22:46 Şa gyzy hem şazada / nowella | |
ŞA GYZY HEM ŞAZADA
Hekaýalar
Kimden haçan eşideni belli däl, şazada hem şa gyzy hakyndaky gyzykly hekaýaty Sanjar aga süýjüdip-süýjüdip gürrüň bermegi halaýardy. Öň näçe sapar eşidenem bolsak, burnumyz deşilen ýaly bolşup, oturyp diňleýärdik. * * * Agalary awa-şikara çykanda, şa gyzy Nurana hem köplenç olara goşulyşyp şäheriň daşyna gidýärdi. Olaryň ýaşaýan şäherleriniň bir tarapy daglykdy, bir tarapy tokaý. Dagyň jülgesi tokaý bilen utgaşýardy. Bir tarapy ötlem-ötlem beýikli-pesli baýyrlykdy. Gündogara tarap uzalyp gidýän baýyrlaryň bir tarapy giň sähra sapýardy. Bu täsin ýerler şa gyzynyň dogabitdi söýgüli mekanydy. Nurananyň aw bilen işi ýokdy. Ol doganlaryndan gaty uzaklaşman derelerde, baýyrlarda aýlanyp ýörýärdi, gül ýygýardy. Kän gorky-ürkinem bilmeýärdi. Onuň gaty owadan ak aty bardy. Özem ýaz pasly köplenç näzijek bedenine şaplaşyp duran ak ýüpek köýnek geýýärdi. Gerdenine şol reňkde içinden zer geçen ýukajyk ak öýme atýardy. Tanap ýaly uzyn saçlaryny arkasyna örüp goýberýärdi. Kä halatlarda gün ýiti bolanda Nurana akja öýmesini başyna atýardy. Bu ony örän owadan görkezýärdi. Ol ertekilerdäki gözel perilere meňzeýärdi. Gyz bu günem doganlaryny aşakda jülgede galdyryp, ýalňyz özi baýyrlara dyrmaşdy. Ol hemişekileri ýaly, bir belent baýryň çür depesine çykdy. Salkynjak şemal Nurananyň ýüpek ýaly gyryk, alyn saçlaryny ýüzüne düşürip, olar bilen gyzyň pamykdanam ak ýüzüni sypap-sypap keýpden çykdy. Ýukajyk öýmesini galgytdy. Daşyndan seretseň gyz ganat ýaýyp uçup gitjek ak guwa meňzedi. Dagyň tämiz howasyndan kükregini dolduran gyz gündogarynda ýazylyp ýatan meýdanlary guwanyp-guwanyp nazaryndan geçirdi. Onuň uzakdan gelýän bir atla gözi kaklyşdy. Doganlarynyň seslerini eşidip duransoň gyz ol atlydan eýmenmedi. Ýöne ondan gözünem aýyrmady. Bir haýukdan soň atly baýra dyrmaşdy. Gyz welin oňa gözüni aýyrman seredip durdy. At akdy. Onuň bedeni kümüşden ýasalan ýaly lowurdap durdy. Üstündäki pälwan sypat erkek kişi sarsman başyny dik tutup otyrşyna dag bürgüdine çalym edýärdi. Oňa aňalyp durşuna gyz nätanyş ýigidiň özi bilen egnini deňläninem duýmady. Gyz oňa tarap gözüniň gytagyny aýlap goýberdi-de salamyny aldy. Soň ýigide duýdurman göz astyndan atynam, özünem synlady. Ýigit berdaşly hem daýawdy. Onuň bedeni edil gurşundan guýlan heýkel ýaly atyň üstünde dim-dik bolup durdy. Egnine syrlaşyp dyran tämiz hem owadan eşikleri ýigidiň şonsuzam çaksyz syratly bedenini has owadan görkezýärdi. Onuň az-kem Güne ýanan, owadan tegelek ýüzi, paýhasly nazaryny aç-açan mälim edip duran owadan gözleri gyza tanyş nazar, tanyş gözler ýaly mährem göründi. Iki juwanyň baýyrlaryň çür depesinde täsin tebigatyň syrly dünýäsini synlap, egin deňäp durşy nätanyşlar däl-de ylla diýersiň duşuşyga gelen aşyk-magşuklara meňzeýärdi. Olar sözsüz gürleşip duran ýalydylar. Gyz bir ýat ýigide kökerilen ýaly bolup durmaga ejap eden bolmaga çemeli. Aşak düşmäge hyýallandy. Ýigit ony sorag berip saklady. Gyz adyny aýtdy. Soňam kinaýalyrak äheňde: – Tanyşlyk açmak üçin, elbet-de ol zerur bolanda, ilki öz adyň aýdylýarmyka diýýärdik – diýdi. Ýigit bir geňsi ýylgyrdy. Gyzyň göwnüne, bütin dünýä nur çaýylan ýaly boldy. Ýigit özi bilen tanyşdyranda, onuň ady Atbakarmy, ýa özi at bakýarmy? Gyz düşünmedi-de oňa nazaryny aýlap, degişesi gelýän äheňde: — Atbakar bolsaň, atlaryň görünenok-la – diýdi. Ak atyň üstünde nurdan ýasalan ýaly bolup, lowurdap oturan bu näzik beden gyzdan gözlerini aýrasy gelmän ýigit, oňa tarap öwrülmäge bahana tapanyna begendi, gabagyny galdyrdy-da: — Atlarmy? – diýdi. — Bar olaram. Ýöne at bakýanlaryňam käýarym dynç alaýmasy bardyr. Men olary özbaşyna kowup goýberdim, özüm awa çykdym. Gyz ynanmaýan ýaly ýigidiň ýüzüne köp manyly seretdi. Onýança ýigit onuň özüne sorag berdi. — Adym Nurana diýdiňmi? — Salym geçenok soranyňa, näme ýadyň ugry ýokmy? — Mümkin. Ýene bir sellem dursam mende ýadam, akyl-huşam galmazmyka diýýärin. Saňa gelşip duran beýle ady kim oýlap tapdyka Nurana! Sen edil nurdan ýasalan ýaly. Diýseň-diýmeseň inçejikden uzynja, bili bir gysyma sygjak Nurananyň bedeni çaksyz näzikdi hem edil nurdan ýasalan ýalydy. Onuň pamykdanam ak ýüzüni görklendirýän şar gara gözleri, nar ýaly gyzarypjyk duran ýaňaklary, sag ýaňagyndaky nokat ýaly garaja haly, inçejikden göni burny ökde hudožnigiň çeken nepis suratyna gaýra dur diýdirýärdi. Ýigit gyza tarap az-kem öwrüldi-de şeýle diýdi: — Men-ä seni nähili sypatlandyrjagymam bilemok, ýöne sen bir hili heniz görülmedik gudrata meňzeýärsiň. Nurana gülümsüräp ýigidiň ýüzüne seretdi. Ol ýylgyryş ýigidiň on iki süňňüni yzarlap gidip onda öň düýbünden näbelli emma täsin süýji duýgyny döretdi. Gyz: — Mümkin – diýdi. Ýöne bu owadan sözler meniň üçin şeýle bir täzelik däl. Onuň üçinem ýa geplemän dur, ýogsa-da her kim öz ýoluna gitse ýagşy. — Ýo-ga, meni beýle bagtdan binesip etme! Wah samsyk sadalygym bar-da, göwnümdäkini aýdyp goýberýärin. Lal aç diýseň taýyn. Ara esli salym dymyşlyk aralaşdy. Olar biri – birleriniň göwnüne degendirin – öýdüp, iňkise gitdiler. Nuranadyr ýigidiň öz atlandyryşy ýaly Atbakaryň, duran depesinden, bütin töwerek edil eliň aýasy ýaly görünýärdi. Depeden aşakda dagyň jülgesi başlanýardy. Dagy ýaryp çykan çeşme jülgäniň ortarasyndan geçenden soň, jülge gür baglyga basyrnyp otyrdy. Daglar kert-kert bolup onuň üstüne abanyşyp durdy. Çeşmäniň sesi üznüksiz saz edýärdi. Jülgede saýraýan guşlaryň, bir ýerde agajy tyrkyldadýan daşdeşeniň sesi bularyň bary goşulyşyp, täsin mukama öwrülip iki juwanyň gulagyna gelip durdy. Çepde, aşakda ýaşyl ýapynjaly meýdanlar ýazylyp ýatyrdy. Nurana bu ajaýyp mukama diň salyp, bu meýdanlardan, kert-kert daglardan gözlerini aýryp bilmän synlamaga durdy. Adamyň tebigatynyň geňdigini Nurana edil iki gün mundan öňem, şu depeden asman bilen ýeriň birleşýän ýerine çenli synlap-synlap gidipdi. Ol her synlanda-da arzuwlara beslenip, her gezegem olardan täzeden kuwwat alýardy. Bu tebigat Nurananyň arzuwlara baý giň dünýäsiniň bir bölegidi. Diýseň-diýmeseň ýaş gyzlarda şeýle bir häsiýet bolýardy. Olar öz hyýalynda haýsydyr bir syratly, akylly, edenli, hem paýhasly ýigidiň keşbini döredip, öz ýanlaryndan oňa aşyk bolup guwanyp ýörýärdi. Özünem ol ýigit bir kemsiz hoşgylyk bolmalydy. Nurananyň hyýalyndaky şol ýigit hakykata öwrülip, bürgüt ýaly bolup tebigatyň bihuş ediji keşbini onuň bilen deňje synlap durdy. Gyzyň bedenini gurşap alan näzik duýgam, oňa ganat bekledi. Nurana diňe ganat baglap uçaýmak galdy. Ýigit Nurananyň göwnüne öň görüp, guwanyp ýören tanyş ýigidine öwrüldi duruberdi. Gyzyň ýigide imrinmesi, täsin tebigatyň ajaýyp keşbi iki gudrat birigip Nurana söz bilen düşündirip bilmejek täsin duýgularynyň gujagynda bagtyýarlykdan bihuş ýaly bolup durdy. Gyz bu gözellikden doýman içini gepletdi: „Eý, gözel dünýä, çagalygymyň hemrasy ajaýyp jülgeler, maňa mähem meýdanlar siz didelerimiň göreji, ýaş kalbymyň taýsyz gözel dünýäsi. Siz maňa Taňrynyň beren ajaýyp peşgeşi. Bu gün ol maňa Atbakaram berdi. Siz birleşip meni jadyladyňyz”. Gyz ýigide tarap sähelçe öwrüldi. Ýigit onuň özüne nämedir bir zat aýtmakçy bolýanyny duýdy-da, soragly nazar bilen onuň ýüzüne seretdi. Hemişe gönümel gyz göwnüne gelenini aýdyp goýberdi: – Atbakar! Sen maňa owadan ak at peşgeş berermiň, ine, münüp oturanyň ýaly. Olar sizde köpmi? Ýigit güldi. – Ol saňa bagly. – Ol nähili maňa bagly. Gyz hiç zada düşünmän gözlerini tegeläp, ýigidiň ýüzüne seretdi. Şol bada-da ýigidiň nazaryndan utanyp, çym-gyzyl bolup aşak bakdy. Ýigit gyzyň utananyny duýup sesini çykarmady. Gyz başyny galdyrman jogap berdi: – Men oňa gowja tölärin. – Ýok, Nurana, bular satylýan atlardan däl. Sen menden peşgeş soradyň. Jülgeden gyzyň doganlarynyň ony çagyrýan sesi eşidildi. Nurana ukudan açylan ýaly başyny galdyrdy-da, bir enaýyja ýylgyryp: – Hoş Atbakar, maňa gitmäge wagt boldy – diýdi-de aşak düşüp ugrady. Ýigit howlukmaç dillendi: – Nurana ikimiz, ýene haçan duşarys. Gyz atynyň başyny çekdi-de, yzyna gaňrylyp: – Näme men saňa duşuşmagy wada edipmidim – diýdi. Soň akja elini galgadyp hoşlaşdy. Ýöne ýigidem, gyzam, özlerini şol ajaýyp ýerde ýüreklerini goýup gaýdan ýaly duýdylar. * * * Şu wakadan soň bir gün Nurana bu ajaýyp ýere ýene gezelenje geldi. Ol baýryň çür depesinde, edil öňküje duran ýerlerinde Atbakaryň durandygyny görüp gözlerine ynanmady. Ak atly gyz guş bolup uçup, baýra dyrmaşdy. Salamdan öň ýigidiň nazary gyzy jadylady. Ol bir agyzam gürlemän, onuň garşysynda baýdak ýaljak bolup durdy. Sözsüz düşünilýärkä söz nämä gerek. Olar sonarly sährada bir salym at çapdyrdylar. Şa gyzy gaçdy, Atbakar kowdy. Bu wakadan esli wagt geçenden soň, Nuranany gussa batyran bir ýagdaý ýüze çykdy. Oňa goňşy döwletden sawçy geldi. Olar Nuranany şazada üçin soradylar. Arslan şa on ogluň arasynda juda eý görýän ýalňyz gyzy Nuranany öz ýurtlaryndan daşa çykaryp, gözüniň alnyndan aýrasy gelmedi. Şol sebäplem sawçylara ýyly söz bermän, olary sypaýyçylyk bilen yzyna ugratdy. Olar ara salym salman ýene geldiler. Bu gezek hem Arslan şa olary gaýtardy. Emma olar el çekmedi. Arslan şa oýlanyp başlady. Ol gyzynyň bermese, iki döwletiň arasynda dartgynly ýagdaýyň ýüze çykmagyndan ätiýaç etdi. Hat-da olar bir gelenlerinde, garyndaşlyk açmaklyga sähelçe-de päsgelçilik bolmaz ýaly, birwagt iki ýurduň arasynda çaknyşyk bolanda ellerine düşen bir bölek ýeriňem gürrüňini etdiler. Bu gürrüň Arslan şanyň göwnüne degdi. Ol muny gizlemedi. „Biziň ýerem dawamyz ýok, ýurdam. Bu bir akylly-başly adam bolanlygynda çözülmez ýaly zadam däl. Meniň ýalňyz dikrarymy oňa dahylsyz meselä goşmaň”. Bu sözler ol ýurduň şasyna ýetýärmi ýa ýetenokmy belli däl, ýöne olar ne kinä düşindiler, ne-de kowlanyny bildiler. Bu ýagdaý gyzyň özüne-de, uly ile-de mälim boldy. Halkyň agramly bölegi goňşy ýurt bilen garyndaşlyk açmagy unadylar. Eger şazada uly döwletiň goşunyna serkerdelik edip bilýän bolsa, ol bihal ýigit bolmaly däldir. Oňa bil baglasa bolar. Ol Nurana ýaly gözel gyza hossarlyk edip biler. Giderilen ýerjagazymyzy-da yzyna berseler, hasam gowy. Onsaňam güýçli döwletiň saýasynda saýalasaň zyýany degmez. Gürrüňi edilýän ýer beýle bir uly bolmasa-da köp hasyl berýän, ýurdyň eslije raýatyny ekläp oturan otluk – suwlykly meýdandy. Şonuň üçinem, güýçleri asgyn gelip ony elinden giderenlerinde halk juda gynanypdy. Aradan köp wagt geçip, atasy ýurduny täzeländen soň, onuň ýurduna Arslan şa geçipdi. Beýleki döwlete-de öňki şanyň ogly goýulypdy. Ol juda edenli, akylly ýigit bolandan soň iki döwletin arasyndaky dartgynly ýagdaý gowşap alyş – çalyş, söwda ýola goýulypdy. Ol döwürde ýurdyň şasynyň adalatly bir ýigitdigine bil baglap Arslan şa özlerine degişli şol bölüjik ýerleriniň yzyna berilmegini sypaýçylyk bilen sorap hat ýollapdy. Emma hata jogap bolmandy. Ol ikinji haty gijiräk ýazmaklygy ýüregine düwüpdi. Sebäbi ol şojagaz ýeriň nähilidir bir düşünşmezlige sebäp bolmagyndan ätiýaç edip, ýagşy umytda bolup geziberipdi. Sebäbi şol döwürde ikinji bir güýçli döwlet bularyň ýurtlaryna derýadan gaýdýan suwy azaldanlarynda-da, olardan bada goldaw tapypdylar. Şondan soň bu iki döwletiň arasynda gatnaşyk has-da gowlaşypdy. Onsaňam agzybir ýaşamak iki tarap üçinem bähbitlidi. Onuň üçünem halk bu meseläniň oňňyn çözülerine garaşýardy. Goňşy döwlet bolsa, Arslan şa sözi geşjek ýaşulylary hem birki gezek töwella-da iberdiler. Üznüksiz gatnawlar Nuranany örän geň galdyrdy. Asyl onuň kellesine sygmady. Görmän, bilmän tanaman, bir ýat maşgala öýlenmek isläp hat-da kowlanynam bilmän dyzap duran ýigit, onuň göwnüne bir bigaýrat ar-namyssyz ýigit bolup göründi. Sebäbi gyz şazadanyň özüni görenine ynanmady. Eger ýigit ony gören bolsa, Nurana ondan bihabar bolmaly däldi. Şol sebäpli ol uzak oýlanyp, ölçerip-döküp durmady-da görmän-tanaman ol-a şazada, şa bolsa-da onuň bilen ykbalyny baglamajagyny ejesine çürt – kesik aýtdy. Arslan şa iki oduň arasynda galdy. Olaryň dyngysyz gatnap durmagyndan gyzdan el çekmejeklerini aňdy. Eger olar bilen ylalaşylmasa, öňünden bir zat aýtmak kyn weli bilip bolmaz, iki ýurdyň arasyna dartgynly ýagdaýyň düşmegi mümkindi. Ony bolsa Arslan şa ýurduň, onuň raýatlarynyň peýdasyna uly girdeýji girip durdy. Ondanam daş girse, Arslan şa, gyssansa olardan goltgy tapýardy. Söýgili gyzynyň jogabynam eşitdi. Onda-da ol gyzyna duýdurman, şazadany synlamak üçin hem töwerekden sorap bilmek üçin ynamdar adamlaryň iki sanysyny iberdi. Gidenler gelýänçä, şanyň sabyr-takaty galmady. Olar uzak eglendiler. Ahyrda ýigidiň özüni görüp, içden-daşdanam, sorap hoş habar bilen gaýdyp geldiler. Ýigit pälwan sypat, syratly. Töwerekdenem gowlukdan başga zat aýdan bolmandyr. Akylly, edenli, il alkyşyny alyp ýören hoşgulaw, jomart ýigit hökmünde häsiýetlendiripdirler. Ahyrda sawçylyga indi şanyň baş weziri geldi. Ol gaty akylly adam eken. Ol uzak gürläbem durmady. Iki tarapyňam bähbidini aýtdy. Şazadany öwmedem-döwmedem-de şeýle perzent ýetişdirmek her bir bagtly ata nesip etsin – diýdi, goýdy. Gyzyň bagtly bolaryna seret. Aýdyşlaryna görä, tüweleme ol biziň şazadamyza taý bolup biljek maşgala ýaly. Olaryň ykbaly häzirki pursatda siziň eliňizde. Maňa dogry düşinermikäňiz – diýip tama edýärin. Soň ol pikrini jemläp, eger görmek isleýän bolsalar, şazadany günibirin iberip biljekdigine aýtdy. Arslan şa ýigidiň gelmegini oňlamady. „Il oňlasa atyňy soý” diýilişi ýaly, olam birneme ýumşady. Gyzy bilen ymykly gürleşip görmegi ýüregine düwdi. Nurana näzijegem bolsa, on ogluň arasynda ösensoň, onuň oglanlara çekip duran häsýetlerem bardy. Ol gönümeldi. Ýüregindäki zady gizlemän ýa halamadyk zadynam gös-göni aýdýardy. Özünem syryny ejesi bilen kän paýlaşyp durman köplenç kakasyna aýdýardy. Muny göwün-kine edip durman şanyň aýaly adamsyna: — Şu gyzyňa gyza meňzeýän ýeri ýok, hereketlerem edil oglanyň hereketleri ýaly, asyl çagakanam şunyň gurjak oýnap oturanyny görmändim diýip aýdýardy. Hakykatdanam, Nurana doganlary bilen awa şikara gidip ýörensoň, olardan at münmegi, çapmagy, ýaý atmagy kemsiz öwrenipdi. Ýaý atanda dogry nyşanalap edil çüýleýärdi. Şa gyzy daglarda, derelerde ýalňyz özi gorkyny-ürkini bilmän, aýlanýar ýörýärdi. Hat-da ol çopanlara malam bakyşar ýörerdi. Sadadan mähriban, hoşgylow şa gyzyny uly-kiçi, garyp-gasaram iňňän eý görýärdi. Ýigit çykan ogullary bar wezirler ertekilerdäki perilere meňzäp duran bu eýjejik gyzy iňňän eý görüp, ony biri-birinden gabanýardy. Hersi özi gelin edinjekdi. Akyllyja Nurananyň köşkde aýdany aýdan, diýeni diýendi. Ýöne ol ejesiniň, özünden ulularyň garşysyna gitmeýärdi. Bir gezek, entek ol kiçiräkkä, kakasy köşkde ýokka, bir garybyň möhümini „şa” bolup bitirip goýberenine Arslan şa geň galypdy. Ol garybyň alan hasylynyň dawalaşyp ýaryny elinden alyp gaýdan hojaýynyň garypdan salgysyny alypdyr-da baryp sen men ýok, jidirdäp dökülipdir üstünden. Ol bir haýukdan soň, kim bilen iş salyşýanyny bilip başyny gutarsa, kaýyl gelipdir. Gyz oňa dänesini yzyna berdiripdir-de öwrülip garybyň adyny tutmaz ýaly edipdir. Şa ähli zadyň anygyna ýetip, gyzyna beýle zadyň öwrülip gaýtalanmazlygyny berk tabşyrypdy. Içinden bolsa oňa guwanypdy. Arslan şa bir gün Nuranany öz ýanyna çagyrdy. Bada sebäbini duýan gyzyň ýüregi gopdy. Hiç wagt atasynyň ýüzüne gelmedik gyzyň onuň ýanyna barmaga düýbünden aýagy çekmedi. Sebäbi Nurana ejesine çürt-kesik jogap berenden soň, atasy bilen bu mesele hakynda hiç wagt gürrüň etmändi. Ýöne gyz töwerekde bolýan hyşy-wuşy, gürrüňlerden atasynyň olara eglişik etjek bolýanyny aňyp ýördi. Aňdygyça-da Atbakar oňa golaýlaşýardy. Ýüreginde barha kök urýardy. Elbetde, ýigit oňa ýüregini açmandy. Oňa pursatam bolmandy. Bary ýogy iki gezek duşuşypdylar. Näme-de bolsa şa gyzy oňa imrindi. Şol duşuşykdan soň Atbakar Nurananyň ýatsa düýşünde, tursa huşunda boldy. Ol hyýalynda bürgüdini daglaryň çür depesinde görüp, özi bir ajaýyp guşa öwrülip oňa tarap uçup gitdi. Ine, birdenem bürgüde tarap barýan ýolda gyrgy peýda boldy. „Wah, atam jan, mähribanym, nätsemkäm” diýip, ol ýol boýy pyşyrdap öz-özüne gürrüň berdi. Saňa „ýok” diýsem sen ynjajak, „Bolýar” diýsem, ýalňyz gyzyň ynjajak. Atasy Nurana sala salman guda bolan bolsa gowy bolardy. Indi esasy ýük Nurananyň gerdenine düşdi duruberdi. Arslan şa mähriban gyzynyň salyk ýüzünden, onuň aýtmadyk jogabyny aňdy. Aňdy-da ýüregi gyýyldy. Oňa diýmekçi bolan zatlarynyň birinem aýdyp bilmedi-de: – Gyzym, ýalňyzym oýlan! Soň gelen netijäňi aýt. Ýöne bilip goý, sen närazy bolup öýden çyksaň, ataň üçin bu ýagty ýalançynyň dowzaha öwrüljekdigini unutma. Onsoňam bir zadam ýadyňdan çykarma, gyzym. Ataň ölçerip-dökmän aňyrsyna ýetmän, bir iş etmez, onda-da seniň bilen bagly, galanynam Hudaý oňarsyn – diýdi. Nurana sesini çykarman turup gaýtdy. Ýöne bu meselede berk aýgyda gelmelidigine düşündi. Eger „ýok” diýse, öňi bilen mähriban atasynyň dilini gysga etjekdi. Bütin ýurduna hökümini ýöredip oturan adam, öz perzendine täsiri ýetmeýän erksiz adam boljakdy. Aslynda Nurana ejesine beren jogabyndan atasynyň habarlydygyny duýsa-da, onuň özünden oňyn jogaba garaşýandygyny duýup ýördi. Oňa oýlanmaga dönüp-deprenmäge pursadam ýokdy. Atasynyň ýanyndan gaýdandan soň daň atýança urnup-urnup uklaman çykan gyz özüne ýekeje ýoluň galandygyna barha düşündi. Düşündi-de aýgyda geldi. Sebäbi özüniň oňňyn jogabyna garaşýan diňe atasy däldi. Gyz ir bilen ýuwnup-ardynypdy-da, nahara çagyrýan ejesiniň çakylygyna-da barman, göni atasynyň ýanyna ugrady. Ol ötlem-ötlem jaýlaryň içinden geçip ahyrda kakasynyň kabulhanasynda aýak çekdi, girmäge rugsat sorady. Girdi-de edil atasynyň garşysynda, göreşde ýeňen pälwan kimin, baýdak ýaljak bolup başyny dik tutup durdy. Atasy gyzynyň aýgyda gelenini ol geplemänkä aňdy. Ýerinden turup gyzynyň ýanyna bardy. Onuň başyny döşünde goýup saçlaryny sypady. – Il alkyşy, ataň – eneň alkyşy seni bagtyýar etsin. Akyllyja balam. Atasy dünýä taý görýän perzendiniň gözlerinden „Atam, meniň razylygym bilen gowluk bolýan, bolsa senem, ilem şony isleýän bolsaň, men dünýäniň ol başyna gitmäge-de kaýyl” diýen manyny okady. „Şa gyzy razylyk beripdir” diýen gürrüň bütin ýurda ýaýrady. Gyzdan tamasy çykan halaýyk ony alkyşlady. Sebäbi ilat bu ýerde öz bähbitleri hem ýurduň bähbidi bolandan soň, iki tarapyň garyndaşlyk açmaklaryny goldaýardy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyk has gowlaşjakdy. Onsaňam köpçülik bir wagt ellerinden gideren ýerlerindenem tamalaryny üzmänden soň ýagşy umytdadylar. Tersine wezir – wekilleriň özlerine göwni ýetýän ogullary gyzyň ýurtdan çykarylmagyny öz mertebeleriniň depelendigi hökmünde görýärdiler. Toý sähedi bellendi. Söýgüli gyzyň toý şagalaňy bir aý öňünden başlandy. Nurana köşkde, ondan daşarda edilýän gürrüňlerden habarlydy. Onuň töwerek bilen birleşdirýän joralary bardy. Toýa az galanda ol hiç kime sala salman, hiç kime hiç zat duýdurman alaga-da şazada hat ýazdy. „Utduňyz. Elbetde tanamanam ykbalyňy baglamak bolýandyr-da. Ol öz işiňiz. Ýöne men şuny öňünden aýdaýyn. Enem – atamyň hem il günüň hatyrasyna, siz ot bolsaňyz men şol otda ýanmaga kaýyl. Dostlukdan ýamanlyk gören ýok. Şol dostlugyň hatyrasyna serhediňizem bir wagtky eýelän ýerjagazyňyzyň aňyrsyna çekäýseňiz kem bolmazdy”. Nurana Gyz haty hiç kime ynanman doganlarynyň dostlarynyň biriniň eline tutdurdy. Iki şäheriň arasy atly üçin beýle uzak menzil däldi. Hatyň jogabyny günibirin aldy. „Nurana, salam! Hatyňy salamsyz başlapsyň, zyýany ýok, “günäňi” geçýärin. Gelseň bolýar. Öýkäňi ýazaryn. Ýöne sen bu sadyk guluň günäsini öteweri. Senden oňyn jogap eşidip, uçup ýörşüme araçägi süýşirmegi unudypdyryn. Men siziň ojagaz ýeriňizi ikimiziň meselämizden has öň berdirjekdim. Kakam bermejekdenem däldi, edil şol pursat başagaý boldu-da oňa sözüm geçmedi. Bary bir onuň gitjek ýeri ýok ahyryn. Ähli zat aýdyşyň ýaly bolar. Sen otda däl, jennetde ýaşarsyň, Nuranam, sen diňe şoňa mynasypsyň. Biziň özümizem, ilimizem gatnaşyp agzybir ýaşarys Nuranam”. Şazada Haty okap Nurana “Kime jennet, kime dowzah” diýip, içini gepletdi. Şa gyzynyň talaby bada ýerine ýetirildi. Ýaşuly, ýaş kiçi, ata-baba mekanyna täzeden duz eltip, ol gün ol ýerde uly toý tutuldy. Alkyş bilen bagtly bolunýan bolsa, onda Nurana ýamanlyk ýüzüni görmeli däl. Pikirleri bir ýana syrylyp egnindäki agyr ýük aýrylan ýaly bolsa-da, Nurananyň kalbyndaky tüweleýiň bady gowşamady. Ol töweregine duýdurmajak bolsa-da, özüne hiç ýerde rahatlyk tapmady. Toýuň öň ýanynda, ol ak atyny münüp, körpe dogany bilen, şäheriň etegine söýgüli mekany baýyrlar, dereler, jülgeler bilen hoşlaşmaga gitdi. Hemişe gyzyň süýji arzuwlaryny, duýgularyny paýlaşan ol gözel ýerler gyza kuwwat bermelidi. Sebäbi olar Nurananyň gamly günem, şatlykly günem ýarany bolan ýürekdeş hemralarydy. Gyz başarsa-başarmasa, awuň yşkyna düşen doganyny ýolda özlerine pete-pet gelen ýoldaşy bilen jülgede galdyryp, biri-birinden belent baýyrlara tarap atyny howlukmaç sürüp gitdi. Gyz bada baýyrlaryň depesine çykdy. Ol Atbakar bilen eginleşip ilkinji duran ýerinde uzaklara seredip durdy. Ýigide bütin durky bilen imrinen gyz şol duşuşykdan soň, hyýalynda Atbakar hemişe töwereginde gezip ýörenem bolsa, ony häzir şeýle bir küýsedi welin, onuň adyny tutup dünýäni ýaňlandyryp gygyrasy geldi. Gyz ony söýendigine edil häzir has oňat göz ýetirdi. “Duýaňokmy, Atbakar, adam duýgur bolýar. Men geldim. Seň bilen, ýüregimiň örki kökerilen bu ajaýyp mekan bilenem hoşlaşmaga geldim. Ýa sen meni baýyrlardan düşmänkäň unutdyňmy? Zyýany ýok, sen maňa ajaýyp söýgüni bagyş etdiň. Adamy durkyň bilen söýmegi öwretdiň. Bu maňa az peşgeş däl. Näme-de bolsa men seni küýseýärin, Atbakar. Gözlerim seni gözleýär. Bir adamy az pursatlyk bolsa-da bagtly etmek, onam duýmak, eýsem her bir ynsanyň özünem hoşbagt edenokmy? Gel, bu mekana gel. Olara meniň gözlerim bilen ýene seretmek üçin gel. Olary söýmek üçin gel. Sen bu ýerden düýbünden başga adam bolup gidersiň. Şonda sen bu eziz ýerleriň gymmatyna düşünersiň. Olardan meniňem mährimi taparsyň. Ýa sen oňa mätäç dälmi? Onda-da gel. Hemme zat öňki ýerinde arman, sen ýok. Çeşmäniňem, guşlaryňam, sazlaşykly mukamlaryny diňläp durun. Men nirede bolsamam seniň bilen diňlän mukamym kalbymda saz eder durar. Ýadyňda bolsa Atbakar, ikimizem şol bir zada üns beripdik. Şaglap akýan çeşmäniň sesini sen ajaýyp mukama meňzedipdiň. Menem şol mukama maýyl bolupdym. Seniň bilen egin deňläp bileje duran bu baýyrlaram, kert-kert daglaram, seniňem söýüp synlan jülgeleriň hyýalymda ömrüme hemra bolup ýaşar. Olar bilen senem ýaşarsyň. Wah, men şulara gurban, Atbakar, saňa-da. Gyz Atbakar bilen hyýalynda gürleşip durşuna geriş-geriş bolup gidýän baýyrlaryň üstaşyry hol aňyrlara gök bilen ýeriň birleşýän ýerine nazaryny aýlady. Synladygy-ça özüni bir hili ýeňil duýdy. Birdenem hol uzakdan iki sany ak at, lowurdap şa gyzynyň gözüne göründi. Nurana bu ýerde arzuw etse-de, Atbakara duş geljegini oýuna-da getirmändi. Hany beýle bagt. Bir pursatlyk bolsa-da, onda-da eziz mekanyň iň gözel ýerinde hoşbagtlylykdan başyň sämäp bagtyýar bolmak ýer kişä ýetdirýän bagtmy näme? Atlar Nurana barha golaýlaşdy. Gyz pyşyrdady. “Men däliräp ýörmükäm. Bu zatlar gözüme görünýärmikä? Ak atyň biriniň üsti adamly, beýlekisi boş. Olar gyza barha golaýlaşdylar. Ol Atbakardy. Gyz gözlerine ynanman doňup galdy. Şol pursat ol özüniň nähili duýgyny başdan geçirenini düşündirip biljek däldi. Sebäbi ynsan ömründe beýle pursatlar örän seýrek bolýardy. Onuň göwnüne bütin tebigat gaýtalanmajak ajaýyp mukama öwrüldi. Gyzyň kalbynda heniz eşidilmedik, diňlenmedik sazyny çaldy. Ýigit gyzyň edil garşysynda atynyň jylawyny çekdi. Jadylanan ýaly doňup duran gyza salam berdi. Gyz kalbyndakyny aýdyp goýberenine soň düşünip utandy. – Geläýdiňmi! – Men-ä günaşa şu ýerde. Ýigit şeýle diýdi-de gapdalynda taýçanakdan sähelçe tapawutlanýan lowurdap duran ak atyň uýanyny gyza uzatdy. – Nurana, ak at höwes edipdiň, ine ol, uzak ýyllar münmek nesip etsin. – Ýigidiň didaryndan doýman, serhoş ýaly bolup duran gyz birden huşuna geldi-de, yzraga çekilip durdy. – Ýok, ýok, men ony alyp biljek däl –diýdi. – Sen ony haýyş etdiň ahyryn. Men muny ýörite seniň üçin bakyp bejerdim. – Şonda-da aljak däl. – Sen göwnüme degýäň, Nurana. Men aty yzyna alyp gitjek däl. Ykbal sataşdyrsa, toýumyzda sowgat etmekçidim ýöne oňa-da howlukdym. Begendireýin diýdim. „Ikimiziň toýumyz tutulyp bolandyr. Muny bilmeýäniňem gowy” diýip içini gepleden gyz daşyndan başga zat diýdi. – Alyp gitmeseň goýberäý, sähramyzda gezibersin. Bu ýerlere gezelenje gelenimde ony görüp guwanaryn. – Men diňe seň bilen gezenini isleýärin. Ony öňýetene aw etmek niýetim ýok. Onsoňam Nurana, saňa düşünemok. Diliň bir zat diýýär. Gözleriň başga zat diýýär. Men seniň gözleriňe ynanýaryn. Ol gözler indi näçe wagtdyr meni öýümden, ilimden jyda etdi. Näme üçindir bu gün ol gözleriň maňa bakasy gelenok. Aýt näme boldy? Seniň gözleriňde gussa görýärin. Ýaş at ýigidiň sözlerini tassyklaýan ýaly, bir owadan kişňedi. Ses goşalanyp jülgelerde ýaňlanyp gitdi. Ol bir ýerde durup bilmän birahatlanyp sypjak bolup dyzady, ýigidiň daşyndan aýlandy. Ýigit atyň jylawyny çekdi. Soň ol gyza ýüzlendi. – Nurana, hany başyňy galdyr. Eger men hakda biljek bolup bir ýaramaz zat eşiden bolsaň, onda aýt ýüzüme. Ynha bar bolşum şu. Edil görüp durşuň ýaly. Men saňa janymy bermäge, juwan ömrümi, bütin dünýämi bagyşlamaga taýyn. Başga näme diýeýin. Haýsydyr bir güýç meni mejbur edäýmese, näme diýseňem, näme etseňem men senden el çekip biljek däl. Oňa güýjüm ýetenok. Sen tarapdanam garşylyk bolar öýütmändim. Edil häzir tanamajak bolýaryn. Aýt, gizleme, ýene bir gezek soraýaryn, saňa näme bolýar? Nurana ýa hossarlaryňdan zowal ýetýärmi? Ýöne dogryjaňy aýt. Seniň kalbyňda kimdir biriniň ýaşap ýörenine ynanamok. Ýalňyşýandyrynam öýdemok. Göwnüme bolmasa bu ýerde bir syr bar ýaly bolup dur. Gizläp nädeýin, şol gün seni aňryma geçirip, ýüregimi şu ajaýyp ýerlere hem saňa bagyşlap gitdim. Şol gün dideleriňe ynanyp gitdim. Sen welin, soň meni idäp ýekeje gezegem gelmediň. Gyz gabagyny galdyrdy. Emma ýigidiň mähirdir hyjuwdan püre-pür göreçleriniň garşysynda pagyş-para eräp, bada nazaryny başga tarapa öwürdi-de gamgyn dillendi: – Göwnüňedir. Maňa hiç zat bolanok. Içinden bolsa: „Indi meni bu ýerlerde görmersiň. Men welin seni, seniň didaryňy düýşümde görerin. Hyýalymda gujagyňa dolaryn. Jadylan gözleriňe seredip daňymy atyraryn. Ony saňa nädip düşündireýin...” Nurana dogany bilen ýoldaşynyň baýra dyrmaşyp gelýänini gördi-de, ýigide gitmelidigini duýduryp, gussaly nazaryny aýlady. Ýigit gyzyň gapdalyna gelip, onuň bilen egnini deňläp durdy: – Akylly adam edilen sowgady yzyna gaýtarmaýar Nurana, galanynam wagty gelende düşünişeris, hoş! – diýdi-de, ýaş atyň jylawyny, şeýle aýgytly gyza uzatdy. Gyz ony alman bilmedi. Atbakar baýyrdan aşak inip gitdi. Hatda ol yzyna-da seretmedi. Nurana ak atyň jylawyny saklap durşuna edil ýüregi sogrulan ýaly bolup pyşyrdady: – „Atbakar! Janyňa döneýin. Hoş gal. Ýazgarma, meni. Soň hemme zada düşünersiň”. Nurana doganynyň Atbakar, hem onuň aty bilen bagly soraglaryna başdan sowma jogap berdi. Çintgäberse-de gahary geldi. Ol-da doganynyň häsýetine belet bolandan soň, gaýtalap soramady. Bütin köşk, şäher ilaty Nuranany ýola saldy. Ýigit tarapdan gelen mähelle-de az däldi. Onsoň märeke ýola sygman edil ýer süýşen ýaly bolup barýardy. Beýle bagta, beýle toýa, derejelere, sylag hormata köplenç hyýallarda, arzuwlarda ýetilýärdi. Nurana kejebä münmedi. Ol ak atyň üstünde ak guş ýaly bolup gözel görki bilen bütin töwerege ýalkym salyp barýardy Nuranany höwes etmeýän, oňa guwanman, ýola salýan ýokdy. Onuň içki harasatyny basyp, başyny belent tutup, uzaklara nazaryny dikip oturşy bir hili göreşde ýeňen pälwana meňzeýärdi. Ýeňipdem. Gyzyň gaýry ýurda gidesiniň gelmändigi uly ile mälimdi. Diňe onuň ýüregini demir penjesine alyp gysyp gowrup barýan gussasy ile nämälimdi. Bolsa-da gyz öz-özüni ýeňipdi. Onuň üçinem ol toý märekesiniň gözüne gahrymana çalym edýärdi. Nuranany köşge getirdiler. Ony içi lowurdap duran bezelen jaýa saldylar. Ýoluň ýadawlygyndan hem gussadan başy sämäp duran gyzyň, toýuň şagalaňy, toý märekesiniň gohy kellesine urup, uzak oturmaga mejaly bolmady. Hat-da onuň näzik bedeni, sowgat edilen altyn-kümüş şaýlary götermän başlady. Derrew ýagdaýy aňdylar, Nurananyň ýanynda ýigidiň hossarlaryndan başga adam galmady. Ortara iki sany per düşekçe hem ýassyk atyp, gyzy ýalňyz goýup olaram çykyp gitdi. Gelniň ýanynda, baldyzy bolmaga çemeli, bir ýaş gyz galdy. Ol gapydan adam goýbermedi. Toýuň şagalaňy, aýdym-sazyň sesi, adamlaryň gülkileri Nurananyň gulagyna ýassygynyň aşagyndan güwläp eşdildi. Aýdyşlaryna görä, beýle uly mähelleli hem şagalaňly toýy henize çenli gören adam bolmandyr. Ahyrda Nurana az-kem dem-dynç alandan soň täze gelni yzy üzülmän görmäge, gutlamaga gelýän gelin-gyzlaryň öňünde oturmaga özünde güýç tapdy. Giçden soň nika gyýyldy. Ähli däp-dessurlar berjaý edildi. Märeke welin dargarly däldi. Ahyrda Nurananyň daşy çolardy. Şazadanyň getiriljegini duýup, hernäçe mertlige salsa-da, Nurana süňňüni tutup bilmän galpyldap başlady. Baldyzyna „Meni taşlap gitme ýanymda bol” diýip baldyzyna ýalbardy. – Ýo-ga, diýip eýjejik gyz güldi, muňa doganjygym rugsat bermez. Öňem saňa nähilelik bilen ýetdi – diýdi. Gyz şazadanyň garşysyna geçip oturanyny duýdy. Baldyzy çykyp gitdi. Ol ýüreginiň gürsüldisine tap getirip bilmän zordan öýmesini ýüzüne çekdi. Ýöne, hat-da onuň keşbini görmek üçinem başyny galdyrmady. Ýigit emaý bilen gyzyň öýmesini serpdi: – Nurana! Gyz tanyş sese tisginip gitdi. Birdenem ýüzini galdyryp özem duýman gygyrdy. - Hih, Atbakar! Nurananyň göwnüne şadyýan sesi heniz sowulmadyk, entek sowulmajak toý märekesiniň üsti bilen dury asmanda öz sähralarynda-da ýaňlanyp giden ýaly boldy. Şirinjemal GELDIÝEWA. | |
|
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |