15:51 Pyragy -17/ romanyñ dowamy | |
3.
Taryhy proza
Akgyz bu gün obanyň horazlaryndanam ir oýandy diýseň boljakdy. Onuň hemişe ukudan doýmaýan gözlerine çiş kakylan ýalydy. Onuň göwni meýdan küýseýärdi. Tomsun düşmegi hemişe-de aladaly bolýandyr welin, bu ýyl iki esse hysyrdyly bolupdy. Ýyl gowy gelensoň galla bolsady ekilen ýaly gögeripdi. Ony isrip etmän ýygnamasaň, guş-gumry-da onuň ganymydy. Bu ýylyň gyşy az bolansoň, ol has hem köpelipdi. Şonuň üçin galla oragy oba arasynyň esasy gürrüňidi. Döwletmämmet mollanyň ýeri has haslly bolansoň, onuň aladasy hasam artykdy. Ýaşuly soňky üç günde birhili ýigdelen ýaly boldy. Oglunyň gelýändigi baradaky habar onuň bükülen bilini ýazdy. Öçüp galan umyt çyragyna ýagtylyk berdi. Ol şol ýagtylygyň güýji bilen ertirden gijäniň bir wagtyna çenli orak orýardy. Diňe namaz wagty bugdaýly meýdandan gyra çykýardy. Hajygowşanyň adamlary ýaşulynyň gurbatyna gaýdyp gelenine diýseň begenýärdiler. Olar uly höwes bilen onuň oragyny oruşmaga kömekleşýärdiler. Öwez aganyň hem göwni göterilipdi. Olam janyny aýaman işleýärdi. Boglan desseler her ýerde-her ýerde harman-harman bolup ýatyrdy. Orulmaly ýer bolsa henizem ep-esli bardy. Garry molla çapardan oglunyň Gyzylbaýra sowlanyny eşidipdi. Emma onuň göwnüne ogly gijäniň bir wagty geläýjek ýalydy. Şonuň üçin öýüne gaýdýardy. Ertirem il örmänkä, oraga gelýärdi. Bu gün onuň öýe gaýtman, orak meýdanynda galasy geldi. Şonuň üçinem ol öýle namazyna barýarka «Sen irdenjik gaýdyber. Men bärde galaryn» diýip gelni Akgyza aýdypdy. Akgyz gaýynatasyndan ýaşynýardy. Ýöne ol «bolýar» diýen manyda başyny atyp, razydygyny aňladypdy. Daşyndan seredeniňde, Akgyz ähli pikiri, hyjuwy bilen orak orup işleýän ýalydy. Ýöne bu görer göze şeýledi. Hakykatda boýasa, onuň göwresi işleýärdi. Ruhy, ýüregi, göwni welin, onuň özünden erksiz bir ýerlere uçup giden ýalydy. Ol öýe girse, daş çykasy gelýärdi. Daş çyksa, iç giresi gelýärdi. Ol oraga gelse oba gidesi, öýe barsa meýdana gaýdasy gelýärdi. Özüniň bolşuna haýranlar galýardy. Adamsy gideli bäri geçen ýedi ýyl onuň durmuşa bolan söýgüsini söndüripdi. Ýöne onuň deregine nämedir bir gerek zady tapmak höwesini oýarypdy. Ol häzirem, ukudan oýanyp alyndaňysy bilen maňlaýyny tä gözüne çenli ýapyp, gyňajynyň seçekli ujuny egninden aşyryp düýnki başdan geçiren duýgularyny tapjak bolup, çeşmä garşy barýardy. Heniz gaýmagy alynmadyk säher aýdyp bolmajak derejede lezzetlidi. Bu lezzet durmuşyň süýjüliginiň ýekeje çümmüjegini dadyp, küýsäp-küýsäp ýüregi üzülere gelen gelin üçin aýratyn ýakymlydy. Hajygowşanlylar gijesine aňsat suwuň gyrasyna barmaýardylar. Il arasynda suw bilen baglanyşykly gadymy yrymlar henizem şol öňki güýji bilen saklanýardy. Aýal maşgala barada asyl gürrüňem bolup biljek däldi. Akgyz welin ol yryma känbir gulagam asanokdy. Ol Döwletmämmet mollanyň öýünde iň eý görülýän, sarpasy saklanýan adamdy. Döwletmämmet molla ony hem ogly, hem gelni dereginde görýärdi. Oňa sen pylan zady et-de, pylan zady etme-de diýilmeýärdi. Bu erkinlik Akgyza diýseň ýaraýardy. Ol başardygyndan bu öýe yhlas edýärdi. Emma taňrynyň güni darydan köpdi. Bir gün däl, iki gün däl, on aý däl, üç ýyl däl, indi ýedi ýyllap umyt bilen ýaşamak, hemmeleriň bireýýäm unudan umydyna ýeke özüň baglanyp oturmak ýaş gelniň sabyr-takatyny alypdy. Onuň ýüreginde öňki umytlaryň bary könelip, olaryň ornuna täze, ter, näzik umytlar gelýärdi. Onuň ýaşasy gelýärdi. Ol özüniň indi ulugyz bolup, kejebelenip, apalanyp, adatlanyp durmuşa çykarylmajakdygyna düşünýärdi. Nikaly äriniň bolsa indi hiç-haçan dolanyp gelmejekdigini diňe Akgyz däl, bütin Hajygowşan bilýärdi. Indi galan ömrüne beýdip galybermegem gelin üçin ölüme barabar durmuşdy. Ol şu geçen ýyllarda-da şeýdip oturyşyny, geljekde ýene-de şeýdip oturmalydygyny ýatlanda, özünden dynaýasy gelýärdi. Onuň ýaşasy gelýärdi. Ömürbaky gunçalygyna guraman açylasy, göwnüniň isleýän süýjüligine ýetesi gelýärdi. Häzir ol ilkinji syrdaşyň suratyny göz öňüne getir diýseler asylam başarmajak ýalydy. Onuň göwnünde adamsynyň suraty däl-de, onuň bilen bary-ýogy birnäçe günlük sürlen döwranyň süýjüligi galypdy. Şol süýjülige bolan höwes onuň gözlerini baglapdy. Abdyllanyň ýürege düşmeli suratynyň ýeri bolsa şol süýjüligiň höwesi bilen beklenipdir. Indi Akgyzyň özünem şol mähriban didar gyzyklandyrmaýan ýalydy. Onuň ýüregini başga bir pynhan arzuw eýeläpdi. Ol arzuw oňa gije-gündiz ynjalyk bermeýärdi. Ýöne soňky wagtlarda welin, bu arzuwy ýadyna düşende, örtenip bişýärdi. Hatda elini ýüzüne tutup, utançdan, erksizlikden, garabagtlykdan dat edip, gijelerini aglap geçirýärdi. Arada, arpa oragynda bolan ýagdaý onuň bu arzuw, umydynyň bilini oňrupdy. Akgyz çeşmä barýan ýodajykda erbet yrandy. Peträp duran gözlerine asmandaky ýyldyzlar bulançak akym bolup göründi. Emma Çowduryň berdaşly syraty, lowurdap, uly hyjuw bilen ýanyp duran gözlerini welin aýdyň gördi. ...Arpa oragynyň soňky günüdi. Gazak gelin bilen Garry molla irden öýe gaýdypdylar. Meýdanda Çowdur hem-de Gulaly galypdy. Olar ýagyrnylaryny şorladyp, aldygyna işleýärdiler. Akgyzyň ýüregi jigläp gitdi. Onuň köpden bäri ýüreginde möwç alyp, çogjak-çogjak bolup duran niýetini açmak üçin häzirkiden amatly pursat ýokdy. Ol titräp duran sesi bilen Gulala gygyrdy. – Çeşmeden sowuk suw alyp gelsene, ylgap... Gulaly boýun sunujylyk bilen, çeşmä bakan gitdi. Çowdur bolsa dünýeden habarsyz orak orýardy. Akgyz ýüregine daş baglap onuň ýanyna bardy. – Çowdur! Akgyz şeýle ýuwaş gürledi. Çünki, onuň zenanlyk uýaljy gaty köpden bäri erkek adam bilen gürleşip görmezligi, göwnündäki niýetini aýtsa Çowduryň oňa nähili garajakdygy baradaky pikir hut şu wagt oýanan ýaly boldy. Emma ol öz niýetinden gaýdyp biljek däldi. Ol häzirki pursady iň ahyrky mümkinçilik diýip bilýärdi. Mundan amatlysy haçan boljak? Akgyz goluny agzyna ýetirdi. Özüni ýitirdi. «Henizem bir pille, aýtma, aýtma!» diýen bir owaz onuň süňňüni elendirdi. Emma şu wagta çenli geçen ýalňyz ömür, garaňky zyndan ýaly pynhan gijeler, gysyp-gowrup barýan pikirler baradaky duýgy onuň ýüzüne ýalyn bolup duýdansyz çabyrady. Ol gözlerini petredip, zordan diýen ýaly dillendi, – Çow-dur-r! Çowdur dikeldi. Ol haýran galmakdan ýaňa aňaldy. – Aýdyber, aýdyber. – Ol Akgyz nämedir bir zatdan eýmenýändir ýa-da bir möhüm sargydy bardyr öýtdi. Akgyz oňa has golaýlady. Özüniň ne haldadygyny duýman gürledi. – Çowdur, men garaşmakdan, eňremekden, ýekelik derdinden halys boldum. – Onuň ýaşy çeşme ýaly seçelenýän kirpikmen gözleri Çowduryň ýüzüne delminip, uly howsala bilen garaýardy. – Men halys boldum, halys. Men haçana çenli öz etimi özüm iýip geçireýin? – Ol ýüzüni tutdy. Iň esasy sözi aýtmaga misli ysmady. – Näme ahyry, näme?.. – Sen maňa eýe bol. On ikinji edip alsaňam razy men. Dyndar meni şu gara günden. Akgyz agy gatyşykly sesi bilen samraýardy. Eger-de Çowduryň ýüzünde ylalaşyjy ýekeje alamatam duýulsa, ol özüni onuň gujagyna zyňmaga taýýar ýalydy. Çowdur gorkdy. Ol töweregine delmuryp bakdy. Emma Gulalynyň goly küýzeli ýanjagazynda duranyny görmedi. – Akgyz, uýam Abdylla meniň doganymdy. Senem, senem onuň aýaly. Men saňa dogan bolaýyn, doganym ýok. Ýöne beý diýme, doganym, mert bol, doganym. Akgyz ýaşly gözleri bilen Çowdura soňky gezek garap, atyzdan ylgaşlap çykyp gidipdi. Akgyz şol günden soň adamyň gözüne görünmäge utanypdy. Ýöne oraga welin çykypdy. Şol utançdan galan duýgular häzirem onuň bedenini köz ýaly gyzdyrýardy. Ol şol aýpdan, şol duýgudan çaltrak dynmak niýeti bilen özüni çeşmäniň buz ýaly suwuna urdy. Adynageldi han toýdan keýpsiz gaýdypdy. Şonuň üçin-de onuň Hajygowşanda-da karary tutanokdy Buzlypolat serdaryň kineli sözleri, igençli nazary, hut onuň abraýyny uly toýda dökenini az görýän dek, ony kowalap, oba-da gelen ýalysy. Ol bu ýigrenji nazary kellesinden kowup bilmän kösenýärdi. Bu agşamam, ol ýorgana girensoň, çeşmäniň suwuna ýuwnaýsa, derdi ýeňläýjek ýaly boldy durdy. Hakykatdan-da, çeşmäniň sowuk suwy, bu ýeriň howasynyň salkyn akymy onuň süňňüni ýeňletdi. Ol bir salym oturyp, soň özüniň syrgynyna bakan ugrady. Emma medresäniň gapdalyndaky ýodajyk bilen gelýän gara onuň ünsüni özüne çekdi. Han çaýryň üstünde oturan ýerinden bu gelýäniň Döwletmämmet mollanyň dul gelni Akgyzdygyny tanady. Ýaşyp barýan giçki aý Akgyzyň ýaş, owadan bedenini özüniň ýagty şöhlesi bilen elläp-elläp görýän ýalydy. Gelniň uzyn saçlary sagrysyndan tä uýlugyna çenli uzalyp gidýärdi. Ol inçejik, ak gollary bilen dik duran ýerinden, çalaja eglip suw alýardy-da, ýumralyp duran ak göwüslerini, tegelekden görmegeý ýüzüni lezzet bilen ýuwýardy. Gelin gije bilen, çeşmäniň salkynjak suwy bilen ýagşy öwrenişen bora çemeli. Ol çeşmeden goşawuçlap suw alyp, göge zyňýardy. Aýyň ýagtysyna täsin öwüşgin atýan damjalar ýene-de gelniň üstüne şapyrdap düşýärdi. Akgyzyň suwdan çykyp geýimleriniň ýanyna baranam şoldy. Hyşanyň aňyrsyndan çykan adamy görüp, onuň ýüregi agzyna geldi – Gorkma, owadan gelin. Özüň razylyk bermeseň men saňa el gatmaýyn. Ýöne meniň sözümi ýagşy diňle. Eger razy bolsaň, nikalap, toýlap alaýyn. Bagtyňy açaýyn. Owadan goly bilen hem göwsüni, hem ýüzüni gizlejek bolup kösenip oturan gelin sesini çykarmady. Adynageldi hanyň ähli derdi dep bolan ýaly boldy. 4. Magtymgulynyň henizem gelmezligi Garry mollanyň jebegesini darykdyrýardy. Ol şol habary getiren adamdan ýene-de habar tutaýmakçy-tutaýmakçy bolýardy. Emma ilden ejap edýärdi. «Bi, sabyrly boluň, sabyrly boluň diýen bolup, özüniň oda-köze düşüp ýörmesi nämäniň alamatyka?» diýmeklerem mümkindi. Oragyň depginem Garry mollanyň göwnüniň bady ýaly haýal barýardy. Orlup her ýerräkde-her ýerräkde basylan desselerin üstünde serçeleriň sürüsi toý gurýardy, «Ol-a owarram, her kim iýer, öz nesibesindäkini iýer. Ýöne bu gün Öwezem, gelnem oraga çykmady-la?» Garry mollanyň gyssagy özi bilendi. Hakykatdanam, häzir her kimiň gyssagy özi bilendi. «Ýazyň ýuwundysy, gyşa gatyklyk» diýlişi ýaly, agza gelen yrsgaly harlamaly däldi. Beýle biagyrylyk Döwletmämmet molla asylam gelşenokdy. Ol Gulalyny ýanyna alyp, öýüne-de gaýdanokdy. ýöne mahal-mahal Etrek derýasy tarapdan geçýän ýola hem-de öýüne uly umydygärlik bilen garaýardy. Ýene onuň höwesiniň tersine, ne öýden, ne ýoldan adam geçýärdi. Iň bärkisi goňşy-golamam «armaweriň!» diýip geläýenokdy. Bu ýagdaý Döwletmämmet mollanyň süňňüni has agraldýardy. Ol göwnüne gelýän pikirleri aňyndan çykarmak üçin allanyň adyny gaýta-gaýta diline alýardy. Emma alada, howsala aýrylar ýaly däldi. Ol bu günem öýe gaýtmakçy däldi. Emma ýürek erki ona hökümini ýöredip, goja pähiminden üstün çykdy. Asyl ol hemişeki wagtyndanam birneme irräk ýola düşdi. Gazak gelniň öz derdi özüne ýetikdi. Ýöne ol şol ýagdaýynda-da adamsyny birhili begenmek bilen garşy aldy. Garry molla aýalynyň aýy-güni ýeten, bu gün-erte ýeňlemeli göwresini argynlyk bilen synlap, «bu gün näme üýtgeşiklik» diýen manyda garady. Gazak gelin adamsynyň ýüzündäki manyny okap durşuna: – Kelgen, kitgen-ä jok – diýip, gysgajyk jogap berdi. Garry molla düşegiň üstüne geçip, bilindäki guşagyny çözdi. Gapdalyna taşlanan ýassygy biline söýedi. «Alla janlarym, bu oglanyň gelýe-gelýesi geldi-de, özi gelmedi. Ýa-da...» Ol öňem müň bir gezek başynda aýlan oýlaryna dolandy. Onuň kimdendir birinden bu zatlaryň anygyna ýetesi gelýärdi. Emma kimden habar aljak? Garry molla eli tabakly gelen aýalyna sowal berdi. – By, Çowdur gaýradan geldimikä? – Jok, kelmegendir! «Be, Çowdur eglenýän bolsa, belki, şolar bilen eglenýändir. Belki...» Ol kellesine gelen pikirlerden näme edip, näme goýýanyny bilmedi. Şonuň üçin-de Nyýazsalyh mollanyň häzirki gelşine, Hydyr atanyň kömege gelşi diýip düşündi. – Häk, Nyýazsalyh, sen meniň çaşgyn wagtymda, aljyran pursadym ýetişmäň bar. Şu mahal sorasaň adymy tapmajak bolup otyryn men... Nyýazsalyh molla-da göwünsiz gürledi: – Eý, bir namazymy okadym-da, sendenem habar alaýyn diýip gaýdyberdim. Neneň, orak azalýormy? Döwletmämmet molla ýadaw gözlerini galdyrmady. Eger-de gabagyny galdyraýsa, ejizligi äleme äşgär, bolaýjak ýaly, ýere bakyp gürledi. – Gallanyň gitjek ýeri ýok welin, by araky gepiň yzy gelenok. Üregim bir turansoň elim işe baranok. Göwnüme ýene-de bir ýamanlygyň habary gelagajak ýaly bolup dur. Ýaşulularyň gürrüňi uzaga çekdi. Asmanda ertiriň açyk boljakdygyny buşlaýan irigöz ýyldyzlar ter ýüzleri bilen oba garaýardy. Dolan aý bolsa misli düýbüne merjen däneleri atylan dury çeşmäniň ýüzünde gaýyp ýören alma ýaly ýeňil hem owadan görünýärdi. – Bagtyňyzdan ertirem howa dury bor – diýip, Nyýazsalyh molla şu günki hojalyk işleri baradaky gürrüňleri jemledi. Garry molla-da göge garady. Ýöne ol aýyň öňüni gallaýan ýukajyk çal bulutlary halamady. Ýöne ony diline almady. – Menem onda turaýyn – diýip, gozganjyran Nyýazsalyh molla gürrüňiniň yzyny kesdi. Aňyrdan gelýän iki gara ony öý eýesindenem beteräk gyzyklandyran bora çemeli. Ol elini gözüne kölegeledip, nazary bilen garaňkynyň perdesini deşäýjek-deşäýjek boldy. – Boý-ow, seniň gözleriňde gurbat bar-ow, Nyýazsalyh, Meniň-ä gijede gözüm hiç zat kesenok. Garry mollanyň gürrüňi soňlanman galdy. Salam berip, Seýit owşar aşan bilen Adynageldi hanyň daşgynrak doganoglany Sädik içeri girdi. – Heýt, öýde-içde adam-gara barmydyr? Işikde oturan ýaşulular aňk-taňk galdylar. Garry molla öňem zordan tutup ýören süňňüni saklap bilmän elendi. Oňuň göwnüne gelen aýylganç pikirler goja göwresini ýere çüýledi. Ol süýrenip diýen ýaly içeri girdi. Öýde yşyk ýakyldy. Saçak çekildi. Emma gürrüňler biri-birine ýelimlenmän, emelsiziň bişiren talhany ýaly pytyrap gidýärdi. Garry molla-da, Nyýazsalyh molla-da gelenleriň habaryny eşitmäge hem alňasaýardylar, hem gorkýardylar. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, gelenlerem gürrüňi bir arapdan, birem şarapdan urýardylar. Seýit owşar işan Garry mollanyň ýüzüne garaman habaryny mälim ederli göründi. – Döwletmämmet, Nyýazsalyhýam bu ýerdeken. Bizem, byý, Sädik beg bile habarlyja geldik. Ilçilikdir, habaryňy ber diýseň, berip oturaly. Döwletmämmet molla ynjalmaýan ýüreginiň emrini beýan etdi. – Aga gelgen tabagyny gizlemez. Aýagyňyz bilen gelip, köňlüňizde baryňyzy diýmän gaýtmak bolmaz. Işan aňyrdan «şuny-şuny aýdaryn» diýip, düwünçege düwüp gelen geplerini unudan bora çemeli. Ol gyssandy. Ullakan ak ýaglygy bilen ýüzüniň kesmegini syrara getirip süpürindi. Soňam gark bolup barýanyň nazary bilen ýoldaşynyň ýüzüne garady. Uludan demini alyp, samyrdady. – Rugsatmydyr, Sädik beg? Rugsatmydyr? Işanyň howsalasy Sädige-de geçen borly. Olam aljyraňňy nazar bilen töweregine delminip garady. Ýöne sesini çykarmady. – Ä, ä. Dowlatmammet, seniň ýanyňa gudaçylyga geldik, biz-ä... Garry molla aňk-taňk boldy. Emma söz alyp galmady. – Gudaçylyga gyzla barylýandyr-la, işan, Sen, ýa-da... Seýit owşar işan gyzdy. – Hawwa, edil özi. Är öld-i, hatyn talak. Özüň ahun dersini hatym edip, naçary köýdürýeň. Sen gelniňi Adyna hana ber... Goý, bahty açylsyn... Garry mollanyň bükülen göwresi ýazyldy. Onuň gözleri, hut ynjydylan ýolbarsyňky ýaly lowurdady. – Heý, işan, şerigatyň depesine çykan bolsaň, türkmeniň dul gelni üçin gaýynynyň öýüne däl-de, atasynyň öýüne barylýandyr. Onsoňam... Işan onuň gepini agzyndan kakyp aldy. – Haýt, küpür sölleme. Şerigatyň, kowagatyň depesini deşen ýokdur. Bir biribaryň özi biler, onuň aslyny. Garry molla ysgynsyzlykdan ýüzüne monjuk-monjuk düzülen deri aýasy bilen süpürdi. – Sen, işan, meniň öýüme gelip, ojagymyň başynda beýle-beýle gürrüňleri etjek bolsaň, kowahatyňam bilmen, ahyretiňem. «Ýaman sözüň musurmany dinden çykarýanyny» unutma... Işan hem kem galmady. – Sen gam iýme, bir gyzlyh däl, iki gyzlyk mal getirmäge han razy... Ýöne... Garry mollanyň bolmajasy boldy. – Näme, oglum ölse, oglum ýokmy? Berjek bolsam. Malyny bolsa Adynageldi ejesiniň, atasynyň aşyna ýaratsyn. Özüňem, göteril öýden... Garry mollanyň gaharyna galdyrap oturan Sädik ýerinden laňňa galdy. Ol işigiň agzyna baransoň zorruk sesi bilen mydyrdady. – Han aýtdy, o ganjygy gijeler guýrugyny bulap, çyp-ýalaňaç bolup özüni güjeňläp ýörmesin diýdi. Döwletmämmet molla-da gazap bilen syçrap ýerinden galdy. Diňe Nyýazsalyh molla onuň öňüni gabsalansoň özüne geldi. – Goý, mollam, goý. Seni depeläni hudaý depelär. Döwletmämmet molla özüni keçäniň üstüne goýberdi. 5. Etrek derýasynyň siliniň joşguny birneme gowşady. Ýöne Magtymgulynyň ýüregine welin, görünmeýän silleriň täze bir, ägirt uly joşguny gelip goşulypdy. Ol joşgun ömür-ömür gowşar ýaly däldi. Baranlarynda birnäçe adam bolup baran bolsalar-da, gaýdanda Magtymgulyny, Çowdury tutuş Gyzylbaýyr ugratdy. Zübeýda, Haýdarguly, Miresen bolsa, onuň bilen Hajygowşana barýardy. Buzlypolat serdar hem atlylary bilen olary ugratmaga çykdy. Magtymguly iň yzdan diýen ýala, pyýadalap gelşine, Zübeýdanyň gapdaly bilen gelýän Hallygülden gözlerini aýryp bilmeýärdi. Göwnüne bolmasa ol gyzyň syraty ýüreginden çykyp, indem öz jaýyna girmese, ýaşamak asla mümkin däl ýalydy. Hallygülem aram-aram Magtymgula garap goýberýärdi. Emma bu Magtymgulyny asla kanagatlandyrmaýardy. Onuň bu gyza has ýakyn durasy, onuň bilen sözleşesi gelýärdi. Özem onuň ýanyndan aýrylyşasy gelmeýärdi. Emma munuň özi häzir asla mümkin däldi. Etrek çaýynyň ýalpaklanýan ýerinden atlylar geçip başlady. – Duruň, peläketler, näme aňyrda çagalaryňyz çyrlaşyp durmy? – Buzlypolat serdar derýanyň ortasyna ýetenlerem yzyna dolady. Ol Şyhym baýyň gapdalynda duran oba işanyňa ýüzlendi. – Işan aga, hany bir ak pata ber. Işanyň patasy gysga boldy. Soňra hemmeler ulagyna mündi. Magtymguly iň soňky sapar diýen ýaly, çykanynyň ýüzüne garady. Ýöne ýene-de hiç zat diýip bilmedi. Hallygülüň gözlerinden akýan bulaklar onuň ýüregine gelip guýulýan ýaly boldy. Ol dumanly gözlerini töweregine bir aýlady-da, ýuwaşja pyşyrdady. – Hoş galyň, garyndaşlar! Gyzylbaýyr, adamlar, Etrek derýasy yzda galdy. Emma Magtymgulynyň göwnüne bolsa, ol henizem Gyzylbaýyrda duran ýalydy, ol obadan näçe saýlandygyça, yzda galanlaryň keşbini aýdyň görýärdi. Olaryn arasynda Hallygülüň didary, ýaşly gözleri has aýan görünýärdi. Magtymgulynyň şunça ýyllap küýsän, arzuw eden ýerleri, Soňudagy, deňizden öwüsýän şypaly ýel, uç-gyraksyz sähralar ony gujak gerip garşy alýardy. Emma Magtymgulynyň ýüregine bent bolan ajaýyp keşp onuň gözlerini, bu ýerlere bolan ummasyz höwesiniň öňüni bentleýärdi. Onuň hyýaly ýene-de Gyzylbaýra gitdi. Düýn Zübeýdalar Magtymgulyny myhmançylyga, tagama çagyranlarynda Magtymgulynyň çykany bilen eden mylaýym gürrüňleri ýene-de onuň ýadyna düşdi. Hallygül Hajygowşandaky medresede okan ýyllaryny Magtymgulynyň ýadyna saldy. Hakykatynda, ol ýyllar Magtymgulynyň ýadyndan çykyp gidipdi. Ýogsa, kakasy Döwletmämmet mollanyň talap etmegi bilen sekiz-dokuz ýaşan oglanlar, hatda gyzlaram mekdebe gatnap başlapdylar. Olara Garry mollanyň özi ders berýärdi. Ondan bäri köp-köp ýyllar geçipdi. Magtymguly Hallygülleriň Hajygowşandan göçüp gaýdyşlaryny, daýzasynyň öz ejesini gujaklap aglaýşyny göz öňüne getirýärdi. Şonda Magtymgulynyň agasy Mämmetsapa hem olar bilen bile gidipdi. Ol öý ýüklenen düýäniň ýüküni düşürip alyp gelmelidi. Magtymguly şonda özüniňem aglap, gitjek bolşuny ýadyna salyp, özüniň şol wagtky bolşundan utandy. Ol Hallygüli şondan soň, Abdylla öýlenende, toý tutanlarynda görüpdi. Hallygül eýýäm ulygyz bolupdy. Magtymguly onuň ýüzündäki haljagazlary görüp: «Meňli, Meňli!» diýipdi. Daýzasy onuň bu gykylygyny eşidip: – A gyz, Arazwül, ogluň meniň gyzjagazyma Meňli dagy diýmäwersin. Ol Meňli dagy däldir, perişdeleriň goýan halydyr – diýip, ýarym oýunlyga, ýarym çyna salypdy. Magtymguly diňe çykanysyny görenden soň, şol gürrüňi ýadyna salypdy. Ol toýda Hallygülüň gyzlar bilen küýzeläp-küýzeläp suw çekişi, toýa eýemsiräp, ekabyrsyrap «Bolaweriň, geleweriň, jan doganlar!» diýip, gyzlary gyssaýşynam göz öňüne getiripdi. Soň Zübeýda daş çykandan soň: – Eger, sen gaty görmeseň, men saňa Meňli diýäýeýin – diýip, pyşyrdap diýen ýaly aýtdy. Hallygül sesini çykarmady. Ýöne Magtymgulynyň onuň ady barada gyzyklanmagy, onuň bilen şeýle uly höwes bileň sözleşýändigi gyzda uly kanagatlanma döredýändigi bildirip durdy. Magtymguly aýal doganynyňkyda Meňli bilen diýşen sözlerini ýada saljak boldy. Emma ol dil bilen däl-de, göz bilen, ýürek bilen has köpräk sözleşilendigini aňyp galdy. – Menem, güýz, nesip bolsa, bararyn! – Şu sözleri aýtmak üçin gyza nähili gujur gerek bolduka? Magtymguly häzir ol barada pikir etmeýärdi. Ony söýgüli gyzyň geljekdigi, onuň didaryny ýene-de bir gezek görjekdigi baradaky süýji duýgular heýjana salýardy. Ol häzir ýigrimi bäş ýaşyna çenli bedenine düşmedik, indem didaryny görüp, oňuň erkini, duýgularyny alan gyz barada, onuň kalbyna salan süýjülikleri barada oýlanjak bolýardy. Emma bolmady. Hallygülüň yzda, öz obasynda galandygy, belki, onuň indi hiç haçan görşüp bilmejekdigi baradaky ýowuz pikir onuň ýüregine kürsäp girdi. «Ýok, Meňli bilen hiç haçan beýle bolmaz. Men hudaýtagaladan gije-gündiz dilärin. Ähli pygamberlerden dilärin. Öwlüýälere älem dakaryn, garynjalara, guşlara iým dökerin. Däli-diwana bolaryn. Atama ýalbararyn. Emma...» Magtymgulynyň ýaşly gözleri töweregine dikildi. Öňde Giňjaýyň belent, ýaýylyp ýatan tagtasy bardy. Magtymguly atyň öňünde oturan inisiniň başyny sypady. Janesen obalaryna golaýlap gelýänine bolan begenjini daşyna çykarmaga höwür tapman oturan ýaly bolup begençli gürledi. – Däde, aý, däde. Biz indi toý ederis-ä? Atam diýýeýä, dädeleriň gelsin, onnoň uly toý tutaryn diýýe. Magtymguly ýylgyrdy. Inisiniň telpeklije başyny kükregine gysdy. Onuň göz öňüne ýene-de şol mähriban keşp dikeldi. Ol göýä Magtymgulynyň ýüreginde gunçalan arzuwlardan habarly ýaly bolup näzli ýylgyrýardy. Magtymgulynyň-da göwni ýaz ýaly açyldy. Göýä özüniň toýundaky kejebe seredýän ýaly bolup, ýoldaşlaryna garady. Soňam ýuwaşja, şeýle bir mähriban owaz bilen gürledi. – Toý ederis, Janesen jan, özem şeýle bir toý ederis. Horasany, Eýrany, Turany haýrana goýarys! Oglanjyk edil bir şol arzyly toýa barýan ýaly bolup begendi. Onuň atdan düşüp, pyýadalap Hajygowşana ýetäýesi geldi. Magtymgulynyň göwni göterildi. Ol Soňudagynyň ýaşyl derelerine çagalykdaky söýgüsi bilen garady. Göýä, bu ýerleri ilkinji gezek görýän ýaly bolup, atyny saklap, derelere tomaşa etdi. Gün guşluga galsa-da, dagyň guzaý tarapy bolany üçin, kerwen ýoluna kölge düşýärdi. Ýol bolsa dagň dereleriniň agzyndan diýen ýaly görünýärdi. Bir ýol telim deräniň girelgesini kesip geçeni üçin, her ýerde-her ýerde deräniň başyndan gaýdýan dury bulaklaryň üstünden geçmeli bolýardy. Häzir käkilikleriň suwlaýan wagty bora çemeli. Olar bulaklardan gapdaldaky baýra bakan ýorgalaşyp örüp barýardylar. Özlerem dakydyk-dakydyk edişip, şeýle. bir owadan owaz bilen saýraşýardylar. Göýä olar köp wagtlap gözden uçan ýigidiň watanyna dolanyp gelýänine adatdan daşary begenip, şatlyklaryny beýan edýän ýalydylar. Magtymguly bulagyň aňyrsyna geçensoň atdan düşdi. Soň onuň özem käkilikleriň yzy bilen ýorgalap, baýra çykdy. Ol bu etraplaryň jadyly gözelliginden serhoş bolup giden ýaly boldy. Soňudagyň dere-dere bolup ýatan gujagy, Hajygowşana tarap uzalyp gidýän ýaşyl jülge, kerwen-kerwen bolup, gaýraky ýaşyl syrçaly daglara çenli egin diräp gidýän baýyrlar... Ol arçaly, kerkawly deräniň birine nazaryny dikdi. Ýabany üzümden, dürli-dürli dag agaçlaryndan ýaňa sümme jeňnel bolup ýatan deräniň agzyna şahy burum-burum bolup giden çal goç kürsäp geldi. Soňam bir del ys alypmy ýa-da baýryň üstünde duran gara gözi düşüpmi, ýene-de şol bady bilen yzyna gitdi. Magtymguly ol goçy görüp, ilki gygyrjak boldy. Ýöne zordan saklandy. Ol beýlesine öwrülende bir süri käkilik güsürdäp uçup gitdi. Onuň bar derdi uçupdy. Ýüreginde diňe bu gözel ýerleriň suratyna orun bardy. Onuň bu ýerden gitmesi, tä gözi, göwni, ýüregi ganýança şu gözellik bilen ýeke-täk galasy gelýärdi. – Magtymguly, yssy düşmänkä ýeteliň. Ýöri, ýolumyz mundanam owadan bolmaly... Çowduryň atyň üstünden gygyrmasy ony ukudan oýaran ýaly boldy. Näalajam bolsa baýyrdan düşmeli boldy. Çünki aşakda adamlar oňa garaşyp, ýoldan galyp durdular. 6. Döwletmämmet molla ogluny görüp bozuldy. Ol özi bilen deňdeş bolup, başyny kükregine goýup «Emme jan, emme jan!» diýip, yzylap duranyň öz ogludygyna ynanmajak bolup duran goja göwnüne teselli bermäge-de ýetişmedi. Töwerekdäki adamlar, onuň öz çagalary, hatda Çowduram Garry mollanyň ejizlänini ilkinji gezek görýärdiler. Şonuň üçinem gözüne düşen çyg damjalaryny hiç kim gizläp durjak bolmady. Magtymgulynyň gaýdyp gelmegine tutuş oba begendi. Mundan üç ýyl öňem gözlerine oglan ýaly görnen ýigidiň salykatly keşbi, nurana ýüzi her kimiň hoşuna gelýärdi. Garry molla joşdy. Täze bugdaýyň unundan birnäçe tamdyr çörek bişirildi. Çowdur bolsa Garry mollanyň aýalynyň ýylyny bererine saklap ýören janlysyny öldürmäge kes-kellämi garşy bolup, işiginden semiz işegi getirip soýdy. – Häk, bir at çapyşygy bilen göreşi kem-däýt, ýoksam, tap toý boluberdem – diýip, Öwez aga özüniň ýalňyz ogly alyslardan bir ýerden gaýdyp gelen ýaly, begenjini gaýta-gaýta daşyna çykarýardy. – Hemmesem bor, enşalla. Entejik birneme sabyr bersin – diýip, Garry molla-da oglunyň golaýragynda bolanyny kem görmeýärdi. Agşamara bu ýere ýygnanýanlaryň şowhuny barha artdy. Uly oduň başyna düşekler çar-para atyldy. Köpden bäri beýle üýşmeleňi, şagalaňy görmedik çagalaryň göhi gelipdi. Olar obanyň gaýrasynda edil bir miweli baga garasar çozan ýaly ala-zenzele bolup oýnaýardylar. Diňe ulular gürrüňiň başlaryna şeýle uly sabyrsyzlyk bilen garaşyp otyrdylar. Oturanlara nahar çekildi. Saçaklar ýygnalyp tebärek çykylan soň, adamlar Magtymgula bakan ýygjamlaşdylar. Ýöne häzir Çowduram özüniň gören-eşidenlerini gürrüň bermegi ýüregine düwýärdi. Nahardan soň känbir garaşman Paraw obasyna gidip-gelşi, ol ýerde bolan gürrüňler barada aýtmakçy boldy. Emma Öwez aga onuň badyny aldy. Seýit owşar işanyň ýüzüni garaňka tutup gelmegi Garry mollanyň göwrümini daraltjak boldy. Onuň göwnüne bolmasa, bu adam ýene-de bir ýürek bulandyryjy gep bilen geläýen ýalydy. Ýöne ol her näme-de bolsa, syr bildirmedi. – Duwlatmammet molla, wöziň aýadyňdyr, how. Ogluň gelipdir, how! Ol eplem-büklem bolup, gürrüň bilen onuň gelenindenem habarsyz Magtymgulynyň eginlerini sypalady. – Haý, haý. Ýigit diýeniň şuň ýalaý bolagaýsa. Ýigit diýeniň şeýle bolaýsa. Gel, bir görüşeli. Gel, bir el alşaly. Magtymguly oturan ýerinden syçrap turup, iki eli bilen görüşdi. – Baý, bah, Duwlatmammet, goşa toýuňy tutuber, ogluň är çykyp gelipdir. Ogluň ýetse öýer, gyzyň ýetse çykar. Işanyň samramasy gutarmady. Ol oturansoňam kimedir birine bir zatlar diýip gygyrýardy. – Wah, nebir hezzetlenip, hormatlanyp otyrdyk. By-ýa gelip mazamyzy al-dow – diýip, ýaňy Magtymgulynyň gürrüňlerine gyzygan Öwez aga beýlesine garap dillendi. Işanyň bolsa piňine-de däldi. Ol öňüne tagam, nan goýup ýören ýigitlere: – Ýaňyja öýden elimi süpüripler gaýtdym. Tagamy zaýa etmäň – diýip gygyrýardy. Özi welin eltilen tabagy öňüne alyp, onuň içini çemçe bilen kürekleýärdi. – Häk, bu tagamyň süýji bolaýşyny. Munuň ýala zady Nedir şanyň döwründen bäri dişimi ezip gören däldirin. Päh, päh, bereket bersin. Işan iýip oturyşyna-da, Döwletmämmet mollanyň mertebesini mahabatlandyryp, döwletini öwüp, nämedir bir zatlar samraýardy. Öz ýanyndan Magtymgula, bu oturanlaryň ählisine ýagşy dilegler edýärdi. Onuň bu dogalary oturanlaryň hiç biriniň gulagyna ilenokdy. Garry molla bolsa oňa asylam ynananokdy. Seýit owşar işan nahar iýip oturyşyna üzlem-saplam gürledi: – Duwlamammat mollanyň atasynyň at dakylany medresäni hatym edip, ahunlar patasyna makul olupdyr deýip eşitdim. Begendim... Ol naharly tabagynyň içine barmagyndaky ýüzügini gaçyran ýaly bolup oturyşyna, ýene-de gürledi. – Göreli, göreli hany, name katga berdiler saňa, Maktymguly ogul... Magtymguly nähili-de bolsa, bu ýaşuly adamyň gepini gulagynyň duşundan geçirenokdy. Asyl, oba adamlarynyň ählisi ýaly, Garry mollanyň özem gyzygýardy. Şonuň üçin işanyň sowaly-da oňa birhili gyzykly bolup göründi. Ýöne oglunyň howlukmaýşy, onda nähilidir bir müňkürlik döretdi. Garry molla oglunyň medresede, onda-da ady Horasana, Horezme, Eýran, Turana, Hindistana ýaýran abraýly medresede okamagyny isleýärdi. Ýöne ol ogluna «indi okan okuwyň, alan ylmyň besdir, oba dolan» diýip hat ýazanda, oglunyň okuwyndan tamasyny üzüpdi. Onuň göwnündäki besläni boldy. Özem ogly ony mähetdel etmedi. Onuň çen tutan çakynda eglenmän oba dolandy. Elbetde, bu döwürde medrese tamamlap bolmaýandygyny diňe Döwletmämmet molla däl, aňrujy okuw beýlekiden çala başy çykýanyň ählisiniň akly çatýardy. Ýöne nähilidir bir gizlin duýgy oňy belli bir zat aýtmakdan saklaýardy. Ýöne ol oturyp-oturyp, hat ýazanyna puşman edýärdi. Oglunyň medresäni hatym etmän gaýtjagy barada öň oýlanmandygyna puşman edýärdi. Ony ynjalykdan gaçyrýan esasy zat bolsa, ýanynda halypasynyň ýoklugydy. Garry mollanyň aklynyň çatyşyça, Nury Kazym halypa eýle-beýle zat üçin ondan aýrylyşmaly däldi. Ol gyssandy. Bu zatlaryň bary hakynda soraşdyryp, sowallaryň aslyna ýetesi geldi. Ýöne munuň özi häzir asla mümkinem däldi, Garry molla özüni zordan tutup, başyndaky pikirleri dargatmak üçin Seýit owşar işanyň okaýan uzyn dogalaryny yzarlady. Dogrusyny aýtsaň, Garry mollanyň bu işanyň doga sanaýşyna ýuwaşlyk bilen gözi gidýärdi. Dogany owazly, çalt, düşnükli sanamakda bu işanyň aýratyn zehini bar hasap edýärdi. Araplaryň, pars kowumlarynyň arasynda gaty köp bolansoň, Seýit owşar işan doganyň sözlerini basymy, manysy, mazmuny bilen dogry sanaýardy. Emma Garry molla özüniň doga okaýşynda Buhara, Hywa halypalarynyň äheňini güýçli hasaplaýardy. Olarda sözleriň arapça däl-de, türküçe basymy güýçlüdi. Bu ýagdaý isleseň-islemeseňem ökdäniň ýanynda aýbyny ýaşyryp duranokdy... Işan omynyny gutaryp ellerini ýüzüne ýetirdi. – Haýt, oglan, suw alyň gola. – Işanyň sözüni uzyn gägirmesi bozdy. Ol göýä, ellemesiz zada tötänlikde goluny batyran ýaly edip, barmaklary gylly elini öňe, uzadyp ep-esli oturdy. Soň elini ýuwup, ullakan ak ýaglygyna süpürip-süpürmänkä, ýene-de öňki heňine tutdy. – Duwlatmammet, ogluň getiren fatkasyny indi görübersegem bolar, nesip bolsa, tagam paýymyz-a tamam... Magtymguly golaýragynda oturan atasynyň ýüzüne garady. Emma, bu garaýşy Garry molla bilgeşleýin görmezlige saldy. Çünki oglunda nämäniň bardygyndan, nämäniň ýokdugyndan onuň özem habarsyzdy. Häzir ogluna bir zat diýmek ony kiçeltmekdi. Onuň bolsa, goý, medresäni hatym etmäninde-de ogluny kiçeldesi gelmeýärdi. Megerem, Magtymguly-da, atasynyň ýüzündäki bu manyny okady. Ol usullyk bilen ýerinden turup öýe girdi. Öýden çykanda bolsa onuň golunda surnaýyň sapy ýaly edilip pugta dolanan ýüpek kagyzy oturanlaryň bary gördi. Ol buýsanç bilen önki oturan ýerine geçdi. Oduň ýalkymyna täsin öwüşgin bilen lowurdaýan kagyzy Çowduryň eline berdi. Çowdur ylla bir üýtgeşik gudraty bolan zady gola salan ýaly edip, ony iki elinde saklady. Soňam eltip Döwletmämmet mollanyň etegine atdy. Garry molla beýle bolaryna garaşmadyk borly. Dolangy kagyzy uly gadyr bilen maňlaýyna ýetirdi. Soňam göýä bir aýyň gaýmagynda edilen ýaly bolup lowurdap duran kagyzyň gatyny emaý bilen açdy. Soň ony gözüne golaý getirip, ep-esli saklandy. – Çowdur, oglum, elt, görsün işan agaň. – Ol bu sözleri şeýle bir ýuwaş aýtdy. Hut şonda-da, tutuş oturanlar bu gürrüňi eşitdiler. Seýit owşar işan kagyzyň dolagyny şatyrdadyp çözmek bilen öň beýle-beýle kagyzlary gaty köp görendigini aňlatjak boldy. Emma ýukajyk ýüpek kagyzyň tomus gijesiniň ýukajyk çygyna ýelimlenen gaty onuň diýenini etmedi. Gödek barmaklaryň, gurbatyna onuň gyrasy ýyrtyldy. Öňem şeýle uly gudrata garaýan ýaly bolşup oturan adamlaryň ýelinde ätiýaç bilen saklanyp duran käse tötänden ýere gaçyp, çat açan ýaly boldy. Adamlaryň ählisi «wah-da, wah» bolşanlaryndan soň, işan özüni oňaýsyz duýdy. Ýöne olam gaçalga tapdy: – Haý, şuý, Hywa, Hywa diýip ýörik, amma parsy ýurdy ýalak ýurt bolmaz. Onuň kagyzyny dembermez bilen deşämeseň ýyrtyp bilämersiň. Hywanyň kagyzy eliňe almakaň jirilip barýar. Işanyň bu sözi adamlaryň ünsüni başga ugra sowardan ejizdi. Ýöne ol ony oýlanyp-ölçeribem oturmady. Dyrmalaşdyryp-dyrmalaşdyryp, kagyzyň gatyny açdy. – Heýt, oglan, oda ýalaw bolar ýalagrak çyrpy odun taşla. Wöz bamy bizze... Oduň ýalawy kagyza ýagşy düşýärdi. Işan bolsa oňuň ýüzünde gözüni görjek bolýan ýaly, çiňňerilip-çiňňerilip garaýardy. – Haý, öz-ä, Hywanyň okuwam indi şeýtanyň doga sanaýşyna baran bolmakga çemli. Bizleriň ata-babalarymyz ömrüni okap geçirse-de, fatga gözi düşmezdi. Muňa gara, üç ýylda medresäni tükedipdi diýip fatga beribdirle. Häk... Işanyň sesi birhili gyryk çykýardy. Ol näçe göwnüýetmezçilik etmek islese-de, içinden ot bolup lowlaýan bahyllyk duýgularyna basalyk berip bilenokdy. Şol duýgular oňa sypaýyçylyk etmäge, kiçi dilden bärdenem bolsa mübäreklemäge ýol bermeýärdi. Ol ahyry kagyzyň epinini goýberdi. Kagyz turba şekiline aýlanyp, onuň etegine gaçdy. – Ma, çaganyň-çülpäniň goly ýeterden beýigräkde goýuň, birden, alakgadan ýyrtyp taşlagamasynlar. Günäsi uly bolar... Magtymgulynyň medresäni gutaryp gelendigi baradaky guwanç beýleki oturanlaryň ýüreginde begenç yşygyny ýakýardy. Olardan häzir: «Näme üçin beýle begenýärsiň?» diýip sorasaň, birem bu sowala jogap berip biljek däldi. Dogrusy, bu sowaly berip biljek adamam tapyljak däldi. Çünki, bu etraplarda, arap haty ýazylan kagyzy her kim, her kim ellese, günäsi gaty uly bormuş diýen gürrüň gaty ýörgünli bolsa-da, Hywadan gelen bu haty hemmeleriň göresi, ýüzüke sylasy gelýärdi. Çowdur bolsa oduň ýagtysyna her kimiň ýanyna eltip, haty görkezýärdi. Dogrusy, häzir hat okap, ýa-da okamak meýli bilen oturan adam ýok diýen ýalydy. Asyl, me, şuny oka – diýeniňde, okap biljegi hem bir-iki çykjakdy. Ýöne adamlaryň yhlasyny gaýtarmaly däldi. Olar sarymtyl kagyzyň ýüzünde badamyň yzy ýaly bolup duran möhürleri synlap oňýardylar. Sary kagyza tomsuň howry bilen gowrulan dodaklaryny degirýärdiler. – Işan aga, sizleriň sesiňiz çykanýok, Maktymkul aganyň patgasy sizlere ýaramoýormy? – Nyýazsalyh mollanyň belent äheň bilen degişme görnüşinde beren sowalyny oturanlar makullasalar-da, işan halamadyk borly. Ol bu gürrüňi eşitmediksiräp, mesisini çekişdirdi. – Duwlatmammet, toýuň toýa ulaşsyn. Men turdum. – Işanyň turmak bilen bolmagy, onuň ýüz tapmadygynyň alamatydy. Eger ol sähel gepi-sözi diňlense, ýerinden galmany bilmän, sakyrdap-sakyrdap namazyny geçirýän adamdygyny Garry molla gowy bilýärdi. Eger häzir şu obanyň garawsyzrak garybynyň birini, ýa-da ýaşlary eljiredip, ýedi ýylda, bermeli patany üç ýylda berip goýberýän Hywa hadymlaryny ýamanlap başlasaň, işan gürläninde-de ugruna kowup, sözüne «hä» berseň, onuň daň atýança-da şu ýerden turmajakdygyny Nyýazsalyh molla-da bilýärdi. Şonuň üçinem işany hiç kim saklajak bolmady. – Häk, ogul, ogul, sen açjyk irräk togmaly ekeniň. Şu dyzmaçlygyň bilen Nedirguly şanyň hyzmatynda duran bolsaň, ol seni külli Turanyň şeribi eýlärdi. Giç, giç. Seniň pathaňda ikgi däl, ýedi möhür bolanynda-da peýdasy ýok, indi. Seniň alan ylmyň haýsy medresä ýaraşyk bolsun. Seniň alymlygyň nämäniň alyndan onsoň. Gedaýlaryň arasynda senem geda bolarsyň. Şalaryň arasynda senem şa bolardyň. Giç, giç, haýyp... Işanyň hüňürdäp aýdyp barýan gepleri ony ugradyp barýan Magtymgulyny göni ýolda büdreden ýaly boldy. Ol sakga aýak çekdi. Göwnüne, mundan aňry gitse, işan onuň söz bilen gözüni baglap, düýpsiz uçutdan aşaklygyna goýberäýjek ýaly duýuldy. Ýöne özleriniň öýüniň işiginde belentden ýakylan odun töwereginde mesaýy gürrüň edişip oturan adamlar, atasynyň danadan ägirt keşbi, Watana hemişelik gaýdyp gelendigi baradaky süýji duýgy oňa ýigitlik kuwwatyny gaýtaryn berdi. Ol bu süýji duýgularyň şerbetini süňňüne siňdirmek üçin ýuwaşja ýöräp yzyna gaýtdy. 7. Adynageldi han indi birnäçe günden bäri alahumar bolup ýördi. Döwletmämmet mollanyň Seýit owşar işanyň habaryny alman yzyna gaýtarmagy hanyň ýüreginde nähilidir bir inçejik namys oýardy. Ol işanyň getiren habaryny diňläp, aklyna aýlanjak ýaly boldy. Iki sany çynar ýaly ogluny aldyran adamyň dul galan gelnini üçünji aýal etmek üçin gudaçylyga barmak aýyp ýaly hem bolup göründi... Ölüm, aýraçylyk, olaryň çekip-çydardan agyr dagy onuň süňňüni birhili agraldyp, nämeleriňdir bir zatlaryň özüniň başynda-da bardygy baradaky duýgyny ýadyna saldy durdy. Emma duýgusynyň dili lal bolan, ýüreginiň sesini diňlemegi, il derdini öz egninde tereziläp görmedik pyýada, işanyň: «Hudaýdan bidin çöp başy gymyldamaz. Senem gitseň hudanyň yradasy birle gidiýeň-dä» diýip durmagy, onuň şol inçejik namys sapagynyň üzmegine sebäp boldy. Onuň deregine öýkäniň, gaharyň ägirt uly sili onuň ganyny garaltdy. Ýeňse damarlaryny dadranyň köki ýaly sör-söbe etdi. «Är öldi, hatyn talak» diýip, ata-babalar döräli bäri aýdyl-diýip gelýe. Emma, bu garry göhert meni ile metgi eýlemek isteýe, han-ha, özi ogly-gyzy bilen ýaşyt çagany heleý edinip ýörýe ahyr. Näme, ogly öldi diýip bir bendäniň çagasyny garrydyp, ýörmelimi? Aý, ýok, meniň özüm akmak. Onuň ýaly garry sanaja sala salman, şol gije ol akýal gelni alyp gaýdybermeli ekenim. Häk, adam çig süýt emen-dä...» Han müň bir oýuň gyrasyndan barsa-da, özüne ýer tapmaýardy. Akgyzyň dul etine ýagşy münüp, syrdamlaşan göwresi, inçesagt göwrede aňsat bolmaýan terezilenip duran göwüsleri, inçe biline söýget bolup topugyna ýeteýin diýýän örüm saçy hanyň erkini elinden alyp, öýde rahatlyk bermeýärdi. Ol çeşmäniň başynda adaty türkmen gelnini däl-de, aýdan-günden azaşyp ýere düşen perizady gören ýalydy. Aýal maşgala hiç haçan rehim, ýukaýüreklik edip garamadyk han oturyp-oturyp özüniň beýle halyna haýran galýardy. Soň ýene-de karar tapman daş çykýardy. Ol şu günem öýe, ile sygman ýörşüne belli bahanasy bolmasa-da çeşmäniň boýuna, Garry mollanyň syrgynynyň töwereklerine at üstünden aýlanyp gaýtdy. Onuň özi at üstünde bolsa-da, gözi, göwni başga ýerdedi. Özüniň göwnüne düwen pikirine ýetmek üçin bolsa her zatlara baş urmaga taýýardy. Han öýlänara ýene-de öýüne gelip, Seýit owşar işany ýanyna çagyrtdy. Işan ony mähetdel etmedi. Ýöne hanyň beren sowalyna welin, näçe sapalak atsa-da, birbada jogap berip bilmedi. – Him, Nedir şa munuň ýalak, bir gelne aşyk bolanda näme ederdi diýdiňizmi? Işan mys-mys edip güldi. Ol häzir bu gepe gülmän, hanyň ejizliginiň, lellimliginiň üstünden gülýärdi. Ol ep-esli wagtlap hakyky sypatyna girip bilmedi. – Nedirguly jan gelin-kyz istese, olaryň özi aýagy birle däl-de, başy birle uçup geliýedi, han. Nedir şa bolan bolsa, seniň deý üregi ýukalyk edip oturmazdy. Onça-munça iliň ýurdunda ýumurtga togalab ibererdi. Han ýene-de sanjy bilen urýan ýüregine geňeş saldy. «Näme etmeli?» Onuň ýüregi bolsa: «Her zat etmeli welin, almaly!» diýip yşarat etdi. Häzir hanyň gözüne başga zat ilmedi. Ol gözüniň ganly çylgymlaryny lowurdadyp, işana garady. – Işan aga, agşam, ýigitler bilen çozup, şol gelni berse-de alyp gaýtsak, bermese-de alyp gaýtsak neneň bolar? Işan sakgalyny titredip saklandy, soňam hanyň tolgunmasy bilen ugurdaş gopdy. – Haý, berekella, han. Häzir Nedirguly jan bolan bolsady, är jigit ekeniň diýýerdi... Han özüniň çözgüdine diýseň begendi. Ol Hallyjygy çagyryp, nökerlerden on sany atlynyň häzir, bolmagyny talap etdi. Özem gelni alyp gaçmagyň, ony ýerleşdirmegiň gamyny iýdi. Diňe şondan soň onuň gyzgyn göwnüne çeşme suwy sepilip, birneme howry peselen ýaly boldy. Adynageldi han gökleňleriň dodurga tiresinden bolup, özem Söýün baýyň ýalňyz ogludy. Söýün baýyň ata-babalary gadym wagtda Wasda gaty köplük bolup oturypdyrlar. Emma ýyllar kowum-garyndaşlaryň arasyna agzalalyk salypdyr. Şol al bolsa olaryň aksakgallarynyň dilinde mesgen tutupdyr. Şeýdibem, ol al aksakgala diýmesiz bir sözi diýdiripdir. Ol sözi Adynageldi heniz ýaş wagty atasyndan eşidipdi. «Külüňizden köp boluň. Ikiň bir ýerde öý tutmaň. Bile dogluň, biri-biriňizden ganym duşmanyň bolmasyn!» Şol aksakgalyň gargyşy Adynageldiniň başyna-da geldi. Ol ilden-günden jyda düşdi. Garyndaşlary, kowumdaşlary çör sepelenen ýaly bolup, dumly-duşa pytrap gitdi. Ýöne ol özüni bagty gelen hasap edýärdi. Söýün baý oglunyň Horasan begleriniň biri bolmagy üçin ähli baýlygyny harçlady. Nedir şanyň ýolundan süri-süri goýunly çykdy. Gürgen, Maşat hanlary bilen saçakly gatnaşdy. Ine, şeýdibem ogluny öz obasynyň dikmesi etdi. Indem, Nedir ölenden soň, diňe bir Eýran däl, külli Horasan, Horezm şasyz galdy. Nedire meňzejek bolmak, ýurduň hany bolmaga özüni taýýarlamak üçin han alada galýardy. Öýünde, gapygullarynyň, nökerleriniň ýanynda özüni külli älemiň şasy däldirin öýtmeýärdi. Onuň has hem gazaply görnesi, tutuş Hajygowşana emr edesi gelýärdi. Garry mollanyň, Nyýazsalyh mollanyň, beýleki gökleň, gerkez ýaşulularynyň edil ekdi guş ýaly, töwereginde pyrlanyp ýörmegini isleýärdi. Emma hany ünjä goýýan başga bir zat bardy. Ol dilinde batyrlyk etse-de, ýüreginde bir gowşaklygyň bardygyny bilýärdi. Heran-haçan dikleşmeli bolaýsa, onuň bu aýby uly ile aýan boljakdy. Şonuň üçin ol Garry molladan çeträkde duranyny kem görmeýärdi. Ýöne Ahmet Dürranynyň Permannamasyna öz adynyň düşmegi, hany has ekezlendirdi. Onuň oturyp-oturyp Garry molla, asyl Hajygowşanyň özüni oňarýanyna agyz urasy gelýärdi. Öz güýjüni synasy, agramyny ölçäsi gelýärdi. Ol şol hyjuw bilenem tekeleriň, ýomutlaryň hanyny kabul edipdi. Şol niýet bilen Parawa rowana bolupdy. Ol ýerdäki gürrüňler, men-men diýen hanlaryň arasyndaky agzalalyklar onuň jebegesini daraltdy. Ylaýta-da Buzlypolat serdaryň «logo-logasy» – (han onuň sözüne «loga-loga» diýip atlandyrýardy) onuň aňyrsyny bäri getirdi. Ol aslynda Buzlypolady oglanlykdan halamaýardy. Buzlypolat gerkez bolup, oglanlygyndan at münmäge, gylyç oýnamaga gaty ezber bolup çykdy. Onuň mundan başga-da garadan gaýtmazlyk häsiýeti bardy. Han onuň şol häsiýetini hiç halamaýardy. Ol batyrlygy näçe islese-de, Buzlypoladyň yzyna eýerip biljek däldi. Buzlypoladam Adynageldiniň bu namartlygyny aýap durmazdy. Märekede-de, meýlisde-de, ýekelikde-de ony masgaralardy. Oglanlykdan başlan bu basdaşlyk olar ýigit çykansoň ot alyp tutaşdy. Adynageldi han Hajygowşany sorap başlandan soňky bolan waka bolsa Buzlypoladyň, gerkezleriň bir toparynyň Gyzyl baýra göçmegine sebäp boldy. Han häzir ol zatlara dolanmak islemedi. Ol şol garma-gürme oýlardan çykasy gelipmi, ýa-da atlylaryň taýýarlygyny görüpmi, daş çykdy. Atlar taýýardy. Hanyň ýigitleri bolsa atýatagyň aňyrsyndaky tekiz meýdanda düzzüm oýnaýardylar. Ol bu bolşy baş-başdaklyk hasaplady. Ýöne dişini gysdy. Häzir ol gahar-gazabyň ýeri däl-de, alamançylygyň öň ýanyndadygyny süňňi bilen syzýardy. «Men kürt gyrnaklarynyň gör, näçesini alyp geldim. Bujagaz gyrnajyk dagy näme? Gyzylbaş hany üstüňe çozup, kowgulap, depäňde gylyç oýnatjak däl. El ýaly garry. Ol dagy nämemiş?» Han ekezlendi. Ol göwnüne şu wagt gelen pikiri timarlady. «Ýa, şu güpbasdylykda onuň özünem balalarynyň yzyndan iberäýmelimi? Äý, atanlykda oglanlaryň biri tyg çekipdir-dä diýäýmeli bolar-da, garry şeýtany». Ol özüniň ham-hyýallarynyň siline gark bolup barýana döndi. Giň jahan gözüne dar göründi. Göwnüne, içeri girse derdine derman tapaýjak ýaly boldy. Ilkagşamyň salkynjak şemaly nirelerden bir ýerden samanyň dymyljak ysyny getirýärdi. Goýalyp başlan garaňkylyk hanyň dünýäsini hasam daraltdy. Ol gaňtarylgy atlara garady. «Hany, atlanalyň!» diýmek isledi. Ýöne diline gelen başga sözi aýtdy. – Baryň, işan agany çagyryň! – Belli adama aýdylmany üçin, ahyryň üstünde ýüpe düzülen garga ýaly bolşup oturan adamlaryň hiç biri gozganmady. Han zähresi ýarylan ýaly bolup gygyrdy. – Gulagyňyz gapyldymy, ýal ýagylary? Birbada üç adam omadak-da, çomadak bolup, metjide tarap ylgady. Han köp garaşmady. Gidenler hasanaklaşyp geldiler. Ýöne gürlemäge olaryň birem milt edip bilmedi. Ahyry hanyň başdaş aýalynyň daşgynrak garyndaşlarynyň biri ýagdaýy aýtdy. – Han aga, işan Döwletmämmet mollanyňka, göz aýdyňa gidipdir. – Ol nämäniň göz aýdyňy? – Han işanyň gitmeginiň näme bilen baglydygyny bilmäge howlukdy, ýöne ol işanyň öz aladasy üçin gidenligine ynanyp, goja ýüregi tyrsyldap gitdi. – Garry mollanyň ogly gelipdir. Küren oba şoňa gitdi. Hanyň ýüregi ýarylma hetdine ýetdi. – Haýsy ogly?!. – Magtymgulysy! Han göýä bir gökden ýere atylan äpet soky daşy ýaly bolup, takyr ýere agyp düşdi. Onuň ýanynda, duranlar bir hana, birem onuň zyňlyp, ep-esli ýere tigirlenip giden telpegine garanjaklaşyp, aňalyşyp ep-esli durdular. Şol wagt nökerleriň biri arwahyňky ýaly aýylganç gygyrdy: – Gelneje, gelneje... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |