11:46 Orta asyrlaryñ täsin küýzejikleri | |
ORTA ASYRLARYÑ TÄSIN KÜÝZEJIKLERI
Taryhy makalalar
Orta asyrlar şäherlerinde VIII—IX asyrlardan başlap keramiki önümleri ýasamak sungaty kämilleşip başlaýar. Dehistan, Şährislam, Nusaý, Abiwert, Merw, Ürgenç ýaly iri şäherlerde sungat gülläp ösýär. XI—XII asyrlarda bu şäherlerde farfordan gap-gaçlar, küýzeler ýasalyp başlanýar. Orta asyr arheologik tapyndylarynyň arasynda duş gelýän küýzeleriň bir görnüşi «sferokonus» diýlip atlandyrylýar. Bu at ol küýzelere daş görnüşi boýunça berlipdir, ýagny küýzäniň ýokarky bölegi şar (sferiki) görnüşinde, aşaky bölegi bolsa konus şekilli bolany üçin, ol şeýle ada eýe bolupdyr. Bu çaklaňja küýzeler diňe bir daş görnüşi boýunça däl-de, eýsem, galyňlygy, agramy boýunça-da beýleki küýzelerden tapawutlanýarlar. Olar, köplenç, garamtyl-çal reňkde bolýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Merwden, Dehistandan, Şährislamdan, Köneürgençden tapylan sferokonus gaplar saklanýar. Olaryň ýasalanyna 1100 ýyl töweregi bolupdyr. Bu täsin küýzejikler Müsürde, Alynky we Kiçi Aziýada, Eýranda, Orta Aziýada, Zakawkaziýada, Demirgazyk Kawkazda, Krymda we Powolžýede hem arheologik gazuw-agtaryş işleri wagtynda duş gelipdir. Sferokonuslar gaplaryň beýleki toparlaryndan daş görnüşi (morfologik) boýunça tapawutlanýar: diwary galyň, bokurdagy dar we agzy kiçijik, beýikligi 8-30 sm. Sferokonuslaryň aglaba bölegine düýbüniň konus görnüşli bolmagy häsiýetlidir, şonuň üçin hem gap dik durup bilmeýär, mydama gapdala ýatýar. Sferokonusyň agzynyň darlygy (4-10 mm) onuň içindäki zadyň dökülmezligi üçin bolmagy mümkin. Beýleki küýzegärlik önümlerinden olaryň tapawudy diwarlarynyň galyňlygy ( sm çenli), ýokary dykyzlygy we gatylygy bolup dyr. Şeýle ýokary görkezijiler toýnuň saýlanyp alynmagy, ýuka edilip mazaly ýakylmagy, peçlerde bişirilmegi bilen gazanylýar. Sferokonus gaplar özleriniň ähli häsiýetleri babatda oda çydamlylara degişlidirler. Birnäçe ýyl mundan ozal TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutyna şeýle küýzeleriň biri gelip gowuşdy. Ol Aşgabat şäheriniň Gypjak ýaşaýyş toplumynyň çäklerinden tapylyp, agzy ürgündaş (sement) bilen diýseň mäkäm ýapylypdyr. Küýze çaýkalanda, onuň içinde bir suwuk zadyň bardygy mälim boldy. 700 ýyllap ýerde ýatan küýzejigiň içindäki suwuklyk üzüm toşaby eken. Sferokonus küýzeleriň daşy, köplenç, çyzma we basma nagyşlar bilen bezelen bolýar. Alymlaryň arasynda şol küýzejikler barada dürli pikirler bar. Daniýaly alym Peter Pents: «Harby maksatlar üçin sferokonus gaplara nebit guýlupdyr we käbir sferokonuslarda «Alla», «Ýeňiş» diýen ýazgylar ýa-da adam atlary ýazylan ýazgylar bar» diýýär. Görnükli alym W.L.Wýatkin: «Sferokonus gaplar nebiti zyňmak üçin gerek bolupdyr» diýýär we şu çaklamany tassyk edýän delilleri hem belleýär. Şol delil «Fath» («Ýeňiş») diýen ýazgyly sferokonuslaryň tapylmagydyr. Şol bir wagtda hem ol sferokonuslar şolar ýaly ulanylanda, gaplary dik (wertikal) ýagdaýda goýar ýaly, düýplükleriň gerekdigini, ýöne şolar ýaly düýplüklere henize çenli duş gelinmändigini belläpdir. Alym muny düýplükleriň agaçdan edilendigi, şol sebäpli hem saklanyp galmandygy bilen düşündirýär. Käbir alymlar, sferokonuslaryň, esasan, Gündogar ýurtlarynda duş gelýändigi sebäpli, olary «musulman çyralary» diýip hem atlandyrýarlar. Olaryň pikirine görä, şeýle küýzejikleriň içi ýangyçdan doldurylyp, onuň darajyk bokurdagynda pelte ýerleşdirilipdir we çyra üçin peýdalanylypdyr. Professor M.Ý.Massonyň pikirine görä, şeýle sferokonus küýzejikler simap üçin niýetlenendir. Ol küýzejikleriň atlaryny hem «sferokonus» diýip tutman, «simapküýze» diýip atlandyrýar. 1871-nji ýylda G.Çester sferokonuslaryň simap daşamakda we olary saklamakda peýdalanylandygy barada netijä gelmeklige esas döredýär. Orta Aziýanyň ilatynyň bu gaplary simap gaby hökmünde ulanandygy hakyndaky etnografik maglumata hem salgylanýar. G.A.Jiddi hem sferokonuslaryň simap wersiýasyny goldap, öz çykyşynda: «Ol köp halatlarda simap saklamak üçin peýdalanylypdyr» diýen netijä gelýär. Awtor bu gaba «simap kuzaçi» diýilýändigine ünsi çekip, munuň «simap gaby» diýlip terjime edilýändigini belleýär. Orta asyrlar alymlarynyň aýtmaklaryna görä, sferokonus gaplara Mekkä we Medinä zyýarata giden adamlar Aby Zemzem çeşmesiniň suwuny guýupdyrlar. Şeýle hem olaryň içimlik suw, suwuk ýangyç, müşk, atyr, kosmetiki serişdeler guýulýan guty hökmünde ulanylandygy bellenilýär. Orta asyrlar şäherlerinde keramika sungatynyň iň ýokary ösen döwri IX—XIII asyrlar hasaplanylýar. Annaoraz ABDYÝEW, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |