10:19

Sadalyk

SADALYK

Göwünlerde uçgun bolup köreseñ,
Diýmegil sen - geçýän ömür haýpdyr.
Köñülleriñ köprüsinden ýöreseñ,
Bagtlysyñ sen, durmuş taplar, eýikdir.

Ham-hyýala bermegil sen erkiñi,
Gyşyk bassañ durmuş berer merkiñi,
Döwür orta çykarmaýar her kimi,
Döwre pitjiñ atmak uly aýpdyr.

Bil gadryny duşýan bagtly pursatlañ,
Höweslerñi baglap goýma gursakda,
Häzir bolgul elñe ilen susakdan,
Seni betbam etjek soñsuz keýpdir.

Başarsañ söýget bol bagty çökene,
"Dost" diýmegil her syrtaryp bakana,
Bol hasyl baglydyr ony ekene,
Her demiñde kanagata uýup dur.

Sabyrly bol - şatlyk açar işigin,
Köne bolsun - tämiz geýgil eşigiñ,
Ýöne alçy gopan güni aşygyñ,
Gabarylma - öñ kimligiñ bilip dur.

Näzik, durmuş görkezse-de şatysyn,
Her ýeten çeýnemez, öz-ä gatysyñ.
Başa tug edingil hoş niýeti sen,
Adam ogly adam bolup beýikdir.

Näzik ANNATYÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 410 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Näzik Annatyýewa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dört pyýala / Goşgular - 21.02.2024
Suratkeş / Goşgular - 26.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Gelersiñ... duşuşarys / Goşgular - 27.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]