22:48 Şahyryň göwnüne degmäň! | |
ŞAHYRYÑ GÖWNÜNE DEGMÄÑ!
Goşgular
Bilgeşleýin ýa-da bilmän, Şahyryň göwnüne degmäň! Ýüregini oda salmaň, Şahyryň göwnüne degmäň! Onda Hakdan halat bardyr, Ylham atly ganat bardyr, Durmuşyny kynaltmaň-da, Şahyryň göwnüne degmäň! Kinesin kalba ýygşyrar, Bir ajy güler, ýyrşarar, Seni Hudaýa tabşyrar, Şahyryň göwnüne degmäň! Dabanyndan soýlany bar, Arş deňinde goýlany bar, Bir zat aýtsaň oýlanybrak Şahyryň göwnüne degmäň! Şahyra degäýseň eger, Bir gudrat görersiň meger, Özi degmez sözi deger, Şahyryň göwnüne degmäň! Utançdyr iki dünýäde, Gara bolar seniň adyň, Gaýtalap aýtjak bir zadym: Şahyryň göwnüne degmäň! Sylapberdi Muhamow. | |
|
√ Emelsiz kişi / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna / Goşgular - 16.06.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |