15:19 Oragatdy / powest - 3 | |
Dördünji bap.
Powestler
Annagyň otdan depe ýasap, sygyrlarynyň ýuwdarha çykyşy, biziň “oragatdy” oýnap, şagaldan gaçyşymyz, Wellegiň heşelle kakyp, ogrynyň garnyndan gapy açylyşy. Annak ikimiziň okuwdan soň bir pişämiz öýdäki mallara ot ýygmakdy. Ýygmasak welin, iňirdimiz ýetýärdi, üstesine gaýmaklyja süýt nesibämizden hem gysylýardyk. Şonuň üçinem iki günden, üç günden eşeklerimizi otdan mas ýükläp gelýärdik. Meniň getirýän otum mallarymyza tä indiki ota gidýänçäk iým-simiň daşyndan güýmenje bolýardy. Ýöne Annagyňky welin, salym geçýänçä ýom-ýok bolýardy. Annaklaryň bir sygry bar. Duranja bir ýuwdarha-da. Doýdumy ýok, doldumy ýok. Ýöne näçe iýse iýäýsin, aşa düşmez. Töremyrat mugallymlaryň sygry ýaly lapbaşlap eýlesinden geçirer durar. Annak şol doýmaz-dolmaz sygyrlaryna ot ýygyp, bizar-peteň bolupdy. “Ota git” diýilse, ýaýdanyberýärdi. Ýogsa, ol kakasyna: – Kaka, şu sygryňy satsana. Oňa derek azrak ot iýýän sygyr alaý – ¬¬¬¬¬ diýip hem çykdy. Onda-da Jümmi aga: – Häk, oglum sen mal gadyryny bileňog-ow. Bu durşuna hazyna ahyryn. Munuň ýaly süýtli sygry şu jelegaýlarda gündiz çyraly gözleseňem tapmarsyň – diýip, şol ýalmawuz sygrynyň tarypyny ýetirer. Jümmi aganyň o diýýän-ä çyn. Tüweleme, sygyrlary gaty süýtlek. Bessir gelnejem sagyp-sagyp ýadap boldum eder welin, şonda-da küýze ýaly emjeginden syzlap durar. Sygyrlarynyň täze gölesi bolar uçurlarda Annagyň aladasy hasam artdy. Kiçiräk kepbäni ýada salyp duran ol sary sygyr indi bir iýýärdi welin, öňkiň çeni hem däldi. Jümmi aga-da “Gaýrat et, oglum. Şu wagt sygryň otuny kem etmegin. Gölesini saňa bererin” diýip, gaýta-gaýta Annagyň gulagyny gazalap durdy. Bir gün agşamaralar Annak ikimiz ýadaw halda otdan gelýärdik. Üstlerine taýlap atan otlarymyz eşeklerimiziň dyzlaryna çenli ýetip duransoň, olar mytdyldaşyp zordan ýöreýärdiler. Öýümize golaýlaşamyzda ýyrş-ýyrş edip öňümizden Wellek çykdy. Annak ony özüne gülýändir öýden bolmaga çemeli: – Eý, Wellek, näme erniňe çöp gysdyrylan ýaly bolup gelýärsiň? – diýip, gaharly seslendi. Wellek ýoluň ortasynda iki elini bykynyňa urup durdy-da: – Meniň bir şatlykly habarym bar. Şony aýtsam, seniňem begenjiňden erniň bir ýere gelmez – diýdi. Annagyň gamaşyp duran ýüzi açylyşdy: – Ýeri, aýt, näme habar? – Aýtsam, buşluk, sygryňyzyň gölesi boldy. Baý, onuň eýjejikdigini, ony kakaň saňa berjek diýýär. Ýeri buşlugyma näme berjek? Annak däliräne döndi. Ol elindäki oragyny dazyrdadyp, ýere zyňyp goýberdi. Soňra-da hork-hork edip, aglamaga başlady. Wellek ikimiz onuň bolşuna ör-gökden geldik: – Ýeri, näme boldy, Annak? O näme üçin aglaýaň? Gaýtam göläňiziň bolanyna begen, zaluwat – diýip, men eşegimiň böwrüne debsiläp, oňa golaý bardym. Annak burnuny çekip sojady: – .. men ne… neneň begeneýin. Indi onuň gölesine-de ot ýygmalydyr. Men Annagyň bu sözüne tasdanam paňkyrypdym. Henizem dilimi dişläp, zordan saklanaýdym. Welleg-ä içiňi ýakaýyn diýen ýaly, jykyr-jykyr güldi. Gaharyna hum ýaly çişen Annak urup, onuň myžžygyny çykarjakdy. Henizem, Wellek gaçyp gutuldy. Annak aglarça-da bar ekeni. Sygyrlarynyň gölesi-de iýermenlikde enesinden kem galmajaga meňzeýär, aýaklanyp, ota agyzlanyp ugran gününden bäri berenjäňi düýnäp dur. Her niçik, göläniň otuna seretmek Bessir gelnejemiň boýnuna düşdi… Biz bu gün hem okuwdan gelip, çaý-çöregimizi iýip, “Durna gonan oý” diýen ýere ota gitdik. “Durna gonan oý” diýýänim, gaýraky jary ýakalap ýatan çöketlik bolmaly. Her ýyl jar joşanda, bu oý suwdan dolup, gyrasyna gamyş, suwoty, semzek ýaly bir topar ot gök parç bolup bitýär. Her baharda uçup barýan durnalar oňa gonup, dem-dynç alyp geçýärler. “Durna gonan oý” at hem şondan galypdyr. Biz otuň iň ösýän ýerinde düşledik. Bu ýerden salymyny bermän, ýüküňi tutsa boljakdy. Ýöne welin biziň ikimiziň-de ýaltalygymyz tutdy. Mahmal ýaly gök otlaryň üstünde arkan ýatyp, mawy asmany bir sellem synladyk. Ýöne bu ýatyşymyz hem bizi irizdi. Ot ýygmakdan irräk dynsak, Annak ikimiziň “Oragatdy” oýnaýmamyz bar. Gaty gyzykly oýun. Ortalyk edilip, üýşürilip goýlan otuň üstüne ep-esli ýerden oragyňy düşürip bilseň, şol ot seniňki bolmaly. Onsoň utuk näçe gazansaň, şonça-da ot seniňki. Mahal-mahal “Oragatda” kellämiz gyzyp, wagtynda öýe gaýdyp bilmän, güni ýaşyrýan wagtlarymyz hem bolýar. Häzir şol gyzykly oýun meniň ýadyma düşdi-de, ýatan ýerimden zöwwe dikeldim: – Annak gel, “Oragatdy” oýnaly. Annak ýatan ýerinden pallap: – Bir penje ot ýygaňok welin, “Oragatdy” nähili oýnajak? – diýdi. – Kesek üýşürip, oragymyzy şoňa oklabermeli. Kimiňki degse, soň şoňa bir desse ot ýygyp bermeli. Annak ýeňillik bilen ýerinden gopdy. – Hä… şol diýýäniň-ä boljag-aý. Biz bir goltuk otuň garasy ýaly kesek üýşürdik. Soň bije atyşdyk. Men oragy ilki oklamaly boldum. Esli çenenip durdum-da, oragy üýşmek kesege bakan zyňyp goýberdim. Orak nyşana aralaşmadam. Annak ýykyr-ýykyr edip: – Baý, kişiň-ä eli göni eken-ow – diýdi-de, oragy eline aldy. Onuň oklan oragy üýşmek kesegiň üstüne patylap düşdi. – Gördüňmi, mergen adamlaryň ediberşini! – diýip Annak hondan bärisi bolup gomparyldy. – Hany, indi meniň bir desse otumy ýygyp ber. – Gyssanmasana, Annak. Oýnap bolaly. Näçe desse bergim bolsa, soň ýygyp beräýerin. Men bu sapar oragy öňküdenem çenenip okladym. Emma orak ýene üýşmek kesekden sowa geçdi. Annagyň oklan