15:20 Perwaýsyzlyk | |
PERWAÝSYZLYK
Goşgular
![]() Akyp ýatyr ol göwünli-göwünsiz, Derýa däl-de, şor suw akýan jar ýaly. Ony gozgamaýar üstünde gurlan, Köprüsinden kimiñ geçip barýany. Ötegçiler dertlimi ýa şadyýan, Ýananda nä, köz bolup, ojar ýaly? Tanamaýar, tanamagam islänok, Ygşyldaşýan gamyşlaryn orýany. Hüwdülänok, bir geñsije saz edip, Kenarynda çeññegini gurýany. Göräýse-de, çyrpynanok öñki deý, Iki dünýäsini deñläp barýany, Janyndan ir irip, goýnuna girip, Halas bolmak islän bagry girýany. Indi asla, asla hiç zat gozganok, Dünýäni ýuwmak islän däli... Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |