10:09 Pyrlampaç | |
PYRLAMPAÇ
Goşgular
Seret, çöp başynda tutulan guş deý, Bir zat pysyrdadýar akja ganatyn. Boşatmak isledim, ýüregim awap - Guş däl eken golaý gelen halatym. Çöpe ilip galan täsin pyrlampaç, Ýelden ýelpaý tapyp barha pyrlanýar. Çagalygym ýada salyp bu pursat, Hyýalymda şat günlerom durlanýar. Diñe pyrlampaç däl, bizem şo günler Pyrlanardyk gurup täsin tegelek. Göýä bizden öwrenýän deý uçmagy, Gül üstünde haýran galýae kebelek. Pyrlampaç pyrlanyp ýiterdi gözden, Bizem ylgap-ylgap öýden ýiterdik. Jynyñ çüýşesi deý sebäp tapylsa, Pyrlampaçdan has şatlanyp beterdik. Ondan bäri aý-gün geçd pyrlanyp, Ýetebilmen indi onuñ yzyndan. Kim saga pyrlanýar, Kim bolsa çepe, Ýöne bar zat bu dünýäniñ dyzyndan. Pyrlampaç pyrlanyp ýuka duman deý, Şu durşuna mümkin uçup gitmegi. Gizlenmek islämde özüm-özümden Maña öwret pyrlanyplar ýitmegi. Pyrlanyp başladym, dünýäm, tut meni. Oguljemal ÇARYÝEWA. | |
|
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |