10:21 Pederim | |
PEDERIM
Goşgular
![]() Göwnüñ ýukalypdyr çaga mysaly, Şonda-da, dag deýin, arkamda berk sen. Baranymda didaryñy küýsegläp, Kaka, kalbyma hem öýüñe görk sen. Biraz ýegşeripdir, durmuş ýükünden, Arkalaryñ, çaga wagtym hopbalan. Çaga wagtym diýen bolýanam welin, Indi berin ýük däldir-ä, balalañ. Herimiz bir öýde gitsegem örñäp, Ýagyrnyña ýa henizem ünjümi? Abraý bilen ak ýollara ataran, Ýa gyzlaryñ, señ bowrüñe sanjymy? Şeýle ünji saña dert berýän bolsa, Zyñ ünjüni, arkaýyn bol pederim. Başyñ egilmegne, ýol bermen asla, Gyzlaryñdan, bolmasyn hiç hederiñ. Asyp boýna, abraý atly heýkeli, Şonuñ bilen, höwür bolup giderin, Ýaz gerdeniñ, dik tut başyñ hemişe, Doglanymda, bagt saýan Pederim... | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||