22:34

Russiýa çak edilşi ýaly güýçlem däl eken!

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 535 | Добавил: Gökböri | Теги: Emin Çölaşan | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 Garayolly1936  
830
Sag boluň ýetireniňize.

0
2 Garayolly1936  
830
Uruş dünýä içre gara zulumdyr,
Oň ölçeg birligi ajy ölümdir.

0
3 Garayolly1936  
830
Niçeme çagalar ÿetim galandyr,
Niyetler, arzuwlwr gül dek solandyr.

0
4 seyitliyewmaksat  
1182
"Russiýa we Ukraina… Uruş zerarly iki ýurdam weýran boldy we uly ýykgynçylyklaryñ bolmagy dowam edýär'' Russiýanyň niresi weýran boldu-ka? Ykdysadyýet barada bolsa, entäk hiç bir zat anyk däl. Eger sanksiýalaryň netijesi anomal gönüşde Russiýanyň ykdysadyýetine täsir eden bolsa, ýurt bireýýäm asgynlap, harby herekedini bes ederdi.

Russiýanyň güýji barada gürrüň gidýän bolsa, ( bu meniň öz garaýşym) häzirki wagtda dowam edýän Russiýa-Ukraina hadysasy ähli punktlary özünde jemleýän uruş däl-de, belli bir düzgün hem-de meýilnama bilen dowam edýän harby operasiýa. Has dogrusyny bir Allah bilýär.

0
5 Revo  
484
"Söýgüli okyjylarym, şu gün size Russiýa-Ukraina urşundan birazajygam bolsa söz açmak isledim.
Herhal çaklansyñyz, men belli meselelerde olar ýaly derejede gürrüñini çürt-kesik orta atyp, bilgiçlik satýan biri däl.
Başgaça aýdylanda, günüñ 24 sagadyny diýen ýaly ekranlara çykyp, hemme zat barada gep otaryp oturanlardanam däl.
Beýtmek üçin "hemme babatda hünärmenlige ýeten (!) görkezmelik hünärmen" bolmak gerek, a meniñ bolsa bular ýaly ukyp-başarnygym ýok, gynansak-da!
Hemme zady bilýänden, hemme zada düşünýänden!
Olar ýaly zat ýok, how!..
Şu ýerde okaýan ýazgylaryñyzam ýönekeý watandaş sypatynda ýazyp, siziñ dykgatyñyza hödürleýärin."


Ýok, eýle däl, ýa beýle däl, ýöne içim gysansoň ýa-da bäş manat pula mätäçligim bolansoň ýazýan diýip, makalaň öňünden özüňi aklamana çalyşmak hökmanmyka?! Işiň ýazmak bolsa ýaz, işiňi ýerine ýetir, yzynam okyja galdyr, özi baha keser.
(Tema dahylsyz, gereksiz giriş)

0
6 Revo  
484
"Şindi (hetdim bolmasa-da) geleliñ Russiýa-Ukraina urşuna...
Diñe biz däl, bütin dünýä Orsyýete super güýç hökmünde garaýardy. Meger ýalñyşan ekenik.
"Haý duraweriñ, Russiýanyñ gaharyny getirmäñ, nerwisini oýnamañ, üstümize gelse bizi toz-dumana öwrer, özümizi goralyñ" düşünjesi bütin dünýäde bardy.
Bütin dünýä Ukraina çozmagyndan soñ urşuñ Russiýanyñ ýeñişi bilen gutarjagyny we iñ gysga wagtda tamamlanjagyny çaklaýardy.
Iñ gijä galynanda bir hepdäniñ içinde paýtagt Kiýew boýun egmeli, Ukraina agyr ýeñlişe uçramalydy. Biziñ hünärmenlerimiz şeýle diýýärdi!
Emma bolmady...
Eýýäm iki aýa golaýlap gelýär, ýeñişden habar-hatyr bolmaýşy ýaly, dünýä mediýasyndanam görşümizçe Russiýa agyr ýitgileri berýär.
Görşümiz ýaly "super güýç" Russiýa çak edilşi ýalam güýçli däl eken!
Hiç bir etmişi bolmadyk bigünä raýatlar öýlerinden-illerinden jyda düşýär, ýüz müñlerçesi goñşy ýurtlara gaçýar, müñlerçesi öldürilýär."


Içerki gurluşy düzüw bolmadyk ýurdyň (raýat institutlary ýykylan, raýat hak-hukuklary basgylanýan, azat habar beriş serişdeleri depgilenen, ähli pudaglaryny parahorluk gaplap alan, döwlet eýeleri bilen adaty adamlaryň arasynda ymgyr uçut ýatan, ylmy-tehneki ösüşe derek diňe ýerasty baýlygyň hasabyna ömür süren we ondan gelýän girdejiniň 100/90 göterimini sanaýmalyja adamlaryň arasynda paýlanyp galan 10 göterimini 140 million ilatly halka eçilen ýurtda) harby güýçleriniň düzüw bolmasyna haky ýokdy. "Mal eýesine çekmese şumluk" ýa-da "Mal eýesiniň gözünden suw içer".

0
7 Revo  
484
"Ukraina babatda aýdylanda, iññän agyr ýitgileri berdi. Ýurduñ ykdysadyýeti we hemme zady ýer bilen ýegsan boldy, ýykan-ýumranlyga uçrady.
Aslynda Ukraina Günbatar ýurtlarynyñ "Troýa atydy". Russiýa üçin çynlakaý howp abandyrýan ýurtdy.
Ol Günbataryñ peýdasyna hallan atan, emma şindi görşüñiz ýaly hyýanata uçran ýurt bolup galdy.
Uruşdan öñ Ukraina ne wadalary beripdiler:
"Siz öz ýeriñizde berk duruñ. Russiýa hiç zadam edip bilmez. Biz arkañyzda durarys. Gerek bolsa NATO-nyñ düzümine alarys, Ýewropa bileleşigine alarys, çeken maddy we magnawy zyýanlaryñyzyñ barsynyñ öwezini dolarys!"
Diýmek, aldapdyrlar, ýalan sözläpdirler. Bu babatda häzire çenli ýekeje oñyn eden işleri ýok.
Boş sözler bilen wagt geçirýärler, dogrusy, wagt utýarlar, emma bar bolýanam garamaýak halka bolýar."


Ukraina hiç haçanam günbataryň peýdasyna hallan atmady, diňe öz bähbidini arady. Ol g.b-a ýakynlaşyp, g.b söwdä birleşigine, iş birligine, wagtyň geçmegi bilen Ýewropa bileleşigine giresi geldi, Ýewropaly maýa goýumçylary öz içine çekesi geldi, Russiýanyň häzirki geljegi bolmadyk gara syýasatyndan assa-ýuwaş daşlaşasy geldi, ýöne Russiýa Krymy özüne bikanun birikdirensoň assa-ýuwaş bolmady. G.b-yň Ukraina beren sözleri (NATO ýa-da Ýewropa birleşigine goşulmak) intägem öz güýjüni ýitirenok, diňe öz wagtyny peýleýär. G.b-yň häzirki wagtda Ukraina etýän kömeginiň bolsa sany sajagy ýok, Russiýanyň ykdysadyýetini çökermek üçin (köp halatda özüne zyýanly) sanksiýalar salýar, harby-maddy kömekleri ummasyz, analitiki maslahatlary ýa-da ýurdyň içinden çykan 5mln-dan gowrak raýatlara eýe çykmasy we ş.m bimöçber kömekleri amala aşyryp dur. Uruş gutaransoň Ukrainanyň infrastrukturasy dikeltmek üçin Rossiýanyň 400 mlrd dollara ýakyn doňdurylan puluny hem Ukraina bermäne wada etdi.

0
8 Revo  
484
Birinji sapar bir wakany beýan edenlerinde Weýtnam söweşine ýa-da Amerikanyň Yraga çozmasyna salgylanman ýerine ýetirip bilipdirler. Berekella!

0
9 Gökböri  
136
Baý-baa, baram eken-ä bizdeýem ýanyp duran jürnälisler! Gynanyp ýördüm. "Özümi şolardan kem göremok" diýeniñ manysy mundan çykdy. :)
Ynan, ýazýan zadyñ çigit ýaly gymmaty ýok gözümde. Iñ bolmanda Ukrainany, Russiýany gözüñ bilen gör ýa-da diñle şol ýurtlarda okap, ýaşap gelenleri, soñ syýasatçysyra.

0
10 Revo  
484
Bolýahh, indi diňe Russiýada, Yragda, Weýtnamda, ABŞ-larynda, Osman imperiýasynda ýaşaýan žurnalistsumak syýasatçylaryň makalalaryny okap oňaýaryn. :)

0
11 Gökböri  
136
Şeýtseñ iñ uly peýdany özüñe edersiñ!

0
12 Revo  
484
Sen bir zat diýdiň-de men ýok diýdimmi?! :)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]