OTLY TÜRKMENISTANA BARÝAR
1.
«Ugradandan ýoldaş bolmaz» diýýär türkmen. Ýöne ugradýan ýoldaşyň iň ýakynyň bolýandygyna, gözüňe has yssy görünýändigine Saparmyrat göz ýetirdi.
Ýeke sagady biri-birinden aýry geçmeýän ýigitler, bir hepdäniň aýraçylygyny nähili geçirjegini bilmän, kösendiler. Saparmyrat Türkmenistana baryp gaýtjakdygyny aýdanda, dostlary özleri üçin ýyla öwrüljek bir hepdäni göz öňüne getirip, onuň pikirini oňlaslary gelmedi, ýöne gitme-de diýip bilmediler. Ýigitleriň durmuşyň durşuna aýraçylykdygyny boýunlaryna alaslary gelenokdy. Şonuň üçin hem olar aýraçylygy sähelçe-de bolsa gysgaltmak islegi bilen, Saparmyrady Moskwa çenli ugratmagy ýüreklerine düwüpdiler.
...Wokzalda duran ýigitleriň ellerinde kiçijik çemodany bardy. Olaryň studentdigi duýulýardy. Çünki şol döwürde şeýle çemedanjygy, köplenç, studentler göterýärdiler. Dostlary Saparmyradyň sag-aman dolanyp gelmegini, özüni goramagyny öwran-öwran sargytäedýärdiler.
Olar bir desse gül deýin gujaklaşdylar.
Dostlarynyň uzyn boýlusy:
– Saparmyrat jan, uzak eglenme, tiz gaýt, gazanç edeli, ylmyň aşagyna ýaglyja binýat gerek... Ýigrimiňden geçip, ata-eneň boýnunda, ýa başga biriniň boýnunda oturmak bolmaýar. «Adam – özüňi adam et!» diýýär, Aristotel.
Saparmyrat ýylgyryp:
– Hawa-da, biz Allatagalanyň ýaşa, ýaýna, döwran sür diýip ýaradanlaryna girmeýäris. Biz özümizi adam etmeli!..
– Duşuşýançak... Ýöne, köp eglenme! – diýip, üçünji ýoldaşy Saparmyrady bagryna basdy, edähede görä taýly gezek bir-birini ogşadylar.
Ýoldaşlary goşlaryny alyp, argyn gijäniň sazlaşygyny bozup, metro tarap ugradylar, ullakan «M» harpyna ýetiberenlerinde, yzlaryna dönüp, gollaryny buladylar.
Gije salkyndy, hatda çigrek diýseňem boljakdy.
Saparmyrat uzaklara nazaryny aýlap, hyýalynda ejesini janlandyrdy. Birsalym ýylgyryp ejesiniň didaryna garap duransoň:
– Eje, eje jan, käbäm, garaş, hä diýmän bararyn! – diýdi. – Kyblam pederim, garaş, hä diýmän bararyn!.. Sizi göresim gelip, iki ýyly zordan geçirdim, zordan.
Saparmyrat çemedanjygyny alyp, ýüzüniň bakyp duran tarapyna ýöräp ugrady...
Saparmyrat Leningradyň M.I.Kalinin adyndaky politehniki institutynyň ikinji kursuny tamamlap, tomusky dynç alşa çykypdy. Soýuzyň ähli ýokary okuw jaýlarynda bolşy ýaly, on sekiz müňli institutda hem dynç alyş döwri studentler zarpçy gurluşyklarda işleýärdiler. Saparmyrat ýene bir hepdeden zarpçy gurluşyga gitmelidi. Studentler gurluşyk otrýadlarynda işläp, uly-uly binalary gurmalydy.
Düýn institutyň komsomol komiteti studentler bilen duşuşyk geçiripdi.
– Biz ylymda öwrenenlerimizi tejribe bilen baglanyşdyrmalydyrys. Biziň student gurluşyk otrýadlarymyz soýuzda tapawutlanmalydyr. Kanikuly bihuda geçirmek bolmaz... – diýip, institutyň komsomol komitetiniň sekretary uzyn nutuk sözläpdi.
Studentler onuň sözlerini makullap çykyş edipdiler.
Netijede, ýene bir hepdeden gurluşyga ugramak bellenipdi.
Studentlere bir hepde boş wagt ýörite berlipdi. Olar bir hepdäniň içinde öz mähriban ata-enesiniň ýanyna baryp, olar bilen didarlaşyp, mähirlerini gandyryp gelmelidiler. Ata-enelerine okaýyşlary hakda gürrüň bermelidiler. Ata-enelerine kömek bermelidiler. Studentler ýedinji gün diýlende institutda bolmalydy.
Saparmyrat bir hepde berilýän bu wagta sabyrsyzlyk bilen garaşypdy. Ol hyýalynda käbesiniň, kyblasynyň ýanlaryna nädip barjakdygyny göz öňüne getirýärdi.
Saparmyrat ejesini-de, kakasyny-da hiç wagt ýadyndan çykaranokdy, olar onuň ýüreginiň töründe ýaşap ýörler. Saparmyrat olary ezizläp, apalap ýör. Olara nädip ýogalan, olara nädip ýok diýjek?! Olara ýok diýmäge Saparmyradyň dili barmaz. Ol men ýetim diýip müzzermeýärdi. Müzzereni hem halamaýardy. Şonuň üçin Saparmyradyň ata-enesiniň ýokdugyny kursdaşlarynyň köpüsi bilenokdy hem.
Saparmyrat käbesine salam bermäge, ýagdaýlarynyň, okaýşynyň gowudygyny aýtmaga barýardy.
Saparmyrat kyblasyna salam bermäge, ýagdaýlarynyň, okaýşynyň gowudygyny aýtmaga barýardy.
Saparmyrat olaryň ruhlarynyň ýalňyz galan ogullarynyň her bir dimini bilesleriniň, didaryny göresleriniň gelýändigini açyk bilýärdi.
Oňa Türkmenistanda eziz ejesi garaşýardy.
Oňa Orsýetiň alys bir ýerinde mähriban kakasy garaşýardy.
Saparmyrat olaryň ruhlaryny rahatlandyrmak üçin barýardy.
2.
Olar hamana ýedi ýyl aýraçylykdan soň duşuşan ýaly, garagadyr görüşdiler, iki elläp salamlaşyp, gol silkişdiler, bu dessur şeýle uzak dowam etdi, hatda, töwerekden ötüp barýan biparh, biperwaý ötegçilerem säginip, gaňrylyp garap, geň galyp gitdiler. Sugry telpekli pyýada ýylgyrýardy, ýaş ýetginjek hem ýylgyrýardy. Ilki sözi, türkmen edähedi boýunça, ýaşuly başlady:
– Beýleden nireden gelýäň-aýt?
Saparmyrat ýygrylybrak jogap gaýtardy.
– Kitaphanadan...
Ýigidiň çaklaýşy ýaly hem boldy, sugry telpek gulagyna ynanman, tiňkesini dikip, ýaňadan soramak isledi, emma magat eşiden sözüni soramagy oňlaman:
– Kitaphanadan? – diýip, gaty geňirgendi. Ýogsa, Saparmyrat ony geňirgendirmejek bolup, ýygrylybrak, ýuwaşja aýdypdy. Sugry telpek ýaňadan hemrasyny başdan-aýaga içgin-içgin synlap, pyşyrdady: – Hawa-da, restorandan ýa başga bir elpe-şelperäk ýerden gelýän diýseň ynanjagam däl.
Sugry telpek aradaky oňaýsyzlygy aýyrmak üçinmi, ýa soramak-ideşmek dessury üçinmi, garaz, ýetginjegiň goluny goýbermän, bir goly bilen goşuny alyp, ýigidi çete, adam-garanyň azrak geçýän ýerine çekdi:
– Ýör hany, bir çilimleşeli, gyssag ýeriňe bir çilim çekerlik pursat gijä galyp baraý...
Sugry telpek gaty mährem, ýüzünden-gözünden nur damyp duran, üýtgeşik, özüne çekiji adam bolup, daş keşbi bilen içki ruham gabatlaşýan ynsanlardan eken. Ol çilim çykardy, ýetginjek hem çilim çykardy-da, otlandy. Çilimiň tüssesi sugrytelpegiň filosofiki dünýäsini oýaryp ugrady:
– Görýämiň, inim, ikimiz birinji gezek duşuşdyk, özem nirede, Moskwada, ýurtdan dört ýarym müň kilometr uzaklykda. Belki, men ozal seni Aşgabatda kän görendirin, belki, senem meni köp görensiň, belki, bir ýerräkde ýaşaýandyrys, emma birek-biregiň gözüne ilen däldiris. Ynha, indi bolsa, men seni doganymy gören ýaly... hut gujaklaýasym gelip dur... Bi kakabaş türkmenleri dogan etmek üçin hökman ýurdundan dört ýarym müň kilometr alyslara alyp gitmelimi? Heý, dünýe!
Adatça, beýle esentanyşlyk halanmaýar, çünki, köplenç, onuň aňyrsynda bir çöpjagaz, maýdaja bähbitjik ýatýar, emma Saparmyrat sugrytelpegiň mylaýym keşbine seredip, onuň aňyrsynda galdyr-bassyrlygy, melgun keşbi görmedi. Hudožnik bolsaň, ol adamyň suratyny çekip, aşagyna «dogan» diýip ýazaýmalydy. Saparmyrat, seýrek hem bolsa, beýle adamlara ömründe duşup görüpdi. Beýle kişiler obalarda entek bar, olar ejesiniň obasynyň adamlarynyň ählisine daýy-daýza diýip ýüzlenýär, kakasynyň obasynyň adamlaryna bolsa, «pylany kaka-pylany eje» diýip ýüzleýär.
– Student! – diýip, sugrytelpek gelen netijesiniň ýalňyş däldigine şek-şübhesiz ynanyp aýtdy. – Studentiň çykaýmaly ýeri hem kitaphana!.. Inim, bu dünýä her kim almaga gelýär, her kim her etjek-hesip etjek – aljak, ýöne beýik Perwerdigär, basgy bolaýmasyn diýip, her kime bir zady almaly edipdir. Her gün Aşgabatdan on alty wagon millet gelýär, on alty wagon. Kimsi Moskwadan haly aljak, kimsi maşyn, kimsi mata-marlyk... Emma seniň aljak zadyňy almak üçin hemme kişide ambar hem ýok – diýip, ol sugry telpeginiň astyna süýem barmagyny uzatdy. – Seni Allatagala bagtyýar ýaradypdyr, atyber ambaryňa, atyber, seniň alýan harydyň agramy ýok, pul tölemeli däl, üsti agyr nobat däl. Her kim almaga gelýär, emma aslynda berip gitmeli dünýä bi! Alanyny berip gitmedik adam bolsa iň bir Hudaý gargan adamdyr... Aýtmaýarmy könelerimiz, o dünýäňe alyp gidesiň ýok diýip...
Saparmyrat söhbetdeşini aşaklyk bilen synlaýardy, synlamak üçin hem däl, belki, onuň içki dünýäsine aralaşmak üçin, belki, ondan gözüni aýryp bilmeýäni üçin. Saparmyrat içinden «Şeýle agaň bolaýsa» diýip pikir öwürdi.
Moskwa, dörjelen garynjanyň içki hini ýaly, adam bary ibirt-de-zibirt. Kimiň goly goşly, kimiň ýany itli, kim aýalynyň golundan tutup barýar, garaz, her kim bir ugra eňaşak. Sugrytelpek ýetginjegiň Aşgabada gaýtmakçymy-däldigini sorady.
– Ýetişsem şu gün, ýogsa-da ertirki otly bilen gaýtjak...
– Belki, sen meniň bilen gidersiň, men prowodnik, «Aşgabat – Moskwa» otlusynyň iň gowy wagonynyň prowodnigi... Ynjytmanjyk, inim şekilli edip elterdim.
Sugrytelpek tüýs Saparmyrada gerek adamdy, arman onuň wagony iň gowy wagon, entek iň gowy wagon Saparmyrat üçin ir, ir, entek ol gaty wagonda süňklerine agram salmaly, entek ol halkyň içinde bolup, halkyň ýagdaýlaryny öwrenmeli, ol halk bilen, halk onuň bilen...
– Inim, sen ýagşyzada diýip eşidensiň, ýagşyzada Hydyr ata ýaly keramatly, gudratly däl, emma ýagşyzadalaryň hem özüne ýetesi gudraty bolýar. Olar adamdan ýokarda, perişdeden aşakda... Ýagşyzada özüniň duşmagy bilen-de, salamy bilen-de her kişä haýyr edip bilýär. Sen ýagşyzadasyň, hökman ýagşyzadasyň, beýle nurana, ynsanperwer, mähri ýüzünden-gözünden çogup duran adam ýöne adam bolmaýar! Gör, ikimiz duşduk, gürleşdik, tanyş bolduk... Seni maňa Hudaý duşurandyr! Näme diýip duşurandyr? Hol öwrümden aňyrda meniň bilen pete-pet gabat gelmeli melgundan ýolumy sowmak üçin, onuň bilen duşurmazlyk üçin, belkem, hol köçeden geçjek bolanymda, kakmaly maşyn geçip gidýänçä meni saňa duşuryp saklandyr ýokarky...
Sugrytelpegiň ýagşyzada baradaky pelsepesini doňdurma satýan daýzanyň şaňňy sesi böldi.
– Laýyk wagtynda geldi, edil şumat buz ýalyjak doňdurmanyň keýpi bardyr – diýip, sugrytelpek iki sany doňdurmanyň hakyny berdi, Saparmyrat özi üçin tölenmegini halamady, emma ony duýdurmagy hem ýokuş gördi, sebäbi ol adamyň keşbi dogan keşbini ýada salýardy. Doňdurmany iýip durşuna, hamana, bir abyrsyz uly hata goýberen ýaly, sugrytelpek goluny uzadyp:
– Taky-takylap tanyşmagy hem unudypdyrys... Meniň adyma Kelhan diýýärler, hakyky adym hem bar, ýöne Kelhan adyma şeýle bir öwrenişipdirin weli, hakyky adym ýasama bolup, hiç gelşenok... Özümem biraz kelrägem...
– Ýaşuly, siz hakyky adyňyzy aýdaýyň maňa, men siziň hakyky adyňyzy tutaýyn.
– Haý, sypaýylygy ýüzünden bildirip duran, inim-eý, utanman Kelhan aga diýiber.
Emma Saparmyrat göze doly, kalbyna ornaşyp barýan mährem adama Kelhan diýip biljek däldi, onuň içki medeniýeti başgady.
– Hakyky adym Beghan... Gadym ata-babalarymyzda iki dogan bolan, biriniň ady Baýhanmyş, biriniň ady Beghanmyş... Atam pakyr şolaryň ady ýerde ýatmasyn diýip, maňa Beghan dakýar, inim bolanynda bolsa, Baýhan diýip at dakypdyr, ol neresse ýer astynda galdy...
Beghan aga uludan dem aldy, Saparmyrat hem uludan dem aldy...
– Türkmen bir bagty pes halk boldy... Bir pursadyň içinde, ýekeje pursadyň içinde müňlerçe adamy alaýmak bolarmy?..
Süýji zat jüp ýagşy diýip, ýene bir doňdurmany iýdiler. Beghan aga ýaşuly soranjaňlygy bilen Saparmyradyň Leningradda okaýandygyny, institutyny, okuwy gutaransoň kim bolmalydygyny, birki gün Moskwada bolup, muzeýleri görüp, Aşgabada dolanjakdygyny bilip:
– Inim, Saparmyrat jan, Aşgabada gideli, ejeň-kakaňyň gözi ýoldadyr. Bir gün öň barsaň bir gün olaryň ömrüne artykmaç ömür goşarsyň – diýip, eje-kaka hakynda pelsepe otaryp ugrady. Saparmyradyň ýüregi jigläp, gursagy som-yza bolup gitdi, duýgur ýoldaşy ony duýmady, gaýta:
– Muzeýi soňa goý, Saparmyrat jan. Kelhan agaň her kime töwella edip ýören hem däldir, bileje gideli... Senem maňa kömek et...
– Näme kömek?
– Öňi bilen, gowuja taksi tutaly, maňa biri derman sargady, şony tapaly... Ine, hol epdek iň bir dermana baý epdek, içigargalmyş, ýok eken onda... Tapman barsam bolmaz, bir bende şu dermana garaşyp ýatyr... Kesel, gaty kesel...
Beghan aga derman barada, keselli barada şeýle bir ýürekden gür berýärdi, hamana, şol derman bolmasa, bir bende heläk bolaýjak ýaly, hamana, şol dermanam Saparmyrat ýany bilen gitse, aňsat tapaýjak ýaly...
Garaz, Saparmyrat aýak diräp durmady. Dogrusy, özüniňem ýurdy göresi gelip, ýürejigi atygsap durdy.
Saparmyrat taksi tutdy, gözüňe söweýin türkmen aty ýaly, belent «Wolga» maşyny. Sürüjem gaty mylakatly, jübä ataýmalyja ors adamsy eken. Taksa münen badyna Beghan aga arassa ors dilinde gürläp, taksiçiniň goluna kagyzy tutduryp, şu dermany nirede bolsa-da tapaýmalydygyny aýtdy. Taksiçi kagyzy okap, dessine gatnawy köp, uly köçä düşdi.
Dermanhana yzyna dermanhana görüldi, taksiniň hasap guraly pul üstüne pul urup gidip otyr, emma Beghan aganyň perwaý-piňine-de däl.
Taksiçi hem ynsaply adam eken. Ol ozal iki ýola aýtdy, üçünji ýola hem göz gyýtagyny maşynyň hasaplan puluna aýlap, maşyny saklady:
– Dostum, sen kagyzy goýup git, men ertir, giç galsa birigün taparyn, hökman «Aşgabat – Moskwa» otlusy bilen saňa gowşar ýaly ederin. Ýoldaşlaryň seni tanaýandyr ahyry – diýip, janykdy.
– Iwan, sen mamla, men oglum üçin telpek ýa kostýum gözleýän bolsam, başga gep, bi derman başga gep… Üç günden Selim aga otla çykar, men «Tapmadym» diýeýinmi? Ullakan ýurduň paýtagty Moskwa ýaly şäherden iki sany dermany tapmadym diýeýinmi? Bolmaz, han, bolmaz. Sen ýadan bolsaň hasaplaşaly, biz başga maşyn tutaýarys. Ýadan bolsaň, Saparmyrat jan, senem wokzala ugradaýyn takys bile...
Saparmyrat başyny ýaýkap, taksiçä gözlemelidigini, tapmalydygyny aýtdy, Beghan aga haşlap dem aldy, maşyn ýene ýola düşdi...
Ýeňil oglan hökmünde her gezek diýen ýaly, Saparmyrat maşyndan düşüp, dermanhana baryp soraýardy, soňabaka ýalbaryp hem ugrady, emma peýdasy ýokdy. Derman tapylmaýardy. Ol her gezek dermanhanadan çykansoň, Beghan aganyň ýüzüne bakmagy gaty ýokuş görýärdi. Beghan aga bolsa Saparmyrat gapydan çykan badyna, işiň bitmändigini sözsüz aňýardy.
Ara uzak dymyşlyk düşdi. Beghan aga Saparmyrada:
– Inim, men şu dermanyň tapylmaýanyny hem gowulyga ýorýan. Şol saňa duşan ýerimdäki dermanhanada ýok eken weli, göwnüme dessine şu pikir geldi. Derman kynlyk bilen tapylsa, hassa aňsatlyk bilen gutular! – Bu Beghan aganyň ynamydy. Derman hassa em bolmalydy. – Inim, gadym zamanlar haja gider ekenler, özlerem ýolda näçe jebri-jepany köp çekip, köp görgi görseler, şonça-da hajlarynyň kabul boljakdygyna ynanypdyrlar – diýip, Beghan aga soňundan öz filosofiki pikirlerini orsça öwrüp, taksiçä aýdyp berdi. Ahyry hem – Ýokardaky görüp oturandyr, synlap oturandyr. Ol biziň yhlasymyz üçribem, keselli bendä rehim-şepagatly nazaryny aýlar. Derman melhem bolýan däldir, melhem seniň, meniň, onuň ylhasydyr – diýip, ol sözüni tamamlady...
Dermanhana yzyna dermanhana görüldi, ahyry...
3.
Haýran galaýmaly köçedi, hamana Moskwanyň köçesi däl ýalydy... Maşyn ýok diýen ýalydy, özem bir taraply köçe. Ýoluň iki gyrasyna ýaşyl gyrymsy daragt ekilip, kemsiz çyrpylyp bezelipdi. Birden gapdaldan çykan tigirli adam göründi. Taksiçi bar güýji bilen tormoza mündi! Tormozyň eýmenç sesi hamana elhenç tyg ýaly bolup, ýüreklerden geçip gitdi. «Wolga» maşynynyň öň aýnasy durşuna gyzyl reňke boýaldy. Ilkinji bolup özüni ele alyp ýetişen Saparmyrat gapydan atylyp çykdy, seretse, hanha bir adam gaçyp barýar, tigriň aşagyna seretse, hiç kim ýok. Tigir gapdala zyňlypdyr. Beghan aga hem çykyp ylgady, gaçyp barýan hem özüni ele alyp, yzyna gaýtdy:
– Men günäkär, men... men...
Beghan kapotyň üstüne barmagyny batyryp, ilki ysgap gördi, soňam ýalap, birden ha-ha-haýlap heziller edip güldi:
– Tamatlaý!..
Tigirli adam hem düşündi. «Tomat, tomat» diýip gaýtalap sürüjiniň ýanyna bardy:
– Bagyşla... gorkma, maňa hiç zat bolanok!..
Sürüji gara suw bolup derläpdir, aýaklary, elleri, tutuş göwresi saňňyldap dur. Tigirli ýene ötünç sorap, maňa hiç zat bolanok diýdi. Sürüji:
– A maňa näme bolanyny bilýärmiň?!
Haýran galaýmaly bir ýagdaý bardyr. Adam üýşürjek bolsaň, ýolda durup maşynyň kapotyny açaýmalydyr. Awariýa dagy bolaýsa, bar onsoň, duran ýeriň jygyllyga döner...
Adamlar motorly welosipedi synlap, başyny ýaýkaýarlar, oňa-da hiç zat bolmandyr. Gülüşýärdiler, diňe sürüjiniň gülmäge mejaly bolman, birsyhly başyny ýaýkaýardy.
4.
Saparmyradyň ýüregi atygsaýardy. Ol häzir türkmenlere duşmalydy...
Kazan wokzalyna «Moskwa – Aşgabat» derhal otlusy gidýärdi.
Näme diýip Aşgabat wokzalyndan däl! Million-million tonna «gara altyn», «ak altyn», «mawy altyn» tabşyryp duran türkmeniň, Hindistanda öz derwezesini guran türkmeniň hatyrasyna bir wokzala adyny goýup bolmaýarmy?
Saparmyrat häzir garyndaşlaryna, gaty köp garyndaşlaryna duşmaly: her egninde adam oturybermeli, gara gözlerinden türkmen mähri, türkmen gory dökülip duran salyhatly kişä, türkmen çöregi ýaly kalbyňy dokundyryp duran mährem türkmen enesine, dünýäniň geçmişine, geljegine akyl ýetiren döşüne ak tüý biten türkmen gojasyna, mazy ýaly yslyja posalajyk türkmen çagasyna duşmaly!
Bardyr, gün ýaly nurana ildeşleri bardyr!
Bardyr, gül ýaly bir menzilden hoşboý ysyna melul edýän jüm-jüme gyzlar bardyr!
Bardyr, türkmen gawuny ýaly, gürrüňi datly, göwni päkize adamlar bardyr!
Bardyr, görseň eje diýesiň gelip duran mähriban aýallar bardyr!
Doganyň ýok bolsa, doganoglanyň bardyr, doganoglanyň ýok bolsa, dolananyň bardyr, dolananyň ýok bolsa, babadaşyň bardyr, babadaşyň ýok bolsa, obadaşyň bardyr diýýändir türkmen.
Beghan aga rast aýdýar, ýat ilde türkmen görseň, dogan-garyndaşyňy gören ýaly bolýarsyň!..
Beghan aga rast aýdýar, ýat ilde türkmen görseň, hut dogan-garyndaşyny, dost-ýaryňy gören ýaly bolýarsyň!
Türkmeniň içinde ýaşap ýörkäň näme diýip her bir türkmeni göreniňde doganyňy gören ýaly bolmaly däl!..
Saparmyrat agyr oýa batdy, onuň gözüniň öňüne ojarlary-sazaklary tokaý bolup oturan Garagum geldi...
Garagum geçmişden geljege barýan müň bir düýeli, inerli-maýaly, hatarly, tirkeşli kerwen...
Saparmyradyň ylhamy joşup, göwün guşy göterilip, setir yzyna setir döredi. Emma ol, käbir süwümsiz şahyrlaryň edişi ýaly, depder-galamyna ýapyşmady. Aňynda dörän setirleri aňynda berkitdi. Soň ol ýolda hiç kim ýok mahaly bu şygry gündeligine göçürip, depesine «Garagum» diýip at goýar.
GARAGUM
Çille dolar, kükräp-kükräp ýaz geler,
Nowruzyňda togsan tamam, Garagum.
Durna däldir, Gökden guruk ýaý geler,
Ol ata-babamdan salam – Garagum.
Tozdurdym men sende çaryk-çokaýym,
Paý-pyýada gezip ojar tokaýyň.
Owsaryň ber, kerweniňi çekeýin,
Özgermişdir köne zaman, Garagum.
Gökde – bulut, ýerde baran gezendir,
Owsunjy selinleň zülpün ezendir.
Hol näz edýän gyzkamatly sözendir,
Gören gözelligňe haýran, Garagum.
Çöl däldir, çaýkanyp ýatan ummandyr,
Däli ýele owsun urup durýandyr.
Oguz han kowmuna ýalňyz dermandyr
Üç aý sende däli seýran, Garagum.
Çöküp otyr süri-süri düýeler,
Her birisi çölde gurlan öý olar.
Çapar deý alakjap gelýän tüweleý,
Bir pursatda dünýä ýaýrar, Garagum.
Böreň-böreň kak suwunda düýş görýä,
Bölek-bölek bulut-dowarlar barýa.
Goýnunda tolkunyp tereň bir derýa,
Syrylýar üstüňden duman, Garagum.
Sen asmanyň halatysyň, halysyň,
Yrsgal-bereketsiň, maňyz-manysyň.
Türkmeniň egsilmez desterhanysyň
Naz-u-nygmatyňa haýran, Garagum.
5.
Wokzal...
Duşuşyklaryň hem aýraçylyklaryň, wysalyň hem hijranyň simwoly...
Wokzala geleniňizde hem begenersiňiz, wokzaldan gideniňizde hem...
Ýaşaýyş – älem möçberinde pikir kylsaň, diňe wokzal, wokzal...
Saparmyrat ýokarky pikirleri beýnisinde aýlap, ilki wokzal bilen hyýalynda duşuşdy. Entek görmedik wokzaly bilen...
Ol bu duşuşyga köp garaşypdy, Alla bilsin alty aýmy, bir ýylmy? «Ýurt gadyryny şalar bilmez, ýurtdan ýurda aşmagynça» diýip, aýdylmaýarmy näme? Ýurduň gadyryny bilmek üçin ýurduňdan jyda düşüp görmek gerek.
Ony Saparmyrat gördi. Öz egni bilen çekip gördi, öz jigerini ýakyp gördi.
Serediň, Adam!
Onuň daşynda geýim-gejimi bar, onuň daşynda doganlary, ene-atasy bar, onuň daşynda dogan-garyndaşlary bar, onuň daşynda oba-garasy bar, onuň daşynda ýurdy bar. Ählisiniň içinden iň buky ýerde bolsa, adamyň jany, ruhy ýerleşýär, gaty çuňda. Gaty çuňda ýerleşendigine garamazdan, ol bilýär, dessine bilýär, daşyndaky bir halka aýryldygy bilýär. Saparmyrat muny öz başyndan geçirip duýdy, ol beýik hasratdy, uly hasratdy, örtäp, ýakyp-ýandyryp barýan hasratdy. Şol hasratlary ýeňmek üçin bolsa ol öz içine çuňlaşdy, ol kitaphanada kitap baryny dörüp, oguz taryhyndan tä Köneürgenç şalarynyň taryhyna çenli okap-okap hyýalynda ýitigini döretdi.
Türkmenistan onuň hyýalynda ýaşaýar.
Bir Türkmenistan däl, iki Türkmenistan!
Oguzlar uka kiçijik ölüm diýipdirler, eý görýän maly ölse, talaňa düşse – kiçijik hasrat çekipdirler. Ynha, häzir Saparmyrat kiçijik Türkmenistan bilen duşuşýar. Dört-bäş müň kilometr hem bir ýyl mundan aňyrda galan Türkmenistan bilen! Ol bu duşuşyga gaty köp garaşdy. Ilkinji duşuşyk şowly boldy. Beghan aga bilen duşuşyk ony begendirdi. Beghan aga, meger, gowy adamdyr. Hawa-la, onuň gowudygyny aňmak üçin aýratyn bir üşük gerek däl: sebäp onuň ýüregi, niýeti dilinde, ýüzünde. Her hili adam bolýar, käbir adam edil ýapyk kitap ýalydyr, asyl okap bilmersiň, käbir adamyň bolsa içki dünýäsi dilinde bolýar. Beghan aga hem içki dünýäsi dilindäki adamlaryň hilinden. Saparmyrat Beghan agada käbir kemçilikleri hem gördi, birinjisi, Beghan aga onuň hyýalynda döreden Türkmenistanynyň adamlaryna çalym etse-de, edil ol ýurduň adamy däldi. Ikinjiden, Beghan aga islendik mesele babatda pelsepe otarýardy, özem daşyndan. Beghan aga ýaly adamlara primitiw akylly adam diýilýär ylymda...
Ol perrona çykaýan ýerinde – sag tarapda ilkinji türkmeni gördi. Dört-bäş sany çemodan, maýdaly-uşakly el goşlary... Ol maşgalasy bilen gelen bolmaly. Goşlarynyň arasynda aňyrrak çekilip kellesini gaýşardybrak durşy, hamana, ony Allatagala edil şumat ýaradypdyr, özem anha ýaşamaly dünýäň-ä şol, isleseň ýere ibereli diýipdir, ol bolsa Taňrynyň ýaradan ýerine-de, adamlaryna-da göwni ýetmän duran ýalydy. Ol daýawdy, epeýdi, arkasynda gowşuran golunda şlýapasy bardy. Saparmyrat ony gözasty synlady-da, geçiberdi, çünki oňa salam berseň, alaryndan almazy ýakyndy. Salamyň aýak astyna gaçjakdy...
Herhal, Saparmyrat baş atdy, epeý adam görmedi!..
Elbetde, ol görmelem däldi, çünki ol Ýaradanyň ýanynda durdy, asmanda, ýedi gat asmanda durdy ahyry. Onsoň ol aşakdaky – zemindäki Ýaradanyň bendelerini nädip görsün?!
Ol epeý adamy başdan-aýaga göz astyndan synlap, ony öz hakydasynda döreden Türkmenistanynyň bir adamyna, haýsydyr bir taryhy şahsa meňzetjek boldy, bolmady. Ol taryhy şahslaryň hiç birine-de meňzemeýärdi, belki, beýle sypatly adamlary taryh alyp galýan hem däldir, beýle tumakly kişilere Hudaý taryh etdirýänem däldir...
Saparmyrat birden tisginip gitdi...
Ol öz ýanyndan öz ýalňyşyny duýdy...
Onuň hakydasynda ýaşaýan türkmenlerem, Türkmenistanam, hiç bolman, mundan müň ýyla golaý aňyrda ýatyr ahyry... Bu adamlar, hiç bolman, alty-ýedi asyryň jebrini çekip, beýik türkmeniň synyşyny görüp, ençeme asyrlap söweşip, göreşip, ahyry hem kişiniň holtumyna düşüp, kynam bolsa, gününe razy bolan türkmenlerdi ahyry...
Saparmyrat ýüreginiň gyýlyp, kalbynyň lerzana gelenini duýdy. Ol dessine gatbar-gatbar taryhyň gatlagyndan çykyp, perronyň basgançaklaryna däl-de, asyrlara dyrmaşyp, otla münülýän ýere golaýlamaga gyssandy.
Taryh, sen gal, gal, Saparmyrat real Türkmenistana barýar!
Hakyda, sen bir meýdan dynjyňy al, Saparmyrat sende ýaşamagyny birdem bes edip, hakyky ýurdunda ýaşamaga barýar!..
6.
Kazan wokzalynda märeke azdy, emma Moskwanyň ölçegi bilen ölçelende azdy. Saparmyrady adamlaryň azlygy däl-de, ony tisgindiren başga bir zat boldy. Diňe Saparmyradyň däl, hemmäniň gözi şondady.
Başy şar gara, buýralary seçelenip duran silkmeli, egni gyrmyzy donly, aýagy gonjy dyzyndan ötüp duran şar gara ädikli pyýada, gapdalynda gynly gylyjy, hamana başga planetadan gelen ýaly bolup, her ýerden bir dogumly basyp, öz peýwagtyna iki tarapa aýlanýar. Ol, hamana, bir süri gulanyň içinde bedew at ýaly, towuk ýatagynda toklutaý ýaly bolup, gözleriň endik etmedik görnüşinde gözüňe sanjylyp dur. Bir syýny bilindäki zerrin guşagyna gysdyrylypdyr. Ol Saparmyrada on dokuzynjy asyrdan ýigriminji asyryň ikinji ýarymyna atylan adam ýaly bolup göründi.
– Hakyky türkmen! – diýip, Saparmyrat içinden dillendi.
Moskwanyň ilaty hakyky türkmeni synlaýardy. Hüňkar patyşanyň teklibi bilen baranynda Görogly begi goşunyň synlaýşy ýaly, arkaýyn synlaýardy. Saparmyrat hem ony içgin synlady, agyr gabaklaryna, boldumly murtlaryna, çapgy agajy ýaly boýnuna, her egninde bir adam oturybermeli gerdenlerine syn etdi. Saparmyrat içinden «artistdir» diýip pikir etdi. Emma artistiň perronda beýdip ýörmesi nämäniň alamatyka diýip, Saparmyrat içinden pikir öwürdi. Şol pursat Saparmyradyň ýadyna okan kitaplaryndan bir waka düşdi.
Alymlaryň aýdyşyna görä, taryh gaýtalanýar, ir gaýtalanýar, giç gaýtalanýar, garaz, spiral şekilde, hyr şekilde gaýtalanýar.
Sekizinji asyryň başynda yslam dini, yslam taglymaty bilen ýaraglanan araplar türkmen topragyna ýöriş edip, yslamy ornaşdyryp başladylar. Güýjem ulanyldy, zorlugam, gyrgynçylygam boldy. Täze, ynsanperwer dini meýletinlik bilen kabul edenlerem boldy.
Allatagala käýarym durmuşy başga bir akaba salyp goýberýär. Allatagala istese, oňa päsgel bolmaýar. Ýogsa, heý, ömrüni at üstünde gylyç oýnap, bedew seýisläp, ok atyp, gönder urup, gürzi atyp ýören türkmeni düýeli araplar basyp alyp biljekmi? Düýe janawar herki zada bolýandyr, emma söweşe bolmaýar... Araplaryň bolsa halan maly hemem bar maly düýe... Baryp-ha, Muhammet pygamber mekgeli ildeşleri bilen söweşmeli bolanynda, pygamberiň goşunynda atly goşun hem ýokdy, Abu Sufýanyň ýolbaşçylygynda Medinä gelýän mekgelileriň goşunynda bolsa bary-ýogy üç ýüz atly goşuny bardy. Üç ýüz atly! Pygamberimiz atly goşuny bolmanyndan soň, goranyşa geçmegi karar edipdir...
Yslamyň tugy dünýäniň köp ýurtlarynda pasyrdaýar...
Bir asyr geçip-geçmänem arap atlary diýen düşünje döreýär.
Dünýä arap atlarynyň hyrydary bolýar.
Hany, indi araplaryň şol atlary türkmenlerden alyp gidendigini nädip subut edersiň?!. Beýik ideologiýany getiren araplar türkmen topragyndan yzyna olja hökmünde türkmen bedewlerini äkidäýmeli, çünki olar bütin dünýä yslam dini ýaýratmak ideýasy bilen başagaý. Ol ideýa Allanyň pikiri bolanda-da, ony söweşsiz kabul edäýenoklar. Diýmek, olara ýylboýy seýislenip ýörlen türkmen bedewleri zerur. Emma, indi ençeme asyr geçeninden soň, arap atlarynyň aňyrsynda türkmen bedewi ýatyr diýip subut edip bilseň, et-dä!
Gaýta arap atlarynyň şan-şöhraty türkmen rowaýatlaryna, dessanlaryna hem girip gidipdir...
Hawa, taryh hyr boýunça ösýär hem gaýtalanýar. Sekizinji asyryň başynda ummanyň owsuny, deňziň tolkuny ýaly bolup gelen arap basybalyjylykly söweşiniň daşgyny üç asyrdan soň yzyna gaýdyp bardy. Türkmen begi, soltan Togrul beg goşun çekip arap ýurtlaryna doldy, ol ýöne basybalyjy bolup girmändi, ýok, ol külli musulmanyň halyfynyň gyssagly çakylygy bilen barypdy. Ol waka Saparmyradyň ýadyna jikme-jikligi bilen düşdi.
1058-nji ýylyň ýedinji dekabrynda buweýhi serkerdesi, patmaçylaryň goşunynyň goşunbaşlygy Bagdada girýär, sünni halyfy al-Kaýym paýtagtdan Hadysat Ana, ondanam Anbara gaçýar. Buweýhi goşunyň serkerdesi al-Besasyry tutuş halyfaty, tagty-täji Kahyra geçirýär. Halyf al-Kaýym türkmen soltanyna ýüz tutýar. Türkmen soltany Togrul beg sanalgy goşun bilen Kufanyň ýanynda al-Besasyrynyň goşunyny kül-peýekun edip, halyflygyň täji-tagtyny ýaňadan Bagdada geçirip, al-Kaýyma tagtyny gaýtaryp berýär. Üstesine-de, oňa topalaňçy Besasyrynyň kellesini sowgat edýär.
Halyf al-Kaýym onuň hormatyny-sylagyny ýetirýär: Halyflykda ony Magrybyň hem Maşrygyň soltany diýip yglan edip, iki sany gylyjy dakýar. Ýedi yklymyň soltanlygynyň alamaty hökmünde ýedi sany don geýdirýär. Öz gyzyny berýär. Togrul beg hem öz gezeginde oňa uýasyny durmuşa çykarýar. Bagdada türkmenler dolýar...
«Her bir daşgynyň gaýtgyny hem bolýandyr» diýip, Saparmyrat oýlandy-da, halyfa durmuşa çykarylan gyzyň täleýini öwrenmeli diýip, öz ýanyndan belledi.
Ynha, Moskwada epeý türkmen, pajygaly söweşde syndyrylan türkmen! Hakyky milli geýim-gejiminde!.. Orslaryň basyp almagy bilen bolsa, türkmen ýuwaş-ýuwaş geýim-gejimini başgalap başlady. Hawa-da, atdan düşürileniňden soň nähili eşik geýeniňde näme!.. Türkmen bolsa atdan düşürildi!.. Bu gün türkmen öz milli eşigini geýse, ähli kişi geňleýär, asyl türkmeniň özem geňleýär, ony artistdir öýdýär.
Saparmyradyň artist diýip çaklan epeý türkmeni perrondaky tutuş ilatdan hiç bolman iki garyş beýikdi. Göz-görtele hemmeden uzyn, göz-görtele hemmeden peşeneli, göz-görtele hemmeden epeý. Şol sebäplem, perrondakylar ony durup-durup synlaýarlar, käbiri ýörite saklanyp gürleşýär.
Niredendir bir ýerden milisiýa işgäri peýda boldy, olar mylakatly gürleşdiler. Epeý türkmen ýylgyryp, oňa dokumentlerini görkezdi. Milisioner onuň hat-petegini synlap, ýylgyryp, öz ugruna gitdi. Aňyrdan gülşüp, birek-biregiň golundan tutup gelýän üç sany ýetişen rus gyzy gelşine, epeý türkmen bilen el uzadyp salamlaşdylar. Epeý türkmen hoş söz diýen bolmaly, olar jak-jaklaşyp gülüşdiler. Epeý türkmen başyndaky silkmesini çykaryp berdi, gyzlar ýeke-ýeke ony eline alyp, synladylar. Olaryň biri telpegi geýip hem görmekçi boldy, emma epeý türkmen garşylyk görkezip, sag golunyň süýem barmagyny uzadyp:
– Bolmaýar! – diýip, goluny iki ýana yrady. Soňra ol telpegini yzyna alyp, sag goluna geýdirip, şeýle owadan silkeledi. Silkmäniň burumlary seçelenip, Saparmyradyň ýadyndan çykan gözelligini ýadyna saldy.
Saparmyrat olara golaý süýşüpdi, indi olaryň gürrüňi eşidilýärdi. Gyzlaryň biri:
– Näme diýip türkmeniň telpegini geýmek bolmaýar!..
Epeý türkmen ýene olary geň galdyrdy:
– Geýmek bolýar, ýöne ilki eýesini öldürmeli!..
– Eý, toba!.. – diýip, gyzlaryň biri agzyny tutup dillendi.
Epeý türkmen:
– Türkmen başyny keramatly hasap edýär, onsoň onuň telpegem keramatly bolýar...
Otlynyň ýola düşmegine wagt az galypdy. Her kim wagonly wagonynyň agzyna baryp, sabyrsyzlyk bilen otlynyň ugraryna garaşýardy. Diktor otlynyň ugraýandygyny habar berdi.
Aňyrdan ýortmança ogly bilen gyzynyň golundan tutup gelýän general gyssanýardy, emma barybir onuň bilesigeliji çagalary generaly hem epeý türkmeniň ýanyna sowdy. General:
– Hä, basmaç!.. Türkmen?.. Gör, niçik gözellik!.. Gör, niçik görmegeý jigit! – diýip, el uzadyp salamlaşdy. Oguljygy hem salamlaşdy.
Generalyň gyssanýany çynydy, belki, ol wagonyna howlugýandyr, belki, myhman ugradyp, yzyna barşydyr. Alla bilsin, ýöne gyssanýandygy weli bildirip durdy:
– Tapdyň mylakatly adamy! Basmaç ol, sen olaryň goluna bir düş!.. Olar bilýärmiň, amerikan indeýleri ýaly, özlerem bu dünýä at münüp, söweş etmek üçin gelipdirler... Başga zady bilmeýärler:
– Kaka, beý diýmesene... Sen mundan otuz ýyl ozal basmaç görüpsiň-de, şu wagtam...
– Heý, oglum, sada bolýaň... Garagumuň jümmüşinde şu wagtam dokumentsiz-zatsyz – hökümetiň hiç bir sanawyna girmän ýören basmaçylaryň gaty kändigine ynanýaryn... Bular bilen sosializmi gurup bolmaz!.. Bular bilen diňe söweşe git, diňe söweşe!.. Söweş üçin dörän kişiler!..
Epeý kişi haly horjunyny göterip, Beghan aganyň wagonyna mündi, ol pyşyrdap:
– «Hoş gal, Moskwa!» – diýdi. Beghan aga iş geýmine girip, baýdajygyny tutup, wagonyň agzynda durdy...
(Romanyñ doly nusgasy saýtyñ kitaphanasynda goýuldy).
Romanlar