16:27 Meňzeşlik | |
MEŇZEŞLIK
Goşgular
"Sene-menesiz söýgi uzaga gitmez" OWIDIÝ. Gelniň ýüzi ýaly ýakymly asman, Kir-kimir ýok, misli mawy saýawan, Gudratly dünýäniň täsin keşbini Müň mertebe başym egip synlaýan. Janym, seredip gör: dünýäň göwni hoş, Asman ikimize şeýle bir meňzeş. Toprak adamlaryň, rysgy, guwanjy, Gülden bezeg berýär dünýäň nagşyna. Baglar ýapraklaryn suwa düşürýär Şaglap inýän baharyň ak ýagşyna. Adamlaň gül ýazdan göwni juda hoş, Synlap gör: ikimiz bahara meňzeş. Birden dowul tapýar umman gudurap, Bulutlar çakyşýar, ýyldyrym çakýar, jala gelýär suw-sil edip dünýäni, Birdenem lowurdap tylla Gün çykýar. Topragyň asmandan göwni juda hoş, Dogrusy, ikimiz ak ýagşa meňzeş. Käte asman ýaly giň biz, parahat, Buýsanç, tekepbirlik berilen bize. Käte bolsa gopýar şeýle hakykat: Gök gürläp, ýyldyrym çakýar öýmüzde. Şonda-da göwnümiz bir-birekden hoş, Gögüň gümmürdisi, ýagýaň jöwenek Hmeem ýyldyrymyň parran çakyşy Ikimize şeýle, Şeýle bir meňzeş. Näzik ANNATYÝEWA. | |
|
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |