06:54 Pygamberiñ çöregi | |
PYGAMBERIŇ ÇÖREGI
Edebi makalalar
Nika gyýlanda çatynjalaryň taýly gezek arkasyna kakylyp ýigide edilýän sargytda şeýle sözler bar: "Ak-gök geýdirme, Arpa çörek iýdirme..." Elbetde, türkmenler üçin arpa çöregi doklugyň nyşany däl. Mahmyt Gaýybynyň “Otuz iki tohum kyssasy” diýen şahyrana söhbetinde Bugdaý bilen Arpanyň mertebe ölçegi baradaky dawasyna Dary goşulyp, Bugdaýyň belentligini tekrarlaýar: "Dary diýdi: “Eýýa, Arpa, niçik kaş? Bu Bugdaý birle kyldyň munça talaş. Bu Bugdaý-çeýneseler lezzeti bar, Hemmäňizden ulugdyr, yzzaty bar. Munuň birle niçik kyldyň kaşa sen? Haram ölgen derilerniň aşy sen?!" Darynyň bu sözleri halkyň arasyndaky garaýyşy aňladýar. Em- ma gadymy ýazgylar bu garaýyşyň tersine, arpanyň juda peýdalydygyndan söz açýar. Ondan Gaýybynyň-da habarly bolandygyny bir zatdan bilýäris: kazylar, mollalar kitap açyp, dawany çözmeli bolanlarynda, olar Arpanyň mertebesi hemmelerden uly bolmaly diýen netijä gelýärler. Elbetde, biz mollalaryň haýsy kitaby açandyklaryny ol ýerde nämeleriň ýazylandygyny bilemzok. Şonuň üçin arpanyň juda peýdalydygy bilen bagly öz bilýän delillerimize ýüzlenýäris. Abu Aly Ibn Sinanyň “Tebipçiligiň esaslary” atly dünýä meşhur kitabynyň ikinji tomy dürli kesellere em bolýan dermanlaryň häsiýetini jikme-jik görkezýär. Şol ýerde arpa özbaşyna bölüm berlipdir. Düwürtigi, çişi, ýarany, damarlary, dem alyş, iýmit organlaryny, gyzdyrmany bejermekde arpadan ýasalan dermanlar zerur eken. Mun- dan başga-da kitapda kyrk ýerde beýleki dermanlar bilen arpanyň garyp ulanylyşy görkezilýär. Arpa hakynda belent äheňde aýdylan söz beýik Omar Haýýama degişlidir. Oňa özboluşly bir oda diýse-de boljak. Biz Omar Haýýamy şahyr, alym hökmünde tanaýarys. Hawa, ol jadyly rubagylaryň, iň takyk kalendaryň awtory, ýöne, onuň ökde tebip bolandygynam ýatdan ýykarmalyň. Onuň ömri Seljuk imperiýasynyň soltany Mälik şanyň köşgi bilen bagly. Alymlara, şahyrlara, arhitektorlara, astronomlara hemaýaty bilen parhlanan bu soltanyň, hem-de onuň beýik weziri Nyzam al-Mülküň merhemetinden peýdalanyp, onuň gurup beren obserwatoriýasynda esli mahal hezil edip işlän Omar Haýýam kalendaryny gutarmaga ýetişmeýär, az wagt galanda ysmaýylçylar baş göterýärler. Seljuk soltanlarynyň beýik weziri Nyzam al-Mülk öldürilýär, Haýýamyň obserwotoriýasyny otlaýarlar. Mälik şa ölenden soň uly imperiýanyň içinde häkimlik ugrunda darkaş başlanýar. Heniz Mälik şanyň özi barka onuň dogany Tutuş ogullary hem agtyklary bilen Halapda, Dymşykda (Damaskda) seljuklaryň kiçi şahasyny düzüpdi. Seljuk leşgerleri Arabystan ýarym adasyna, Ýemeniň, Bähreýiniň çäklerine ýetipdiler diýip, iňlis alymy K.E.Boswort ýazýar. Togrulyň ýegeni Kagurduň Kirmanda ýola goýan dinastiýasy asyr ýarymlap höküm sürdi, ahyryn-da ony Soltan Sanjaryň başyna ýeten oguzlar Horasandan baryp ýykdylar. Mälik şadan soň seljuklaryň Yrakdaky, Eýrandaky häkimligi gowşaýar, diňe ol Horasanda sarsmaýar. Şol zerarlam şanyň ogly Sanjar bu ýerde ilki dikme, soňra soltan hökmünde biregne 60 ýyllap höküm sürýär. Dogany Muhammet ölenden soň 1118-nji ýylda ol seljuklaryň baş soltany bolupdy. Beýik Omar Haýýam kalendaryny gutarmagyň aladasy bilen soňky seljuk soltanlaryndan serişde we hossarlyk küýseýär. Emma olar beýik alymyň islegine biperwaýdylar. Olar ylymy nätsinler! Olar häkimligiň aladasy bilen başagaýdylar, onsoňam seljuk imperiýasynyň sütüni, ony imperiýa derejesine ýetirmekde soltanlardanam uly işler bitiren beýik wezir Nyzam al-Mülk indi ýokdy. Haýýam görgüli soňky soltanlaryň ünsüni çekmek üçin ägirt paýhas siňdirilen “Nowruznama” atly ajaýyp traktatyny ýazýar. Arpa hakyndaky oda hem şol traktada girýär. Men ony rus dilinden terjime edip siziň dykgatyňyza hödürleýärin: “Eýranyň şalary arpanyň maýsasyna gowy alamat hökmünde garapdyrlar, çünki arpany juda peýdaly diýip bilýärler. Ol adama ýararly däne ekinleriniň arasynda iň ir bişýär. Onuň ambardan çykyp, ýene ambara gelmegi üçin bary-ýogy kyrk gün gerek diýýärler. Onuň dannawy ýok, nirä sepseň derrew gögerýär, derrewem ýetişýär. Ol saňa çöregem bolup dur, dermanam bolup dur. Ol pähimdarlaryň, derwüşleriň çöregi. Arpa çöregini iýýän adamyň gany hemişe arassadyr, hapa gan aldyrjak bolup ýörmeli däl. Arpa ganda hem ötde döreýän keselleriň öňüni alýar. Wraçlar arpadan edilen aragy melhem suwy ýaly görýärler. Ol 24 sany ady belli kese- liň dermanydyr. Olaryň arasynda ýanyk, öýken, sowuklama, gyzdyrma, garahassalyk, üsgürme, inçekesel, suw ýygnanma, gäkilik azma bar. Ol mäzleriňi, kelläňi, döşüňi, böwrüňi, bagryňy, aşgazanyňy, döwlüp-ýenjilen ýeriňi, ýanygy, bogun agyryňy kompres etmek üçin ýaramlydyr, içdäki gurçugy-da ýok edýär. Bugdaý ýagy gara gijilewi arpa ýagy sary gijilewi bejerýär. Gazanda gowy gaýnadylan arpa kepegi aýak üstünde durup bilmeýän süňki gowşan adamlara dermandyr. Aýagyň damary çekýän bolsa, arpa aragyny ýapsaň dynaýarsyň. Bugdaý kepeginiň peýdasam şular ýalydyr. Bagdatda arpany gaýnadyp, suwuny süzýärler, soňra ony künji ýagynda ýene gaýnadýarlar. Büs-bütin suwdan saplanan ýagy sary çişe çalýarlar, aýal kesellerini bejermekde ulanýarlar. Eger ýatgyda çiş bolsa, ýagy pamyga siňdirip iç ýüzden ýapmak juda peýdalydyr. Aý tutulan gijesi ekilen arpanyň hasylyndan bişirilen çörek dälilere peýda berýär diýýärler. Eger arpa gyradeň düýp tutup, dik ös- ýän bolsa, bu bereketli ýylyň alamatydyr, eger ala gögerip, özem egri ösýän bolsa, ýyl hasylsyz boljakdyr. Pygamber şeýle diýipdir: “Çörekleriň gowusyndan gowusy arpa çöregidir. Kim oňa kanagat etse, hemişe dok gezer, sebäbi ol meniň hem, beýleki pygamberleriň hem çöregidir”. Beýik Omar Haýýamyň arpa beren häsiýetnamasy-ha şundan ybarat. Muny okan adamlaryň kalbynda arpa çöregine garaýyş üýtgese gerek. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |