15:23 Oragatdy / powest - 7 | |
Dürje enem aşak bakyp myssa ýylgyrdy. Bu onuň Annagyň «hakdan içendigine» ynanmaýandygynyň, bu ýerde nähilem bolsa, bir oýunjagazyň bardygyny aňandygynyň alamatydy:
Powestler
– Bä, onsoň, ondan içibem gördüňmi, Annak inerçäm? – Hawa, içdim. Tagamy dagy süp-süýji eken. – Hany, onda, menem içip göreýin-dä – diýip, men Annagy gabajak boldum. – Be, işdäň sogan alarmy? Içseň, senem şahyr bolarsyň-da. – diýip, Annak jürdegini goltugyna berk gysdy. – Bolamda näme? – Ýok. Bir oba bir şahyram ýeterlik. Sen artykmaçlyk edersiň. Men ony hasam gysgandyrmak üçin jürdegine ýapyşdym. – Getirsene, bizem şahyr bolaly-la. Dürje enem Annaga dözmezçilik edip gygyrdy. – Äýu, Meleje inerçäm, degme iliň nesibesine. Iliňki iniňe siňmez. Bilgeşlinden sähelçe gowşadan boldum welin, Annak elimden jürdegini şatyrdadyp alagetdin, onuň içindäki suwuň baryny gulkuldadyp içip goýberdi. – Noş bolsun, Annak inerçäm, noş bolsun! – diýip, Dürje enem Annagyň «goltugyna garpyz gysdyrdy«-Sen-ä indi hakyky şahyryňam hakykysy bolduň. Hany, indi Dürje eneňe hakyky şahyr bolubam şygyrjyk düz. – Men hakda-da düzewer, Annak – diýip, menem durup bilmän seslendim. – Hapbyma-da goşawer. – Dürje enemiň Külejesine-de bir şygyrjyk şagladyp goýber. – Wiý, Töremyrat mollumyňam unutmaweri. Öýkelekdir ol. – Duruň, duraweriň – diýip, Annak iki elinem galdyrdy. -Baryňyza birden goşgy düzer ýaly men maşyn däl. Nobatyňyza duruň, nobatyňyza. Ol hondan bärsi bolup, apaň-apaň basyp, iki ýana gezmeläp, goşgy düzmek üçin pikirlenip ugrady. Emma her näçe kelle döwse-de, ikije setiriňem başyny çatyp bilmedi. Muňa-da gahary geldi: – Be, bu nähili beýle bolýar-aý, bu nähili beýle bolýar-aý? Mundan artyk Annagy kösäp durmaga meniň ynsabym çatmady: – Annak, arrygyňy gynap durmasana. Jürdege suw guýan men. – Häý, garagol-eý – diýip, Dürje enem maňa käýinen boldy. – Hälidenem-ä ýylymsyrap duranyňdanam-a, seniň bir misginsokarlyk edeniňi bildimem-le, birdenkä günäňi göteräýmäýin diýdim-dä. – Asyl şeýlemi? – diýip, Annak pomidor ýaly gyzaryp, hum ýaly çişdi-Sen bolar-bolgusyz suw içirip, meniň öňküje zehinimem küteltdiň. Seniň bir myžžygyňy çykarmasam bolmaz. Hakykatdanam, gaharyna jyzzyk bolup duran Annak meniň eýimi ýetirjekdi. Emma towşan ýaly tiz towsup turdum-da, zut gaçdym. Tosunja Annaga zyk etdirmedim. Annak menden bijaý gaty gören eken. Bir näçe günläp gepleşmän gezdi. Bir günem ýyrş-ýyrş edip özi ýanyma geläýdi: – Asman aga-da zehin suwuny gysganýan bolsa, aňry ýanynda goýaýsyn. Şonsuzam şahyr bolarys-la – diýdi-Meleje dost, ikimize bagyşlap, bir goşgujyk ýazdym. Okap bereýinmi? – Okasana, dost jan – diýip, men begenjime onuň egnine kakyp goýberdim. Annak jübüsinden depderiň bir tagtasyny çykaryp, ýazan goşgusyny başardygyndan sesini owadanlap, janygyp okady: Eý, Meleje, Meleje, Gel, oýnaly, bileje. Sapaklardan «bäş» alyp, Öwüneli çalaja. Ýaltalygy kowaly, Öňümizden sowaly. Külejeden öňürdip, Ýüzümizi ýuwaly. Gawun-garpyz ekeli, Erigimizi kakaly. Etjagazyn iýibem, Şänigini çakaly. Goçjak-goçjak bolaly, Täze kassum alaly. Dürje enemiz ýalak, Mydam mährem bolaly. Men güldüm. – Nämä gülýäň? – Goşgyň ýumorly eken. Şoňa gülýän-aýt. Annak sen-ä hakyky şahyr bolup gidipsiň – diýip, men ony göwni üçin öwdüm. Şondan bäri aram-aram keýpiniň tutan wagty Annagyň goşgujyk düzäýmesi bar. Onuň goşgulary käte-käte mekdebimiziň diwar gazetinde-de çap edilip durýar. Annak Hapbyjygyň hüwdüsini diňleýänine monça boldy-da, ýene bir bendi joşup goýberdi: – Jijjim meniň zordur-la, Durşy bilen ýazdyr-la, Oýandyrmaň jijjimi, Betlijegi azdyr-la. Huwwa-huwwa, heýýä-heý… Daşarda kimdir biriniň aýagynyň düňküldisi eşidildi. – Oh-ho, Owlak ejem geldi – diýip, Annak okuwda «bäşlik» alan ýaly ýyrşardy. Emma ol gelen Owlak ejemiz däl-de, Töremyrat mugallymymyz eken. OL gapydan içerik boýnuny uzatdy-da, holparan äýnegini barmagy bilen gaşyna basdy, birhili nägile äheň bilen gürledi: – Düşnükli. Eneke bolduk diýseňiz-le. – Ismin çalyşsaňyz-a, geliň, sizem, ýoldaş mugallym! – diýip, Annak garagolluk bilen ýylgyrdy. – Ýok, Jümmiýew «sylag-hormatyň üçin sag bol», «käriňiz» özüňize nesip etsin. Hapbyjyk ýene «ýüregedüşdüsine» başlady: – Waý, keýýäm-eý, waý keýýäm… – Goý, goýaý-eý, Hapbyşka – diýip, Töremyrat mugallym käýinjiredi. – Sesiňi goýmasaň garamöwlegi getirin. Töremyrat mugallymyň «garamöwlek» diýeninden Hapbyjyk yzzyldamasyny goýup, gözlerini mölerdip, birhowa Töremyrat mugallymyň ýüzüne mölterilip ýatdy. – Häliden şeýdäýmeli ahyry. Hany, indi jyňky bir çyksyn şonuň. Töremyrat mugallym sözüni soňlaryna mähetdel, Hapbyjyk öňki tükezzibanyna tutdy: – Baý, gaýamöwwegi getiý, baý. – Eý, samsyjak, garamöwlegi getirsem, gulagyňy iýer-dä. – Iýmeý, iýmeý. Baý, gaýamöwwegi getiý, baý. – Paý-po-ýow, munuňam-a keçjallygy mamasynyňkyça bar eken – diýip, Töremyrat mugallym öwhüldäberdi. – Waý, gaýamöwwegi göýesim geýýäý-eý, gaýamöwwegi göýjeg-eý. Töremyrat mugallym: – Bolýar-how, goý indi sesiňi. Halys ýürege-bagra düşdüň-le diýdi-de, birdenkä gapyny şarka ýapyp, düňk-düňk edip gidiberdi. Biz aňka-taňka boluşdyk. Annak: – Töremyrat mugallym-a gaýdyp indi bu ýerlere garasyny salmasa gerek – diýip ýylgyrdy. – Indi näme, Töremyrat mugallymam özüň ýaly eneke etjek bolýaňmy!Onuň Hapbyşka gahary gelenok-da, biler bolsaň, bizden öýkeleýär. Aý bolsa-da hezillikden galdyk-da. – Waý, gaýamöwwek göýjeg-eý. – Eý, Meleje, gel, şuny taşlap gidibereli-le. Basym ejesi bilen kakasy hem geler-le – diýip, Annak teklip girizdi. – Goýsana, walla. «Postuňy» taşlap gitmek namartlyk dälmi!Soň Dürje enem öýkelemezmi? – diýip, men oňa garşy çykdym. – Hany, gaýamöwwek, gaýamöwwek diýýän men size. Şeýdişip, ala gopgun bolşup otyrkak, Töremyrat mugallym güpürdäp içerik girdi. Onuň goltugynda-da ullakan ýaban pişigiň gäbi bar. Biz ol pişige gaty belet . Asyl bu pişikden ýaňa bütin obamyzyň içi otly-tütün. Çünki ol obamyzyň horazlaryny, towuklaryny, jüýjelerini ýekeden-ikiden awlap, tas soňuna sogan ekipdi. Ol, assyrynlyk bilen aw etmäge şeýle bir ökde, şeýle bir ussat eken welin, obada ýaman niýet bilen mydyrt edilse, duýýan sak itlerem aňňalak gapyp galýardy. Oba adamlary ilki bu bir tüýkesme ogrynyň işidir öýütdiler. «Göze görünmeýän adam oba gelipmişin. Şonuň başga planetadan bolmagy-da ahmal. Şonuň iýýäni diňe towuk, horaz-jüýjemiş. Aý bu zamanda hiç zady geň görerligem ýok. Bolsa bolar duruberer-dä. «diýip, çypdyrma gürrüň ýaýradanlaram boldy. Şonuň yz ýanyndanam bu gürrüňüň üstüne:» Şol göze görünmeýän ogry towuk tohumyny ýoklap gutaransoň, goýun-geçiniň daşyna geçjekmiş. Soňam sygyr-göleleri gümlejekmiş. Olardan dynansoň bolsa, eşek-ýabydan, düýe-köşekden, itden-pişikden dyndarjakmyş» diýen gepem öňki toslamalaryň üstesine emek boldy. Elbetde, Töremyrat mugallymyň güwä geçmesi bilen köp kişi ol ýalan-ýaşryk gürrüňlere ynananokdy. Ýöne ele düşmän, göze-görünmeýän ogry, her zeýillem bolsa, adamlaryň ýüreklerine wehim salman duranokdy. Eger ýabany pişik juda nebsini şagladyp, meslikden gözüni gyzardyp, Töremyrat mugallymy äsgermän, süýr günortanlar gyzyl kekeçli, baga bakylan owlak ýaly semiz horazyny gygyrdyp, alyp gitmedik bolsady, onda onuň kümsükligi entek-enteklerem bilinmese bilinmän ýörerdi. Şol horazyny ardurja elden gidirenine Töremyrat mugallym şeýle bir ahmyr çekdi, şeýle bir gynandy welin, hesretden, gaýgy-gamdan ýaňa iki-üç günüň dowamynda sykylyp-horlanyp, owurtlary içine çöküp, boýny süýnüp, içi hepbige dönüp, tutuş ýüzi äýneginiň astynda ýerleşip, naýynjarja bolaýdy, görgülijik. Men Annak, Dürje enemiz Töremyrat mugallymyň obada iň ýakyn adamlary hem-de ýegre dostlary saýylamyzsoň, göwünlik bermek, gynanjyny deň paýlaşmak üçin öýlerine bardyk. Dürje enemiz: – Töremyrat jan, başa gelenini sowsun. Hudaýam halanyny alýandyr. Beter gama batyp ýörme. «Gideniň» yzyndan gaty gynanmaly dälmiş – diýip, takwasyrady. – Goýawer-ä, Dürje eje, Hudaýa bir töhmet atma. Hudaý bu ýerde priçýom! – diýip, Töremyrat mugallymyň girre gahary geldi. – Onyň-a dogry-la welin, Töremyrat jan ýöne Hudaýdanam-a bidin çöp başy gymyldaýan däldir. – Bäý, Hudaýam-a nebsini bilýän eken-ow. Almaly horazyny-ha bilipdir. Dogrudanam Töremyrat mugallym ýabany pişigiň awy bolan ol horazyny barja malyndan eý görýärdi. «Bar towuk tohumy bir ýana, şol horazymam bir ýana bolýar» diýýärdi. Diýse – diýmese Töremyrat mugallymlaryň şol horazy biçak owadandy, diýseň syratlydy. Hoş owazy bardy, gygyranda, obanyň beýleki horazlary-da şonuňka ses goşardy. Oba ilki bilen daň atanyny buşlaýan hem altyn jygaly, gyzyl kekeçli şol horazdy. «Gawunyň gowusyny şagal iýer» diýlişi ýaly, gel-gel ýabany pişigiň hem towuklaryň-horazlaryň arsyndan saýlap-seçip, ähli obanyň guwanjyna öwrülen, Töremyrat mugallymyň şol horazyny aparaýşyny diýsene. Ýogsam, şol «ogry» obamyza ýol salyp ugraly bäri Töremyrat mugallym horazlarydyr towuklarynyň ugrunda nähilidir kökenek boldy. Özi hem, ýabany pişik öýün-öýün agzyny ýagjardan-da bolsa, şindiz Töremyrat mugallymyň towuk ketegine gara bermändi. Şuňa Töremyrat mugallym begenip-guwanyp ýördi. Ol illeriň ýanynda «Aý, siz sakçylyk etmäni başaraňzok. Ýyly ýorgandan çykman parlaşyp ýatsaňyz, ogry içeriňizdäki zatlary-da göterip gidewersin» diýip, illeriň ýanynda küpür-süpürem gepläberýärdi. Ýöne, seredip otursaň, Töremyrat mugallyma gaty bir öwünýärem diýmeli däl. Ol uzakly gijeler çirim etmän towuk keteginiň töwereginde şöwür çekerdi. Ýöne ertesi welin sapakda uklar oturardy. Bir gezek ol Annagy tagtanyň öňüne geçirdi-de, ondan öýe berlen ýumşy sorady. Özi hem şol bada gözlerini süzüp, oturan ýerinde myrlapjyk galdy. Annagyň bolsa aşygy alçy gopdy. Sapaga taýýarlanman gelensoň, Töremyrat mugallymyň uklanyndan peýdalanyp, agzyna gelenini samahyllap dur. Bizem oňa gülüşýäris. Ahyry samahyllap ýadansoň, onuň özi-de «he-he» edip, uludan gülüp goýberdi. Onuň gülküsine Töremyrat mugallym ýalpa gözüni açdy, gaharlandy. – Ýeri, nämä gülýäň, Jümmiýew? Bu ýerde güler ýaly, komediýa görkezýän barmy? – Ýok, ýoldaş mugallym, hiç kimem komediýa görkezenok. Ýöne men-ä sapagy aýdyp boldum-da… – Aýdyp bolan bolsaň, geç-dä ýeriňe. Näme, bu ýerde dikilen diň ýaly bolup dursuň! – Baham, näçelik bolar, ýoldaş mugallym! – Bahaň-a ikilik bolar, Jümmiýew. Annak süňk paýdan galan ýaly boldy: – Ä? -Näme? -Ikilik? Men sapagy aýtdym-a, ýoldaş mugallym. Ýöne siz… – Seniň nähili sapak aýdyşyňy diňledim, Jümmiýew! Garajaýew bilen balyk tutuşyň, şähere gidip kino görşüň ýa Dürje eneňiz bilen Nunna agalaryňyzda toşap gaýnadyşyňyz hakdaky gürrüňleriňi absolýutno sapaga dahylly däl. Indikile şular ýaly gözbagçylyk etseň sapakdan çykaryp kowaryn. Asyl Töremyrat mugallym uklaýarmyka diýsek, oýa eken. Baý, biziň şu Töremyrat mugallymymyzda-da oýun kän-ow. … . Ana, onsoň, ogry pişik gijesine baryp, Töremyrat mugallymyň towuk keteginden aňyrsyna lukma düşmejegini bilip, onuň osal galaýjak wagtyny saýlap tutupdyr. Ol awa çykanda, Töremyrat mugallym hammamynda suwa düşüp duran, onuň aýalynyň, çagalarynyň iş-güýç, okuw-beýleki diýip, öýden çykyp giden wagtlary eken. Pişik gözüni gyzardyp, murtuny pezzerdip, tüýüni hüžžerdip, seýkin basyp, Töremyrat mugallymlaryň töwereklerinden inenden, horazdyr towuk görgüliler üstüne bir howp abananyny aňyp, wak-waklaşyp, gygyryşyp ugrapdyrlar. Töremyrat mugallym hammamda suwa düşüp duran ýerinden olaryň sesini eşidipdir. Ýöne horazlarynyň, towuklarynyň galagoplugyny Dürje enemiziň Külejesindendir öýdüpdir. Çünki Küleje mahal-mahal keýpine aýlanyp gideninde, onuň oýun eden bolup, towuklara «degäýmesi» bardy. Onda-da, Töremyrat mugallymyň şol gyzyl kekeçli baş horazy kowalap, Külejäni kowalap Dürje enemleriň öýlerine dykyp gaýdýardy. Ýöne, ynha, ýabany pişik gyzyl horazyň mekgesine, münüp, oba ýaň saldyryp, gygyrdyp ugraýar welin, munuň Külejäniň pülejäniň işi däldigini Töremyrat mugallym magat bilipdir, onuň ýüregine howul düşüpdir. Ol kellesiniň, ýüzüniň köpürjikli sabynyny hem ýuwmaga howlugyp, balagyna aýagyna iltäpdir-de, hammamdan atylyp çykypdyr. Gyzyl kekeçli horazyny gygyrdyp, şagalamy-torsugamy, şoňa meňzeş bir haýwanyň göterip, ýazzyny berip barýanyny äýneksiz halyna zordan saýgarypdyr. Üstesine onuň gözüne sabyn köpürjigem giripdir. Aý, onda-da ol çydamlylyk edipdir, şol ogry peläketiň yzyndan ýyldyrym kimin süýnüpdir. Şeýle-de bolsa, ogry gaty ýaman ýyldam eken. Gaty gaçýarmyş. Töremyrat mugallymyňam-a şol ylgaýşyna, öz aýdyşyna görä, dünýäniň iň ýüwrük çempiony-da onuň öňüne geçmeli däl. Ýöne, arman, gözüne köpürjikli sabyn gidip, mawyja basylan ýaly edýärmiş, ýoluny görkezenokmyş. Ýüzüniň köpürjigini şunça süpürse-de, saçlarynyň arasyndan çogup, aşak inip duranmyş. O bolmanda, Töremyrat mugallym ogrynyň yzyndan ýetägetdin, nesibesi aýrylyşyp barýan horazyny halas edäýmeli eken. Sabyn köpürjiginiň awusyna çydaman, ol soňabaka gözlerini ýumup ylgap başlapdyr. Gözlerini ýumup şol eňip barşyna-da, Dürje enemleriň bili ýogyn peýwendäki eriklerini gujaklap, onuň bilen çakyşypdyr. Gözi garaňkyrap erigiň düýbünde lampa aşak oturyberipdir. Ine, şeýdibem Töremyrat mugallymyň gyzyl kekeçli horazy hut gözüniň alnynda ardurja gidipdir. Ol özünden ujyz gutulan ogrynyň kimdigini bolsa, onuň aýak yzlaryndan anyklapdyr. Şol aýak yzlary Annak ikimize-de görkezdi. Olar gaplaň çagasynyň aýak yzlaryna meňzäp duran eken. Annak, Dürje enemiz üçümiz Töremyrat mugallymyň gynanjyna goşulyp, onuň halyny soraşmaga, şol baranymyzda, ol dişlerini gyjyrdadyp: – Indi şol deýýus pişigi asmana uçsa-da, ýere girse-de tapaýmaly – diýdi. -Şonuň üçinem şu günden şeýläk «ýabany pişik» operasiýasyny yglan edýärin. Kimiň meýli bolsa, gatnaşybermeli. Töremyrat mugallymyň ilkinji nobatda Annak ikimizden göwün edýändigini bilip durus. Şoňa görä-de operasiýa gatnaşmaga ikimizem höwesekdigimizi aýtdyk welin, onuň gam-gussasy azalan ýaly boldy. Dürje enemiz meýillidigini duýdurdy. Töremyrat mugallym oňa welin ikirjeňlendi: – Aý, Dürje eje, sen bu garry halyňa bize gury aýakbagy bolaýmasaň… – Goýawer-ä, Töremyrat jan – diýip, Dürje enem gatyrgandy-Siziň edeniňizi etmesem, siziň duran ýeriňizde durmasam, Dürje adymy aýraýaryn. – Ýok, Dürje eje, adyňy bir aýyrmaweri. Adyň özüňe tüýs şaplaşyp dur – diýip, Töremyrat mugallym köpden bäri ilkinji gezek ýylgyrdy-Goý, seniň göwnüň synandan, ýabany pişigiň boýny oňrulsyn. Senem agzalyga göterýäris. Töremyrat mugallym:» Üns beriň!Üns beriň! Obanyň galanja towuklaryny, horazlaryny ölümden halas etmek üçin, «Ýabany pişik» operasiýasyny geçirýäris. Operasiýanyň maksady-ogry ýabany pişigi öli ýa-da diri tutmak. Operasiýa gatnaşmaga meýilliler Töremyrat mugallyma ýüz tutmaly» diýip, ullakan ak kagyza goçak-goçak harplar bilen reňkläp bildiriş ýazdy-da, Annak ikimiziň eline tutdurdy: – Şuny häziriň özünde klubyň öňünden asyp goýuň! Biz Töremyrat mugallymyň bu tabşyrygyny haýal etmän ýerine ýetirdik. Bi gün geçdi, iki gün geçdi, üçünji, dördünji günler hem yzly-yzyna geliberdi. Emma operasiýamyza gatnaşmak üçin Töremyrat mugallyma ýüz tutýan ýok. Gaýtam, «Haý, pekgeler-ä, işlerini tükedipdirler-ow» diýip, bize gülüşýärdiler. Bu ýagdaý tas biziň elimizi operasiýadan sowadypdy. Her niçik, Nunna aganyň arkasy aw tüpeňli gelmegi biziň sönüp barýan höwesimizi hyjuwlandyryp goýberdi. Ynha indi, «Ýabany pişik» operasiýasynyň agzalary:Töremyrat mugallym, men, Annak, Dürje enemiz hem-de Nunna aga bäşimiz. Wiý, Annagyň haýyşy bilen ýene biri operasiýanyň agzalygyna kabul edildi. Ol hem onuň Goňurjasy. Komandirimiz Töremyrat mugallym. Ol bize operasiýanyň planyny düzüp berdi. Ilki bilen biz obadaky ähli gapany çöpleşdirdik. Olary pişigiň geläýjek ýerlerine guruşdyrdyk. Uzyn-uzyn torlar bilenem duzak etdik. Töremyrat mugallymyň çaklamasyna görä, ýabany pişik gündizlerine indi oba aralaşmaly däl. Çünki gyzyl kekeçli horazy ogurlanda Töremyrat mugallymdan gaty gorkan bolmaly. Şoňa görä-de, biz operasiýany, esasan gijelerine alyp barmaly bolduk. Nunna aga, Dürje enemizi motorynyň gozagyna mündürip, çyrasyny-da güýçli ýakyp, çöp-çalamlaryň içlerinde aýlanýardy. Eger pişik öňlerinden çykaýsa, çyranyň ýagtysy onuň iki gözüni-de gapyp, ol hiç ýerik butnap bilmeli däldi. Şol pursatda-da Dürje enemiz tüpeň bilen pişigiň gözüniň arasyna patlatmalydy. Hawa, hawa. Töremyrat mugallymyň görkezmesi bilen Dürje enemiz tüpeň atmany-da öwrendi. Annak ikimiz-ä hasabam däl welin, ol tüpeň atmakda Nunna agadyr Töremyrat mugallymy-da gaýra duruzýar. Olaryň urup bilmedik nyşanasyny-da şaňkyldadyp dur. Görşüňiz ýaly, Nunna aga bilen Dürje enemiziňki ap-aňsatjak. Motor münüp ýörmeli. Ýöne Töremyrat mugallym, Annak üçümiziňki kyn. Herimiziň elimizde köne bedre bile taýak bar. Taýagy bedräniň ýeňsesine urup, özümiz hem bokurdagymyza sygdygyndan gygyryşyp, syrkyny ýok, ýandagy ýok, endam-janyňy pişik dyrnaçaklan ýaly edýän beýleki çöp-çalamy ýok, şolaryň içinde enteşip ýörmeli. Bedrelerimiziň şakyrdysyna, biziň gykylygymyza, Goňurjanyň üýrmesine ýabany pişik gaçyp, özüni tora urmaly ýa-da gurlan gapanlara düşmeli. Garasaý, obanyň gaýrasyndaky boşluk bizden ýaňa ýöne goh bolup durdy. Ýöne operasiýa başlalymyz bäri şol töwereklerde uzakly gijeler uwlaşyp, adamlary peteň edýän şagallaryň sesleri sem boldy. Şagalam şagal welin ýabany pişik obamyzdan riştesini üzdi. Indi hiç kişiniň ne horazy ogurlanýar, ne towugy, ne-de jüýjesi. Bizden gorkup, bu jelegaýlardan ýeňsesini el ýaly eden bolaýmasa. Eger şeýle bolsa Töremyrat mugallym gaty gynanjak. «Şonuň gapjalanyny gözüm bilen görmesem, elmydama arman çekjek ýörjek» diýýär. Annag-a Töremyrat mugallymyň göwni diýäýýär, o bolmasa, indi beýdip çöpüň-çörüň içinde, gijäniň bir wagtyna çenli synsyraklap, ýörjek däl. Sebäbi Annak ukusyna gaty namart. Garny doýup, göz baglandygy, «ýorgan gala» özüni atar. Elindäki bedresini takradyp, sesinde baryny zowladyp barýandyr welin, gözi ukudadyr. Bedresiniň takyrdysy galyp, sesi çykmadymy, onda ony bir çöpüň düýbünden gözläýmelidir. Hakyt bir gije gözläp-gözläp, Annagy zordan tapdyk. Barsak, üýşmejik gumy ýassyk edinipdir-de, ukyny urup ýatyr, zaluwat. Şonda Töremyrat mugallymyň gahary gelip, Annagy «ýabany pişik» operasiýasynyň agzalygyndan boşatjak boldy. Ýöne Dürje enemiz «Ýeri, Töremyrat, senem oglan bilen deň bolup durmaýsan-a. Indikisine berk bor-la Annak inerçämem» diýip duransoň, ony öňki agzalygynda käýinç bilen galdyrdy. Ynha, bir gije aýlanyp-aýlanyp, gaýdar wagtymyz ýakynlaşyberende, birdenkä Annagyň ne bedresiniň takyrdysy eşidilýär, ne-de öz sesi. Biziňem barymyz «Annak-da, Annak!» bolşup, töweregimizi ýaňlandyryp, ony gözlemäge başladyk. – Ine, dözmezçilik etseň, ol saňa dözäýer. Indi tapylman gije şagallara şam bolaýsa nätjek? – diýip, Töremyrat mugallym Dürje enemize iňirdedi. – Agzyňdan al kaksyn, Töremyrat. Aýdýanyň näme!» Ýatana ýylanam degmez» diýipdirler. Ondan üçürip, şagallaram juda namartlap durmaz-la – diýip, Dürje enemiz hem özüne çykalgajyk gözledi. Birdenkä-de Dürje enemiziň aýagy bir zada ildi-de, ýüzinligine gürpüldäp ýykyldy. Arkasyndaky tüpeňe oky sürülgi bolsa nätjek. Ol hem pöwhüldäp atylyp gitdi. – Näme bold-aý, Dürje eje? – Bir-ä aýagymdan aldy. Aý, şu Annak inerçämiňem garagollugy galjak däl-ow. Dürje enemiziň ýykylan ýerine Töremyrat mugallym ylgap baryp, fonaryny tutup, Nunna aga-da motoryny sürüp gelip, onuň çyrasyny tutdy. Bi, bolýan zatlary görüň-ä. Annak çäşerilip ýatan ýabany pişigiň garnyna kellesini goýupdyr-da, arkaýyn uklap ýatyr. Olary görüp, Töremyrat mugallymyň gonjuna gor guýluberdi: – Dürje kempir, sen nädäýipsiň! – Nädäýipdirin, oglan? – Bi, ýabany pişigi çüýläniň-de, Jümmiýewi-de ataýypsyň-la. Dürje enem zähresi ýarylan ýaly bolup, agyrysyny-ynjysyny-da unudyp, ýatan ýerinden hasanaklap galdy: – Goýawer-ä, oglan, men-ä pişigem göremok, syçanam. Tüpeňim ýokaryk göçdi ahyryn. Ýa bi artyp pişik Annak inerçäm bilen ýokarda ganat baglap uçup ýördülermikä? – Ýalan sözläp sypmarsyň, Dürje kempir. Suduň öňünde sömelmeli bolarsyň. Wah, wah, Jümmiýew jan… Töremyrat mugallym sojap aşak egildi. Annagy yralady: – Jümmiýew, Jümmiýew!… Annak birdenkä «häh» diýip, ýerinden dikeldi. Gözüni açalak-ýumalak edip, Töremyrat mugallymyň ýüzüne seretdi: – Indikile uklaman, ýoldaş mugallym. – Ok niräňden degdi, Jümmiýew! – Ok? … Maňa ok degenok ýoldaş mugallym. Ýöne düýşümde ýabany pişig-ä atdym men. – Ana gördüňmi – diýip, Dürje enemiz indi Töremyrat mugallymyň üstüne hüjüm edip başlady. – Meniň Annak inerçämi atmandygymy bildiň gerek!Bigünä adama töhmet atanyň üçin, indi sen suduň öňünde sömelmeli bolarsyň, Töremyrat! – Sömelmeli bolsa, sömeläýmeli bolar-da, hany, entek bir düşünişeli-le. Adamlary ur-tut gazamada basdyrjak bolup dursuň sen – diýip, Töremyrat mugallym Annaga ýüzlendi. – Jümmiýew, sen ýabany pişigi düýşüňde aparman, huşuňda aparypsyň ahyryn. – Özüňem bize aýtmanjyk, ony ýassanyp ýatyr ekeniň – diýip, menem Töremyrat mugallymyň sözüniň üstüni ýetirdim-Eý, Annak, ony nädip tutduň-aý? Annagyň çäşerip ýatan pişige gözi düşensoň, beýläk böküp düşdi. Birdenem göwnüne gara gitdi-de: – Äh-ä, näme mönsürän bolýaň, Meleje? Kellämiň aşagynda ölen pişik goýup, sen üstümden güljek bolýanyňy bilmeýändir öýdýäňmi! – diýip, Annak meniň üstüme dyzady. – Jümmiýew, Jümmiýew!Dursana. Bulaşdyrmasana diýip, Töremyrat mugallym ony saklady. -Sen örän gahrymançylykly iş bitirdiň. Seniň bu gahrymançylygyňy bütin «Duzluja» obasy hiç wagt unutmaz. Ýöne sen dogryňy gel-de, aýdaý, ýabany pişigi nädip giriňe saldyň? – Dur, dur, Töremyrat, howlukma – diýip, Nunna aga bili, bokurdagy çeýnelen äpet alahöwreni guýrugyndan tutup ýokary göterdi. Asyl ýylan pişigiň beýle ýanynda ýatan eken. Biziň hiç birimiz ony görmesek näme. -Gahrymançylygy, ynha şu pälwana ber. Ogry pişigi aparan şu bolmaly. Indi bary aýdyň boldy duruberdi: pişik alahöwreni awlajak bolupmy ýa onuň üstünden tötänden barypmy onçasy anyk däl, ýöne onuň bilen garpyşan-a çyn. Ol ýylanyň endam-janyny çeýnem-çeýnem edipdir, emma ýylanam aryny gidermändir, zäherli çakgyjyny pişigiň garnyndan pörsüldedip-pörsüldedip sokupdyr. Şeýlelikde, ikisem bu dünýäniň gyzygyndan-u azabyndan dynypdyrlar. Annak bolsa gijäniň bu tümlüginde, gözlerini hem uky bürüp, halys meýmiränsoň, hiç zady saýgarman, seljermän, söweş bolan ýere özüni oklapdyr. Kellesine goýanam ýabany pişigiň garny eken. Ýumşajyk tüýlüje garyn şol wagt Annaga ýelek ýassykdan enaýy bolmandyr. – Heý, tüýi ýanan, artyp pişik diýsäni. Tasdan-a Töremyrat jan ikimiziňem agzymyzy alardypdy – diýip, Dürje enemiz käýindi-Hany, Nunna ýegen, piliňi alagetdin, çukur gaz-da şol haram ogryny ýedi gat ýeriň astyna sok. Şonuň şu jelegaýlarda ysy-koky çykmasyn-la. – Ýok, Dürje eje – diýip, Töremyrat mugallym başga hili pikiri orta atdy. Biz onuň derisini sypyragetdin içine bolsa saman dykyp goýarys. «Duzlujamyzyň» taryhy öwrenilende, onuň gäbi gerek bolar. – Aý, hawa-da, «tokaý otla-da at gazan» diýenleri-dä. Indi ogry pişigem taryhymyza girse, onda bizem ýatdan çykarmasalar gerek –diýip, Dürje enemiz mys-mys güldi. – Sen, Dürje eje, «Duzlujamyzyň» taryhyna ilkinji bolup girersiň. … Ana, Töremyrat mugallymyň garamöwlek diýip getireni şol ýabany pişigiň gäbi bolmaly. Aram-aram ony towuk ketekleriniň üstünde janly ýaly dik duruzyp goýýar welin, öýleriniň töweregine gyrgy beýleki inip bilenok. Biz Hapbyjyk «garamöwlekden» gorkup, burny deşilen ýaly ümsümje bolar öýtdük. Ýog-eý. Onuň üçin-ä göwünjigi bir ýaly. Gaýta «he-he» edipjik güldi. Onuň gözlerine barmaklaryny uzatdy: – Gözleri köými? – Kör däl, Hapbyşka – diýip, Töremyrat mugallym düşündirdi. – Garamöwlek şu wagt ukuda. – Onda tuýuz-da. – Ol Annak kakaň ýaly ýatak. Entekler turmaz. – Ýok, tuýuz. – Turzup bolanok. – Tuýuz diýýän men saňa. Hapbyjyk ýene keçjallygyna tutup ugrady. Töremyrat mugallym näderini bilmän, butlaryna şapbatlap, kellesini ýaýkady: – Bä, bä, şuny bir okatmaly bolmawereýin. Onýança pensiýa çykawereýin. Annak barmaklaryny bukup, özüçe Töremyrat mugallymyň ýaşyny hasaplady: – Ýok, ýoldaş mugallym. Pensiýa çykyp ýetişeňzok. Okatmaly bolýaňyz. Töremyrat mugallym Annagyň degişmesine degişme bilen jogap berdi: – Aý, onda başga mekdebe işe geçäýerin. Şu ikaralykda Owlak ejemiz, bilen Öwelek daýymyz gelip, dadymyza ýetişmedik bolsa, onda Töremyrat mugallym-a öýlerine ulukçyn alyp, gaçyp gidýärdi. Ol Owlak ejemizdir Öwelek ejemiziň hezzet-hormat etjek bolmagyna garaman, öýlerine gitmek bilen boldy. Pişigiň gäbini hem goltugyna gysdy. Ýagydan sypan ýaly bolşup, biz hem ondan galmadyk. Emma Hapby düňküldäpjik yzymyzdan ýetdi, Töremyrat mugallymyň goltugyndaky gäbe ýapyşdy: – Getiý, getiý. Gaýamöwwek meňki. – Wah, jan inim, alaweri. Biz-ä senden bir garamöwlek bilen sypsak kaýyl. Öwelek daýymyz: – Töremyrat aga siz arkaýyn gidiberiň. Birneme deminden düşüşensoň, gäbiňizi özüm öýüňize eltip gaýdaryn – diýdi. Öýlerine gelsek, Töremyrat mugallymlaryň gapysynda üsti brezent bilen basyrylan bir ýeňil maşyn dur. Töremyrat mugallym onuň basgysyny aýyrdy welin köneje «Pobeda» maşyn eken. – Ynha, Jümmiýew, Garajaýew hezillig-ä şu maşynyň içinde bolmaly. Düýn bazardan satyn alyp geldim. – Maşynyňyz gutly bolsun, ýoldaş mugallym! –diýip, men ony gutladym. – Sag bol Garajaýew. Sag bol, sag bol. A sen näme üçin gutlaňok, Jümmiýew? Ýa, sen Töremyrat mugallymyň maşynly bolanyna begeneňokmy? – Begenýän-le – diýip, Annak maşynyň daşyndan aýlanyp ýörşüne hümürdedi. -Ýöne köne-dä. Täzejesini almaly ekeniňiz. Töremyrat mugallymyň ýüzüne bulut çöken ýaly boldy. Ol halparan äýnegini öňki endigi boýunça gaşlarynyň çatylan ýerine basdy: – Jümmiýew, täze diýip, könäni harlap bolmaz ahyryn. «Täzäniň görkünden, könäniň berki» diýmändirlermi näme! Men Töremyrat mugallymyň keýpini götermek üçin: – Ýoldaş mugallym, Annagyň göwnüniň ýetýän zady barm-aý. Maşynyňyz samolýotdan kem däl. Bizem muňa mündürseňiz-dä – diýdim. Töremyrat mugallymyň ýüzi ýagtyldy: – Be, Garajaýew, sizi mündürmän kimi mündüreýin. Sizi şonuň üçin çagyrdym-da. Muny münüp, bar-a, bileje ot-a gideris, şähere gezelenje gideris. – «Jerenli» oýa-da giderismi, ýoldaş mugallym? diýip, Annak öz höwesini duýdurdy. «Jerenli» oýuň, «Gulanly» oýuň galmaz, Jümmiýew. Baryna gideris. Baryna gideris. Hany, onda häzirden syýahatymyza başlalyň-da. – Ýörüň. – Şeýdeli-le, ýoldaş mugallym. Biz bir-birimize gezek bermän, maşynyň içine güpürdeşip girdik. Emma yz ýanymyz hem düşmeli bolduk. Sebäbi maşynyň akkumulýatory çöken eken. Onsoň Töremyrat mugallymy ruluň başynda oturdyp, maşyny itmeli bolduk. Bize onuň aýaly Hüýrjemel gelnejemiz bilen çagalary kömekleşýärdi. Ýogsam, içi Töremyrat mugallymly mitin ýaly agyr maşyn Annak ikimize gozgatjakmy. Ynha, biz hykylaşyp-çokulaşyp, haşlaşyp-myşlaşyp, «Pobedany» itip barýas, itip barýas. Emma motor ot almasa nädesiň. Annak şul ikaralykda-da, wäşi söz oklan bolýar: – Eý, indi biz şeýdip syýahat etmelimikäk? Maşyn birdenkä tüpeň atylan ýaly paňkyldadyp gaty ses çykardy-da, turbasynda parowozyňky ýaly goýy tüsse goýberip, ok kimin atylyp gitdi. Şol gidişine-de tozan turzup hiç ýerde säginmän-sakynman, barha tizligini artdyryp, waz ýasap barýar. – Alyp gaçar ýaly ony Dürje enemiziň eşegidir öýdýäňmi? – diýip, menem onuň jogabyny ýelmedim. Annak ikimiz maşynyň yzyndan ylgadyk. Töremyrat mugallymyň çagalarydyr aýaly bolsa honda galdy. Maşynyň yzyndan ýetemizsoň, Annak haş-haş edip: – Ýoldaş mugallym, «Bozdumanyň-a» ahyry toýnagy gyzdy-ow – diýdi. -Aý, şunuň-a indi gyzmadyk ýeri galan däldir, Jümmiýew. Münüň bakaly. Hany «Bozdumanymyzy» birsellem «çapalyň». Annak şolbada Töremyrat mugallymyň ýanyna joňkardy, menem kabinanyň yzky kürsüsine ýerleşdim. Töremyrat mugallym maşynyň gazyny birdenkä güýçli berensoň ol motoryny ýarara getirip güňledi-de, batly öňe okduryldy. Şonda biziň üçimiziňem eňegimize urlan ýaly bolup, ýeňseçukurymyz kürsimiziň arka ýaplangyjyna gütüläp degdi. Annak kellesini iki eli bilen tutup: – Bä, şarikler-ä duw-dagyn boldy – diýdi. – Duw-dagyn bolsa, olary ýerli-ýerinde goýuşdyraýarys – diýip, Töremyrat mugallym radionyň nurbatjygyny towlady welin, ondan ýakymlyja saz eşidilip ugrady. -Ine, gördüňizmi, Jümmiýew, Garajaýew, şeýdip radio diňläp, syýahat edip ýörmelidir. Hezillikidir-laý. – Häk, ýoldaş mugallym, maşynyň içinde telewizoram bolaýsady, onda syýahatymyz gyzykly geçerdi. – Sen, Jümmiýew, gaty köp zat isleýäňmi ýa meniň göwnümemi. Telewizora seretdirip, adamlary näme, heläkçilige uçratjak bolýaňmy. – Şopur telewizora seretmez-ä, ýoldaş mugallym. Ol ýoly bilen bolmaly bolar-da. – Gyzykly kino gidip duran bolsa, heý seretmäniň bormy. Iň bolmanda, gözüň gytagyny aýlarsyň. Şol pursatam kim bilýär, çukura gapgaryljakmy ýa öňüňden çykan bilen «gujaklaşjakmy»? Gowusy, sen Jümmiýew, telewizoryňy öz öýüňizde göräýseň nädýär!? – Eger şopur bilen ara petiklenäýse näderkä? – diýip, Annak hil bir zat tapan ýaly, ýylgyryp, Töremyrat mugallyma garady. Indi Töremyrat mugallymyň ýeňse damarynyň gatajagy çyndy, onuň gaharyna birdenkä Annagy maşyndan düşüräýmegem ahmaldy. Her näme-de bolsa, Nunna aga bilen Dürje enemiziň öňümizden motorly pete-pet çykmasy, gopjak bu tersleşigi çüý deşen pökgi ýaly pyssardyp goýaýdy. Nunna aga ýüň daraşan Dürje enemizi öýlerine alyp barýan bolmaga çemeli. Olar bizi tanamadylar. Gabadymyzdan geçiberende, Töremyrat mugallym maşynynyň düýdüldedip, olary saklady. Biziň üçimizem maşyndan düşdük. Dürje enemizem, Nunna aga-da bize haýran galdylar. – Bi, lökge kimiňki, Töremyrat jan? Dürje enemiziň sowaly Töremyrat mugallymy gatyrgandyrdy: – Bolubilse-hä biziňkidir, Dürje eje. Kesekiniňkini müner ýaly bu adamlar iliň zadyna zar däl. – Weý, heýlemi. Äl, senem, Töremyrat jan aşaklyk bilen iş görýäň-ow. «Maşyn aldym» diýip, Dürje ejeňe-de buşlaýaňda, begenjine şu adamlaryň takga jany çakaýar öýtdüňmi. Gutly bolsun, gutly bolsun, deýmurçylarymyň gelnalyjysyna ýarasyn. Dürje enem motoryň gozagynda bir akja düwünçegi çykardy-da, ony çözüp, şondaky şokoladdan penjesini dolduryp alyp, maşynyň üstüne seçip goýberdi. Annak ikimiz haýdaşyp guma garylan şokoladlary çöpläp ugradyk. Töremyrat mugallym bilen Nunna aga-da bizden kem galmady. Süýji çöpleşik gutaransoň, Dürje enem: – Nunna ýegen, gaty görmeseň, men-ä indi «at» barka «eşege» münübem oturjak däl – diýdi. Dürje enemiziň «Pobedany» ata meňzedip, onuň gozakly motory-da eşege meňzetmesi Nunna aganyň çetine degdi: – Aý, Dürje daýza, biziňk-ä «eşegem» bolsa, gaty özüne göwni ýetýänje «eşekdir» . Iliň «aty» ýaly nebsewürlik edip, gören ýolagçysyny çöpläp barmaz. – Baý, Nunna ýegen, senem oýna-çyna-da çydaňok. Töremyrat janam Dürje enesi lökgesine münmese gaty görer ahyryn. Şeýle dälmi. Töremyrat jan? Töremyrat mugallym Dürje enemiz bilen ugurdaş gopdy: – Weý, pažalysta, Dürje eje, onuňam, heý, gürrüňi bolarmy. Biz, siziň hyzmatyňyzda, hany münüň – diýip, Töremyrat mugallym maşynyň kabinasyny Dürje eneme açyp berdi. Bu gezek Dürje enemiz maşynyň öňüne münensoň, Annagam yza geçmeli boldy. Ynha ugrabermelidik welin, motor öçdi-de, ýene-de maşyny itmeli boldy. Dürje enemiziň ýaňky sözi üçin her näçe arkanjaklasa-da, Nunna aganam kömege çagyrmaly bolduk. Maşyn gumak ýerde duran eken. Bagyr-öýkenimizi sograra getirip, şu bela itekleýäsem welin, kän tigirläp bilemzok. Ýene biri kömekleşse, onuň otlanaýmagam ahmal. Nunna aganyň motoryna tirkeg edeli diýsegem, ýanymyzda simden- ýüpden hiç zat ýok. Itişmäge, içigar, şu wagt ne öňden, ne-de, yzdan gara berýän bar. Nunna aganyňam:» At» dagam däl eken-ow. Hol-ha, guýrugyndan ozup barýar diýen gyjyty-da bir ýanymyzdan. Ahyry Dürje enemiz şu ýerde-de akyl satdy: – Äýu, Töremyrat, lökgäň agramyndan seň agramyň agyr ahyryn. Düş lökgeden beýdip, han ýaly beýdip oturma-da. Sen şu ämärt güýjüň bilen sähelçe talkaw berseň maşyn janawer uçup gidýär. Lökgäň «jylawyna» özüm eýelik ederin. – Dürje eje, senem bar ýere burnuňy ýere sokmany gowy görýäň-aý. Sen, näme, rul tutup oňarmyň! – Oňarman, garagyna gul salaryn şonuň. Ýöne sen çalaja ugruňy belert. Töremyrat mugallym kynlyk bilen maşyndan düşüp, ruly Dürje enemize berdi. Motoryň otlanyşynyň, gazyň berlişiniň, tormozyň basylyşynyň düzgünlerini göwünli-göwünsiz, çalak-çulak öwretdi. Biz täzeden güýç alyp, maşyny itip ugradyk. BÄ, şu Dürje enemiziň sözüniň yrýasy ýok ýaly. Töremyrat mugallymyň güýji güýç däl eken. Has-has edip, bir zomap ugrady welin, maşyn janawer «hyz-hyz», «dyz-dyz» edip, tigirleniberdi. Birdenem hälki ýaly taňkyldadyp goýberip, biziň ýüz-gözümizi, üst-başymyzy goýry tüsseden dolduryp, hol, öňe atylyp gidiberdi. Annak maşynyň yzyndan seredip durşuna: – Ana, «Bozdumanyň-a» toýnagy gyzdy. – diýdi. Maşyn hem barha batlanyp tozan turzup, gidip barýardy. – O nä durzanokka? – diýip, Töremyrat mugallym howsala düşdi. – Aý, onam siz ýaly, «Bozduman» alyp gaçandyr. – Häzir seň ýadyňa oýun düşýär, Jümmiýew. Bu adamlaryň bolsa jany suw üstünde. Töremyrat mugallym Annaga alaryldy-da Nunna şeýle diýdi: – Nunna aga, sür, onuň yzyndan. Ol akmak kempiriň kellesi göçdi. Agdarylarmy-nädermi… Nunna aga bir depende motoryny otlady. Töremyrat mugallym motoryň ýeňseki oturgyjyna baryp gondy welin, Annak ikimizem gozagyna ýelmeşdik. Nunna aga motoryny ýokary tizlik bilen sürüp. Dürje enemiziň yzyndan ýetdi. Onuň bilen gabatlaşdy. Motoryny düýdüldedip, «Dur dur… !» diýen manyda oňa duýduryş berdi. Emma Dürje enemiz düýdüldiňe-püýdüldiňe gulak asanok. Ol ruldan berk tutup, ýüzüni ak tam edip doňdurylan ýaly bolup otyr. Töremyrat mugallym: – Sakla maşyny – diýip gygyrdy. – Saklap bilemok – diýip, Dürje enemiz görgüli agy gatyşykly jogap berdi. – Tormozy bas – diýip, Annak hem oturan ýerinden maslahat beren boldy. – Ýok, tormozy basma. Agdarylarsyň, gazy goýber. – Gazy goýberdim. Ýöne onuň basawajy ýokaryk galanok. – Onda motory öçür. – Artybyň açary yzyna towlanmasa näme. Doňup dur-a. – Weý, şeýtmeleri bardyr-ow. Dürje enemiz ýüzüni eňşedip aglamaga başlady: – Waý, duruzyň artyp galany. Meniň çym-pytragym çykýar. – Nunna aga, näderis? Dürje eje-de, maşynam… – Nätmekden Hudaý saklasyn, Töremyrat molla. Sen ruldan berk tut-da, seresaplyk bilen maşyna golaýlaş. – Sen nätjek bolýaň, Nunna aga? – Nätjegimi özüm gowy bilýän. Ýöne sen diýleni et, Töremyrat molla. Töremyrat mugallym Nunna aganyň arkasyndan gujaklap, onuň elinden motoryň ruluny aldy. Nunna aga bolsa ýuwaş-ýuwaşdan ýerinden turup, maşynyň gapysyny açdy. Indi ýanaşyk barýan motordan, maşyna girmelidi. Munuň ýaly töwekgel hereketleri diňe kaskadýorlar edip bilýär ahyryn. Bolsa-da Nunna aganyň kaskadýor kemi ýok eken. Meniň kaskadýor diýýänime düşünýänsiňiz-le. Kinolarda iň howply hereketleri ýerine ýetirip bilýän başarjaň adamlar. Annak Nunna aga ýykylar öýdüp, gorkusyna gözlerini ýumdy. Men bolsa gözlerimi çelpek ýaly edip, Nunna aganyň ähli hereketlerine syn edýärdim. Onuň batyrlygyna, başarjaňlygyna gözüm gidýärdi. Özümiň şonuň ýaly bolup bilmeýänime ökünýärdim. Ine, ol motordan arasyny üzüp, maşynyň içine girdi. Kän uzaklaşdyrmanam maşyny saklady. Töremyrat mugallym motory duruzandan, biz gozakdan böküşip çykdyk-da, maşynyň ýanyna ylgadyk. Dürje enemiz gorkusyndanmy begenjindenmi, özünden gidipdir. Nunna aga maňa: – Bar, Melejäm gozakda suwly mytara bardyr. Şony getir – diýdi. Men ylgap mytarany alyp geldim. Nunna aga Dürje enemiziň ýüzüne suw sepeledi welin, ol özüne geldi. Jerreldip, gözlerini açdy. – Men dirimi? – Diri, diri. Ol endamyny elleşdirdi. – Synalarymam ýerbe-ýermi? – Ýerbe-ýer. Dürje enem gapdalynda oturan Nunna aganyň arkasyna kakdy: – Galan ömrüm senden eken, Nunna ýegen. Seniň arkaňda Hydyr ataň bäş barmagynyň yzy barmykan diýýän. Ýogsam sen meni dogry gelýän ajaldan alyp galmaly däl. Nunna aga güldi: – Aý, meň arkamda hiç ataňam barmagynyň yzy ýok. Ýöne atam pahyr şu seniň deýmurçylaryň ýalykam, garagolluk edemde, arkama çygar çybyk bilen çalypdy. Şonuň yzy bolaýmasa. – Aý, her nämäň yzy bolsa-da, ýöne-möne yz-a bolmaly däl şol – diýip, Dürje enemiz maşyndan düşdi. -Hany, indi barymyz bize gideliň. Men sizi bir jüýjeli, kişmişli palawdan doýuraýyn. Bu meniň lökge sürşümiň kiçiräk toýy bolar. – Onda öýüňize barýança-da lökgäni özüň sürüp gitjekmi? –diýip, Töremyrat mugallym Dürje enemize ýomak atdy. – Ýok, Töremyrat jan, lökgäň özüňe nesip etsin. Bize bessir şol Nunna ýegeniň tigirlenýäni. Aýlanaýyn könäm senden. Dürje enemiz Nunna aganyň motorynyň gozagyna mündi. Annak ikimiz hem Töremyrat mugallymyň alyp gaçan «Bozdumanyna». On ýedinji bap. Dükanda halwa satylyp, «Bozdumanyň» orta ýolda «toýnagynyň sowaýşy», Wellegiň gözboýagçylyk edip, goňşy obalynyň nobatdan çykarylyşy, Mossynyň Töremyrat mugallyma ýaranjak bolup, biziň agzymyzy süýjüdişi. Giç öýlänlerdi. Men towuklarymyzy daşyma üýşürip, köneje jamdaky dänelerden olary iýmläp durdum. – Meleje, aý, Meleje!. . Ynha, «Wäh» diýlen ýaly, birdenkä ýol tarapdan Annagyň gykylygy eşidildi. Men towuklaryma iým sepmämi goýdum-da, Annagyň gelýän ugruna aňaldym. Annak aňyrdan tigrini batly şakyrdadyp geldi-de, maňa iki ädim ýetmän, tormozyna güýçli basyp, güpüläp ýere düşdi. Başlaryna gaý bolşup, däne çokuşyp duran towuklar ondan gorkuşyp, wak-waklaşyp, çar tarapa duw-dagyn boldular. Annagyň towuklarymy ürküzmegi meniň ýeňsedamarymy gataltdy. – Näm-ow, Töremyrat mugallymyň «Bozdumany» ýaly, süsňäp gelýäň-le. Towuklarymyňam-a ýüregini ýardyň. Tüý, tüý… Men elimdäki jamdan däne sepeläp, towuklarymy çagyrdym. Towuk janawarlar gaty gorkan bolarly, bärik gelip bilmän, hol beýleräkde tok-toklaşyp durdy. – Towuklaryňa zat bolasy ýok-laý. Beýle gaty gorkan bolsalar, Dürje enemize gorkulyk damarlaryny tutduraýarys – diýip, Annak ýyrş-ýyrş etdi. – Dost jan, häzir saňa bir hoş habarjyk aýdaryn welin, towugyňam ýada düşmez, horazyňam. – O nähili habar-aý, Annak dost? Aýtsana çaltrak – diýip, men Annaga bolan öýkämi şol bada unutdym. Annak dodaklaryny ýalap, agzyny şapbyldadyp gepledi: – Dükana halwa gelipdir, halwa. Aşygym alça gopan ýaly, men begenmekden ýaňa gygyryp goýberdim: – Halwa?! Aý, goý-a? – Çypbakaý çynym, Meleje. Özem saç halwa. Ýör basymrak, halwaň soňuna sogan ekmänkäler. Agzyňda kibirdäp duran, bal ýaly tagamly saç halwa öler zadymdy. Ýöne köp kişiniň arzyly şol halwasy hasap guşy ýaly bolup, biziň obamyza seýrek gelýärdi. Ýogsa-da öňräk dükanda satylan eken. Salymyny bermän hem birgiden halwany iller «gyrlym» bolşup, towus göteripdirler. Arman, menem, öýümizdäkilerem, Annaklaram eşitmän, osal galan ekenik. Ertesi saç halwany Wellekde görüp, gaty kemsindik. Welleg-ä özünden bilib-ä, halwasyny bize dadyrmady, bizem ondan dilemäge namys eden bolduk. Annag-a biljek däl welin, men-ä halwadan gaty ät galaýan ekenim. Ep-eslije günläp bokurdagymy çilik kimin çişirip gezmeli boldum. … – Onuň ýaly bolsa eňeli-le, Annak dost. Birden ýene ät galaýmaly – diýdim-de, men içerik atylyp girdim. Yzym bilen hem puldur halwa salar ýaly gap alyp, öýden dazlap çykdym. Biz ýola düşüp, aýlawa goýberilen taýlar kimin biri-birimizden galman, dükana tarap gyp basaýdyk. Ýoly ýarpylaberenimizde, Töremyrat mugallymyň «Bozdumanyna» gözümiz düşdi. Ynha, şu wagt hem «Bozduman» hemişeki kesirligine tutan bolmaga çemeli. Töremyrat mugallym aýagy bişen ýaly, onuň daşynda zowzanaklaýardy. – Annak dost, halwa iýip bolaýdyk öýdýän. Ana, görýäňmi, Töremyrat mugallymyň «Bozdumanynyň» ýene «toýnagyny gyzdyryşmaly boljak» – diýip, men içki howsalamy daşyma çykardym. – Of! – diýip, Annak uludan demini aldy-da: – Şol «Bozdumandan» biz haçan dynarkak? – diýdi. – Töremyrat mugallym täze maşyn alanda – diýip, men jogap berdim. – Töremyrat mugallym-a täze maşyn alynmaz. O tarapdan-a tamaň tala daňlan ýaly bolaýsyn – diýip, Annak myşlap gepledi. – Objuman, şeýle, Meleje han, anha, Töremyrat mugallymyň «Bozdumany», men-ä şoňa barmajygymam batyrman. Onuň üçin halwadan galyp bilmen, hanymbaý. Gel gowusy, nädeli diýsene? – Nädeli? – Görmediksirän bolup, tigrimizi gapdalyndan gaty sürüp geçibereli-le. – Beýtseň, ýagşy däl-laý, Annak. – Halwadan galsaň, ýagşy-da onda? Ä? – Aý, olam-a gowy däl özi… – Hany, onda, ynnyk-pynnyk etme-de, bas yzymdan. Ýüzüňi öwür-de beýläk, gözüň ýok ýaly, geçiber gabadyndan. Annak bat aldy-da, tigriniň tizligini artdyrdy. Menem onuň yzyndan «guýruk tutdy» bolaýandyryn. Töremyrat mugallymyň gabadyna ýetiberenimizde, Annak ýüzüni gyjakçylaryňky ýaly kese sowup, tigrini wazladyp, aňyrlygyna geçip gidiberdi. Men welin, bilesigelijilikdenmi ýa Töremyrat mugallyma nebsim agyrmakdanmy, duýgudaşlykdanmy, garaz-haý, ýüzümi bütinleý ondan öwrüp bilmedim, nähilem bolsa, oňa gözümiň gyýtagyny aýlabrak geçdim. Şonda biziň gelýänimizi görüp, Töremyrat mugallymyň begenjine depesiniň gök dirändigini, emma gabadyndan geçip gidenimizde bolsa, süňk paýlaşygyndan ät bolan çaga ýaly müzzerilip galandygyny, çalaragam bolsa, men şu zatlary synlamaga ýetişdim. Onuň bolşuna ýüregim awaýdy. – Jümmiýew, Garajaýew, dursaňyz-la. Nirä barýaňyz? Dursaňyz-la. «Bozdumany» ýöredişseňiz-le – diýip, yzymyzdan boýurganyp gygyrmasy meni pagyş-para eretdi. Men säginjek ýaly etdim. Birdenem tigrimi ala-hasyrdy bolup gaty sürdüm-de, Annagyň yzyndan ýetdim. – Annak, dursana, eşidýäňmi! Töremyrat mugallym bize gygyrýar. Eşidýäňmi? Kömekleşeli-le. Annak ýapyrylyp eňip barşyna: – Eşidýän. Gulagym ker däl – diýip, dişlerini gyjyrdatdy. – Samsyk bolma-da sürüber. Halwa alyp gelip, «Bozdumany» ýola salyşaýarys. Töremyrat mugallyma-da halwamyzdan dadyrys welin, onuň öýkesi-de ýazylar. Düşündiň gerek! Be, be, Annagyň «kädisi» boş däl-ow. Şular ýaly gyssanyp-alňasaňda bir çykalgajyk tapaýýar, zaluwat! Indi meniň agyr günäm ýeňlän ýaly bolaýdy. – Düşnükli, Annak dost. Basdyk ýüz elliden. Annak ikimiz tigirlerimizi uçurara getirip, bärden haşlaşyp baranymyzda, dükanyň içi adamdan ýaňa hümerdi. Özem içeri ala-gopgundy: «Maňa az berdiň-de, oňa köp berdiň. Maňa külkesi ýetdi-de, oňa irisi» . Nobatyň iň yzy bolsa Wellek eken. Ýöne ol halwadan ýüküni tutan ýaly-la. Elindäki haltajygy pökgeripjik dur. Özem agzy-burnuny çyrşak edip, ýetişibildiginden halwa symyşlaýar. – Eý, Wellek, sen satyn alan halwaňy şu ýerde iýip gitjek bolýan-a dälsiň? – diýip, Annak ýaňsyly ýylgyrdy. – Hawa-aýt, şu ýerde iýip gitjek bolýan-aý – diýende, Wellegiň owurdyndaky halwa külkeleri Annagyň ýüzüne syçrady. – Iýemde öz halwamy iýýän. Saňa näme! Wellegiň öň ýanynda dükanyň içinden petişliginden gara der bolup duran Begim aga: – Iýseň, janyňa noş bolsun, ýöne ikinji gezek nobata durup, gözboýagçylyk etjek bolma. Ozalam halwa bir gezek nobata duranlara-da ýetmejek bolup dur – diýip, Annaga derek jogap berdi. – Oh-ow, sakgaldaş, şol gijen göz garagolja öň-ä bir, iki sapar alandyr ýöne, üçem alan bolmasa. Goýberme şony – diýip, nobatyň ortarasynda duran Nunna aga iki gapdalyndan mazalyja gysylansoň, çygyljyrap gepledi. – Aý, şo gijen göz diýýäniňiz Illek gazançynyň dogmasy dälmi? – diýip, märekäniň içinden biri gyzyklanyp sorady. Wellegiň kakasy Illek aganyň bir bolmaýan gylygy bar. Gazan nahar bişip durandyr welin, okara guýdurmazdan, ilki bir şoňa nan basyp alar, bolmasa-da, çemçäni sokagetdin, etinden çykarynar. Onuň bu gylygy çagalygyndan galypdyr. «Öwrenilen gylyk – örkleseň durmaz» diýlişi ýaly, şol endigini henizem goýup bilenok. Iliň gözünden şol düşenligem oňa «Illek gazançy» diýen lakamy dakdyrypdyr. – Edil özi – diýip, Annak Nunna aganyň sözüni agzyndan aldy. – Edil özi bolsa, şol oglan dükana düşeli bäri tereziniň gapdalyndan aýrylanok. Öňümizden-ardymyzdan gelip, zol çekdirip dur. Gelen halwanyň ýarysyny şol öýlerine çekdimikä diýýän men-ä. Bu agzy ýelli kişiniň bolşundanam beter edip geplemesi Wellegiň juda degnasyna degdi: – Agam jan, men halwany mugt alamok. Ýa-da seň puluňa alamok. Şonuň üçin meniň bilen işiň bolmasyn. Ol dilewar kişem Wellegiň «ýakasyny sypdyrmady» : – Han ogul, halwany bizem seň kakaň puluna satyn alamzok. Alsak, öz pulumyza alýarys. Adamlar onuň sözüne gülüşdiler. Muňa Wellegiň hasam jany ýandy. Ol hum ýaly gyzarylyp durdy-durdy-da, birdenkä elini çarpyp gülüp goýberdi: – Weý, sen näme bu ýerde eýemsirän bolup dursuň-a. Hany çyk nobatdan. – Eý, Hudaý, «ýatanyň üstüne turan gelmesin» diýenleri-dä. O näme üçin men nobatymdan çykmalymyşym? Näme, nobatymy saňa bermeli diýip, meniň maňlaýyma ýazylypmy? – diýip, dilewar kişi hikirdäp güldi. – Aý, agam jan, sen kän gülen bolma – diýip, Wellek oňa hüjümini dowam etdirdi – Seniň näme bu dükandan halwa almaga hakyň barmy. Bar-da hol öz obaňyzdaky dükandan al-daraý. – Eý, jijjim, sen ol obaly, bi obaly diýip, adam alalajak bolma. «Agzalalyk agyr ile ýaraşmaz» diýipdirler, inim jan – diýen bolsa-da, ol dilewar kişiniň birdenkä bady gowşady – Onsoňam biziň Aryklar obamyzdaky dükanda üme-düme halwa satylýarmy näme? Hol wagt mampasa bilen atam döwürdäki toşaplydan başga zat ýok. – Han ogul, ýok bolsa arzyňy öz dükançyňyza aýt – diýip, Jumanazar aga-da bir gapdaldan söz oklady – Wellek ýegen dogry aýdýar. Sen han ogul, halwaň gamyny öz obaňda iýseň nädýär? – Hawa-aýt, halwa özümize ýetenok welin, seňki näm-aýt. – Ozal-a, arz edip, arz edip, zordan halwa getirtdik. Indem ony kesekä ýal etmeli bolsa… – Artygyň harmanydyr öýdýäňm-aý muny. – Çykaryň ony nobatdan. Adamlar ýerli-ýerden itişip, aňyny-maňyny bermän, goňşy obalyny nobatdan çykardylar. – Ah-ow, adamlar, goňşular, munça itişip duranyma görä bir-iki kilojyk alaýyn-la – diýip, ol ýalbardy. – Ýok, bolmaz. – «Ekgende ýok, dikgende ýok, harmanda häzir hoja» etjek bolma, gardaş. Sürüber öz obaňyza. Ol adam eli bilen maňlaýyna şapladyp, hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady: – Wah, dilimden galdy bar bela. Näme gerekdi iliň garagoluny ýola getirmek. Buýurjak bolsaň, öz obaňyzyň garagoly gytmy diýsene. Yňkyňy çykarmanjyk duran bolsaň-a, halwadan ýetdik paýyňy alyp gidäýmelidiň. – Indi bolsa, iki barmagyňy burnuňa sok-da gidiber, obaňyza – diýip, Wellek oňa gyjyt berdi. – Maňa degseň, şeýle bolaýar. – Häýt, häýt, Wellekguly. Utanaňokmy, özüňden ula gödek söz diýip durmaga – diýip, Nunna aga Wellege käýindi. Soňra ol nobata duranlara ýüzlendi – Adamlar, «Myhman ataňdan uly» diýlen nakyly ýatlaň. Goňşy obadaşymyzy beýdip goýbermek gaty gelşiksiz bolar. Şeýdip gitse, biziň «Duzluja» obamyza abraýmy?! Gören ýerinde: «Duzlujalylar-a» adamçylykdan çykypdyrlar. Iki kilo halwany gysganyp, meniň yzyma it salyp kowup goýberdiler» diýse ýagşymy? Nunna aganyň sözleri nobata duranlary oýlandyrdy. Goňşy obalyny nobatdan çykaranlaryna kim ökündi, kim ikirjiňledi, garaz, bir Wellek: – Şol alsa-ha, menem alaryn – diýip, aýagyny depip durmadyk bolsa, galan adam oňa halwa satyn almaga rugsat berdi. Özem dözümsizlik edip, hem eden «günälerini» ýuwjak bolşup, adamlar ony nobatsyz goýberdiler. Halwa alyp, guşy uçan ol adam gapydan çykyp barýarka – Adamlar, dükanymyza halwa gelse, bizem bir-iki sanyňyzyň agzyňyzy süýjedäýeris – diýdi. Ol adam çykyp gidensoň, daşarda bir gürrüldi eşidildi. Annak gulaklaryny gerip, diňşirgendi-de, gözlerini elek-çelek etdirdi: – Eý, Töremyrat mugallym-a «Bozdumanyna» atlanyp gelendir. – Men-ä indi onuň gözüne görnüp biljek däl. Ýör gaçaly – diýip, men märekäniň içine dykyldym. – Be, tapdyň-ow akmagy. Indi Töremyrat mugallymdan gorkup, agzymyza gelenje rysgaldan galaýmalymy! – Onda, oňa näme jogap bereris. Ol bizi märekäniň içinde it masgarasy eder. – Ýa, Meleje dost, senem oňarýaň-aý, şu halwaň gykylygy bilen hiç kim oňa üns beresi ýok-la. «Durup «Bozdumanyňyzy» itekleşäýjekdik welin, tigrimizi saklap bilmedik. Tormozy tutmady» diýeris. Biziň tigirlerimiz, näme onuň «Bozdumanyça» ýokmy! – Aý, ol bahanaň ynandyryjylyksyz bolýar-laý, Annak. Annak: «Aý, näme bolsa, şol bolsun-la» diýen ýaly elini silkip goýberdi. Şol wagt Töremyrat mugallym bilen Dürje enemiz bosagadan ätledi. Men öz ýanymdan ýylgyrdym. Annagyň welin, piňine-de däl. Ol nätdi diýseňiz-le. Hamana hiç zat bolmadyk ýaly, ýyrş-ýyrş edip, Töremyrat mugallym bilen Dürje enemizi garşylady: – Geldiňizmi? Meleje ikimiz size-de nobat tutup goýandyrys. Biziň öň ýanymyzda durubermeli. – Wah, akylyňyzdan aýlanaýyn, deýmurçylarym, akylyňyzdan – diýip, Dürje enemiz güp-güp etdirip, Annagyň arkasyna kakdy. – Sizden garaşanyň çykaýar, garaşanyň. Töremyrat mugallymdan welin ses-üýn çykmady. Gahardan ýaňa onuň äýneginiň aňyrsyndaky kiçijik gözleriniň agy köpelip, alkymy ýellenip dur. Onuň käýinjini-iňirdisini eşitmän, sag-aman şu ýerden bir gitsekdik. Şu aralykda haýdap halwa çekip duran dükançy Mossy bärik elini bulady: – Töremyrat Taganowiç, siz nobata durup azara galmaň. Geläýiň bärik. Näçe kilo gerek bolsa aýdyberiň. Hemmeler aňka-taňka bolşup Töremyrat mugallyma seretdiler. – Äýu, Mossy jan! – diýip, Dürje enemiz dükança gygyrdy. – Ala-böle Töremyrat jana beýle eçilýäň welin, ol Ak patyşaň agtyg-a däldir-le? Dürje enemiziň sözüne hemmeler gyzyl-gyran gülüşdi. Hatda Töremyrat mugallymyň özi-de ýylgyrdy. – Dürje eje, Töremyrat mugallym Ak patyşaň agtygy bolmasa-da, halk kontrollygynyň agzasy – diýip, Mossy düşündirdi. – Wiý, wiý, onuň ýaly wezipeli kişi bolsaň baraweri, Töremyrat jan, bilmändiris – diýip, Dürje enemiz Töremyrat mugallymyň arkasyndan itiberip goýberdi. Emma Töremyrat mugallym ýerinden gozganman duruberdi: – Mossy, nobatsyz alyp, meňňem ilden artyk ýerim ýok. Nobatym ýetende, il deňinde berseň bor. Ýöne halwany tygşytlap sat. Çagalyny, köp maşgalylyny, garry-gurtyny nazarda tut. – Berekella, Töremyrat molla, dogry aýdýaň. Ýogsa Mossy han häliden bäri «Ýalkasa – ýaz, gargasa – gyş» edip dur – diýip, Nunna aga Töremyrat mugallymyň sözüne gop berdi. Annak hem şu ýerde pursaty elden bermän, Wellegi gönertledi: – Ýoldaş mugallym, Welleg-ä öýlerinde halwadan harman ýasaýmaly edipdir. Utanman, ynha, ýene nobata dur. Wellek halwa gäwüşemesini goýup, gözlerini tegeledi. – Aý, goýsan-aý, men-ä nobata duramok. Size garaşýan. Bileje gaýdaýjakdym-da. Annak: – Biz-ä seň bilen bileje gaýdyp bilmeris. Hanha, guşaklygyňdan ýol. Haýdaber! – diýip, açyk gapydan ýola elini salgady. Wellek: – We, onuň ýaly bolsa, gidäýerin – diýdi-de, agzyny kümüş-kümüş etdirip, dükandan basym çykmak bilen boldy. Töremyrat mugallymyň ýaňky sözi Mossy dükançynyň injiklerini sandyradan bolmaga çemeli. Ol halwany tereziniň üstüne ala şakyrdy edip taşlaýman, emaý bilen kadaly goýup başlady, öňküsi ýaly göze güýdüşdirip, ýeňil çekmesini-de bes etdi. Töremyrat mugallymyň beren duýduryşy nobata duranlara-da üýtgeşik täsir etdi. Indi hälki ýaly, goham ýok, dawa-jenjelem. Dükanyň içi imi-sala bolaýdy. Asyl nobat hem çaltlanyberdi. Ahyr gezek bize-de ýetdi. Ilki Dürje enemiz aldy, soňra Töremyrat mugallym. Ýöne Annak ikimize galanda, «Garybyň agzy aşa ýetende, burny gananlary» boldy duruberdi. Halwa gutaraýsa nätjek. Annagam, menem depeden togalanan ýaly bolduk. – Indi biz nädeli? – diýip, Annak Mossa boýurganyp seretdi. – Indi bokurdagymyzam-a galar. – Ýak, Annak hanyň gaýgy edýän zadyny. Häzir bokurdaklaryňyzy galmaz ýaly edäýeris – diýip, Mossy dükançy inçejik sesi bilen içýakgyç gülküsini etdi-de, tereziniň üstünde ýatan halwa bölejigini iki bölüp, onuň hersini birimize uzatdy. – Mäň, şuny dadyň. Gaýdyp bokurdagyňyz galsa-da, meniň ýanyma geläýiň. Biz halwa bölejigini agzymyza atyp, ýüzümizi sallaşyp, yzymyza dolanmakçy bolduk. Şol wagt Töremyrat mugallym elindäki halwany tereziniň üstünde goýdy: – Hany, Mossy, şuny deň-dermanja üçe böl. – Edil aýdyşyňyz ýaly bor, Töremyrat Taganowiç. Mossy halwany bir kilodan, bir kilodan üçe bölüp, kagyza dolaşdyrdy. – Jümmiýew, Garajaýew, men hemişe siz bilen. Aç bolsak, bile aç bolarys, dok bolsagam bile dok bolarys. Töremyrat mugallym şeýle diýdi-de, herimize bir kilo halwany uzatdy. – Gördüňizmi, deýmurçylarym, Töremyrat mugallymyňyz dözümsizdir. Siz ýaly orta ýolda taşlap gitmez – diýip, Dürje enemiz häliden bäri ýarylmadyk çybanyny ýardy oturyberdi. Meniň üçin agzymdaky bal kimin halwa kekre ýaly ajy bolup duýuldy. | |
|
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |