23:47 Pyragy -25/ romanyñ soñy | |
Şahruh şa ertir namazyndan soň howlukman iýip-içdi. Horasanyň dürli ýerlerinden gelen söwdagärleri, hanlary, bezirgenleri kabul etdi. Ol Astrabat häkiminiň özüniň çözmeli meselelerine-de gatyşdy. Soňra bolsa Maşada çaparlar gönderdi. Işini boldum edenden soňam, oýlanyp köp oturdy.
Taryhy proza
Ol Magtymgulyny kabul etmäge howlukmaýardy. Sebäbi Şahruh türkmenlerden diýseň gorkýardy. Geçmiş taryh, sypaýylaryň gürrüňi türkmenleriň Nedir şaha-da guýruk tutdurmandygyny rowaýata öwrüp aýdýardylar. Keýmir kör diýen biri bilen atasynyň arasynda bolan gürrüňi külli kowumlary bilýärdi. Ol Keýmir körüň henizem diridigini eşidip, birden öz üstüne geläýmeginden hem ätiýaç etmän duranokdy. Ýöne Magtymgulyny Keýmir kere görä ejizräkdir, bendedir hasap edýärdi. Şonda-da pikirini durlap, oňa beräýjek sowallaryny, alaýjak jogaplaryny külterläp, sözüne söz, pikirine pikir bilen badak atmagy başaranokdy. Ýöne ol ýüregindäki başy ýarmasa bolmajakdygyny aňyp, gün ýaňy agyp başlanda Magtymgulyny getirmeklerini buýurdy. Magtymgulynyň ýagdaýy Şahruh şanyň göz öňüne getirişinden has beterdi. Ol Astrabadyň zyndanhanasynda ýörite salnan göz tussaghanada gama gark bolup otyrdy. Ol şol oturyşyna hudaýdan mertlik, erk dileýärdi. Çünki, bu zyndanlardan, gyzylbaşlaryň kerebinden bu gün-erte çykyp, gözel iline, göz guwanjy Watanyna dolanyp bilmejekdigine gowy düşünýärdi. Günüň dowamynda telim gezek gelip, şalyk egin-eşikleri geýmegi teklip edýän biri-birinden gyňyr hyzmatkärler, iňirdiler, haýbatlar onuň ysgynyny almak bilen, eýýäm bizar edipdiler. Zyndandakylar üçin ýörite taýýarlanylýan nandan özge hiç zat datmany üçin, onuň ýüzüniň gasynlary ýognap, gözleriniň asty halkalanypdy. Egnindäki eşigi halparyp, ony has hor, has ejiz görkezýärdi. Ýöne özüniň bu halyny känbir duýmansoň, gelýänleriň haýbatyna sowukganlylyk, agraslyk bilen jogap berýärdi. – Geýin, köşge, şahy älem Şahruh şanyň huzuryna gitmeli! – Gapy jarkyldap açylanda garamadyk Magtymguly türkmen dilinde sözleýän nökeriň ýüzüne gyzyklanma we geň galma bilen garady. – Men taýýar. Eşiklerim abat. Maňa patyşalyh püşeşler derkar däl... Nöker sesini çykarman çykyp gitdi. Ep-esli eglenibem, ýene-de gapyny jygyldadyp içeri girdi. Soň ýuwaşja gürledi. – Magtymguly aga, siziň yzyňyzdan gelen bolmazmyka? Bizi bu zalymlar aman sypdyrmazlar. Meniň bu zyndana, düşenime ýigrimi ýyl boldy. Alladan umydym üzük, akymy ýitirip, takdyra ten berip gezip ýörün. Şol wagt şakyrdaşyp gelen gyzylbaşlar Magtymgulyny südenekledip zyndanhanadan alyp çykdylar. Soňam seleňläp duran minaralar bilen gurşalan welaýet köşgüne barýan çola köçe düşdüler. Magtymguly öňünden, yzyndan sap guraşyp gelýän gyzylbaşlaryň arasynda agyr günä etmekde aýyplanýan bendi ýaly bolup barýardy. Magtymgulynyň, bolşuna Şahruhuň ýüregi ýarylara geldi. Onuň çorbalanyp, ýeri zordan saýgaryp duran bäbenekleriniň hanasy sorkuldady. Hut şonuň üçin-de, düşnüksiz dilde aýylganç-aýylganç gygyrdy. Sesi köşge düşüp, misli taýyny aldyran aç ýolbarsyň sesi ýaly ýaňlanyp gitdi. Bu sesi eşiden wezir-wekiller, emeldarlar, hyzmatkärler, gyzylbaş sakçylar – bary göýä namaz okaýan ýaly bolşup tükge düşdüler. Diňe Magtymguly ysgynsyz aýaklarynyň üstünde zordan saklanýardy. Şahruh ep-esli wagt sesini çykarmansoň, Mämmedemin mürze, wezirler onuň daşyny galladylar. Soňra oňa nämedir bir zatlary beýan edip, nobatma-nobat sözleşýärdiler. Emma Şahruh açylmady. Ol bu gün adam kabul etmekden ýüz dönderdi. Ertesi guşluk çagy getirilen Magtymguly Şahruhy düýbünden başga görnüşde gördi. Ol geçniňki ýaly çöpürlek, çokga sakgalyny liňkildedip, pars dilinde keýpi kök gürledi. – Hormatly türkmen, töre geçiň, biziň törümiz siziň törüňiz. Magtymguly salamdan soň, birneme sägindi. Şanyň aýdanyny türkmen diline öwürdiler. Emma Magtymguly: – Hormatly Şahruh, türkmenler maňlaýynda näme baryny bilmeselerem, özlerini törde oturtmak üçin çagyrdylarmy ýa-da zyndanda orun bermek üçin getirdilermi, muny gaty gowy bilýändirler. Siz entekler törüňizi aýaň, onda orun aljaklarymyzam ýok däl ýaly-la – diýip, pars dilinde suwara gürledi. Şahruh bu türkmen ýigidiňin pars dilinde şeýle arassa gürleýşine haýran galmak bilen, Magtymgulynyň sözlerine känbir ünsem berip bilmedi. Şonuň üçin gapdalyndaky wezirlere, geňeşdarlara «näme diýdi?» diýen manyda göz ümledi. Bu sözleriň manysyna ýagşy düşünensoň, has çynlakaý görnüşe girdi. – Türkmenleriň pähim-paýhasyna sözüm ýok. Ýöne sen bir zatda ýalňyşdyň. Men seni hormat üçin bu ýere çagyrdym. Men seniň şygyr senedine ökdeligiňe göz ýetirdim. Şygyrlaryň gylyç ýaly ýiti, göknaryň güli ýaly ysly, ýylanyň zähri ýaly awuly hem ötgür... Sen Eýranyň şahyrlarynyň şahyry, Şirazyň ady arşa galan şahyrlary, Sagdydan we Hafyzdan habaryň barmy? Sen Sagdynyň «Gülüstanyna», Hafyzyň gazal bilen baglan mülküne gadam basyp gördüňmi? Magtymguly belent kürsüde oturan şumroý kişiniň agzyndan çykýana meňzemeýän sözleri geň galmak bilen diňledi. – Habarym bar, eger biziň köňlümizden çykan şygyrlar ilimiň derdine melhem bolýan bolsa, men şol beýik ärlere müň mertebe minnetdar bolardym. Eger olara şägirt bolup bilsek, dünýäde armanym ýokdur. Şahruh janlandy. Ol şerap getirmeklerini buýurdy. Soňra ýörite ýasalan nagyşly okarada şerap süzüp, hoşamaýsyrap gürledi. – Eger meniň köşgümde galyp, hyzmatymda bolsaň, ömrüň ötýänçä, ýok, ýedi pyştyna çenli ýamanlyk, horluk ýüzüni görmez ýaly edeýin. Adyňy, şöhratyňy hut Sagdynyňky ýaly äleme aýan edeýin. Seni Horasanyň welaýetleriniň biriniň soltany edeýin. Ýöne sen köňül maksadyma ýetýänçäm meni wasp et. Men älemiň gylla ýaryny gysmyna gysan Nedir şanyň agtygydyryn. Ýalkanym ýazdyr, garganym gyşdyr. Sözüme ýagşylyk bilen dil bereniň gadryny bilýändirin... Magtymguly Şahruhuň näme isleýänini eşitdi. Şol wagtam onuň ýadyna Hywadaky halypasy, Şirgazy medresesiniň ketde ahunynyň sözleri düşdi. «Köşke, häkimlere ýakyn dur. Olary ýaman pälinden gaýtaryp, ile-güne hemaýatyň ýeter!» Ol öň bir wagt bu sözleri gyzyla gaplap gökden asmaga taýýar bolan bolsa-da, häzir ol jümleler göwnüne juda ejiz, ýeňles bolup göründi. Onuň göwni häzir batyrgaý döwüş isledi. Häzir diňe söz oňa gylyç, pikir bolsa, galkan bolup biljekdi. – Hormatly Şahruh, siz ýaňy gündogaryň şahyrlarynyň halypasy Sagdy Şirazyň adyny agzadyňyz. Siz şol beýik äri meniň ornuma goýup görüň. Ol il-gününi, Watanyny at aýagynyň astyňda weýran edip, ogul-gyzyny gunçalykda ýolup, aýal-gyzynyň namysyny depeläp, özünem süýräp, ýakyna-ýada masgara edip köşgüne alyp gelen ganym şalara gulluk edermidi? Ýa-da Hafyz şeýle betlagam hökümdara, onuň gan bilen suwarylyp, adamlaryň gözýaşyna ezilen, adam huny bilen dökünlenen bossanyna bagyşlap ene hüwdüsi ýaly, jennetiň gülleri ýaly näzik, mylaýym gazallaryny bagyşlarmydy? Pars dilinde aýdylýan bu sözler Şahruhuň depesinden gaýnag suw guýlana dönderdi. Ol şerraý sesi bilen gygyrdy. – Bes et! Bes et, eşek ogrusy. Sen kim bilen özüňi deňäp, kime nagaraňy döwýärsiň? Men şa. Külli Horasanyň şasy. Diňe bir seniň ýaly iki setiriň başyny çatyp bilýänler däl, külli Horasan meniň aýak tozumy ogşap bilse başy gök dirär. – Ýok, Şahruh. Sen meni öldüribem, Nesimi dek dabanymdan soýdurybam bilersiň. Emma meni boýun egdirip bilmersiň. Men hiç haçan ilimiň-günümiň, Watanymyň duşmanyna gulluk etmerin. Onsoňam, «Çölde çopany urma, gyrda hossary bardyr» diýipdirler. Sen pikir etme: türkmen halky ogluny duşmanyň eline berip, özi keýpi-sapada gezip ýören sähne däldir. Meni dabanymdan soýdur, onsoň özüňem agyryňa müň ýaşa. Şahruh Magtymgulynyň ýöne-möne adam däldigine bada-bat göz ýetiripdi. Ýöne ony boýun edesi geleni üçin telim gepiň başyny agyrdýardy. Haýsy ugra eňse-de, haýsy pikire gulluk etse-de, bu türkmeniň şeýle pähimli, agras sözleriniň güýçli urgusyna duçar bolýardy. Ýöne ol ýene-de aýgyt edip bilmedi. Ölüm jezasyna buýurmak, ýok, onuň türkmenler bilen ölüm-ölüm oýnaşasy gelmeýärdi. Zyndan, göz oýmak, dabanyndan soýmak ýaly jezalaryň bolsa, bu türkmeni boýun egdirmejekdigine ol açyk göz ýetirýärdi. Şonuň üçin-de birnäçe günüň dowamynda Magtymgulyny ençeme gezek diýen ýaly köşge çagyrdýardy. Köşk şahyry bolmagy, Horasan şasynyň işiniň rowaçlanýandygyny wasp etmegi teklip edýärdi. Magtymgulynyň kesir jogaplary, Şahruhuň etmişlerini ýüzüne basmagy şanyň gaharyny getirýärdi. Ol bu gün aýgytly netije çykarmak üçin şol kakabaş türkmeni ýene-de Astrabadyň welaýat köşgüne getirtdi. Indi Magtymgulynyň daşynda iki däl-de, dört sakçy bardy. Şahruh maşat tirýeginiň tüssesinden dymyljyrap duran bezemen otagda irkiljiräp otyrdy. Oňa Magtymgulyny alyp gelendikleri barada habar berenlerinde, göýä eýmenji jandardan gorkan ýaly bolup tisgindi. Şol bada ukudan açyldy. Soňam «alyp geliň» diýip, gyryljak ses bilen gygyrdy. Şa Magtymgulynyň horlanan göwresine, inçelen ýüzüne, içine giden gözlerine uly şatlyk bilen garady. – Oýlandyňmy? – Ol sen ýok, men ýok, haýbatly sözi bilen bu türkmeni gorkuzaryn öýdüpdi. Hakykatdanam, indi üç-dört gün bäri hiç zat berilmeýän, ukusynam düzüw almaýan Magtymgulynyň boýun egmekden özge alajy galmadyk ýalydy. Oturan wezir-wekillerem bu ýigit häzir «hawa, oýlandym, hormatly şa, günämi ötüp, meni öz hyzmatyňyza kabul ediň!» diýip, Şahruhuň aýagyna ýykylar öýdýärdiler. Şonuň üçin-de, demler däl, kirpiklerem gözleriň üstünde doňup galdy. – Oýlandym! – Bu agras, ýönekeý söz Şahruhuň dilini ýeňletdi. – Näme netijä geldiň? Bize hyzmat etmäge taýýarmyň? Magtymruly Şahruhuň tiregiň joşgunyndan soň hasam suwjaryp, çorbalanyp duran gözlerine garady. – Biziň ilde bir söz ardyr, Şahruh. Seniň ýaly gulatynyň saýasynda bolaňymdan öz ilimiň bürgüdiniň penjesinde ölüp-ýitip gidenim müň paý gowudyr. Sen päme jezaň bolsa buýruber. Meniň ölümimden gaçyp gitjek ýerim ýok. Öz ilmde bolsamam, bu ýerde bolsamam, ahyr bir gün amanat jany tabşyrmaly. Şahruhuň gözleri peträp ýere gaçan ýaly, gözüniň çym-gyzyl öýi hoňkardy. Ol ýerinden turup Magtymgulynyň gabat garşysyna gelip, pars dilinde gazap bilen jygyrdady. – Sen ne ölersiň, ne gülersiň! Tä ölýänçäň. gülüp gün görmez ýaly ederin. Puşman edip aýagyma ýykylarsyň, emma giç bolar... Magtymguly parahat gürledi. – Bu zatlaryň bary bir ykbal işidir, Şahruh. Siz yns-jynsyň eýesi, beýik Allanyň ertir näme hekaýat görkezjegini bilmersiňiz. Ol maňa synmaz erk berdi. Ony kişiniň elinden aljagyna ynam edemok. Şahruh dälilik hetdine ýetip gygyrdy. – Ýok ediň. Zyndanda çüýrediň. – Ol Magymgulyny äkidenlerinden soňam ep-esli wagtlap gazaplanyp oturdy. Maşatda we onuň golaýynda gökleň, ýomut taýpalaryndan bolan çarwadarlaryň baş galdyrýandygy zerarly, baş weziriň yza dolanmagy towakga edip iberen permanyny getiren çaparlaram onuň ýanyna girip bilmän otyrdylar. Ýöne bu habary eşiden Şahruh şol pursadyň özünde ýola düşmäge perman berdi. Mämmedemin mürze Hajygowşandan getirilen şahyry we onuň ýesir alnan obadaşlaryny Şahruhuň atlylarynyň öňüne salyp, belany başyndan sowmak isläp, her hili ýola tutduryp gördi. Emma Şahruh gyssag bahanasy bilen ony äkitmekden boýun gaçyrdy. – Ol eşek ogrusy, tä meniň aýagyma ýykylýança girewine saklaň, özünem onuň şu ýere düşenini ne yns bilsin, ne jyns. Soranlara-da Maşat zyndanynda çüýräp ýatyr diýip habar beriň – diýip, atlanjak bolup durka göwünsizlik bilen aýtdy. Şol gije Magtymgulynyň gözlerini baglap, garaňky gijede nirädir bir ýerlere eltip, teýzemine, ömürbaky girew alnanlaryň zyndanyna taşladylar. 6. Magtymgulynyň gyzylbaşlaryň goluna düşendigi, Döwletmämmet mollanyň öýüniň, ýurdunyň talaňa salnandygy, Hajygowşanyň ilatynyň at aýagynyň astyna düşüp tozdurylandygy baradaky habar türkmen obalaryna ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Kemalhan Owgan ýigrimi-otuz atlysy bilen Hajygowşana gelende, bu ýerde Çalyş han hem-de Buzlypolat serdar bardy. Olary Öwezberdi şyh garşy aldy. Kemalhan mundan sähel wagtam tegelenip oturan ýurtdan galan üýşmek-üýşmek küli görüp esli salym özüni ele alyp bilmedi. Sen ýanyp duran göreçleriňi ýere dikip gyryljak ses bilen sorady. – Maşgalasy abatmy? Öwezberdi şyh öňem balkyldap duran gözlerinden düwme-düwme ýaş goýberdi. – Oguljyklarynyň ikisinem gylyçdan... Molla aganyň maşgalasynam. Diňe aýaly agyr halda ýatyr. Bu sözler Kemalhanyň süňklerini ereden ýaly boldy. Ol ýaraly ýolbars ýaly ah dartdy. – Heý bu obada ile-güne eýe çykar ýaly garantgy ýokmudy? Hany-begi gyryldymy? Şunuň ýaly-da iliň-günüň derdine ýaramajak bolsa, ol nämä gerek eken... Çalyş han gamçysy bilen maňlaýyny darady. – Aýdyşlaryndan şol hansumagyň bu zatlarda eli bar bolmaga çemeli. Buzlypolat serdar oturyp bilmedi. – Wah, şony çapym-çapym etmesem içim sowamaz. Şol gyzyny alaýynyň ganyny gotura derman egmeli. Şonuň syrty tüzük däl. Hanha, Öwezberdi aýdyp otyý ahyrym. Gürrüň ber hälki gepi. Bu ýigide-de. Öwezberdiniň başyna gylyç ýarasy düşeni üçin, ol inli ýaglyk bilen başyny sarap, telpegini eline alyp otyrdy. Ol özüniň ýagdaýyndan utanybrak bolan wakany aýtdy. – Gijäniň bir mahaly çozdy bir ýagy. Biz-ä walla, şonuň haýsy ugurdan çozanynam, näçe adam bolup çozanynam bilip bilmedik. Her kim näme ur-ha, çaplyga oýandy. Bolşuna görä gaýtawul berdik. Gijäniň içi dikelip duran sümelge bolsa, çommalyp duran çöp bolsa otlapdyrlar. Oglanlar atlanyp, jemlenip başlansoňam asman alyp, ýer hopan ýaly boldular olary. Aý, yzanda-çuwanlyk, her kim ilk-ä özüniň ölüsini, ýaralysyny taşlap gitmejek boldy. Her kim özüni dürsänsoňam... – Aý, ýatanyň üstüne turan gelmesin boldy-la bu – diýip, Nyýazsalyh molla gamly başyny ýaýkady. – Onsoň, bar gürrüňmi, şu? Hany, Magtymgulyny gören bar diýdiňiz ahyrym. Nyýazsalyh molla oturyp bilmedi. – Biz obada Öwez aga diýen biri bar. Öwez uzzynam diýeller. Şonuň bir naçary bar. Şol naçaryýam ýesir alýollar. Onnoň Magtymguly, beýleki obadaşlar bilen äkidýollar. Ine, onsom, Gürgen derýasynyň boýunda düşleýonlar. Şonda ol görgülini horlaýonlar. Magtymgulyýam eli daňylgy bolsa-da, bu naçara el gatýon nökeriň kellesine töňňe bilen oňaryp salýon. Soňam, «gaç uýam, ýet oba» diýip ýola salýon. Ol görgüli üç günden soň süýrenip zordan geldi, gelibem amanadyny tabşyrdy... Öwezberdi şyh Nyýazsalyh mollanyň sözüniň üstüni doldurdy. – Toty gelniň aýtmagyna görä, şol gyzylbaşlaryň arasynda onuň gardaşy, Adynageldi hanyň ortanjy gyzynyň äri Ataguly hem bar eken. Emma onuň azaryna-da däl eken. Ol görgüli ölmänkä, «Magtymguly meniň namysymy goramaly süýtdeş doganymdanam ileri boldy» diýip aýdypdyr. Bu wakalaryň bolan ýeri-hä, şol gelniň gep salygyna görä, Gürgen derýasynyň boýundaky jeňňellik bolmaly. Gyzylbaşlaryň şol jeňňele girip barýanyny Adynageldi hanyň şol ýerde dowar bakyp ýören çopanlary-ha bir görüpdirler. Emma alny gije bolansoň, şol sülsadyň soň nirä gidenini bilen bolmandyr. Ertesi günortanlar barsalar, bäş-alty sany ulugyzyň, aýal maşgalalaryň zaýalanan meýdini tapypdyrlar. Obadaş erkek adamlaryň hem birnäçesi amanadyny tabşyrypdyr. Onsoň şol gowgaly gijäniň birigüni gidip, şol ýer-de jaýlap gaýtdyk, görgülileri. Özleri bir öwlüýä bolup ýatyrlar, pahyrlar... Öwezberdi şyhyň bu gussaly gürrüňi Buzlypolat serdary dälilik hetdine ýetirdi. Çünki şol uly gyzlaryň arasynda serdaryň, aýal doganynyň hem gyzy bardy. Emma onuň meýdi tapylmandy. Bu ýagdaý onuň ýüregine pyçak bolup sanjylýardy. – Wah, nämä otyryk indi? Ol gyzyňy alaýynlary at aýagynyň astyna salyp, gylyç bilen kerçem-kerçem etmesem bolmaz, bolmaz. Çalyş han Buzlypolat serdaryň oda düşmesine düşünýärdi. Bu gyzma serdary namys ody ýakyp-ýandyryp barýardy. Häzir şeýle hyjuwy Kemalhan Owganyňam, Öwezberdi şyhyňam, beýleki oturanlaryň hem ýüzünden aňmak bolýardy. Bu gyzmalyk ýene-de uly gyrlyşygyň, betbagtçylygyň üstünden eltip biljekdi. Häzir pähim-paýhasyň gerek ýeridi. Çalyş han bu ýerde oturanlaryň köpüsinden ýaşuludy. Şonuň üçin-de, başynda jemlenen pähim-paýhasy aýtmasa ynjalyp biljek däldi. Ol howlukman sözledi. – Kemalhan, serdar, adamlar, türkmeniň aryny köýdürenden imanyny köýdürýäni hemmä belli. Ýöne «Äwmek şeýtandan, sabyr rahmandan» diýipdirler. Äwmäni, hawlykmany ölçerip, dökeýliň. Mundan ýygyn bolup çozsak, haýsy galany alarys? Ilki bilen Magtymguly aganyň Maşadamy, Yspyhanamy, Mazenderanamy, ýa-da Astrabadamy, nirä alnyp gidilenini bileýliň. Onsoň ol köşkdemi, galadamy. zyndandamy, ýa-da erkinlikdemi, şony bileýliň. Şondan soň haçan çozaýlyň, näçe bolup çozaýlyň diýseňiz biz bar. Başga näme harajat gerek, başga näme serişde gerek, onam öz boýnumyza alýarys. Çalyş hanyň sözi oturanlara makulam bolsa, Buzlypolat serdara juda arkaýyn, ine-gana ýaly bolup göründi. Ol gaharyna ýeke dyza galdy. Emma şol pursatda Etrek ýomutlaryndan, Ahaldan hem-de teke garyndaşlardan gelen hanlar, atly-ýaragly myhmanlar onuň sözüni kesmegine, göwnündäkini aýtmagyna päsgel berdi. Maslahat giç agşama çekse-de, aýlanyp-dolanyp ýene-de Çalyş hanyň aýdan sözleriniň üstünden barýardy. Muny tekelerden gelen horrak, emma juda berdaşly, akylly görünýän ýaşuly has düşnükli edip aýtdy. – Siz Çakan serdar öwündi-hä diýmäň, garyndaşlar. Uruş, gan, söweş, kowuş, gaçyş göre-göre gelýän pişämiz. Biziň nä söweşden başga desga gurup, şäher saljak derýa çekip bossan ekjek aladamyz-a bolmady. Biziň, ömri uzak bolsun, hurmatly ýaşulymyz Keýmir körüň aýdyşy ýaly, eýeriň üstünde doglup, eýeriň üstünde-de amanadyny tabşyran halkymyz bar, Biziň obamyz at, öýmüz eýer, watanymyzam Garagum. Şeýle halymyza, kepi köpeldip oturmak gelişmeýän ýaly bolsa-da, Çalyş hanyň aýdan sözüne öwrülip gelmeli bolýas. Biziň-ä gaçgynymyz bigünä gan dökmek. Ýerini-ýatagyny bilip, seljerip, Magtymguly şahyryň ugrunda, bu obadan sürlen gökleň garyndaşlaryň ugrunda başymyzy goýmalam bolsa taýýar. Bäri gaýtmankam, teke ýaşululary meslat etdiler. Şonda Keýmir aga «Kişiniň duran ýerinde, at bilenem, ýarag bilenem, mal bilenem, lebiz bilenem durarys diýip söz berdi. Teke türkmenleriniň lebzini ýuwdan ýeri ýokdur. Ýöne ýekeje zat, nähak gan dökülmesin» diýip, sargap-sargap goýberdi... Çakan serdaryň bu sözüni etrek ýomutlary hem, ahally ýigitler hem makulladylar. Ýöne näme etmelidigini hiç kim aýgyt edip bilmedi. Şonda Çakan serdar häliden bäri aýtsam-aýtsam diýip duran pikirini ýaýdana-ýaýdana dile aldy. – Garyndaşlar, bu bir maslahat pursady. Her kim bilenini, göwnüne makul görnen pikiri orta atmaly. – Hak aýdýarsyň, ýagşy ýigit, adamçylykdyr, seniň-meniň aýdýonym birlen Samarkandyň şasy Teýmirleňiň ordasyna emel edip bolýondyr. Her kim döksün göwnündäkini, belki, kelebiň ujy tapylar. Akyl akyla ýetne bolýondyr. – Gyzyňy alaýyn, gyzylbaşlaryň gidejek ýeri nire, how, beýdip «düýäni çökerip, çemmer işip» oturmaga. Gepi az edip, işi köpräk etmeli. – Serdar, mymanlary diňläliň. Olar munça-munça ýagdaýlary gören adamlar ahyrym. Öwezberdi şyhyň gürrüňinden soň, Buzlypolat serdar buruljyrady. Çakan serdar bu böwşeňlikden peýdalandy. – Biziň ýaşulymyz Keýmir ker duşmanyň işini-pişesini bilmek üçin duşman ýurduň bazarlaryna söwdagär iberdi. Oňa-da özi «jansyz» diýýä. Şol jansyz howlukman bazarlap ýör, gözi-gulagy iliň agzynda. Könekiler aýtmyşlaýyn «täze habary gerdekde oturan gelin bilen, ymgyr çölle goýun bakýan çopandan soramalymyşyn». Patyşalyk gep-gürrüň bolsa bazarçylardan soramalymyşyn. – Sen mus-mus diýme-de, Mustapa diýsene, teka garyndaş... – Mustapa diýsem, Buzlypolat serder, çen-çak edilýän galalara, şäherlere jansyz ibermeli. Aňyrsy on bäş, ýigrimi günüň içinde bary belli bolar. Bizem ýene-de bir aýdan duşuşaýlyň. Bary belli bolansoň, gaýrat biziň bilen, garyndaşlar. Çakan serdaryň sözi diňe Buzlypolat serdara ýaramady. – Janly diýip, jansyz diýip, ol oglany harama ýal etjek diýseňizläň. Ýene-de bir aýdan onuň guran süňklerini taparyk, biz. Siz nätseňiz şeýdiň. Ol gyzylbaşlar uzak gitmezler, ýa Kummethowza, ýa-da Astrabada ýetendirler. Men şu gije ýatsamam, daň bilen ýola düşjek. Il näme etse şony etsin. Şu, ol gyzyňy alaýynlaryň depesinde gylyç oýnatmasam bolmady... Buzlypolat serdar näçe oda-keze düşse-de, oturan adamlar teke serdarynyň sözüni makulladylar. Şondan soň ortada agyr oýa batyp oturan Kemalhan Owgan sözüni jemledi. – Adamlar, bu ýere üýşenler türkmen ilini agzyna bakdyrýan, sylagly, hormatly ýaşulular. Biziň hemmämiz molla agany gowy tanaýarys. Köpimiz şonuň hatyrasyny tutup geldik. Meniň üçin welin Magtymgulydan hormatly, şondan päkize, pähimli adam ýok, dünýede. Men onuň bilen bile bolanymda gözüme şeýle sada, şeýle pes päl görünse-de, onuň ýanyndan sähel aýrylyp, şygyrlaryny ýat etsem onuň weliligine, ägirtligine haýran galmakdan gözlerime ýaş aýlanyberýär. Oba, gala, mal, mülk, altyn, kümuş. Ol diňe bir hajyrowşanlylaryň däl, külli türkmeniň dili. Onuň şyryrlarynda külli türkmen halkynyň, il-gününiň ýürerinden diline geçirip bilmän ýören sözleri ýazylypdyr. Gyzylbaşlar türkmeni boýun egdirip bilmediler. Onuň mal-mülküni talap tükedip bilmediler. Indi bolsa onuň dilini, aýdymyny elinden alyp, ony dyza çökerjek bolýandyrlar. Eger Magtymgulyny elden gidersek, namysyzymy, arymyzy paralatdygymyz, ýüregimizi parçalatdygymyz bolar. Şonuň üçin, Buzlypolat serdary Astrabat hany Mämmedemin mürzäniň ýanyna ibereliň. Ýene-de on adamy uly şäherlere diňçi edip ibereliň. Özümizem her on günden birek-birege, çapar gönderip, her aýdanam ýygnanyşalyň. Belki, işimiz şowuna düşüp, has basym belli habar ýüze çyksa, şahyryň nirededigini bilsek, onda her han elli atly kömek bersin. Eger maslahat bilseňiz, ine, meňiň sözüm... Çalyş han makullaýjy garaýyş bilen sözledi. – Kemalhan, biziň göwnimiz bir eken. Ýöne her handan elli at az bolar. Habar ýeten güni her han iň azyndan elli atlysy bilen Hajygowşana üýşmeli edeýliň. Özem azyk-owkady, suwy, söli bilen. Oturan adamlar «bolýar-da, bolýar» bolşansoňlar, Öwezberdi şyh Astrabat bazaryna özüni ibermeklerini towakga etdi. Şondan soň, maslahat bir ýere jemlendi. Şol günüň ertesi her kim bellenen iş bilen ýola düşdi. * * * Hajygowşanda bolan maslahatdan soň, dogry alty aý geçipdi. Hajygowşana gelip-gidýän çaparlar ol obadan ol oba «henize çenlem habar-hatyr ýok» diýen şol bir jümläni gatnadýardylar. Ylaýta-da Buzlypolat serdaryň getiren habary adamlaryň gaýgy-gussadan ýüküni ýetirip, özleriniň iň eziz ogullaryndan umytlaryny üzmäge golaý gelipdiler. Buzlypolat serdar şol maslahatdan soň Astrabada baryp, şol ýeriň belli ýaşulularynyň biri bilen, Mämmedemin mürzäniň huzuryna barypdylar. Emma han bu türkmenleriň hödürleýän para-peşgeşlerine gultunsa-da, Şahruhuň gazabyny göz öňüne getirip: – Şu ýere Şahruh şa gelip gitdi, emma olaryň ýesir beýlekä elleri degmän gitdi. Gümanyňyz bolsa gidiň Maşada, şanyň huzuryna baryň. Bu etraplara gelse, ol ýigidi öz elim bilen Hajygowşana erterin – diýip aýdypdyr. Bu sözden soň Buzlypolat serdar Maşada gidip, ondanam belli ugur, belli uç tapyp bilmän, lapykeç halda gaýdyp gelipdi. Indi bar umyt Öwezberdi şyha hemem Maşada giden diňçi jansyzlara baglanypdy! Iliň umydy, Magtymgula bolan ummasyz söýgi Öwezberdini Astrabadyň belli bazarynda saklaýardy. Ýogsa, ol balasy yzynda galan emzikli ene ýaly, ertir-agşam gözlerini balkyldadyp Etrege tarap uly höwes bilen garaýardy. Aýraçylyk diýmeseň onuň ýüň söwdasy oňmanam duranokdy. Etrekden gijelerine gizlinlik bilen äkidilýän ýüň Haýrynsa kürtüň darajyk howlusyna basylýardy. Şondanam Gulaly bilen bazara daşap, Öwezberdi hakyky astrabatly ýaly bolup söwda edýärdi. Onuň bazardaky gonalgasy tylla, kümüş söwdasyny edýän, zergärçilik bilen, zikgeçilik bilen iş salyşýan jerçileriň gapdalyna düşüpdi. Bu ýöne ýere däldi. Zergärleriň tylla, kümüş söwdasyny edýänleriň köşk bilen, emeldarlar bilen, gyzylbaşlaryň harby naçalnikleri, zyndanhananyň derwezebanlary bilen aragatnaşygy bardy. Muny Haýrynsa Öwezberdä maslahat beripdi. Ömrüniň boýuna Döwletmämmet molla, onuň neberelerine alkyş aýdyp, ondan müňde bir razy bolup ýören Haýrynsa Garry molla uly oglunyň gelni Akgyzy öz eli bilen göbegini kesen ogly Magtymgula dakanda, aýtman-etmän Hajygowşandan çykyp gaýdypdy. Ol Garry mollany ýigrenip ýa-da ondan närazy bolany üçin gaýtman, şol döwletli öýüň bagtynyň, döwletiniň gaýdanyny görmejek bolup gaýdypdy. Gulaly hem ejesi gaýdandan soň Garry mollanyň razylyk berip, ýola salmagy bilen Astrabada dolanypdy. Haýrynsa öň beýle bir dindar, hudaýhon bolmasa-da, Öwezberdi şyh bu ýere geleli bäri bäş wagtyny sypdyrman namaz okaýardy. Her namazynyň yzyndanam Garry mollanyň o dünýesiniň abat bolmagyny, özüniň iýen duzuna kast edip gaýdany üçin günäsiniň ötülmegini, Magtymgulynyň ganym elinden boşamagyny diler edip, gözüni ýaşlap, bagryny başlap oturýardy. Garry mollanyň ýogalany, Magtymgulynyň gapyllykda duşmanyň goluna düşüp, henize-bu güne çenli tapylman ýörmegi Gulala hem agyr täsir edipdi. Ol dilsiz-agyzsyz bende bolany üçin özüniň gynanjyny, duýgularyny beýan edip bilmese-de, Öwezberdi şyhyň ýanyndan aýrylmaýardy. Häzirem çapgyn şemal bazardakylaryň içine bagryna girip barýardy. Gulaly şonda-da gaýdanokdy. Ol çyplaňrak bolsa-da ylgaşlap, serlip goýlan ýüňleri ganarlara dykýardy. Onam haýdap özleriniň ep-esli daşlykdaky howlusyna daşaýardy. Remezanyň ýanyndaky garajürjen ýigit, şol gürrüňleriň arasyny kesip: – Agaý, haheş mikänim, farda ýekdane tella kala awardam! – diýdi. Remezan: – Çandast? – diýip, iýmesini dowam etdi, – Pansad tumen (bäş ýüz tümen). – Nehaýyr, gymmat – diýip, ol bu söwdany başyndan sowmaga çalyşdy. – Aga, towakgam bar, ertir bir tylla haryt gedirerin, şony satyp ber. – Näçe? – Bäş ýüz tümen.. Garajürjen ýigit ol harydy şeýle özelenmek bilen taryplap hödürleýärdi. Remezan pars, kürt sözlerini gatym-garym edip, bu söwdany başyndan sowmaga çalyşdy. Emma ol garajürjeniň beýle ýeňil sowulmajagyny aňyp, gyssagarada «getir, göreli» diýenini duýman galdy. Bu öwgüli haryt Öwezberdi şyhyň hem ünsüni özüne çekdi. Ýöne ol beýle gymmat şaýyň näme üçin ünsüni özüne çekeninem duýanokdy, ony bilmek hem islänokdy. Ertesi güpläp gar düşdi. Şonuň üçin-de, bazar gugaryp galdy. Remezan hem birküç günläp gara bermedi. Öwezberdi şyh bu sergezdançylykdan diýseň iripdi. Şonuň üçin-de, hiç bolmanda ýaza çenli öýe baryp, öýden-ilden baş çekmäniň aladasyny edýärdi. Hajygowşana aşmaga özüne ýola belet ýoldaş agtarýardy. Emma gyşyň, dyza çykan garyň içinde kim öýüni taşlap gitsin. Ol özüniň ýagdaýyny Haýrynsa kürte aýdanda, olam ýüňi satmaga, ondan düşen pulam elinjek eltip gowşurmaga söz berdi. Öwezberdi şyh agşamsy bilen oba gaýtmanyň aladasyny etdi. Sowgat üçin alan halwasyny, kişmiş, kişdesini horjunda ýerleşdirdi. Gulalynyň kürtekçesini, gyzylbaş başlygyny geýdi. Indi diňe ýola çykmak galypdy. Ol ýola çykyp, oba aşmagyň aladasy bilen irkildi. Gijäniň bir wagty Haýrynsa kürt ony uly howsala bilen oýardy. – Uhyýndan tur, bala, gonah gälmiş, säni idäýif... Öňem alasarmyk düýşüň penjesinden zordan sypan Öwezberdi bu çakylyga az gorkmady. Ýöne Remezanyň aladaly ýüzüni görüp az-kem köşeşdi. Oňa şol bada soragly garady. Remezan özüniň müýnüni bilse-de, başga alajy ýok ýaly bolup, Öwezberdiniň garşysynda çökdi. – Allah şaýatdyr, brader, sän mana kömäh eýla. Mämmedemin mürzäniň garyndaşy ihi aýagmy bir gonça gysyr. Biraz pul lazymdeý. Beş ýüz tümän pul wär. Alla şaýatdyr, berejäýem, berejäýem... Remezan Öwezberdini bu ugurda gezip ýören gurply täjir hasap edýän bora çemeli. Ol şu awy sowukda, gözedürtme garaňky gijäniň içinde öz zerurýeti üçin ony gözläp tapypdyr. Emma ýüzläp tümenläp berer ýaly puluň ýokdugyny nähili aýtjak. Bu dileg Öwezberdini ukudan oýardy. Ol bir agzy göjekli horjuna, birem Remezana garady. Remezan bolsa türkmen, kürt sözlerini gowurga garan ýaly garyp ýalbarýardy. Öwezberdiniň haýal-ýagallygy ony has hem gorkuzan borly. Ol uzyn donunyň goltugyndan ullakan düwünçek çykaryp orta goýdy. – Daýla, daýla, Allah şaýatdyr, girew goýajaýam. Kömäh eýle, brader. Düwünçegiň içinde altyn-kümüşden edilen aýal şaýlary öçürsi, yşyga lowurdaşyp ýatyrdy. Bu şaýlary Öwezberdi bazarda köp synlapdy. Şonuň üçin oňa ünsem bermedi. Ýöne Remezanyň elinde gizläbräk saklaýan gülýakasy täze bolany üçin, onuň gözüne ildi. Öwezberdi gülýakany synlap haýran galdy. Ol birhili tanyş nagyş bilen nagyşlanypdy. Özem şeýle tämiz bolup, simabyň ýyldyrdysam öçmändir. Ýöne ol her halda, bu gülýakanyň täsinligini belläp, onam yzyna gaýtardy. – Pulum ýok, Remezan, hanha, ýüňüm geçmän ýatyr, bolsa başym üstüne welin, ýok bolsa nireden aljak. Hany, ertire çenli bir oýlanaly.. Remezan aýagyndan äpet daşlar asylan ýaly bolup ýerinden turdy. Şol ýerde Öwezberdiniň ýadyna Magtymguly düşdi. «Alla janlarym, ol gülýakanyň nagşy Magtymgulyny Hajygowşandaky kepbesinde ýasan gülýakasynyň nagşyna çalym edýär-le. Aý, ýok-la, bu ýerde hem ökde zergärler az däldir. Belki...» Birdenem onuň ýadyna Magtymgulynyň, Hajygowşanyň, bu obanyň syrgynlarynyň, töwerekdäki daglaryň, ýollaryň suduryny damar-damar nagyş edip gülýaka salşy ýadyna düşdi. «Bu Magtymgulynyň işi bolaýmasyn. Ol özüniň nirededigini, nähili ýagdaýdadygyny zer bilen nagyşlap ýazan bolaýmasyn...» – Dur, brader, saklan. – Ol ýüregi ýarylan ýaly bolup, Remezana topuldy. – Şol gymmat gülýakany ýene-de bir gezek göreýin. Gaty gowy gülýaka eken... – Bah, wul ýahşy malduý. Bul, Astrabatnyň hazynaçysynyň balasynyň elin malyduý. Ýagşyý malduý... Öwezberdi gülýaka ýene-de bir gezek garady. Soňda ol han köşgüniň, oňa barýan damar-damar keşdeleriň suduryny saýgaran ýaly boldy. Gülkanyň pöwrize gaşynyň göbeginiň astyndaky tylla peljagazlarda bolsa kümüş bilen tylla aralaşdyrylyp «Magtymguly» diýlip ýazylan ýazgyny mese-mälim gördi. Bu haty nagyşlap ýazan şeýle ussa «Bismialla» diýen söze şeýle bir meňzedip ýazypdyr. Altyndan, kümüşden kölegeli nagyş edileni üçin bu sözleri tapawutlandyrmak aňsadam däldi. Emma Öwezberdi şyhyň ýüregi bu sözüň «bismialla» däl-de, «Magtymgulydygyny» bada-bat syzdy, göreçleri hem ony şol bada aňdy. Ol az-kem oýlanyp, ylgaşlap diýen ýaly horjunyna topuldy. Ony çöşläbem, içinden tümenli düwünçegi çykaryp orta goýdy. – Ine, gardaş, bar baýlygym, hanha-da bäş ganar ýüňüm bar. Şonam al. Ýöne şu gülýakany hiç bolmanda on-on bäş günlük ber. Men soň sana elinje gowşuraýyn... Remezan Öwezberdiniň balkyldap duran gözlerine garap, onuň bolşuna haýran galdy. 7. Şahruhuň gazaply gykylygyndan soň, gözleri daňlan Magtymguly özüniň nirä eltilenini, haýsy galadaky zyndana salnanyny aňman galdy. Ol üç-dört günläp ne adam sesini eşitdi, ne-de gün şöhlesini gördi. Diňe dilleri düýbünden sogrulan hem-de biçilen, ýüzünde adam ruhy galmadyk hyzmatkärler göýä juwaz okunyň öňünde guş-gumrular üçin iým goýýan goja hebeşi ýaly bolup, bir damdyk suw, bir bölek gatan, ýelimkökä dönen labaş getirip, ýene-de işikleri jarkyldadyp urup, zülpüni ötürip gidýärdiler. Magtymgulynyň göwnüne, ony Mämmedemin mürzäniň huzuryna eltenlerinde-de kakasynyň nazary oňa garap duran ýalydy. – Sen, ýigit, edebe geldiňmi, ha?! Görseň köşkde gulluk etmek müň mertebe ýahşydyr, zyndanda oturandan, şeýlemi? Hany aýt, beýik hökümdar Şahruh şanyň hyzmatyna taýynmy sen?.. Bu sowal Magtymgula şeýle geň bolup eşidildi. Ol sowala sowal bilen jogap berdi. – Şahruh şa hem-de siz türkmenleriň hyzmatyna, türkmen hanlaryňyň hyzmatyna taýynmysyňyz? – Hä?! – Şol eşideniňiz, men bendäniň bendesi bolup, onda-da ilimi, ýurdumy at aýagynyň astynda tozadan, elini naçarlaryň, çagalaryň ganyna ýuwan ýezitleriň hyzmatynda bolanymdan ölenimi oňat görýärin. – Seni öldürerin! – Türkmen namysyny, aryny ýitireninden ölenini müň paý ýagşy görýändir. Eger gaýratyň çatýan bolsa öldür meňi. Ertir seniň özüň meniň ilimiň goç ýigitleriniň syrtmagyna boýnuny atyp jogap okamaly bolarsyň. – Bes et, gurrumsak... Magtymguly şoňdan soň özüniň näme diýenini, nähili bolup garaňky zikgehana düşenini bilmeýärdi. Ony özüne getiren zat agyr çekiçlerin sandala degýän sesi boldy. Ol ähli güýjüni jemläp ýerinden turdy. Soňam zyndanhananyň işigini agtardy. Işik açykdy. Emma aňyrdaky garaňky otagdan göweçde eredilen metalyň, dymyljak tüssäniň ysy onuň bar ysgynynam aldy. Ol ýykylman zordan saklandy. Şol wagt gola ýekedabanly ýigit ylgaşlap gelip, ony goltugyna alyp ýüňi tüýdülip sanaja dönen deriniň üstünde oturtdy. Sandalyň üstünde ullakan atagzy bilen nähilidir bir demri saklap duran goja bolsa işini goýup, uly küýzeden, bokurdaksyz küýzä suw alyn bäri gaýtdy. Magtymgulynyň bokurdagyndan suwam geçenokdy. Indi näçe wagtdan bäri janly-jandara zar bolan gözlerinden bolsa ýaş boýurdaýardy. * * * Magtymguly bu jaýdaky dört adam bilen ýagşy öwrenişipdi. Olar şu şäheriň hanyňyň altynyny gyrana öwürýärdiler. Dilleri sogrulyp, erkekliginden dyndarylan, gulaklarynyň ýuka perdesi deşilen adamlar işlemekden başga zady bilmeýärdiler. Içlerinde diňe bir goja pars dilinde ýazylan hata zordan düşünýärdi. Özi bolsa adynam ýazyp bilenokdy. Olar biri-birleri bilen yşarat etmek, barmaklaryny, ellerini hereketlendirmek arkaly düşünişýärdiler. Olaryň bu yşaraty Magtymgula ýat bolsa-da, olaryň arasynda bolmak oňa öňküden müň esse gowudy. Olar Magtymgulyny hor edenokdylar. Özleri iýmän, özleri içmän köplenç Magtymgula hödür edýärdiler. Emma uzak gündizleri, soňsuz gijeleri garaňky zyndanda oturyp geçirmek ýürege düşüp, bütin bedeniňi gemrip barýardy. Şonuň üçin-de, onuň ýa galama, ýa-da çekije ýapyşasy gelip bagry gijäp durdy. Bu darajyk, garaňky zikgehanada ne galam bardy, ne-de kagyz. Körükden, göweçdäki suwdan başga hiç zat ýokdy. Dürli galyplar, kenepden örülen haltalar hem-de üç-dört sany köne deri bardy. Kagyz-galamyň bolmaýşy ýaly, artykmaç sandal, çekijem ýokdy. Ýogsa üýşüp ýatan altyndan, kümüşden näme ýasasaň ýasap oturmalydy. Bir gün Magtymgulynyň sabyr-takaty gaçdy. Ol biraz horrak, keselbent zergär çekijini goýup, deriniň üstüne gyşaran badyna, baryp oýuň çekijini alyp işläp başlady. Hiç kim oňa ünsem berenokdy. Magtymgula geregem şoldy. Ol gijesi bilen diýen ýaly ýatmady. Işledi, ýene-de işledi. Säher turup işe başlan zergärler haýran galmakdan agyzlaryny açdylar. Sandalyň üstünde kümüş bilen altyn garylyp bejerilen diýseň ajaýyp gülýakanyň az-kem taraşlamaly sudury ýatyrdy. Diňe şundan soň bu ýerdäkiler patyşanyň zyndana ömürlik atylan ýigidiň ýöne-mene adam däldigini aňdylar. Ertesi gün Magtymguly sandalyň ýüzüne «Man zargar!»1, «Man şa’er!»2, «Kagaz, meded dadi!»3 diýip ýazdy. Goja düşündi. Ol töweregine alaçsyz garanjaklady. Soňam ellerini düşnüksiz hereketlendirdi. _______________ 1 Man zargar – men zergär. 2 Man şa’er – men şahyr. 3 Kagaz, meded dadi – kagyz, galam tapyp beriň.. Olar kagyz-galam tapyp bermeselerem, Magtymgula tä daňdana çenli sandalda işlemäge rugsat berýärdiler. Magtymguly ilkinji gülýakasyny sünnäläp, nagyşlap, timarlap, goşlap, şelpeläp bolandan soň gaty düşegiň üstüne geçdi. Emma nämüçindir hiç ukusy gelmedi. Daň atanyna ep-esli wagt geçse-de, sandala urulýan çekijiň sesi çykanokdy. Bu alamat Magtymgula diýseň täsir etdi. Ol ýuwaşlyk bilen ýerinden turup, zikgehana girdi hem-de gözlerine ynanmajak boldy. Zergärler Magtymgulynyň ýasan gülýakasyny ortalaryna alyp göýä mukaddes bir zadyň didaryna gözleri düşen ýaly, haýran galyp elden-ele geçirýärdiler. Goja zikgeçi bolsa agzyny tokurtga kimin açyp, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýärdi. Olar Magtymgulyny görüp, ogurlykda tutulan ýaly boldular. Emma ýokardaky demir işik jarkyldap açylyp, içeri ýagty düşenden soň olar özlerine geldiler. Soň bolsa tutuş süňňi bilen galpyldaşyp hersi bir çüňke gysyldylar. Ýokardan ýüpden ýörite edilen merdiwan sallap, aşak düşen daýaw peşap bolsa agyr dürresini zikgeçileriň depesinden inderdi. Soň gazap bilen gygyrdy. Onuň gözi gülýaka düşenden soň, sesi tapba kesildi. Ol bu gülýakany kimiň ýasandygyny bu lal, ker bendelerden soramagam islemedi. Dürresini haýbatly şarpyldadyp, soňam çykyp gitdi. Magtymguly özüniň ilkinji gülýakasynyň ýat ilde, ýat adamyň goluna düşeniňe gynandy. Onuň has gynanan ýeri gülýakanyň keşdesine derek «Magtymguly» diýip ýazmasydy. Kimdir biri okap, öz adynyň üstünden gülmegi mümkindi ahyryn. Bu gülýaka ýasalandan soň Magtymgulyny ýene-de köşge çagyrdylar. Bu sapar ony gündiziň günortan çagy alyp gitdiler. Şonuň üçin Magtymguly özleriniň köşgüň uly howlusynyň içinde han howzunyň ýanyndaky teýzeminde saklanýandygyny gördi. Köşkde serhoş han bilen üzlem-saplam sowal-jogapdan soň ony şol alnyp gelnen ýol bilen yzyna äkitdiler. Bu sapar ol köşgüň howlusynyň içinde nähili ymaratlaryň bardygyny has anyk gördi. Bu ýagdaýlar heniz teýzemindäki zyndana ýetmedik Magtymgulynyň aňynda täsiň hyýal döretdi. «Men ýene-de bir gülýaka ýasaýyn, şoňa özümiň nirededigimi nagyş edip salaýyn. Goý, menden ýadygär bolsun. Belki, bir wagt ilime düşer. Jahan giňdir, belki, oňa düşünerler...» Magtymguly zyndanhanada indi ýasaljak gülýakanyň nagyşlaryny hasam aýdyň göz önüne getirdi. Onuň ýüregi bolsa, «hany, işe başla, işe başla!» diýip ony öz erkine goýanokdy. Ol zordan diýen ýaly özüni köşeşdirýärdi. Zikgeçiler ýatandan soň Magtymgulynyň, çekijiniň sesi tä daň atýança ýatmaýardy. Çünki, üýtgeşik yhlas, üýtgeşik güýç Magtymgula hemaýat berýärdi. Ony ýaşadýardy. Olam bu altyn bilen kümüşiň ýüzüne ýazylan nagyşlardy. Bu gülýaka taýýar bolandan soň üýtgeşik ýagdaý emele geldi. Zikgeçileriň biri ýöne süňk bolup duran, lallygyndan, kerliginden beter, bir gözem oýulan adam gülýakany sen ýok, men ýok, alyp, öňlüginiň arkasyndaky jübüsine atyp goýberdi. Onuň ýanyndakylaram bu ahwalata seslerini çykaryp durmadylar. Gaýta, goja zikgeçi «Biziň herimize-de birini ýasap ber» diýen yşarat edip, özüniň sandalyny boşadyp, Magtymgula berýärdi. Magtymgula ilkinji gülýakany ýasamak juda kyn düşdi. Ol Astrabat hanyňyň köşgüni takyk çekjek bolup hem-de özüniň nähilidir bir şertli nagyşlar çekýändigini bildirmejek bolup azara galýardy. Iň ahyrda-da köşk howlusynyň ortasyndaky howzy beýan edýän ýere bezeg üçin hem-de gaşlyk üçin ýaşyl syrçaly daşyň aladasyny edýärdi. Ol şol işläp ýörşüne, gülýakanyň arka göbegine ýazmak üçin pähimli sözleri gözleýärdi. Iş diýseň haýal gidýärdi. Magtymgulynyň kagyza däl-de, göwnüne ýazan şygyrlarynyň sany has artypdy. Ol her günde birnäçe şygyrlary düzüp, onam ýadyndan çykarýardy. Emma gülýakanyň ýüzüne ýazar ýaly setir welin tapylanokdy. Ine, gülýaka taýýar. Hanyň köşgüniň keşbi nagyşlarda beýle bir bildiribem duranokdy. Köşk howlusynyň ortasyndaky howzuň keşbini berýän kümşüň, altynyň pohy sürülip, timarlanansoň diýseň owadan görünýärdi. Ol şol howzuň gyrajygyndaky haçja, oňa gelýän inçejik damar, haçjanyň astyndaky gatbar-gatbar kerpiçjikler gören adamda nähilidir bir täsir döreder öýdýärdi. Agşam ýatanda bolsa özüniň yhlasynyň biderekdigi baradaky duýgy onuň bar mazasyny aldy. Indi ömürboýy şu garaňky zyndanda galjakdygy, hemişe umytlaryň we gussanyň şemaly öwsüp duran gözel Watana, toýly-ýasly, şatlykly-hasratly görünýän merdana il-günüň arasyna, dogup-döräp, ýagşy hem ýaman günleri gören ojagyna hiç wagt gaýdyp barmajakdygy baradaky hesret onuň ähli duýgularyny oýarypdy. Pikiriň, duýgynyň şemaly bentlere, setirlere gaplanyp ganynda at salýardy. «Sen öz adyňy, iliňi, ýurduny we nirededigiňi bir al bilen ýetir, onsoň seniň il-günüň hiç bolman-da adyňy-ha ýat ederler, Magtymguly!» «Ýar geler, wagt-da geçer, gaflatda galmyş gözlerim, Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr, Bilmeýen soranlara, aýdyň garyp adymyz, Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr. Bu setir Magtymgulyny laňňa ýerinden galdyrdy. Ol ylgap baryp, gülýakany goluna aldy. Soň bu setirleriň bu şaýa juda uzyň geljegine diýseň gynandy. Ýöne çykalga tapyldy. Ol uzyn gije işledi. Ahyrynda-da: «Asly Gerkez, ýurdy, Etrek, ismi Magtymgulydyr!» diýip, sünnäläp ýazdy. «Magtymguly» sözüni bolsa «Bismialla!» sözüne meňzedip, has kölegeletdi. Diňe şoňdan soň rahatlanyp, gaty, sowuk daşyň üstüne süýndi. Bu gülýaka zikgeçilerde has uly haýran galma döretdi. Gaty üýtgeşik nagşy gören goja zikgeçi bolsa, Magtymgulynyň ýanyna gelip, «Muny mana bagş et!» diýen manyda ýüzlenip, üýtgeşik-üýtreşik yşaratlar etdi. Magtymguly alaçsyz razy boldy. Ýöne özüniň bu nagyşlarynyň ile çykmaýanyna welin, ön ýanyndan diýseň gynandy. Ýöne ýene-de ýasaryn diýen umyt ony köşeşdirýärdi. Magtymguly üýtgeşik nagyşly gülýakalaryň dördüsini ýasandan soň, zikgehana gyzylbaş peşaplarynyň birnäçesi döküldi. Olar zikgeçileri urup, sögüp ýokary çykardylar. Bu ýerdäki altyny, kümşi ýygnap, ýygşyryp ýokary çekdiler. Magtymgulynyň ýatan sowuk zyndanynyň işiginiň arkasyndanam bir agyr zat söýediler. 8. Öwezberdi şyhyň Magtymgulydan nähilidir bir nyşan tapandygy baradaky habar Horasana, Ahal etrabyna, Garagumuň merkezinde ýaşaýan teke türkmenlerine diýseň çalt ýaýrady. Kemalhan Owgan Çalyş hanyň, teke ýaşulularynyň üstünden gelerine-de garaşman, özüniň kyrk ýigidi bilen Hajygowşana tarap eňipdi. Ol ilki Öwezberdi Magtymgulyny görendir ýa-da ony göreni görendir. Hiç bolmanda il agzyndan anyk söz eşidendir, diýip oýlanýardy. Emma Öwezberdiniň ýüzi damar-damar nagyş bolup duran gülýakany eline tutup durmasyna diýseň geň galdy. Soňra Öwezberdiniň düşündirişlerine-de müňkürlik bilen garady. – Haý, Öwezberdi jan, seniň bu aýdanyň çig bolaýmasa! – Ol durup-durup geň galma bilen sözledi. – Magtymguly gülýaka ýasap oturar ýaly ol öýüne ýa-da myhmançylyga gidenok ahyryn. Bu habary eşiden ýerinden gaýdan Buzlypolat serdar hasam gyzdy. – Äý, ol gyzyňy alaýyn, Muhammedemin mürzäniň özi «Magtymgulyny Maşada, Şahruhuň köşgüne köşk şahyry etmek üçin äkitdi» diýip aýtdy-ýow. Indi, şol hanyň sözüne ynanman, ýüzi çyzym-çyzym demre ynanjak bolsaň, men-ä bilmedim, Öwezberdi sözüniň, deliliniň ýer almajagyna gözi ýetirdi. Ýöne onuň öz ynanjyny yrýa edesi gelmeýärdi. Şonuň üçin-de, öýüne gidip, dostunyň bir wagtky Hajygowşanyň keşbini, ýollaryny nagyşlan gülýakasyny tapyp getirdi. Diňe şondan son adamlar bu, nagşyň arasynda meňzeşliň bardygyny görüp galdylar. Kemalhan Owgan bolsa gülýakanyň arka ýüzündeň «A. Gerkez, ýu. Etrek, ismi Magtymgulydyr!» diýen ýazgyny kynlyk bilen okady. Çalyş han, Çakan serdar, ýomut hanlary jem bolandan soň hem gülýaka elden-ele geçdi. – Adamlar, garyndaşlar, men şu nagyşlar öz kelläme gelenden soň bäri garşy ylgap gaýdyberendir öýtmäň! Ilki bilen şu şaýy türkmen adamyň ýasajakdygyna gözüm ýetik. Pars gelin-gyzlary, kürtler beýle şaýy ýakasyna dakmaýa. Onsoň men şu şaýyň Astrabat hanynyň köşgünde ýasalanyna hem göz ýetirdim. Ýadyňyza düşen bolsa, Garry mollalara Haýrynsa diýen bir tebip kürt aýaly gelerdi. Şoňa görkezdim welin, «agynjak köşgüň howlusynyň içidir» diýip aglaberdi. – Ol gülýakany Çalyş hanyň gözüne golaýlatdy. – Ine, şu gök syrça seret, şunuň ýanyňdaky haçjaňy görýärsiňmi, aşagam tekdir-tekdir. Bu hanyň köşgündäki zyndanhana bolmaly. Haýrynsa mamanyň täjir dogany bolup, olam hanyň ber diýen zadyny bermäni üçin şu zyndana salnypdyr. Pahyr şul zyndanda-da amanadyny tabşyrypdyr. Ölüsini almaga baranlarynda şol mamanyň özem şu zyndanyň nirede, nähili zatdygyny görüpdir. – Häk, gyzzyňy alaýyn, onda Mahtumguljandanam el ýuwmasak ýagşy-da. Öwezberdi şyh Buzlypolat serdaryň bu sözüne jogap berip bilmedi. – Garyndaşlar, ir günümizi gijä goýmaýlyň. Çalyş han, «hudaýa ynansaňam ynan welin, eşejigiňi pugta daň» diýen gürrüňem bar. Biz Magtymgulyny hudaý penasynda saklasyn diýip oturman, şu gijeden galman ýola çyksak neneň bolar? Kemalhan Owganyň aýgyt bilen aýdan sözi oturanlara täsir etdi. Şol gije üç ýüze golaýrak atly Horasanyň Astrabat şäherine tarap uly umyt, uly hyjuw bilen ýola düşmäge taýýarlandy. * * * Adynageldi han Magtymgulyny Astrabat hanyna bendi edip bereni bilenem, Döwletmämmet mollanyň ýurduny küle öwürdip, çagalaryny ýagy-ýesir edeni bilenem, bütin Hajygowşanyň gözüňde ot ýakany bilenem ynjalanokdy. Ol Magtymguly bendi bolandan soň, obasy, ili dargaň soň, il göçüp-tezip başyndan sowlar öýdýärdi. Emma onuň diýeni bolmady. Teke, ýomut, gökleň hanlarynyň at tezegini guratman, gelip-gidip durmasy, yzly-yzyna gelýän çaparlar onuň iýenini burnundan alýardy. Ol Magtymguly, Öwezberdi şyh, Buzlypolat serdar barada her günde telim sapar oýlanýardy. «Ýok, bu bir päli azançylyk boldy. Öwezberdi ýetimçe nire, men nire? Eger baýlyga, abraýa, syrata garanda-da, men öňe tutulmaly, menden maslahat soralmaly ýaly ahyryn. Emma, gör, muny? Ýok, bu ýerde Çalyş hany çapym-çapym etmeli. Men ýomutlaryň içinde sylagly, hurmatly hanyny beýlä goýup, bir garamaýak, garyp adamyň öýüne barsam, ol maňa berekella aýdarmy? Onuň özüne ýakarmy? Ýok, bu iş bolýan zat däldir». Han oýlandygy saýy gahary depesine urýardy. Onuň ýatyp-turubam, iýip-içibem mazasy bolanokdy. Bu gün han özüniň salyny ýüregindäki gazabyň tersine sürmegi müwessa bildi. Ol semiz goýun soýduryp, gazanlary atardy. Soň Çalyş hany öz atlylary bilen gördüm, gürleşdim diýen adamyňy tapyp, bu gepiň aslyna ýene-de bir gezek ýetdi. Şoňdan soň birneme ynjaldy. «Men ol gärje ýomudy öýüme çagyryp ýagşyja utandyraýyn. Goý, kimiň kimdigini ýagşy bilsin!» Han Çalyş hany çörege çagyryp aýtjak sözlerini desseläp bogýardy. Oňa Çalyş han bolup jogap berýärdi. Şol jogaba-da ýene özi jaýdar söz bilen zarba urup, ýomut hanyňa sypara ýer goýmaýardy. Ol ahyry: «Beý, Adyna han, Magtymguly seniň ýaly döwletli, paýhasly, pähimli, hormatly hana per bermeýän bolsa, onda ol biziňem hormatymyza mynasyp däldir» diýýärdi. Han şu niýet bilenem öz inisini Çalyş hany çörege çagyryp gel diýip, Öwezberdi şyhlara iberdi. Özem oňa ýüzlenip aýtmaly sözleri inisiniň agzyna çeýnäp-çeýnäp berdi. «Adynageldi dädem, seniň öz iline geleniňe gaty begenýä, gözi ýolda galyp garaşyp otyr, bir duz dadyp git...» Han inisi gidenden soň, tä garanky gatyşýança ýola garap oturdy. Gazanlardan göterilýän diýseň ýakymly ys, ajaýyp etrek howasy, sähranyň sergin şemaly ony oýadardan uzakdady. Ol kowçum-kowçum edilip daňlan atlara, hemem Öwezberdi şyhyň garynja külbesiniň işiginden çykýan ýukajyk tütüne bahyllyk bilen garady. – Aga – diýip, inisiniň aýdan sözi onuň gulagynyň ýanynda top ýarylana dönderdi. Ol zähresi ýarylan ýaly bolup, inisine azgyryldy. – Merez, saňa näme ker barmy bu ýerde. Pormyňy piserdip zadyň çemini bileňok. – Ol ep-esli wagt dommarylyp durdy. – Näme ýeke geldiň? – Aga, Çalyş han aýtdy. Bu wagt çöregiň, duzuň ýeri däl. Ine, nesip bolsa, awumyzy alaly, ilimizi begendireli, ondan soň näçe duz-çöregi bolsa iýibereris diýdi. Özlerem, Astrabada, Magtymgulyny getirmäge gitjek bolup durlar. – Başga kim bar? – Aý, men-ä tanamogam, Buzlypolat aga-ýa bar. Bu habar hanyň ganyna gor guýlan ýaly etdi. Ol elewräp, inisine herreldi. – Bar, işany çagyr, güýmenmän gelsin çaltrak. – Ol birdenem pikirini üýtgetdi. – Ýok, bar, Atagulyny çagyr, oglanlara aýt, onuň atyny eýerlesinler. Ataguly köp garaşdyrmady. Ol garaňkyda gözüni açalak-ýumalak edip, büdräp gelşine sandyraklap salam berdi. Emma han onuň salamyny almady. – Han ogul, biziň başymyza iş düşüp, gözümize gan doljak bolup dur. Hol, ýomutlar, ýoljaklar derýanyň aňyrsyndaky ýeňiýoluklar üýşüp, goşun tartyp Astrabada ugrajaklar. Şol hol günki seniň belet bolup dagdan aşyran sähnäňi boşatmaga. Eger ol sähne gaýdyp geläýse maňa-da gün bolmaz, seni-hä asylam ile çykar ýaly etmez... Han sakyndy, onuň tersine, özüne sala salynmagyna monça bolan Ataguly gomalyp gepledi. – Han aga, näme ýumşuň bolsa aýt. Seniň üçin janymy bererin. Hanyň diýeni boldy. Ol öz ýanyndan nyşanany çüýledim hasap etdi. – Häk, ýigit diýeniň seniň ýaly bolaýsa. Ählisini satyp bir saňa iýdirseň, köreken. – Ol indi ýumşuny batyrgaý aýtdy. – Sen atlan häzir. Dep Astrabada. Mämmedemin hana menden köp dugaýy salam aýt. «Han agam iberdi. Magtymgulynyň, Astrabatdadygyny aňypdyrlar, türkmen hanlary uly ýygyn çekip gelýär diýdi diý». Şolary güpbasdy edip, enesiniň adyny taýmaz ýaly etse, «Maly-mülkümiň ýary şonuňky diýdi diý». Ataguly salym geçmänkä ýola düşdi. * * * Mämmedemin mürze Atagulynyň getiren habaryny eşidip mys-mys güldi. Munuň özi: «Türkmeniň başy birigip, Astrabada çozýança aý geçip, ýyl dolanar, hanym» diýdigidi. Onsoňam ol Magtymgulyny türkmenleriň tapyp bilmejegine magat göz ýetirýärdi. Sebäbi ol bendiniň şanyň teýzeminindäki gizlin zikgehanasyndadygyny özünden başga üç adam bilýärdi. Olaram hanyň iň wepadar peşaplarydy. Zikgehanadaky dört ýesiriň bolsa janynyň jähenneme iberilenine ençeme gün bolupdy. Bu zatlar Astrabadyň häkimini köşeşdirýärdi. Ýöne ol ätiýajy elden bermedi. «Türkmenleriň özleriniň bendisini boşatmak üçin goşun toplap, Astrabada dökülmekçi bolýandygy barada» Horasanyň häkimi Şahruha çapar bilen at iberdi. Özüniň peşaplarynyň ýarysyny üç topara bölüp, Gürgeniň ýoluňda gözegçi goýdy. Emma gözegçileriň ýolda-yzda adam-garanyň, tot-tozanyň görünmeýändigi baradaky köşeşdiriji habarlary bilen ynjaldy. Hajygowşandan gaýdan atlylar. Aktokaýa baransoňlar ugurlaryny üýtgetmeli boldular. Çünki, Kemalhan Owgan Ahmet şanyň goşun ýöretmekdäki usulyny Çalyş hana düşündirip, ony ýagşy ynandyrdy. Şondan soň Buzlypolat serdar tä Astrabada barýança göni ýol bilen gidip, şalyk çarbagyň ýanynda garaşmaly edildi. Kemalhan gündogar ýüzden, Çalyş han hem günbatar ýüzden Astrabada garşy ýöriş etmeli diýen maslahata gelipdi. Çakan serdaryň atlylary Kemalhanyň toparyna, ýomut tirelerinden gelen atlylar-da Çalyş hanyň toparyna goşuldy. * * * Haýrynsa mama bu aldajy sowukda zyndan adam geler diýip oý etmeýärdi. Öwezberdi şyh bilen Buzlypolat serdar murtlaryndan, sakgallaryndan monjuk ýaly aslyşyp duran burjulary hem aýyrman, maslahata başladylar. – Mama jan, şol zyndana nähili barmalydygyny anyk aýt. Niresinden barylsa has amatly bolar? Haýrynsa mama aljyrady, Ol näme diýjegini bilmedi. – Balam, bilmiräm, heç habarym ýokduý, üzüm gidämän siz bilän, bahşa ugur bilmiräm, balam. Buzlypolat serdar oturyp bilmedi. – Hak, işan aga, barsyny bulaşdyryp oturmasaňam biridir. Gyzyny alaýynyň zadyny ýeriň giňinde etseň bolmadymy? Gulaly hem gitmäge häzir bolup durdy. Ýöne Buzlypolat serdaryň yşaraty onuň galmagyna sebäp boldy. Meýdan dyzdan gardy. Ýollar şakga-şakga doňup ýatany üçin ýöremek has kyn düşýärdi. Buzlypolat serdaryň atlylary bu gün ilkagşamdan Astrabadyň çägine gelip saklanypdy. Ýalazy meýdan, aldajy şemal, ýülügiňi doňduryp barýan aýaz adamlary çydar ýaly edenokdy. Näme-de bolsa, atyň üsti bolsa-da, ýöräniň ýagşydy. Şonuň üçin-de, Buzlypoladyň garaşmaga takady ýetmedi. Ol Öwezberdi şyh bilen ilki Haýrynsa kürtlere, soňam hanyň galasyna bakan ugrady. Galanyň burçlarynda ikibir, üçbir, ot ýakyşyp biri-biri bilen gygyryşyp, oda çoýunyp oturan gyzylbaş nökerlerini diýäýmeseň başga janly-jandar ýokdy. Olaram häzir ýyly ýer tapsalar sümüljek bolup, alaçsyz otyrdylar. Baş derwezäniň işiginde oturanlar ýanlaryna gelen kempiri görüp, ýerlerindenem turmadylar. Haýrynsa mama Buzlypolat serdaryň öwredişi ýaly gelip, nökerbaşyny sorady. Garry gyzylbaş aýazdan gurşan aýaklaryna diýenini etdirip bilmän oturyşyna, zordan adyny aýtdy. – Balam, Alynyň ýoluna, juma şamy hazir kyldym. Geliň, duýz dadyň, başym size gurban olsun. Garry aýalyň bu sözi oturanlaryň gulagyna hoş ýaksa-da, ýasawulbaşy ýerinden turmady. Haýrynsa mama has mylaýym, şelaýyn sözler tapyp, ýasawulbaşyny öýüne çagyrdy. Juma gijesinde, Alynyň ýoluna taýýarlan tagamyny öwdi. Diňe şoňdan soň ýasawulbaşy gurşan aýagyny tutup, ýene-de bir nökeri yzyna tirkäp, kempiriň yzyna düşüp gaýtdy. Buzlypolat serdar burça aýlanan nökeriň depesinden gürzi ýaly ýumrugyny inderdi. Ýoldaşynyň bir gapdala agmagy ýasawulbaşynyň huşuny başyndan uçurdy. Ol aýagynyň agyrysyny ýadyndan çykaryp, yzyna bakan ökje göterjek boldy. Emma doň ýer ony aýagynyň üstünde saklamady. Goja özüniň serpmeden gaýdan ýaly bolup ýykylyşyny, hem kimindir biriniň özüni nirädir bir ýerlere göterip alyp – barýany gördi. Serdar atlylaryny goýup gaýdan ýerine baranda Kemalhan Owganyň hem eýýäm gelendigini gördi. Ol Buzlypoladyň maslahatsyz şähere gitmegine gaharlansa-da, onuň ýesir alyp gelmegine begendi. Ýalazy meýdandaky maslahat gysga boldy. Ýasawulbaşy her näçe diline berk bolan bolsa-da, girewe alnan ýesiriň hanyň zikgehanasyndaky zyndandandygyny, ol ýere diňe iki ýol bilen, hem-ä hanyň köşgüniň aşagyndan çekilen ýol bilen, hemem galanyň baş derwezesinden baryp bolýandygyny aýtdy. Indi diňe derwezäni açmak galypdy. Onam Kemalhan öz üstüne aldy. Ol şol duran ýerinde nökerbaşynyň sopbaşyny başyna geýdi. Onuň serbaz haladyny egnine atdy. Soňam on bäş ýigit bilen Buzlypolat serdary, Öwezberdi şyhy yzyna tirkäp, garaňka siňip gitdi. * * * Magtymgulynyň duz datmanyna näçe gün bolanyny onuň özem bilenokdy. Zyndanhananyň daşlary buza dönüp, onuň ysgynsyz-ragbatsyz bedenini doňduryp barýardy. Emma ençe gün bäri üşemekden, açlykdan, suwsuzlykdan halys bolan göwresi bu sowuklygy känbir duýubam baranokdy. Erbet kellagyry, üzlem-saplam düýşler, kä arwah-jynyň käte dogan-garyndaşlarynyň görnüşine girip, töwereginde çala salgym atýan keşpler, kä golaýlap, kä daşlaşyp gidýän ägirt uly ot-ýalyn, mundan ençeme ýyl ön Hywada gören garry diwanasynyň doga okaýan ýüregedüşgünç sesi onuň ýürek-bagryny tüýtmeläp, janyňy alyp barýardy. Ol käte özüne gelip, indi elini-aýagyny hem uzadyp bilmeýändigine juda-juda gynanýardy. Şol arada-da öz ölüminiň golaýa gelendigi baradaky gurşun ýaly agyr duýgular onuň öňki ysgynynam endamyndan sykyp alýardy. Ol ýene-de alasarmyk duýgularyň girdabyna gark boldy. Özüniň alnynda dikelen atasyndan düşen halyny gizlejek boldy. Garry molla sesini çykarmaýardy. Ol gam laýyna batyp durşuna, birdenem bir wagtky Şirgazy medresesiniň ketde ahunynyň keşbine aýlanýardy. «Atam, halypam! Sizler meni uly alym, beýik eýäniň ýerdäki hormatly wekili etjek bolup ýagşy dilegde bolduňyz. Siz meni ulamalara, şazadalara, hanlara, şalara ýar etjek bolup ýagşy dilegde bolduňyz. Emma meniň göwnüm Hajygowşanyň köneje oraçasyna, türkmen iliniň ýönekeý adamlaryňa, sadaja güzeranyna telwas etdi. Emma maňa şol pukaraja güni-de köp gördüler. Hany, sizin aýdan adalatlylygyňyz? Hany, allanyň öz sadyk gullaryna bolan şepagaty? Men bu dünýä gelip dişim ýylgyryp, göwnüm açylyp görmedim. Görenim pyrak, agy, efgan boldy...» Ketde ahunam, Döwletmämmet Azady hem Magtymgulynyň sowallarynyň öňünde ýegşerilip, eräp, gözden gaýyp bolýardylar. Birdenem: «Biz seni ýalňyz galdyrmarys, şu pursadyň özünde ýanymyza hemişelik alarys. Sen bu dert-azarlardan ömürbaky azat bolarsyň!» diýşip, onuň daşynda gaýmalaşyp başlaýardylar. Magtymguly diňe bir zady, ömrüniň iň soňky pursadyny ýaşaýandygyny aňlaýardy. Ol bu agyr duýgular ýaş bolup inen dideleri bilen özüniň gysgajyk ömrüne gaýtadan ýene-de bir gezek seretmäge iň soňky berilýän mümkinçilikden peýdalanýardy. Bu wagt Kemalhan Owgan hanyň galasynyň derwezesini gaty-gaty urup, pars hem-de kürt, türki dilini garyşdyryp «Maşatdan, Şahruh şadan çapar geldi, açyň derwezeleri, gyssagly habar bar!» diýip, sögünç, haýbat bilen gygyrýardy. Emma edil derwezäniň daşynda bolşy ýaly, içerde hem bar janly-jandary upbat alan ýalydy. Diňe birhaýukdan soň goly açarly goja derwezeban hüňürdäp, galanyň işigini açdy. Şol wagtam bir topar adam güpürdeşip, gala girdi. Kemalhan yzyna garanda Çalyş hanyňam öz atlylary bilen ýetip gelýändigini gördi. Ol bu günki işiniň şowlulygyna begenip, ylgaşlap diýen ýaly howzy tapdy. Howzuň gapdalyndaky agyr gapynyň zynjyryny döwýänçäler, urgan bilen aşak sallanyp zyndana girýänçäler ýene-de ep-esli wagt geçdi. Kemalhan zikgehana girende tasdan demi tutulypdy. Her dürli nejasadyň, çygyň, nähilidir bir zadyň maslygynyň çüýrän ysy bagyr-öýkeniňi agzyňdan getirip barýardy. Asyl, bu ýerde adamy ýaşajagyna hiç bir jähtden ynanar ýaly däldi. Ol Şonuň üçin ilki bir yzyna gaýtjagam boldy, emma agzy dowzahyň girelgesi ýaly bolup hoňkaryp duran işigi görüp, onam barlamagy ýüregine düwdi. Şonuň üçin-de, golundaky ýanyp duran esgili taýagy öňe gutup zyndanhananyň işigindeň ätledi... Ol diňe gözi öwrenişenden soň buz ýaly gara daşlaryň üstünde bir gysym bolup ýatany gördi. Ony emaý bilen ýokary göterdi. Emma onuň ruhsuz, dirilik ýokundysy galmadyk ýüzünden bu adamyň Magtymgulydygyny aňanam bolsa, onuň söwer dostudygyna birjigem ynanmady. Magtymgulynyň göwnüne bolsa, ol atasynyň ýanyna hemişelik uçup barýan ýalydy. Hyýalynda dosty ony goltugyna gysyp uçup barýardy. Aňyrda bolsa agalary Abdyllanyň, Mämmetsapanyň, kyýamatlyk dosty Çowduryň, käbesi ejesiniň, Meňlisiniň hem-de dädesiniň üzlem-saplam keşbi, tanyş hemem tanyş däl meňzi görnüp-görnüp gidýärdi. Kemalhan ony juda kynlyk bilen zyndandan alyp çykdy. Dostunyň eräp, süňk bilen deri bolup galan bedenini egnindäki hälki nökerbaşydan galan dona dolady. Soň gylyjyny ele aldy, Ak garyň üstünde şeýle uly çaknyşyk gidýärdi. Galanyň içi türkmen ýigitlerinden hem-de ala ukudaky gyzylbaşlardan doludy. Gökde galgap, biri-birine zarp bilen degýän gylyçlardan ot çykýardy. Birdenem Çalyş hanyň atlylarynyň gygyryşyp at goýýandygy eşidildi Häliden bäri janagyrly gylyçlaşýan gyzylbaşlar hüwi gören serçe sürüsi ýaly dumly-duşa pytraşdylar. Oňa çenli Çalyş hanyň özem ýetişdi. Ol idegine alyp gelýän boş atyny görkezdi. – Hany, Magtymguly, münsün şu ata, ir günümizi gije goýmalyň. Kemalhan sesini çykarmady. Emma Çalyş han ýagdaýa bada-bat düşündi. – Getiriň, Kemalhanyň atyny! Kemalhan dostuny gujagyndan goýman, arslan gaýraty bilen bedewine atlandy. – Sürüň, ýigitler, «umytly guş Käbe ýetmiş». Biziň nesibimizden çykmadyk bolsa, Magtymguly janam daýanar... Türkmen ýigitleriniň astynda syçrap duran bedewler, ýeňillik bilen ganat ýaýdylar. * * * Magtymguly Türkmensähranyň deňine gelende gözüni açdy. Günüň tylla tyglary onuň gözlerine röwşen çaýdy. Ol özüni dostunyň gujagynda görüp, ýaşly didelerini balkyldatdy. – Ilim-günüm amanmydyr, gardaşym?! Kemalhan badyhowa gürledi. – Amandyr, Magtymguly jan! – Şeýle bolsun, ylaýym! Kemalhan tä oba barýança şundan artyk ýeke sözem geplemedi. Çünki, ol il-günden, hemem bu ullakan Watandan başga, Magtymgulyň söýenere, guwanara hiç kiminiň, galmandygyny bilýärdi. Özüniň bolsa oňa ömürlik hemdem bolasy, güýç-kuwwat beresi gelýärdi. Ony başarjagyny-başarmajagyny bolsa bilenokdy. Sebäbi munuň üçin Magtymgulynyň özi ýaly mert, ägirt bolmaly ahyryn. Ikinji kitabyň soňy. Aşgabat. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |