15:28 Oragatdy / powest - 9 | |
Şujagaz üstünligine-de başy aýlandymy, nämemi, Annak göçdi-de, seresaplylygyny unudyp, Nunna aganyň kellesine gödegräk daraşyp ugrady. Şol barmana-da kelläniň akjaran ýeriniň hamy bölünip, ondan buldurap gan göründi. Ony diýýän welin, öňki syrylan ýerlerede-de siňe seretseň, kartadaky çyzykalr ýaly, gyzyl-gyzylja yzlar galan eken. » Nunna aga!» diýip, men oňa duýduryş berjek boldum welin, eýýäm onuň özi kellseiinň ýaraly bolanyny bilýän eken. Ol agzyndaky nasyny aýagynyň astyna lokuladyp goýberdi-de, onuň üstüne gum sürdi:
Powestler
– Annakguly jan, Nunna agaň saçyny kesim-kesim ediberer ýaly, Dürje eneňiziň biýaraçylygyndaky ternedir öýüdýäňmi!? Annak ýerliksiz bahana tapdy: – Dürje enemiziň biýaraçylygynda terne ýog-a, Nunna aga. Barysyny iýip gutardyk. – Dürje eneňiziňkide bolmasa, Töremyrat mollumyňyzda eken-dä. Annak başarmaýanyny gönülemeli boldy. – Meleje syraýsyn-la, Nunna aga. – Bi sertaraşlygyň bilen, Annakguly jan, Melejäme-de şu kelleden paý ýeter. Ýöne sen bir entek ýetdik paýyňy al. – Onda kelläň ýarysy meňki, ýarsam Melejäňki. – Ana şeýdip, hakyňa kaýyl bolsana, Annakguly jan. «Işiň paýlanyşygy» Annagy ekezlendirdi. Ol indi elini buzla suwa sokjak ýaly saňňyldadyp durmady şatyr-şutyr boluberdi. Kelle-de kem-kemden akjarýardy welin, ýöne gyzylja-gyzylja «nagyşlaram-a» dömüpjik çykyp durdy. Annak bolsa, muňa ünsem berenok. Çaltrak öz «paýyndan» dynsa bolýar. Baý, Nunna aga-da mert adam eken. Dişini gysyp, yňkyny çykarman otyr. Ýöne mahal-mahal aşaklyk bilen gözüni süpürýär welin, kim bilýär, sessizje aglap oturanam bolsa. Her bir kyn işde töwekgelçilik gerek. Annak şeýde-şeýde kelläni ýarpylady oturyberdi. Nunna aga onuň syran ýerlerini barlamak üçin elini aýlanda, barmaklarynyň uçlary gyzyl reňke boýalan ýaly boldy. Ýöne onuň üçin, käýinmedem, sögünmedem. Şeýle-de bolsa, ýaňsy bilen igesini sürtüp galdy, öňünden duýduryş berýän ýaly, maňa-da kakdyrdy: – Baý, Annakguly jan, kelläň iki bolsa, saňa saç-a syrdyrsa boljak eken. Melejämem şeýdip, «sertaraşlyk» edäýse, bu kelleden derek galmazmyka diýýän. Men ýöwselläp ugradym: – Aý, men-ä… – «Aý, men-ä» diýme, Melejäm. Men bu görnüşde ile nädip gazet paýlaýyn? – Telpegiňizi geýip paýlaýsaňyz-la, Nunna aga. – Ýak, Melejäm, seniňem tapýan zadyňy. Niçezar telpegimi başymda zömmerdeýin. Ýöne buýtar-suýtar etmänjik kelläň galan ýarsynam bir zat ediň. Beýdip taşlar ýaly men Dürje eneňiziň geçisi däl ahyryn. Ýöne Melejäm, Annakguly janyň «torlaň» ýerlerine mawyja basyp çyk. Dürje eneňiziň Külejesi dyrnaçaklan ýaly, beýdip, depäm bir gyzaryp durmasyn. Bar, Annakguly jan, mawyjaňyzy getir. Nunna aganyň mawyja diýýäni ýod bolmaly. Annak içerik ylgap gitjek ýaly etdi-de, birdenem kürtdürip durdy: – Wiý, Nunna aga, «mawyjamyz-a» hol gün Töremyrat mugallym gelip alyp gitdi. Güjüjeginiň gulagyny, guýrugyny kesipdir-de, şolara çaljak diýdi. – Aý, onda Annakguly jan, mawyjadan gatymut bolaý. Töremyrat mollumyňyz baryny güjüginden geçirendir. Nireden kellesine gelenini onçakly biljek däl, ýöne Annak böwrüne diň salyp durdy-da, birdenem agaç sekiniň üstünde ýatan nagyşly kädini garbap aldy: – Nas basaýsak, ganyny duruzmazmy, Nunna aga? – Ä?-diýip, Nunna aga Annagyň ýüzüne ýalta bakdy-Daş etdiň. Annakguly jan, daş. Nas kesigiň-diligiň emi-dä. Mawyjany ompa oturdýar ol. Ýelimlenen ýaly edäýýär. Bir gezek, elimi orak kesende görendirin onuň zoruny. Ah-ow, Annakguly jan, seň tebipçilikdenem habaryň barmyka diýýän men-ä. Hany, çalajadan kädiň syrtyna kakagedin un sepelän ýaly edip çyk. Kelläniň kesilen ýeri beýlekilere garanyňda has mojugrakdy. Annak kädiniň agzyny şol taýyk tutagedin, onuň syrtyndan ýuwaşja pitikledi. Nas doň tutupmy, nädipmi, kädiniň agzyndan hiç zat çykmady. Annak ikinji gezek gatyrak tyrkyldatdy welin, kädiniň aňyrsy bilen nas hüpüläp gaýtdy-da, Nunna aganyň tutuş kellesini diýen ýaly ýap-ýaşyl edip goýaýdy. Şondanam Nunna aga: – -Eý, wäg-eý, naşatyr guýduňmy, Annakguly jan!diýip, dabanyna köz basylan ýaly böküp turdy-da iki elini kellesiniň töwereginde galgadyp, öwhüldäp, tapyrdyklap aýlanmaga başlady. Arasynda-da:» Haý, aldy, waý aldy» diýip samraýar. Biz Nunna aganyň gögeýin degen köşek ýaly, bökjekläp ýörşüne güljegimizem bilmedik, gynanjagymyzam, oňa näme delalat etjegimizem aňşyrman, agzymyzy öweldişip durus. Nunna aga-da kellesiniň awusyna çydaman, daşymyzdan tapyrdyklap aýlanyp ýörşüne bize dişini gyjady: – Näme heşelle kakyp dursuňyz. Geliň, birzat ediň ahyryn. Beýnimi deşdi-le bi. Wah, biz näme edip bilerkäk?Birdenkä kündüge gözüm düşdi. Ýüwrüp baryp, kündügi kakyp aldym: – Tut kelläňi, Nunna aga. Ýuwaly. Nunna aga ylgap gelip, nasly kellesini kündügiň aşagyna tutdy. – Guý ahyryn… – Suw gutarypdyr, Nunna aga. – Aý merez edipdir. Şu puratda Annak kömege ýetişdi. Ýöne oňky juda gömelteý boldy. Dop-doluja bedräni Nunna aganyň kellesinden eňteräýmezmi. Nunna aga durşy bilen ýaba çümdürilip çykarylan ýaly boldy. Ol şalpy-şalaň bolup dikeldi-de, agzyna-burnuna suw dolansoň, ýaba gark bolan ýaly hopugyp-hopugyp dem aldy. Biziň şeýle bir gülkümiz tutdy welin, şu wagt aňrymyzda zat bolsa, barjasyny heziller edip çykarardyk. Emma Nunna agadan çekindik-de, ýarylyp bilmän duruberdik. Şeýle-de bolsa, bize derek gapdaldan biri joşup güldi. Bir görsek, Dürje enemiz arkan-ýüzin gaýşyp, ýyh-ýyh edip, şeýle bir gülýär welin, kik erni gulaklaryna ýetäýjek bolýar. Birdenem ol özüni lampa aşak goýberdi-de, öňküsindenem beter gülmäge başlady. Annak ikimiziňem gülme böwedimiz açyldy. Nunna aga özüne gülünýänine gatyrganjak bolup, ilki bir kükredi, soňundanam onuňam gülki jähegi açyldy. Biziň gülkümiz töwerekde ýaňlanyp, peýwagtyna kül dörüp ýören towuklary gorkuzyp wakgyldatdy, ýatakda gäwüş gaýtaryşyp ýatan goýunlary örüzip, howsala saldy, güneşde ýaltalygyndan iki ýana siňekläp ýatan Goňurjany ýerinden galdyryp, ýanymyza getirdi. Bir haýukdan soň, Dürje enem gülküsiniň arasy bilen Nunna aga söz gatdy: – Äýu, Nunna ýegen, bu sypatyň bilen kansyrt berýäňmi? – Kansyrt entek öňde-diýip, Nunna aga-da onuň ýaňsysyna ýaňsy bilen jogap berdi. -Bu irepitisiýasy. – Waý, oglan-eý, irepitisiýasy şu bolsa, kansyrdyň özi dagy adamlary güldürip ýykar. Nunna aga birdenkä hyrsyz görnüşe girdi. Indi biziňem ernimiz bir ýere ýygnandy. Dürje enemiz bolsa şol böwregini bökdürip otyr:» hih, hih, ýyh, ýyh» – Dürje daýza, senem indi bes edäý-diýip, Nunna aga oňa alaryldy. -Biler bolsaň, meniň şu görnüşim saňa gülki bolmaly däl-de, agy bolmaly. Sebäbi seniň deýmurçylaryňa saç syrmany öwretjek bolup, şu güne düşdüm-dä. – Wiý, toba, toba-diýip, Dürje enemiz ýerinden turdy-Dürje eneleri deýmurçylaryny hiç utanja goýmaz. Olar maňa kynçylyk çeken ýerimde kömege ýetişýärlerimi, hökman menem agsan ýerlerinde deýmurçylaryma goltugyndan gop beräýmeli. Hany, otur, bakaly, nädersiň kelläňi garaňkyda hat okap beribermeli edäýsem. Dürje enemiziň sertaraşlyk etjek bolmasy biziň üçümiziň agzymyzy açdyrdy. – Nädäýdiň-aý, Dürje daýza!Sen saçam syryp bilýäňmi? – Weý, weý, sen «Piliň gulagynda uklap ýörsüň», Nunna ýegen. Seň Dürje daýzaň başy çykmaýan işi ýokdur. Saçy dagy syranymda düýbünden bitmedik ýaly edýändirin. – Dürje ene, siz şu wagta çenli kimň başyny syrdyňyz?-diýip, Annak gyzyklanyp sorady. – Weý, Annak deýmurçym, Dürje eneňize ynam etmezlik aýp bor ahyryn. Hapbymyň kellesini kakasyna ýetirýän däldirin. Kör pakyryň saçynam çenden özüm syrandyryn. Onsoňam» Hemedan daş bolsa, kädi baş ýakyn» diýipdirler. Ynha, Nunna agaňyzyň kellesi. Men siz ýaly «kansyrta» çykarjak bolman ony. Annak ikimiz «Näderkä?» diýen ýaly Nunna aga seretdik. Nunna aga kädisini dişine tyrkyldadyp, nas atdy. – Bäý, zynap gözäýmeli ekezi öz-ä, Dürje daýza, zeni. Ýöne zenaza zaç zyrdyrzaň, bizhizi bolmazm-aý!? – Nunna ýegen, sen zenan diýip meni kemsitjek bolma. Göwnüme degýäň, oglan!Sen, wapjy, durmuşdan yza galak adam, Nunna ýegen. Biziň zamanda aýal-erkek deň hukuklymy, deň hukukly. Hol şäherdäki pärihmähirdäki serteräçleriň köpüsem aýalmy, aýal. Onsoň başga saňa näme gerek. Ä? Nunna aga Dürje enemize boýun bolmakdan başga alaç galmady. Ol iki elini ýokary göterdi-de: – Yzzaýu, yzzaýu, Düzje daýza-diýip, gülümsiräp, sekiniň üstüne ümsüm baryp oturyberdi. Dürje enemizem päkini alyp, sertaraşlygyna başlady. Annak ikimizem boýnumyzy süýndürişip, dişimizi sogurtjak ýaly bolşup, gözümizi gyrpman, Dürje enemiziň saç syryşyna tomaşa etmäge başladyk. Görsene, hakyky sertaraş-a Dürje enemiz eken. Nunna aga kellesi syrylýandyram öýdenok. Arkaýyn tisginmän, gaş çytman, kirpik gyrpman otyr. Onsoňam Dürje enemiz hem-ä çalt syrýar, hemem päkisiniň degen ýerini ap-akja edip goýýar. Ol Annagyň galdyran-gaçyran üpür-çüpürlerinem ýüzüniň ugruna alyp gitdi. – Düzje daýza, näme zypalap duzsuň. Basla ahyzyn- diýip, Nunna aga saçy syrylýanynam duýmansoň Dürje enemize igenjek boldy. – Nunna aga, Dürje enemiz-ä eýýäm syryp gutaryp gelýär-diýip, Dürje enemize derek men jogap berdim. —-Zeýlemi?-diýip, Nunna aga agzyndaky nasyny dökdi-de, Dürje enemiziň öwgüsini ýetirdi-Maladys, Dürje daýza. Seň ökdeligiňe telpek goýdum. Indi kim ýanyma saç syrdyrmaga gelse, seniň ýanyňa ibärin. – Goýawer-ä, Nunna ýegen, senem ýöne ýüz berilse, ýüzin ýykylaýýaň-diýip, Dürje enemiz gaharlanan boldy. -Obada meň bar işim göreniň kellesini gazap ýörmek däl. O käriňi özüň ýöredewer. – Onda, Dürje daýza, meň kellämi bir käwagt gazaweri. – «Ýegen ujy ýagy-ýagam bolsa gowy» diýipdirler. Ýegen jan, daýzaň senden hyzmatyny gaýgyrar öýütme. Kelläňe tüý ördügi, hiç kime duýdurmanjyk eňäýgin ýanyma-diýip, Dürje enemiz Nunna aganyň öňünde hemişelik «ýaşyl yşyk» ýakyp goýdy. Kellesiniň arassalanma kemi galmansoň, Nunna aga ýyrş-ýyrş edip, Annagyň aýnajygynda ýüzüni synlady-da: – Dürje daýza, sen-ä şu gün meniň üçin Hydyr ata bolduň-diýdi. Nunna aganyň eşikleri henizem öl-myžžyk bolup duransoň, Annak ikimiz ony öýlerine goýberdik-de, gazetleri oba özümiz paýlap çykdyk. Ertesi okuwa baranymyzda, klasdaşlarymyz bizi gülki bilen garşylady. Töremyrat mugallym bolsa: – He, mis kelle bolduk diýseňiz-le-diýip, saçymyzy syrdyranymyzy kän halamady. Şondan soň kellämize tüý bitýänçä klasda «mis kelleler» adyny götermeli boldy. Ýöne bir zat:bu wakanyň bize peýdalyja tarapy hem boldy. Şondan soň, biz kem-kemden saç syrmaga türgenleşdik. Elbetde, Dürje enemizdir Nunna agamyzdyr ýaly-ha sertaraşlyk edip bilemzok. Ýöne saçy ösüp köseneniň kellesin-ä bir delile getirip biljek. Çeşmesi: https://www.ylymly.com. 24.10.2022ý. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |