08:19 Pursat | |
PURSAT
Goşgular
Ýap-ýañam şu ýoldan, Ine, şu ýerden Buz dek elim üfläp-üfläp ýyladyp Geçipdim men... Häzir bolsa barýaryn Onki süññüm lowladyp. Dabanmyñ astynda gütürdeýär gar, Sürçek bu-da gowşadanok badymy. Gorsanýan ýüregim howsala bilen Gaýtalaýar adyñy. Ýaramaz gözlerden, Ýaman pällerden Hem betpygyl duýgulardan aýanym - Goşarlarym sandyraýar çalaja, Seniñ galan otagyñda hyýalym. Lowlap ýanýan ýañaklarma dökülýär Ýap-ýañyja sypan saçlaryñ tary. Ah, ýüregim syganok-la gursagma, Senmidiñ zary?! Senmidiñ gijeler düýjüme girip, Yşkyñ bal deý şerbetini içiren? Senmi - umydymyñ algyr laçynyn Al-asmana uçuran?! Nemli dodaklarym ýylgyrýar çala, Bir pursatlyk bagtyñ oduna lowlap. Ýanaýyn, ýanaýyn ýanmaly bolsam, Ýa-da ýakdyñmy synap?! Näzik ANNATYÝEWA. | |
|
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ «Ýa men ahate elmükel-eşýaýe külleha» / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |