20:25 Sahyhy Buhary: Iman kitaby | |
بِسْــــــــــــــــــــــــــــــــــــمِ اللهِ الرَّحْمـَنِ الرَّحـِيمِ IMAN KITABY 8 «Yslam bäş zadyň üstünde bina bolandyr...» hadysy Ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Yslam bäş zadyň üstünde bina bolandyr. Olar Alladan başga hudaý ýokdugyna we Muhammediň (s.a.w.) Allanyň resulydygyna şaýatlyk etmekdir, namaz okamakdyr, zekat bermekdir, haja gitmekdir, remezan aýynyň orazasyny tutmakdyr» diýdi». 9 Imanyň bölekleri Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s. a.w.): «Iman altmyş bölekden ybaratdyr. Haýa-da imanyň bir bölegidir» diýdi». 10 Allanyň Resuly (s.a.w.) musulmanlar we muhajirler hakda Abdylla ibn Amr ibn As (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Dilinden, elinden musulmanlar salamatda galan adam musulmandyr. Allanyň gadagan eden zadyny terk edenlerem muhajirdir» diýdi». 11 Musulmanlaryň iň gowusy Abu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Ýa Allanyň Resuly, musulmanlaryň iň gowusy haýsydyr?» diýip soradylar. Ol: «Dilinden, elinden musulmanlar salamatda galan adamdyr» diýip jogap berdi». 12 Yslamyň emr eden häsiýetleriniň iň gowusy Abdylla ibn Amr ibn As (r.a.) şeýle diýipdir: «Biri Allanyň Resulyndan (s.a.w.): «Musulmanlaryň iň haýyrlysy haýsydyr?» diýip sorady. Ol: «Başga kişilere tagam iýdiregen we tanaýanlaryna, tanamaýanlaryna salam beregen adamdyr» diýen jogaby berdi». 13 Iman kämilliginiň şertleri Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Hezretleri: «Özüňize arzuw edeniňizi doganyňyza-da arzuw etmeseňiz, hiç biriňiz imanly bolmarsyňyz» diýdi». 14 Pygambere (s.a.w.) bolan söýgi Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Janym elinde bolan Allahu Züljelaldan kasam edýärin: meni pederiňizden-de, öwladyňyzdan-da has artykmaç görýänçäňiz, imanly bolmarsyňyz» diýdi». 15 Ýene Pygambere (s.a.w.) bolan söýgi barada Enesiňem (r.a.) ýokarky hadysy-şeripi beýan edendigi aýdylyp, onuň rowaýatynda bu hadysdaky: «Pederiňizden-de, öwladyňyzdan-da» diýen sözleriň yzyna: «Bütin halkdan-da» diýlip goşulypdyr. 16 Imanyň süýjüsini datmagyň ýollary Ýene Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) : «Kime üç zat, ýagny Allany we Allanyň Resulyny ähli zatdan artykmaç hasaplamak, bir kişini söende, diňe ýalňyz Allanyň hatyrasy üçin söýmek, Alla ony küpürden halas edenden soň ýene küpüre dolanaýsa, ataşa atyljagyndan howatyrlanmak mahsus bolsa, ol imanyň tagamyny dadar» diýdi». 17 Kämil imanyň we mynapyklygyň (ikiýüzlüligiň) alamatlary Ýene Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kämil imanyň alamaty ensara dost bolmak, mynapyklygyň alamaty-da ensary ýigrenmekdir» diýdi». 18 Akabadaky birinji kasam edişlik (Akabaýi-Ulä) Ilkinji Akaba gijesinde Pygamberimize (s.a.w.) wepaly bolmaga kasam eden on iki nakybyň (bir kowumyň ýa-da tiräniň wekili) biri bolan Ubada ibn Samyt Ensary Bediri (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) sahabalarynyň bir topary töweregine üýşen wagty: «Ybadat edeniňizde Alla hiç bir zady şärik etmejekdigiňize, ogurlyk etmejekdigiňize, zyna etmejekdigiňize, çagalaryňyzy öldürmejekdigiňize, özüňizden toslap, hiç bir kişä ýalan töhmet atmajakdygyňyza, şerigatyň buýruklarynyň hiç birine garşy çykmajakdygyňyza maňa kasam ediň, ýagny meniň bilen äht edişiň. Içiňizde sözünde durjak bar bolsa, Allanyň keremi we howandarlygy onuň serpaýy bolar. Eger ol bu günäleriň birini edip, şol sebäpli bu dünýäde azaba duçar bolsa, bu azap onuň günälerini ýuwar. Bu günälerden birini eden halatynda, Allatagala onuň bu eden işiniň üstüni örtse, eden işi Allanyň garamagyna galar: islese ony bagyşlar, bolmasa-da oňa azap berer» diýdi. Bizem bu şert bilen onuň, ýagny Allanyň Resulynyň (s.a.w.) öňünde kasam etdik». 19 Allanyň Resuly (s.a.w.) ýüze çykjak heläkçilik hakda Abu Seýit Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Tiz wagtdan şeýle bir heläkçilik ýüze çykjak, ýagny musulmanyň iň haýyrly maly öz dinini pitnelerden aman alyp çykmak üçin dagyň üstündäki oýmurlarda toplanan ýagmyr suwunyň başynda bakjak dowarlaryndan ybarat boljak» diýdi. 20 Allanyň Resuly (s.a.w.) sahabalaryna başaraýjak işlerini buýrardy Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) sahabalaryna mydama diňe olaryň başaraýjak işlerini buýrardy. Şol zamanda sahabalar: «Ýa Allanyň Resuly, biz seniň ýaly däl. Allatagala seniň günä etmegiňe mümkinçilik bermändir» diýerdiler. Bu sözleri eşidip, onuň mübärek ýüzünde gaharyň alamaty peýda bolardy we ondan soňra: «Araňyzdaky iň takwaňyzyň, Allany has gowy tanaýanyňyzyň mendigi şübhesizdir» diýerdi». 21 Mömin jähennemde baky galmaz Abu Seýit Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Jennetiň ýaşaýjylary jennete, dowzahyň ýaşaýjylary hem dowzaha girenden soň Eziz we Beýik Allatagala: «Kimiň kalbynda bir hardal (gorçisa) dänesiniň agyrlygynda iman bar bolsa, ataşdan çykaryň!» diýip, perman berjekdir. Ondan soňra şonuň ýalylary gap-garalygyna çykaryp, nehri-haýatyň (dirilik çeşmesiniň) içine atjakylar we ol ýerde, siliň gelýän ugruna düşen ýabany reýhan tohumlary nädip gögerýän bolsa, şonuň ýaly edip gögerjekdirler. Olaryň ne gözel sap-sary bolup we iki tarapa çaýkanyp ösüşini görmeýärmiň?» diýdi». 22 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gören düýşi we onuň ýorgudy Ýene Abu Seýit Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Düýşümde halkyň meniň ýanyma arz etmäge gelendiklerini gördüm. Kimsiniň köýnegi zordan döşüni ýapýar, kimsiniňki bolsa ondanam gysgady. Omar ibn Hattabam maňa arzyny aýtdy. Onuň geýen köýneginiň etekleri ýerde süýrenip ýatyrdy» diýdi. Ondan: «Ýa Allanyň Resuly, muny näme bilen düşündirjek» diýip soranlarynda, ol: «Din bilen» diýip jogap berdi». 23 Allanyň Resuly (s.a.w.) iman we haýa hakda Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gün ensarylardan biriniň deňinden geçip barýardy. Ensary şol wagt öz doganyna utanjaňlygyny taşlamagy maslahat berip durdy. Allanyň Resuly (s.a.w.) oňa ýüzlenip: «Oňa degme. Haýa imandandyr» diýdi». 24 Kapyrlara garşy göreşmegiň Allanyň Resuly (s.a.w.) üçin parz edilmegi Ýene Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Alladan başga Hudaýyň ýokdugyna we Muhammediň Allanyň Resulydygyna daşlaryndan şaýatlyk edýänçäler, namaz okaýançalar, zekat töleýänçäler adamlar bilen söweş etmek maňa buýruldy. Olar bu zatlary ýerine ýetirenlerinden soň janlaryny we baýlyklaryny meniň elimden gutararlar. Yslam dininiň kesgitlän hukuklary bularyň daşyndadyr. Içlerinden edýän hasaplary babatda aýdylanda bolsa, ol hasaby görmek Allanyň işidir» diýdi». 25 Amallaryň iň sogaplysy Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulyndan (s.a.w.): «Amallaryň iň gowusy haýsydyr?» diýip soradylar. Ol: «Alla we Onuň Resulyna imandyr» diýdi. Ýene-de: «Ondan soňra iň gowusy haýsy?» diýdiler. Ol: «Allanyň ýolunda edilen jihatdyr» diýdi. Ýene-de: «Ondan soňra haýsysy gowy?» diýip soradylar. Ol: «Kabul bolan hem-de günädir ryýadan arassa hajdyr» diýip jogap berdi». 26 Möminiň paýsyz galmagy Allanyň Resulynyň (s.a.w.) oňa goýýan hormatynyň nyşany bolup biler Sagt ibn Abu Wakgas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) kalplary yslam dinine ysnyşdyryljak bolunýanlaryň toparyna degişli birnäçe adamlara emläk paýlaýardy. Bu Sagt hem şol ýerde otyrdy. Birden Allanyň Resuly (s.a.w.) olaryň arasyndan iň gowy görýänime hiç bir zat bermedi. Şol sebäpli: «Ýa Allanyň Resuly, pylanyny näme üçin goýup geçdiň? Walla men onuň mömindigini bilýärin» diýdim. Ol aýtdy: «Beýle diýme, müslim diý». Men bir pursat dymdym. Ahyry ol adam hakyndaky bilýän zatlarym menden üstün çykdy-da, sakylanyp bilmän, ýene sözümi gaýtalap: «Pylanyny näme üçin goýduň? Walla, men onuň mömindigini bilýärin» diýdim. Ol ýene: «Beýle diýme, müslim diý» diýdi. Men ýene dymdym. Ýöne ol adam hakynda bilýänlerim meni günüme goýman, sakylanyp bilmän, öňki sözlerimi gaýtaladym. Allanyň Resuly (s.a.w.) ýene öňki sözlerini gaýtalandan soňra: «Eý, Sagt, Alla birnäçelerini dowzah oduna atmasyn diýip, olary kimdir birinden has gowy gören ýagdaýymda, beýle etmegim şolaryň toparyna goşmadyk adamyma peşgeş we ýagşylyk etdigimdir» diýdi. 27 Zenanyň gadyr bilmezligi uly günädir Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Maňa jähennemi görkezdiler. Şonuň ýaly-da, jähennemiň ýaşaýjylarynyň köpüsiniň aýallardygyny gördüm. Olar inkär edýärler» diýdi. Ondan: «Ýa Allanyň Resuly, Allany inkär edýärlermi?» diýip soradylar. Ol: «Olar ärleriniň eden ýagşylyklaryny bilmeýärler, özlerine edilen ýagşylygy inkär edýärler. Olaryň birine baýlyk berip, bir ömre ýeterlik ýagşylyk etseň-de, soňra seniň bir zadyňy halamasa: «Men senden hiç bir peýda görmedim» diýer» diýip jogap berdi». 28 Birine ýaramaz söz aýtmagyň Allanyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan gadagan edilmegi Abu Zer (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek bir adam bilen sögüşdik-de, onuň enesine dil ýetirdim. Allanyň Resuly (s.a.w.) maňa: «Eý, Abu Zer, sen onuň enesine dil ýetirýärmiň? Diýmek sen kalbynda jahylyýet ahlagy sakylanyp galan adamsyň» diýdi. Ondan soňra bolsa: «Goluňyzyň astyndakylar siziň doganlaryňyzdyr. Allatagala olary siziň garamagyňyzdaky mülküňize we erkiňize tabşyrypdyr. Her kimiň golunyň astynda dogany bar bolsa, oňa iýeniňden iýdirsin, geýeniňden geýdirsin. Olara güýçleri ýetmejek bir işi buýurmaň. Eger buýuraýsaňyz-da, olara ýardam beriň» diýip seslendi». 29 Iki musulman gylyçlaşyp, biri beýlekisini öldürse, ikisi hem jähennemidir Abu Bekr (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Iki musulman elleri gylyçly biri-biriniň garşysyna çyksa, öldürenem, ölenem jähennemidir» diýendigini eşitdim. Men ondan: «Ýa, Allanyň Resuly, öldüreniňki düşnükli, ölen näme üçin jähenneme girer?» diýip soradym. Ol: «Öz arkadaşyny öldürmäge çalyşandygy sebäpli» diýdi». 30 «Inneşşirke le-zulmün azyýmün» aýaty-kerimesiniň inmeginiň sebäbi Abdylla ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Iman edip, imanlaryna zulum gatmaýanlar bar bolsa, ine, özüňi howpsuz duýmak şolara mahsusdyr. Dogry ýola düşenler-de şolardyr» («Engam» süresiniň 82-nji aýaty) aýaty-kerimesi inende, Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalary: «Haýsymyz janymyza zulum eden däldiris?» diýdiler. Şondan soň: «Alla şärik goşmak hakykatdanam uly bir zulumdyr» («Lukman» süresiniň 13-nji aýaty) aýaty indi». 31 Mynapygyň alamatlary Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Mynapygyň üç sany alamaty bardyr: ýalan sözlär, wadasynda tapylmaz, özüne bir zat amanat goýlanda, amanada hyýanat eder» diýdi». 32 Ýene mynapygyň alamatlary hakda Abdylla ibn Amr ibn As (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bir adamda dört häsiýet bar bolsa, ol hakyky mynapykdyr. Bir adamda olaryň biri bar bolsa, ondan saplanýança, onda mynapyklykdan bir häsiýet galar. Ol zatlar: özüňe bir zat amanat goýlan wagty, amanada hyýanat etmek, ýalan sözlemek, wadaňda tapylmazlyk, duşmançylyk ýüze çykyp, dalaş we jeň ýüze çykan wagtynda-da, bikanun işleri etmekdir» diýdi». 33 Gadyr gijesiniň artykmaçlygy Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Imanly bolany üçin we Allanyň ýalkamagyna mynasyp bolmak üçin her kim gadyr gijesini tagat edip geçirse, öňki eden günäleri ýuwlar» diýdi». 34 Jihat etmegiň artykmaçlygy Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Mukaddes we Beýik Alla Hezretleri öz ýolunda jihada çykan adama: «Ol diňe maňa bolan imany we pygamberlerimi tassyk edýändigi sebäpli öýünden çykan bolsa, mynasyp bolan peşgeşi ýa-da oljasy bilen sagaman ýurduna dolaryn, ýa bolmasa, jennete girizerin» diýip, söz berendir. Ymmatyma agyr düşjegini bilmeýän bolsadym, hiç bir topardan (ýagny jihat etmäge barýan toparlardan ) yza galmazdym. Allanyň ýolunda öldürilip direlmegi, ondan soňra öldürilip direlmegi, ondan soňra öldürilmegi nä derejede isleýändigimi Alla bilýändir!» diýdi». 35 Remezan aýynyň artykmaçlygy Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kim imanly bolany üçin we peşgeşini diňe Alladan almaga umyt edip, remezan aýynda tarawa we beýleki namazlary okasa, onuň öňki eden günäleri geçiler» diýdi». 36 Ýene remezan aýynyň artykmaçlygy hakda Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Her kim imanly bolany üçin we peşgeşini diňe Alladan almaga umyt edip, remezan aýynyň orazasyny tutsa, öňki eden günäleri geçiler» diýdi». 37 Yslam ýeňillikler dinidir Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bu din ýeňillik dinidir. «Din babatdaky amallarym kem bolmasyn» diýip, özüni zorlabam, dinden basylmadyk we ejizläp, amaldan büs-bütin kesilmedik bir adamam ýokdur. Şeýle bolany üçin, aralyk ýol bilen gidiň. Maksat edinen amalyňyzy doly ýerine ýetirmedik halatyňyzda, oňa şükür etmek bilen kanagat ediň. Beýle etseňiz, size buşluk bolsun: amalyň azyna-da örän köp sogap berler. Ýola çykmakçy bolsaňyz, sapara daňdan, agşam, gijäniň käbir sagatlarynda çykyň-da, özüňizi horlamaň» diýdi». 38 Kyblanyň üýtgedilmegi hakda Bera ibn Azyp (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Medinä ilkinji gezek mübärek gadamlaryny basanda, ensardan bolan ata-babalarynyň (ýa-da başga bir gürrüňe görä, daýylarynyň) ýurduna myhman boldy we on alty, on ýedi aýlap Beýtil-Mukaddese bakyp, namaz okady. Ýöne kyblasynyň Beýtil-Harama tarap bolmagyny arzuw ederdi. Onuň Käbä bakyp okan, ilkinji namazy ikindi namazy bolupdy. Bir topar adamam onuň bi¬len birlikde namaz okady. Ondan soňra onuň bilen bile namaz okanlardan biri namazdan çykdy. Ol metjitleriň birinde namaz okap duranlaryň ýanyna ugrady we baryp: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde Mekgä bakyp namaz okandygyma Allanyň öňünde şaýatlyk edýärin» diýenden soň ol ýerdäkiler namazlaryny bozmazdan, duran ýerlerinde Mukaddes Şähere tarap öwrüldiler. Allanyň Resuly (s.a.w.) Beýtil-Mukaddese garap namaz okan döwründe ýehudylar hem-de beýleki Kitap eýeleri ondan hoş bolardylar. Ol Mukaddes Şähere tarap ýüzüni öwrenden soň bolsa, onuň bu eden işine begenmediler». Bera ibn Azyp (r.a.) bu hadysynda soňra şeýle diýýär: «Kyblanyň üýtgemeginden ozal başky kybla bakyp namaz okap wepat bolan, ýogalan adamlaram bardy. Bular barada nähili höküm çykarjagymyzy bilmedik. Şol döwürde Allatagala Hezretleri: «Alla siziň imanyňyzy asla zaýa etjek däldir» («Bakara» süresiniň 143-nji aýaty) aýaty-kerimesini inderdi». 39 Tüýs ýüreginden musulman bolanyň öňki eden günäleri örtüler Abu Seýit Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Bir gul musulman bolsa, yslama berlen bolsa, Allatagala onuň öňki eden her bir günäsiniň üstüni örter. Ondan soňra nobat kysasa (ýagny ýalkanyşa we jeza) ýeter: bir sogaba on esseden başlap, ýedi ýüz essä çenli sogap, bir günä bolsa, diňe özi ýaly günä ýazylar. Belki, ol günäni-de Alla bagyşlar» diýendigini eşitdim». 40 Az-da bolsa, dowamly ýerine ýetirilen amalyň artykmaçlygy Hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Ýanymda bir aýal bar wagty Allanyň Resuly (s.a.w.) hüjräme girdi. Ol: «Bu aýal kim?» diýip sorady. «Pylany» diýdim we okan namazlaryny aýdyp bermäge başladym. Allanyň Resuly (s.a.w.) bolsa: «Bes et! Mydama eliňizden geljek işi ediň. Ýogsam, Alladan ant içýärin, siz ýorulmasaňyz, Alla ýorulmaz» diýdi. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) iň gowy görýän dini, ýagny tagaty ony ýerine ýetirýäniň azam bolsa, yzygiderli ýerine ýetirýän tagatydy». 41 Möminiň jähennemde baky galmajakdygy hakda Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Lä ilähe illalla» diýibem kalbynda bir arpa agyrlygynda haýyr, ýagny iman bolan adam jähennemden çykjakdyr. «Lä ilähe illalla» diýibem kalbynda bir bugdaý agyrlygynda haýyr, ýagny iman bolan adam jähennemden çykjakdyr. «Lä ilähe illalla» diýibem kalbynda bir zerre agyrlygynda haýyr, ýagny iman bolan adam jähennemden çykjakdyr» diýdi». 42 «El-ýewme ekmeltü leküm...» aýaty-kerimesiniň inmeginiň sebäbi Omar ibn Hattap (r.a.) hakda söz açyp, Taryk ibn Şyhah şeýle diýipdir: «Ýehudy tiresindan bir adam oňa: «Ýa möminleriň emiri, siziň kitabyňyzdan okap beren bir aýatyňyz bar. Eger ol bize, ýagny ýehudylara inen bolsady, onuň inen gününi baýram ederdik» diýipdir. Omar (r.a.) ondan: «Ol haýsy aýat bolmaly?» diýip sorapdyr. Ýehudy: «Ol aýat: «Eý, musulmanlar, ine, bu gün size diniňizi tamamlap berdim. Siz üçin nygmatymy tamamladym we size din bolsun diýip, yslamy beýleki dinlerden tapawutlandyrdym» («Maide» süresiniň 3-nji aýaty) diýen aýat bolmaly» diýip, jogap beripdir. Ondan soň Omar (r.a.): «Biz bu mukaddes aýatyň inen gününi-de, inen ýerini-de bilýäris, ýagny onuň gymmatyna gadyr goýýarys. Bu aýaty-kerime Allanyň Resuly (s.a.w.) juma günleriniň birinde, Arafat dagynda duran wagty, ýagny zülhijje aýynyň dokuzyna inipdi» diýipdir. 43 Yslamyň esaslary hakda Talha ibn Ubaýdylla (r.a.) şeýle diýipdir: «Nejdde ýaşaýan saçy bulam-bujar bir garyp adam Allanyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna geldi. Onuň bir zatlar diýýänini uzakdan çalak-çulak eşitsegem, näme diýýänini aňşyrmaýardyk. Ine, ol golaýa geldi. Ol yslamyň nämedigini soraýar eken. Bu soraga Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bir gije-gündizde bäş namaz» diýip jogap berdi. Ol adam: «Bu namazlardan başga namazam üstüme ýüklenjekmi?» diýip sorady. Allanyň Resuly hem: «Ýok, tatawwu edäýmeseň, ýagny öz islegiň bilen başga bir namaz okaýmasaň, artyk üstüne ýüklenjek namaz ýok» diýip jogap berdi. Soňam Allanyň Resuly (s.a.w.): «Birem remezan orazasy» diýdi. Ol görgüli ýene: «Mundan başgasy-da üstüme ýüklenjekmi?» diýip sorady. Ol hem: «Ýok, öz islegiň bilen mundan artyk oraza tutaýmasaň, başga üstüne ýüklenjek oraza ýok» diýip jogap berdi». Talha (r.a.) sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Allanyň Resuly (s.a.w.) zekat barada-da oňa habar berdi. Ol adam: «Mundan başgasy-da üstüme ýüklenjekmi?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.) ýene: «Ýok, öz islegiňe görä başga bir sadaka beräýmeseň, üstüne ýüklenjek zat ýok» diýip jogap berdi. Ondan soň ol görgüli: «Walla, mundan artygam, kemem hiç zat etjek däl» diýdi we yzyna dolandy. Onuň aýdanyny eşiden Allanyň Resuly (s.a.w.): «Eger dogrusyny aýdýan bolsa, halas bolup gitdi» diýdi». 44 Jynaza namazyna goşulmagyň we ony okamagyň artykmaçlygy Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kimde kim imanly bolany üçin we sogabyny ýalňyz Alladan almaga umyt edip, bir musulmanyň jynazasyny okamak üçin gidip, onuň namazyny okap, jaýlap bolýançalar onuň ýanynda bolsa, iki esse sogap bilen yzyna dolanar. Sogaplaryň her bir essesi Uhut dagy ýalydyr. Kimde kim jynaza namazyny okap, merhum jaýlanmanka yzyna dolansa, diňe bir esse sogap bilen yzyna dolanan adam bolar» diýdi». 45 Musulmana sögmek we onuň bilen uruşmak gadagandyr Abdylla ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Musulmana sögmek günädir, onuň bilen söweşmek bolsa hu¬daýsyzlykdyr» diýdi». 46 Gadyr gijesini remezan aýynyň ýigrimisinden soňky gijelerden gözlemek Ubada ibn Samyt (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) gadyr gijesiniň haýsy gijedigini habar bermek üçin öýün¬den çykdy. Şol pursat musulmanlardan iki kişi dawalaşyp başlady. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Men size gadyr gijesiniň haýsy gi-jedigini habar bermek üçin çykypdym. Pylany bilen pylany dawa etdiler-de, ol babatda bilýänlerim zym-zyýat boldy. Belki, bu siz üçin has haýyrlydyr. Mundan beýläk siz gadyr gijesini remezanyň ýigrimisinden soňky ýedinji ýa-da dokuzynjy, ýa bolmasa bäşinji gijelerdir diýip, çak ediň» diýdi». 47 Jebraýyl alaýhyssalam bilen Muhammet alaýhyssalamyň söhbeti Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gün Allanyň Resuly (s.a.w.) daşarda otyrdy. Onuň ýanyna biri gelip: «Iman nämedir?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Iman Alla, Perişdelere, Alla duşjakdygyňa (ýagny Allany görjekdigiňe), pygamberlere, şonuň ýaly-da öleniňden soň direljekdigiňe ynanmakdyr» diýip jogap berdi. Ol adam: «Yslam nämedir?» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Yslam Alla ybadat edip, hiç bir zady Oňa şärik etmezlik, namaz okamak we parz edilen zekaty bermek, remezan aýynda-da oraza tutmakdyr» diýip jogap berdi. Ondan soňra ol adam ýene: «Yhsan nämedir?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Allany göýä görýän ýaly bolup, ybadat etmekdir. Eger sen Allany görmeýän bolsaňam, onuň seni görjekdigi şübhesizdir» diýdi. Ol adam ýene: «Kyýamat haçan gopar?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.) ondan soň: «Bu mesele barada soralýan adam sorandan köp bilýän däldir. Her näme-de bolsa, kyýamatdan ozal ýüze çykjak alamatlary saňa aýdyp bereýin. Haýsy döwürde satylan çory öz eýesini, ýagny hojaýynyny dogursa, kimdikleri belli bolma¬dyk düe çopanlary beýik bina gurmakda biri-biri bilen ýaryşyp başlasa, kyýamatdan öňki alamatlar görnüp başlar. Kyýamatyň haçan gopjagy Alladan başga kişi tarapyndan bilinmeýän bäş zadyň biridir» diýdi. Ondan soňra Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kyýamatyň ha-çan gopjakdygy baradaky ylym şübhesiz Alla mahsusdyr. Ol ýagmyry islän ýerine, islendik wagtda ýagdyrar. Aýallaryň ýatgylaryndaky çagalaryň oglandygyny ýa-da gyzdygyny Ol biler. Hiç bir adam ertir haýramy ýa-da şere duçar boljakdygyny bilmez. Hiç bir adam haýsy toprakda öljegini bilmez» («Lukman» süresiniň 34-nji aýaty) aýaty-kerimesini aýdyp berdi. Soňra gelen adam yzyna dönüp gidiberdi. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ony yzyna dolaň» diýip, buýruk berse-de, yzyny tapmadylar. Ondan soňra Allanyň Resuly (s.a.w.): «Diýmek, bu Jebraýyl alaýhyssalam bolmaly. Halka dinlerini öwretmek üçin gelendir» diýdi». 48 Şübheli zatlardan gaçmaly Nugman ibn Beşir (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Halalyňam, haramyňam nämedigi bellidir. Bu ikisiniň arasynda-da halaldygy, haramdygy belli bol¬maýan bir topar şübheli zatlar bardyr. Köp adamlar olary bilmeýärler. Her kim şübheli zatlardan sakylansa, mertebesini-de, dinini-de halas eder. Kimde-kim şübheli zatlara ulaşsa, döwlete degişli bolup, içine girmek gadagan edilen ýeriň golaýynda dowarlaryny otladyp, hä diýmän ol ýere aralaşjak bir çopana meňzär. Bilip goýuň, her patyşanyň özüne degişli bolup, barmagy gadagan eden ýeri bolýar. Gözüňizi açyň, Allanyň ýeriň ýüzündäki barmagy gadagan eden ýeri haram eden zatlarydyr. Ägä boluň, göwräň içindäki bir bölejik et gowy bolsa, tutuş göwre sagdyn bolar, eger ol zaýalansa, bütin göwre harap bolar. Ine, şol et bölegi kalpdyr» diýendigini eşitdim». 49 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) jennete girmäge sebäp boljak dört emri we gadagan eden dört sany zady Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Abdylkaýs Wefdi Bahreýn taraplaryndan Allanyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna gelen wagty ol: «Siz kimlerden bolarsyňyz?» ýa-da: «Niräniň ilçileri bolarsyňyz?» diýip sorady. Ilçi: «Biz rabyga tiresindan bolarys» diýdi. Onda Allanyň Resuly (s.a.w.): «Hoş geldiňiz. Alla sizi utanmaly etmesin, puşman etdirme¬sin» diýdi. Ilçiler ondan soňra: «Ýa Allanyň Resuly, biz seniň ýanyňa diňe Mukaddes şäherdekäň gelip bilýäris. Aralykda mudar tiresindan bolan demirgazykly araplaryň bardygyny bilýärsiň. Şeýle bolansoň bize kesgitli bir zady emr et. Ony yzymyzda galanlarymyza habar bereli, şeýdibem jennete gireli» diýdiler. Olar Pygamber alaýhyssalamu wessalamdan içgiler (ýa-da içgi gaplary) barada-da soradylar. Allanyň Resuly (s.a.w.) olara dört zady etmegi emr etdi, dört zady hem gadagan etdi. Ol ýeke-täk Alla iman etmegi emr edenden soň: «Ýeke-täk Alla iman etmegiň nämedigini bilýäňizmi?» diýip sorady. Olar: «Ony Alla we Resuly gowy bilýändir» diýdiler. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Beýle etmek Alladan başga hudaýyň ýokdugyna we Muhammediň Allanyň resulydygyna şaýatlyk etmek, namaz okamak, zekat bermek, remezan aýynyň orazasyny tutmak, harby oljanyň bäşden birini bermekdir» diýdi. Şeýle-de, olara dört zady, ýagny hantem, dubba, nakyýr, müzeffet diýlip atlandyrylýan gaplara hurma ýa-da üzüm şiresini guýmagy gadagan etdi». Ibn Apbasyň (r.a.) «müzeffet» diýmäge derek «mukaýýer» diýendigi barada hem aýdylýar. 50 Niýet hakda Bu ýerde Hezreti Omaryň (r.a.) adyndan: «Amal-lara niýetlere görä baha berilýär» diýip başlanýan hadysy-şerif beýan edilýär. Ol kitabyň başynda ýerleşdirilipdi. Diňe bu ýerde: «Kim nämäni niýet etse, şoňa hem gowuşjakdyr» diýen sözlerden soň gelýän: «Kimiň hijreti Alla we Resuly üçin bolsa, hijreti Alla we Resulyna gowşup tamamlanar» diýen sözler artykdyr. 51 Maşgala agzalaryňy ekläp-sakylamagyň artykmaçlygy Abu Mesgut Ukba ibn Amr (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bir adam öwezini diňe Alladan almagy umyt edip, ýakynlaryny ekläp-sakylasa, bu eden işi üçin sadakanyň sogaby ýaly sogap gazanar» diýdi». 52 Din hoşniýetlilikden ybaratdyr Jerir ibn Abdylla Bejeli (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna baryp: «Namaz okaryn, zekat bererin, her bir musulmana hoşniýetli çemeleşip, ýaman niýet etmekden daşda bolaryn» diýip kasam etdim». 53 Ýene-de hoşniýetlilik hakda Ýene Jerir ibn Abdylla Bejeli (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allanyň Resuly, musulman bolmak üçin saňa kasam etjek» diýdim. Öňümde goýan şertleriniň arasynda her bir musulmana hoşniýetli çemeleşmek we ýaman niýet etmekden daşda bolmak hem bardy. Menem bu şerte görä kasam etdim». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |