21:47 Parfiýa artilleriýasy | |
PARFIÝA ARTILLERIÝASY
Taryhy makalalar
Artilleriýa toplarynyñ ilki Gündogar halklarynda dörändigi ylmy taýdan subut edildi. Biziñ ata-babalarymyzyñ artilleriýa ýaraglary biziñ eýýamymyzdan öñ I müñ ýyllykda peýda bolupdyr. * * * Dünýäde kim we haçan ilkinji gezek artilleriýa topuny döretdikä? Bu soraga häzire çenli jogap berlenok. Ýewropalylar, esasanam, grekler we rimliler daşdan ýasalan top oklaryny zyñýan maşynlary Ýakyn gündogarly assiriýalylardan alypdyrlar. Bu maşynlar assiriýalylarda biziñ eýýamymyzdan öñki I müñ ýyllygyñ başynda bar ekeni. Assiriýalylaryñ bu artilleriýa maşynlaryny özleriniñ ýasandyklary ýa-da olaryñam başga birinden alandyklary hakynda anyk maglumat ýok. Ýöne, bu ýönekeý artilleriýa toplarynyñ ilki Gündogar halklarynda peýda bolandygy ylmy taýdan subut edildi. Ilkinji sada ýaragyñ sapan bolan bolmagy gaty ähtimal. Ol hamdan ýasalan ýa-da ýüñden örülen guşak bolup, onuñ orta bölegine daş salnypdyr. Esger sapany kellesiniñ üstünden aýlap, bir ujuny goýberende daş zyñylýar. Sapan Mitra hudaýynyñ güýçli ýaragy hökmünde ''Awestede'' hem ýatlanýar. Gündogaryñ (şol sanda parfiýalylaryñ) ähli uly goşunlarynda sapanlylaryñ ýörite topary bolupdyr. ''Gorkut ata'' eposynda türkmenleriñ gadym döwürlerde hem söweş sapanyny ulanandygy hakynda maglumatlar bar. Daşy zyñýan sapanyñ gurluşy harby alymlaryñ agyr top oklaryny zyñyp bilýän maşynlary döretmegine itergi beripdir. Antik awtorlary Appolodoranyñ ''Poliorketika (şäherleriñ gabaw sungaty) Afineýanyñ ''Maşynlar hakynda'' we ş.m. işlerinde biziñ eýýamymyzdan öñ IV asyryñ başlarynda greklerde daş zyñýan toplaryñ peýda bolandygy, olaryñ mehanizmleriniñ ulanylyşy barada gürrüñ edilýär. Ýöne grek poliorketikleri Orta Aziýa taýpalarynda daş zyñýan toplaryñ bolandygyny inkär edýärler. Rimliler hem parfiýalylarda şunuñ ýaly maşynlaryñ bolmandygyny belleýärler. Muña garamazdan, bizde ýalana çykaryp bolmaýan subutnamalar bar. Marydaky we Köne Nusaýdaky arheologik agtaryşlaryñ netijesinde agramy on kilograma ýetýän, diametri 10-dan 22 santimetre çenli bolan daşdan we palçykdan togalak oklary ýasaýan birnäçe ussahanalar tapyldy. Olaryñ hemmesi parfiýa döwrüne degişli. Gäwürgalanyñ demirgazyk derwezeleriniñ ýanynda içinde birnäçe müñ sany palçykdan ýasalan, emma heniz bişilip ýetişilmedik oklar bolan ullakan peç ýüze çykaryldy. Haýsydyr bir sebäbe görä ol oklary bişirip ýetişmändirler. Giçki parfiýa döwründe 6-10 santimetr diametrli palçykdan ýasalan kiçi möçberli oklar bişirilipdir. Gapdallary 10-20 santimetre çenli üçburç, çişli daş oklara duş gelinýär. Şunuñ ýaly daşlar duşmanyñ atly goşunynyñ öñüne zyñylypdyr. Şeýdibem atly goşunyñ süýşmegine päsgel berlipdir. Seljuklar döwründe atly goşuna garşy demirden ýasalan çişli oklar ulanylypdyr. Ok-däri saklanylýan ýerleriniñ ýanynda toplary goýmak üçin meýdançalar gurlupdyr. Ok-däri saklanylýan ýerleriniñ ýanynda toplary goýmak üçin meýdançalar Marydan hem Gäwürgalanyñ demirgazyk derwezeleriñ ýanyndan tapyldy). Gadymy Türkmenistanyñ ýaşaýjylary içýan görnüşli ýokarky berkitmeden asylgy duran ýerinde hereket etdirilýän maşynlary ulanypdyrlar. Bu maşyn arasy kementler bilen dik berkidilen leññerli iki agaçdan ybaratdyr. Leññeriñ ujuna daş goýmak üçin ýönekeý sapan ýa-da hamyñ bölegi dakylypdyr. Leññer guşaklar bilen yza çekdirilip, sürme kiltler bilen berkidilipdir. Gerekli wagt sürme kilte kakylypdyr we leññer başlangyç ýagdaýa gaýdyp, togalak daşy gaty uly güýç bilen zyñyp bilipdir. Türki taýpalarda tä XI asyra çenli Gara bugra atly mehanizm ulanylypdyr. Onda näme üçin gadymy ýewropaly awtorlar parfiýalylar bilen rimlileriñ arasynda birnäçe uly söweşleriñ bolup geçendigini tassyklap, türkmenleriñ ata-babalarynda artilleriýanyñ bolandygyny aýtmak islemeýärler. Parfiýalylar ýeñişleri çalt hereket edýän atly toparlaryñ kömegi bilen gazanypdyr. Özüñ bilen agyr toplary alyp gitmek we olary ýerleşdirmek üçin äpet meýdançalary gurmak, birnäçe tonna top oklaryny ýanyñ bilen äkitmek agyr düşüpdir. Günde 100 kilometr çemesi ýol geçýän, çalt hereket edýän goşun üçin bu agyr ýük bolupdyr. Parfiýalylaryñ artilleriýa ýaraglarynyñ biziñ eýýamymyzdan öñ I müñýyllykda peýda bolandygy bolsa taryhy fakt bolup galýar. Öwez GÜNDOGDYÝEW. Taryh ylymlarynyñ kandidaty. Esger gazeti, 11.03.1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |