07:58 Penjire | |
PENJIRE
Goşgular
Köçe. Saba çagy. Iñlär siñek ýok. Swetofor. Gyzyl-ýaşyl yşyklar... Sütüne alnyny dirän awtoulag Burugsap duran motor... Aýna döwükleri. Mynjyran kapot. Maşynda hyrkyldap ýatan bir kişi Gysylan gapyny açyp bilenok... Kimdir biri jañ edýämi, nämemi Oturgyjyñ aşagynda bir ýerde, Zaryn owazyny çalýar telefon. Gana çyrşalan beden. Çygjaran gözler. Tebsirap ýarylan, ganjaran dodak. Ahmyrly ýuwdunýan ýumry bokurdak... Samyrdaýar, birin çagyrýan ýaly Göz öñünden geçýär geçen günleri Ýok, ýok! Geçmişi däl. Ýar bilen gezen Bagtly pursatlaryn salýar ýadyna Ah, biwepa dünýe, namyrat dünýe Kim ýetişer indi munuñ dadyna... Bu ýalançy pany aklyñ uçuryp Aldanmakmy bir Gözeliñ yşkyna Terk edilmekmi? Undulmakmy ýa? Ýa köçede şeýle ölüp gitmekmi?!. Ýogsa onuñ umytlary soñsuzdy Ynamy güýçlüdi bagtly boljagna. Kim bilýä, günäsi-sogaby bilen, Biribara berjek jogaby bilen Hoşlaşman ýakyny-yragy bilen Ysgynsyz titredip tüýlek gursagyn Gözgyny ýagdaýda sanaýar demin... Telefonam dymdy. Ümsümlik örtdi, Ruluñ arasynda gysylyp ýatan, Tañrygargan mazlum göwräñ üstüni. Jan diýlen zadam süýji bolarly Ol henizem ýitirmändir essini... Ynha-da, guguldap geldi "Tiz kömek". Adamlar üýşdi. Kim tomaşa görýär Kim başyn ýaýkap Biçäräñ halyna gynanan bolýar. Tersine, ol kişiñ ölümin isläp, Hem toslanan myş-myşlary ýaýradyp Özi bukuljyrap, güjüklerine Meçew berip, mynafyklyk öwredip Iblisden paý alan taýly şahyny Ýyrşarşyp bir-birniñ artbujagyna, Sokup keýp alýanlar gezek gezegne Loly dünýäñ syrtyndaky pohuny Öz pohuna garyp iýýän doñuzlar Maçy eşegiñ siýdigine agynap Agzyna a:l çüflän ýylankelleler Nogul seçýän ýaly nejasat seçip Bu gün şatlanyşyp baýram ederler... Bu zatlar owarram Gabra gitsin-le! Şatlansynlar gaýtam, Goý, toý etsinler! Halys özlerinden güýçli tapylman, Edere-de hyşy-wyşy galmasa Ýa töhmet atmaga zat tapmasalar Arkasyna geçip biri-biriniñ Syrtyndaky gyllaryny ütsünler! Dogrusyny dogry aýtmaly bolsa, Ol biçäre hemişe-de bulary Görenokdy gurap giden tezekçe... Gowsy, edil häzir ol namartlara Gözi düşüp düwülmänkä ýumrugy Şu taýdan bir alyp gitse "Tiz kömek". Ölse-de arkaýyn gözlerin ýumup. Özlerem bilýändir rulda ýatanyñ, Görünseler birje gezek gözüne Ganly gakylygyn üýşürip şol dem Tüýkürjegni namartlaryñ ýüzüne... Şapak gyzarypdyr. Gün dogup gelýär. Kyn boldy ulagyñ gapysyn açmak... Tabydy ýatladýan nosilka. Çytyk gaşly lukmanlar. Ahyr başardylar. Açyldy gapy... Mündürende biçärani nosilka Bakdy soñky gezek mermer şäheriñ Ilersinde şemalyna säheriñ Parlap duran mähnet ýaşyl baýdaga. Gymyldadyp sag elini ysgynsyz Harbylarça başyn atdy neresse... Üşerilişip seredýärkä jemende Ajal bilen darkaş gurup ol bende Gitdi tabytpisint nosilka münüp... Bilemok ol, ölermi ýa galarmy?!. Keç ykbaly Ýaradanyñ emrinde... Ölse, ýene bir syr gömler topraga Diri galsa paş eder bir pisligi. Dirikä ol Şirdi Şir ölende-de Şagallara agyr ýükdür maslygy... Köçe. Sypan teker. Gyşaran sütün. Ýenjilen maşyny äkitmek üçin gelen ewakuator. Asfaltyñ üstünde gatap galan gan... Meger bu hadysa doñýürek dünýäñ 10-njy gatynyñ penjiresinden Garnyndaky dogulmadyk oglunyñ Depesinden ajy gözýaş inderip Sessiz synlap duran kimdir birine Aýylganç jeza... 01.08.2017 ý. Has TÜRKMEN | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||