00:45 Sahyhy Buhary: Ylym kitaby | |
بِسْــــــــــــــــــــــــــــــــــــمِ اللهِ الرَّحْمـَنِ الرَّحـِيمِ YLYM KITABY 54 Işiň oňarmajak adama tabşyrylmagy kyýamatyň alamatlaryndan biridir Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir mejlisde Allanyň Resuly (s.a.w.) huzuryndakylara bir zatlary gürrüň berýärdi. Birden bir çarwa arap gelip: «Kyýamat haçan gopar?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.) öz gürrüňiniň arasyny kesmedi. Ol ýerde oturanlar biri-birine: «Çarwa arabyň näme diýenini eşitdi, emma soragyny halamady» diýişseler, käbirleri: «Eşitmedik bolaýmasa» diýip, pikir etdiler. Iň soňunda Allanyň Resuly (s.a.w.) sözüni tamamlandan soň bolsa gerek: «Ýaňy kyýamat barada soran kişi nirede?» diýip sorady. Çarwa arap: «Ine, men, ýa Allanyň Resuly!» diýdi. Ondan soň Allanyň Resuly (s.a.w.): «Amanada hyýanat edildimi — kyýamata garaşyber» diýip seslendi. Çarwa arap: «Amanada hyýanat etmek näme bolýar?» diýip, gaýtadan sorandan soň Allanyň Resuly (s.a.w.): «Işi oňarmajak adama tabşyrdylarmy — kyýamata garaşyber» diýdi». 55 Täretini kemter alanlary Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýazgarmagy Abdylla ibn Amr ibn As (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek sapara çykanymyzda, Allanyň Resuly (s.a.w.) bizden yza galyp, soňam yzymyzdan ýetipdi. Şol wagt namaz wagty girip, biz täret alyp otyrdyk. Biz aýaklarymyzy mesh eden ýaly edip, az suw bilen ýuwmaga başladyk. Allanyň Resuly (s.a.w.) bu ýagdaýy görüp, iň gaty sesi bilen iki ýa-da üç gezek: «Jähennemde ýanjak ökjelere ýazyk!» diýip seslendi». 56 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýapragyny dökmeýän hurma agajyny kämil musulmana meňzetmegi Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Agaçlaryň arasynda ýapragy düşmeýän bir görnüşi bardyr. Ol agaç kämil musulmana meňzeşdir. Ol haýsy agaç? Aýdyň!» diýdi». Bu ýerde oturanlar sährada bitýän agaçlary sanamaga başladylar. Onuň hurma agajydygy ýadyma düşse-de, aýtmaga utandym. Ondan soňra: «Ýa Allanyň Resuly, bize aýt, ol haýsy agaç?» diýip soradylar. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Hurma agajydyr» diýip jogap berdi. 57 Pygamberligi, namaz, oraza we zekat hakynda özüne berlen soraglara Allanyň Resulynyň (s.a.w.) jogaby Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen oturan wagtymyz bir adam düýä münüp gelip, düesini metjidiň gapysynda çökerdi-de, baglap goýdy. Ondan soňam: «Muhammet haýsyňyz bolarsyňyz?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.) sahabalaryň arasynda tirsekläp otyrdy. Biz: «Ine, şu tirsekläp oturan akýagyz adam şoldur» diýdik. Ol adam: «Eý, Abdylmuttalybyň ogly!» diýip, Pygamberimize (s.a.w.) ýüzlendi. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Seni diňleýärin» diýdi. Ol: «Men senden käbir zatlary sorajak bolýaryn, emma berjek soraglarym örän agyrdyr. Menden gaty görme» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Kelläňe näme gelse, soraber». Ol adam: «Seniň we senden öňküleriň Rebbiniň hormaty üçin aýt: Alla seni tutuş halka ýolladymy?» diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w.): «Hawa» diýdi. Ol adam ýene: «Allanyň hormaty üçin aýt: bir gije-gündizde bäş wagt namaz okamagy saňa Alla emr etdimi?» diýip sorady. Pygamber (s.a.w.): «Hawa» diýdi. Ol adam ýene: «Allanyň hormaty üçin aýt: ýylyň belli bir aýynda oraza tutmagy saňa Alla emr etdimi?» diýip sorady. Pygamber (s.a.w.): «Hawa» diýdi. Ol adam ýene: «Allanyň hormaty üçin aýt: bermeli edilen şu sadakany baýlarymyzdan alyp, garyplarymyza paýlamagy saňa Alla emr etdimi?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.) bu soraga-da: «Hawa» diýenden soň ol adam: «Sen näme getiren bolsaň, men şoňa iman etdim. Men yzymda galan kowumlaryma-da ilçi bolaryn. Maňa Sagt ibn Bekr tiresinden bolan Dymam ibn Saglaba diýýärler» diýdi». 58 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) kesra ýollan haty Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir adama bir hat berip, ony Bahreýniň emirine gowşurmagy emr etdi. Bahreýniň emiri ol haty kesra eltip berdi. Kesra haty okandan soň ýyrtdy». Rowaýatçy Muhammet ibn Şihap Zühri: «Çakym çak bolsa, muny Seýit ibn Museýýepden eşiden bolsam gerek. Onuň aýtmagyna görä, Allanyň Resuly (s.a.w.) kesra hem-de onuň kowumy babatda: «Bölek-bölek bolsunlar» diýip doga edipdir» diýip, bu rowaýatyň üstüni ýetiripdir. 59 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) kümüşden möhür edinmegi Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir hat ýazdyrdy ýa-da ýazdyrmak isledi. Oňa: «Ýa Allanyň Resuly, olar (ýagny haty almaly rumlular we ajamlylar) möhürli bolmasa, bu haty okamazlar» diýdiler. Ondan soň Pygamber alaýhyssalam kümüşden bir möhür edindi. Onuň ýüzüne: «Muhammet Allanyň Resuly» diýlip nagyşlanandy. Bu möhrüň Pygamber alaýhyssalamyň mukaddes barmagynda agymtyk öwsüp durşy häzirem gözümiň öňünde». 60 Allany ýatlamaga sowuk-sala garan adamdan Allanyň ýüz öwürmegi Abu Wakyt Leýsi (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gün Allanyň Resulynyň (s.a.w.) metjitde sahabalarynyň arasynda oturan wagty garşydan üç adam geldi. Olaryň ikisi Allanyň Resulyna (s.a.w.) tarap gaýtdy, biri-de öz ýoluna gitdi. Ýaňky iki kişi Pygamberiň (s.a.w.) öňüne gelip, salam berdi. Olaryň biri iň çetde oturanlaryň ýanyna biraz ýetmän, olaryň golaýynda oturdy. Beýlekisi bolsa oturanlaryň arkasyna geçip oturdy. Üçünjisi bolsa, gelenden soň yzyna öwrülip gidipdi. Allanyň Resuly (s.a.w.) edip oturan gürrüňini tamamlandan soň: «Bu üç kişiniň ýagdaýyny size habar bermegimi isleýärsiňizmi? Olaryň biri Alla sygyndy, Alla-da oňa ýer berdi. Beýlekisi gyslyşyp oturmakdan utandy, Alla-da ondan utandy. Üçünjisi bolsa bu mejlisden ýüz öwürdi, Alla-da ondan ýüz öwürdi» diýdi». 61 Hoşlaşyk Hajynda (Hajji-Weda’) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) beren käbir nesihatlary Abu Bekre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) özüniň iň soňky hajy wagtynda düýäniň üstünde otyrdy. Bir adamam düýäniň owsaryndan tutup barýardy. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bu gün haýsy gün?» diýip sorady. Biz sesimizi çykarmadyk hemem ol bu günüň öňki adyny başga at bilen çalyşjakmyka öýtdük. Ol: «Gurban güni dälmi?» diýdi. «Hawa» diýdik. Soňra ol: «Bu aý haýsy aý?» diýip sorady. Ýene sesimizi çykarmadyk we aýyň öňki adyny başga bir at bilen çalyşjak bolýandyr diýip pikir etdik. Ol: «Zülhijje dälmi?» diýdi. «Hawa» diýdik. Soňra ol: «Bu haýsy şäher?» diýip sorady. Ýene dymdyk we şäheriň öňki adyny başgasy bilen çalyşjakmyka öýtdük. Ol: «Mekge dälmi?» diýdi. «Hawa» diýdik. Mundan soň ol: «Bu şäherde, bu aýda bu günüň hormaty üçin birek-biregiň ganyny dökmek, baýlygyna el urmak, namysyna degmek haramdyr. Barlaryňyz ýoklaryňyza muny habar bersin. Häzir bu ýerde bar adamyň muny has gowy düşünjek adama habar beräýmegi hem bolup biljek zat» diýdi». 62 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) arasyna maý salyp wagyz etmegi Abdylla ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) wagyzdyr nesihaty bilen bizi irizmezlik üçin, ýagdaýymyza bakyp, şoňa görä gün we sagat bellärdi». 63 Dinden irizmekden ägä bolmak Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Aňsatlyk ýoluny gözläň, işiňizi kynlaşdyrmaň. Gowy zady buşlaň, ýigrenç döretmäň» diýdi». 64 Alla kime ýagşylyk etmek islese, oňa dini düşünje berer Mugawyýa (r.a.) hutba okanda şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Allataga¬la kime gowulyk islese, oňa din babatda beýik bir düşünje berer. Men beriji däl-de, diňe paýlaýjy. Berýän bolsa Eziz we Gudratly Alladyr. Şeýle hem bu ymmat (ýagny Allanyň gowulyk islän adamlary) Allanyň emrine tabyn bolany üçin, Allanyň emri we kazasy hasyl bolup, kyýamat gopýança, mydama sabyt-gadam (ýagny sagdyn ädim urjakylar) bolup durjakylar we özlerine duşmançylyk edenlerden olara zyýan ýetjek däl» diýendigini eşitdim». 65 Hurma agajynyň kämil musulmana meňzeşdigi hakdaky hadysyň bir nusgasy Abdylla ibn Omar (r.a.) öňde geçen 56-njy hadysy-şerifi aşakdaky ýaly edibem gürrüň beripdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyndadyk. Hurma agajynyň depesinde bolýan bir püri alyp geldiler. Allanyň Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Agaçlaryň arasynda... (yzy şol hadysdaky ýaly)». Rowaýatyň bu nusgasynda: «Birem ol ýerdäkileriň iň kiçisi bolanym üçin dymdym» diýen sözlem öňki nusgadakydan artykdyr. 66 Iki häsiýete eýe bolanlardan beýlekilere adamlaryň gözi gitmez Abdylla ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Adamlaryň diňe iki häsiýete eýe bolanlara gözi gider. Olar: Alla tarapyndan özüne baýlyk bagyş edilip, ony Hak ýolunda harçlamaga mümkinçilik berlen adam bilen özüne hikmet bagyş edilip, onuň bilen höküm eden we ony özgelere öwreden adamdyr» diýdi». 67 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Ibn Apbas barada eden dogasy Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) meni gujakylap: «Ýa Alla, muňa Gurhany düşündirýän ylmy öwret» diýip, doga etdi». 68 Kämillik ýaşyna ýetmeýän çaga borçly däldir Ýene Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Mina dagynda açyk bir ýerde namaz okadyp duran wagty, bir eşege münüp, garşydan geldim. O zaman kämillik ýaşyna golaý barypdym. Men hatarlaryň biriniň öňünden geçip, eşegi otlamaga goýberdim. Ondan soň hatardakylara goşuldym. Beýdenim üçin hiç kim sesini çykarmady». 69 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) Mahmyt ibn Rabygynyň ýüzüne suw pürkmegi Mahmyt ibn Rabygy (r.a.): «Bäş ýaşymdakam bir gezek Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bir gowadaky suwdan agzyna alyp, ýüzüme pürkeni ýadyma düşýär» diýipdir». 70 Imana ýetmek ylmy bol ýagmyr ýalydyr Abu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Allanyň meniň arada durmagym bilen gönderen imana ýetmek ylmy bol ýagmyra meňzär. Bu ýagmyr käte şeýle bir ýere ýagar welin, ol ýeriň topragynyň bir bölegi ony özüne siňdirip, mal iýer ýaly ot ýetişdirer. Ol ýeriň topragynyň ýene bir bölegi-de gaty bolup, üstünde suw ýygnar we Allatagala halky ondan peýdalanar ýaly eder. On-dan adamlaryň özleri hem içerler, mallaryny hem suwa ýakarlar, ekinlerini-de suwararlar. Bu ýagmyr başga bir düz we ýapaşak ýere ýagar welin, ne onuň üstünde suw ýygnanar, ne ol ýerde ot gögerer. Allanyň dinine akyl ýetiribem Allanyň meniň arada durmagym bilen gönderen iman gazanmak ylmyndan peýdalanan we ony öwrenip, beýlekilere-de öwreden adam başda agzan topragymyza, muny duýan wagty tekepbirlik edip, hatda başyny hem galdyrmaýan we Allanyň meniň bilen gönderen iman gazanmak ylmyny kabul etmeýän adam iň soňunda gürrüňi edilen topraga meňzeýändir» diýdi». 71 Ylmyň aradan aýrylmagy kyýamatyň bir alamatydyr Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ylmyň aradan aýrylmagy, nadanlygyň giňden ýaýramagy, şerap içilmegi, zyna işleriň köpelmegi kyýamatyň alamatlaryndandyr» diýdi». 72 Kyýamatyň almatlary ýüze çykanda ylym azalyp, nadanlyk ýaýrar Ýene Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Men size şeýle bir söz aýtjak, menden soňra hiç kim ony size aýtmaz. Men Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Kyýamatyň alamatlary ýüze çykanda ylym azaljakdyr, nadanlyk ýaýrajakdyr, zyna işler köpeljekdir, aýallaryň sany köpelip, erkekleriňki azaljakdyr, birmeňzeş derejedäki elli aýalyň diňe ýekeje baştutany boljakdyr» diýenini eşitdim». 73 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ylym bilen baglanyşykly gören düýşi Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Düýşümde maňa bir käse süýt getirip berdiler. Ony şobada içmäge başladym. Onuň berýän lezzetiniň bütin göwräme ýaýrap, dyrnaklarymdanam syzylyp durandygyny häzirem duýýaryn. Içip bolanymdan soň artanyny Omar ibn Hattaba berdim» diýendigini eşitdim. Ondan: «Ýa Allanyň Resuly! Düýşüňi nähili ýorduň?» diýip soradylar. Ol: «Ony maňa berlen ylym diýip ýordum» diýip jogap berdi». 74 Allanyň Resuly (s.a.w.) Hoşlaşyk Hajynda hajy ýerine ýetirmegiň düzgünleri barada Abdylla ibn Amr ibn As (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) iň soňky gezek haja gidende, halkyň ondan sorap, öwrenmegi üçin Mina dagynda aýak çekdi. Onuň ýanyna biri gelip: «Bilmän, gurban kesmänkäm saçymy syýraýypdyryn» diýdi. Allanyň Resuly: «Gurbanyňy kes, günäsi ýok» diýdi. Başga biri gelip: «Bilmän, şeýtana daş zyňmankam, gurban kesdim» diýdi. Allanyň Resuly: «Daşlaber, günäsi ýok» diýdi. Ol gün Allanyň Resulyndan (s.a.w.) şeýtany daşlamak, damak çalmak, saç syýrmak, Käbäniň daşyndan aýlanmak ýaly baýram gününiň amallaryndan wagtyndan öň edilen ýa-da wagtyndan soňa goýlan zatlar hakynda näme soralsa-da, onuň: «Ediber, günäsi ýok» diýip jogap bermedik gezegi bolmady». 75 Ylmyň aradan aýrylyp, nadanlygyň ýaýrap, pitneleriň ýüze çykjakdygy hakda Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir gezek: «Ylym aradan aýrylyp, nadanlyk we pitneler ýüze çykjakdyr hem-de bulaşyklyk (herj) köpeljekdir» diýdi. Ondan: «Ýa Allanyň Resuly, bulaşyklyk diýýäniň nähili zat?» diýip soradylar. Ol uly arzuwy puç bolan ýaly elini aşakylygyna inderdi-de: «Ine, şunuň ýaly zat» diýdi». 76 Gabyr synagy hakda Esma binti Abu Bekr (r.a.) şeýle diýipdir: «Gün tutulanda namaz okap duran Äşäniň (r.a.) ýanyna bardym. Men: «Bu adamlara näme bolýar (olar nämeden gorkýarlar)?» diýip soradym. Ol Gün tutulanyny bildirmek üçin asmana tarap kellesi bilen yşarat etdi. Görsem, adamlaryň hemmesi namaza duran eken. Äşe (r.a.): «Subhanalla!» diýdi. Men: «Bu kyýamatyň golaýlaşýanlygynyň we onuň azabynyň bir alamatymy?» diýip soradym. Ol: «Hawa» diýen manyda başyny atdy. Ondan soň menem namaza durdum. Tä ýadaýançam durdum. Soňam ýanymdaky gaýyş meşikden kelläme suw sepeläp başladym. Namazdan soň Allanyň Resuly (s.a.w.) Allatagala hamdu-sena aýdyp: «Maňa ozal görkezilen jennete we jähenneme degişli zatlardan bu ýerde görmedik ýekeje zadymam galmady. Siziň gabyrlaryňyzda Deçjal sebäpli başlardan injek synaglara meňzeş ýa-da şoňa golaý bir synagdan geçjekdigiňiz hakda wahy geldi. Gabra giren adamdan: «Bu adam (ýagny Allanyň Resuly (s.a.w.) hakda näme bilýärsiň?» diýip soraljak. Mömin ýa-da Pygambere ýakyn bolan adam: «Ol mukaddes adam Muhammetdir. Ol mukaddes adam Allanyň resulydyr. Ol bize subutnamalar bilen iman gazanmagyň ýoluny öwredýän ylym getirdi. Bizem onuň çagyryşyny kabul edip, aýdanyna tabyn bolduk. Ol mukaddes adam Muhammetdir (s.a.w.)» diýer. Bu sözler üç gezek gaýtalanyp aýdylar. Ondan soňra ol adama: «Şeýle bolsa, ýat-da rahatlan. Ol mukaddes adama ýakyndygyňa şübhe galmady» diýler. Eger-de kim mynapyk bolsa ýa-da kalbynda şek bar bolsa, ol adam bu sowala: «Men nä bileýin! Bir zatlar diýýändigini eşidip, aýdanlaryny gaýtaladym» diýip, jogap berer» diýdi». 77 Süýtdeş doganyňa öýlenmek bolmaz Bu hadys m ýe r w i, ýagny eşidilmişdir. Ukba Harys Kuraýşy (r.a.) Yhap ibn Eziziň gyzyna öýlenipdir. Şol wagt onuň ýanyna bir aýal gelip: «Ukbany-da, gelin edinen gyzyny-da men emdirdim» diýýär. Ukba oňa: «Ne seniň meni emdireniňden habarym bar, ne-de ozal muny maňa aýdanyňdan» diýip, jogap beripdir we atlanyp Medinä — Allanyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna gidip, ondan şerigatyň bu hakdaky hökümini sorapdyr. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Bir gezek şeýle diýlenden soň, oňa nädip ýanaşyp bilersiň?» diýenden soň, Ukba ol zenan bilen aý-rylyşypdyr. 78 Bir aýlap aýallary bilen görüşmejekdigine Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ant içmegi Omar ibn Hattap (r.a.) şeýle diýipdir: «Ensardan bir goňşym bilen birlikde Beni Umeýýe ibn Zeýtiň ýurdunda oturýardym. Bu ýurt Medinäniň Awaly diýilýän sebitinde ýerleşýär. Bir zat öwrenmek umydy bilen Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gezekleşip giderdik. Bir gün ol gidýär, bir günem men. Men onuň ýanynda bolan günüm wahy we şoňa meňzeş näme eşitsem, habaryny goňşyma ýetirerdim. Olam öz giden gezeginde şeýderdi. Ensar arkadaşym bir gezek öz nobatynda ol ýerik gitdi. Dolanyp gelen wagty gapymy gatyrak kakyp: «Öýdemisiň?» diýip seslendi. Erbet gorkup, onuň ýanyna çykdym. Ol: «Uly bir hadysa ýüze çykdy. Allanyň Resuly (s.a.w.) aýallarynyň talagyny berdi» diýdi. Men aslynda şeýle bir zadyň boljakdygyny çakylaýardym. Ertir namazymy okap bolup, geýnip, guşandym. Soňra Medinä baryp, Hafsanyň ýanyna girdim. Görsem, ol aglap otyr. Ondan: «Allanyň Resuly (s.a.w.) siziň (ýagny nikaly aýallarynyň) talagyňyzy berdimi?» diýip soradym. Ol: «Bilmeýärin» diýdi. Ondan soňra Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna bardym we aýak üstünden: «Ýa Allanyň Resuly: «Aýallaryň talagyny berdiňmi?» diýdim. Ol: «Ýok» diýdi. Şondan soň men: «Allahu Ekber» diýip seslendim». 79 Namazy jemagata ýeňil okatmak barada Abu Mesgut Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Biri Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allanyň Resuly, pylany bize namaz okadanda namazy şeýle bir uzak okaýar welin, namazy terk etmek derejesine baryp ýetýärin» diýdi. Allanyň Resulynyň (s.a.w.) wagyz eden wagtynda şonuň ýaly gaharlanan gezegine duşmandym. Ol: «Eý, adamlar, size bir zatdan irmek häsiýeti mahsusdyr. Haýsyňyz halka namaz okatsaňyz, ýeňil okadyň. Sebäbi jemagatyň içinde hassasy bar, gowşagy bar, iş-aladalysy bar» diýip seslendi». 80 Ýiten zadyň hökümi Zeýt ibn Halyt Jüheni (r.a.) şeýle diýipdir: «Biri Allanyň Resulyndan (s.a.w.) ýiten zady tapsaň, näme etmelidigini sorady. Ol: «Onuň daňlan bagyny, ýa bolmasa, onuň salnan gabyny daş sypatyny belläp alyp, soňra ony tapanyňy bir ýyllap ötene-geçene aýdyp gez. Şondan soň ony ulan. Şondan soňam eýesi tapylaýsa, ýene oňa gaýtaryp ber» diýdi. Ol adam: «Ýiten düýäni hem şeýtmelimi?» diýip sorady. Şonda gaharlanmakdan ýaňa Allanyň Resulynyň (s.a.w.) mübärek ýaňakylary ýa-da ýüzi gyzardy we: «Ondan saňa näme zyýan ýetýär? Suw tulumyny, aýagyndaky markubyny özi süýreýär, suwsasa, özi suw içmäge gidýär, agajyň ýaprakylaryny çürtýär. Ony eýesi tapýança, öz gününe goý» diýdi. Ol adam: «Ýiten dowar barada näme aýdarsyň?» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ol ýa seniňkidir, ýa gardaşyňkydyr, ýa gurduňkydyr» diýdi». 81 Ýerliksiz we ýakymsyz soraglary bermegiň gadagandygy hakda Abu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resulyndan (s.a.w.) halamaýan käbir zatlaryny soradylar. Ol bular ýaly sowallar köpeliberensoň gaharlandy. Ondan soň: «Menden islän zadyňyzy soraň» diýdi. Biri ýerinden gobsunyp: «Meniň kakam kimdir?» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kakaň Huzafadyr» diýip jogap berdi. Başga biri galkyp: «Ýa Allanyň Resuly, meniň kakam kimdir?» diýdi. Ol: «Şeýbäniň azat edeni Salimdir» diýip jogap berdi. Omar ibn Hattap (r.a.) Allanyň Resulynyň ýüzünde gahar alamatyny görenden soň: «Ýa Allanyň Resuly, biz Eziz we Gudratly Allatagalanyň öňünde toba edýäris» diýdi» 82 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sözlerini we salamyny üç gezek gaýtalamagy Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bir söz aýdan mahaly, gowy düşünmekleri üçin ony üç gezek gaýtalardy. Şonuň ýaly-da, bir kowumyň ýanyna gelende-de, üç gezek salam bererdi». 83 Adamlaryň üç toparynyň goşa sogaba eýedigi hakda Abu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Üç kişiniň goşa sogaby bardyr. Olaryň biri Ähli-Kitapdan bolubam ilki öz pygamberine, soňam Muhammede (s.a.w.) iman getiren adamdyr. Beýlekisi, hem Allatagalanyň, hem öz hojaýynlarynyň hatyrasyny sakylaýan guldur. Üçünjisi şeýle bir kişi bolup, ol öz garamagynda ýanaşyp biljek çorusy bar wagty, oňa terbiýe, özem gödeklikden we erbetlikden daşda bolan gözel-gözel terbiýe berer, tälim, onda-da gözel-gözel tälim berer. Şondan soňra-da ony azat edip, oňa öýlener. Ine, şunuň hem goşa sogaby bardyr» diýdi». 84 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) sadaka bermegi aýallara emr etmegi Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) Metjidi-Şeripde wagyz edip bolandan soň, aýallar öz aýdanlaryny eşiden däldir öýdüp, ýanyna Bilaly alyp, erkek adamlaryň hataryndan çykdy. Ol aýallara wagyz edip, olara sadaka bermegi emr etdi. Onuň sözleri zenanlara şeýle bir täsir etdi welin, olaryň kimi gulakylaryndaky gulak halkasyny, kimi barmagyndaky ýüzügini çykaryp, öňe oklamaga başladylar. Bilal hem olary etegine atýardy». 85 Tüýs ýüreginden: «Lä ilähe illalla» diýen adam Allanyň Resulynyň (s.a.w.) şepagatyna iň köp mynasyp boljak adamdyr Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek: «Ýa Allanyň Resuly, kyýamat gününde kim seniň şepagatyňa kynçylyksyz hem-de has köp mynasyp boljak?» diýip soradym. Ol: «Eý, Abu Hüreýre, seniň hadys ýat tutmaga bolan hyjuwyňy görüp, bu hakda başga biriniň senden öňürti soramajagyny öňem çak edýärdim. Kyýamat gününde adamlaryň içinde şepagatyma iň köp mynasyp boljagy, tüýs ýüreginden ýa-da içinden: «Lä ilähe illalla…...» diýenidir» diýdi». 86 Allatagalanyň öz gullaryny ylymdan mahrum etmegi bilen ýüze çykjak ýagdaý Abdylla ibn Amr ibn As (r.a.) şeýle diýipdir: «Iň soňky hajyna gidende Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Allatagala ylmy ýöne bir ondan gullaryny mahrum etmek arkaly alman, alymlary bu dünýäden äkitmek arkaly alar. Iň soňunda bir alymam galmanyndan soň, halk özüne birtopar nadan adamlary ýolbaşçy ediner. Olardan ony-muny sorarlar. Olaram ylymsyzdyklaryna garamazdan, fetwa bererler hem-de özlerem ters ýola düşerler, halky hem azdyrarlar» diýendigini eşitdim». 87 Zenanlara wagyz etmek üçin Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bir gün bellemegi Abu Seýit Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek zenanlar: «Ýa Allanyň Resuly, aýdan zatlaryňy diňlejek bolýarys welin, erkeklerden ýaňa bize ýer ýetmeýär. Biz üçin özüň bir güni belle» diýdiler. Allanyň Resuly (s.a.w.) olara bir güni belläp berdi. Zenanlar aýdylan günde Allanyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna geldiler. Olam wagyz etdi, käbir zatlary emr etdi. Onuň aýdanlarynyň arasynda: «Araňyzda üç sany çagasyny özünden öň ahyrýete ýollabam, jähennem bilen arasyna perde çekilmejek bir zenanam ýokdur» diýen sözler bardy. Aýallaryň biri: «Iki sanysyny ýitirenem şonuň ýalymy?» diýip sorady. Ol: «Ikisini ýitirenem şonuň ýalydyr» diýip jogap berdi». Abu Hüreýräniň (r.a.) beýan eden beýleki bir rowaýatynda şunuň bilen baglanyşyklylykda: «Kämillik ýaşyna barmadyk üç çaga» diýlipdir. 88 Hasaba çekileniň heläk boljagy hakda Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kim hasaba çekilse, oňa azap berler» diýdi. – Äşe şeýle diýýär: «Allatagala: «Ol ýeňil bir hasaba çekiler» («Inşikak» süresiniň 8-nji aýaty. Dogrusyny bir Alla biler) diýip aýtmaýarmy?» diýenimde, ol: «Seniň bu diýýäniň arzdyr, bolmasa, sähelçe hasaba çekilenem, heläk bolar» diýdi». 89 Mekgäniň çäginde gan dökmegiň, aw awlamagyň we ösümlikleri çapmagyň gadaganlygy hakda Abu Şüreýh Huzaýy (r.a.) şeýle diýipdir: «Mekgäniň boýun egdirilen gününiň ertesi Allanyň Resulyndan (s.a.w.) bir söz eşitdim. Ony aýdanda gulakylarym eşitdi, kalbym belledi, sözläni-de gözlerim gördi. Ol Alla hamd-u-sena aýdandan soň: «Mekgäni ozaldan haram eden Allatagaladyr. Ony adamlar haram eden däldir. Şol sebäpli Alla we ahyrýet gününe iman getiren adam Mekgede ganam döküp bilmez, bir agaja palta-da urup bilmez. Eger: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bu ýerde söweş etdi» diýip, söweşmäge rugsat aljak bolan biri tapylsa, oňa: «Allatagala diňe ýeke-täk Resulyna rugsat berendir. Size rugsat beren däldir» diýiň. Maňa-da diňe bir günüň bir sagadynyň dowamynda rugsat berdi. Ondan soňra ol günüň haramlygy öňki derejesine gaýdyp geldi. Bu aýdanlarymy bu ýerdäkiler ýoklara habar bersinler» diýdi». Buharydaky hadys: «Amr ibn Seýit ibn As Mekgä — Abdylla ibn Zübeýriň (r.a.) garşysyna goşun iberen döwründe, Abu Şüreýh Huzaýy oňa ýüzlenip: «Eý, emir, Mekgäniň boýun egdirilen gününiň ertesi Allanyň Resulynyň (s.a.w.) aýak üstüne galyp, höküm eden bir sözüni saňa habar bermäge rugsat ber. Ol hutbany şu iki gulagym eşitdi...» diýip başlanyp, onuň soňunda-da: «Abu Şüreýhden Amryň näme diýenini soradylar. Ol Amryň jogap berip: «Ýa Eba Şüreýh, men senden has köp bilýärin. Mekge hiç bir günälini, elini gana bulan gaçakçyny, gaçyp gelen hiç bir ogryny halas etmez» diýendigini aýtdy» diýilýär. 90 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) adyndan ýalan sözlän jähenneme girer Aly ibn Abutalyp (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Meniň adymdan ýalan sözlemäň. Kim meniň adymdan ýalan sözlese, jähenneme barmaga taýýarlanybersin» diýendigini eşitdim». Buhara görä: «Rybgyý ibn Hyraş: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Meniň adymdan ýalan sözlemäň. Her kim meniň adymdan ýalan sözlese, jähenneme girer» diýendigini Aly ibn Abutalybyň özünden eşitdim» diýipdir». 91 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) diýmedik zadyny diýdireniň düşjek ýagdaýy Seleme ibn Ekwa (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Meniň aýtmadyk zadymy aýdandygyma güwä geçýän adam jähenneme girmäge taýýarlansyn» diýendigini eşitdim». 92 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) künýesini at hökmünde dakmak bolmaz Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Meniň adymy özüňize ýa-da biri-biriňize dakyň. Künýämi, ýagny Abul-Kasym künýesini bolsa dakmaň. Kim meni düýşünde görse, hakykatdanam meni gördügidir. Sebäbi şeýtan meniň sypatyma girip bilmez. Birem kim meniň adymdan ýalan sözlese, jähenneme girmäge taýýarlansyn» diýdi». 93 Mekge hiç kime halal däldir Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.): «Allatagala Mekgede adam öldürmegi ýa-da oňa pilli girmegi gadagan etdi. Diňe Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen musulmanlar Mekgäniň ilatyna (olam ýekeje gezek) zorluk edendirler. Bilip goýuň, Mekge menden öňem hiç kime halal bolmaýşy ýaly, menden soňam hiç kime halal boljak däldir. Onuň diňe bir günüň bir sagadynyň dowamynda diňe meniň üçin halal edilendigini biliň. Ine, hatda şu pursatam onuň meniň üçin haramdygy size mälim bolsun. Mekgäniň tikeni çapylmaz, agajyna palta urulmaz. Eýesini tapmak üçin alaýmasa, ýiten zada hiç kim elini uzatmaz. Bu ýerde kimiň ýakyny öldürilse, ol iki zadyň haýsysyny peýdaly hasaplasa, şony saýlap alyp biler, ýagny ýa oňa hun tölener, ýa öldürileniň maşgalasy öwezine biriniň öldürilmegini talap edip biler» diýdi. Şondan soň Ýemeniň ilatyndan biri gelip: «Ýa Allanyň Resuly, şu buýruklaryňy maňa ýazyp ber» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Abu Pylany üçin ýazyň!» diýip seslendi. Şol wagt kuraýyş tiresindan bir adam: «Ýa Allanyň Resuly, yzhyrdan başgasy diýeweri. Sebäbi biz ony öýlerimiziň gurluşygynda, mazarlarymyzy gazanymyzda ulanýarys» diýdi. Hezreti Pygamberem (s.a.w.): «Yzhyrdan başgasy» diýdi». 94 Iň soňky gezek hassalanda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) bir wesýetnama ýazdyrmak islemegi Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) iň soňky gezek näsaglanda, agyrysy güýçlenenden soň: «Ýazgy ýazar ýaly bir zat getiriň. Size şeýle bir kitap ( wesýetnama ) ýazdyraýyn. Ondan soň hiç bir ýalňyşlyga ýol bermersiňiz» diýdi. Omar (r.a.): «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýagdaýy agyrlaşdy. Elimizde Allatagalanyň kitaby bardyr. Şol bize ýeterlik bolar» diýdi. Şondan soň ol ýerdäki sahabalaryň arasynda jedel ýüze çykyp, hyşy-wyşy köpeldi. Allanyň Resuly (s.a.w.) hem: «Ýanymdan aýrylyň. Meniň ýanymda jedel etmek bolmaz» diý-di». 95 Ymmatlarynyň öňde pitnelere we bela-beterlere duçar boljakdyklary, şonuň ýaly-da, soňsuz nygmatdyr rehmet hazynalaryna eýe boljakdyklary hakynda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) aýdany Musulmanlaryň enesi Ümmi Seleme (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gije Hezreti Pygamber (s.a.w.) oýandy-da: «Subhanalla, bu gije nähili pitneler indi! Nähili hazynalaryň üsti açyldy! Hüjre eýelerini (musulmanlaryň enelerini) oýaryň. Dünýäde nije geýnüwli zenanlar bardyr. Olar ahyrýetde çyplak galjakdyrlar» diýdi». 96 Ýüz ýyldan soňra Ýeriň ýüzünde şol wagt bolanlardan hiç kimiň galmajakdygy hakda Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allanyň Resuly (s.a.w.) ömrüniň ahyrynda bize ýassy namazyny okatdy. Ol salam berenden soň aýak üstüne galdy we: «Bu gijäniň nähili gijedigine bir düşünýäňizmi? Hakykatdanam, ine, şu gijeden başlap, ýüz ýyl geçenden soňra bu günki gün Ýeriň ýüzünde bolanlardan hiç biri hem galjak däldir» diýdi». 97 Allanyň Resulynyň (s.a.w.) gije okan namazy Abdylla ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gije Allanyň Resulynyň (s.a.w.) nikaly aýallarynyň biri bolan daýzam Meýmüwne binti Harysyň (r.a.) öýünde galdym. Hezreti Muhammet (s.a.w.) şol gije onuň ýanyndady. Allanyň Resuly (s.a.w.) metjitde ýassy na-mazyny okadandan soň öýüne dolandy. Dört rekagat namaz okabam uka gitdi. Soňra ýerinden turup: «Çagajyk uklaýdymy?» diýdi. Ýa-da şuňa meňzeş bir söz aýtdy. Soňam namaza durdy. Menem çep gapdalynda durdum. Ol meni sag tarapyna geçirip, bäş rekagat namaz okady. Ondan soňam iki rekagat okady. Ondan soňra uklady. Hatda onuň horruldysyny hem eşitdim. Ondan soňra ol namaz okamak üçin metjide çykdy». 98 Abu Hüreýräniň (r.a.) köp hadys bilmeginiň sebäbi Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Adamlar: «Abu Hüreýre köp hadys gürrüň berýär» diýýärler. Ýöne Allanyň Kitabynda şu iki aýat bolmadyk bolanda, bir hadys hem gürrüň bermezdim». Abu Hüreýre bu sözi aýdandan soň: «Delil hökmünde inderen aýatlarymyz bilen nädip imanly bolmalydygyny Kitabymyzda düşündirenimizden soň olary gizlänlere eden günäleri üçin Alla-da lagnat eder, lagnat edijilerem (ýagny perişdeler bilen musulmanlaram). Belki aralarynda bu pygyllaryna toba edip, dogry ýola düşenler we gizlänlerini soňra äşgär hem beýan edenlerem tapylar. Ine, bular ýalylaryň tobalaryny kabul ederin» («Bakara» süresiniň 159-160-njy aýatlary) aýaty-kerimelerini okap: «Muhajir gardaşlarymyz bazarlarda alyş-beriş bilen, ensar gardaşlarymyzam mallary we ekin ýerleri bilen meşgul bolup ýörkäler, Abu Hüreýre doýan guş ýaly bolup, mydama Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna barardy we olaryň gatnaşmadyk mejlislerine gatnaşardy, olaryň ýat tutmadyklaryny ýat bellärdi» diýdi». 99 Allanyň Resuly (s.a.w.) Abu Hüreýräniň (r.a.) huşsuzlygyny dep edýär Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Men Allanyň Resuly (s.a.w.) ýüzlenip: «Ýa Allanyň Resuly, senden örän köp hadys eşidýärin-de, unudýaryn» diýdim. Ol: «Ýapynjaňy (öňlügiňi) tut» diýdi. Tutdum. Ol elleri bilen bir zat owuçlap, öňlügiň içine atan ýaly etdi. Soňra: «Ýygna» diýdi. Öňlügimi ýygnadym. Ine, şondan soňra hiç bir zady unutmadym». 100 Abu Hüreýräniň (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ylmyndan iki gaby doldurmagy Ýene Abu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulyndan (s.a.w.) iki gaby dolduryp, ylym ýat tutdum. Olardan birini siziň üstüňize seçdim. Beýlekisi babatda aýdamda bolsa, ony orta ataýsam, hökman me-niň damagymy çalarlar» 101 Hoşlaşyk Hajynda Allanyň Resulynyň (s.a.w.) musulmanlara beren bir nesihaty Jerir ibn Abdylla Bejeli (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) iň soňky hajynda: «Halky ýuwaşadyň, diňlesinler» diýip, emr etdi. Adamlar dymandan soňra: «Menden soňra biri-biriniň boýnuny buran kapyrlara dönäýmäň» diýdi». 102 Hezreti Musa bilen Hydyr alaýhyssalamyň kyssasy Übeý ibn Kagp (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Musa pygamber (s.a.w.) bir gezek Beni Ysraýylyň arasynda hutba okamak üçin ýerinden turdy. Oňa: «Iň güýçli alym kimdir?» diýip, sorag berdiler. Ol: «Iň güýçli alym mendirin» diýip jogap berdi. «Alla bilýändir» diýip, bu meseläniň anygyny Allatagala bilen baglanyşdyrmanlygy sebäpli Şöhraty Belent Alla ony ýazgardy. Allatagala: «Iki deňziň tapyşýan ýerinde gullarymdan biri bar. Ol senden has köp bilýändir» diýip, oňa emr etdi. Musa: «Ýa Reb, ony nähili edip tapaýyn?» diýdi. Oňa: «Bir sebediň içine bir balyk taşla. Ony nirede ýitirseň, ol gulum şol ýerdedir» diýildi. Musa alaýhyssalam ýola düşdi. Hyzmatkäri Ýişa ibn Nuny-da ýanyna aldy. Ol bir sebede bir balygy salyp, arkasyna aldy. Iki deňziň tapyşýan ýerindäki gaýanyň ýanyna baranlaryndan soň başlaryny ýere goýup, uka gitdiler. Birden duzlanan öli balyk sebetden syrylyp düşüp, gaçyp gitdi. Ol deňziň içinde suw tokurtgasy ýaly bir boşluk goýup, özüne ýol açdy. Deňziň içinde beýle bir ýoluň açylmagy Musa bilen hyzmatkärine (alaýhymyssalam) örän geň bir hadysa bolupdy. Olar oýananlaryndan soň gijäniň galan bölegi bilen birlikde bir günlük ýol geçdiler. Daň atandan soň Musa alaýhyssalam hyzmatkärine: «Guşluk naharymyzy getir. Bu saparymyz sebäpli ýadawlyk duýup başladyk» diýdi. Musa alaýhyssalam özüne barmak emr edilen ýeriň deňinden ötýänçä, argynlyk duýmady. Hyzmatkäri: «Muny görsene, gaýanyň düýbüne baranymyzda balygyň gidendigini habar bermegi unudypdyryn» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Aslynda ol biziň islän zadymyzdy» diýdi. Ondan soňra öz gelen yzlaryny çalyp, yza döndüler. Hälki gaýanyň ýanyna baranlaryndan soň, ol ýerde donuna bürenen bir adamyň durandygyny gördüler. Musa alaýhyssalam oňa salam berdi. Hydyr alaýhyssalam: «Geň zat! Seniň topragyňda bu salam näme işleýär?» diýdi. Musa: «Men Musadyryn» diýdi. Ol: «Beni Ysraýylyň Musasymy?» diýip sorady. «Hawa» diýdi. Musa alaýhyssalam soňra ýene söze başlap: «Saňa tälim berlen kämillikden we imanly bolmagy öwredýän ylymdan maňa bir zat öwretmegiň üçin, saňa tabyn bolup bilerinmi?» diýdi. Hydyr alaýhyssalam: «Sen meniň edenime asla çydap bilmersiň. Eý, Musa, mende Allanyň öz ylmyndan beren ylmy bolup, sen ony bilmersiň. Sende-de Allanyň beren ylmy bolup, men ony bilmerin» diýip jogap berdi. Musa alaýhyssalam: «Inşalla, meniň sabyrlydygymy görersiň. Saňa hiç bir zatda garşy çykmaryn» diýdi. Gämileri bolmansoň, olar deňziň ýakasy bilen ýöräp gitdiler. Olaryň deňinden bir gämi geçdi. Olar gämiçilerden gämä mündürmegi haýyş etdiler. Gämiçiler Hydyr alaýhyssalamy tanap, olary gämä mugtuna mündürdiler. Şol pursatda bir serçe gäminiň gyrasyna gonup, deňizden birki ýuwdum suw aldy. Hydyr alaýhyssalam: «Ýa Musa, ikimiziň ylmymyz Allanyň ylmyny, şu serçäniň agzyna bir ýuwdum suw alany bilen deňziň suwuny egsip bilmeýşi ýaly, egsip bilmez» diýdi. Soňra ol gäminiň tagtalarynyň birinden tutup, ony gopardy. Musa alaýhyssalam: «Bu sada adamlar bizi gämilerine mugtuna mündürdiler, senem gämilerine kast edip, üstündäkileri gark etmek üçin, ony sökýärsiňmi?» diýdi. Hydyr alaýhyssalam: «Sen meniň edenime çydamarsyň diýmedimmi?» diýip seslendi. Musa alaýhyssalam: «Şu huşsuzlygym sebäpli meni ýazgaryp, maňa azar berme» diýip jogap berdi. Musa alaýhyssalamyň ilkinji gezek garşylyk görkezmegine huşsuzlygy sebäp bolupdy. Ýene gidiberdiler. Bir seretseler, bir çagajyk beýleki çagalar bilen oýnap ýör. Hydyr alaýhyssalam ol çagajygyň başyny eli bilen gopardy. Musa alaýhyssalam: «Öldürilen bir kişä derek bu günäsiz çagany öldürmek zerurlygy ýok mahaly näme üçin ony heläk etdiň?» diýdi. Hydyr alaýhyssalam ýene: «Men saňa edenime çydamarsyň diýmedimmi?» diýip seslendi. Ýene ýollaryny dowam etdiler. Ahyry bir oba gelip, ol ýeriniň adamlaryndan iýer ýaly zat dilediler. Adamlar olary myhman almakdan ýüz öwürdiler. Şol ýerde ýykyljak bolup duran bir diwar gördüler. Hydyr alaýhyssalam eli bilen yşarat edip, ol diwary dikeltdi. Musa alaýhyssalam: «Isleseň, iň bolmanda şunuň üçin bir hak alyp bilerdiň» diýenden soň, Hydyr alaýhyssalam: «Ine, bu biziň aýrylyşmagymyza sebäpdir» diýip seslendi». Allanyň Resuly (s.a.w.) kyssany şu ýere gelýänçä beýan edenden soň: «Allatagala Musa rehmet etsin. Ol sabyr edenliginde, aralarynda bolup geçen wakalar Hak tarapyndan bize aýdyp berlerdi» diýdi». 103 Allanyň ýolunda söweşmegiň artykmaçlygy Abu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna biri gelip: «Ýa Allanyň Resuly, Allanyň ýolunda jihat etmek diýmek nämedir? Käbirimiz gaharymyza bäs gelip bilmän, käbirimiz ar almak höwesi bilen jihat edýäris» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Kim Allanyň sözüniň (ýagny kelemäniň) has hem giň ýaýramagy üçin jihat etse, onuň Allanyň ýolunda jihat etdigidir» diýdi». 104 Ýehudylaryň Allanyň Resulyndan (s.a.w.) ruh barada soramakylary Abdylla ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde bir gün Medinäniň harabalygyna aýlanyp ýördük. Allanyň Resuly (s.a.w.) hurma agajynyň şahasyndan edilen bir taýaga daýanýardy. Birden öňümizden birnäçe ýehudy çykdy. Olaryň bir topary beýleki bir toparyna: «Ondan ruhuň nämedigini soraň» diýip ýüzlendi. Başga birleri-de: «Ondan zat soramaň, belki ol ruh hakda bize ýaramajak bir zady aýdar» diýdiler. Käbirleri-de: «Näme bolsa-da, sorajak» diýişýärdiler. Birden olaryň biri öňe çykyp: «Ýa Abul-Kasym, ruh nämedir?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.) dymdy. Men öz-özüme: «Oňa bu wagt wahy gelýändigi şübhesizdir» diýip, ýanyndan aýryldym. Ol wahy gelmegi tamamlanandan soň: «Saňa ruh hakynda sorag bererler. Aýt: «Ruh Rebbimiň emrindendir. Size örän az bilim berlendir» («Isra» süresiniň 85-nji aýaty) diýdi». 105 Kelimeýi-şahadaty tüýs ýüreginden tassyklana jähennem ody haramdyr Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allanyň Resuly (s.a.w.) hem-de Mugaz ibn Jebel düeli barýardylar. Allanyň Resuly (s.a.w.) howudyň öň tarapynda, Mugaz hem yz tarapynda otyrdy. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ýa Mugaz!» diýip seslendi. Mugaz: «Lepbeý, Ýa Allanyň Resuly» diýdi. Ol ýene: «Ýa Mugaz!» diýdi. Mugaz ýene: «Lepbeý, Ýa Allanyň Resuly» diýip seslendi. Bu üç gezek gaýtalandy. Üçünji gezekde Allanyň Resuly (s.a.w.): «Alladan başga Taňrynyň ýokdugyna we Muhammediň Allanyň Resulydygyna tüýs ýüreginden şaýatlyk edibem Allatagala tarapyndan jähennem ataşy özi üçin haram edilmedik bir adamam ýokdur» diýdi. Mugaz: «Ýa Allanyň Resuly, muny halka habar berip, begendireýinmi?» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Ýok, aýtma. Çünki soňra muňa buýsanyp, arkaýynlanarlar» diýdi. Muny Mugaz ibn Jebel ýogalmazynyň öň ýany, bilenini aýtman gideni üçin günä gazanmak gorkusyndan habar berdi». 106 Utanç dine degişli sorag bermäge päsgel bermeli däl Ümmi Seleme (r.a.) şeýle diýipdir: «Ümmi Süleým (r.a.) Allanyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allanyň Resuly, Allatagala hakykaty beýan etmekden çekinmez. Bir aýal şeýtany bolsa, gusul täretini almagy zerurmy?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Suwy (ýagny döli) gelse, hökman» diýip jogap berdi». Soňra Ümmi Seleme bu sözleri eşidip, utanjyndan öz ýüzüni örtendigini we: «Ýa Allanyň Resuly, aýalyňam döli gelermi?» diýip sorandygyny, Allanyň Resulynyňam (s.a.w.): «Hawa, muny soramaň näme, şeýle bolmasa, aýalyň çagasy özüne nädip meňzäp bilerdi?» diýendigini aýdyp beripdir 107 Meziý täreti bozar Aly ibn Abutalyp (r.a.) şeýle diýipdir: «Men meziýden (erkek kişiniň jyns agzasyndan peşewden öň gelýän döle meňzeş suwuklyk) ejir çekýärdim. Onuň ýagdaýyny Allanyň Resulyndan (s.a.w.) sorap bermegini Mikdat ibn Eswetden haýyş etdim. Ol sora-dy. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Hökman täret almaly bolar» diýdi». 108 Mikat ýerleri hakda Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Biri metjitde ýerinden turup: «Ýa Allanyň Resuly, nirede yhrama (haja gidenleriň geýýän tikinsiz örtügi) girmäge emr edýärsiňiz?» diýip sorady. Allanyň Resuly (s.a.w.): «Medinäniň halky Zül-Huleýfe diýen ýerden, Şamyň halky Juhbe diýen ýerden, Nejidiň halky-da Karn diýen ýerden başlap yhrama girsinler» diýdi». Abdylla ibn Omar: «Allanyň Resulynyň (s.a.w.): «Ýemeniň halky Ýelemlem diýen ýerden başlap yhrama girsin» diýendigini hem aýdýarlar. Ýöne men onuň beýle bir zat aýdandygyny bilmeýärin» diýerdi. 109 Yhrama giren kişi tikinli zat geýmez Ýene Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Biri Allanyň Resulyndan (s.a.w.): «Yhrama giren adam näme geýer?» diýip sorady. Ol: «Ne köýnek, ne don, ne burnus, ne açyk reňkli ýa-da zagpyrana boýalan bir matadan tikilen eşik geýer, ne-de selle oranar. Halys bolmadyk ýagdaýynda, aýagyna mesi geýsin. Mesi geýende-de, ony topugyna ýeten ýerinden kessin» diýdi». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |