töremyrat mugallymyň şeýle ejiz tarapyny göre-bile Dürje enemiziň bu ikara sary çyrmaşyk sokuşyny diýsene. Indem ýaramsaklyk edip, ony köşeşdirjek bolýar. Töremyrat mugallymyň bolsa gahary egsiler ýaly däl, gaýta ýel berlen pökgi kimin çişip gidip barýar. – Bolýar-la, Töremyrat jan, ýaýyňa okuňy salyp durmasana. Mellgiňde sary çyrmaşyk bolmasa, oňa nä ýetesi. Meniň haýsy bir aýdanymy göwnüňe aljak durjak. Men-ä, näme, aňkasy aşan garry, agzyma agam gelse, otaryp oturandyryn, gara-da gelse. Ýöne sen meniň bilen deň bolup durma-da, geçimi şu dertden nädip dyndarmalydygyny aýt. Sen haýwan-saýwanyň, guş-gumrynyň, ekin-dikiniň, agaç-ugajyň ýagdaýyny bilýän adam. Şol ugurdan bi Annak, Meleje inerçelerim ýaly deýmurçylaryň nijemesine akyl berip ýörsüň. Dürje enemiziň şelaýyn sözi Töremyrat mugallymyň «uguny ýekelän» bolmaga çemeli. Ol ýyrşarjak ýaly etdi. Gowşanyny bildirmejek bolubam, ýüzüni kese-kese sowup: – Gyrkmaly-diýip, hümürdedi. Ýöne okuwçylaryňa deýmurçylyk etdirip ýörme-de, hany özüňem bir saparjyk et-dä. Azap hakyň üçin geçiniň çöpürini özüň alaý. Bir zadyňa ýaradarsyň. Dürje enemiziň tarhandökerligi Töremyrat mugallymyň ýaňy bir sowaşyp barýan gaharyny gaýtadan gyzdyryp goýberdi: – Goýaweri, Dürje eje. Seniň gotur geçiňiň hapa çöpürini başyma uraýynm-aý. Öýümde goýunlarymyň pagtadan arassa, ýüpekden ýýumşak ýüňi halta-halta bolup ýatyr. – Heýlemi, onuň ýaly bolsa, gaýdyp aldygymyz Geçimiziň çöpürini, Töremyrat jan, sen almasaňam zyňyp goýberer öýtme. Ýerjagazy taýýarja durandyr. Ondan Külejämiň aşagyna düşejik edip bererin welin heziller edinäýer. Ýogsam Hapbyjanymyň ýorganyndan çykanok, tüýi ýanmyş. Owlak ejemler Dürje enemiziň öýüne göçüp geleli bäri, Küleje hasam bal gününe batdy. Ol indi Hapbyjygyň arkasyndan iýjegini iýip, içjegini, içip, torsuk ýaly semräp öňküsindenem has beter mes bolup ýör. Bu öýde Hapbyjygyňam bir güýmenjesi Küleje bolansoň, oňa hiç kime «ýüzüň üstünde burnuň bar «diýdirenok. Hatda agşamlarynada ony goltugyna alyp ýatýar. Dürje enemem şunça ýyllar hanwar giden jaýynda ýeke özi somalyp oturyp, gözi jagyl-jugula düşmänsoň, agtyjagy Hapbysyny öýüň «hany özi, soltany özi» edýär. – Töremyrat jan, beýdip, suw bolaýjak ýaly ýaýdanyp durma-da, güýül-dä derrew geçini. Bizde gyrkylygam ýok, özüňjik telekesini edäýmeseň-diýip, Dürje enemiz bizem gyssady. -Äýu, deýmurçylarym, siz näme agzyňyza alma gaçjak ýaly aňalşyp dursuňyz. Boluň, mollumyňyza kömekleşiň. Biz ýeňlerimizi ýokarrak çyzgaşyp, kömege taýýardygymyzy Törmyrat mugallyma duýdurdyk. Töremyrta mugallym bir dem böwrüne diň salyp durdy-da, «häzir» diýip ala-hasyrdy bolup öýlerine gitdi. Garaşdyryp, garaşdyryp irikgä goýansoň, Dürje enemiz yzyndan meni ugratjak bolup durka, eli şol poslan gaýçyly, üsti-başam öl-myžžyk haşlap geldi. – Töremyrat jan, kän eglendiň welin, salkynlamak üçin ýaba dagy çümüp çykdyňmy?-diýip, Dürje enem kinaýa bilen ony garşy aldy. – Seň ýadyňa şu wagt salkynlamak düşýär, Dürje eje. Meniň içim bolsa şuwagt otly-tütün. -diýip, Töremyrat mugallym jübüsinden çykaran düýrlengi ýaglygy bilen ýüziniň derini süpürmäge durdy. -Öýe barsam howzumyza owlagymyz gaçypdyr. Şol iş bolaýdy. – Eý, hudaý-eý, beterinden saklawwersin-diýip, Dürje enemiz ýakasyny tutdy, içine tüýkürdi-Gark bolmandyr dälmi özi. Töremyrat mugallym arassalan äýnegini dakyndy: – Gark bol nireden. Gaýta salkynjak howuzda ýüzüp hezil edinýär. Özüne galsa içinden çykjagam däl. Dürje enem şyg-şyglap güldi: – Heý, gulagy kesilen-eý. Suwsap dagy howza ýykylaýdymyka? Töremyrat mugallym: – Suwsarmy. Köp biljek bolýar-diýdi. Töremyrat mugallymy indi gepletse bujurygynyň artmagyndan ätiýaç eden Dürje enemiz bizi aýak üstüne galdyrdy: – Äýu, deýmurçylarym, baryň geçini getiriň ahyryn. Gün gijikdi. Annak ikimiz goýunly agyla ýüwrüp bardyk-da, geçiniň herimiz bir şahyndan tutup, wägirdip, süýrekläp, Töremyrat mugallym bilen Dürje enemiziň ýanyna getirdik. Dürje enem bir gulaç ýüpi bize uzatdy: – Mäň, şuň bilen güýläýiň. – Ýok, ýok, muny güýlüp-kökenläp durmarys-diýip, Töremyrat mugallym oňa garşy çykdy-Duran ýerinde gyrkarys. – Aý, oglan, dik durubam janly gyrkylarmy?-diýip, Dürje enemiz Törmyrat mugallyma ynamsyzlyk bilen garady. – Paý, Dürje eje, sen-ä oňarýaň-ow. » Her kimiň bir öküz ýykyşy bar» diýlişi ýaly, biziňem öz gyrkym edişimiz bardyr. Men-ä goýunlarymy mydama dik durzup gyrkýan. Şeýtseň, ýüň hapa bolanok. – Toba, adam ýaşap ýörse her zat görjek eken. Töremyrat mugallymyň Dürje enemiziň geçisini näme üçin dik durzup gyrkjagy belli zat:güýlüp bilenok, öz goýunlaryny-da şonuň üçin şeýdip gyrkýar. Bizä häzir «geçini güýlüň» diýäýse, boljak welin, namys edýändir-dä. Bizem Töremyrat mugallymy utandyrmajak bolup sesimizi çykarmadyk. – Hany, onda başladyk -diýip, Töremyrat mugallym biziň etmeli işlerimizi buýruşdyrdy-Jümmiýew, sen-ä geçiniň öňüne geç-de, şahlaryndan berk tutup dur. Senem, Garajaýew, onuň yzky iki aýagyndan ykjam saklap oturarsyň. Ýöne sypdyraýmaň. – Bolýar, ýoldaş mugallym. – Biz, ony mydyrtdam etdirmeris. Biz Törmyrat mugallymyň aýdyşy ýaly etdik. Annak geçiniň öňünde, menem yzynda. Töremyrat mugallym elindäki gaýçysyny şyrkyldadyp, geçiniň gerşinden gyrkyp başlady. Bir çogmak çöpür gyrkylyp, Töremyrat mugallymyň eline gelendir-dä, hernä, şol wagt geçi janawer «wä-ä» edip jynssyz çekredi-de, öňe atyldy. Annak diň arkan ýykyldy. Törmyrat mugallymam onuň çekremesine gorkan bolara çemeli, honda böküp düşdi. Meniňem agzym gum garbady. Sebäbi geçi meni ýüzin ýykdy-da, dazyrdadyp süýrejek boldy. Men welin ýapyşyp, geçiniň artky aýaklaryndan ellerimi sypdyrmadym. Her niçik, geçi meni süýräp bilmedi, haslap duruberdi. – Maladys, Garajaýew, sen bizden güýçli çykdyň-diýip, Töremyrat mugallym ylgap, maňa kömekleşdi, geçiniň şahyndan tutdy. Dürje enemizem aňyrdan gelşine Törmyrat mugallyma käýindi: – Törmyrat, heý, beýle-de diýdimzorluk bolar oguşýa. O janawerde näme kastyň bardy, heleýiň küle zyňan posly gaýçysy bilen gyrkjak bolup. – Men-ä goturlan mallary şunuň bilen gyrkýan, Dürje eje. Şunuň bilen gyrksaň goturyndan zat galanok. Onçasynam özüň bil-diýip, Törmyrat mugallym arkan çekildi. Dürje enemiz Töremyrat mugallymyň sözüne ynandy, ynanmasa-da, gyrkman geçisini taşlap gidäýer öýdüp, mejbury razylaşmaly boldy: – Onda, hanym, o janaweriň aýaklaryny bir güýl. Beýdip ymmatda ýok zat etjek bolma. Şol wagt ýerinden turup, üstüniň tozanyny kakyşdyran Annak içini tutp, ýanymyza geldi. – Men-ä indi geçiniň öňüne geçip biljek däl. Ýaňam tasdan garnymdan gapy açdyrypdym. – Menem öz postumdan ýarylajk däl-diýip, geçiniň artky aýaklaryndan tutup ýatan ýerimden menem gygyrdym. – Bolýar-da. Jümmiýew züwwüklik edýän bolsa –diýip, Töremyrat mugallym özi hem geçini güýlmäge göwünjeň bolsa-da, bar bahanany Annak biçäräniň boýnuna atdy oturyberdi. – Ahyry ugruňyzy düzlediňiz –diýip, Dürje enemizem gapdalymyzdan gop berdi. Boz üç bolup geçini zordan güýldük. Ol şeýle bir bagyrýar welin, biz el-aýagymyzy ýitirip, halys aljyradyk. Däbşenekläp, ol bizi hem telim gaýra depdi. Geçiniň sesinden eýmenç goňşy-golamlar gapylaryna çykyp-çykyp, bizi synladylar. Gygyrýanyň geçidigini bilibem gülşüp, öýlerine girdiler. Biz geçini ýanyn ýatyramyzsoň, Annagyň ýeň bermän durany üçin, men onuň kelle tarapyndan basmaly boldum. Annagam geçiniň artky aýakalryndan basyp, şolaryň üstünde dommarylyp oturdy. Töremyrat mugallym bolsa geçiniň garnyndan gyrkyp ugrady. Gaýçy kütek bolansoň, janaweriň çöpürini goparyp-goparyp alýardy. Käte-käte Törmyrat mugallym geçiniň hamyny gapjap-gapjabam goýberýärdi. Şonda janaweriň sesi gulaklaryňy gapyp, ummadan çykýardy. Geçiniň sesinden peteň bolan Töremyrat mugallym çydam käsesi çyp-pytrak boldy öýdýän, maňa azgyryldy: – Garajaýew, näme öwelip otyrsyň. Sem et şonuň sesini. Agzyny tut. Men geçiniň agzyny tutdum. Ol kellesini silkeleşdirip, agzyny elimden sypyrjak boldy. Menem dyzym bilen kellesinden basyp, elim bilen hem atagzy gapjan ýaly, iki äňini gapyşdyrara getirip, gysyp duruberdim. Şol barmana geçi gözüni agdaryp ugrady. – Haý, haý, Meleje inerçäm, aýraweri eliňi. Demikdirip öldürdiň ony. Men geçiniň agzyndan elimi aýyrdym, şol bada gözüniň agy-garasy ýerine gelip, geçi ýene naýynjar sesine tutdy. – Sesini çykartma!-diýip, Töremyrat mugallym maňa azgyryldy-Ölesi ýok, jögülik edýändir. Geçi halky jögi bolýar. Men ýene geçiniň agzyna ýapyşdym. Üstümizden duman sowlan ýaly boldy. Ol demigip ugrandyr öýtsem. elimi agzyndan aýyrýan. Gygyryp başlaýaram welin, haýdan-haý agzyny petikleýän. Garaz-haý şeýdip, geçiniň bir ýanynyň çöpürinden dyndyk. Janawer bagyrmazça-da däl. Hamynyň her ýeriniň-her ýeriniň gyzaryşyp etjigi çykyşyp dur. Gaýçynyň şol ýara salan her ýerlerindenem gan bulduraşyp çykýar. – Wah-wah, maňlaýy gara geçijigim-diýip, Dürje enem geeçisiniň ýanyna çökdi-Töremyrat diýýän-ä, «ur diýilse öldür edäýýäň» senem, oglan. Bu janaweri aýy parçalan ýaly edäýipsiň-le. – Goturyny goparyp aýyrmaly bolýar-da, Dürje eje. Ýoky galsa-da, geçiniň ýene öňki günjagazy başynadyr-diýip, Töremyrat mugallym günäsini boýun almajak boldy. -Hany, Jümmiýew, Garajaýew, oturyp, bir hähimizi alalyň. Törmyrat mugallymyň bu teklibi bize-de kem ýaraman durmady. Onçakly ýadap barmasagam, geçiniň wägirmesinden-ä gulagymyz dynjakdy. Annak ikimizem geçiniň beýleräginde, Töremyrat mugallymyň gapdalynda, takyrjak ýerde çommaldyk. – Siz «hähiňizi» alýançaňyz geçi görgülem aýaklaryna dynç beräýsin?!-diýip, Dürje enem geçiniň güýlügini çözmäge oturdy. – Bor-da. Ýöne gaçyraýmagyn, Dürje eje. – Sen arkaýynja oturyber. Töremyrat jan, ýanynda otursam onuň butnajak ýeri ýokdur. Dürje enem, dogrudanam, geçisiniň aýaklaryna dynç berjek bolandyr, belki, ol janaweri Töremyrat mugallmyň posly gaýçysynyň mundan beýläkki ýaralamasyndan aman alyp galjak bolandyr, men şularyň haýsydygyny anyklap bilmedim. Ýöne aýaklaryny çözeninden geçi tarsa ýerinden turdy-da, şundanam guýrugyny jaýtardyp, ýazzyny berdi. – Haý, tut, haý, gaçdy. Töremyrat mugallymyň sesine ol hasam jyrrarlyp gaçdy. Indi ol gaharyny Dürje enemize gönükdirdi: – Aý, sen-ä, Dürje eje, barypýatan içigara adam ekeniň. Indi sen meni «Töremyradyň geçi gyrkyşy ýaly» diýdirip, oba ryswa etjek bolýaňmy?Hä, sen şeýtjek bolýansyň. Hany, göreli bakaly, sen garrynyň bujagaz pyrryldygy başa baraýmaz. Şol geçiniň çöpürini ýeke-ýekeden ütmesem, hasap däl. -Birdenem Töremyrat mugallymyň gözi näderimizi bilmän, aňka-taňka bolşup oturan bize düşdi:-Eý, siz näme soky daşy ýaly bolşup otyrsyňyz, üçüň geçiň yzyndan. Ýere girse, guýrugyndan çekip çykaryň, asmana uçsa aýagyndan tutup saklaň. Şu ikarada Annagyňky näme diýsene. Sesiňi çykarmanjyk jüňäber-dä geçniň yzyndan. Garagollugyny soň etse-de boljak ahyryn. Ýok. Ynha-da tapýan gürrüňi: – Ýoldaş mugallym, geçi ýere girende guýrugyndan çekseň, guýrugy gopaýsa nätjek. – Tüket!… -diýip, Töremyrat mugallym onuň ýüzüni aldy. – Geçi sypaýsa, Garajaýew ikiňizem gulagyňyzyň goparyldygy biläý. Töremyrat mugallym bizi sapandan sypan ok ýaly edip goýberen bolsa-da, derrew özi yzymyzdan ýetip, bizi tozanyna garyp, deňimizden, geçip gitdi. Dürje enemizem garry adam diýer ýaly, däl, gyňajyny şemala baýdak ýaly pasyrdadyp, yzymyzdan eňdi. Tizligimiz gaty ýokary bolmaga çemeli. Hä diýmän geçi bilen aramyz ýakynlaşyberdi. Geçini nazarymdan sypdyrman eňip barşyma meniň gülkim tutdy. Gülmezçe-de däl. Ýarsy gyrkylan, ýarsy gyrkylmadyk geçiniň yzynda dördümizem sozan guýruk bolup barýarys. Ýoldan gelýänem aýak saklap, bizi synlaýar, bolup barşymyza el çarpyp gülýär. Ýoluň iki tarapyndaky öýlerden çykyşyp, bize tomaşa edýänlerem az däl. Geçi ýoldan çykyp, ýandakdyr syrkynlygyň içinden geçýän ýodajyga düşdi. Şol ýodajyk göni Nunna agalara eltýärdi. – Indi gitjek ýeri ýok-diýip, Töremyrat mugallym haş-haş edip barşyna yzyna gaňrylyp, öz begenjini bize buşlady. Çyndanam geçi janaweriň soňky süreni Nunna agalaryň goýun agyly eken. Geçi gözi ýok ýaly bolup, agyla urup gireninde, beýle sypatda öň öz kowumdaşlaryny görmedik goýunlar ürküşip, dyr-pytrak boldular, agylyň içinde ters öwrülişip, çykara çykalga (agylyň agzynda Töremyrat mugallym, men, Annak üçümiz heşerlenişip durduk. Birazdan soň Dürje enem düwdenekläp geldi-de, hatarymyza goşulyp, bizň berkitmämizi berkitdi), gizlenere buky ýer, girere deşik gözlediler. Şindizem agylyň içinde güýmen-saman edip ýören Nunna aga: «Haý, janawerler, haý-haý, hüş-hüş» diýip, goýunlary rahatlandyraýdy, ýogsam olaryň daşlarynyň taşalaryny böwsüşip, ummadan çykaýmaklary hem mümkindi. Ýöne goýunlar geçiniň golaýyna-ha barmadylar. Geçi janawer bolsa, alynmadyk myhman ýaly, hol beýlede sandyraklap dur. Ony mazalyja synlan Nunna aga taňka gaýanan ýaly boluberdi: – Dürje daýza, bi geçiňi ýarpa gyrkdyryp, ile masgarabaz oýnuny görkezjek bolýaňmy? Dürje enemiz ylgap daljygansoň, bogazyny hygyldadyp gepledi: – Äý, ýegen jan, gyrkymyň Töremyrat bolsa, onuň kömekçilerem meniň deýmurçylarym bolsa, gözüň masgarabazlykdan açylmazmykan diýýän. – Weý-weý, Dürje eje, göz-görtele bize şyltak atyp durmaň näme?!-diýip, Töremyrat mugallym meni «hatardan» çykaryp Dürje enemiň ýanyna geçdi. -Geçini ýüpden boşadyp, adam baryny azara goýan özüň dälmi?Biz bu wagt seniň bujagaz geçiňi on ýerde gyrkyp bolardyk. Şeýle dälmi, Jümmiýew, Garajaýew? Biziň ikimizem Töremyrat mugallyma ýaramsaklyk edip başymyzy atdyk. – Goýawer-ä, Töremyrat!-diýip, Dürje enem onuň gaňryşyna gaýtdy-Seniň etjegiň içiňde. Seň niýetiň geçini gyrkmak däl-de, onuň derisini diriligine sypyrmak eken. Näme, ýüzüme jiňkerilip seredýäň. Eýsem ýalanmy?Holha, janaweriň bir gapdalynyň-a etini çogduryp goýduň. Geçi eýesiniň sözüni tassyklaýan ýaly bärsine bakyp naýynjar mäledi. – Ana gördüňmi. Töremyrat mugallymyň alkymy hindiguşuň holtumy ýaly ýellendi. Alaja gözleri hüwiňki ýaly peträp, olaryň içindäki garajagazlar çar ýana oýnady. Bu onuň aşa gaharynyň geleniniň alamatydy. – Sen-ä durşuň bilen töhmet ekeniň, Dürje kempir. Bar işimizi-güýjümizi taşlabam, seň gotur geçiň ugrunda ser-sepil bolubam alýan aklygymyzam şumi indi. Holha-ra, geçiň, ynha-da özüň. Bizden-ä seň geçiňden tüý gyrkan ýok. Biz-ä gitdik. – Gitseň, guşaklygyňdan ak ýol, Töremyrat jan-diýip, Dürje enemiz geçisini Töremyrat mugallymyň deminden sypdyranyna begenýändigini gizläp durmady. -Ynha, Nunna ýegenim edil bäş minitde ardylan käşir ýaly edip goýaýar ony. – Ýogsam, näme, daýza jan. Bujagaz geçiňi dagy Annakguly bilen Melejegulynyň saçyny syran ýaly etmeýänmi-diýip, Nunna aga-da şortasyny atdy. – Ýogsamam «uruş gutaransoň, batyr köpeler» diýenleri-dä. Gyrkymyň agramyny alamyzsoň, Nunna aga-da taýýar başyň eýesi bolýar-aý. Bä, adamlarda ynsabam ýog-aý-diýip, Töremyrat mugallym bize haýbat bilen gygyrdy. -Ýörüň how, şu ýerden yzyňyza it saldyryp kowdurmajak bolsaňyz. Annak dazanaklap, honda barýan Töremyrat mugallymyň yzyna düşüberjek boldy welin, men onuň ýeňinden çekdim. Bu boluşda biz gitsek, Dürje enemizi öýkeletjekdik. Dogry, bizden Töremyrat mugallymam öýke eder. Ýöne garry halyna welin, Dürje enemiziň göwnüne degmek bolmaz. Haýwanam adamdan adamy saýlaýar. Nunna aga geçiniň aýagyny güýlende, gaçjagam bolmady, tezjegem. Bir gapdala ýatyranda howsalaly «wä» edip gygyrdy. Ýöne, ol Nunna aga çöpürlerini gyrkanda-da jyňkyny çykarmady. (Onuň gyrkylygy päki ýaly ýiti eken. Onsoňam Nunna aga sertaraşlyga ökde bolşy ýaly, mal gyrkmaga-da ussatdy. )Ýöne geçi gyrkylyp bolansoň, gaty betgelşik göründi. Ol bijaý hor eken. Aç tazy ýaly gapyrgasyny sanabermeli. Süňklerem somalyşyp dur. Şeýlekin ekinçilligi, şeýlekin damaksowlygy bilen şu itseň jany çykjaga meňzäp durmasyna biz-ä haýran. Ýa içinde soguljany bolup, iýýäni endamyna ýokanokmyka?Bu bolşun-ha güýçliräk tüweleý muny göterip alybam gidermikä diýýän. Ine, «gurt agzasaň, gurt geler» diýlişi ýaly, şu ikaralykda bir ýerlerden äpet tüweleý şuwlap geldi-de, gös-göni geçiniň depesinden indi duruberdi. Ýöne ol geçin-ä alyp gidip bilmedi welin, onuň Külejä düşek edilmeli çöpürlerin-ä elek ýaly al-asmana galgadyp goýberdi. Öýe gaýdanymyzda, Annak geçiniň boýnuna dakylan ýüpden iýtdi. Menem onuň yzyndan kowdum. Dürje enemiziňki bolsa çüwdi. Ony öýüne Nunna aga gozakly alyp gaýtdy. Boldy, boldy, ahyrynda Annak ikimize boldy. Annak ikimiziň ortamyzdaky süňk bilen ýöne ham bolup barýan geçini görüp, iller, baý, gülüşdiler-ä. Dürje enemlere ýetip barýarkak, Annak şeýle diýdi: – Meleje, gel, bir zat edeli:Töremyrat mugallymy bu masgaraçylykdan alyp çykaly. – Ilki geçini göz-gulban edip gyrkan-a şol. Onsoň, ony nädip aklajak. Ol biziň «Duzluja» obamyzdan göçüp gidäýmese-hä:» Töremyradyň geçi gyrkyşy ýaly» diýiljeginň-ä ujy iki däl. – Geçini biz şolar ýaly ýaralap gyrkdyk diýip ýaýradaýsak nädýär?Bu işi Dürje enemiz gül edýär. – Şonuň-a bolmanam durjak däl welin… -diýip, men ikirjiňlendim. -Ýöne ýadyňdamy, ikimiz şol göreş tutanymyzda ýalan sözlemezligi şert edipdig-ä. – Onyň dogry-la welin, Meleje, ýöne Töremyrat mugallymyň hatyrasy, onuň abraýy üçin birje gezek ýalan sözlemäň näme aýby bar. Biler bolsaň, muňa mukaddes ýalan diýerler. Şeýtsek, Töremyrat mugallymyň öýkesinem ýazarys. Onsoňam, özümizde-de günä ýokdur öýtme. Dürje enemlerde Töremyrat muhallym geçini wägirdip gyrkanda, oňa ikimizem kömekleşmedikmi? – Dürje enem bilen Nunna aga agzyna berk bolarmyka?-diýip, men meseläni hasam bişirjek boldum. – Olaryň agzyna gulp urmak meniň bilen. Annak aýdyşy ýaly hem etdi. Töremyrat mugallymyň geçi gyrkyşy hakda dymmagy, bu işi biziň boýnumyza atmagy Düreje enemiz bilen Nunna aga berkden berk tabşyrdy. Olaram tabşyrygy ýerine ýetirmäge söz berdiler. Şol günüň özünde «Annak bilen Melejäniň geçi gyrkyşy» diýen gürrüň oba doldy. Masgaraçylykdan halas edenimiz üçin Töremyrat mugallym bizden biçak minnetdar boldy. Ol bize sapagyndan bäşligem goýjak boldy. Emma biz galp baha garşy çykdyk. … Bu wakany ýatlap, üstüme eli posly gaýçyly abanyp duran Töremyrat mugallyma men näme jogap berjegimi bilmän ýöne güläýdim. – «Köp gülen bir aglar» diýipdirler, Garajaýew!Ynha, şu gaýçy bilen bir daşyňa geçerin welin, ba, onsoň, seniň nähili gülýäniňi göreris-ä. Hany, geç tagtanyň öňüne. Ikinji hüýpüýpik, ýagny Jümmiýew, senem dostuň ýanyna marş. Ikiňiziňem saçlaryňyzy häzir ot oran ýaly edip taşlaýyn. Oýun edýärmikä diýsek, Töremyrat mugallymyň garaçyny-ow. Biziň ikimizem tagtanyň öňüne dikildik. Töremyrat mugallym posly gaýçysyny şyrkyldadyp, ýanymyza geldi. Haýsymyzdan başlajakka?Ikimizem bir-birimize gysmyljyraşyp, yza-yza götinjekledik. Şu pursat Annak «gyrkymdan» sypmagyň ýoluny agtardy: – Ýoldaş mugallym, entek howlukmasňyzlaň. Biz saçlarymyzy daşarda ezip geleli-dä. Annagyňky belli zat:şu ýerden bir garasyny saýlap bilse, jypytjak-da, zalywatjyk. Emme Töremyrat mugallym Annagyň bujagaz hilesine düşüş: – Jüümmiýew, gyrkym üçin tüý näçe şagyrdap duran gury bolsa, şonça-da gowy bolýar. – Onda, ýoldaş mugallym, Dürje enemiziň geçisi ýaly bir gyrkaýmagyn. Annagyň bu sözi Töremyrat mugallymyň badyny aldy. Onuň alkymy ýellendi. Ýüzi bir gyzardy, bir bozardy. Belki, Annak syryny açaýar öýdendir, belki-de, eden ýagşylygymyzy ýatlandyr, garasaý, derrew, pälinden gaýtdy oturyberdi. – Ýeri, boýar-da. Sizi ýene bir synap göreli. Ýöne ertirem «hüýpüýpik» bolup klasa giriň. Onsoň» gyrkymy» nähili geçirjegimi görkezerin. Baryň, oturyň ýeriňizde, klasyň öňünde mutpilim ýaly bolup durmaň-da. Töremyrat mugallym gaýçysyny hasyr-husur portfeline salyp gyzyl-gyran gülşüp oturan okuwçylary zordan köşeşdirip, sapaga başlady. Indi Töremyrat mugallymyň saçymyzy gyrkyp bilmejegine biziň gözümiz ýetik. Ýöne başga bir tärjagaz bilen hälkisi ýaly gülki ýassygy etjeg-ä çyn. Galyberses-de, «hüýpüýpik» adyny eşidip, oturmagam aňsatdyr öýtmäň. Şol sebäplem, «hüýpüpikligimiz» bilen dek şugün hoşlaşmagy ýüregimize düwdik. Okuwdan soň, garnymy doýrup, şähere sertaraşa gitmek üçin, men Annagyň üstüne geldim. Biz ugrajak bolup durkak, Nunna aga gozakly motoryny tyrryldadyp alnymyzdan çykdy. Ol täze gazet-žurnallary paýlap ýören eken. Nunna aga motorynyň gozagyndaky gazetlerden bir tokgasyny Annagyň eline tutdurdy-da: – Ýeri, Dürje daýzamyň wepaly deýmurçylary, nirä atlandyňyz?-diýdi. – Şähere. – Sertaraşa saçymyzy bejertmäge. Nunna aga motoryndan düşdi: – Ýa, deýmurçylar, siz-ä oňarýaňyz-ow. Heý, Nunna agaňyz barka-da, şähere heläk bolup, sertaraşa gidilermi. – Siz näme, sertaraşyňky ýaly bejerip bilermisiňiz?-diýip, Annak Nunna aganyň ýüzüne ynamsyzlyk bilen garady. -Bize takyr kelle edip goýanyňyz gerek däl. – Ýa Annakguly jan, sen-ä, walla, göwnüme degmänem duraňok. Sertaraşam bolsa, biziň ýaly adamdyr, bolmasa bizçe-de ýokdur. Nädersiňiz saçlaryňyzy gül ýaly oňaryp beräýsem. Özem mugtja. Annak meniň ýüzüme garady, men Annagyň ýüzüne. Näme etmeli?Nunna aga bolsa, gozagyndan kirlije düwünçegini çykaryp, çözüşdirip, ondaky päkisini, kiçijik gaýçysyny alyşdyryp, sertaraşlyga gaýym bolup dur. – Ýeri, deýmurçylar, saçlaryňyzy bokus edip bereýinmi ýa çub? Be, ol saçlary bejertmegiň görnüşlerin-ä bilýän eken. – Ýok, bize boksam gerek däl, çubam. -Annak jübüsinden aýnajygyny çykardy-da, bir hili gabarylyp, onda saçlaryny synlady. -Biziňki stilin bolmaly. Boks, çub-olar köne moda. – Şeýle diýsene, Annakguly jan-diýip, Nunna aga nagyşlyja naskädisiniň gotazlyja dykysyny aýryp, aňňy-saňňy dişlerine ony gaýta-gaýta tykylatdy. Agzy nasly bolansoň, indi geplemek oňa kyn düşdi. -Bäý, Töremyrat mozzymyzyňyz-a kezzesi hazan gözseň, zokus bozup düz welin, onda oz modadan gazandyr-da. Aý, näme, zeýmuzçylar, siziň göwzüňiz gazandan zeýtanyň boýny synzyn. Zitiligi bezemeli bolsa, zitilni bezermezi boz-da. Hazy, ozza, geziň-dä. Izki haýsyňyz? Annak derrew meni öňe iterdi: – Melejeden başlaýyň. Men onýança çaý goýaýyn. – Wäh, zeýtsen, Zannakguzy zan. Bir gökzemesek, kezzeler zänik dözübezmeli bozup dur. Hazy, gez, otuz, Mezezäm. Annak «Nädäýdiňkäň?» diýen ýaly maňa gözüni gypdy-da, öýlerine girip gitdi. Men Nunna aga ýene bir öwza aýtdyryp, onuň otyr diýen ýerinde, agaç sekiniň üstünde aýagymy sallap oturdym. Nunna aga, saçyny ezmek üçin beýlerägimizde duran suwly tanka ýöräp ugrady welin, meniň kellämde şeýle bir pikirjik oýandy duruberdi: – -Eý, wäg-eý. Nunna aga agzyndaky nasyny ýere maçyladyp goýberdi-de, maňa gözüni aýlady: – Näme boldy, Meleejgulym?Ary çakdymy? Men içimi tutup, ýüzümi öňküden beter eňşetdim. – Içim towlaýar… – Weý, Melejäm, towlaýan bolsa, derrewjik içiňi boşadaýgyn. Hiç ýolagçyny ýolda saklamagynyň. Men mellegiň aňrujundaky hajathana ýelk ýasaýdym. Oňa giribem, gapysynyň yşyndan jyklap oturyberdim. Burnuma porsy ys haplap urdy. Ýöne nätjek-dä. Nunna aganyň saç bejerişini bilmek üçin, aňryňy bärik getirip duran bu ysa kaýyl bolmalydy. Ýöne Annagam ýeserj-ow. Gör, onuň öýlerinden çykmaýşyny. Ýogsam şu wagta çenli ol-a goýmak eken, çaýyň özüni gaýnatsa-da boljak ahyryn. Nunna aga oňa üç gezek dagy gygyrdy ahyryn. Şonda ol ýaga depjek ýaly bolup, içerden çykdy. Hajathana tarap alarylyp-alarylyp seretdi. Ýumrugyny çenedi. Meniň bolsa içim gülýär. Nunna aga Annagyň golundan tutaklap, egninden basyp diýen ýaly agaç sekide oturtdy. Soňra «sertaraşlygyna» başlady. Ol kä kiçijik gaýçysy bilen, kä päkisi bilen Annagyň ýeňsesindäki çogmak-çogmak saçlary ýokaryk çermäp ugrady. Onuň päkisidir gaýçysynyň degen ýeri hem agjaryp gidip barýar. Kelläniň juda ala görünmegi meni iňkise goýdy. Janymy barlamak üçin, synaga goýlan kelläni ýakynjagyndan barlasym geldi. Men hajathanadan gapyny jygyldatman, şakyrdatman çykdym-da, pişik basyşyny edip, olara golaýlaşdym. Aýak sesim eşidilmese-de, Nunna aganyň ýeňsesinde gözi bar ýaly-da: – Ýeri, geldiňm-ow, Melejäm. Men-ä şonuň içinde uklap galaýansyňdyr öýdüpdirin. Meni içiýangynly Annak şutaýda aryny almakçy boldy öýdýän: – Aňyrrak aýrylsan-a, aňkap dursuň. Pah-pah Nunna agar-a saç bejerip bilipdir-ow. Annagyň ýeňsesini Töremyrat mugallymyň Dürje enemiziň geçisiniň gyrkanyndan enaýy etmese nädersiň. Saçlary oýmur-oýmur edip aýrypdyr welin, olaryň yzlary ala-mula bolup dur. Uzynly-gysgaly gyrkylan saçlaram şol oýmurlaryň üstüne kertläp sallanyşyp dur welin, Annagyň kellesine papak tersine geýdirilen ýaly bolup dur. – Ýeri, Melejäm meniň sertaraşlygymy neneň görýäň? Men gülmän-yşman Nunna aga zordan jogap berdim: – Boljak… – Bolsa, senem otur bakaly. Senem Annakguly jan ýaly surata düşübermeli edeýin. Annakguly jan, turaý senem irkilip oturma-da, üstüne pürkeýin diýsem, atyrym-a ýok-Nunna aga Annagyň boýnuna oran kirli ýaglygyny aýryp, şonuň bilen onuň gyl-gymyryny süoürişdirdi-Baý, Annakguly jan, sen-ä istiliňem istili bolaýypsyň. Indi gyzlar yzyňdan aýrylmasa gerek. Nunna aga loh-loh edip güldi. Annak aýnajygyndan saçyny görüp, ör-gökden geldi: – Weý, Nunna aga, saçymy nädäýipsiň? – Nädäýipdirin, Annakguly jan? – Işjagazyn-a görüpsiň. Annagyň güni başyma gelmänkä, men bu ýerden zyp bermegiň najadyny görjek boldum. Iki bükülip garnymy tutdym: – Wah, ýene içim. – Içiň däl, daşyň agyrýanam bolsa, kellejigiňi «sertaraşyň» elinden geçirtmän hiç ýerik gitmersiň. Annak egnimden daş basan ýaly basyp, meni lampa sekide oturtdy. Nunna aga meniň saçymy ezmäge durdy. – Annakguly jan, bar indi sen, çaýyňy äkeliber, Melejäm körüň eline büre düşen ýlay bolandyr, enşalla. Istil bolman turmaz şutaýdan. Annak Nunna aganyň sözüne ynam etmänsoň gapdalymyzda gazaryldy durdy. Meniň saçymam öz saçyna meňzäp başlady öýdýän, ahyry ýykyr-ýykyr gülüp, jaýlaryna girip gitdi. Ertir klasdaky boljak masgaraçylygymyzy men göz-öňüne getirdim-de: – Duruň, Nunna aga!-diýdim. Nunna aga ýeňsämi dyrmalasyny togtadyp: – -Ýeri, näme boldy, Melejäm?Arkaýyn bol, gaýçyma gapjatman-diýdi. – Kellämi tutuş syryp bersene. – Weý, Melejäm, sen Annakguly jan ýaly istil boljak dälmi ? – Juk. Nunna aga saçyňy bejerdip, ile görkezip boljak däldi. Ondan kelläňi ýylmadageddin, saçyň indiki ösende, şäherdäki sertaraşa baranyňdan abraýlysy ýokdy. Nunna aga-da ot orýanyň ýandaklydan saýlanyp, arassa ota ýetişi ýaly begendi: – -Weý, Melejäm, şeýdip, akyllyja-da boluň how-diýip, ur-tut depämden päkini goýberdi. -Bir kelläni durşuna arasslamasam ýarym sogap gazanan ýaly bolup durun menem. Ol oňarjak işe ýapyşanynamy ýa öňki irnik işiniň jogapkärçiliginden sypanynamy, saçymy şeýle tiz syrýar welin, ýöne depäňden aýagaldygyna çogmak-çogmak tüý gaçyp dur. Nunna aga üçin çaý getiren Annak meniň kellämiň ýarysynyň eýýäm akja ýumurtga ýaly bolanyny görüp hikirdedi: – Melejäňki haýsu mod-aý, Nunna aga? – Melejämiňki, Annakguly jan, köne türkmen modasy. Hany, käsä çaý guý!-Annagyň çaýnekden jürledip, käsä çaý guýýan sesi eşidildi-Ynha, Melejämiňki ýalpyl-ýalpyl eder welin, kellesinden akyly çogar çykar durar. – Bä, kelläň saçy syrylgy bolsa, akylyň köp bolaýýarmykan-aý? Gürrüňi näme. Obada saç goýbermek däli adamlaryň, şütükü aklyny kemelden. Öňler saçsyz adamlar ulyny uly ýaly, kiçini kiçi ýaly bilerdiler. Bir-birege hormat-sylag ederdiler. Niçikmi, saçly bolup başladylar welin, gomparmakmy, birek-birege göwni ýetmezçilikmi, göriplikmi, nebsiýamanlykmy, ýaly pis häsiýetler peýda boluberdi. Ah-ow, şütüki, obada saçlak köpelip, goňşokara, birek-biregiňkä peýwagtyna barmak ýaly zatlaram gaty azaldy. Biz Nunna aganyň aýdýan zatlaryna ynanjagymyzam bilmedik ynanmajagymyzam. Sebäbi biziň gözümizi açyp, görenimiziň aglabasy saçyny arkan-ýüzin gaňtaryp ýören adamlardy. Ýöne kellesi syrylgy adamlaryň saçly adamlara garanyňda birhili sadalaç gelýändig-ä belli zat. Mysal üçin, Nunna aga, Begim aga, Jumanazar aga dagy bilen Töremyrat mugallymyň arasynda uly tapawut bar. Nunna aga käsesindäki çaýy yzly-yzyna işdämen owurtlap, heniz eşitmedik ýene bir täzeligimizi sugşurdy: – Aý, şuň hemmesem Töremyrta mollumyňyzdan boldy. – Be, o nämetd-aý, Nunna aga? – Eşidesiň gelse, käsä çaý guý, Annakguly jan. Annak ýene Nunna aganyň käsesine çäýnekden jürledip çaý guýdy. -Biler bolsaňyz, deýmurçylar, oba saçly bolmany ýaýradanam Töremyrat mollumyňyzdyr. – Aý, goý-a? – Oh-ho, Töremyrat mugallym-a onda ilkinji modaçy bolýar-da. Nunna aga indi çaýy hopurdadyp- hopurdadyp içdi: – Biz-ä onuň saç goýberdenini bilmänem galypdyrys. Ilden gizläp ýörse nätjek. – Nunna aga, sizem ýöne bizi aldap dursuňuz-laý. Heý, saçyň ösgün bolsa-da, ony ilden gizläp bormy-diýip, Annak oýnalýandyrys öýdüp, gatyrganjak boldy. – Weý, Annakguly jan, aldap, meň size ýalan bergim ýok. Ýöne Töremyrat mollumyňyzyň ep-eslije wagtlap saçyny ýumurtga basyran ýaly basyryp gezen-ä çyn. – Nädip? – Annakguly jan, çaý guý!Şumat çaýyň degdi. -Annak çaý guýdy. -Eşider bolsaňyz, bir gezek Töremyrat mollumyňyz şähere gitdi-de, telpeginiň dergine yşlýapa geýdi geläýdi. Özem hiç kellesinden çykaranok. Haçan görseň, yşlýapasyny kellesinde ýylan kömelegi ýaly edip ýör. Sapak okudanda-da yşlýapalymyş, gije ýatanda-a kellesi zatsyz dälmiş. Garasaý, kelle görgüliniň şemallaýan wagtyny gören ýokmuşyn. «Töremyrat, bi näme, başyň ýalaňaçlygyna gabat gelip bolanok-la. Öňler-ä doňaklykda-da kelläňi toňkarydyp gezer ýörerdiň-le. Kelläňe kel dagy düşen däldir-dä hernä?» diýip sorasaňam, «Kelläm agyrýar. Şäherdäki dogtor:» Tä gutulýança, kelläň zatly bolsun. Seňki üýtgeşik agyry. Ony diňe gijede-gündizde ýyljak saklap bejermeli» diýip jogap berýär. Ýöne bir sapar Töremyradyň bu syrjagazy açyldy duruberdi. – Kellesinden şlýapasyny alyp gaçdyňyzmy, Nunna aga. -diýip, Annak öz göwnüne gelşine görä sorady. – Ýak, senem, Annakgulyjan her kimi özüň ýaly garagoldyr öýdýärsiň-ow. Sakgally-sermikli halymyza kellämizden telpegimizi alyp gaçyp güpürdeşip ýörsek, nähili bolar-aý-diýip, Nunn aga meniň kelläme çalaja pitikläp goýberdi. Onuň şeýtdigi kelläňi syryp boldum diýdigidi. Ol kimiň kellesini syranda-da şeýderdi. Bir gezek Töremyrta mugallymyň kellesini syranda atanlykda gatyrak pitikläpmi, nämemi, ol muny ýokuş görüp, gany gyzyp, Nunna aga bilen tasdanam tersleşýän eken. Hakykatdanam, Nunna agnyň duýman otyrkaň kelläňe pytyladyp goýbermesi degnaňa degmänem duranok welin ýöne Nunna aga-da:» Menem, how, muny ýeňilkellelikden, kelçiklikden edemok. Syran adamyň kelläňe pitiklemegi aňyrda gelýän däpdir. Şol pitiklenende, senden delleklik edýäne kakyn-silkin geçmezmiş. Bary silkilip özünde galarmyş. » diýip, bir sül-ä getirýär oturyberýär. Sen muňa hala ynan, hala-da ynanma, ýöne welin, wagt ýitirip, kelläňi ap-akja edip berensoň, kelläňe çalaja pitikledi diýip, Nunna agadan gatam görüp baraňok. -Melejäm, tüweleme, seňňä kelläňi ile nusga edip görkezibermeli boldy. Men kellämi sypaladym, taýpy aşyk ýaly ýylmanyp dur. Iň esasy zat bolsa, depämden agyr daş aýrylan ýaly. Kelläm ýep-ýeňiljek. Üýşüp duran saçyma seretdim welin, şonça tüýi boýnum nädip göterdikä diýäýmeli. Çalaja öwsen şemalam kellämi mylaýymja el ýaly sypalap goýberdi. Kim näme diýse, diýibersin, saçly bolmagam görküňe görk goşýandyr welin, ýöne kelläňi taýpy ýaly edip, şemalladyp ýörmegem kem dälmikä diýýän. Annak ýagşydan-ýamandan meniň kelläme zat diýmedi. Häzir onuň bir küýi-pikiri Töremyrat mugallymyň syrynyň nähili açylanyny çaltrak bilmekdi. – Nunna aga, yzyny gürrüň berseňiz-le. Töremyrat mugallymyň saç goýberdenini nädip bildiňiz? Nunna aga köneje sübse bilen meniň saçlarymy Annagyň ýeňsesinden düşüren saçlarynyň üstüne süpürişdirip oturşyna. Hany, Annakguly jan, munça bolanyna görä, seňňem kelläňi owadanlaly. Ýogsam, saçyňy beýdip, başyna gögeren hyžžagulpagy ýaly edip ýörseň, möjeklärmi nädermi. Ýaňy istil bolup otyrkaň, üstsme şonuň bir-iki sanysam bökäýdem öýdýän-diýdi. Nunna aganyň Annagyň saçyny syrjak bolup getiren delili ony oda-köze düşürdi: – Nunna aga, töhmet bir atmasaňyzlaň. Meniň-ä kelläm gunduz ýaly ap-arassajadyr. Ony günde-günaşa ykyrdadyp ýuwup durun ahyryn. Annagyň utanjyndan ýaňa egnini sallamasyna, Nunna aganyň aýdanyna ynanmasa-da, göwnüne güman gidip, biynjalyk bolmasyna, meniň nebsim agyrdy. – Nunna aga, Annagyň çypbakaý çyny. Klasymyzda saçyny iň köp ýuwýan, Annak. Ýöne şu durşuna saçyny syrdyrany gowy. Şu bolşuna ertir klasa barsa, tomaşa görkezer-Meniňem ýeke özüm kellämi toňkardyp gezesim gelenokdy. Ýeke bolandan iki bolan ýagşydy. Men Annagy şuňa yrjak boldum. -Onsoňam seniň munyň karam bolýar, Annak. Sen özüňi ile üýtgeşik görkezjek bolma. Rast, dostmuň, kellämiziň daşky sypaty-da meňzeş bolsun. Annagyň ýüzi açyldy: – Ynha, munyň başga gep. Kak bäşi. Annak meniň uzadan aýama şarpyldadyp goýberdi. Şondan soň, Annak agaç sekiniň üstüne baryp oturdy. Nunna aga-da Annagyň çaýyr ýaly gaty saçyny sabyn bilen ýumşatdy-da, ur-tut işe girişdi: – Ine, indi, Annakguly jan, saňa Töremyrat mollumyňyzyň syryny hykgy-çokgusyzja açyp bererin. Hawa, bir ýola Töremyrat mollumyňyz kolhozçylaryň arasyna, meýdan düşelgesine medeniýetlilik hakda leksi okamaga geldi. Şol gün menem kolhozçylara gazet-žurnal paýlamaga barypdym. Ynha Töremyrat mollumyňyz, leksisine ýaňy bir gyzypdy welin, hol Dürje eneňiziň geçisini gyrkamyzda gelen tüweleý bardyr-a? – Çöpürleri alyp giden tüweleý dälmi? – Hawa. Edil şonuň ýaly tüweleý aç bürgüt ýaly bir ýerden peýda boldy-da, barymyzy gyran-jyrana salaýdy. Boldy-boldam Töremyrat mollumyňyza boldy. Leksi okaýan elindäki kagyzy bilen kellesindäki yşlýapasyny asmana uçurdy gidiberdi. Töremyrat mollumyňyzyň yşlýapasy guş ýaly ýokaryk galan badyna onuň kellesindäki saçy hüwjerip göründi. Görgüli, saçyny görkezmejek bolup, eli bilen kellesini ýapdy. Emma ketgen ýaly saç bir aýaň, iki aýaň aýtymyna sygjakmy, onuň eli hüwjümek saçyň içinde suwly ýaba gaçan ýaprak ýalyjak bolup görünýär. Töremyrat mollumyňyz bolsa şu başagaýlygyna-da, gyssanjyna: – Yşlýapany tutuň, yşlýapany-diýip, tüweleý äkidip barýan yşlýapasynyň yzyndan eňdi. Biziňem näme, ýüwrük aýaklylarymyz azzat-da-mazzat bolşup, onuň yzyndan galmadyk. Tüweleý Töremyrat mollumyňyzyň kagyzyn-a çöpüň-çörüň içine aýlap-dolap dykdy. Yşlýapasyny bolsa şol alyp gaçyp barýar, şol gaýdyryp alyp barýar. Bizem Töremyrat mollumyňyz başlyklaýyn onuň yzynda hömp-de-hömp. Eger Töremyrat mollumyňyzyň kellseindäki saç bolmadyk bolsa, onda biz bir yşlýapaň yzynda guş tutjak ýaly bolup barmasak barmazdygam welin, her kimiň Töremyrat mollumyňyzyň taň hokga çykaryşyny synlajak bolup, içi byjyklap duransoň, ýadanymyzy-ýaltananymyzy bilmedik-dä. -Nunna aga birdenkä gürrüňini kesdi-de, ýyh-ýyh edip güldi. -Gör-ä bolýan zady!» Goralan göze çöp gaçar» diýlişi ýaly, garagol tüweleý yşlýapany asmanda pökgi kimin oýnap-gapyp irensoň, Begim agaňyzyň ýataklarynda duran öküziniň şahyna geýdiräýse nädersiň. Der-şor bilen öňki sary gaçan yşlýapadan öküziň şahy parran geçdi-de, onuň maňlaýynda hekgerdi duruberdi. Begim agaňyzam ol öküzi gylyçly-galkanly ýanyna baraýmasaň, ömür ýanyna eltenok. Ýogsa-da Begim aganyň şol gyzyl öküziniň dow-dowuny Annak ikimiz hem kän eşidipdik. Şahlary naýza ýaly, gözleri köz ýaly, bu ämärt öküz obada «Men şir ýürekdirin» diýip, döşüne kakyp ýören batyr ýigitleriňem injiklerini saňňyldadyp, endamlaryna der getiriber eken. Wah, balyk kimin semiz bu öküzi soýaýsaň, hem-ä eýesine dünýäniň hurrşy boljak eken(tutuş obany çagyryp, toý tutsaňam etden gysylyp ýüzüň utanjak däl eken). Galyberse-de özlerine göwni ýetýän batyr-batyr ýigitleriň derisi giňäp, dili kelte bolmakdan dynjak eken. Emma hiç kim oňa dözenokmyş. Asyl ol-a oňa tyg urmak eken, çybyn-çirkeýiň dişlemegini-de rowa görenokmyşyn. Çünki niredendir bir ýerden satyn alnyp getirilen kepbe ýaly, Gyzyl han adynam alan bu gyzyl öküz «Duzlujza» obamyzyň iri şahlylarynyň köpüsiniňem atasy eken. Ol ýörite tohumlyk üçin saklanylýar eken. Gyzyl hanyň tohumyndan ýaýran iri şahlylaram öz häsiýeti ýaly bet bolmasa-da, göwresi ýaly kepbe sypatdamyş, güýjermenmiş, sagdynmyş. Sygyrlarynyň dagy berýän süýdi bedre-bedremiş. Sagyp-sagyp, elleriň ýadap gidermiş, emma aňyrda çeşmesi egsilmezmiş, eginleri dyňzaşyp durarmyşyn. Ynha, Annaklaryň sygyrlary-da şonuň tohumyndanmyş. Onsoň obamyzyň uludan-kiçisi Begim aganyň şöhratman şol öküzini gözleriniň göreji ýaly görýärmiş, öz iri şahlylarynyň serdary hökmünde garaýarmyş. Öz malotularyndan süýşürintgilerini öz äpet göwresine görä, dünýäniň zadyny iýýän Gyzyl hana ak ýürekden eltip berýärmişler. Şeýdiläýmese, doýar-doýmaz iýermen öküziň gara bokurdagy Begim agalaryň ýeke özlerine kän eýgerdäýjegem däl eken. Bir gije Gyzyl han mesligine çydamanmy, ýa obada buka gelen sygyr barmy, garaz, bir söý bilen zynjyryny üzüo, ýekän-ýekän aýlanyp ugranmyş. Ýüpi poturan iri şahlylaram kökeninden boşap, onuň yzyna düşüberipdir. Gyzyl han haýbatly-haýbatly molap, naýza deýin şahlary bilen ýer sürüp «nökerlerini» yzyna düşürip, süýji ukuda ýatan obany basym örüzipdir. Her kim Gyzyl hany tutmakdan-a geçen, öz malyna eýelik edip bilse-da kaýyl eken. Emma Gyzyl han mähnet kellesini talawladyp ýanyndakylaryň ýanyna-da hiç kimi goýbermändir. Şol wagt Begim aga-da obada ýok eken. Goňşy kolhozdaky garyndaşlarynyňka toýa gidipdir. Öküze hiç kişi hiç hili deprenip bilmänsoň, ahyrsoňy maşynly gidip Begim agany toý ýerinden getiripdirler. Gyzyl han Begim aga «Häheýt, çoça, bar ýatagyňa» diýen badyna-da ätmer-sätmer edip öýlerine gaýdyberipdir. … Beý, Töremyrat mugallym Gyzyl hanyň şahyndan şlýapasyny nädip aldyka?Begim aga şol wagt öýünde bolmasa-ha şlýapasyndan tamasyny tala daňandyr. – Nunna aga, Töremyrat mugallymyň şlýapasy Gyzyl hanyň şahyndaka Begim aga bir öýündemi? – Öýündedi, Melejäm. Begim agaňyz Gyzyl hanyň şahyndan yşlaýapasyny aýryp, Töremyrat mollumyňyza uzatsa ol almady. Begim agaňyzam yşlýapany depesi aşyklynyň eti ýaly bölünip ýatansoň, derdine ýaradyp bilmez öýdüp pikir edendir-dä. » Weý, Töremyrat, ýama saldyrsaň, geýerligi bar-a entek. munuň» diýdi. Töremyrat mollmuňyzyam gülüp:» Aý, Begim aga, men ony Gyzyl hana bagyşladym, maňa indi yşlýapa gerek däl. Meniň yşlýapam, telpegimem indiden beýläk, ynha şu bolar» diýdi-de, bir garyş saçlaryny barmaklary bilen darap goýberdi. » Kim medeniýetli bolasy gelse, indiden beýläk saç goýbertsin» diýip, şol güne çenli saçyny gizläp ýöreniniň sebäbinem aýtdy. Ol saçyny ile görkezmäge utanypdyr. Tüweleý syryny açansoň bolsa, ýüzüniň utanjaňlyk perdesini syraýmakdan başga oňa alaç galmady. Ana, şodur-şodur, şol çekirtgelik ýyly ýaly, obamyzda saçlaklar köpelip gidiberdi. Bir gün obanyň ýaşululary üýşüp, munuň sebäpkäri, Töremyrat mollumyňyzyň başyny syrdyrjak boldular. Emma ol ýaşulularyň teklibine kes-kelläm garşy çykdy. » Saçymy syrdyrp men medeniýetden yza galyp bilmen . Gaýta sizem medeniýetli boljak bolsaňyz saç goýberdiň» diýdi. Şonda ýaşulularyň agzyna zäk atylan ýaly boldy. Töremyrat mollumyňyza akyl berjek bolanlaryna ökündiler. – Ine, deýmurçylar, obamyzda saçlaklaryň taryhynyň köpekiş-ä şeýleräk-diýip, Nunna aga Annagyň togalajyk, akja haýwankädä meňzäp duran kellesine ýuwaşlyk bilen pytyladyp goýberdi. – Bar, Annakguly jan, akylyň kesgir, zehiniň ötgür bolsun. Annak kellesini sypalap, aýnajygda synlady. Ýyrşardy: – Nunna aga, men saçsyzam görmegeý oglan ekenim-laý. – Po-ow, po-ow, Annakguly jan şu adamlaram betgörk etjek bolup saç syryp ýörendir öýtme-diýip, Nunna aga Annagyň degişmesine çyny bilen jogap berdi. -Hany, indi Annakguly jan, senem gel-de sertaraşlyk edip, menem görküme getir-dä. -Nunna aga kellesindäki telpegini, tahýasyny aýryp, gytyjak saçyny ezmäge oturdy. Annak Nunna aga özüni oýnajak bolýandyr öýdüp, meniň ýüzüme garady. Menem «men-ä bilemok» diýýän ýaly, iki egnimi gysdym. -Gel, näme öküz biçjek ýaly ýaýdanyp dursuň. !Bolmasa-da bi sogap işi Melejäme tabşyrýan. Annak Nunna aganyň çynydygyny indi bildi: – Nunna aga, men saç syryp bilemog-a. Başarman. – Ýa, Annakguly jan, «başarman» gepiňi goý. Burnuň aşagy garalypdyr. Eňegiňe gyl-gymyr çykypdyr. Bu gün-erte senem-ä bu tüýlerden saplanyp başlamaly borsuň. Ýa özüň bir zat etmeseň boljak däl diýip, Nunna agaňyzyň yzyna düşjek ýörjkemi. Näme ýaýdanýaň bir ýanyndan şatyrdadyber. Hiç kimem enesiniň içinde saç-sakgal syryp öwrenen däldir. Hany bol! Nunna aga boýnuna ýüp ýelmeşmez ýaly, ýaglyk orandy. Nas atyp, ykjamlandy. Annak elini oda basjak ýaly, gorka-gorka sekiniň üstündäki päkini aldy. Az-kem ýaýdanjyrap duransoň, päkini çal sepen myžžyk saçyň üstünden emaý bilen ýöredip ugrady. Emma päki özi bilen tüý alyp gaýtmady. Ýylmanak saçyň ýüzünde taýdy durdy. Iki büklüm bolup oturan Nunna aga myňňyldady: – Gasyrak bas, Zannakguly zan. Annak päkini dözümliräk basyberdi welin, saçlar gopup, olaryň ýeri akjaryberdi. Muňa aşa begenen Annak içki tolgunmasyny saklap bilmedi: – Eý, syrylýar, syrylýar. Nunna aga nasly agzyny pakgyldadyp jogap gaýtardy: – -Züwezeme, züwezeme. Göz zegäýmesin, Zannakguzy zan. | |
|
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |