SAÇÝÜZI
Oglumy öýlendirjek bolup, toý aladasy bilen başagaýdym. Şeýle aladanyň şatlygy bogazyma dolup, keýpimi göterýärdi. Gelen-gidenleriň toý sowgadyny ýetirýän baldyzymyň begenji hem meniňkiden pes däldi. Uly höwes, müň arzuw bilen tutan toýumyzyň myhmany juda köp boldy. Ýekeje balamyň gelnini öz perzendim diýip, kabul etdim. Şol gije ýaşlaryň gelne guşak çözdüdişi, ilik tikdirişi, telpek asdyryşy hasam gyzykly boldy. Ertesi irden gelne baş salmak üçin gelin – gyzlar ullakan eýwana ýygnandylar. Şu pursat gaýyn enemiň şo-ol birmahalky sargydy güpbe çadyma düşdi-de, kiçijik sandygymy açdym. Zenan dünýäsi özüňize belli. Altyn – kümüş şaýlara gözi düşdigi göwni galkyp, höwesi atlanyp ugraýar. Şeýle pursatda menem hiç kimden kem oturamok. Gelnime baş salynýandygyna, öýümiziň märekeden doludugyna garamazdan, ýüzüklerimi, gülýakalarymy ýekän-ýekän elden geçirdim. Ilki bilenem elime iýleni nika ýüzügim boldy. Men barmagymdaky göwher gaşly ýüzügi çykaryp, kümüşden ýasalan nika ýüzügimi dakyndym-da ony höwes bilen synladym. Edil şu pursat özümi gelinmikäm öýtdüm. Şol dem ýakymly duýgular kalbymy gaplady. Bagtyň bosagasynda duran mahalyň beýnide başga duýga, pikire ýer ýok eken. Menem edil häzir şol hili duýgulary başdan geçirýärdim. Iki juwanyň kalbynda joş urýan söýgi himiki birleşme ýaly bir bitewilige öwrülip, damardaky gany gaýnadyp joşýan bolarly. Onsoň öz bagtyňa guwanyp, ony Günüň deňine ýetirýäň-de, gözüňi aýyrman ony synlaýaň. Ýöne Günüň şöhlesiniň az salymdan gözüňi gamaşdyrýany üçin oňa kän seredip bolanok. Öz bagtyňa weli, seredibem, oňa guwanybam bolýar.
Aslynda, men ynsan balasyna öz duýgusunyň ýesiri bolup ýaşamagy bagt hasap edýärin. Elbetde, bu meniň öz pikirim. Ony ezýet hasaplaýanlaram az däl. Men weli, şol birmahakjy duýgularymyň kalbymy häzirem ýyladyp durandygyna gywanýan. Eýsem, tutuş ömrüňi şol duýga bagyş etmek bagtyýarlykdan nyşan dälmi näme?
Birdenem sandygy näme üçin açandygym hakydama doldy. Onsoň gaýyn enemi onuň özüme baş salynandaky sözlerini ýatlap, gaşlary lowurdap duran saçýüzini elime aldym. Indi men durkum – düýrmegim bilen şol ajaýyp güne dolandym...
...Aýly bilen toý tutan günümiziň ertesidi. Täze gelne baş sakmak üçin mähelle bary ýygnanypdy. Gelne baş salnanda, däbe görä, gyzlar gelniň daşyny gallap, ony zenanlardan goramaly bolsa, zenanlaram gelni öz hataryna geçirmak üçin göreşmelidi. Şonda bolýar bir hezillik. Gelin bolup, aňryňy bakyp otyrkaň, ony duýmasaňam, şol pursatyň süýji lezzeti seni eljiredip, bagtyň çürdepesine çykarýan eken. Baş salnan gelniň saçyny ýeňsesine atdyrmak üçin ilki onuň razylygyny almaly. Şonda gaýyn eneden başlap, eltileridir beýleki ýakynlary gelne gymmat bahaly halat ýapýarlar. Gelin-gyzlaryň göreşinde ahyry gelinler üstün çykyp, olaryň biri meni gujaklap oturyşyna gaýyn eneme ýüzlendi:
– Daýza, gelniňi men aldym. Ilki bilen sowgadyňy maňa ber. Ýogsam ony gaýtadan gyzlara tabşyraryn weli, seniň Aýly janyň ýeke galar.
Gaýyn enemem ondan gep alyp galar ýaly däldi.
Ony gaýgy etme, ballym. “ Sagyr ädiklim sag bolsa, sallanyp geler gyzlar” diýipdirler. Gyz köp, ýöne sen meň öňümde dursaňam Aýly janyň öňünde durup bilmersiň. Obanyň ähli gyzyny bir ýaňa edip saýlany balamyň. Onnoň men heý-de sowgadyňy – sylagyňy ýetirmenmi? Geregiň sowgat – serpaý bolsun. Diliň geplese, bolany, aýt, name gerek?
– Dürjemal gelneje, gelniň aýagy düşsün. Maňa öz göwnüňden çykaran haladyňy ýapsaň bolýar. Esasy haladyňy gelniňe ýap. Häliden bäri bize saçyny bermän otyr. Şu iki arada senem başagaý bolaýdyň.
Gaýyn enem gelip meniň gapdalymda çökdi-de, maňlaýymdan taýly gezek ogşady.
– Dar gapymdan giň törüme müň bir höwes bilen salan balam, Aýly jan bilen bileje gazygyňda goşa garramak, siziň bagtyňyza, bala-çagalaryňyza guwanmak bize, size-de şeýdip ogul öýermek nesip etsin. Ine, balam, men saňa ilki bilen şü saçüzini sowgat berýän. Yzyndanam oglumy, öýümi – işigimi berýän. Bar mydarym siz bolmalysyňyz. Birmahallar men şu öýe gelin bolup düşenimde gaüyn enem pahyr müň arzuw bilen şü saçýüzini maňa beripdi. Oňa-da öz gaýyn enesinden galypdyr. O pahyr gulaç ýaly saçymy sypap – sypap, saçýüzini özi dakyp görkezipdi. Bu saçýüzi şeýdip gaýyndan gelne geçip, arkama – arka olary bir kökene baglap gelýär. Seňem şu ojaga baky baglandygyň bolsun, balam.
Hamraklyk bilen özümi gujaklap oturan gaýyn enemiň elindäki saçýüzini aşaklyk bilen synladym. Altyn suwy berlip, ýanyp duran gaş goýlan saçýüziniň özüme näme üçin gerekdigine düşünmesemem, gaýyn enemiň aýdan sözleri meniň neneňsi bagta ýetendigimiň şaýady bolup ýaňlandy. Saçýüzini höwes bilen aldym. Kalbyň halan ýigidi bilen toý tutup, gaýyn eneňden beýle sözleri eşitmek, meniň pikirimçe, uly bagtdy.
Gelinsiräp aňrymy bakyp oturmasamam, dogan – garyndaşlar çörege çagyranda ýa-da salama äkidilemde gyzyl kürtäniň aşagyndan saçýüzimi dakynýardym. Gaýyn enem muňa begenip, monça bolýardy. Onsoň ol begenjini her demde dile getirýärdi:
– Tüweleme, Hudaý köp görmesin, gelnim tüýs özümiz kybap. Kä birleri ýaly gelen gününden saçyny depesinde düýrlemedi. Öýde-de kürtesinem, düýpli gyňajynam aýranok. Saçýüzinem allanäme edip dakynyp ýör. Ony alaga-da sandygyň düýbüne ataýmady hernä. Gelnimiň adamkärçiliginiň nyşany şol.
Men soň – soňlaram käte – käte saçýüzimi dakynýardym. Ynha, indi ony öz gelnime sowgat etmeli pursatym geldi. Men gelnimiň saçýüzini uly höwes bilen kabul etjekdigine ynanýaryn. Sebäp häzir döwür – durmuş özgerdi. Indi türkmeniň gadymy sungaty gaýtadan ömür aldy. Tüweleme, gyz – gelinler indi türkmeniň şaýlarynyň gadyryny bilýärler. Her bir türkmeniň şaýlaryny şaňňyrdadyp, assa basyp barýan gelne gözi düşende, kalbyňda oýanýan duýgularyň öz nesliňe bolan buýsanjyň bir ülüşidigine düşünmek zandynda bar bolarly...
Süýji hyýallardan aramy açman, gelnimiň ýanyna bardym-da gaýyn enemiň özüme aýdan sözleriniň gylyny gymyldatman, öz gelnime ýetitdim. Şu pursat, göwnüme bolmasa, gaýyn enem pahyr tirsegine galan ýaly boldy. Asyl ol ho-ool beýlede durup, maşgala gymmatlygynyň gadryny bilişimizi synlaýan ýalydy. Edil şu mahal men aýal maşgalanyň dünýäni, durmuşy ýüregi bilen duýup ene bir gezek doly bilýändigine göz ýetirdim..
Ogulgerek USSAÝEWA.
Hekaýalar