oragy bolsa, ýene nyşana dogry degdi. Muňa Annak hasam göterildi: – Meniň bilen oýun etme. Meleje, agşam otsuz galarsyň. Annagyň teýenelije sözi meni gyzykdyrdy. Gahar bilen oragy garbap aldym. Bilemok, atanlykdanmy ýa-da nyşana göni çenedimmi, garaz, üçünji gezek oklan oragym üýşmek kesegiň depesini tozadyp, aňyrsyna düşdi. – Nätdim?! – Ýeri, ýeri, öwünmesene. Bir sapar degäýdi weli, köýnegiňe sygmajak bolýaň. Şundan soň meniň oklan oragym nyşanany yzly-yzyna bäş sapar tozatdy. Annagyňky bolsa nyşana degenok. Muňa Annak tulum ýaly çişýär. Menem oňa “gaharyň gelse burnuňy dişle” diýip, gyjyt berýän. Ahyry onuňam zyňan oragy üýşmek kesegi tozadyp başlady. Indi kä ol ozýar, käte men. Biz şeýdişip güni ýaşyraýypdyrys. Haýsymyzyň näçe desse algylydygymyz bolsa, ýatdan çykyp gitdi. Annak: – Sen maňa on bäş desse ot ýygyp bermeli – diýýär. Menem oňa: – Baý-ba, ony haçan-haçanlar üzülişdik. Gaýtam seniň maňa on desse bergiň bar – diýýän. – Be-he, işdäň sogan alýamy? – Sen-ä jyzak ekeniň, Annak. Annak ýakamdan ebşitläp tutdy-da: – Al bärik otlarymy! – diýip gyzaryldy. Şol wagt golaýjygymyzda, jaryň içinde şagalyň sesi ýaňlanyp gitdi. – … uw! Annagyň gözi hanasyndan çykara geldi. Пр: – Eý, şagal!.. – diýdi-de, meniň ýakamy goýberip, eşegine okduryldy. Gyssanjyna eşeginiň tanapynam oragy bilen kesip, oba tarap ýazzyny berdi. – Dursan-eý, Annak! – diýip, men onuň yzyndan gygyrdym-da, howul-hara eşegimiň tanapyny çözmäge başladym. “Uw… u … uw!” edip, şagal ýene uwlady. Meniň gorkudan ýaňa tas ýüregim agzyma gelipdi. Eşegimi-zadymy unudyp, ökje göterdim. …Şol wakadan soň “Durna gonan oýa” biziň aýagymyz ädilmedi. Göwnümize bolmasa, jaryň içinden şagallar dişlerini şakgyldadyp çykaga-da, bizi lak-luk ataýjak ýalydy. Emma bolan bir waka bizi bu ýagdaýdan dyndaraýdy. Bir gün irden Bessir gelnejem sygyrlaryny sagmaga barsa, ýataklarynda äpet sary şagal ölüp ýatan eken. Kim bilýär, gijäniň içinde onuň näme üçin sygryň ýatagyna sümsünip gelenini. Şagal belki-de, sygyr ýatagyň beýle ýanyndaky towuk ketege girjek bolandyr, belki-de sygryň gölesine erjeşjek bolandyr. Her hal, sary sygryň ýanyndan geçjek bolanynda, ol uçugyny alypdyr. Sygyr naýza ýaly şahy bilen şagalyň garnyndan gapy açaýypdyr. Юмми ага сыгрынь сагрысина гуванч билен какды-да: – Päheý-dä, Annakguly jan, Meleje ikiňiziň-ä batyrlygyňyz şu janaweriňkiçe-de ýok ekeni. Gördüňizmi, onuň eden işini. Sen bolsa oňa ot ýygmaga ýaltanyp ýörsüň – diýdi. Şagaly görmäge gelenler bize gyzyl-gyran gülüşdiler. Annak ikimiziň bolsa ýüzümiz burç ýaly gyzardy. Iller dagaşansoň, men Annaga: – Bu masgaraçylygyň aşagyndan çykmasag-a bolmaz – diýdim. – Näme, “Durna gonan oýa” gidip, şagal bilen urşaly diýjek bolýaňmy? – диип, Аннак сыгрынь гуйругина гонан сеньеклери папаги билен ковушдырды. Men häliden bäri kellämde aýlap duran pikirimi orta atdym: – Гель, ее гезек ота гиденимизде, сыгрынызы “Дурна гонан ойа” экидели. Ot ýygýançak, ol hem garnyny doýrar. Ony görse, şagalam ýanymyza gelip bilmez. – Bäý, daş etdiň, Meleje. Seniň kelläň işleýär-aý – diýip, ol meniň kelläme pitikledi. Pitik kellämi şänik degen ýaly etdi. Ýöne men dostumyň öwgüsine buýsanyp, awynanyma kän üns berip durmadym. Biz şondan soň sygry öz ýanymyz bilen “Durna gonan oýa” äkidip başladyk. Ot ýygyp bolýançak, ol otlap-otlap garnyny ýazýardy. Biz bolsa haýdap-haýdap otdan ýükümizi tutýardyk-da, “Oragatdy” oýnumyzy oýnaýardyk. Oýunda kä Annak utýar, käte bolsa men. Oýna kellämiz gyzyp, güni ikindi edýän, ýaşyrýan wagtymyzam bolýar. Şonda jaryň içinden şagallaryň iniňi tikeneklediji sesleri gelýär. Emma biz olardan eýmenemzokdyk. Çünki ýanymyzda şagallaryň merkini berýän sygrymyz bar ahyryn. Bäşinji bap. Nunna aganyň adamlaryň enter-pelegini öwrüp, Hüýrjemal ýeňňemiziň Töremyrat mugallym bilen klasda düşünişip bilmeýşi, Hapby atamyzyň uçmahdan hat iberip, Dürje enemiziň onuň ýanyna gitmejek bolşy, Annak ikimiziň paýtun alyp gaçyp, gozakly motoryň toýuna çagyrylyşymyz. Biziň “Duzlujamyza” Nunna aga poçtalýonlyk edýär. Umuman alanyňda, ilat onuň işleýşinden nägile däl. Gazet-žurnallary, hat-petekleri gyzgyny bilenjik öýün-öýün eltip berýär. Ýöne käwagt poçtany paýlanda, çaşyň gözüne sereden ýaly edäýýär. Kän esewan bolanokmy, nämemi, abunaçylaryň eýelerini çalşyryşdyrýar. Atdaş dagy bolsaň-a bar onsoň, saňa gelmeli zatlar-a başga birine gowşurýar, şol başga biriniňkini hem ýene birine, onuňkylary bolsa, saňa berer. Bular ýaly bolanda, birdenkä dawa-jeňjele-de ýazyp gidäýýär. Bir gün Nunna aga Töremyrat mugallymlara bir topar gazet bilen birlikde, bir bukja eltip beripdir. Şol wagt Töremyrat mugallym mekdepde bolup, öýde onuň aýaly Hüýrjemal ýeňňemiz bar eken. Hüýrjemal ýeňňemiz gazetleri bir gapdala taşlapdyr-da, hasyr-husur bukja ýapyşypdyr. Bukjanyň kimden, nireden gelendigine-de bakman, ony açyp, içindäki haty çykaryp, okamana başlapdyr. Ilkinji setirlere göz gezdirenden Hüýrjemal ýeňňemiziň ýüzi lap-lap gyzyp süňňüni saklap bilmän, saňňyl-saňňyl ediberipdir. Hatyň mazmuny şeýle eken: “Salam! Kimdirki diýip sorasaň, men öz Mährijemalyňdyr. Ol ýerde sag-salamat işläp ýörenmisiň? Aç-suwsuz bolaňok gerek? Wah, sen bizi gaýgy edip hem horlanýansyň. Ýöne menem, çagalaram alada etme. Biziň bir kem zadymyz sen. Agşamlyk öýe üýşenimizde hökman seni ýatlaýarys. Menem, çagalaram seni göresimiz gelýär. Geçen sapar hem çala bir burnuňy görkezdiň-de gidiberdiň. Onda-da futbola gidip, çagalary yzyňda zar-zelil etdiň goýaýdyň. Çagalar “Indi kakamyz gelse, futbola goýbermeris. Telewizorda göräýsin” diýýärler. Aradaky iberen pullaryňa çagalaryňa egin-eşik, özüme köýnek alyndym. Indiberin bize pul iberjek bolup, özüň kösenip ýörme. Biziň sowalgamyz kän. Men-ä häzirlikçe sözümi gutarýaryn. Hoş ezizim! Gözlerim ýoluňda. Seniň Mährijemalyň!” Haty okap bolup, Hüýrjemal ýeňňemiz tasdan hem özünden giden eken. Onuň bada-bat göwnüne gelen zat – Mährijemal Töremyrat mugallymyň ikinji aýaly bolmaly. “Asyl olaryň çagalary-da bar eken. Görsene, “Ýere seredenden gork” diýlişi ýaly, bi kellesi kesilen aşaklyk bilen iş görüp ýörüpdir. Aşgabada futbola gidýän diýýänem bahana eken. Wah, saman astynda suw göýberen deýýus diýsene. Ol her gezekde futbol diýen bolup, Mährijemalyny, ondan bolan çagalaryny görmäge gidýän eken-ä. Heý äýnegiň başyny iýmiş. Öz çagajyklarynyň agzyndan kesip, olara pulam iberýän eken. Hany, duruber bakaly, seniň Mährijemalyň bilen topuňy atmaýanmy men…” Ýüregi çişip, otly köýnek geýen Hüýrjemal ýeňňemiz alňasap, aljyrap, hatyň bukjasynam almaýar-da, mekdebe gyzyl ot bolup gaýdýar. Ol klasa gelende, Töremyrat mugallym bize sapak berip durdy. Gapy şarka açyldy-da, ýüzüni ak tam edip, Hüýrjemal ýeňňemiz klasa girdi. Töremyrat mugallymam, klasdaky okuwçylaram oňa aňk bolşup galdy. Ol elini titredip, haty Töremyrat mugallymyň gözlerine sokaýjak bolup: – Bi näme? – diýip sorady. – Ýeri, ol näme? – diýip, Töremyrat mugallym Hüýrjemal ýeňňemiziň elindäki haty aljak boldy. Emma Hüýrjemal ýeňňemiz siltenjirägedin, haty Töremyrat mygallyma bermedi: – Ýok, entek muny okuwçylaryňa okap bereýin. Goý, olaram seniň nähilidigiňi bilsinler. Onsoň men senden hasap soraryn. Töremyrat mugallymyň gahary geldi: – Hüýrjemal, seniň bolşuň nähil-ä! Çyk klasdan. Daşarda düşünişeli. – Ýok, çykman! Men seniň bilen ilki şu ýerde düşünşerin, soňam süýdüň öňünde. – Hüýrjemal ýeňňemiz şeýle diýdi-de, bize ýüzlendi. – Okuwçylar, asyl siziň mollaňyz Töremyrat “iki ýüzli şyr päki” eken. – Sen-ow, kän diliňi salajyn goýberme. Meni beýdip masgara edip durma-da, ýok bol şu ýerden – diýip, Töremyrat barmagy bilen gapyny görkezip, Hüýrjemal ýeňňemize haýbat atdy. Hüýrjemal ýeňňemiz bolsa duran ýerinde dikilgazyk bolup dur. – Masgaraçylygy, Töremyrat soňundan görersiň. Entek şu haty okaýyn. Gulak salyň, okuwçylar! – Iki gulagymyz sende, Hüýrjemal gelneje! – diýip, Wellek dillendi. Töremyrat mugallym ony gözleri bilen iýäýjek boldy. Hüýrjemal ýeňňemiz haty şaňňy sesi bilen ýaňlandyryp gaty-gaty okady. Hat okalan badyna Wellek wakyrda berdi: – Baý-bow, Töremyrat mugallymyň başga-da aýaly bar eken. Beýlekilerimiziň kimimiz Wellegiň gülküsine goşuldyk, kimimiz Töremyrat mugallyma şübheli garadyk, kimimiz bolsa gaharlandyk. – Töhmet!.. – diýip, Töremyrat mugallym poly depip gygyrdy-da, Hüýrjemal ýeňňemiziň elindäki haty kakyp aldy. – Maňa gelipmi şu hat? – Saňa gelmese, Nunna poçtalýon elin öýe getirerdimi näme?! – Hany, hatyň bukjasy? – Öýde! – Bukja meniň adym ýazylanmy? Hüýrjemal ýeňňemiz birdenkä goram-gowşak boldy-da, ýüzüni boz-ýaz edip: – Aý, men-ä şoň… şoňa esewanam bolmandyryn – diýip aljyrady. – Wah, içim-ä ýakdyň – Töremyrat mugallym lampa oturgyjyna özüni goýberdi. – Heý, akmak diýsäni. Bi hat, hol geolog Orunmyrada aýalyndan gelen hat ahyryn. Nunna poçtalýon muny ýalňyşyp getiripdir. Belki, seni oýnajak bolup, bilgeşleýin getirendir?… Obamyzyň bäş-alty kilometr gaýra tarapyndan gaz ýatagy tapylypdy. Şonda-da birnäçe geolog işleýärdi. Olar şäheri daş görüp, kalhozymyzyň myhmanhanasynda ýaşaýardylar. Şolaryň arasynda-da aşgabatly Orunmyrat diýip, biri bolmaly. Nunna aganyň ýalňyşy sebäpli, Hüýrjemal ýeňňemize-de otly köýnek geýdirip, Töremyrat mugallymyň-da agzyny öt atylan ýaly eden hat şol Orunmyrada iberilen hat bolmaly. – Wiý, şeýlemidi?… Haý, sakgalyňda hiňňildik uçaýyn, Nunna paçtolý.. Meni it masgaras-a etdi, sakgaly ütülmiş – Hüýrjemal ýeňňemiz çym gyzyl bolup, iki eli bilen ýüzüni tutdy. Indi hemmeleriň gülki böwedi böwsülip, klasyň içini doldurdy. Gahardan ýaňa ýaryljak bolup oturan Töremyrat mugallymyň özi hem saklanyp bilmedi. Hüýrjemal ýeňňemiz şumjardy. – Günämi öt, Töremyrat jan. Ýör, daşarda düşünşeli. – Ýok bol şu ýerden. Indi öýe baramsoň oňatja düşünşeris. Hüýrjemal ýeňňemiz klasdan çykyp gidensoň. Töremyrat mugallym ýüzüni agraslandyryp, ýerinden turdy-da, sapaga başlady. Käbir böwregi böküp duranlar welin, ýuwaşjadan şyg-şyg edişip, gülkülerini wagty bilen gutarmadylar… Bir gezek Nunna aga Dürje enemize-de syrly bir hat getirip, ol görgüliniňem, meniň bilen Annagyňam, hatda özüniňem enter-pelegimizi öwürdi. Ol gün Annak ikimiz Dürje enemiziň baglarynyň aşagyny depişip ýördük. Nunna aga: – Dürje daýza, saňa uzak bir ýerden hat geldi – diýip, köne horjunyndan bir bukja çykaryp, Dürje enemiziň eline tutdurdy. Dürje enemiz gözlerini süzgekledip, hatyň eýlesini-beýlesini agdaryşdyryp: – Nireden, kimden bi, Nunna ýegen? – diýip sorady. Dürje enemiziň garyndaşlykda Nunna agalar bilen çalarak ilteşigi bar bolmaga çemeli. Şonuň üçünem olar biri-birine “daýza-ýegen” diýişýärdiler. – Şonuň-a iberilen ýeriniň adresem ýok, Dürje daýza. Ýöne aşagyna gol çyrşalaýypdyr. – Be, kimden geldikä, janlarym? – diýip, Dürje enemiz iňkise gitdi. – Aý, kimdenem bolsa, okap göreli. Me, Meleje inerçäm, okap goýber. Sen Annak inerçäme görä labyzlyrak okarsyň. – Dur, Dürje ene, menem Melejeçe okap bilýän-ä. Bukja meniň elime ýetmänkä, Annak Dürje enemiň elinden guş tutan ýaly edip aldy. Soňra hasyrra bukjanyň depesini ýyrtdy-da, ondan dört eplengije haty çykaryp, okamaga durdy: “Essalawmaleýkum, Dürje han. Kimdirki bi diýip, bizleri sorasaň, men öz ýassykdaşyň Hapby Patdy ogly…” – Näme, Hapby?… Annak elinden ary çakan ýaly haty ýere oklap goýberdi: – Eý, Hapby atamyzdan-laý bu hat. Heý, ölen adamam hat ýazarm-aý. Men-ä okap biljek däl. Gorkýan. Dürje enemiz ýakasyny açyp, içine tüýkürdi: – Tüf, tüf… Toba , toba… Bi nämäň alamatyka? Biziň barymyz ýerde ýatan hata howsala bilen seredişdik. Ondan gaýra-gaýra çekilişdik. – Onda, ötüki, inim Annakguly gorkýan bolsa, inim Melejeguly, haty sen okaý. Seniň gözüň ýitijedir. Özüm okaýjagam welin, äýnegimi öýde galdyraýypdyryn – diýip, Nunna aga meniň ýeňimden çekdi. Onuň döş jübüsindäki buýnuz gaply äýnege meniň gözüm düşdi. – Äýnegiňiz-ä jübüňizde, Nunna aga. – Wiý, şeýlemidi. Bilemogam-da – diýip, Nunna aga jübüsindäki äýneginiň daşyny sypalaşdyrdy emma ony çykarmady. – Äý, özüň okaýsana, inim Melejeguly. Meniň gözüm bulaşjak bolýarmy, nämemi… – Äý, size-de ýene erkek adamam diýerler, ýöne züwdürişip dursuňyz. Hany, şu hat meni iýýän bolsa, iýsin-le. – Dürje enemiz ýerde ýatan haty garbap aldy-da, ony meniň gözümiň öňünde tutdy. – Okaber indi eliňi degirmänjik. Men sesimi sandyradybragedin, hatdan gaçarak durup, okamaga başladym: “Essalawmaleýkum, Dürje han. Kimdirki bi diýip, sorasaň bizleri, men ýassykdaşyň Hapby Patdy ogly. Şu hatyň üsti bilen saňa, Owlak jana we goňşy-golamlarymyza, tükel “duzlujalylara” özümiň we dostum Öwennäniň dogaýy salamymyzy gönderýäris”. – Näme? Ötüki, Öwenne pahyryň adam ýazylypmy? – diýip, Nunna aga gözlerini tegeledi. – Hawa, Hapby atam ikisi haty bile ýazypdyrlar öýdýän – diýip, men jogap berdim. Öwenne Nunna aganyň agasy bolmaly. Ol Hapby atamyzyň obada ýegre dosty eken. Hapby atamyz ýogalansoň, Öwenne aga-da basym pahyr bolupdyr. – Hany, yzyny oka, inerçäm. Belki, beýleki merhumlarymyz hem salam aýdandyr – diýip, Dürje enem meni gyssady. Men hatyň yzyny okadym: “Eý, kempir, sag-salamatlykmydyr goňşy-golam, oba-gara, içeri-daşary, mal-hal gurawçylykmydyr? Menem, Hudaýa ýüz müň şükür edip, bu ýerde aman-sag gezip ýörendirin. Seniňem, goňşy-golamlarymyzyňam, bütin obamyzyňam saglygyny Ýokardakydan diläýendirin. Meniň bu ýere gelip, ýagdaýym gowulaşdy. Wah, bilmän ýörüpdirin. Öňräk gaýtmaly ekenim. Senem alyp gaýtmaly ekenim. Nesip bolsa, täze ýyl senem şu ýerik getirermikäm diýýän… – Eý, waý, bagtym ýatdy… Men hatyň şu ýerine ýetenimde, Dürje enem şeýle diýdi-de, itiberilen ommuk küýze ýaly, bir ýana agyp gitdi. Onuň gözleri ýumuk, ýüzi hem ak tam. Nunna aga ylgap baryp, onuň kellesini göterdi. – Dürje daýza, Dürje daýza… Annak ikimiz hem “Dürje ene-de, Dürje ene” bolşup, onuň daşynda zowzuldaşdyk. Dürje enemiziň bolsa şol gymyldysyz-hereketsiz ýatyşydy. – Beý, gutaraýdymyka bende – diýip, Nunna aga Dürje enemiziň döşüne gulagyny tutdy. Şol bada-da Nunna aganyň ýüzi ýagtylyp gitdi. – Hudaýa şükür, jan-a bar eken. Annakguly, bir kürüşge suw getir. Annak yglap, dökän-saçanrak edip, içerden bir kürüşge suw alyp çykdy. Nunna aga kürüşgeden eline suw akydyp, Dürje enemiziň ýüzüne sepeleşdirdi. Dürje enemiz sowujak suwa tisgindi, agzyny tamşandyrdy, ýalpa gözlerini açdy, birdenem laňňa ýerinden dikelip oturdy-da, töwerigini gözleşdirdi. – Hany, Hapby?… – Biz-ä, Dürje daýza, Hapbam göremzok, Sapbam. – Wah, hakyt elimden tutup, meni äkitjek bolýar-da. Gözlerem apbasy ýaly ýalpyldaşyp durmuka diýýän… Waý-eý, bi nä musallat Meniň entek ýaşasym gelýär ahyryn. Öz ýeriniň gäderip duranyny az görüp, indi meniňkinem gädertjek bolýarmyka, haram kör. Dürje enemiz birdenkä uly ili bilen möňňürip aglamaga başlady. – Goý-a, Dürje daýza, goýawer-ä, ölibermeli bormy. Sanalgyň dolmasa, hiç kim seň ýakaňdan tutup, ol ýere äkidip bilmez – diýip, Nunna aga ony köşeşdirjek boldy. – Biz sizi Hapby atamyza bermeris – diýip, Annak hamana Hapby atamyz alyp gidip barýan ýaly, Dürje enemiň golundan ýapyşdy. – Wah, inerçäm, size galsa, bermersiňiz-le welin… – diýip, Dürje enemiz ýene bozlap ugrady. – Hany, goýsana, Dürje daýza. Mert bolarlar, ahyryn. Hapby aga näme Ezraýyldyr öýdýäňmi. Hany, şu suwdan iç-de, ýüregiňi bir sowat. Nunna aga elindäki kürüşgäni Dürje enemiziň agzyna tutdy. Ol suwy erninden syrykdyryp, gulkudyp-gulkudyp içdi-de: – Hudaý jan, ýoluňa… – Dürje enem sägindi-de, Hudaýyň ýoluna hiç zat aýtmady. – Entek Hapby körüň ýanyna, bir äkitmäweri – diýip, dileg etdi. Men: – Dürje ene, hatyň dowamyny okaýynmy? – diýdim. – Okama! Ýok et! – diýip, Dürje enem sesinde baryny edip gygyrdy. – Galanam oňly zat däldir. Otla muny, Nunna ýegen. – Aý, entek howlukmaly, Dürje daýza. Otlamaga her wagtam ýetişeris. Yzyny okaly, Öwenne kakam hakda-da bir zatlar diýen bolaýmasyn – diýip, Nunna aga maňa ýüzlendi. – Oka, inim Melejeguly, oka! – Okasaňyz okaberiň, men-ä diňläp biljek däl – diýip, Dürje enemiz barmaklary bilen iki gulagyny dykdy. Hat Dürje enemiň elinden gaçyp, ýerde ýatyrdy. Ony ýerden götermäge bognum ysmady. Golaýjygyna baryp, ýatan ýerinde ony okamaga durdum. Dürje enemiz hem saklanyp bilmän, barmaklaryny gulaklaryndan aýyrdy. “Bu ýeri tüýs uçmah diýilýäni eken. Salkyn saýalaryň aşagynda hezil edinip ýörmeli. Howasam janyňa hoş ýakýar. Bu ýerde adam biçak köp. Dünýäň bar adamy bu ýere ýygnanandyr öýdýärsiň. Emma ähli kişä ýatara ýerem, iýere-içere iýmitem, seýil etmäge gül pürkülip duran meýdança-da tapdyrýar. Öwenne ikimizem ilden kem galamzok. Bu ýeriniň bar hezilligini görýäris. Şu haty men Öwennä ýazdyrdym. Özüm bolsa, bukjasyna gol çekdim. Basym barjak bolamsoň, men-ä anyk adresimem ýazyp durmadym. Sen hat-pat iberip, azara galyp ýörme. Bolýar, onda, häzirlikçe hoşlaşaýaly. Saglyk bilen obada duşuşaly. Hapby Patdy ogly”. – Be, haty Öwenne kakam ýazypdyr-ow – diýip, Nunna aga hata golaý bardy. Äýnegini dakynyp oňa göz gezdirdi. – Hakyt, şonuň haty-da… Beý, walla meniň-ä hiç zada aklym çatýan däldir. Şolar uçmaha baryp, şondan hat ýazan bolaýmasynlar? – Näme, uçmahda ölen adam direlip biläýýärmi – diýip, Annak gyzyklandy. – Aý, hawa-la, bir uçmaha baryp bilseň, hezillikdir-le, direlersiňem, horam ýaşamasaň-da bor. Görýäň-ä ýazan zatlaryny – diýip, Nunna aga özüçe düşündirdi. Bu wagt Dürje enemiz nämedir bir zadyň pikirini edip, ýüzüni aşak salyp otyrdy. Birdenkä ol başyny göterdi-de, maňa: – Inerçäm Meleje, hatyň ýazylan güni goýlupmy – diýdi. Men: – Ýok – diýdim. – Nunna ýegen, sen şu haty raýondaky hat-petek alynýan ýerden alyp gaýtdyňmy? Ýa-da… – diýip, Dürje enemiz sorady. Nunna aga: – Eýsem nireden alaýyn. Ala-böle şu hatyň, ötüki, asmandan düşmejeg-ä belli. Öz-ä horjunymdan çykdy – diýse-de bir hili ynamsyz gürledi. – Hany, oňatja pikir et, Nunna ýegen, Hapby pahyr, aramyzdan “ak baýdaga” göçmänkä, agaň Öwenne pahyr bilen o ýyl gurorda gidipdi. Gylyçly başlyk ol ikisine butýobka tapyp beripdi. Ýadyňdamy? – Hä-ä ýadymda, ýadymda, Dürje daýza. Baý şonda, o nämedir-ä, Sokçy diýilýän ýerden ýaşaryşyp, semreşibem gelipdiler. – Sokçy däl, Nunna aga, Soçi – diýip, men Nunna aga düşündiriş berdim. – Bar şolmuş-da, inerçäm Meleje. Şumat Nunna ýegen ikimiziň pasynsyrap geplemek ýadymyza düşenok – diýip, Dürje enem maňa gatyrganjak ýaly etdi –Ana, şol Sokçudan Hapby pahyr Öwenne pahyra hat ýazdyryp maňa iberen eken. Şol hatam maňa gelip gowuşmady. – Hany, dur-la, Dürje daýza. Be, bar zat ilik-düwme bolup barýan ýaly-la –diýip, Nunna aga oýurganyp durşuna Dürje enemiň sözüni böldi. – Düýn keýwany içeri süpürip ýörkä, köne sandygymyzyň aşagyndan bir hat tapyp, şonam horjunyma atypdyr welin, şol bolaýmasyn. – Aý, şonuň ýalydyr-la, Nunna ýegen. Hapby pahyr bilen Öwenne pahyryň ýedi gat ýeriň astyndan bize hat ýollap bilmejegi belli zat ahyryn. Nunna agalara gidip, anyklap görsek, hakykatdanam şol hat köne sandygyň aşagyndan çykan eken. Bir söý bilen şol ýere düşen hat şol ýerde ýatyp-ýatyp, şu wagta çenli bilinmän galypdyr. Ine, biziň Nunna agamyzyň öz işini şeýleräk amal edäýmesi hem bar. Ýöne ol gül ýaly adam. Iliň ýagşysyna-ýamanyna ýarap ýör. Şoňa görä-de obamyzyň adamlary Nunna aganyň işindäki bular ýaly säwliklerine göz ýumýarlar… Nunna aga poçtany iki tigirli, bir adamlyk paýtun bilen gatnadýar. Ony Nunna aga poçtanyň işi üçin urşuň yz ýanlary beren ekenler. Ol şondan bärem paýtuny süýräp ýörmüş. Paýtun diýseň könelişipdir. Onuň tigirleri iki ýana bulanyp ýatyrdy. Ýöräninde, inçeli-ýogynly ses çykaryp, galmagal baryny turuzýardy. Şonda-da Nunna aga paýtunyny maşyndan kem görenokdy. Onuň keýpiniň kökräk wagty bizi öz ýanyna mündürip, obanyň içinde gezdiräýmesem bardy. Ýöne ol paýtunyny bize birjigem sürdürenokdy. ”Oňarmarsyňyz” diýýärdi. Annak ikimiziň bolsa paýtuny özümiziň süresimiz gelip, ýüreklerimiz atygsap durdy. Bir gezek Annak ikimiz Dürje enemlere gitjek bolup durkak, Nunna aga paýtunyny žygyldadyp, biziň gapymyza geldi. Ol bir topar gazeti meniň elime tutduransoň: – Inim, Melejeguly, taýýarja çaýyňyz ýokmudy? Poçtany şäherden alyp gelip durşum şu. Halys ganym gataýdy. Bu wagt öýde keýwanam ýokdur – diýdi. Men: – Içerde basyrylgyja durandyr. Ýaňyrak ejem bize demläp goýdy. Biziň-ä içesimiz gelenok. Giriň-de, içiberiň – diýdim. Nunna aga paýtuna goşulgy gara ýabynyň jylawyny mellegimiziň bir gyrasyndaky ýogyn tuduň şahasyna daňdy. Soňundanam ýabynyň öňüne agşamotulyk üçin ýyglan gülli ýorunjamyzdan bir goltugyny oklady-da: – Çaý içýänçäm ýaba häzirjek boluň. Boşanaýmasyn. Gaty gaçakdyr – diýip, bize tabşyrdy. Nunna aga öýe girenden Annak gulagyma çawuş çakdy: – Nädýäris, sürüp görýärismi? Men haýdap gülli ýorunjany sümrüp duran ýaba çekinjeň seretdim. – Alyp gaçmazmy? Annak başyny ýaýkady. – Beý, seniň züwwükdigiňi, Meleje. Nädip alyp gaçsyn, onuň jylawy biziň elimizde bolar-da. Onsoňam sen oturmany oňarsaň, özüm sürerin. Ol pişik basyşyny edip, ýabynyň ýanyna bardy. Esli wagt güýmenip, ýabynyň jylawyny şahadan çözüp, maňa elini bulady. Men ylgap bardym-da, paýtuna mündüm. Annak hem meniň gapdalymda jaýlaşdy. Men Nunna aga içerden çykaýmasyn diýip diňşirgendim. Onuň horpuldadyp, çaý içýän sesi gelýärdi. – Bol, sür, Annak. – Çüw!.. Annak ýabynyň jylawyny çalaja silkip goýberdi. Ýaby mytdyllap ugran badyna paýtunyň tigirleri jygyldamaga başlady. Şol wagtam Nunna aga ylgap, daş çykdy. “Duruň-aý, garagollar, nirä siz? Duruň diýilýä size!” diýip, biziň yzymyzdan okduryldy. Ol paýtuna elini ýetiriberende, Annak ýabynyň sagrysyna elindäki gamçy bilen ykjam çaldy. Ýaby şol bada öňe bökdi-de, ýazzyny berdi. Ol uly ýola düşdi-de, güpürt-tapyrt edip, eňip başlady. Gitdigiçe-de bat aldy. Paýtun iki ýana bulanyp, ala-şakyrdy bolup barşyna bir ýerde agdarylaýmalydy. Biziň zährämiz ýaryldy. – Dur, dur!.. Annak ýabynyň jylawyny her näçe çekse-de, ol baş berenokdy. Annak ýüzüni duw-ak edip, maňa gygyrdy: – Kömekleş ahyryn… Men bir elim bilen paýtundan tutup, bir elim bilenem jylawdan ýapyşdym. Emma ýaby bize güýç bermän, burnuny parrykladyp, tapyrdyklap barýardy. Paýtunyň lark-larkyna meniň içim sanjylamaga başlady. – Duruz-ow, içim awy-zerzaw boldy-la ¾ diýip, men gygyrdym. Içimiň sanjysyna çydaman, jylawy goýberdim. Paýtunyň tigirleriniň jygyldysy şeýle gaty çykýardy weli, heý, hoşuň gelsin, onuň sesine ýoluň iki gyrasyndaky öýlerden adam bary bosuşyp çykýardy. Olar biziň yzymyzdan ylgaşyp, paýtuny saklajak bolýardylar. Ýoluň tozany daş-töweregimizden köwsarlap, biziň ýüz-gözümizi tanar ýaly etmändi. Şol gidip barşymyza birdenkä paýtun iki ýana erbet bulandy-da, çagşyldap aşak çökdi. Ýaby ony esli ýere barýança süýräp saklandy. Men gorky bilen Annaga seretdim. Ol gözüni ýumup, doňdurylan ýaly bolup otyrdy. Men ony yraladym: – Düş, paýtun durdy. Annak gözüni açalak-ýumalak etdi-de, bir böwrüni tutup, paýtundan düşdi. Onuň hem içi sanjylan bolmaga çemeli. Paýtunyň çep taý tigri kül-owram bolupdyr. Meniň Annaga “Gaçaly” diýenim hem şoldy welin, bir topar adam ýanymyza çozuşyp geldi. Adamlaryň öňüni başlap gelen hem Nunna agady. Onuň sojamakdan ýaňa demi-demine ýetenokdy, başy açyk, aýagy ýalaňaçdy. – Oňarmarsyňyz diýip, men aýtdym-a – diýip, Nunna aga nebsagyryjylyk bilen paýtunyň daşyndan zowzanaklap aýlandy. – Nädäýdiňiz, garagollar. Meni ulagsyzja goýduňyz-la. Bizem Nunna aga haçan temmimizi beräýerkä diýip, sazanaklaşyp durus. Emma ol biziň bilen däl. Paýtuny bilen garabaşyna gaýdy. Şol barmana maşynyň düýdüldisi eşidildi. Görsek kolhozyň başlygy Gylyçly aga “Gazik” maşynly ýetip gelýär. Maşyn edil ýanjagazymyzda saklandy. Gylyçly aga maşyndan düşensoň, bir çagşap ýatan paýtuna, bir-de onuň daşyny gallap duran märekä seretdi: – Ýeri, paýtuna näme boldy? – diýdi. Biziň howsalamyz hasam artdy. Nunna aga ýüzüni sallap durşuna bize tarap başyny atdy-da: – Aý, ynha, berebekgeýler paýtuny alyp gaçdy. Wah, bular sürmäni oňarýarmy diýsene. Eger jylaw tutmany oňarsalar, meniň özüm sürdürjeg-ä – diýip gaharly hümürdedi. Gylyçly aga ardynjyrady: – Oglanlaryň paýtuny soragsyz sürmesi bolmandyr. Ýöne senem paýtunyň döwlenine gaty bir gynanyp durma. Ahyry bir gün şeýdip çagşajagy belli zat. Kolhozyň skladynda ýagy süpürilmedik gozakly motor bardyr. Sen indi şonuň bilen poçtany gatnadyber. Nunna aganyň gamaşyp duran ýüzi mylaýym görnüşe girdi: – Oýun edýäňmi, başlyk, ýa çynyňmy? – diýip, Gylyçly aga seretdi. Gylyçly aga gytyjak murtlaryny sypalap ýylgyrdy: – Nunna, näme, oýun eder ýaly meni Annak bilen Melejedir öýdýäňmi? Şol motory oňat işleýändigiň üçin öňden saňa bermäni göz öňünde tutup ýördük. – Beý, onuň ýaly bolsa, men-ä oglanlara käýäbem durjak däl – diýip, Nunna aga bize seretdi. – Şeýle dälmi, oglanlar? Biziň üstümizden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Ikimizem “Hawa-da-hawa” boluşdyk. – Äýu, başlyk! – diýip, Dürje enemiz öňe çykdy. – Indi bi paýtuny horlap taşlaýmaly bolarmy. Neneň nebsiňiz agyranok. Ussa Hoja bejertseňiz, bu paýtun Nunna ýegene berjek bolýan motoryňyzdan saz işlemese kem işlemez. Onsoň, nädersiň paýtunly gelnalyja atbaşçy bolup gidäýseň. Juda geregiňize ýaramasa, maňa beräýiň. Men bazara paýtunlyja gatnaýaryn. – Dürje eje gaty dogry aýdýar. – Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz. Muny bejerdip, gelnalyja äkideris. – Dürje eje, ömrüň uzak bolsun. Sen-ä bize gaty gowy akyl berdiň – diýip, Gylyçly aga-da Dürje enemizden hoşal boldy. – Biz seniň aýdyşyň ýaly, paýtuny oňardarsam, toýlarymyzda-da ulanarys. Sen arkaýyn bolaý. Nunna aga paýtunuň ýeňsesinde bökdürilgi, içi gazet-žurnaldan doly horjuny aldy-da, bize uzatdy: – Aý, Dürje daýzamyň deýmyrçylary, sizem günäňizi ýuwjak bolsaňyz, baryň, poçtany oba paýlaň. Menem onýança, paýtun bilen ýabyny at ýataga gowşuraýyn. Täze motorymy skladdan alaýyn. Biz horjuny alyp, ýelk ýasadyk. Gün ýaşýança adamlara gazet-žurnalary paýlap çykdyk. Agşamlyk Nunna aga Annak ikimizi öýlerine çagyrdy. Olara Dürje enemizem, Töremyrat mugallymam, Gylyçly aga-da, Begim aga-da gelen eken. Nunna aga bu agşam süýji çekdirme, kişmişli palaw bişirdip, gapdalynyň düýe çalydyr limonady, gazly suwy bilen täze motoryny “ýuwdy”. Altynjy bap. Dürje enemiziň muşkatýorlara “berekella” berip, eşeginiň kinoteatrdan turba süýräp gaýdyşy, Annak ikimiziň on alty ýaşa ýetmedikleriň kinosyna girip bilmän, garrap gidişimiz, ketde kişiniň jerime salyp bilmän, bilet barlaýan aýalyň “iki aýakly” maşyny tanamaýşy. Töremyrat mugallymyň “Şäherde gyzykly kino bolýar” diýägedin mahal-mahal klasymyzyň okuwçylaryny şähere kino äkidäýmesi bar. Ýöne şäherde şol gören kinolarymyz soň öz “Duzlujamyzda-da” görkezilýär. Munuň üçin Töremyrat mugallym müýnürgäp duranok. “Gowy kinony gaýtalap görmegiň aýby ýok. Her gezek göreniňizde ondan birhili lezzet alarsyňyz” diýip, özüniňkä gulagymyzdan çekeläp-çekeläp, “Mensiz şähere kino ýeke gidäýmäň. Şäherde jüwlük bardyr. Egin-eşigiňize çenli taladyp, oba çyp ýalaňaç gaýtmaly bolarsyňyz” diýip, bize berkden-berk sargaýar. Annak bir gezek Töremyrat mugallymdan: – Ýoldaş mugallym, şäherde kinony Dürje enemiz bilen hem görsek bolmazmyka? – diýip sorady. Annagyň sowaly Töremyrat mugallymyň ganyny gyzdyrdy: – Jümmiýew, sen agzyňa näme gelse, otaryp goýberýäň-aýt. Seň Dürje eneň gyňajyny galgadyp, garry halyna siz bilen kino giderm-aý. Oňa kino-da gerek däl, teatram. Zat bolsa bolýar. Käýarym Dürje enemiz bizi bazara gök-sök satyşmaga äkidýärdi. Bu hem Dürje enemiziň özi aýtmyşlaýyn, Annak ikimiziň “deýmurçylyk” işimize girýärdi. Bir gidenimizde, pomidor alyp gitdik welin, iri-iri, gyzyl-gyzyl pomidorlarymyzy halk bazaryň ýokary nyrhy edip, derrew dik göteräýdi. Muňa keýpi ganat baglan Dürje enemiz bize eçilip bildi: – Deýmurçylarym, şu gün söwdamyz küşat boldy. Men sizi bir meýminatdan, mojornadan, pereşkeden gerk-gäbe doýraýyn. Ýörüň hany! Annak: – Dürje ene, bizi o zatlardanam doýursaňyz doýruň welin, kino-da görkeziň – diýdi. – Size kine-de görkezdiräýerin, Annak inerçäm – diýip, Dürje enemiz haýran galmaly sahylyk etdi oturyberdi. – Ýöne, inerçäm, kine görüp bolýançaňyz, men size kineň daşynda otla garaşýan ýaly bolup oturmaly borun-da. – Ýok, Dürje ene, sizem biz bilen kino görersiňiz. – Aý, goýsana inerçäm. Senem bolmajak zatlary tapýaň. Şu wagta çenli kine görmedik Dürje eneňiz indi bu ýaşdan soň, kine-de görsünmi?! – Näme, görmän, Dürje ene. Kinoteatryň zaly tükel özüňiz ýaly garrylardan doly. Siz näme, olardan kemmi? Gidäýeliň-le, Dürje ene. Şäheriň kinolary gyzykly bolýar ahyryn. Eger halamasaňyz çykar gaýdybereris. Dürje enemiz az salym oýurganyp durdy-da: – Haý, Annak inerçäm, aldyň-ow. Baý, seň ýapyşak ýalydygyňy. Ýörüň hany. Ilki bir garnymyzy göjäliň – diýip, loh-loh güldi. Biz bazardan garnymyzy doýramyzsoň, eşeklerimizi loňkuldadyşyp, şäheriň aýna ýaly asfalt köçeleriniň kä ýerinde, kä ýerinde tezekleşip, kinoteatra bardyk. Kinoteatryň ýeňse ýüzi boşlaňrak eken. Annak ikimiz-ä ýer asfaltanan bolsa-da, teblelerimizi daş bilen urup, eşeklerimizi şoňa iltedik. Dürje enemiz bolsa: – Aý, meniňki akyllyjadyr. Gitjek ýeri bolmaz – diýip, eşegini kinoteatryň jaýynyň ýokarsyndan ýagyş suwy gelýän turbasyna daňyp goýdy. Biz bilet alyp, kino girenimizde, zal adamdan hyryn-dykyn doludy. Ilki žurnaly boldy. Žurnal Dürje enemiziň göwnünden turmady. Ol: “Inerçeler, kino diýip, getireniňizem şümi? Ýasa gelen ýaly oturmaly-la munda” diýdi. Biz “Ýok. Esasy kino indi başlamaly” diýip, ony köşeşdirdik. Ine, filmiň özi başlandy. “Üç muşkatýor” kartinasy-da. Başlanandan kinonyň içi şakga-şukgaly wakalardan doly. Dürje enemiz oňa şeýle bir gyzygyp tomaşa edýär welin, ol zalda oturanynam unutdy. Ol kimiň kim bilen uruşýanynam saýgaranok-da: “Ur tumşugyna. Haý, berekella. Nädeýdiňkän, ütülmiş” diýip, gygyryp ýerinden zöwwe-zöwwe galyp dur. Oňa töwerekden: “Daýza, ýuwaşrak”, “Garry, galmagalyňy azrak et” diýselerem, Dürje enemiz ala-goh bolup otyr. Birdenem daşarda eşeklerimiz aňňyryşyp, dükürdeşip başlady. Zalda oturanlar: “Bi, näme-de, bi näme. Daşymyzda eşeklär näme işleýär?” diýşip diňşirgendiler. Şol barmana-da, daşarda ýokardan bir zat şaňňyrdap gaçdy-da, tapyr-tupur ses etdi. Kimdir biri bolsa: “Eý, jaýyň şipiri gaçdy öýdýän” diýip gygyrdy. Başga biri bolsa “ýer titreýän bolaýmasyn” diýip, howsala düşdi. Ýene biri: “Eýle boldy, beýle boldy, kinomyzyň-a işi görüldi” diýip gaharlandy. Men Dürje enemize: – Dürje ene, eşeklerimiz boşanan bolaýmasyn – diýdim. Dürje enemiz ekrandan gözüni aýyrman, ýapyrylyp oturşyna, elini silkip goýberdi: – Gaýgy etme, inerçäm Meleje. Boşasalaram, kineden çykýançak garaşarlar. Şu ikaralykda ekrandaky suratlar gaýyp bolup, garaňky zal ýagtyldy. Gykylyk-sykylyk ýokary göterilip, zaly ýarara getirdi. Kimdir biri: – Ýuwaş! Ýuwaş! – diýip gygyrdy. – Daşardaky eşekler kimiňki? Tomaşaçylaryň bary yza seretdi. Yzda bilet barlaýan garry aýal bilen uzyn boýly, gara saçlary ýag çalnyp arkan gaýtarylan, gara kostýumly bir erkek kişi durdy. Ol kinoteatryň ketdesi bolmaga çemeli. Ol gazaply nazaryny zalyň içine aýlady-da: – Daşardaky eşekler kimiňki diýip, men sizden soraýan – diýdi. – Bolup bilse-hä biziňkidir, janym? Ýeri näme bolupdyr? – diýip, Dürje enemiz ýerinden galdy. – Kim size eşekli gel diýdi? – diýip, ketde kişi Dürje enemizden azmly sorady. – Il maşynly-motorly gelende, biz näme üçin eşekli kinä gelmeli dälmişik. “Eşekli kinä gelmeli däl” diýlen düzgün bar bolsa, hany, maňa görkez şony. Ketdäniň ýüzi dym gyzyl boldy. Zaldan gülki sesleri çykdy. Ketde ýanyndaky bilet barlaýan aýalyň ýüzüne “Näme diýsemkäm?” diýýän ýaly, soragly seretdi. Ol aýal bolsa gözlerini elek-çelek edip, iki egnini gysdy. Ketde kişi oňaýsyz ýagdaýa düşenini bildirmejek bolýan ýaly ardynjyrady: – Daýza, onuň ýaly düzgün-ä ýok welin, ýöne medeniýetli jaýlaryň ýanynda eşek daňmak bolanok. Şonuň üçinem, şu minudyň özünde aýryň eşegiňizi. – Hany, kinäňizi bir göreli, onsoň aýrarys-da. Biz näme olary gujagymyza alyp oturalymy. – Ýok, aýyrmasaňyz, bizem kino görkezmeris. “Aýryň eşekleriňizi, ýok ediň aňňyrbaýlaryňyzy” diýşip, tomaşaçylar gowur turuzdylar. – Aýyrmarys – diýip, Dürje enemiz kejirligine tutdy. – Bolýar, aýyrmaň. Biz häzir eşekleriňizi milisiýa tabşyraýarys – diýip, ketde kişi yzyna döndi. Bilet barlaýan garry aýal-da ýegedekläp onuň yzyna düşdi. Dürje enemiziň indi ýüregine howul düşen bolarly: – Ýörüň, inerçelerim. Ýaňky ganym eşeklerimizi milisiýa berse, o janawerler milisiýa geplerini düşündirip bilmän durmasynlar. Biz güpürdeşip zaldan çykdyk. Tomaşaçylar gülki, sykylyk bilen bizi ugratdylar. Biz kino teatryň öňündäki meýdança baranymyzda, öňümizden Dürje enemiziň ak eşegi ýüzin salyp geçip gitdi. Onuň boýnuna daňylan ýüpüniň bir ujunda, bir bölek turba bardy. Eşek ýokardan ýagşyň suwy gelýän uzyn turbany goparypdyr-da, şonuň aşaky tarapyny süýräp gaýdypdyr. Süýrelýän turba bölegi tagyrdap ses edip, eşegi ürküzýärdi. Kinoteatryň ketdesi bilen bilet barlaýan aýal bolsa: – Çöş-de, çöş! – diýşip, eşegi tutup, ondan turba bölegini alyp galmakçy bolýardylar. Eşek welin turbanyň tagyrdysyndan ürküp, barha gaty gaçýardy. Biziň üçimiz hem eşegiň mekgesine mündük. Emma eşek öz kowguçylaryna zyk etdirmän, maşynlary tas çakyşdyryp, sürüjileri aljyraňňalyga salyp, çar töwereginden düýdüldi berdirip, öwrümden ötüp, ümdüzine gaçyp gitdi. Kinoteatryň ketdesi haş-haş edip, Dürje enemiziň üstüne abandy: – Sen garry, indi bize jerime tölemeli bolarsyň. – “Işdäň sogan alýar-ow” seniň, hanym. O näme üçin? – Eşegiňi kinoteatryň turbasyna daňanyň üçin, eşegiňe turbany gaçyrdanyň üçin, şeýle hem bir bölek turbany alyp gaçyrdanyň üçin. Düşündiň gerek? – Hany oňatja pikir et welin, özüň maňa yştrap tölemeli bolaýma, han ogul! – O näme üçin? – Üçübi, ilki bilen-ä seniň bi kinäň töwereginde eşek örkler ýaly ýer ýok. Ikinjidenem, seniň özüň meň eşegimi boşadyp goýberipsiň. Indi men eşegimi nädip tapaýyn. Hany, töle häziriň özünde bütin bir eşegiň bahasyny. – Oh-of!.. – Ketde kişi öwhüldäp gem aldy. – “Ýamandan boýuňy satyn al” diýipdirler. Garry, sen bir başa düşen musallat ekeniň. Bar gidewer-eý. – Ol elini salgady-da, gaty-gaty ýöräp kinoteatra girip gitdi. – Tapdyň bu ýerde gorkuzjak adamyňy. Görmediňmikäň özüňçäni – diýip, Dürje enemiz onuň yzyndan garap durşuna “ýyh-ýyh” edip güldi. – Indi bir, ýörüň, Dürje ene. Eşegiňizem gözläp tapmalydyrys – diýip, Annak enemiziň synyndan çekdi. – Aý ondan ýasy ýanyň ýerde bolsun, Annak inerçäm. Öýden başga gitjek ýeri bolmaz, o garagoluň. Ýöne sylagymyz barka, mundan artyk durman, göterleliň, inerçelerim. Dürje enem meniň eşegime mündi, menem Annagyňka syrtlaşyp, derrew oba tarap depdik. Gelsek, Dürje enemiň aýdyşy ýaly eken, eşegi ýatagyndan bede küdesini sümrüp dur. Kinoteatryň turbasy-da garalyp onuň gapdalynda ýatyr. …Dürje enemiz ertesi-de bizi bazara alyp gaýtdy. Bu gezek biz hyýar satdyk. Hyýarymyz mürşügräk hem-de saryrak bolansoň, arzanrak geçdi. Başga bir wagt bolan bolsa, Dürje enemiz muňa gynanardy, ýöne bu gezeg-ä gynanyp-gyýylyp durmady. Gaýta çaltrak satyp, hyýaryndan basymrak dynanyny kem görmedi. Ol zatlaryny ýygnaşdyrdy-da: – Inerçelerim, kinä gideliňmi?! – diýdi. – Bu gün eşek haýranlarymyzam saraýda goýalyň. Düýnem kine görkezdirmän mazamyzy aldy. Biz: – Gideliň-le, gideliň – diýşip begenişdik. Bazardan garnymyzy doýryp, “taksi” tutduk-da, kinoteatra bardyk. Dürje enemiz obadan kinoteatryň turbasyny-da alyp gaýdypdy. Galan turbalary öňküleri ýaly dikläp goýupdyrlar. Bizdäki turbanyň ýeri bolsa, jontaryp durdy. Ony ýerine sokduk welin, gelşigine geläýdi. Dürje enemiz: – Ynha, inerçelerim, indi ýüregimiz suwlanaýdy. Ýogsa kinede ogurlykda tutulan ýaly bolup, bükgüldäp oturardyk – diýdi. Biz kinoteatryň kassasynyň agzyna gelenimizde, ol ýerde adam bary hyň berýärdi. Nobat hem bulam-bujar bolup, bilet almak hem güýç-güýç ýeteniňkidi. Men nobata duran sypal şalýapaly bir adamdan: – Agam, kino gyzyklymykan? – diýip soradym. – Sen aýtma, gardaş – diýip, sypal şalýapaly adam agzyny şapbyldatdy. – Gaty gowy, kino dagam däl. Men ony düýn gördüm. Indem ikinji sapar. Ýöne bilet ýetäýse. Görýäňmi, bi milleti. Annak: – Uruşlymy? – diýip, onuň alkymyna dykylyp bardy. – Urşam bar, beýlekisem … – diýip, sypal şlýapaly adam öňündäki nobata durany idenekledip, kassa tapan dyzady. – Görýäňizmi, inerçelerim, uly adamlar sakgallaryny sallap gaýta-gaýta şu kinä gelýär eken. Gaty gyzykly bolmaly. Düýnki görjek bolan kinämizdenem hezilmikän diýýän. Bizem her zat edeliň welin göreliň – diýip, Dürje enemiz kassa tarap ýuwdunyp äňetdi. – Nädip göreliň ahyryn, Dürje ene? – diýip Annak boýurgandy. – Annak inerçäm, nätmekden Hudaý saklasyn, Dürje eneňiz ýanyňyzda barka zady gaýgy etmäň. Bir alajy bor. Hany, meniň synymdan ýapyşyň – diýip, Dürje enemiz bize tabşyrdy. Biziň herimiz Dürje enemiziň bir synyndan tutduk. Dürje enemiz ýarym ädim yza çekildi-de, özüni garma-gürmelige urup, öňündäkileri eýläk-beýläk itekleşdirip: – Hany, aýrylyň, ýol beriň garra. Sowulyň, çagaly garryň öňünden – diýip gygyrdy welin, adamlar iki ýaňa serpilip, bize ýol beriberdi. Öňe dyzap barýan Dürje enemiziň synyny Annak ikimizem sypdyrarly däl. Ýöne gapdaldan igençli sözleri hem eşitmeli bolýarys: – Ýeri, bularyňky näm-aý, tirkeşib-ä-tirkeşip… – Biri garry diýer, biri maýyp diýer, biri weteran, biri çagaly, garaz, şol, gözüňi çokjalar ýörerler. – Ýeri bi kempire kino nämä gerek diýsene. Otur-da, Hudaý diý-de öýüňde. | |
|
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |