11:02

Bilgil

BILGIL

Iş başyna geçip otugsa nebsiñ,
Haramyñ gapysyn kakdygyñ bilgil!
Gözünden düşeñde sen iliñ-ulsuñ,
Eliñ bilen öýüñ ýykdygyñ bilgil!

Durmuşyñ kanuny adyldyr juda,
Ondan çykmak janyñ etdigiñ pida,
Seniñ ömrüñ geçdigidir bihuda,
Abraýñy çanaklap dökdügiñ bilgil!

Aýply ýaşamak köýdügi ömrüñ,
Durmuş bir çatrykdyr, çar ýanyñ öwrüm,
Her bir ädimiñde diñlegil böwrüñ,
Şeýtmeseñ imanñy ýuwtdugyñ bilgil!

Halamazlar il içinde gabarsañ,
"Hä" bermesiz gep-gürrüñe "Hä" berseñ,
Mellegiñe ýandak, gyzgan gögerse,
Onuñ tohumyny sepdigiñ bilgil!

Duýup ýaşa berlen ömrüñ dadyny,
Çekip çyda ýaksalaram ädiñi,
Munda goýup gitgil ýagşy adyñy,
Ýagşyga ýar bolsañ, utdugyñ bilgil!

Näzik ANNATYÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 372 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Näzik Annatyýewa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Podýumda / Goşgular - 28.01.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
1
1 Мylayym  
83
Goşgynyň üçünji bendini hasam haladym. Durmuşy pelsepelerden doly, öwüt-nesihada ýugrulan, terbiýeleýji goşgulary bar Näzik Annatyýewanyň. Okadygyňça, gaýtalap okasyň gelýä.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]