16:02 Özüm näme... / hekaýa | |
ÖZÜM NÄME...
Hekaýalar
Kireýçi sürüji, şu güzerandakylaň aglaba köpüsine mahsuslykda, zeýrenç gatyşykly gargynmaga başlady. -Gutar-da, bi sammyk adamlar, tüken-dä, ýer bilen ýegsan bol-da. Magtymguly pahyr ýüz ýyl mundan owal aýdyp geçipdir-ä, “syýyndan aslyşara-da “men” diýen erkek galmady” diýip. Hemmesem heleý ýaly bolup. “Zat” diýip öljekler-ä, bulaň barysy! Şo pille gapdalyndan geçen ulag, öz ulagyna tarap çala bulandy weli, sürüjiň gowuz ýerinden büre dişläne döndi. Gapdal aýnasyny aşak düşürdi-de, kellesini daşyna çykardy. Gaharyna bäs gelip bilmänem, eýýäm hol allaowarradan barýan şol ulagyň yzyndan paýyş sögünjiräp, gygyrdy: -Seň nemäňi nemedeýin bar-a! Düşdüňmi?! Haýýýwannnn! Adam däl-ä seň ýaly sähneler! Bilýän-eý, men! Sen mahaw, ejeň özüni gyzan bazarda bedresini üç manatdan bedreläp satyp gazanan puluna pyrawaňy alansyň! Soňam gahary köşeşip däl-de, daşaryň sowujagy bardygy zerarly, üşäp, aýnany galdyrdy. Ýöne beýdeninden soňam dymyp oňmady. Dowam etdi: -Gördüňmi? Gördüňmi, ýaňkyny?! Wejera-laý, bi pederesler, wejera-ra-how, wejera-ra! Aý ýo, aýdýan-a, adamlaň sapsym gutarandygyny... Garaz, diýen ýolunyň ýarysy geçmänkä, sürüjiň üznüksiz sögünjinden ýaňa, gulagy kamata gelen müşderi, hernäçe takdyra ten berip sesini çykarmajak bolup dyrjaşsa-da, bolmady. Halys sabry suwa gaçanda, ýaryldy: -Agam! Gaýrat et, bes etsene! Öň kelle işden, aladadan, ýadawlykdan ýaňa çat açyp gelýä. Hyň berýän iňkislerden ýaňa sähel degseň, darka ikä bölünjek. Seňki artykmaç-laý, war-a, şumat! Gyzma sürüji, müşderisiniň bu sözüne sem bolmakdan geçen, gaýta jyzzyk bolaýdy. Ruly taşlamaň bäri ýanynda, oňa garşy gaňryldy-da, gözüniň agyny köpeldip, şerraý herreldi: -Nä, agzyma keçe dykýaň? Nä, dagy, ýalan aýdýanmy?! Müşderem üstüne üýrülse guýrugyny ýamzyna gysmaga howlugýan, ýöwsel jemendeden däl bolara çemeli. Sürüjiň heňkirmeginden myzaýyk etmedi. Gaýta peltesine ot berlen dek petekesini çişirip, hüžžerildi: -Sesjagaşyň dagy, nämmmm-ou, ýäşşşuly?! Nä, herri-herriň bilen öçürjek bolýaňm-aý?! Bilseň war-a, bi seň ýalyjak wurulmajagyny bilse, beleň alyp waňkyrýan “ýäşşşulyjyklar”, meň nemämdenem däl! Tonuňy bäş oktawa peselt! Bolýamy?! Ýykdyň-aý halys, war-a! “Ýykyldy, ýumruldy, tükendi, azdy...”... Sen-eý, ýaşuly, beýle akylly bolýan bolsaň, beýle gözsüz batyr, edermen bolýan bolsaň, şu ýaşyňa ak-garaň änigine-şänigine magat ýeten goja bolýan bolsaň, beýdip, warak barankaň başynda, nä, görüň gazyldymy? Git-de, okap-okap ylmyňy çyk-da, ahun bol-da! Soňam ile-güne: “eýle bolmaň, beýle boluň, gutarmaň, tükenmäň, dowam ediň” diýip, wagyz et, görelde görkez! Beýdip, bi seňki ýaly boş, güwlempaç läňňi-läňňini, şu müddet, kimiň ýakasyndan tutsaňam, garagyna ispiçge sokup, edip berýä. “Iş et, manysyz läňňilläp ýörmän, özüň rastdyr, dürsdür öýdýän, iň bolmanda birje aýdanyňy bitir-de, hemmelere nädip nädeňde neneň-niçik bolduryp bolýandygyny görkez!” diýseňem, iki eginden gum sowrup, balagyňyz-a boýnuňyza çolap, tammanyňyzam kelläňize geýip, ülhit şermendelige başlaýaňyz! Ulile at dakan bolup! “Özüm näme?” diýeňzog-aý, sluşaý war-a! “Beter beteri görse, elheder alar” diýleni. Azgyrylmakda, al-petden alyşmakda, özünden ökderäge sataşan sürüji, geplemäge gep tapmanmy ýa-da diliniň ujundakylary sypdyryp goýbermäge, özünden esli ýaş görünýän, dogumly, daýawrak, gaýduwsyzrak gürrüňdeşinden, sähelçe-de bolsa eýmenipmi, dymdy. Müşderem, näçe ýeňsesi gyzyp dursa-da, öte geçmejek bolup, şondan artyk sesini çykarmady. Şol pursadam, ikisiniň-de gulagyna, haýsydyr bir nämälim alyslyklardan ýaňlanýan ysgynsyz ýaňa çalymdaş, gamgyn owaz gelen ýaly boldy: -Özüm näme... | |
|
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |