23:31 ”Öweý” ene / hekaýa | |
"ÖWEÝ" ENE
Hekaýalar
“Azym agaň ejesi dünýeden gaýdypdyr” diýen habar oba Gün dogan badyna ýaýrady. Ol indi ikinji ejesini bakyýa ugradýar. Azymyň iki ejesiniň barlygyndan obaň adamlarynyň aglabasynyň habary hem ýokdur. Hawa, onuň iki ejesi bar: ilkinjisi—dogran we süýt emdiren käbesi. Käbesi çala ýadyna düşýär: bäş-alty Azymjyk daşarda oýnap ýörkä, ejesiniň dogany Aýnabat daýza: —Azym jan, ýör oglum, ejeň bilen hoşlaşaly! —diýip, elinden tutup, öýe girenlerinde, ýorgan-düşekli ýatan hassa ejesi öňküden has horlanypdyr, solak ýüzüniň nury gaçypdyr, seýreklän saçyna ak sepeläpdir. Ejesi ysgynsyz sesi bilen: —Azym jan menden razy bol oglum, men gitmeli boldum...— diýip, guran eli bilen çöküne düşüp oturan Azymyň başyny sypajak bolup synanyşdy, mejalsyz elini göterip bilmänem, oglunyň dyzyna goýdy. “Nirä gitmeli? Näme üçin gitmeli” diýip, öz-özüne jogapsyz sowallary berýän ümedüşmez çaganyň hakydasynda galan iň soňky ýatlama, hanalary içine çöküp giden öçügsi, seýrek gyrpýan ejesiniň gözleri boldy... Aradan birki ýyl geçensoň, kakasy öýe ikinji ejesini getirdi. Owsaýy adamlar ilkibaşda Halmyradyň ojagyna giren täze aýaly—Maýagözel gelnejäni rehimsiz bir, betha-betlagam aýaldyr öýdüpdiler. Hawa-da, “öweý”, “gelmişek” gara ýakynam bolaýgyç. Maýagözel gelneje oba gelen gününden, ömrüniň ahyryna çenli ýaşmagyny aýyrmady—ne gybata goşuldy, ne hileli, bolgusyz gep-gürrüňlere gulak gabartdy. Ýöne, bu täsin aýal märekede kän gürlemese-de, saldamly, maňyzly sözlerini ilki beýnisinde mazaly bişirip, soň söýlärdi. Golaý-goltumyň aýallary onuň bu töwra häsiýetini ilkibada geňirgeselerem, soňa-baka öwrenişip gitdiler. Bu kän geplemezek aýal paýhasyna eýerip köpçülikde dymsa-da, öýüne girenden kalbynyň örküni çözüp, ýürejigindäki gaýnap duran mähir-muhabbetini Halmyrat bilen çagalaryna siňdirerdi. Maýagözeliň ojagy elmydama ala-ýazdy. Onuň mähir gazany elmydama gaýnap, joşup durandyr. Hatda, agyr hassa halda ýatyrka-da, onuň saglygyny soramaga gelen aýallaryň içinden biri-ýarymy şumjaraýsa, göwünlik berip, köşeşdirer. Azym bu hamrak aýala örän tiz ysnyşdy, birnäçe günden “eje” diýip başlady, öz bagryndan önmedigem bolsa, Aýnagözel oňa “Azymjan”, “gerçegim”, “ballym” diýip, ýüzlenerdi. Maýagözel Halmyrada dört gyz dogrup berdi. Gyz jigilerem dil biten badyna, ejelerine eýerip, “Azymjan” diýip ýüzlendiler, arkasynda dag bar ýaly duýdylar. Maýagözel nahar äberende ilki bilen etlije omaçany Azymyň okarasyna salar, soň adamsyna guýar: —Al, oglum, noş bolsun!—diýer. Basdaşja gyzlarynyň biri: “Eje, maňa-da Azyymňky ýaly ýilikli süňk beräý!” diýäýse,—Goýaweri, aýp bolar, erkek aadamlar köp iýmeli ahyryn!—diýip, “dawagäri” köşeşdirer. Ir bilen mekdebe gitmänkä bolsa Azymyň ertirligi—kiçiräk çäýnege demlenen çaýyň gapdalynda ýarty şakäse, agşam bişirilen süýdüň gaýmagy taýyn durandyr. Gaýmagy Azymyň özi rugsat bermese, hiç kimiň ellemäge haky ýokdur. Azym aga ejesiniň ýedisiniň aşyny berip otyrka çagalyk we ýaşlyk ýyllarynyň ýatlamalary gözüniň öňünden parça-parça bolup geçip başlady. Ýedi-sekiz ýaşyndadyr-da, ejesi bilen eşegiň her bykynyna elli litrlik flýagany berkidip, gaýradaky ýansalamň dury ýerinden susup alyp, suw daşardylar. Eşek janawer ýegşerilip gerşindäki harwardan çaltrak dynjak bolup, gaýdyşyn badyny barha tizlendirip başlar, Azym zol ylgap eşeginiň öňüne geçip onuň badyny haýalladar, öňünden päsgelçilik aýrylan badyna, Begdir “dikgirdisini” ýene güýçlendirer, öýüne gelensoň, eýesiniň tä “Begdir çök!” diýýänçä gulaklaryny sallap durandyr. Soň-a kakasy howludan howuzam saldy-la. Şonda-da Begdir bilen Azymyň işi azalmady: araba bilen ot daşamaly, ýa magazinden un, ýag getirmeli. Agşamlaryna bolsa mekdepden öýe berlen ýumuşlary özleşdirmeli. Matematikadan, fizikadan öýe berlen işleri ejesi Azymdan öň çözüşdirip oturandyr: “Azym jan, işlän bolsaň, getir deňeşdirip göreli!” diýer, soňundanam: “Wah, biz döwürde obamyzyň mekdebi ýediýyllyk bolansoň, bilimimi ösdürip bilmedim-dä. Ejem pahyr: “Bor-la, şu sowadyňam saňa ýeterlik, gyz maşgala artyk ylym zerur däl” diýerdi” diýip, soň Azyma öz çagalyk döwründen gürrüň bererdi. Iň soňunda bolsa ejesiniň jigilerine aýdyp berýän ertekilerini ahyryna çenli diňläp bilmän uklap galýardy. On üç-on dört ýaşlarynda bolmagy mümkin. Tötänden, Azym ejesi bilen kakasynyň özara gürrüňlerini eşitdi: “Halmyat jan! Şeýle bir gowrulan balyk iýesim gelýänini sen bir bilsediň! Balyk getirip beräý-dä!” diýip, ejesi ýalbarýar, kakasy oňa: “Hany, siziň özüňiz diýäňiz-ä: “balyk iýseň, çagaň agzy balygyňky ýaly uly bolýamyşyn” diýip. “Biz, aýallardyrys-da, biziň her bir gepimize gulak gabardyp ýörmezler. Häzir şäheriň bazaryna gitseň ýokmuka!?” diýip, ejesi özelenýär. Kakasy ertiriň özünde täzeje balygyň ugruna çykjakdygyna wada berýär. Azym eglenmän Begdiri gaňňalap, ýitije oragyny gaňňaň gyrasyna gysdyryp, Sähet dosty bilen artlaşyp, ilerden akýan eneýabyň gyrasyny syryp, Gün ikindiden agyp, aşak sallanyp başlanda, obaň ekabyrrak oglanlarynyň balyk tutýan ýerine ýetdiler. Oglanlar eşegi duşaklap, haýal etmän, gulpaklamaga ýetişen uzyn gamyşlary ýatyryp başladylar, ýygylan gamyş desselerini ýabyň içine keseligine basdylar. Gamyşly böwediň öňi çişip başlansoň, onuň yzyndan on ädim ätläp, ikinji böwedi hem ýasadylar. Indi balyk birinji päsgelçilikden böküp geçäýende-de, ikinji gamyşly berkitmäň öňüne baryp säginäýmelidi. Azym suwuň akymy bilen ýüzüp gelşine aýasyny güberdip suwyň ýüzüne urup, “pakgyldadýar”, Sähet bolsa birinji desgaň ýeňse tarapynda duran ýerinden gamyşlaň arasyna elini sokup: “Eý, ynha ýene bir teňňe, ýene bir lakga!” eline ilenini raýyşdan aňryk zyňyp dur. Bularyň awy oňdy: bir sagadyň içinde ululy-kiçili on-on bäş balygy tutup, çygly haltaň içine saldylar-da, gaňňa ýüklediler. Olar öýlerine ýetiberenlerinde, Gün ýaşyp garaňky düşüpdi. Garaňky gatlyşaly bäri ogluny idäp ýola çykan ejesi, ilerden eşek idip gelýän oglanjyklaryň biriniň Azymdygyny tanap, rahatlandy. Olar ýakynyna gelýänçä howsalasy hem ýazlyşdy: “Bular ýaly eglenjek bolsaňyz, duýduraýmaly ekeniň, oglum” diýdi. Azym şol döwürde toýly ejesiniň aş saýlandygyna soň-soňlar düşünipdi. Azymyň we jigileriniň ömür ýatlaryndan çykmajak bir şatlykly waka bolupdy. Urşuň1) gutaranyna ýedi-sekiz ýyl geçendir. Kakasynyň agasy oglyny öýerýärdi. O zamanda, gelni kejebeli getirmek, atly gelnalyja gidilişik galyberipdi. Her kim gelnini indi “lökgeli” 2) getirýärdi. Gelnalja gidýän lökgäň yzyna dört-bäş sany atly paýtun düzülip, ýaşulylaryň “Ak ýol bolsun!” akpatasyna garaşyp durdylar. Birdenkä, obaň çetinden “Haý, maňa-da garaşaweriň!” diýýän ýaly, “düýdüldedip”, mele “Pobeda” 3) süýnüp gelýär. Böwrüne gara-ak reňkli küşt öýjükleri çekilen maşyn togtan badyna, şofýoryň gabat garşysyndaky gapydan kakasy çykdy. Ol gelnalja gidýänlere çörek dadyryp ýören aýalyna gygyrdy: —Maýagözel, çagalarňy al-da, çaltrak müniň maşyna! Garaşylmadyk çakylyga aňk-taňk bolan, Maýagözel, duran ýerinde doňup galdy. Ol ýaşmagynyň aşagyndan bir zatlar diýjek bolup, elindäki çöregi görkezip, aljyrady, soň özüni dürsedi-de, çöregi ýanyndaky geline tutdyryp, öýe ylgady. Azym ýoldaşlary bilen ýalpyldap duran maşynyň daşyndan aýlandylar-da, ony synlamaga durdylar. Onýança maşynyň yzky oturgyjyna gyzlary bilen ornaşan ejesiniň: —Azym jan, sen öňüne geçip oturaý!—diýen sesini eşitdi. Azym soragly nazaryny kaksyna öwürende, Halmyart: —Bar, oglum, ejeň bilen jigileňňi gelnalja äkidip-getir! Sag-aman gidip-geliň! Ýoluňyz ak bolsun!—diýende, ol böküp diýen ýaly şofýoryň gapdalyndaky oturgyja gondy. Şol gün Azymyň kakasyna bolan buýsanjy ýene bir gez artdy. Ana indi, kakasam ýok, ejesem. Söýgetiňden, ýardamyňdan mahrum bolup, pany dünýäň çola ýerinde ýalňyz galan ýaly. Orta ýaşdan geçeňsoňam ýetimligňi duýýan ekeniň. Azym aga başyndan geçen ýatlamalara gümra bolup oturka, öýüň içinde, aýal doganlarynyň oturan jaýynda merhum ejesiniň terekesini çözýärdiler. Oňa habar ýetirmek üçin körpe jigisi ýerinden turanda, Maýagözel gelnejäň emläginiň terekesini çözmekligi ynanylan Gurbannazar molla: —Jigim, hany, entek gyssanma! Agaňyzy zerurlyk çyksa çagyraýarys—diýip, düzgün boýunça merhumyň emlägi ýanýoldaşy bar bolsa, ilki şonuň paýyny bölüp aýyryp, galanyny çagalaryna paýlanylýandygyny we edil şu ýagdaýda, ýagny kakalarynyň dünýeden ötüp gidenligi sebäpli, ejesiniň emlägine mirasdüşer hökmünde gyzlaryň dördüsiniň hem deň haklydygyny düşündirdi. Şonuň üçin ejeleriniň maly-mülküne, jaýyna, öý goşlaryna baha kesilip, dörde bölünýändigini yglan etdi. Azym agaň uýalarynyň ekabyrragy seslendi: —Gurbannazar aga, Azym jany ýatdan çykardyňyzmy? —Wah, keýigim, men siziň ýürejigiňizi diňläp otyryn. Azymyň nä derejede size ýakyndygyna-da düşünýän, mirasdüşerler bir eneden, bir atadan doglan—ganybir dogan bolmaly... Ara agyr dymyşlyk aralaşdy. Aýallaryň biri hamsygyp aglamaga başlady, onuň ýanyndaky hem durup bilmän şumjardy. Şerigatyň kadasyny doly berjaý eden Gurbannazar molla işiň tamamlanandygyny yglan edýän hökmünde doga okady. Uzadylan düwünçege eliniň aýalaryny degirip: “Kabul edip aldym, özüňize bagş edýän!” diýip, yzyna gaýtardy. Azym aga Gurbannazar mollaň ejesiniň terekesini çözenligindenem, doganlarynyň özüne düşýän paýlaryny gerçek agasyna bagyş edenliklerindenem bihabardy. Ol bagtyýar durmuşyna şükür edip, ejesi- kakasy, uýalary bilen bileje ýaşan şatlykly günlerini ýatlap otyrdy. 1) 1941-1945-nji ýyllayň Beýik Watançylyk urşy. 2) Lökge—ýeňil awtoulag. “Pobeda” 3) –ýeňil awtoulaglaryň bir kysymy [size=15] Kakajan Balkanow 2020 ý. | |
|
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |