13:02 Salyma sygýan sowallar / hekaýa | |
SALYMA SYGÝAN SOWALLAR
Hekaýalar
Teke bazaryň gaýrasyndaky şäheriçre gatnaw awtobuslarynyň duralgasynda ýetmiş dörtlük dur. Boşlaw. Tomsuň üçünji aýynyň Ýaldyrak dogan günleriniň yzýanyndaky çydarçen yssa ýadan gyz, aňyrdan gelşine awtobusa mündi. Yzky oturgyçlaň birinde oturan syrdam ýigit, dümtünýän smartfonundan ünsüni sowdy-da, oňa nazar oklady. Tanadymy ýa-da tanyş gördümi, ýa-da jahyl utançsyzlygy bilen lak atjak boldumy: -Salam!-diýdi. Oslagsyz salam berilmegine birneme aljyran gyz, näme edýändigini doly aňşyrman, bildirer-bildirmez baş atdy. Gyzyň özünden daşrakdaky orunlaň birine geçip oturandygyny gören ýigit, dodagyna siňdirip, syrlyja gülümsiredi. Soňam ýene-de telefonyna tiňkesini dikdi. Oňa tarap iň bärkisi gaňrylaýynam diýmän, öňüne seredip oturan gyzyň kellesinde bolsa, sähelçe salymyň içinde set hazar (ýüz müň) soraglardyr wakalar, hyýallar, göwün ýüwürtmelerdir hyýaly siltenjiremeler tüweleý turuzmaga başlady... ***** Hiýh! “Säläm!” diýdi-de göweräýdi gy:, hakyýt! Ynha, mysal üçin, menem onuň salamyna “Salam!” diýip jogap bersem. Onsoň ol-a maňa ýylgyryp baksa, menem oňa. Onsoň ikimiz telbelgi alyşsak. Onsoň ol maňa jaň etse, menem jaňyny alsam. Her gije daňa çenlem pynhanja-pynhanja ümmüldeşmäge başlasak. Soňam Hudaýyň beren nesibeli bir güni ejelemmiziň jyny jyňkyryşsa. Kakalammyz-a muň ýaly ownuk-uşak meselelere düýbündenem goşulmaz. Soňam iki bolupjyk, “görübilmedigiň gözi çyksyn”, “bizzen mesiň öýi ýykylsyn” we ş.m. diýdirýänskiý, betinden toý tutsak. Soňam Hudaýyň beren nesibeli bir güni, ilk-ä bahymjak, toýumyzyň üssünden ýyl aşmanka gaýynlaň gazamadyndan sag-aman sypynyp, özbaşymyzajyk jaý edinsek. Oň yz ýanam, heniz jaýtoýumyzyň aýak yzy solmaga ýetişmänkä, içerimizi gymmatja, gowuja, “görübilmedigiň gözi çyksyn”, “bizzen mesiň öýi ýykylsyn” we ş.m. diýdirýänskiý, betinden hem gytyndan goş-golamdan doldursak. Dessine-de, “tamdyra gyzanda ýap” diýleni, Hudaýyň beren nesibeli bir güni, gymmatja, gowuja, “görübilmedigiň gözi çyksyn”, “bizzen mesiň öýi ýykylsyn” we ş.m. diýdirýänskiý, betinden hem gytyndan, akja ulag edinsek. Soňam Hudaýyň beren nesibeli bir günleri, iki sany oglumyz bilen birje-de gyzymyz bolsa. Alla köp görmesin. Şonnan köpüsi özi adam bolana geregem dä. Sewäp diýseň aýal diýlenem, her aýdan bir gezek, elli ýumurtgadan kyrk jüýje çykaryp ýatan eňkewatyr (inkubator) dä. “Eje” bolaňda-da ölmeli diýlen zat ýok. Görjegiň näme? Bi ýalançyda özüň üçinem ýaşamaly ahyry. Şoň üçribem şo üçüsiniň jany sag, başy dik bolawersin. Şolary aman-esen aýaga galdyryp, il deňinne, Hudaýyň beren nesibeli bir güni, gowuja, “görübilmedigiň gözi çyksyn”, “bizzen mesiň öýi ýykylsyn” we ş.m. diýdirýänskiý, betinden hem gytyndan bilimli, işli, gelinli, öý-işikli we ş.m. edip bilseňem, şü zamanda öňki döwrüň matgeroýy (героиня мать, gahryman ene) boldugyň. Onsoňam, göz öňüne getir, şo üçüsiniň her haýsyndan üçüsi önse, eýýäm dokuz agtykly bolýaň. Alla nesip edip, olaňňam her haýsy üçüjigini ýasamaga ýaltanmasa, onna eýýäm ýigrimi ýedi çowlukly bolar duruberersiň. Özi şumat ýaňywir ýigrimmir ýaşynda. Hudaý maňlaýyna ýazyp, enesi pahyr ýaly segsenden ötmek takdyrynda baram bolsa, onda ýaňky ýigrimýedini dagy üçe köpeltseň, gör näçeler boljak?! Özleri bir giden küren oba bolup galaýjaklar eken-ä, asyl... ...Iň soňunda-da, ikijigem, şo-o-o her göreňde hünibirýan möňňürdeý-möňňürdeý keýpden çykarýan hindi kinolardaky ýaly, bir günde ölseler – Gör niçik, ajap-rahat bolardy... ***** Ýa-da... Tutuş bir ömri sähelçe parça sygdyrýan bu hyýaly çeper filmiň, ýaňky “ejeleň jyny jyňkyryşýan” sahnasyndan beýlesi başgaça bolaýarmyka? Ynha, mysal üçin, toýumyzdan soň, ol-a gutaran üflis keýpbaz bolup çyksa, onsoň meňem, mundan boljak çagalammyzyňam görjegi görgi, etjegi bergi bolsa. Tä bi, mysalasy mojuk pispyýada, ölüp dynýança-da bizem ondan dynmasak... Toba, toba, tüf-tüf... Bü-ýä ýaman erbet bolar-aý... ***** Ýa-da... Şo dereje-de beýle ýamanam däl-de, oň bilen gül ýalyjak ýaşaşyp ýörkäk, ol birdenkä hiç zat ýok ýerden güpür-tapyr gutulgysyz keselläp galsa. Soňam, toba, toba, daş edewersin, agzymdan al kakawersin welin, ol birnäçe ýyllap ýata ýarawsyz bolup, ahyrynam, sag-aman ölüp dynsa... Onsoň menem ýaňywir kyrk ýaşyň bir çetinden girenimde, elimem üç çagaly, dul galsam... Toba, toba, tüf-tüf... Bü-dä edil ýaňky ýaly ýaman erbet bolmasa-da, şoň bäri çenräg-ä bolar-aý... Göz öňüne getirmek, yrymyňa-da ýagşy dä welin, onda-da başyny başlaňsoň, soňunam soňlamaly bolýa, göz öňüne getir, tüýs “men” diýen çagyň ärsiz galsaň... Nähili bolar-a?! Özüňem yzyňda üç tirkegiň bilen, haýsy “traktyr” ýa “kamaz” seni buksire alsyn-a?! Oň ýaly kellesini gurçuk alan akmagy nirden taparyn öýdýäň?! ***** Ýa-da... Olardanam beteri, bi bir, entäp ýören alfonsyň biri bolup çyksa. Ilk-ä “säläm” diýen bolup, soňam tilki gözüni güldürip, sen çagaň başyny-gözüni aýlap, bolanja puluňy çilse. Soňam birnäçe ýyllap seň oňa myžžygyň çykar derejede aşyk bolanyňdan peýdalanyp, seni aldap-ogşap, tikin-çatyndan gazananja puluňy soýup ýörse... Toba, toba, tüf-tüf... Geregiňe däl-le muň ýaly näkesler! Ýylmanajyk sypatam özüne nesip etsin! “Säläm” diýenje bolýan salam-heligem, şagalsyrtarma ýuwan-ýylmyk ýylgyryşam... ***** Ýa-da... Bu nejis, sypaýy sypatyna görä däl, “daşy jäjek içi möjek” diýilýänleň biri, ýaşyryn azgyn bolup çyksa. Salamydyr-ýylgyryşjygy bilen, sen türkana, sada görgüliňem başyny-gözüni aýlap, seni yrsa. Soňam aldap-mullap, adam aýagy sekmedik bir buljum ýere äkitse... Ol ýerde-de... Hiýh-h!!! Har-r-ramzad-d-a!!! Toba, toba, tüf-tüf... Mundan aňyrsyny hyýalyňa getirmegem aýyp! ***** Ýa-da... Sen-ä muňa göwün berseň, olam başga bir, seň çärýegiňçe ýok, saçykesilmiş ziňk-ziňkiň sergezdany bolsa... Onnoň senem mežžunyňam “leýli” diýilýän sortuna dönüp, oň yzynda ser-sepil bolup ýörseň. Soň olaram iki bolupjyk, Hudaýyň beren nesibeli bir güni, “görübilmedigiň gözi çyksyn”, “bizzen mesiň öýi ýykylsyn” we ş.m. diýdirýänskiý, betinden toý tutsalar... Har-r-ramzad-d-a-lar!!!... ***** Ýa-da... Bi kaddy-kamaty daýanykly bolsa-da, saňa öýlenenden soň, onuň lellim, salpygulak, ejemogludygy ýüze çyksa. Gaýyn öýüňde-de sen-ä bir köpüge saýman, ejesiniňem köwüşsüpürdisi bolup ýörse. Senem onsoň nijeme ýyllaň dowamynda ölüp bilmän ölüpler ýörmeli bolsaň... Häý, ýüzüň gursun, ýüzi gurmuş! Şujagaz göleýalan saçjagyzyňy ýylpyldadyp, musyja (gumry) bolup, mysapyrsyrap oturyşjygyňdanam nalajedeýin sümükdigiň bildirip dur-la! Wa-eý! Gümüne gitsin-le! Seň ýaly, janaderman başdaş gelinjigini aždarha-ýuwdarha ejesiniň ýalmawuz deminden gorap bilmeýän, erni hyllykla kim heleý bolup barsa, şo barsyn! Bizden-ä seň düşegiňe ýassykdaş bolan ýok... Toba, toba, tüf-tüf... ***** Ýa-da... Kim bilýä, gyz?! “Öňüni görüp gelen-ä ýok” diýýäler. Daşyndan-a, inewir saňa, gözüňe söweýin, allanäme, sypanyp-sülmüräp, süýnüp-sarkyp oturan, negözel oglan! Belki, ejesem meň mähriban ejemjan ýaly, dünýe döräp, şondan öň jahan ýüzünde dogup-döremedik, ajaýypdan gelenwir mähirli-mylakatly mylaýymzada bolup çykaýsa nätjek? Aslynda, adam diýeniň ýagşy umytda bolsa gowy... ***** Ýa-da... “Arzuw edeňde bir, ölerinden tutsana, hassasyna razy bolar ýaly” diýilmeýärmi? Şo aýtga eýerseň, onda... Eý Hudaý-a! Birdenkä, bü-de hindi maharajasynyň il arasynda inkognito gezip ýören ogly bolup çykaýsa... Hym-m... Äý ýo! Bü-ýä däl-laý! Ýaman birhili boldy-laý! Öte geçdi. “Ýalan sözläňde-de ýapa degir” diýlen sözem ýöne ýerden oýlap tapan däldirler... Onnoňam, maharajaň ogly küje, ýetmiştörtlük awtobus küje?! Kinolarda-ha olar ýalylar, hatda hajathana gidenlerinde-de “superjet” samolýotly gidip gelýärler... Şoň üçinem... ***** Ýa-da... ***** ...Garaz, soňky ýyllar inetiň hyzmaty – juwan gyzyň kellesi dürli maglumatlardan hyryn-dykyn. Sekuntlarda ölçelýän salymyň içinde-de, onuň ýaşlyk ýelgini bilen joş urýan, gyzgyn aňy, şol maglumat gorundan gözbaş alyp gaýdýan müňlerçe “ýa-da”-lary, kelleçanak içre şo-o-l köwsarlatdy oturdy, şo-o-l köwsarlatdy oturdy :-)... | |
|
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||