09:49 Sähra güli | |
SÄHRA GÜLI
![]() Nowruzyñ hyjuwy sepdimi tohum, Elwan reñki berdimi ýa ýyldyrym?! Saña sährañ ýeli salypdyr demin, Otyrsyñ sen güneş kibi ýylgyryp. Otyrsyñ görkberip giden äleme, Näzijek ýapraklañ keýpli gerinýär. Gujagynda Hydyr gezen ýaýlamda, Sen şeýle owadan, gözel görünýäñ. Çar ýanyñ gurşapdyr, çomuç, jümjüme, Torgaýlar üstünde perwaz eýleýär. Kä daýym ak guşlar çalyp "jüljüle", Uçup-gonup señ gaşyñda eglenýär. Sen otyrsyñ ýazyp näzik egniñi, Hem şeýle nur saçýañ - ýaşamak hezil. Her säherde tylla Güni garşylap, Şeýdip ak dañlaryñ çygyna ezil. Baharyñ ak ýagşy sepdimi tohum?! - Sähra güli, sen sähranyñ bezegi. Ýeke şaýa alman dünýäniñ gohun, Ýaşap ýörsüñ, sen gülleriñ gözeli. Näzik ANNATYÝEWA. | |
|
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Pyragyny okasañ! / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |