17:47 Sähra möjegi hakynda | |
SÄHRA MÖJEGI HAKYNDA
Goşgular
Sähra möjegi! Aýan maña dertleriñ. Tilkileşip bileñok sen, Bilseñ-de, Alga alynmaýanyny mertligiñ. Harasat lowlaýar, Ysyrganýañ gör, nämä, Içinde çap-çal ýalnyñ. Bu sähralañ epgegi deý uwlaýar, Awuşaýar, juwlaýar, Sähraýy kalbyñ. Sähra möjegi! Eý, sen agzy ganly gurt. Iýseñ-de, iýmeseñ-de, Töhmetler hem şyltaklar, Tagmañ bolup galdy gurt. Seniñki kyn, Götermeli bir özüñ, Bu sähralañ jezasyn hem namysyn. Gaýrat et, şepe! Sen sähranyñ görünmeýän hanysyñ. Hemem hiç wagt ýaralanma, Bardy-geldi ýaralansañ, Ýaşyr ony! Ýaşyr! Ýogsam, Agyz urup ýaralanan ýeriñden, Iýer seni arslan ýa-da tilki däl, Öz kowumdaşlañ. Bu sähranyñ kanunydyr, señki däl. Hudaýberdi SÖHBETOW. | |
|
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||