15:22 Oragatdy / powest - 6 | |
On bäşinji bap.
Powestler
Annagyň böwrüne şeýtan dürtüp, jübüsinden balyk tapylyşy, Dürje enemiziň keselhana düşüp, adamlar bilen täzeden gadyr açyşy, demir sandykdan köp pul tapylyp, obamyzda çagalar bagynyň salnyşy. – Eý, sizi gözläp barmadyk ýerim galmady. – Ýeri, bizi nämetjekmişiň? – Dürje enemiz heläk. – Sen elmydama şum habar getirýäň, Wellek. – Men nädeýin. Ikiňize aýt diýip, Töremyrat mugallym iberdi. – Dogrudanam, Dürje enemiziň ýagdaýy gaty erbetmaý? – Adam bary daşyny alyp otyr-da. – Şeýlemi? – Özem deýmurçylarymy – inerçelerimi getiriň diýip, aglap ýatyr. Wellek ýüzüni ak tam edip, raýyşyň üstünde durdy. Ol güýjünde baryny edip, ylgan bolmaga çemeli. Haş-haş edip, onuň demi-demine ýetişenokdy. Meniň ýüregimiň gürsüldisi artdy. «Be, indi Dürje enemiz öläýermikä?… Ýok, ýok, hiç zat bolmawersin. Biz onsuz nädip oňarkak? Biz onuň bilen halys öwrenişipdiris» diýip, öz edýän pikirimden özüm gorkdum. Dürje enemiziň öňräkden bäri yňňyl-çyňňyly bardy. Görgüliniň iýeni siňenokdy. Ol nähoşlaly bäri Annak ikimiziň bir aýagymyz Dürje enelerimizdedi. Okuw gutardygy, şonuň ýanyna ylgap, giçlik öýümize dolanyp gelýärdik. Ýöne şu gün mekdepden çykdyk-da, öýümize baryp, çeňňek alyp, Dürje enemiz üçin jara balyk tutmaga gaýdypdyk. Oňa şorja balyk bişirip beräýjekdik. Belki, derdine em bolar. Ýöne häliden bäri itinip otursagam, çolpymyza ilýän zat ýok. Wellegiň getiren habary haýýatymyzy göçürdi. Biz çeňňekdenem, balykdanam geçip, laňňa ýerimizden galdyk. Dazlap jaryň raýyşyna çykdyk. Şol wagt Annagyň çeňňeginiň agaç dykyjygy suwa çümüp çykdy. Ony gören Annak: – Eý, meniňkä balyk düşdi – diýip, raýyşdan yglap aşak gaýtdy. – Eý, şu wagt Dürje enemiz balygyňy başyna ýapsynmy. Ýör, sen bir, Meleje, goý Annak balyk tutubersin-le – diýip, Wellek aşaklygyna – oba tarap ylgady. Menem ondan galmadym. …Dürje enemleriň bosagasyndan ätlänimizde, Annak hem yzymyz bilen güpürdäp içerik girdi. Zalywat, yzymyzdan ýetäýipdir-aý. Dürje enemiziň üç otagly tamynyň ulusy adamdan doludy. Ortada Dürje enemiz ýorgan-düşekli ýatyrdy. Onuň başujynda bolsa Owlak bilen Öwelek gama batyşyp otyrdylar. – Salawmaleýkim… – Salawmaleýkim… Iň soňudan men salam berdim. Emma sesim gyrlan ýaly boldy-da, salamym soňuna çenli eşidilmedi: – Salawma… Hiç kimden ses çykmady. Diňe Nunna aganyň «…manlykmy?» diýen çalaja hümürdisi eşidildi. Biz nirede dyzymyzy epjegimizi bilmän, gapynyň agzynda ýaýdanyşyp durduk. – Oturyň-da bir ýerde, beýdip sömelişip durmaň-da. Bu geplän Töremyrat mugallymdy. Biziň üçimizem onuň gapdalynda köwüşleriň üstünde jaýlaşdyk. – Bu gelenler kimler? – Dürje enemiz ýatan ýerinden gozganman, ysgynsyz dillendi. – Bularmy? – diýip, Töremyrat mugallym sägindi-de, hamana bizi öň tanamadyk ýaly, üçimiziňem ýüzümize birlaý äňedip çykdy. – Bular-a, öz deýmurçylaryň, Dürje eje, ýagny Jümmiýew, Garajaýew, Illekow dagy. – Hä… – Dürje enemiziň sesi ýene uzakdan bir ýerden gelýän ýaly bolup eşidildi. – Wah, öz inerçeleriň diýsene. Ýetişäýipdirler demime… Hany, geliň ýanyma. Men siz bilen bir hoşlaşaýyn. Biz näderimizi bilmän, oýkanjyraşyp oturdyk. Töremyrat mugallym Dürje enemize bakan gözüniň kiçijik garaja nokatjyklaryny aýlady-da, «Baryň» diýip pyşyrdady. Biz oturanlaryň kä elinden, kä aýagyndan, kä bolsa synlaryndan basyşdyryp, Dürje enemiziň gapdalyna geçip oturdyk. Dürje enemiz çylpyklaşan gözlerini ýumanda, ýassygyň üstüne iki damja ýaş syrygyp gaýtdy: – Razy boluň, inerçelerim. Men ölýän… Depämizden tokmak bilen urlan ýaly boldy. Howsala bilen Dürje enemiziň myssaran gawuna meňzeş ýüzüne seredişdik. – Ýok, ölme, Dürje ene, ölme… Wellek birdenkä elini ýüzüne tutup, aglamaga başlady. Meniňem damagym dolup, gözüme ýaş aýlandy. Diňe Annak Dürje enemiziň halyna perwaýsyzlyk edýän ýaly gözlerini iki ýana bakjakladyp otyr. Dürje enemiz hykylap gepledi: – Ýok, meniňki indi gutardy. Ýöne siz menden razy boluň. – Biz sizden razy, Dürje ene. Siz gaty arkaýyn boluň. Annak agzyndan duýdansyz çykan bu söze ökündi öýdýän. Dilini çykaryp, ýüzüni aşak saldy. Şol wagt Töremyrat mugallym Annaga gözüni alardyp, «Ähim-ühüm» edip duýduryş berdi. Dürje enemiz guran dodagyny ýalaşdyrdy: – Razy bolsaňyz, meniň dünýäde armanym ýok, inerçelerim. Daşarda maşynyň gürrüldisi eşidildi. Töremyrat mugallym penjirä seretdi-de: – «Tiz kömek» ahyry geld-ow – diýdi. Onýança içerik Jumanazar aganyň kiçi ogly Baýnazar bilen iki sany ak halatly adam girdi. (Baýnazar harby gullukdan gelip, «Tiz kömegiň» maşynyny sürýärdi. Ol harby gullukdan gelende-de, Annak ikimiz ony öýlerine buşlamak nesip etmedi. Bu gezek bizden Wellek öňürdipdi). Ak halatlylaryň biri semiz, ýüzi şugundyr ýaly gyzyl adamdy. Onuň ýoldaşy bolsa inçemikden garaýagyzdy. Ak halatly gyzyl adam Dürje enemiziň ýanyna semizliginden ýaňa kynlyk bilen çökdi. – Ýeri, garry, ýagdaýyň nähili? – Men ölýän… Wraç gyzyl ýüzünden burçak-burçak derini ak haladynyň jübüsinden çykaran el ýaglygy bilen süpürip ýylgyrdy: – Seni öldürmeris, garry. Niräň agyrýar? – Agyrmaýan ýerim ýok. – Ýaňy jaň edişlerine görä-hä, esasan, iýeniňiz siňenok öýdýän? Şeýlemi? – Hawa, bar bela şondan başlandy. Wraç gyzgyn ölçeýän termometri Dürje enemiziň goltugynda goýdy. – Üsti-üstüne köpräk iýen-ä dälsiňiz? – Ýog-eý – diýip, Dürje enemiz başyny ýaýkady. Köp iýmek nirden, janym, ertirine bir otluçöp gaby ýaly gury nan bilen bir käse çaý içýän. Şonuň bilenem agşama çenli oňňut edip ýörendirin. Birdenkä Annak pyňkyryp goýberdi. Ähli kişi Annaga seňrigini ýygryp seretdi. Annak bolsa keçäniň ýüzüni dyrmalap, şyg-şyg gülýärdi. Töremyrat mugallym oňa barmagyny çommaldyp gygyrdy: – Häý, kelpez diýsäni. Bir adam-a demini sanap ýatyr. Sen bolsa gülýäň. Näme böwregiň bökýär? Tur şu ýerden. Dürje enemiz Annagyň synyndan çekdi. – Käýinmesene inerçäme, Töremyrat. Bilgeşlin gülýän däldir-le. Böwrüne şeýtan dürtüp durandyr. – Şeýtan dürtenok, Dürje ene – diýip, Annak ýüzüni gyzardyp gepledi. – Aýnazaryň toýunda siziň nahardan aşa düşeniňiz ýadyma düşüp güläýdim. Annagyň sözüne öýdäkileriň bary gyzyl-gyran gülüşdi. Hatda hyk-çoklap ýatan Dürje enemiz hem «Haý, garagol-eý» diýip ýylgyrdy. Birdenkä gyzyl ýüzli adam Annakdan gaýra-gaýra çekildi-de: – Eý, oglan, balagyň içindäki, wiý, jübüňdäki gymyldaýan zat näme? – diýdi. Adamlar ýene içerini gülküden doldurdylar. Annak balagynyň jübüsine elini urdy-da: – Oh, ýadyma-da düşmändir. Dürje ene, men siz üçin balyk tutdym-a – diýip, el ýaly bir balygy çykardy – Şuny bişirip bereris welin, derrew gutularsyňyz. Janawer balygyň Annagyň jübüsinde demigen bolmagy-da ahmal. Ol çala agzyny açyp, ýumýar. – Şu wagt Dürje eneňize balygam iýmek bolanok, beýlekem – diýip, gyzyl ýüzli adam dodagyny ýalap, Annagyň elindäki balyga nebsewürlik bilen äňetdi – Bar, ony suwa goýber. – Tur, çaltrak, gatamanka – diýip, Töremyrat mugallym hem Annagy gyssady. Annak ýerinden turup, eýwana çykdy. Şol bada şapyr-şapyr suwuň sesi eşidildi. Annak balygy suwly bedrä goýberipdir. Wraç Dürje enemiziň goltugyndan termometri alyp: – Gyzgynam bar – diýdi – Garry, sen keselhanada ýatmaly boljak. – Gutularmykam? – Hökman gutularsyňyz. Dürje enemiziň gözleri ýyldyrap, ýüzi ýagtylanan ýaly boldy: – Şeýle bolawersin, hanym. Gutulyp, öýüme sag-aman dolanyp gelewereýin. Dürje enemiz hamsykdy. Ony ýorganyndan çykarman, şol durşuna maşyna saldylar. «Tiz kömek» ýola düşjek bolanynda hemmeler Dürje enemize «Basymrak gutulyp geleweri, gözümiz ýoluňda bor» diýip, ýerli-ýerden seslendiler. Dürje enemiz raýon keselhanasynda bir aýdan gowrak wagt ýatdy. Biz «Duzlujamyzyň» adamlarynyň oňatlygyna, agzybirligine, Dürje enemize uly hormat goýýandygyna şol günler ýene bir gezek göz ýetirdik. Olar her hili süýji-süýji naharlar bişirip, Dürje enemizi soramaga zol-zol bardylar. Annak ikimiz bolsa gün sypdyrman, onuň yzyndan gatnadyk. Ýekeje gün barmasak, Dürje enemiz gaty hem görjek. Ol Annak ikimize «Siz meniň bar mydarym ekeniňiz» diýýär. Bir gezek Annak oýun edip, «Hany, Dürje ene, meniň bar mydarym Küleje-de diýýärdiň-le» diýdi. Dürje enemiz ýylgyrdy-da: «Baý, senem, Annak inerçäm, degişgen bolupsyň-ow. Siziň öz ornuňyz bardyr. Külejäniňem öz orny» diýip jogap berdi. Keselhanadan gutulyp gelensoň, Dürje enemiz adamlar bilen büs-bütinleý başgaça gatnaşyp ugrady. Ol indi has mylakatlydy, adamlar bilen täze gadyr açdy, nebsine-de haý diýdi. Owlak bilen Öwelek ony şähere, öz ýanlaryna göçürip äkitjek boldular. Emma Dürje enemiz muňa el-aýak garşy çykdy. «Ölsemem, şu obadaşlarymyň arasynda öljek. Maňa dözmeýän bolsaňyz, özüňiz göçüp geläýiň» diýdi. Onsoň olar Dürje enemiziň ýanyna göçüp geldiler. Dürje enemiz iki uly jaýyny gyzy bilen körekenine berdi. Özi bolsa kiçisine girdi. Dürje enemiziň köne demir sandygynda basyp goýan birgiden puly bar eken. «Meniň özümiziňkilerden, «Duzlujamyzdan» aýry zadym ýok. Ýöne şu wagta çenli şart-part etmejek boldum, zadyňy ekenum etmän ýaşasaň, soň görjegiň görgi bor» diýip, pulunyň ýarysyn-a Owlak ejemiz bilen Öwelege bagyş etdi, galanynam obamyzdaky täze çagalar bagynyň gurluşygyna geçirdi. Dürje enemiziň bu sahawaty obamyzyň adamlaryna uly görelde boldy. Her kim güýjüniň ýetdiginden çagalar bagynyň gurluşygyna pul serişdesini kömek etdi. Şeýdip, obamyzyň göçülmeli täze ýurdunda giň howluly, çar ýanyna bag-bakja oturdylan, kaşaň-kaşaň jaýly çagalar bagy peýda boldy. Basym bolsa onuň jaýlary «Duzlujamyzyň» gelejekki guwanjy – körpelerden doldy. Dürje enemiziň körekeni Öwelek mehanizasiýa ugrundan ýokary bilim alan eken. Ony kolhozymyzyň mehanizasiýa boýunça baş inženeri edip bellediler. Owlak ejemiziň hem medeniýet işlerinden başy çykýan eken. Şoňa görä-de, ony kolhoz başlygynyň medeniýet baradaky orunbasarlygyna saýladylar. Indi aram-aram Dürje enemiziň öýünden dutaryň joşgunly owazy-da eşidilýärdi. Ol Hapby atamyzyň dutary. Ony Öwelek çalýar. Öwelek dutar çalmaga ökde eken. Dürje enemiziň şu wakalardan soň, hökgüräk ýagyrnysy ýazylyp, ýüzüniň gasynlary ýazylyşyp, ýaşaran ýaly bolaýdy. Ol indi Annak ikimize «Deýmurçylyk edip beriň» diýip, artykmaç azar berip ýörenokdy. Owlak enemiz onuň elini sowuk suwa batyrmasa, Öwelek ýegenimiz agyr-artyk işlerini ýerde ýatyranokdy. Dürje enemiziň özi bolsa agtygy, Hapby atamyzyň ady dakylan Hapbyjyk bilen gümrady. Hapbyjyk çagalar bagyndan getirildigi, ony gujagyndan düşürmez. Agşamlaryna-da mährem gujagynda huwwalap, agtygyny süýji uka batyrar. Ýöne beýdiýsem, Dürje enemiz bizden çetleşendir öýdäýmäň! Bizi ýygy-ýygydan görüp durmasa, özi tapar. «Inerçelerim, siz Dürje eneňizden iren-ä dälsiňiz hernä» diýip, öýkeli gürrüň eder. Onsoň Annak ikimiz Dürje enemiz bilen öňküje «Garynja gatnawymyzy» kesmän ýörendiris. On altynjy bap. Biziň enekelik edip, Töremyrat mugallymyň garamöwlek getirişi, Annagyň şahyrlyk suwuny içip, Dürje enemiziň lökge sürşi, obada «ýabany pişik» operasiýasynyň geçirilip, Nunna aganyň kaskadýor bolşy. Mekdepden geldik-de öýümize sumkalarymyzy taşlap, göni Töremyrat mugallymlara ýumlukdyk. Sebäbi sapak arsynda ol bize:» Jümmiýew, Garajaýew, okuw gutarar welin, öýe geleweriň. Ikiňizlik bir işjagaz bar» diýipdi. Be, Töremyrat mugallymyň öýlerinde bizlik näme işi bolup bilerkä? Elmydama sabrynyň suwa gaçyp, bilesigeljiligi «öňünden ylgap barýan» Annak durup bilmän sorady: – Ýoldaş mugallym, öýüňizde bize ot ordurjakmy, ýandak çapdyrjakmy, ýer agdartjakmy, ýa… – Jümmiýew, olar ýaly işleri etdirer ýaly, men siziň Dürje eneňiz däl – diýip, Töremyrat mugallym nägilelik bilen Annageldiň sözüni kesdi-Men size öýümize hezillige çagyrýan. Barasyň gelmese, bu ýerde seni boýnuňa ýüp dakyp äkitjek bolýan ýok, Jümmiýew. Keýpiň kelläňde. Saňa deregem Garajaýew barar. Şeýle dälmi, Garajaýew? – Hawa, hawa-la – diýip, men şol demde Töremyrat mugallymyň sözüni tassykladym. – Beh-he, hezilligi ýekeje özüň göräýjeksiň welin, seniň ojagaz pikiriň başa baraýmaz – diýip, Annak gabaryldy-Menem hezillikden galman. Ýöne… Annak şeýle diýmek bilen, Töremyrat mugallymyň öýlerinde görkezjek hezilligini sorajak boldy. Emma Töremyrat mugallymyň gaharlanjagyny duýdy-da, aşaky dodagyny dişledi. Emma Töremyrat mugallym hem Annagyň näme sorajak bolýanyny eýýäm aňan eken: – Öýe baraňsoň, bilersiň, Jümmiýew. Her niçik, Töremyrat mugallymlaryň öýlerinde bolmaly hezillik tä okuw gutarýança, bizi bükgüldä goýdy durdy. Ynha, indi hem biz hasanaklaşyp, tozan turzuşyp, bir-birimizden galmajak bolşup, Töremyrat mugallymlara tutduryşyp barýarys. Dürje enemiziň gabatlaryna geldik welin, Annak birden-kä, sakga durdy-da: – Eý, Meleje, ýör, dik duran ýerimizden Dürje enemiz bilen salamlaşyp geçeli-le. Näçe günlerden bäri göremzogam-a ony. Meniň-ä göresimem gelip gitdi- diýdi. Annagyň teklibi maňa-da ýaraman durmady. Ýöne Dürje enemiziň gözüne bir göründigiň, ol seni aňsat-aňsat wagty bilen sypdyrmaz. Dogry, ýumuş buýrar diýip biljek däl. Ondan-mundan myssyjak gürrüň tapyp, seni güýmär oturar. Saçagam iýer-içer ýaly zatlardan doldurar. Iýip-içip, garnymyz tarňyldap dursa-da, «Waý-eý, inerçelerim, çekinmäň. Işdäňiz erkek adamyň işdäsine meňzänok. Indi siz çümmük-çümmük edip gidiberer ýaly oglan-oglanjyk däl ahyryn, tüweleme, jahyl çykypsyňyz. Onsoňam «görk agyzdan» diýipdirler. Näçe iýdigiňizçe, şonça-da görk-görmek açarsyňyz, güýjüňiz-gujuryňyz köp bolar» diýip, hyk-çokumyza bakanok. Işdälije, üstesine, garny doýsa-da, gözi doýmaz gylykly, Annag-a kä mahal «köp gatnamak» keseline-de uçuraýýar. Şol «keselden» açylýança, gyssaga düşen-de, sapagynyň arasyny-da bölmeli bolýar. Bir gezek şonuň ýaly bolanynda, elini galdyryp, daş çykmaga Töremyrat mugallymdan rugsat sorady. Annagyň Dürje enemlerdäki düşen ýagdaýyndan bihabar bolansoň, üstesine-de edil şol wagt nämedir bir zada gahary gelip duransoň, Töremyrat mugallym ony klasdan goýbermedi. Annagyň bolsa haly harap, reňkini agdaryp, burçak-burçak derläp, aşagy ýumakly ýaly, gozganjyrap otyr. Bolmasyz bir iş bolup, dostumyň masgaraçylygyndan ätiýaç edip, men onuň ýagdaýyny bir hatjagaza geçirip, Töremyrat mugallymyň eline ýetirdim. Töremyrat mugallym meniň hatjagazymy okap gördi-de, ýylgyrjak ýaly etdi, soňundanam Annaga «Ylga!» diýip, özi ylgap baryp, gapyny açyp berdi. Annak bolsa çybyn dalan köşek kimin tapyrdyklap, güpürdikläp klasdan çykyp gitdi. – Aý, seňki düşnükli-le, Annak. Seň gara gaýgyň Dürje eneň däl-de, ynha, şu. Men Annagyň garnyna pitikledim. – Ýok-laý, walla. Eger Dürje enemizden ýekeje dişlem nan iýsem, meniň Annak bolmadygym. Ýöne bir burnumyzy görkezip, bir yzzarowlaşsak bolany. Men Annagyň sözüne onçakly ynam etmesemem, özüniňem Dürje enemi göresim gelensoň, oňa razylyk berdim. – Bo-ho, bo-ho, men kimleri görýärin!Düýnden bäri begenýän gözüm çekdi welin, asyl siz geljek ekniňiz-ow, inerçelerim! – diýip, Dürje enemiz bizi ýitirip-tapan ýaly garşy aldy. Ol derrew saçak ýazyp, onuň üstüne iýer-içer ýaly zatlardan çekişdirip ugrady. – Geliň, geçiň ahyryn. Beýdişip, gapynyň agzynda aýp iş edip, gaçyp gitjek ýaly durmaň-da. Men aşaklyk bilen Annagyň ýüzüne garadym. Saçagy, onuň üstündäki tagamlary görüp, Annak eýýäm Töremyrat mugallymyň çakylygyny unudan bolmaga çemeli. Dodagyny ýalap, açgöz nazaryny dikip, saçak başyna geçmäge hyýal edip dur. – Dürje eje, biz dok. (Ýogsam häzir açlykdan ýaňa içimiz eljuk diýýärdi). Gyssanýarys, Töremyrat mugallymlara barýardyk-da, siz bilenem ýüzugra salamlaşyp geçäýeli diýdik. Ol bize öýlerinde garaşyp oturandyr. – Äl, Meleje inerçäm, senem derrew pažar edýäň goýaýýaň. Töremyrat mollumyňyz oturar-da tüneginde. Şol öý-öwzary bilen bir ýerik göterilip gidäýesi ýok-la. Ýap-ýaňyja mekdepde-de görşensiňiz. Äl, bularyň görümsizdigini. – Ol-a şeýle welin, derrewjik barmaga Töremyrat mugallyma söz berdik-dä – diýip, Annak agzynyň gyllygyny eliniň aýasy bilen sylyp goýberdi. – Äl, hanym, ýöne «Töremyrat mollum, Töremyrat mollum» diýip, halys eňek bermedi. Indi şol Töremyrat çyrmaşyk Dürje eneňizdenem has ileri boldumy? – diýip, Dürje enemiz betine tutup ugrady. – Ýok. – Siz ileri. Dürje ene. – Onda näme köprüden geçmezek ürkek kürre ýaly beýdişip dursuňyz. Giriň-dä öýe. Annak köwşüniň bagjygynam çözmäge gyssanyp, onuň her taýyny aýagyndan palçyk zyňan ýaly edip, patladyp ýere gaçyrdy-da saçak başyna gondy. Işdä damarlarym tirsildäp duransoň menem onuň yzy bilen gapdalyna çökdüm. Ilki bir utanjyrajak, çekinjirejek boldum, emma Annagyň saçagyň üstündäki zatlara «hüjüm edip» ugranyny görüp, menem onuň yzyna eýerenimi duýman galdym. Dürje enemiz biziň açlykdan çykan ýaly bolşup oturyşymyzy ýylgyryp, synlap durdy-da: – Tüweleme, tüweleme deýmurçylarym. Işi hem şular ýaly edäýseňiz onda siziň öňüňize geçjek adam bolmaz – diýdi. Tagamly börek Annagyň dilini süýjütdi: – Ýumşuňyz bolsa, aýdyberiň, Dürje ene!-Men Annagyň böwrüne hürsekledim. Emma giç boldy. – Siz bilýänsiňiz, inerçelerim, men şu çakda deýmurçylyk etdirýän däldirin. – Bilýäs. Annak ýene böregiň gyzgyny bilen dilini örksiz goýberdi. – Aýdyberiň biz siziň deýmurçylygyňyzy kyn görüp duramzok. – Heý, berekella, inerçelerim. Sizden eden tamam çykaýýar. Ak gyz ýoldaşyňyz bolsun. Onda şeýle deýmurçylarym – diýip Dürje enemiz ýumşuny tabşyrdy. Aňryňyza «oba gonduraňyzsoň», kyn görmänjik, meniň Hapbymy bakjadan alyp geleweriň. Men Nunna ýegenlere ýüň daraşmaga gitjek. Onuň keýwanysy Gynna ýegençi «Daraş, daraş» diýip, halys gulak etimi guratdy. Baryp, şoň öňüni ýüňden weşeň-weşeň edip gaýdaýyn. Gaýdyp adymy tutmasyn-la, tula. Häliden «näderkäm» diýip otyrdym oňat siz geläýdiňiz. Ynha basym Owlak jan bilen Öwelek ýegen işden gelerler, onýança, Hapbyma göz-gulakdaş boluň. Hoşmy, deýmurçylarym! Annak agzy börekli doňup galdy. Gitmek üçin gapa ýönelen Dürje enemiz bolsa: – Äýu, Annakguly jan, sen ýene «Töremyrat mugallym» diýjek bolýaňmy? – diýdi. – Annakguly deýmurçym, sen, hanym, daryny bärde çokup» käkelemäni» Töremyrat mollumyňyzyň gapysynda etjek bolma. Iýen nanyňy ödejek bol. Annak agzyndakyny kynlyk bilen ýuwdup, başyny atdy. Dürje enemiz çykyp gidensoň, men-ä gäwüşemämi goýdum. Aşrym ýalmanyp dursa-da, işdäm tutuldy duruberdi. Annak bolsa agzyny-burnuny çyrşak edip, börekden urup otyr, zaluwatjyk. – Ine, dost jan, «kişmiş iýseň, çöpi bar» diýenleri boldy gerek? ! – diýip, men Annaga igendim. Ertir Töremyrat mugallyma näme jogap berjek? Baram senden boldy. – Gam çekme, börek iý, Meleje-Annak agzyndakyny ýuwdup ýetişmänkä, elini ýene börekli jama urdy. -Töremyrat mugallymlara-da ýetişeris. Hany, sen onýança, Dürje enemiziň Hapbysyny bakjadan getir. Men azajyk oýlanyp, oturdym-da, göwnüme güman gidensoň: – Beh-he, aldajak adamyňy daşdan gözle. Meni bakja iberip özüňem Töremyrat mugallymlara jypydaýjak-da. Seň bujagaz mekirligiň paşmaz, Annak han- diýdim-de, ony gyssadym-Hany, tur, aşa düşmänkäň. Bileje gidip, Dürje enemiziň Hapby janyny alyp geleli. Emma Annak turaýyn diýenok, oýkanjyrap otyr. Menem-ä ony turuzman goýmadym. Arkasyndan baryp, eplenen unly haltany dikelden ýaly, goltugyndan gop berdim. Annak dik duran ýerinden börekli jama penjesini urdy-da, symyşlap öýden çykdy. Biz ýolboýy bir-birimize igenişip, bakja nähili baranymyzy-da bilmän galypdyryrs. Bagyň içindäki güpürdeşipjik, alagykylyk bolşupjyk, oýnaşypjyk ýören körpeleriň arasyndan Hapbyjygy tapaýmak bize aňsat düşmedi. Ol gülüpjik: «Eý, Annak, eý, Meýeje, geý, sizem oýnasaňyz» diýdi. Annak: «Biz seň bilen oýnamaga gelemzok. Seni öýüňize äkitmäge geldik» ? Hapbyjyk dodaklaryny kemşerdipjik: «Hany, mamam? » diýdi. Annak meniň ýüzüme seretdi, menem Annagyňka. Näme diýsekkäk? Nunna agalardadygyny aýtsak «şolara äkit» diýip, azar-ýamanyny berer. Men pikirimi jemläp ýetişmänkäm, Annak dillendi: – Mamaň-a öýüňizde. Dogrusy şeýle diýäýmeseň, şu wagtlykça başga alajam ýokdy. – Onda gitdik- diýip, Hapbyjyk goňkuldapjyk öňümize düşdi. Emma «pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli» diýlişi ýaly, Hapbynyňam daş örüsi uly ýola çykýançak eken. «Göteriň» diýip, butnamanjyk duruberdi. Onsoň Dürje enemlere barýançak Hapbyny boýunmündük edip äkitdik. Tüweleme, torsuk ýalyjak bolansoň, ol ikimizem ýadadaýdy. Ýöne Hapbyjygyň azary öňde eken. Onuň şol azarlaryny çekeniňden boýunmündük edip, oba aýlap çykanyň on esse aňsat-la. Öýe girenimizden: – Hany, mamam? – diýip, ol soňsuz soraglaryna başlady. – Mamaňam geler. Bir ýere çykandyr. – Nirä? – Menem mamamyň ýanyna äkidiň! Ol eňräp başlady. Gözlerinden welin çygam çykanok zaňňarjygyň. Ikimizem iki ýerden ony köşeşdirjek bolýarys. – Hany, goýsana, jijjim. – Mamaň ota gidendir. – Goýsana, walla. Ota giderm-aý. Dükana şakalad getirmäge gidendir. Şeýle dälmi, Hapbyşka? Hapbyjyk sesini birdenkä sesini tapba kesip, meniň ýüzüme esetdi. Soň: – Waý, şakalad iýjeg-eý – diýip, yzzyldap başlady. – Baý, kişä Hapbyşkaň mamasyny dükana ýagşam bir şakalada iberd-ow. Hany, indi diňdir-dä diňdirýän bolsaň. «Ýagşydan gaçyp, damja uçraýmadyňmykaň», Meleje han – diýip, Annak saçagyň başyna göçdi. -Ýekeje özüň Hapbyşkaňa enekelik ediber. Men-ä hälkije galan böregem güpüledeýin. Zaýa bolaýmasyn. Dürje enemiz «isrip-haram» diýip, bize akyl berenokdymy näme! – Waý, şakalad, waý şakalad iýjeg-eý. – Hapbyşka, belki, öýüňizde bardyr. Nirede goýýaňyz? Men derrewjik saňa tapyp bereýin. – Şakaladymyz düýn gutaýdy. – Baryny birden iýip, sen näme Hajymelikmi. Şu güne-de azajyk goýaýarlar. Hapbyjyk yzzyldamasyny goýup, meniň ýüzüme üşerildi. – Meniň Hajymeýik göýesim gelýä-ýeý. Baý, biý-ä tüýs bolmajagyna tutd-ow. «Dilime daň» diýlişi ýaly, ýöne menem dilimden bela galyp otyryn. – Men saňa şu wagt Hajymeligi nireden tapaýyn, ä? – diýip, aljyraňňy ýagdaýda töweregime elek-çelek esetdim. Nazarym ýapyrylyp, börek symyşlap oturan Annakda eglendi-Ynha, Hajymelik, jijim. Ynha, şol Hajymelik diýýänleri. – Ýok, ol-a Annak. – Annak däl. Hajymelik şol-a. Görýärmiň iýäýşini. Annak Töremyrat mugallymlaryň uruşgan horazy ýaly gyzarylyp, haşylap, maňa alaryldy: – Eý, tüweleme diý-ow. Birden-kä göz degräýseň nätjek. Hapbyşka, jijim, Meleje ýalan sözleýär. Men Hajymelik däl. Men-Annak kakaň. Şeýle gerek? – Hawa. – Aý, berekella. Hany, aýt, seniň taýçanak münesiň gelýär gerek? – Hawa. – Onda, şuňa münäý, jijjim – diýip, Annak meni görkezdi. -Ynha, şu taýçanak-da. Ýalan sözleme. Ol-a Meýeje. – Meleje dagy däl. Tüýs çapyp ýörmeli taý ol-a. Ynanmasaň münüp göräý. -Annak ony göterdi-de, meniň arkama mündürmekçi boldy. -Hany, «Taýçanak», «dört aýagyňa» daýanypjyk dur-Wah, Hapbyjyk bular ýaly zada güýmenip bilse, men «taýçanak» bolmaga kaýyl-la. Men derrew «dört aýak» boldum. Annak şol bada tosunja Hapbyjygy gütüledip, meniň arkamda oturtdy-da, «ýumşak ýerime» şarpyldadyp goýberdi. -Çüw, janawer! Men bütin ümzügim bilen öňe atyldym. Tasdanam arkamdaky Hapbyjyk arkan gaýdypdy. Men «taýçanak» boljak bolub-a şeýtmändim-le, ýöne Annagyň şarpyldysyna çydamandym. Elbetde, Hapby meniň «taýçanaklygyma» ynanmasa ynanýan däldir, ýöne arkamda oturmagyna hezil edinýär öýdýän. Saçlarymy jylaw edinip, jykyr-jykyr gülüp otyr, garagol. Men bolsa arkam Hapbyly Annagyň daşynda döwek döwýän ýaly, aýlanyp ýörün. Hapbyjyk meniň ýörişimi haýal gördi, aýaklary bilen garnyma debsiledi: – Çüw, çüw! Kişmişli çaý içip oturan ýerinden meniň «taýçanak bolşuma» içi gülýän Annak Hapbyjyga gylaw berdi: – Hä, hä, berekella, jijjim, çapdyr «taýçanagyňy», çapdyr. Hapbyjyk Annakdan beleň alansoň, maňa öňküsindenem dözümli darady. Içim ýel gapan ýaly, awap başlansoň, menem «çapan» boldum. – Haý, maladys, jijjim. Sen tüýs çapyksuwar-laý. Hany, indi taýçanagyňy kişňet. – Kişňedip bilemog-a, Annak kaka. – Böwrüne depip «kişňe» diýseň, kişňär. Ýöne Hapbyjyk böwrüme depip ýetişýänçä, men taýçanagyňka meňzedip kişňedim. Gunt ýaly agramlyja Hapbyjyk meniň biloňurgamy ýazdyrara getirip, ýagyrnymy çökerip barýar. Gaty palasyň üstünde sürtülip, sürtülip iki dyzymam ýara bolupdy. – Indi «taýçanagyň» çapyp ýadady. – diýip, men has-has edip, Hapbyjygy arkamdan düşürdim-«Taýçanagyň» dynç alýança, «köşejigiňe» münäý, jijjim, Hoşmy? Bu gezek Hapbyjyk arkanjaklap durmady. – Köşejik Annak kakam bolýamy? – Berekella, jijjim. «Köşejigiňi» sen-ä derrewjik tanaýdyň. Bir-bir. Hasap dogry barýar. Aryňy aldyň, Meleje! – diýip, Annak buýtar-suýtarsyz iki elini öňüne diräp, iki dyzyna daýanyp, «köşejik» boldy. -Hany gel, jijjim. Mün «köşegiňe» . Seni bir şemalladaýyn. Hapbyjyk ylgap baryp, «köşejigiň» üstüne münjek boldy. Emma Annak sömelip «dört aýak» bolup duransoň, münüp bilmedi. Men Annagyň gulagyndan çekip: – Hyk, çök, janawer! – diýdim. Annak köşek ýaly yňranjyrap, çöken boldy. Hapbyjyk şol bada onuň arkasynda joňkardy. Annak düýäniň ýörişini edip, Hapbyjygy arkan-ýüzin gaýşardyp, dyzanaklap ugrady. Dyzanaklamasyny barha haýalladýardy. Men oýunlyga saldym-da: – Jijjim, Hapbyşka, «köşejigiň ýöremejek bolýar welin, daşardan çybyjyk getirip bereýinmi? » – diýdim. – Baý getiý. – Eý, eý, kilçerme, Meleje – diýip, Annak çybyk bilen urularyndan gorkup, hasanaklap ugrady. Ýöne ol uzak aýlanyp bilmedi. Has-has edip hasanaklamasyny basym haýallatdy. – Jijjim, indi «taýçanagyňy» münjek dälmi? – Münjek däl. «Köşejigiň» üsti ýumşajyk. – Haý, maladys, jijjim. Sen bilipsiň, «köşejigiňden» düşmegin – diýip, menem bärden Hapbyny berkitdim. – Içigara ! – diýip, Annak dişini gyjyrdatdy. Birdenem ol: – Ana-ana «köşejigiň» burnuna, ýel düşdi – diýdi-de gurbaga ýaly öňe gatyn-gatyn bökdi. Hapbyjyk onuň arkasyndan arkan aşyp gaýtdy-da, kellesini diwara gütledip urdy. Onsoň turuzdy bir gopgun, gopdurdy bir gykylyk. Indi dur-da durup bilseň öňünde. Sesinde bary bilen çyrlap, çabalanyp, elden-aýakdan çykyp barýar. – Waý, keýýäm, waý, keýýäm-eý… – Wah, jijjim, men seni bilgeşlin ýykmadym-a. «Köşegiň» burnuna ýel düşdi-dä. Men nädeýin – diýip, Annak sapalak-supalak etdi. – Burnuna ýel düşer ýaly, sen, näme köşekmi-aý. Ýöne ojagaz çagany bilgeşleýin ýykyp awundyrdyň-da – diýip, men onuň alkymyndan aldym. – Aý, men näbileýin-aý. «Köşek» diýseň, köşegiň özi bolaýdym-da – diýip, Annak çabalanyp ýaatan Hapbyjygy gujagyna aldy. – Goý, jijjim, atanlykda bolaýandyr. Indi «taýçanagyňy münäý. O seni ýykmaz. – Ýok, ýok… waý, keýýäm-eý… – Wah, çagajygyň kellesini ýaransyň. – Seňki näm-aý. Dürje enem ýaly bolup, saky-saky edip, ýüregime düşäýdiň – diýip, Annak janynyň ýangyjyna maňa azgyryldy. Bir ýerden ýaglyk tapyp Hapbyjygyň kellesini daňdy. Sallançakda ýatyrdy. -Hany, jijjim, sallançagyňda uç. Huwwa-huwwa etsem, kelläň agyrysy derrewjik aýrylar. – Waý keýýäm-eý, waý keýýäm… Annak sallançagy batly üwremäge başlady. Gapdalyndanam özünden goşuşdyryp huwwa gygyrdy. – Meniň jijjim ýatandyr, Dili dürler saçýandyr, «Köşeginden» öýkeläp, Ukujygy gaçýandyr. Huwwa-huwwa, huw, jijjim, derrew uka git jijjim! Annagyň huwwalaýşyny geň gören Hapbyjyk aglamasyny goýup, onuň ýüzüne jiňkerilip seretdi. Muňa begenen Annak sesine has-da bat berdi. – Meniň jijjim bäşinde, Şäpkejigi başynda, Agalary daşynda, Kemput görer düýşünde, Huwwa-huwwa, heýýä-heý… Ýogsa-da Annagyň mahal-mahal goşgujyk düzäýmesem bar. Ýöne Annak «hakdan içen» şahyr boljak bolup, jan-a çekdi. Yhlas edip, ýörse, kim bilýär, ondan şahyrçylyk çyksa-da çykaýar. Bir gezek Dürje enem bilen öýlerinde myssyjak gürrüň edişip otyrkak, Annak aňyrdan ýyrş-ýyrş edip geldi. – Annak, inerçäm, ýüzüň ýaman ýagtyja görünýär welin, sen bir hezilligiň-ä üstünden barypsyň – diýip, Dürje enem oňa habar gatdy. – Aý, Dürje ene, men-ä şahyr bolaýsam diýýän diýip, Annak meniň gapdalymda ornaşdy, öňümizdäki üzümli jama elini ýetirdi. – Be, be, Annak, inerçäm, boljak diýeniň bilen şahyr bolubermelimi. Menem-ä şu ömrümde Töremyrat jan gyzamyklap ýatyrka, bir şygyrjyk düzüpdim welin, şonda-da, baý, derläpdim-ä – diýip, Dürje enem Annagyň ýüzüne geňirgenip äňetdi. – Näme bolman!Şahyr bolýanlar şu adamlardan artykdyr öýdýäňizmi! Şahyrlaryňam aýratyn şahy ýok. Goşgujyklar düzüberseň, şahyrsyň-da. – Be, Annak deýmurçym, muny gaty elpe-şelpe edip goýaýdyň welin, hany, onda, Dürje eneňe bagyşlap bir şygyrjyk gaçyr-da. – Edil şu wagtmy? – Be, özüň şahyr bolsaň, wagty-näwagty bolarmy. Şagladybermeli bolar-da oglan! – Hany, bir synanyşyp göreýin, Dürje ene. – Synanyşma-da çynjaňy et, Annak inerçäm. Annak Dürje enemizi ilkinji gezek görýän ýaly, ony boýdan-başa bir synlady. onuň daşyndan pyrlanyp çykdy. – Eý, toba, eý, toba, her hileki şahyrçylygam bor eken – diýip, Dürje enemiz ýakasyny açyp, içine tüýkürdi. Annak gözlerini pugta ýumdy-da, pyşyr-pyşyr edip, içinden bir zatlar, bir zatlar samraşdyrdy. Birdenem gözlerini ýalpa açdy-da, dogry Dürje enemiň ýüzüne garap, şu aşakdaky setirleri sarnady: – Dürje enem arryk däl, Soganlary porruk däl. Melejeleriňki ýalak, Käşirleri mürrük däl. – Nätdim? – Jantyny döwdüň, Annak inerçäm. Sen-ä basyrylgyja ýatan ekeniň. – Dur, dur! – diýip, men goşga belligimi etmäge durdum. – Näme gözümize seredip ýalan sözläp dursuň, Annak. Biziň käşirimiz näme mürrükmi? Typ-tyňkyja käşirlerimiziň näçesini katyrdadyp gemirdiň. Ä? Dürje enem hem meniň pikirimi alyp götergiledi: – Dogrudanam, Annak inerçäm, şygryňda ýapa degirmezligiň birhiliräk. Ynha, menem semizmi? Süňklerimiň somalyşyp duranyny göreňokmy! – Aý, kapiýa gabat getirmelidä-raý. – Äý, hanym, seň käpiýaň üýtgeşik eken-le. Ýöne şahyrlygyň ýabygorly bolansoň, arrygy semiz, dykyzjany mürrük edip görkezäýýäň-dä. Bilýän, hakdan içen şahyr bolsa, beýdäýmez. Arryga arryk diýer, semize semiz, mürrüge mürrük diýer, dykyzja-da dykyzja. – Bä, Dürje ene, hakdan içen şahyr nädip bolmaly? – Aý, ol kyndyr, Annak inerçäm. – diýip Dürje enem beletsiräp gepledi. -Meniň eşidişime görä-hä hakyky şahyryň käsesinemi, okarasynamy, küýzesinemi, aý, garaz, haýsam bolsa, bir gapjagazyna gudrat bilen asmandan zehin suwy guýulýarmyş. Şondan içenem hakdan içen şahyr bolýarmyş. Men güldüm-de: – Be, Dürje ene, ol zehin suwy diýýäniňiziň tagamy nähilikä-reý? – diýip, Dürje enemi ýaňsylajak boldum. – Tagamynyň nähilidigini biler ýaly, men entek ony içip göremok, Meleje inerçäm. Içsem, bu wagt şahyr bolup, şöhratym dünýä ýaýrardy. Ýöne şonuň kekre ýaly ajy däldigi-ä belli zat. Men bu zatlaryň toslamadygyny, hakyky şahyr bolmak üçin irginsiz zähmetiň, ilki bilen bolsa tebigy zehiniň zerurdygyny şunçalar düşündirjek bolsam-da, Dürje enem teý ýeň bermedi: – Ýumrugym ýaly bolup, sen nämäni bilýäň-ä. – Dogry-da, walla, sen indi, Dürje enemdenem akyllymy! – diýip, Annak hem Dürje enemiň tarapyny tutdy oturyberdi. Gepiň külesi, Annak Dürje enemiň toslamasyna güp ynandy-da, hakdan içen şahyr bolmagyň kül-külüne düşdi. Bir gezek Annaklara barsam, ol melleklerindäki üzümçiligiň içinde öňünde kiçijik bir jürdegi goýupdyr-da, dyzyna çöküp, asmana garap, dileg edip otyr. – Eý gudratly Asman, indi men saňa näçe günlerden bäri şu jürdegime şahyrçylyk zehinini guý diýip, ýalbarýan welin, ýekeje damja-da damdyraňok. Gysganmasana, Asman aga. Azajyk eçiläý-dä. Men bir hakyky şahyr bolaýyn-la. Onsoň seni taryplabam goşgy düzerin. Meniň şeýle bir gülküm tutdy, şeýle bir gülküm tutdy, heý, goýaý, gülmejek bolup, agzymy-burnumy tutup, tasdanam ýarylypdym. Annaga bildirmän, yzyma zypberdini beremsoň bolsa, öňümden çykan suwsuz köne salma özümi okladym-da, şonuň içinde tä keýpden çykýançam güldüm. Ýabyň içinde otyrkam hem kelläme bir pikirjik geldi-de:» Aýdanyň – diýeniň bilen-ä Annag-a düşündirip boljak däl. Gel, şuňa başga hili düşündireýin-le «diýdim. Agşamlyk, garaňky gatlyşanda, Annagyň jürdegini suwuny ýarpylap goýdum. Içine-de üç-dört düwün nabat atdym. Ertesi Annagyň şatlykly sesi meni süýjüje ukymdan oýardy: – Meleje, tursana. Onuň erni bir ýere gelmän, ýyrş-ýyrş edýärdi. Elinde-de jürdegi bardy. – Ýeri, näme bold-aý, Annak? Ertir bilen gohuň näme? – Men indi, dost jan, hakyky şahyr boldum. – Aý, goýsan-aý. Sen näme zehin suwuny içdiňmi? – Hawa, içdim. Agşam Asman aga, ynha, şu jürdejigime guýup goýaýypdyr. Saňa, Dürje eneme görkezmek üçin içinde goýdumam. Ynanmasaň, diňle. Ol jürdegi gulagymyň agzynda julkuldatdy: – Eşitdiň gerek? – Baý, bujagazyň tapan emeljigini. Jürdege suwy özüň guýup goýan aga diýerler saňa. Annak gara çyny bilen meni ynandyrjak boldy: – Duzjan ursun, özüm guýamok. Irden barlamaga barsam suw jürdejigimiň içinde jürňüldäpjik dur. Indem hakdan içen şahyrdygymy Dürje eneme buşlaýyn. Ol maňa «ýör-beýlekem» diýmedi-de, Dürje enemlere gyp basaýdy. Wakanyň soňuny bilesim geldi-de, menem ondan galmadym. Biz bärden ala basgy bolup baranymyzda, Dürje enemiz towuklarynyň ganatlarynyň arsyna büre derman sepip oturan eken. – Äýu, deýmurçylarym, gelşiňiz gaty haýbatly-la. Eýgilikmi beri? – Eýgilik-le – diýip, Annak begenjini içinde saklap bilmän hikirdedi. – Dürje ene, men-ä hakdan içen şahyr bolandyryn. – Bä, şeýlemi, Annak inerçäm!Onda gözüň aýdyň. Nädip bolduň-a? Ugruny-ýoluny salgy berseň, belki, Meleje inerçäm ikimizem şahyr bolardyk-da. – Aý, ýaman kyn eken – diýip, Annak Dürje enem ikimiziň «şahyr boljagymyzy» gabandy. -Ynha, şu jürdejigi üzümçiligiň içinde goýsam, oňa zehin suwy guýulaýypdyr. Ýöne Asman aga ýalbaryp-ýalbaryp halys sütünimem süýndi. | |
|
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |