PENJIRE
Ol garrydy,
Belki, juda garrydy,
Gününiň köpüsin geçirdi öýde.
“Penjiränem ýapyp bolarmy, heý-de,”
Şudy onuň ogullaryna sargydy.
Gün doganda, olam dogup gül ýaly,
Penjireden uzaklara bakardy.
Goja kalby bilen söýüp dünýäni
Hyýalynda dag gerşine çykardy.
Dünýe
tämiz durky bilen durşuna,
penjireden kürsäp jaýa urardy.
Jaýyň diwaryna, her bir burçuna
Ýaz şemaly ys getirer durardy.
Gojanyň ýaş gelni salyp burnuna,
Teýeneli sözün aýdar ýörerdi:
“Beýle-de zat bormy...
Günüň-gününe...
Öýümizde haşal otlar gögerdi.
Öýüň içi kebelekden dolupdyr.
Öýüň içi ýapraklaryň mesgeni.”
...Goja bolsa şol penjirä dolup dur,
Misli tebigatyň bir sak esgeri.
Adamlar haýdaşyp geçýär deňinden:
Şahyry bar, penjireler ýasan bar.
Goja
olaň geçýänine guwanýar,
Goja
olaň geçjegine guwanýar.
...Günleriň birinde ýogaldy goja,
Ýapyldy penjire,
Jaý-da suslandy,
Köçe bilen barýan bir gyz çalaja:
“Penjiresiz oňýarmyka ol ýerde?
Penjiresiz oňmaz” diýip seslendi.
Aglama gyz, gaýgy etme ony sen,
Ýaşlama gözüňi, galma azara.
Goja ýogalanda, öz ýany bilen
Äkidenmiş penjiräni mazara.
Gurbannazar EZIZOW.
Goşgular