00:58 Sahyhy Buhary: Wahy kitaby | |
بِسْــــــــــــــــــــــــــــــــــــمِ اللهِ الرَّحْمـَنِ الرَّحـِيمِ WAHY KITABY 1 «Amallara niýetlere görä baha berler...» hadysy Omar ibn Hattap (razyallahu anh1) şeýle diýipdir: «Resulyllanyň «Allanyň Resulynyň (sallallahu aleýhy we sellem)2: «Amallara niýetlere görä baha berler. Kim nämäni niýet etse, şoňa hem gowuşjakdyr. Iň soňunda baýlyga ýa-da nikalap aljak bolýan zenanyna gowuşmak üçin hijret edýän (göç edýän) adamyň hijreti şol hijrete sebäp bolan zada gowuşmagy bilen tamam bolar» diýendigini eşitdim». 1. Bu söz düzümi: «Alla ondan razy bolsun» diýen manyny aňladýar. Ol zenan maşgalalar babatda: «Razyallahu anha» görnüşinde ulanylýar. Sahabalaryň Pygamberimizi (s.a.w.) gözleri bilen görüp, oňa uýan ogullary ýa-da gyzlary babatda gürrüň edilende bolsa: «Razyallahu anhümä», ýagny: «Alla bularyň ikisindenem razy bolsun» diýilýär. Şundan soňra bu söz düzüminiň ýokardaky görnüşleriniň hemmesi: «(r.a.)» diýlip aňladyljakdyr. 2. Bu söz düzümi: «Alla ony şöhratlandyrsyn we salamata gowuşdyrsyn» diýen manyny aňladýar. Şundan soňra bu söz düzümi: «(s.a.w.)» diýlip aňladyljakdyr. 2. Wahynyň inişiniň aýratynlyklary Hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Harys ibn Hyşam Allanyň Resulyndan (s.a.w.): «Ýa Allanyň Resuly, saňa wahy nädip gelýär?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Käte maňa buýrugyň sözleri jaňjagazyň sesi ýaly bolup eşidilýär. Kabul etmegim iň agyr düşýän buýrugam şudur. Onuň galdyrýan täsiri meni örän kynlyk bilen terk edýär. Perişdäniň maňa aýdanlaryny gowy edip ýat tutýaryn. Käte Perişde maňa bir adamyň sypatynda görünýär. Ol meniň bilen söhbet edýär. Menem onuň aýdanlaryny ýat bekleýärin». Hezreti Äşe (r.a.) sözüni dowam edip: «Allanyň Resulyny (s.a.w.) şatlama sowukly bir gün özüne wahy gelen pursaty synlapdym. Şeýle sowuk gündügine garamazdan, şol pursat onuň çekgelerinden şapyr-şapyr der akýardy» diýipdir. 3. Wahynyň ilkibaşda inişi. Wahy gelmeginiň arasynyň kesilmegi (Fetreti-Wahy) Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulyna (s.a.w.) wahy ilkibaşda oraşan düýş görmegi arkaly gelip başlady. Onuň gören düýşleriniň hemmesi säher aýdyňlygy kibi aýdyň we äşgär ýagdaýda amala aşardy. Soňra onuň kalbyny ýalňyzlyga bolan höwes gaplap aldy. Şondan soň Hyra dagyndaky gowagyň içinde gizlenip, birnäçe günläp ybadata (teabbud diýmekdir) meşgul bolup, ýakynlarynyň arasyna dolanardy-da, ýene azyk alyp giderdi. Soňra ýene Hatyjanyň ýanyna dolanyp, şonça gün üçin ýene azyk taýýarlardy. Şeýlelik bilen bir gün Allanyň Resuly (s.a.w.) Hyra dagyndaky gowakda mahaly Hakyň emri (ýagny wahy) geldi. Onuň ýanyna Perişde gelip: «Oka!» diýdi. Olam: «Men okap bilemok» diýip jogap berdi. Pygamber aýtdy: «Şol wagt Perişde meni tutup, ysgynym gaçýança gysdy. Soňra meni goýberip, ýene: «Oka!» diýdi. Menem oňa: «Okap bilemok» diýdim. Ol ýene meni tutup, ysgynym gaçýança gysyşdyrdy. Soňra meni goýberip, ýene: «Oka!» diýdi. Menem: «Okap bilemok» diýdim. Şeýlelik bilen, meni ýene tutup, üçünji gezek gysyşdyrdy. Soňra meni goýberip: «Mahluklary ýaradan Beýik Rebbiň mukaddes ady bilen oka. Beýik Taňry ynsan kowumyny lagtalanan gandan ýaratdy. Ýene bir gezek oka! Seniň Rebbiň galam bilen hat ýazmagy tälim beren, adama bilmeýän zadyny öwreden sahylaryň sahysy Alla Züljelaldyr» diýdi» («Alak» süresiniň 1-4-nji aýatlary). Mundan soňra Allanyň Resuly (s.a.w.) bu aýaty-kerimeleri eşidip, gorkudan ýaňa ýüregi gürs-gürs edip, yzyna dolandy we Hatyja binti Huweýlidiň ýanyna girip: «Meni dolap basyryň, meni dolap basyryň» diýdi. Gorkudan saplanýança, onuň mübärek göwresini örtüp goýdular. Ondan soňra ol bu bolan işi Hatyja gürrüň berip: «Özümden gorkdum» diýdi. Hatyja (r.a.): «Beýle diýme, Alladan ant içýärin: Allahu Züljelal hiç wagt seni gamda goýmaz. Çünki sen ýakynlaryňa göz-gulak bolýarsyň, başyny çaramaýanlaryň ýüküni ýeňledýärsiň, pakyra zat berip, bir kişiniň gazandyrmajagyny gazandyrýarsyň, myhmana hormat goýýarsyň, Hakyň hatyrasy üçin edilýän möhüm işler-de halka ýardam berýärsiň» diýdi. Ondan soňra Hatyja Hezreti Resuly-Ekremi ýanyna alyp, doganoglan agasy (kakasynyň doganynyň ogly) Baraka ibn Nowfyl ibn Eset ibn Abdyl Uzzanyňka geldi. Bu adam jahylyýet zamanynda hristian dinine giripdi, gadymy ýewreý dilinde-iwritde ýazyp bilýärdi, Injilden diniň taryhyna degişli käbir zatlary ýazyp alardy. Bularyň baran döwründe Baraka gözleri kör bolan bir çalamydar gojady. Hatyja (r.a.) oňa: «Kakamyň doganynyň ogly, doganoglanyň näme diýýänini diňle» diýdi. Baraka: «Doganoglanym, näme boldy?» diýip sorandan soň, Allanyň Resuly (s.a.w.) gören zatlaryny oňa habar berdi. Ondan soň Baraka: «Ol göreniň Allatagalanyň Musa sallallahu alaýhy we sellemiň ýanyna iberen ýokary Wyjdanydyr (Jebraýyl alaýhyssalamyň lakamy). Ah, käşgä seniň imana çagyrjak günleriňde ýaş bolsadym. Kowumyň seni kowup çykaranda, käşgä diri bolsadym» diýdi. Muny eşidip, Allanyň Resuly (s.a.w.): «Olar meni sürgün etjeklermi?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa, onuňam sebäbi, seniňki ýaly zat getirip (ýagny wahy habar berip), duşmançylyga uçramadyk bir adamam ýokdur. Eger seniň imana çagyrjak günleriňe baryp ýetsem, elimden geldiginden ýardam bererin» diýip jogap berdi. Şondan soň köp wagt geçmänkä Baraka ýogaldy we Fetreti-wahy ýüze çykdy, ýagny birnäçe wagtlap wahy gelmeginiň arasy kesildi». 4. «Ýä eýýühel-müddessir» aýaty-kerimesiniň inişi Jabyr ibn Abdylla Ensary (r.a.) hem öňdäki hadysy gürrüň berip, şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) wahynyň gelmeginiň arasynyň kesilişinden söz açyp, sözüniň arasynda şeýle diýdi: «Men bir gün ýöräp barýarkam, birden asman tarapdan bir ses eşitdim. Başymy galdyryp, Hyra dagynda ýanyma gelen Perişdäniň, ýagny Jebraýyl alaýhyssalamyň asman bilen zeminiň aralygyndaky bir kürsiniň üstünde oturandygyny gördüm. Örän erbet gorkdum. Öýüme dolanyp: «Meni örtüň, meni örtüň» diýdim. Ondan soňra Allatagala Hezretleri: «Eý, bürenip ýatan Resulym, galk we saňa iman getirýänleri habardar et. Rebbiňiň beýikligini habar ber. Eşikleriňi arassa we tämiz sakla. Butlara ybadat etmek ýaly pisligi mydamalyk terk et» («Müddessir» süresiniň 1-5-nji aýatlary) aýaty-kerimelerini inderdi. Şondan soň wahy gelmesi gyzyşdy-da, gaýdyp arasy kesilmedi». 5. «Lä tüharrik bihi lissäneke li-ta’jele bih» («Kyýäme» süresiniň 16-njy aýaty-kerimesi) aýaty-kerimesiniň tefsiri hakynda «Lä tüharrik bihi lissäneke li-ta’jele bih» («Kyýäme» süresiniň 16-njy aýaty-kerimesi) aýaty-kerimesiniň tefsiri hakynda Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Resullyla (s.a.w.) inderilen aýaty-kerimäni ýat tutjak bolup, kynçylyk çekýärdi we şol sebäpli mübärek dodakylaryny köp gezek müňküldedýärdi (bu sözleri aýdýarka Ibn Apbas (r.a.): «Ine, seret, Allanyň Resuly (s.a.w.) dodakylaryny nähili gymyldadan bolsa, menem saňa şonuň ýaly edip gymyldadýaryn» diýip görkezenmiş). Ondan soňra Allatagala Hezretleri oňa: «Eý, söýgüli Pygamberim! Saňa inderilen Gurhanyň aýatynyň tertibini unutmajak bolup, Jebraýyl Gurhan okamagyny tamamlaýança onuň sözlerini ýat tutjak bolup, dodakylaryňy gymyldadyp durma. Gurhany kalbyňda jem etmek, saňa okatmak bize degişlidir. Jebraýylyň sözi bilen Gurhany saňa ýetirenimizde sen diňe diňle. Ondan soňra ony düşündirip, ýat tutdurmak ýene bize degişlidir» («Kyýäme» süresiniň 16-19-njy aýatlary) diýen aýaty-kerimeleri inderdi. Ine, şundan soň Allanyň Resuly (s.a.w.) haýsy-haçan Jebraýyl alaýhyssalam aşak inse, sesini çykarman, ony diňlärdi. Jebraýyl alaýhyssalam getiren aýaty-kerimelerini nähili edip aýdan bolsa, ol gidenden soň, Allanyň Resuly-da (s.a.w.) şonuň ýaly edip gaýtalardy. 6. «Allanyň Resuly (s.a.w.) halkyň iň jomardydy...» Ýene Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) halkyň iň jomardydy. Remezan aýy bolsa onuň iň kän jomartlyk edýän aýydy. Bu aý Jebraýyl alaýhyssalamyň onuň bilen has köp duşuşýan aýydy. Jebraýyl alaýhyssalam remezanyň her gijesinde bu Mukaddes Adama (Zaty-Şeriflerine) duşup, oňa Gurhany-Kerimi öwrederdi we maslahatlaşardy. Ine, şu sebäpli Allanyň Resuly (s.a.w.) haýyr iş etmekde garşylyga duçar bolmaýan mübärek ýelden-de has jomartdy». 7. Rumuň kaýsary Gerakylyň Abu Sufýandan we onuň ýoldaşlaryndan Pygamberimiz (s.a.w.) hakynda soramagy. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Rumuň kaýsary Gerakyla ýazan haty Ýene Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Hudeýbiýe ylalaşygy netijesinde ýaraşyk baglaşan döwründe, ýa ýeke özi, ýa-da kuraýyşyň gäwürleri bilen birlikde söwda etmek üçin Şama giden bir kuraýyş kerwenine goşulyp, ol ýere baranda, Rumuň kaýsary (gadymy rum we wizantiýa imperatorlarynyň lakamy) Gerakyl tarapyndan çagyrylandygyny Abu Sufýan ibn Harb maňa habar berdi. Abu Sufýan bilen ýoldaşlary Gerakylyň ýanyna gelipdirler. Ol döwürde Gerakyldyr ýaranlary Ilýada, ýagny Beýtil-Mukaddesde (Ierusalim) eken. Rumuň barly we abraýly adamlaryny ýanynda jemlän kaýsar bulary mejlisine çagyrypdyr. Ol myhmanlary we terjimeçini ýanyna alyp gelmeklerini buýrupdyr. Terjimeçi: «Men pygamber diýýän ol adama garyndaşlyk taýdan iň ýakynyňyz haýsyňyz?» diýip sorapdyr. Abu Sufýan: «Onuň iň ýakyn garyndaşy men bolaryn diýdim» diýýär. Ondan soň Gerakyl: «Ony meniň golaýyma alyp geliň. Arkadaşlaryny-da golaýa getiriň. Ýöne yzynda dursunlar» diýipdir. Soňam terjimeçisine ýüzlenip: «Bulara aýt, men şol jenap hakynda bu adamdan käbir zatlary sorajak. Maňa ýalan sözlese, ýalanyny çykarsynlar» diýipdir. Abu Sufýan: «Walla, arkadaşlarymyň meniň ýalan sözlänimi o ýerde, bu ýerde gürrüň etmeklerinden çekinmedik bolsamdym, onda ol, ýagny Allanyň Resuly (s.a.w.) hakynda ýalan-ýaşryk toslardym» diýýär. Abu Sufýan sözüni şeýle dowam edýär: «Soňra onuň maňa beren ilkinji sowaly şu boldy: «Onuň aňyrsy nähili adamlar?» «Onuň aňyrsy örän beýik adamlardyr» diýdim. «Siziň içiňizden bu sözi ondan ozal aýdan adam, ýagny ondan ozal pygamberlige dalaş eden barmy?» diýdi. «Ýokdy» diýdim. «Ata-babasynyň arasynda hijisi hökümdar bolmanmydy?» diýdi. «Ýok, bolmandy» diýdim. «Oňa tabyn bolanlar halkyň barly adamlarymy ýa-da hor-homsularymy?» diýdi. «Olar halkyň barly adamlary däl-de, hor-homsulary» diýdim. «Oňa tabyn bolanlar artýarmy ýa-da kemelýärmi?» diýdi. «Artýarlar, kemelmeýärler» diýdim. «Aralarynda onuň dinine girenlerinden soň ökünip, dininden dänen barmy?» diýdi. «Ýok» diýdim. «Şu diýýänlerini diýmezden, ýagny imana çagyrmazyndan ozal ýalan sözlänini göreniňiz barmy?» diýdi. «Ýok» diýdim. «Ähdinden dänýärmi, ýagny ýalandan äht edýärmi?» diýdi. «Ýok, ähdinden dänenok. Ýöne biz häzir onuň bilen belli bir wagta çenli şertnama baglaşdyk. Şol wagta çenli näme etjegini bilmeýäris» diýdim». Abu Sufýan gürrüňiniň şu ýerine ýetende: «Men öňki aýdanymyň üstüne özümden şundan başga bir sözem goşup bilmedim» diýdi. Soňam gürrüňini dowam etdi: «Onuň bilen söweş etdiňizmi?» diýdi. «Hawa, etdik» diýdim. «Onuň bilen eden jeňiňiziň netijesi nähili?» diýdi. «Aramyzda ownuk-uşak çaknyşyklar häli-şindi ýüze çykyp dur. Kä ol bize zyýan ýetirýär, kä biz oňa zyýan edýäris» diýdim. «Ýagşy, ol size näme emr edýär?» diýdi. «Ol bize: «Ýalňyz Alla ybadat ediň, hiç bir zady Oňa şärik etmäň. Atalaryňyzyň ybadat edýänini terk ediň» diýýär. Bize namaz okamagy, sadaka, ýagny zekat bermegi, hakykatçyl we adalatly bolmagy, ata-babalarymyzyňka we dogan-garyndaşlarymyzyňka zyýarat etmegi emr edýär» diýdim. Ondan soňra ol terjimeçisine ýüzlenip, şeýle diýdi: «Oňa aýt, aslyny soradym. Asylzadalygyny aýtdy. Pygamberler-de aslynda şonuň ýaly kowumlaryň asylzadalarynyň arasyndan döreýär. «Araňyzda ondan öň beýle sözi diliňize alanyňyz barmy?» diýip soradym. «Ýok» diýdi. Ondan öň bu sözi diline alan adam bolsady, onda: «Bu hem özünden öň aýdylan söze uýmak isleýän adamdyr» diýip, düşünip bilerdim. «Ata-babasynyň arasyndan hökümdar çykypmydy?» diýip soradym. «Ýok» diýdi. Ata-babasyndan biri hökümdar bolan bolsady, onda: «Bu hem atasynyň mülküne eýe bolmaga çalyşýan bir adamdyr» diýip, pikir edip bilerdim. «Bu pygamberlige dalaş etmezinden ozal, onuň ýalan sözlänini görüpmidiňiz?» diýip soradym. «Ýok» diýdi. Men bolsa kesgitli bilýärin: ol öňem halkyň öňünde ýalan sözlemäge endik etmändir, mundan soň Allanyň öňünde ýalan sözlemäge asla-da het etmez. «Oňa tabyn bolanlar halkyň barly adamlarymy ýa-da hor-homsularymy?» diýip soradym. Oňa boýun egenleriň hor-homsy adamlardygyny aýtdy. Pygamberlere uýýanlaram aslynda şolar ýaly adamlardyr. «Oňa tabyn bolanlar köpelýärmi ýa-da kemelýärmi?» diýip soradym. «Köpelýär» diýdi. Iman işi-de soňuna çenli şu ýol bilen gidýär. «Aralarynda onuň dinine girenden soň ökünip, dininden dänen adam barmy?» diýip soradym. «Ýok» diýdi. Iman gazanmagyň şatlygy kalba aralaşyp, kök urandan soň şeýle bolýar. «Heý ähdinden dändimi?» diýip soradym. «Ýok» diýdi. Pygamberlerem şonuň ýaly bolýar. Olar ähtlerinden dänmezler. «Size näme emr edýär?» diýip soradym. Ýalňyz Alla ybadat edip, oňa hiç bir zady şärik etmezligi emr edendigini, butlara ybadat etmegi gadagan edendigini, edil şonuň ýaly-da, namaz okamagy we sadaka, zekat bermegi, hakykatçyl we adalatly bolmagy emr edendigini aýtdy. Eger bu aýdanlary dogry bolsa, golaý wagtda şu aýaklarymyň basan ýerlerine ol Asylzada Adam hökümdar boljakdyr. Umuman, bu Şanly Pygamberiň peýda boljagyny bilýärdim. Ýöne siziň araňyzdan çykjagyny çakylamaýardym. Onuň ýanyna baryp biljegimi bilsem, Asylzada Ynsan bilen duşuşmak üçin her dürli kynçylyklara kaýyl bolardym. Ýanynda bolsadym, hyzmat edip, aýaklaryny ýuwardym». Ondan soňra Gerakyl Hezreti Muhammet alaýhyssalam tarapyndan ýazylyp, Dihýäniň üsti bilen Basra emirine ýollanan we emir tarapyndanam kaýsara ýetirilen haty okamak isledi. Haty getiren adam ony Gerakyla berdi. Olam haty alyp okady. Asylzadanyň hatynyň mazmuny şeýledir: «Allanyň guly we Resuly Muhammetden Rumuň hökümdary Gerakyla, dogry ýoldan barýanlara we hakyky dine uýýanlara salam bolsun. Ondan soňra saňa Yslam çagyryşy bilen ýüzlenýärin, ýagny musulman bolmaga çagyrýaryn. Yslam dinine girseň, salamat galarsyň we Allatagala saňa serpaýyny iki esse edip berer. Eger kabul etmeseň, pahyr daýhanlaryň günäsi seniň boýnuňadyr. Eý, Kitap eýeleri (Ähli-Kitap), geliň, biziň we siziň araňyzda umumy bolan bir pikire geleliň: Alladan başgasyna ybadat etmäliň we Oňa hiç bir zady şärik etmäliň, Allany taşlap, bir-birimize hudaý diýmäliň. Eger olar ýüz dönderseler, onda: «Biziň musulmandygymyza şaýatlyk ediň» diýiň». Gürrüňiniň şu ýerine ýetende Abu Sufýan şeýle diýdi: «Gerakyl diýjegini diýenden soň we Asylzadanyň hatyny okap bolandan soň, ýanynda goh köpeldi. Sesler gataldy. Bizi hem onuň ýanyndan çykardylar.» Abu Sufýan sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Arkadaşlarym bilen ýalňyz galanymdan soň olara: «Ibn Abu Kebşäniň (ýagny Muhammet alaý-hyssalamyň) işi hakykatdanam beýgelip barýar. Serediň, Beni Asfaryň hökümdary ondan gorkýar» diýdim. Şondan soň ol Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýeňiş gazanjagyna tä Jenaby-Hak yslamy we tabynlygy kalbyna guýýança, hakykatdanam ynanyp gezdi. Ilýanyň, ýagny Beýtil-Mukaddesiň hökümdary we Gerakylyň dosty, Şamyň hristianlarynyň ýepiskoplygyna bellenen Ibn Natur hem Gerakyldan söz açyp: «Gerakyl Beýtil-Mukaddese gelen günleriniň birinde örän gamgyn göründi. Patrikleriniň, ýagny emirleriniň käbiri oňa: «Seniň lapyňy keç görýäris» diýdiler» diýýär. Natur sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Gerakyl müneçjimlik ylmyna ähmiýet berýän, palçylyga aşna bir adamdy. Ol bu sowalyň täsiri bilen olardan: «Bu gije ýyldyzlara bakyp, Hitan (sünnet) hökümdarynyň peýda bolanyny gördüm. Bu ymmatyň içinde kimler sünnet edilen?» diýip sorady. Oňa jogap hökmünde: «Ýehudylardan başga sünnet edileni ýok-dur. Olardanam çekinip oturma. Hökümiň ýöreýän şäherlere hat ýaz, ol ýerlerdäki ýehudalary öldürsinler» diýdiler. Şol pursat Gassanyň hökümdary tarapyndan Allanyň Resuly (s.a.w.) hakda habar bermek üçin iberilen adamy Gerakylyň huzuryna getirdiler. Gerakyl ol adam hakda eşidenden soň: «Baryň-da, ol adamyň sünnet edilenini, ýa edilmedigini görüň» diýdi. Olar bu adamyň sünnetlidigini aýtdylar. Soňra Gerakyl gelen adamdan: «Arap kowumy sünnetlimi?» diýip sorady hemem ondan: «Sünnetlidir» diýen jogaby aldy. Ondan soň Gerakyl: «Düýşümde peýda bolan hut şu ymmatyň hökümdarydyr» diýdi. Ondan soňra Gerakyl Rumyýede, ýagny Romada ylym işleri boýunça öz weziri bolan bir dostuna hat ýazyp, Hymsa gitdi. Hymsy terk etmänkä şol dostundan Hezreti Muhammet alaýhyssalamyň peýda bolandygy we Asylzada Ynsanyň ýagny, Muhammet alaýhyssalamyň Pygamberdigi hakyndaky öz pikirine muwapyk bir hat geldi. Şondan soňra Gerakyl Hymsda ýerleşýän bir köşgüne Rumuň barly we abraýly adamlaryny çagyryp, gapylary baglamagy emr etdi. Soňra belent bir ýere çykyp: «Eý, Rum jemagaty, bu adama kasam edip, halas bolmagy we dogry ýola girmegi hem-de mülküňiziň abadan bolmagyny islemezmisiňiz?» diýip, ol ýerdäkilere ýüzlendi. Jemagat ýabany eşekler ýaly bolup, gapylara tarap gaçyp, olaryň baglydygyny gördüler. Gerakyl olaryň bu derejedäki ýigrenjini görüp, imanly bolmaklaryndan umydyny üzüp: «Bulary yza dolaň!» diýip, emr etdi we olara ýüzlenip: «Ýaňky sözlerimi diniňize bolan ýakynlygyňyzyň berkligini barlamak üçin aýtdym. Ony bolsa gözüm bilen gördüm» diýdi. Bu sözleri eşidip, ol ýerdäkiler oňa tabyndyklaryny we ondan göwünleriniň hoşdugyny bildirip, oňa sejde etdiler. Gerakylyň imana çagyrylyşy hakyndaky gürrüň şunuň bilen tamamlanýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |