11:34 Perzent mähri / hekaýa | |
PERZENT MÄHRI
Hekaýalar
Ogly jahyl çykyp ugrandan, duluna gelin geçirmegiň aladasy bilen ol eline düşen delje zatlaryny sandyga atyp başlady. Her gezek sandygy açanda ony ýakymly duýgular gaplaýardy. Öýüne geljek gelni uly şatlyk bilen garşylajakdygy ony bagtyň çürdepesine çykarýardy. Her gezegem sandykdaky matalary, her dürli owadan gyňaçlary mähir bilen sypap-sypap, öz ýanyndan göwün ýüwrüdýärdi. “Ýekeje balamyň gelnini öz perzendim ýaly görerin. Gyzymyň ornunda saklaryn... gelin diýip kabul etmerin men ony, balam diýip kabul ederin...” Gelnaljy görse-de ony maňlaýyna sylardy. Öz ýanyndan ýekeje balasyna halal süýt emen maşgala dilärdi. Eýsem näme? Gadymkylar ýöne ýere aýdan däldir-ä “Oglum gowy bolandan, gelnim gowy bolsun” diýip. Aslynda gadymkylaryň aýdan zatlarynyň yrýasy ýok. “Gelen gelin däl, gelen ýeri gelin” diýipdirler ahyry. Özüň gowy bolsaň, balam gyzym edip otursaň, aňyrdan gelenem adamdyr.” Şu pikirler onuň bar küýi-köçesidi. Ol otyrsa- tursa-da öz ýanyndan göwün ýüwrüderdi... “Iki aýakly iki günde” diýleni. Annadurdy ýokary okuw mekdebi tamamlap, işe başlady. Ogulnar indi gelin edinmegiň ugruna ymykly çykdy. Annadurdy bile okan gyzy Aknurda göwnüniň bardygyny ýaňzytdy. Ogulnaryň şol günki şatlygyny hiç zat bilen deňär ýaly bolmady. Ylla onuň göwnüne eýýäm Aknur atly gyzy törüne geçen ýalydy. Ol oturdy-turdy. Ahyram guda barjak maşgalasy barada sorap-ideşmegi müwessa bildi. “Ýeri, men kimden sorasamkam? Goňşy-golom-a muň ýaly ýerde pylan zat diýmez. Aslynda, türkmençilikde munuň ýaly ýerde garyşmak halananok. Erteki gün pylanyň bagtyna badak atdy bolmasyn diýýä her kim. Ogly işden gelende Ogulnar aşhanada ol-bu işlere gümenip ýördi. – Annadurdym, geldiňmi, balam! Gel, bir käçe çaý iç. Oňa çenli agşamlyk taýýar bolar. Ol ogluna çaý demläp, öňünde goýdy. – Anna jan, Aknur okuwyny gutaran bolsa, nirä işe durdy onsoň? – Ylmy edarada işläp başlady. Okuwymy dowam etjek diýýä. – Hä, şeýlemi. Ol-a gowy zat. Gudaçylyga barybersek bolarmyka, onsoň? Annadurdy göwünli-göwünsiz mydyrdady: – Özüň bilýäň. Meň üçin-ä tapawudy ýok. – Onda “Çarşenbede çar tarapa” diýip, gelnejeň bilen gidäýeris-dä, gapy açmaga. – Özüň gör, eje. Aknuryň haýsy edarada işleýändigini takyklan Ogulnar ertesi janyny barlamak üçin günortan arakesmede oň ýanyna ugrady. Göni ýanyna barmaga ejäp etdi-de, bile işleýänlerinden osmakladyp, ony-muny soraşdyrdy. Erbet maşgala däldigine göz ýetirip, göwni ynjaldy. Toý sähedi ýakynlaşdygyça, Ogulnaryň dünýäsi daralyp ugrady. Ony indi her dürli pikirler öz girdabyna mazaly alypdy. “Ýeri, meň şeýdip diş-dyrnak bolup, dünýäň malyny geçirip edinen gelnim nähili bolarka? Ýeke oglumyň göwnüni ýykaýmazda hernä?! Men-ä näme bolsa-da çekerin-çydaryn, ikisi oňuşsa bolýar...” Bir pursat ony şeýle alasarmyk oýlar gurşap alsa, yz ýanyndanam onuň beýnisine başga oýlar sürünýärdi. “... Meniň oýuma getirýän zatlarym näme, gyz! Özleri biri-birini halap durmuş guransoňlar, oňuşman bolmaz ahyry. Onsoňam häzir döwür başga, durmuş başga. Tüweleme, eliň uzadan ýeriňe ýetip dur. Iýjegiň bar, geýjegiň bar, onsoň näme gerekmiş adama?.. Şu bagta, şu döwrana guwanyp ýaşabermeli. Olara asgynjak bolar ýaly baldyzam, ýüwürji-de ýok. Ýumruk ýaly gaýyn şoň göwnüni tapmazam bir gelin bolarmy?” Ol ýene-de öz-özüne garşy çykdy. “Dur, hany, sen nämeleň pikirini edýäň? Hany, gelnimi edil öz balam ýaly kabul etjek diýip, göwün ýüwrüdip ýören sen dälmidiň? Indi ol seniň göwnüňi tapmalymy? Sen gelniň göwnüni görmeli dälmi näme? Ol başga dünýäden seniň dünýäňe aralaşýa. Onuň şol dünýä-durmuşa ylykmagy esasy saňa bagly, seniň mähriňe bagly... Gyz ornunda kabul edersiň, gelniňi gadyr bilmez, durmuşa düşünmez däl ahyry sen. Bu durmuşyň gatysyny göre-göre gelýäň. Heniz ýüzi açylmadyk gelin çagyň ýanýoldaşdan galdyň. Şonda-da gaýynlaryň senden ynjan ýeri ýokdyr. Gaýta, oglunyň ir gaýdandygyny bildirmejek bolup, är ornunda durduň, gaýyn eneňe hem ogul, hem gelin bolduň. Görgüsi ýaman gaýyn eneň gözýaşyny senden gizlärdi. Şeýdip mertligi öwredipdiň, enesi! Öz gelnime seniňki ýaly mähri berip bilsem bolýa! Ýöne oglum bilen gelnime bile guwanmak nesip etsin, şulaň bagtyny görmegem Alla ýetirsin...” Ogulnar oýa batdygyça, dürli pikirler ony barha basmarlaýardy... Ogluny öýeren deň-duşlarynyň gürrüňleri-de ony birneme çekindirýärdi. “... Gelin edineňsoň, aladaň has köpelýändigi çynmyka? O nähili beýle bolýarka? Gaýta ogluň aladasyny gelniň saňa ýetirmejek ýaly. Ýa beýle dälmikä? Men-ä duluma gelin gelensoň, özüm üçin ýaşajak bolýan. Deň-duşlarym, joralarym bilen has içgin gatnaşjak bolýan. Eliňden işiňi alan gelniňi heý halaman bolarmy?...” Ol oýlandygyça kalbynda täze giňişlik açylýan ýaly boldy. Şol giňişligi doldurjak ogludyr gelnini, olardan önjek agtyklaryny uly söýgi bilen kalbyna saldy. Şol pursat onuň göwni aram tapyp, birneme rahatlandy-da, özüni süýji arzuwlaryň gujagyna atdy. Agtyjaklaryny gezekli-gezegine gujagyna alyp, her haýsynyň ýaňagyndan şaýbyldadyp-şapbyldadyp ogşady... “ ... Be, adamyň göwresi garrasa-da, göwni garramaýan eken. Adamdan başga hiç zat garrylykdan ejir çekenok diýýänlerem çyn eken-ow. Agaçlaryň her ýyl ýapragy düşýär. Boş galan şahalar gyşda dynç alyp, ýaz ýene pyntyklaýar. Pyntyklar ýaprak ýarýar. Şeýdip durmuşy bakylyk bilen garyşyp, gidip otyr. Adama weli, bir garransoň, yzyna dolanma ýok. Garrylyga tarap her gün bir ädim ädýäň. Onsoň, ogul-gyzyňa, agtyk-çowlugyňa guwanmak uly bagt. Şol bagty görmek hemmelere nesip etsin...” Ogulnar gelniniň maňlaýyndan öpüp öýe saldy. Göni aşhana eltibem sag elini sary ýaga, sol elinem ak una bulady. Soňam mähir bilen gyzyl kürtäniň çetini açyp, “Balam, gelnim, aýagyň düşsin. Seni ogluma tabşyrdym, oglumam Alla! Bagtly boluň, siziň bagtyňyza guwanyp ýaşamak maňa-da nesip etsin” diýip, ak pata berdi. Toý aladasy sowlup myhmanlar dargansoň, Aknur gelinsiräp oturman, öý-içerä seredip başlady. Ogulnar işden gelýänçä nahary edilgi, içeri arassalangy, kiri ýuwulgy, ütügi edilgidi. Işden gelip öýüň hysyrdysyna gümenýän Ogulnar bu elpe-şelpelige birbada öwrenişmejek boldumy ýa-da başga bir duýgular onuň göwnüne gubar getirdimi, garaz, ol tiz-tizden öz otagyna girip, gapyny ýapmany, içini hümledip oturmany çykardy. “Birhili boldy bü-ýä. Gelnim elimden işimi aldy diýip begenýänem weli, meniň bu öýe şärikçiligim gutaran ýaly bolup dur. Indi meniň bu öýde geregimem ýok ýaly mensizem gününi görjek ýaly bular...” Şu hili hyýallar onuň durkuny düýrmegi bilen gemrip barýardy. Ahyr bir gün ol derdini paýlaşmak üçin jorasynyňka bardy. Ogulnary görenden jorasy onuň bir zady alada edýändigine düşündi. Ogulnar jorasyny köp garaşdyrman, içini döküp başlady: – Men gelin edinsem öýüm dolarmyka diýip, pikir edýärdim. Gelnim bilen eneli-gyz ýaly boljakdym. Emma meň garaşanym çykmady. Gelnim bilen oglum öz otaglaryna girýärler-de, gapyny ýapýalar. Menem otyryn ýekeje özüm gugaryp. Jorasy geň galyp sorady. – Işden geleňde öňüňe çaýam goýanokmy gelniň? – Wah, çaý goýýa. Hyzmatam edýä. Maňa öýüň işini ýetirenogam. Ýöne birhili gözümiň öňünde keseki maşgala iki-baka galgap ýör weli, özüm öwrenişip bilemok. – A gyz, seň bolşuň nähili? Il-ä şoňa ýetip bilenok. Sen bolsa, ýeke öýliň horazy ýaly bolup, gelniňi sygdyrmajak bolup dursuň. – Men-ä bilmedim. Öwrenişjek bolup her zat edýän weli, ýene-de bolgusyz pikire özümi aldyranymy duýman galýan. Oglum bilen gelnim tüweleme, äbe-de-jüýje. Şolam bir gowy zat. – Saňa geregem şol ahyry. – Hawa. Şolaň bagtyndan başga zat gerek däl. Ýöne men oňa akyl ýetirsemem, ylalaşyp bilemok. Men garraýan öýdýän. Adam garraberse, şeýle bolgusyz zatlara özüni aldyrýan bolaýmasa... – Goýsana, gyz. Dili süýji, mährem garrylar kän ahyry. Olaryň her sözüni doga edip dakynaýmaly. Sen nemä şolarça ýokmy? Balam, gyzym et-de, gez-de ýör-dä. Ýeke çagaňa guwanyp. – Wah, menem şoň arzuwynda. Jorasy Ogulnaryň garaşmaýan soragyny berdi: – Dur-la, gyz, sen. Sen ogluňy gabanýan-a dälsiň-dä, hernä? – Nätdiň gyz, muny? Oglumy gabanarynmy? Maňa gowy ýaşasalar bolýa. Enäň arzuwy şo dälmi näme? – Şo-la weli, ýeke ogullylar käte gabanaýarmyşlar. Senem şol bela sataşan bolaýma diýýän-dä. Onda sen öýüňi gabanýan bolaýma? – Ýok-la gyz, nädäýdiň muny?! Ýöne seň ýaňky aýdyşyň ýaly, halys ýekelige öwrenipdirin. Goýan zadymyň goýan ýerimde durmagyny isleýän. Şoňa halys endik edipdirin. Belki, şonuň üçinem gelnimiň el-aýak ýaly bolup, hozanaklap ýöreni maňa ýakýan däldir. – Nemä diýsene, Ogulnar, seň özüň düşünjek bol. Ýeke ýaşasyň gelýärmi, ýaşlara azar berme-de, öz günüň bilen boluber. Gelinli, ogully, agtykly ýaşajakmy? Onda göwnüňe diňe gowulyklary guýup, durmuşyň bilen ylalaş. Özem seň bu gürrüňleriňi eşidenem men bolaýyn, diňlänem. Ile-güne bildiräýme. Däliräpdir diýerler saňa. Ogulnar jorasynyňkydan çykyp, öz öýüne pyýadalap ugrady. Onuň ýoly şäheriň iň uly seýilgähiniň üstünden düşdi. Ol agşamyň nuryna öwşün atýan şäheri, onuň her dürli reňkde bökjekleýän suw çüwdürimlerini höwes bilen synlady. Bir göwre ýaly bolup gezip ýören jübütlere höwes bilen seretdi. Şol pursat beýnisine dolan pikirler ony alyslara alyp gitdi. “Bizem Şyhly bilen şeýdip bileje tirkeşerdik. Süýji arzuwlara ýüklenipdik. O wagtlar häzirki ýaly ýaşlara bileje gezer ýaly seýilgähem ýokdy. Gür bagly köçelerde mydar etmelidi. Indi başgaça seýilgähler, ýaşylbaşly serhowuzlar, dürli öwüşgünli suw çüwdürimleri ýaşlary mähir bilen garşylaýar. Arzuw edip, oňa ýetdik diýen günümizem Şirli ikimizi başga bir hijran aýra saldy. Biziň çykan depämize çagalarymyz bir çykmaly bolmasyn. Biri birine guwanyp ýaşamak nesip etsin bulara. Şyhly jan, senem, arkaýyn ýat onda. Men ýeke perzendimiz üçin, onuň bagty üçin janymy gurban etmelem bolsa-da taýýar. Ogluma, gelnime döneýin. Şolaryň bagtyna guwanaýyn. Men ýok zatlary göwnüme getirip, gaty hata iş edipdirin. Ynsan üçin balasynyň bagtyna guwanmakdan belent duýgy ýokdyr. Şol belent duýgulardan, ýürekde, kalpda orun alan süýjülikden aýyrmasyn, Alla!..” Şu zatlary beýnisinde aýlap, dähedem-dessemläp barýan Ogulnar durmuşa, dünýä täzeden göz ýetiren ýaly boldy... Ol süýji arzuwlar bilen gapyny açanda gelni Aknur ylgap ýanyna geldi: – Geldiňizmi, gijä galdyňyz weli, alada etdik. Çaýyňyz basyrylgy dur. Dynç aljak bolsaňyz, çaýy siziň otagyňyza eltäýerin... Ogulnar gelniniň maňlaýyndan mähir bilen öpdi: – Size döneýin, balam!.. Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |