15:20 Oragatdy / powest - 4 | |
Biz itinişip-dyzynyşyp, hykylaşyp-çokulaşyp, ahyry kassaň agzyna bardyk. Dürje enemiz elindäki puly deşikden uzadyp:
Powestler
– Äýu, keýigim, maňa, inerçelerim Annak bilen Melejä gowy ýerinden bilet ber. Kassir aýal äýnegini aýryp, Dürje enemiziň ýüzüne çiňerilip äňetdi-de, ýene dakynyp ýylgyrdy: – Garry, bilet alanyňda, ýoldaşyň adyny tutup soramaňda-da bolýar. Näçe bilet gerek bolsa “plança” diýip soraýmaly. – Älhepus, keýigim, okumyş ekeniň-ow. Ber, onda üç bilet. – Bilet aljak bolýanlaryňyz hem şol ýanyňyzdaky oglanlar dälmi? – Hawa, ýaňky aýdanym-da, inerçelerim Annak bilen Meleje. – Ýok, garry, men olara bilet berip biljek däl. – Be, bi gyzy. Näme bermän?! Bi neresseler bereniňi iýmedimi? – On alty ýaşyna ýetmedik çagalary bu kino goýbermeýärler. Bular üçin bu kinony görmek zyýanly. – Keýgim, on alty ýaşamasalaram, bi inerçelerimiň murt-a garalaşyp ugrapdyr. – Garry, men murta beremok-da, ýaşa berýän. Şol wagt iki ýanymyzdanam üstümize gykylyk ýagyp başlady. – Aýrylsaňyzlaň kassaň öňünde gazarylyşyp durmaň-da. – Bäý, ýaňkalaşyp, wagt alyp durlar-aý. – Wah, bular bizem kinodan gijä galdyrdy. – Aýyrsaňyzlaň, şolary şol ýerde göbekleri gömülmedik bolsa. Şundan soň, kassanyň agzynda şeýle bir topalaň başlandy welin, biz-ä biletden elli bizar, bu ýerden sypsak kaýyl bolduk. Çar ýanymyzdan gysyp, gapyrgalarymyzy owradyp, el-aýaklarymyzy döwüşdirip barýardylar. Biziň üçimizem üç ýerden “Wäh, gapyrgamyzy döwdüňiz-le, waý aýagymyzy basmasaňyzlaň. Haý, egnimi çökertdiň-le, eý, garnymy ýardyň-la” diýşip gygyrýarys. Şonda-da, bize gulak salyp, nebsi agyrýan ýokdy. Adamçy düýe ýaly bolşup, bizi aýak astyna alşyp, mynjyratjaga meňzeýärdiler. Näme-de bolsa biziň çöregimiz bitin eken, deňiz tolkunlarynyň joşup käte balyklary kenara oklap goýberşi ýaly, adamlar joşup bizi-de ahyry bir çete dazladyp çykardylar. Ýöne Dürje enemiziň topbusy gyňajy-pyňajy bilen olaryň arasynda galypdyr. Onuň çal saçlary hüwjerip dury. Dürje enemiz: – Äýu, eneleri ýalamadyklar, öýüňize äkitmejek bolsaňyz, meniň topbymy äbereweriň – diýip, gygyrdy welin, onuň topbusy adamlaryň arasyndan gaýdyrylyp çykdy-da, edil öň ýanymyza pötüläp düşdi. Ony gysyp-gysyp ýemşik-ýümşük eden ekenler. Dürje enemiz topbusyny ýerden göterip, onuň ýemşeren ýerini çekişdirip, basyşdyryp, tekizleşdirip kellesine geýensoň: – Şunuň kelläm bolmanyna şükür – diýip güldi. – Inerçelerim, kine görmedik diýip, gynanmaň. Bu gün biziňki ýyldyz boldy. Gaýdalyň. Ýöne şu kinäni size görkezdirmesem, menem şu topbyny kelläme sokman. Dürje enemiziň beren sözi biziň göwnümizi göterdi. Oba gaýtdyk. Biz ýolda bir “çukura tüýkürişip”, ýüregimizde arman goýan kinony öýümizdäki dynç alyş güni görmeli edişdik. Şol gün okuw hem bolmansoň, biz kinony tä ertirden agşama çenli görüp biljekdik. Ýöne Dürje enemiziň bizi kinoteatra nädip saljagyny bilemzok. “Ony alada etmäň, inerçelerim. Sizi kinä salmak meniň bilen” diýip, Dürje enemiz arkaýynlaşdyrdy. Ynha, sabyrsyz garaşylan bazar gününe-de ýetildi. Şol gün ir bilen biz eýýäm şäherdedik. Eşeklerimizi bazar saraýda galdyryp, kinoteatra geldik. Ýöne Dürje enemiziň bizi kino nähili saljagy entegem şol syrlylygynda galýardy. Kassa barmankak, ol töweregine garanjaklap “Ýörüň, inerçelerim, kino girmänkäňiz, men bir sizi, şaýlandyraýyn” diýip, kinoteatryň ýeňse ýüzüne alyp gitdi. Ol egnindäki horjunyndan iki sany köne don bilen iki sany köne telpek çykardy. Bu zatlar Hapby atamyzyňkydy. Dürje enemiz: – Geýiň bulary – diýdi. – Ötükden geçýänçäňiz biriň-ä Hapby, biriňizem Öwenne bolarsyňyz. Kinä başlanar, welin, bu soýkalaryňyzy sypyraýyň. Biz Dürje enemiziň hyýalyna indi düşünip gülüşdik. Annak maňa: – Men Hapby atamyz bolaýyn? – diýdi. – Keýpiň kelläňde. Menem Öwene aga ekenim-dä – diýip, onuň bilen ylalaşdym. Birdenem oňa degesim geldi – Ýöne, Annak, sen Hapby atamyzyňky ýaly gözüňem-ä ýumup ýöremeli borsuň. – Ah-heý, Meleje inerçäm, bu taýdakylar seniň Hapbyňy nireden görüpdir, Öwennäň haçan duşupdyr. Ýöne o pahyryň atlary dilime geldi-de, aýdyp goýberdim. Bu ýerde maksat: Hapby bol, Sapby bol, Öwenne bol, Nunna bol, gepiň jontugy, ýaşuly bol-da. Ýöne ýöräňizde eglibräk ýöräň. Adamlaryň ýüzüne kän seretmäň – diýip, Dürje enemiz düşündirdi. Annagam, menem dondur telpekleri geýdik. Donlaram, telpeklerem ikimize-de ulurak, holpugrak boldy. Dürje enemiz horjunynyň düýbünden bir düwünçejik çykardy. Düwünçegi çözdi welin, onda biziň dakynmaly sakgallarymyz bar eken. Dürje enemiz olary Hapby atamyzyň eleşan bolan possunyny gyrkyşdyryp, ýörite ýasapdyr. Annak: – Aý, men-ä sakgal dakynjak däl. Utanýan – diýdi. – Dakyn, Annak inerçäm, dakyn. Utansaň kino gidip bilmersiň. Annak alaçsyzja razy boldy. Biz iki gyrasyna çatylan sapajyklary ýeňsämize berkidip, eňeklerimize “sakgallarymyzy” dakdyk. Dürje enemiz pagtajyga süýkäp, gazanyň garasyny-da getiren eken. Murt ýerimizi-de şondan çalmaly bolduk. – Hany, ýörüň inerçelerim. Işiňiz şowly, murtuňyz towly bolsun – diýip, Dürje enemiz bizi öňüne düşürip, kinoteatryň gapysyny alyp gaýtdy. Haýran galaýmaly: Kassanyň agzynda adam-gara ýokdy. – Häý, bildiň bary gutaran bolaýmasa. Bar, ýet, Meleje inerçäm! Bilet almak gezegi bu sapar seniňki – diýip, Dürje enem meni kassa ugratdy. Men kassanyň deşiginden diňe “sakgalymy” görkezibrägede, pulumy uzadyp, sesimi ýognaslandyryp: – Gyzym, üç bilet ber – diýdim. Kassadaky aýal maňa üns bermän, pulumy aldy. Ýöne biletleri uzatjak bolanda, ýüzüme geňirgenip seretdi, ýylgyrjak ýaly etdi. Men hasyr-husur biletleri aldym-da, hyrra yzyma öwrüldim. Kinoteatryň gapysyndan girenimizde bir hili bolup gitdik. Zalda çagalaryň jagyl-juguly gelýärdi. Bilet barlaýan aýal Dürje enemizi derrew tanady. – Eh-e, jora, sen ýene gelýäňmi? – Näme, gelmän. Gelmek maňa gadagan açdymy? – Ýok-la… Ýöne ýene eşekli gelen-ä dälsiň? – Siz eşekli geler ýaly etdiňizmi?! O janawary diri ýitirim etdiňiz. “Iki aýakly” maşyn edindim. Şonuň bilen geldim. Bilet barlaýan aýal Dürje enemiziň ýaňsysyna düşünmedi: – Tüweleme, sen-ä zor ekeniň, jora, maşyn dagy sürüp bilýän bolsaň. Maşyn gutly bolsun! – Onuň indi bize gözi düşdi – Wiý, sen-ä obaň ýaşulularynam getiräýipsiň… – Birdenkä-de ol el çarpyp, arkan-ýüzin gaýşyp, gülmäge başlady: – Aýu, bu neressejikleri bu güne salmasaňam, bi kino goýberilýäňiz ahyryn. Bu kino çagalar üçin. Dürje enemiziň ýüzi üýtgäp, eginleri sallanyp gitdi: – Nätdiň-ä, gyz. Serpmeden gaýtarylan ýaly edäýdiň-le bizi. Hany hol günki, on alty ýaşyna ýetmediklere görkezilmeýän kinäňiz dälmi bi artyp? – Ýok, ol bizde diňe üç günlüjek görkezildi. – Wah-eý, “piliň gulagynda” uklapdyrys-ow. Indi bolmazmyka, gyz? – Kim bilýär – Bilet barlaýan aýal gülküsini kesdi-de, çynlakaý görnüşe girdi – Ýöne bolaýsa-da gapdalyndaky nökerleriň goýbermen. Sakgal dakynsalaram, don-possun geýselerem tanaryn. Eşitmedik diýmäň! Ol ýene gülmäge başlady. Biz toýdan kowlan ýaly bolup yzymyza dolandyk. Şodur-da-şodur, Dürje enemiz gaýdyp biz bilen şähere kino gaýtmady. Ýöne oba kino gelende, wagtal-wagtal gidäýmäni tapdy. Başga-da bir eşidäýmeli geň zat: toý-ýasda bolaýmasa, kellesine topby geýmesini goýdy. Sekizinji bap. Biziň “Jerenlä” gidip, syýahatçy Magellanyň “Duzluja” gelmäge wagtynyň bolmaýşy, Dürje enemiziň ýaryşda üstün çykyp, “Durna gonan oýda” ik egrişi, Reýhan Arabyň çölde uklap galyp, keýikleriň ýanyna ýetip bilmeýşi. Töremyrat mugallym kanikula çykdygymyz bizi hökman ekskursiýa ýa-da gezelenje äkidýärdi. Ýöne ol şonuň öň ýanynda biz bilen ýygnanyşyk geçirýärdi. Ol ýygnanyşygy hem belli syýahatçylaryň syýahat edişi hakdaky gürrüň bilen açyp, onsoň bizi nirä gezelenje äkitjekdigini aýdardy. Gezelenç wagtynda özümizi nähili alyp barmalydygymyz barada düşündirerdi. Töremyrat mugallym bu ýaz kanikulyna çykan günümizem ertirki gezelenjiň maslahatyny etdi. Ol klasa girip, biz bilen salamlaşandan soň, söhbetini Magellanyň dünýäni syýahat edişinden başlady. Ol muny şeýle bir gyzykly gürrüň berdi welin, biz özümizi hamana Magellan bilen syýahat edip ýören ýaly duýduk. – Magellanyň syýahaty boýunça maňa sowalyňyz barmy? – diýip, Töremyrat mugallym ýüzümize göz gezdirdi. Şol wagt Annak partasyny şakyrdadyp, ýerinden galdy: – Mende bar. Magellan syýahat edip ýörkä, biziň obamyza-da geldimikä, ýoldaş mygallym? Okuwçylar ala-pakyrdy bolşup gülüşdiler. Hatda Annagyň sowalyna Töremyrat mugallymam myssa ýylgyrdy. – Näme gülýäňiz? Gelse gelendir-dä, siz nä bilýäniz? – diýip, Annak gyzaryldy. Töremyrat mygallym stoly tyrkyldadyp, klasy ýuwaşatdy-da gaşyny çytybrak Annaga jogap berdi: – Jümmiýew, Magellanyň oba-oba syryp ýörmäge wagty bolmandyr. Ol, esasan, gämi gatnawly ýerlere syýahat edipdir diýip men aýtdym-a. Düşündiň gerek?! Annak ýeňsesini gaşap oturdy. Emma yzy bilen ýene ýerinden turdy: – Ýoldaş mugallym, menem dünýä syýahata gidäýsem bolarmy? Klasy ýene gülki gaplap aldy. Töremyrat mugallym bolsa, bu sapar ýylgyrmady. Ol gözlerini alardyp, Annaga süýem barmagyny uzatdy: Sen, häzir dünýä syýahat etmegi başarmarsyň, Jümmiýew! Ýitip ile görgi bolarsyň. Ynha, goçal, ylymly-bilimli adam bolup ýetiş! Onsoň, isleseň, dünýäniň daşyny on gezek torç et. Ol öz işiň. – Meleje bilen gitsem bolmazmyka, ýoldaş mugallym? – Bolmaz! – diýip, Töremyrat sesini gataltdy. Näme Melejäni özüňden dogumlydyr öýdýäňmi? Gowusy, siz ertir Nagym gala ekskursiýa gitmegi bir başaryň. – Ýene Nagym gala gitmelimi, ýoldaş mugallym. Geçen saparam şoňa ekskursiýa gitdik – diýip, Annak oturyp bilmän dillendi. – Nagym gala näçe ekskursiýa etseňizem, entek az. Onuň her kesegi, her bir daşy uly taryh ahyryn. – Bu gezeklikçe “Jerenlä” gideliň-le, ýoldaş mugallym. – “Jerenlä” gitmek üçin ýörite bir maşyn gerek. Maşyn bolsa kolhozçynyň öz işine ýetenok. – Eşekli gitsek bolmazmy? Okuwçylar ýene gülüşdiler. Töremyrat mugallym syçrap ýerinden turdy. – Jümmiýew, utanaňokmy mugallym bilen ýaňkalaşyp durmaga?! Nagym gala gitseň-ä git, gitmeseň-de özüň bil. – Ol soňra okuwçylara ýüzlendi. – Onda ertir hemmäňiz irden sagat dokuza mekdebe ýygnanşarsyňyz. Iýjek-içjegiňizem unutmaň. Agyr eşik geýmäň. Pyýada gitmelidiris. Töremyrat mugallym klasdan çykyp gidensoň, biz hem ertirki boljak ekskursiýa hakda ala-goh edişip, öýli-öýümize ugradyk. Annak keýpsizdi. – Ertir onda Nagym gala gidýäris-dä? – diýip, men oňa habar gatdym. Annak gahar bilen elini silkip goýberdi: – Nagym gala giderinm-aý?! Onuň ziňňerip duran dört sany diwaryndan başga nämesi bar? Onuň taryhyny bolsa Töremyrat mugallym öňki sapar agzy ýadaýança gürrüň berdi. Seniň özüň bil, men-ä “Jerenlä” gitjek. Onuň süri-süri keýigini, sonarly meýdanyny göreniň nämä degmeýär. “Jerenli” hakda Annak ikimiz Jümmi agadan köp eşidipdik. Ol bir wagtlar şol ýerde kolhozyň goýnuny bakypdyr. “Jerenli” diýilýän ýer diýseň owadan, sähralyk bolmaly. Ol taýda ýaz aýlary guşaklygyňa ýetip duran dürli otlar, gül-gülälekler paşyrdaşyp otyrmyş. Şol otlaryň, gül-gülälekleriň arasynda bolsa keýikler süri-süri agynap ýörenmişin. Annak ikimiz “Jerenlini” görmegiň, onuň keýiklerini synlamagyň köp wagtdan bäri arzuwyndadyk. “Äkidäý” diýip, Jümmi aga-da ýalbardyk. Emma Jümmi aga: “Çöl hemme kişiniň ýeri däldir. Siz çöle ýaramarsyňyz. Sizi äkitmek-getirmegem görgi. Ynha, mekdebi gutararsyňyz welin, çöle ymyklyja baraýarlar” diýiň, garşy çykypdy. Bolsa-da, Annagyň bu wagtky “Jerenlä” gitjek” diýip, aýagyny depip durmasy maňa kem ýaramady. Ýöne meni bir zat biynjalyk etdi: – Azaşmazmyň? – Azaşman. Nagym galadan geçip, giň sähra bilen göni gündogarlygyna tutduryberseň, “Jerenlä” barýanyňy sen kakamdan eşitmediňmi? – Menem seniň bilen gidýärin, Annak. – Gitseň, dost jan, ertir daňdan sagat altyda men saňa ýeketuduň aşagynda garaşaryn. Eşegiňi mündejik, şol ýere baraý. Ýöne hiç kime duýdurmagyn. Bilseler, goýbermezler. – Meni gaýgy etme, Annak! Biz ýol üstünde aýrylyşdyk. Gijäniň köpüsi hysyrdy bilen geçdi. Öýdäkilerden gizlin ullakan horjunymyzyň gözlerini iýer-içer ýaly zatlardan doldurdym. Eşegimizi gaýta-gaýta naharladym. Ýatmazymyzyň öň ýany bolsa, ony gaňňalap goýdum. Daňyň ilkinji horazy gygyranda, men ýalpa gözümi açdym. Içerdäkileriň hemmesi sarsman ýatyrdylar. Men ýuwaşlyk bilen ýorgandan sogrulyp çykdym-da, pişik basyşyny edip, eşek ýatagymyza geldim. Öten agşamdan bäri owuz ýaly ýumşajyk gökje ýorunja bilen çaýry agzyndan aýyrmansoň, eşegimiz dikgerip durdy. Ol maňa gözi düşenden aňňyrjak boldy. Hynçgyryp ugrandan, men onuň burnuny gysdym. Ol gulagyny salpardyp, sessiz-üýnsüz duruberdi. Men syrkyn küdesinde gizläp goýan horjunymyzy eşegiň üstüne atdym. Özümem münemsoň, eşegiň başyny ýeketuda tarap öwürdim. Ýeketut obamyzyň demirgazyk çetindedi. Tilagajyň başyndaky radioda sagat altynyň zaňy kakyldy. Bo-how, wagt bolaýan oguşýa. Men böwrüne depip, eşegimi gyssadym. Basym hellewläp oturan ýeketut göründi. Emma onuň aşagynda ne Annak bardy, ne-de eşegi. “Beý, näme üçin gelmedikä?” diýip, iňkise gitdim. Oýun edip gizlenendir öýdüp, “Annak, Annak!” diýip gygyrdym. Ses beren bolmady. Birdenkä-de golaýda toýnak güpürdisi çykdy. Görsem, Annak ullakan ak eşegi ýüzin saldyryp gelýär. Ol eşegiň Dürje enemiziňkidigini men bada-bat tanadym. Annak ýanyma gelensoň, onuň näme üçin gijä galanam, öz eşegine münmän gaýdanam maňa aýan boldy. Kakasy eşeklerine münüp, gowaça suw tutmaga gidipdir. Jümmi aga güni guşluk etmän hem öýlerine dolanjak däl. (Kakasy öň köplenç işe tigirli gatnansoň, Annak arkaýyndy). Onsoň Annak alaç tapman, Dürje enemiziň ýatakda duran eşegini soraman-duýdurman münüp gaýdyberipdir. Biz Gün dogmanka, Nagym galadan geçdik. Ondan aňry ýaýlyp ýatan sähralykdy. Basym altyn şöhlelerini lowurdadyp Gün dogdy. Onuň ýiti tyglaryna başlaryny sähra şemalyna ülpüldedip oturan otlardyr gülälekleriň çyglary bulduraşdy. Bu görnüşe meniň keýpim göterildi. Annaga: – Gel, çapyşaly – diýdim. – Ýok, çapyşsak, eşekler ýadar. – Ýadasa, düşüp dem-dynçlaryny beräýeris. – Beýdip ýörmäge biziň wagtymyz ýok. Basym öýe-de dolanmaly – diýip, Annak horjunyndan nan aldy-da, iýmäge başlady – Onsoňam eşekleriň güýjüni aýamaly. Agşama çenli onuň üstünden düşmeli däl. – Iýsek-içsek nätmeli? – Şonda-da eşegiň üstünden düşmeli däl. Dem-dynjymyzy diňe agşamlyk almaly. – Eşekler ot iýmeli dälmi? – Agşam iýeni ýeterlik. Bir-iki gün horlanar, soň öz-özleri öwrenişer gider. Şeýtmesek, ýol öndürmeris, Meleje! Men Annagyň pikirini makul gördüm. Ýöne welin uzakly gün gaty gaňňanyň üstünde haltyldap oturaýmak aňsat däl eken. Giçlik eşekden düşenimizde, endamymyz soka salnan ýaly syzlaşyp durdy. Eşek janawerleriňem ýadawlykdan ýaňa gulaklary sallandy. Amatlyrak ýeri peýläp, şo taýda düşledik, ot ýakyndyk. Öňümize iýer-içer ýaly zatlary alyşdyrdyk. Juda ýadaw bolamyzsoň, iýip-içip hem ugrumyz bolmady. Derrew ýatmak bilen bolduk. Ertesi irden Annagyň gohy meni ukudan oýardy: – Meleje, tur işimiz gaýtdy. – Hä, näme boldy? – diýip, men zöwwe ýerimden galdym. – Meň eşegim ýok. – Näme? – Dürje enemiziň eşegi ýok diýýän men saňa – diýip, Annak aglamjyrady. Men Annagyň eşegini daňan ýerine ylgap bardym. Tebleli uzyn tanap gök otuň üstünde ýylan ýaly süýnüp ýatyrdy. – Möjek iýendir diýip, Annak burnuny çekdi. – Mümkin. – Meniň göwnüme güman giden bolsa-da, Annaga göwünlik beresim geldi: – Annak, senem dargursak bolýaň-aýt. Ol möjege el berjek janawermi? Bir goşa toýnagy salsa, “Waý, gözüm-aý, waý, gözüm, ylaýta-da çep gözüm” diýip, uwlap ýatan möjegiň bardyr-da. – Paý, kiş-ä paňkyldaýar-a. Seň şol seňkildewügiň möjek bilen oýny deň gelermi? Nädersiň, möjegiň garasyny görende tezekläberse. Öwme! Dürje eneň eşegem iliňkiden artyk däldir – diýip, Annak ýüzüni turşatdy. – Aý, gaty beýle däl bolaýmasyn, Annak. Näme diýseňem, ikimiziň eşegimiz-ä gaýra duruzýar şol – diýip, men ýylgyrdym-da, bir bolan wakany oňa ýatlatdym. Bir ýola men, Dürje enem, Annak üçümiz “Durna gonan oýa” eşekli ota gitdik. Şol gün Dürje enemiziň keýpi diýseň çagdy. Ol: – Äýu, inerçelerim, geliň, çapyşalyň. Kim ozsa, şoňa ot ýygyp bermeli – diýdi. Biz Dürje enemiz oýun edendir öýtdük. Emma onuň gara çyny eken. Onsoň ýoluň ortasynda keseligine göni çyzyk çekdik-de, eşeklerimizi des-deňje duruzdyk. Dürje enemiz “Eňdik, inerjelerim!” diýip ýaglygyny galgadandyr welin, üçümizem eşeklerimiziň böwrüne depişip, “hyh-da hyh” diýşip, çapyşyga goýberendiris. Annak ikimiziň eşeklerimiz ilki bir öňe saýlanan ýaly etdi-de, soňundanam Dürje enemiziň eşeginiň tozanyna galyberdi. Ol şol öňümize geçişine-de, aramyza ep-eslije menzil goýup, eşeklerimize zyk etdirmän, “Durna gonan oýa” bardy. Ýaryşda utulansoň onuň şertine-de kaýyl bolaýmaly. Annak ikimiz-ä hars urup, Dürje enemize ot ýygyp berdik. Ol bolsa, ýumşajyk otuň üstüne haltasyny ýazdy-da, özi hem şonda oturyp, tä öýe gaýdýançak ik egirdi. Annak bu bakany ýatlap ýylgyrjak ýaly etdi-de, uludan demini alyp, boýuny sallady: – Dost jan, eşeklerimizi gaýra duruzsa-da, ileri duruzsa-da indi gaýdyp, biziň oňa ýüzümiz düşmese gerek. – Onda yzymyza gaýdybereli, Annak. – Goýsana biderek gürrüňi, Meleje. Oba gaýdanymyz bilen Dürje enemiziň eşegi direlip gelýärmi, gowusy, ýolumyzy dowam edeli. Men pyýada ýöräýerin. Biz garbak-gurbak edindik-de, Annagyň zatlarynam meniň eşegime ýükläp, ýola düşdük. Birsellem Annak germeçläp ýöredi welin, ýöne soňabaka mytdyldap başlady. Onuň ýadany belli. Men Annaga dözmedim, ony eşegime mündürip, özüm pyýada ýöredim. Biz şeýdip, gezekleşip gidiberdik. Gün aňňat-aňňat depelerinň aňyrsynda gizlendi. Giň sährada garaňky gatlyşdy. Biz halys ysgyndan gaçyp, gök ýylakly alaňyň üstüne özümizi goýberdik. Meniň ýerimden galmaga hem rowgatym ýokdy. Annak öňümde çaý bilen iýer ýaly odur-budur zat goýdy. Iýip-iýip, men birneme ysgynyma geldim. Sähra ýeriniň boz otlaryndan gerejigini edinen eşegimiňem ýadawlygy aýrylan bolmaga çemeli. Ol “Hany, ýolumyzy dowam etdireliň, münüň arkama” diýýän şekilli, bize seredip, gulaklaryny hekgerdip dur. Men eşegimi öwmäge başladym: – Görseň, zordur meniň eşegim, Annak. Ikimizi dazladyp alyp gaýdyberendir. – Öwmesene şol burny ýirigiňi. – “Burny ýirik” diýip, göwnüýetmezlik etme, halypa. Seniň eşegiňem owadan zat däl. Guýrugy dagy näteňet, kesewi ýaly – Meniň şu sözüm Annagyň diline badak atdy. Ol ýeňsesini tüňňerdip, aňyrsyna öwrüldi – Oýun edilýändir-ow, Annak. Göwnüňe alaýma. Annak sesini çykarmady. Ol şol aňyrsyna bakyp ýatyşyna-da uklap galdy. Ertesi daň bilen ýola düşdük. Kä ýaýylyp ýatan tekiz, kä aňňat-aňňat depeli sähra bilen gidip barýarys. “Jerenlä” bolsa gözümiz düşenok. Men Annaga: – “Jerenlä” haçan ýeterkäk? Eýýäm näçeler ýol geçdik. Belki yzda galandyr? – diýdim. – Yzda galarm-aý. Ýeten bolsak, süri-süri keýik görerdik ahyryn. Annak eşekden düşüp, meni mündürdi. – Ýöräber, Meleje, dost ýöräber. Barsak, “Jerenlini” keýik sürüleri aýdar. Biz dynuwsyz iki günläp ýöredik. Üçünji gün iýere zadymyzam, içere suwumyzam gutardy. Dilimiz kendirik ýaly gurap, içimiz eljuk diýýärdi. Asmandan bolsa nem damanokdy. Men howsala düşdüm: – Annak, biz aç-suwsuz öleris. – Aýdýanyň näme? Çydamlyrak bolsana – diýip, Annak guran dodagyny ýalaşdyrdy – Ynha, öňümizden çopan goşy çykar. Olar iýmek-içmekden horjunymyzy doldurarlar weli, onsoň gidibereris. Men Annagyň sözüne kuwwatlanan ýaly boldum. Ýuwa-ýelmikden ölmez-ödi edinip, biz ýolumyzy dowam etdirdik. Çopan goşuna ýeteris umydy bilen gije-de hiç ýerde düşlemedik. Ýapbyldap gidip barşymyza öňümizde keserip ýatan ullakan depä gözümiz düşdi. Depäniň üstüne çykyp, aşak seretdik, bir ot görünýär. – Men aýtmadymmy, çopan goşuna duşarys diýip. Indi gözüň bilen gördüň gerek, Meleje dost? – diýip, Annak meniň egnime kakdy. Men oda ýetmäge howlukdym. – Ýör, basymrak baryp, garnymyzy bir ýazaly. “Gündiz salgyma gitme, gije oda” diýleni-dä. Ot gaty uzakda eken. Oňa ýetýänçäk öňküje bar ysgynymyzdan gaçyp, gözümiz garaňkyrap, başymyz aýlanyberdi. Onuň başynda daýaw bir adam haýdap, bir zatlar iýip otyrdy. Onuň gapdalynda bolsa gozakly motory durdy. Oda golaýlaşanymyzdan ol ýanynda ýatan goşasyny garbap alyp, bize tarap üşerildi: – Eý, kim bar o taýda? Annak ysgynsyzlykdan ýaňa eşege ýaplanyp, naýynjar seslendi: – .. – Siz kim? – Annak bilen Meleje. “Duzluja” obasyndan. – Men seniň Annagyňy nä bileýin, Melejäňi nä bileýin. “Duzlujaň-da” gören ýerim däl. Menden dalla isläp gelen bolsaňyz-a, geçiň oduň başyna. Pyglyňyz erbet bolsa-da, göteriliň şu ýerden. Ýogsam, ikiňizem duran ýeriňizde garsyldadaryn. Meniň endamym tikenekläp, depe saçym üýşüp gitdi. – Biz aç. Suwumyzam, nanymyzam gutardy. Kömek ediň, agam – diýip, men aglamjyrap gepledim. – Onuň ýaly bolsa, geliberiň. Siziň entek burnuňyzyň suwludygy görnübem dur-la. Ol ha-haýlap güldi. Biz eşigimizi örkläp, onuň ýanynda jaýlaşdyk. Oduň ýagtysyna onuň ýüz-gözi indi aýyl-saýyl bolup durdy. Onuň gözi Annaklaryň gölesiniň gözi ýaly möledi. Burny ters oturan gurbaga ýaly haýwankädä meňzäp duran ýüzünde paşaryp ýatyrdy. Dürje enemiziň geçisiniň çöpüri ýaly murty bolsa bir gapdala gyşaryp ýatan giň agzynyň üstüne sallanyp durdy. – Gezelenje dagy çykdyňyzm-ow, malaýlar! – diýip, ol iýip oturan ýaş sogany bilen nanyndan bize-de uzatdy. Biz nandyr sogany açgözlük bilen alyp, agzymyzyň ýetişdiginden iýmäge başladyk. – Hawa – diýip, Annak owurdy nandan dolup duransoň, zordan gepledi. Mölegöz biziň öňümizde ýene üç-dört sany ýaş sogan bilen bir bölek nan goýdy. – Gezelenje dagy çykan bolsaňyz, ýanyňyza tüpeň dagy almaly ekeniňiz. – Biz tüpeň atyp bilemizok-da – diýip, Annak ýaňky nanyň ýarysyndan gowragyny bölüp aldy. – Häý, sizem-ä sölite bolýaňyz-ow. Hi şu ýaşda-da tüpeň atmany başarmazlarmy?! Men sizdenem malaýkam tüpeň atyp bilýärdim. – Ol boşan käsesine taňkasyndan çaý guýup, ikimiziň aramyzda goýdy. – Eşider bolsaňyz, meniň bir daýym bardy. Ol belli awçydy. Keýigiň dagy göni gözünden urýardy. Maňa-da tüpeň atmany, aw etmäni, ana, şol daýym öwretdi. Meni şu ýerlere ilkinji awa getirenem daýymdyr. Ol şonda maňa keýik awlamagyň gyzykly bir usulyny öwredipdi. – Be, o nähili usulkan-aý? – diýip, Annak gyzyklandy. – Häzir, howlukma – Melegöz, uludan gägirdi-de, gürrüňini dowam etdirdi. – Hawa, ol gün ýazyň ahyrky günleri bolansoň, howa-da bijaý gyzypdy. Gyzgyn çägeden howur göterilýärdi. Daýym öňümde, menem yzynda onuň her ädimini yzarlap barýan. Biz goş-golamlarymyzy amatlyrak bir ýerde goýanymyzdan soň, keýik awlamagyň ugruna çykdyk. Birdenkä daýym özüni ýüzinligine goýberdi. Men oňa bir zat bolaýdymyka diýip, ýanyna ylgap bardym. Daýym egnimden aşak basdy-da: – Ýat! – diýdi. Men onuň gapdalynda süýndüm. – Görýärmiň ol keýikleri! Daýymyň barmagyny uzadan tarapyna seretsem, salgymyň içinde bir gyrmyldy bar. – Şol gyrmyldy keýikmi, daýy? – Şol keýikdir, ýegen. Özem bir süri keýik. Hany, derrew eşikleriňi çykar. Daýymyň özi-de ýatan ýerinden eşiklerini çykarmaga başlady. Men ör-gökden geldim. – Näme üçin, daýy? Daýym çüw ýalaňaçlanyp, maňa dişlerini gyjyrdatdy: – Ah, ýegen, gümbaş bolýaň-ow. Çüw ýalaňaç bolsaň, endamyň çägä meňzeş bolup, keýikler seni görenok. Bol, çykaryn-da, düş yzyma. Annak birdenkä hikirdäp güldi. Melegöz oňa gahary geldi: – Nämä böwregiň bökýär-aý, malaý? Annak heniz hem gülküsini saklap bilmän: – Daýyň ikiňiz çüw ýalaňaçlanyşyp durmaga utanmadyňyzm-a? – diýdi. – Paý, kiş-ä gürled-ow. Erkek bolup, erkegiň ýanynda ýalaňaçlanmagyň näme aýby bar. Köpçülik bolyp, hammamda bir jaýda suwa düşülenokmy! Şonuň ýaly bir zatdyr-da bi hem. Seniň özüň hammamda ýuwunaňokmy? – Ýuwunýan. Ýöne kolkozyňka gidemok. Ýa özümiziňkide ýuwunýan, ýa-da Melejeleriňkide. – Bile-de düşýän wagtlaryňyz bolýarmy? – Bolýar. – Şonda ýa eşikli suwa düşýärsiňizmi?! – Ýok-laý, eşiklem suwa düşüp bormy. Çup ýalaňaç. – Ýeri, onda merk gerekmi, biderek kelläni agyrydyp otyrsyň sen. – Mölegöz kürtdürip durdy. – Men nirede galypdym-a? – Ýalaňaçlanýan ýeriňizde – diýip, men onuň gürrüňine gop berdim. – Hawa, men ýalaňaçlanyp, daýymyň yzyna düşdüm – diýip, Mölegöz sözüni dowam etdi. – Awçylygy öwrenjek bolsaň, nätjek-dä. Daýym keýiklere bakan süýşenekläp barýar. Menem onuň yzyndan barýan, gurşun ýaly gyzgyn çäge bolsa endamymy ýakyp gelýär. Men gyzgyna çydaman: – Daýy, men galaýyn-la. Bişip barýan – diýdim. Daýym yzyna öwrülip jabjyndy: – Sen oglan meni oýnatgydyr öýtdüňmi? Ozal-a awçylygy öwret diýip, gulak etimi guratdyň. Indi näme, götinjekläp dursuň. Häk, kemalsyz. Men daýymyň mundan artyk gaharyny getirmejek boldum-da, sesimi çykarmadym. Bişip barýan garnymyň agyrysyna çydaman, gözümden boýur-boýur ýaş dökülse-de, suwulgan ýaly bolup, daýymyň yzyndan süýşüp gidip barýandyryn. Indi otlaşyp ýören keýikler mese-mälim görnüşip ugrady. Olar bolsa bizi görenokdylar. Daýym saklandy. Tüpeňine ok sürüp, maňa: – Indi demiňi alaýmagyn – diýdi. Ol keýikleri nyşanlap ýatyr, nyşanlap ýatyr. Menem haçan gümpüldi çykaýarka diýip galpyldap ýatandyryn. Şol barmana-da göbegim bijaý awap gitdi. ”Wäkg-eý” diýip, bir gapdala böküp düşdüm. Atly garyjanyň üstüne ýatan bolsam nätjek. Meniň çirkin sesime daýymam erbet tisgindi. Tüpeň bolsa keýiklerden sowa atyldy. Mölegöz gürrüňi şu ýere ýetende taňka gaýnan ýaly bolup gülmäge başlady. Biziň welin, näme üçindir, gülkümiz tutmady. Gaýta Mölegöze gaharymyz geldi. Ol ýaşaran gözüni elýaglygy bilen süpürip: – Men şol usul bilen soň-soňlar kän keýik awladym – diýdi. – Indi näme, o döwürdäki ýaly ýalaňaçlanyp aw awlanýarmy? Indi maşynyň, matoryň çyrasynyň jany sag bolsun. Tüm ýaly garaňkyda keýikleriň gözüne tutýaň welin, edil magnitlenen ýaly duruberýär. Gaçanynyň yzyndanam tüpeňiň oky ýetýär. Bokurdagyma gaty bir zat giden ýaly bolup, men erbet düwnükdim. Annak hem agzyna ýetirip barýan nan bölegini ýere goýdy. – Siz çaý içmediňiz-ow, oglanlar, sowap gidendir. Mölegöz bize guýan çaýyny başyna çekdi. – Şu wagt bir sellem ýöresem, göni keýikleriň üstüne barýaryn. Ýöne gaty ýadapdyryn. Obadan ýaňy gelip durşum. Siz gümür-ýamyr edip oturyň. Ýarym sagat ýaly gözümiň awysyny alamsoň, meni turuzyň. Ýöne siz uklaýmaň, ýogsa, menem ýatyp galaryn. Oýarmasaňyz, menden turan ýokdur. Mölegöz pil ýykylan ýaly bolup, bir ýaňa gyşardy. Basym onuň horruldysy gelip ugrady. Birdenkä meniň göz öňümde şeýle zatlar janlandy: tüm ýaly garaňky. Mölegöz motoryny gaty sürüp, giň sähra bilen gidip barýar. Ynha, onuň öňünden keýik sürüsi çykýar. Motoryň gözüňi ýakyp barýan çyrasy olary sakga duruzýar. Mölegöz bolsa öňüne kese basan goşasyny alyp, keýikleri atyp ugraýar … Men demigip-demigip dem aldym. “Göroglydaky” Reýhan Araby ýada salyp ýatan Mölegöze gorky hem-de ýigrenç bilen seretdim. Egnime ýaplanyp oturan Annagy yraladym. Ol irkilen eken. Annak ukudan oýandy. – Ýör, gideli, Annak. – Ol turanok dälmi? Ýör. Biz ýuwaşlyk bilen zatlarymyzy alyşdyryp, eşegimiziň ýanyna bardyk. Annak bir zat ýadyna düşüp, hyrra yzyna öwrüldi. Gelensoň bolsa: – Motorynyň tigirleriniň ýelini goýberdim ¾ diýdi. Men: – Diýmek, ýaňky Mölegözüň aýdyşyna görä, “Jerenlä” ýetmek üçin öňe ýöremeli. Ýöne Mölegöz yzymyzdan ýetse, näderis? ¾ diýip, Annagyň ýüzüne howsala bilen seretdim. – Indi aňsat ýetmese gerek. Motorynyň tekerlerine ýel bermegem oňa iş bolar. Ýöne şundan çaltrak bir daşlaşaly. Galanynam görübereris. Belki, çopanlara duşarys. Biz eşege syrtlaşyp mündük-de, gündogarlygyna tutduryp ugradyk. Iki gözümizem töweregimizde. Keýik göreris öýdýäris. Birdenkä garşymyzdan ýel öwsüp başlady. Ol aşyrym-aşyrym öwsüp, soňunam ýagşa tutdy. Ýyldyrym gyzyl ot bolup çykýardy. Ýagyş asmandan doly ýaly inýärdi. Biz eýýäm süllümmaý ezilipdik. Töwerekde bolsa ykyşara zat ýokdy. Men gyssanjyma Annaga: – Indi nädeli? – diýdim. – Özüňi ýitirme. Biz ýagyşdan ýeňilmeris – diýip, Annak eşegi şemala tarap kese duruzdy. Özem bärsinde durdy-da, meni çagyrdy. – Gel bärik, eşek bize ykyşak Menem Annagyň gapdalyna baryp durdum. Eşek ýagşa pena bolmasa-da, şemaly birneme saklaýardy. Ýöne barha onuň aşagyna dykylýarys. Eşek janaweriňem gitdigiçe eňkamy gaçyp, gulaklary sallanýar, aýaklary ýer tutman, garny zol biziň kellämize direlýär. Bireýýäm daň atyp, ýalançy ýagtyldy gitdi. Ýagyş goýarly däldi. Ala şabyrdy bolup, guýup dur, guýup dur. Depämizde kimdir biri gök gübürdän ýaly bolup gepledi: – Eşegiň aşagynda näme işleýäňiz-ow? Biz allaniçiksi bolşup, ýokarymyza garadyk. Düýeli bir adam üstümize abanyp dur. Onuň ullakan burny ýüzüne çenli basyrynan sary brezent plaşyndan somalyp çykyp durdy. Ol adam düýesinden syrylyp aşak düşdi. – Näme beýdişip dursuňyz? – Ýagyşdan penalanýarys, agam – diýip, Annak maňňyldady. – Nirä barýaňyz? – “Jerenlä”. – “Jerenlä” ? – Ol adam ýüzümize siňe-siňe äňetdi. – Baý-ba, “Jerenli” nirelerde galdy? Ýolda bir kese depe görensiňiz-le. Ana, şonuň aňyrsy “Jerenli” diýilýän ýer bolmaly. Ýeri, “Jerenlini” näme etjekdiňiz? – Keýik görjekdik – diýip, men ýuwdundym. Ol adam hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. – Ah, oglanlar, indi “Jerenlide” keýik galdymy diýsene. Olary brakonýorlar gyryp gutardylar. Indi keýikler gündogara çekilýär. Onda-da wagşylar olary gününe goýanoklar. Men oýlanyp durdum-da, “Diýmek, Mölegözem brakonýor-ow” diýen netijä geldim. Onsoň ol hakda gürüň berdim. – Men onuň motorynyň tekeriniň ýelinem goýberdim – diýip, Annak meniň sözümiň yzyny ýetirdi. Burunlak adam: – Şon-a oňarypsyň, jigim – diýdi. – Ol diýýäniňizi gowy tanaýan. Ol Aryklardan Garmämmet awçynyň ýegeni Ataş güp bolmaly. Birugsat keýik awlaýany üçin ol köpden bäri göz astyna alynýardy. Indi Ataş güp sypmaz. Goşumyzda brakonýorlary tutýan adam bar. Şoňa aýdaryn. Hany, ýörüň onda, men sizi goşa elteýin. Özüňize geliň. Ol düýesini çökerdi. Ikimizem onuň üstüne mündürdi. Eşegimizi nogtalap, düýä tirkedi. Ýaňky burunlak adam bizi goşuna getirdi. Onuň özem çopan eken. Çopanlar haýal etmän, eşiklerimizi çalşyryp bizi ojar odunyň başynda oturtdylar. Täzeje goýun etiniň çorbasyndan gerk-gäbe doýduk. Indi biziň gözümiz burlup, ýere siňip barýas. Çopanlar ikimizem ýylyjak içmege dolap ýatyrdylar. Biraz wagtdan soň meniň gulagyma bir gürrüldi eşidilmäge başlady. Men ol gürrüldiniň nämedigini bilesim geldi. Emma uky şeýle bir meýmiredýärdi weli, gözümi açmaga hem ýaltandym. Ol ses galansoň, arkaýyn ukladym… – Aksoltan, gözüň aýdyň, ogluň tapylypdyr – diýen sese tisginip oýandym. Be, bu näme boldug-a? Ýorganyň aşagyndan jykladym. Görsem, öýümizde ýatyryn. Degre-daşym bolsa obaň aýallaryndan doly. Holha, törde kakam bilen Nunna aga, Begim aga dagy hem otyr. Men düýşümmikä diýip, endamymy çümmükledim. Oýalygym ekeni. Töremyrat mugallym gapydan girdi. – Gözüňiz aýdyň, Garaja aga. – Taňry ýalkasyn. – Nädip tapdyňyz? Kakam ardynjyrady: – Gyrmalyň alasynda amaşalaryň çopany Sazak burun gabat gelipdir. Ol goşlaryna eltip naharlansoň, uklap ýatyrkalar, çopanlara azyk eltmäge baran wertelýot bilen bärik ugradypdyrlar. – Şu wertelýot diýýäniňiz gowy zat eken, sakgaldaş – diýip, Nunna aga gürrüňe goşuldy. – Ol eşegiňizem getiräýipdir-aý. – Hawa-aýt – diýip, kakam çilim dolanmaga başlady. Dürje enemiziň sesi gulagyma geldi: – Äýu, Garaja, meniň eşegimem bularyň ýiten gijesi ýitirim boldy weli, äkidäýen-ä däldirler? – Ahmal… – diýip, kakam çilimini otlandy. – Özi geldi dälmi? – Hawa, birküç günden soň içirgisini süýräp geldi, haýran. Öz-ä niredenem bolsa, ýüpüni üzüp gaýdypdyr. – Aý, onda seniňem gözüň aýdyň, Dürje daýza – diýip, Nunna aga myssa ýylgyrydy. – Ýogsa-da, bular çölüň içi bilen nirä barýardykylar? Ýeldirgäp dag-a eden däldirler? – Ýeldirgeme nireden! – Töremyrat mugallym barmagyny çommaldyp, maňa seretdi. – Men bilýärin, bular “Jerenlä” ekskursiýa gidendirler. Ýöne ondanam aňryk geçip gidişlerine men haýran. Gowusy, turzup, özünden soraýaly-la. Ol ýorgany meniň ýüzümden serpdi. Men şol bada uklan kişi bolup gözümi ýumdum. – Aý, degmesene şoňa, Töremyrat molla, ýadandyr ýatsyn-la, bezzatlyk edip, gaçyp gidendikleri üçin käýýäsiň gelse-de, turansoň käýýäber – diýip, Nunna aga kakama ýylgyryp seretdi. – Hany, Garaja beg, ogluň gelenini toýlajak dälmi? Ýaňy baranymda Jümmi-hä semiz bir goýny soýup dur eken. Agşam obany nahara çagyrýar. – Bäý, Nunna aga şony özüň gowy ýatlatdyň. Men-ä Melejämiň gaýgysyndan henizem aýňalyp bilmän otyryn. Özüň gaýrat et-de, Töremyrat mollum bilen ýatakdaky işşekleriň iň semizini derrew kaklasana! – Onuň ýaly işiň biziň ýanymyzda müşgüli bolmaz. Ýör, bakaly, Töremyrat molla! – Baryň, baryň, munuň ýaly ýagdaýda gazanyň gulagyny gyzdyrmasaň bolmaz ahyryn – diýip, Dürje enemiz hem gep atyp galdy. Nunna aga bilen Töremyrat mugallym ýerlerinden tiz gopdular. Dokuzynjy bap. Gully atamyzyň “Duzluja” dirjin getirip, kakamyň Jumanazar agany taýyna kakdyryşy, Jümmi aganyň tigri zawutdan çykan ýaly ýasap, Annagyň oňa “baş öwretjek bolşy”, Dürje enemiziň çapyp barýan eşege böküp münüp, meniň keýpime sogan dograýşy. Kakasy Annaga magazyndan täzeje tigir, ýagny welosiped alyp berdi. Men muňa kemsindim. Meniň hem tigirli bolasym geldi. – Kaka, maňa-da tigir alyp bersene. Ynha, Annagyň-a ýalpyldap duran tigri bar. – Bolýar, oglum. Ýöne entek sürmäni Annagyňkydan ýagşyja öwren. Ýogsa, ýykylyp-sürşüp, tigriňi derrew döwersiň. Annak ökdedir, ozalam sürüp ýörensoň, saňa-da öwreder. Şeýle dälmi, Annak? – diýip, kakam gapdalymda tigriniň o ýerini, bu ýerini süpürip duran Annakdan sorady. “Bolýar, öwredäýerin” diýip, Annak hümürdedi. Men Annaga ýaramsaklyk edip, onuň tigrini süpürişen boldum. Kakam ýanymyzdan gitdi welin, Annak meniň elimi itip goýberdi: – Eliňi ýuwulmadyk çemçe ýaly edip durma-da, aýyr tigirden. Men saňa tigrimde sürmäni öwretjek däl. – O näme üçin, Annak? – Sebäbi, sen muny derrew lagşadyp taşlarsyň. Kemsinmekden, gynanmakdan ýaňa meniň bokurdagym doldy. – Ýeri, ýeri, öýkeläbermesene, Meleje – diýip, Annak egnime kakdy. – Beýdisem, tigir sürmäni öwretmez öýtme. Mende köne tigirleriň şaýlary bar. Şolardan bir tigir ýasarys. Ana onsoň, sen şonda tä keýpden çykýançaň öwren. Meniň özümem kakamyň köne tigrinde öwrendim. Şopurlaram ilkibada täze maşynda öwrenýän däldirler. Bizem şopurlar ýaly-da. Meniň ýüregim ýerine gelen ýaly boldy: – Sagja bol, Annak dost. Täzeje tigir alsam, menem saňa sürdürerin. Annak meni köne bassyrmalarynyň aşagyna getirdi. Onuň aýdyşyça-da bar ekeni. Bassyrmanyň aşagynda tigriň köne-küşül şaýlary depe bolup durdy. Jümmi aganyň münen tigirleriniň şaýlary bolmaly. – Annagyň atasy Gully aga obamyzda ilkinji bolup tigir münenmiş. Oňa “Gully ýelsipetçi” diýen at şondan galypdyr. Özem Gully atamyz tigirden başga ulag münmänmiş. Onuň pyýada ýöränine gabat gelmek gaty kyn eken. Haçan görseň, tigriniň üstünde joňkarylyp oturanmyş. Iki ädim öýleriniň gapdalynda dükan bar eken weli, ol şoňa-da tigirli gider eken. Tigir hakda gürrüň açylsa-da, Gully atamyz ile gezek bermän. “Dirjin how, atdan kem ulag däldir” diýip, şol sürüp oturanmyş. Gully atamyzyň tigir sürmek däbini soň, Jümmi aga dowam etdiripdir. Ol hem kän tigirleri elinden geçiripdir. Ýöne hut öz tigrini Annaga aňsat elletmezdi. Öýde goýdugy, derrew onuň çarhyna gulp salýardy. Annak “Kaka, birje gezek sürdüräýsene” diýip, özelenipler ýalbarsa-da, oňa tigrini bermez. Ýok, Jümmi aga tigrini gysgananok. Ýöne şu wagta çenli Annaga ynanmady. Ýykylyp-sürşüp, ýa maşyn, beýleki bilen çaknyşyp, bir mojuk iş eder öýdýär. Jümmi aganyň özi bizden hem kiçijekkä Gully atamyzyň tigrini birugsat münüp, ondan erbet ýykylypdyr. Aýagyny döwdürip, ep-esli wagtlap düşekde ýatypdyr. Şol hem Jümmi aga sapak bolupdyr. Indi bolsa Annagyň tigir sürjegine onuň şübhesi ýok. Annak üýşmek şaýlardan bir tigirligi saýlap, beýläk taşlady. Olaryň içinde egri-mugry köne rama hem, zynjyryna çolaşan posly çarh hem, kamyrlary çoguşyp ýatan tekerler hem, hatda aýnasy ýok çyra-da bar. Men-ä Annagyň olardan nähili tigir ýasajagyna aklym haýran bolup durun. Annak bolsa şaýlaryň daşynda köwejekläp ýör. Jümmi aganyň tigriniň jaňynyň sesi eşidildi. Ol işden gelipdi. Jümmi aga her gün işden gelende, tigrinden düşmänkä, onuň jaňyny jyňňyrdadýardy. Bu onuň Annagyň ejesi Bessir gelnejeme “Men gelendirin, çaý-naharymy taýyn ediber” diýdigidi. Jümmi aga tigrini tama ýaplap, biziň ýanymyza geldi. – Ýeri-ow, goçjaklar, dirjin ýasajak bolýaňyzmy? – Hä… – diýip, Annak ýeňsesini gaşady. – Ýöne ilki nämesinden başlajagymyzy bilemzok. – Ýa, Anaguly jan, senem-ä oňarýaň-ow, han ogul, başlap-başlamaz ýaly, onuň nämesi bar? Nädersiň, ony ýarym sagadyň içinde zawutdan çykan ýaly edäýsem. Jümmi aga goluny çyzgap, işe girişdi. Usully adam bap-başga. Eline düşen şaýy şark-şurk edip, ýerinde goýuşdyryp barýar. Ol palta bilen urup, ramany dograltdy. Aýlaşdyryp-dolaşdyryp, zynjyryň çolaşagyny aýyrdy. Ýyrtylan kameralary hem zyňyp taşlady-da, pokryşkalaryň içine köne saman dykyşdyrdy. Jümmi aga tigriň ýagyny hem ýetirdi. Onuň ähli ýerinden ýag jop-jop damyp dur. – Tüweleme, dirjin dagam bolmady. Gaýtarylgy duran atyň bar-da. Gutly bolsun. Melejeguly! Jümmi aganyň öwgüsi meniň tigre göwnüýetmezçiligimi ýom-ýok etdi. Onuň jaýryk-jaýryk bolan gaýyş eýerini sypalap, sürmäge hyýallandym. Şol wagt Annak alkymymymdan çykdy: – Dursana, how, ilki men yspytaniýa geçireýin. Onuň “Yspytaniýa geçireýin” diýdigi “synag edeýin” diýdigidi. Annak tigre atlanyp, pedala galdy. Şol bada hem çarhlar duran ýerinde aýlanyp, ol gaty ramanyň üstüne batly goýberdi. Onuň ýüzi gök-nil bolup, buruljyrap tigirden düş – Näme, bir ýeriňi agyrdaýdyňmy? Ýagy köp bolansoň, boş sypdyrýandyr bi – Jümmi aga bir gysym çägäni ýag syrygyp duran çarhlara guýdy – Ynha, indem mün, Annakguly jan. Doňup durandyr çarhlar. Dirjin ýüzüniň ugruna ýörär ötägider. – Ýok, kaka, men-ä şol tigre münjek däl. Melejäniň özi münübersin. Annak içagyryly ýaly, ýüzüni eňşedip, öýlerine ugrady. – Melejeguly, onda seň özüň yspytaniýa geçiräý. Bessir gelnejeň çaýy sowandyr. Men çaýlaýyn. Işden ýadap geldim – diýip, Jümmi aga hem öýe girdi. Olaryň gideni maňa kemem bolmady. Ýekeje özüm sürmäni öwrensem, Annagyň ýanynda dilim uzyn boljakdy. Men tigri idip, ýabyň raýyşyna getirdim. Tigri pesde durzup, özüm hem onuň üstüne ýuwaşlyk bilen mündüm. Pedalyny basdym weli, ol iki ädim ýöremänkä, bir tarapa agyp gitdim. Üsti-başym agyn kirşen boldy. Tüýkürinjiräp, ýerimden galdym. Tamda çaý içip oturan Jümmi aga penjireden gygyrdy: – Berk durgunyň, Melejeguly, dirjin öwrenjekäň baş bermezek bolýandyr. Bu wagt ýoldan Dürje enemiz eşekli geçip barýardy. Ol meniň ýykylanymy görüpdir. – Heý, inerçäm, Meleje, senem ysnad-ow. Seň ýalykak çapyp barýan eşegiň yzyndan ýetip, üstüne münýärdik. Dirjin dagy näme. Dürje enemiziň gyjytly sözi meniň gaharymy getirdi. Bat bilen tigre täzeden atlandym. Emma bu sapar ýykylyşym öňkiň çeni hem bolmady. Sag taý gapyrgam döwüldimikä diýýärin. Onuň yzasy ýüregime ornap gitdi. Gaharyma tigri şol durşuna taşladym-da, öýümize gaýtdym. “Täze tigir alyp bereniňde, näme bolýarmyş. Puluny gysganan bolýar” diýip, öz ýanymdan kakama käýindim. Ýöne öýde ynjalyp oturyp bilmedim. Indi Dürje enemiziň gyjalatyna galyp ýörmeli bormukam? Ýok! Tigriň ýanyna geldim. Eýeriniň gumuny kakyşdyryp, emaý bilen üstüne mündüm. Pedaly ýuwaşjadan aýlanmaga başlady. Tigir ýykylman barýar, gidip barýar. Meniň şatlygymdan ýaňa ýüregim kükregime sygmajak bolýar. Ruly berk tutup, aýagaldygyna pedaly aýlaýaryn. Tigir bolsa, barha bat alyp, şakyrdap gidip otyr. Şol barmana, birdenkä Wellegiň daýysy Jumanazar aga hasasyny tyrkyldadyp, öňümden çykdy. Men aljyradym. Tormoz basmagyň ýerine pedaly öňe aýladym. Öňküsinden hem batlanan tigriň öň tekeri Jumanazar aganyň iki aýagynyň arasyna girip durdy. Her niçigem bolsa, ol ruldan şapba tutup, tigri saklady. Ýogsa, tigir badyna ony ýykjakdy. Jumanazar aga gaharyna ilkibada gepläp bilmän, saňňyldap durdy. Bu wagt garaňky gatlyşansoň, üstesine gözi-de şowarak bolansoň, Jumanazar aga meni tanamady. Ýakamdan towlap tutdy-da: – Kimiň ogly borsuň? – diýdi. Men bütinleý özümi ýitirdim: – Melejäň… wiý, Garajaň… – Garaja murtuňmy? – diýip, Jumanazar aga azmly sorady. Men müzzerip durşuma çalaja başymy atdym: – Hawa… – Boldy, boldy – Jumanazar aga ýakamy goýberdi – Garaja murtam oglanka, gözi ýok ýaly, meni taýyna kakdyrypdy. Sizden çykaýjagy şudur. Häý, kakaňa çeken damaryň gursun. Jumanazar aga käýinjiräp, ýanymdan gidiberdi. Meniň ýüregimi bir zat mynçgalan ýaly boldy. Jumanazar aganyň sözi namysymy oýardy. Onuň yzyndan delmuryp seredip durşuma seslenenimi duýman galdym: “Bagyşla, Jumanazar aga! Men tigir sürmäni hökman öwrenerin. Ol hiç kimi basmaz”. Men hyjuw bilen gaýtadan tigre atlandym. Ol ýola düşdi. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |