23:06 Salyr soñy Sarahs -6: Ýolöten | |
ÝOLÖTEN
Taryhy proza
Hywa hanlygynyň tabynlygyndaky parahat durmuş birsydyrgyn, öz akymyna gidip duran hem bolsa, Sarahsdan gaýdan salyrlar ol ýerde ymykly ornaşanlaryndan soň, megerem ätiýaç üçin bolsa gerek, ol ýerde öňden oturan garyndaşlary bilen bilelikde, meşhur Ýolöten galasyny gurdular. Ýöne, özlerini Apbas Mürzäniň çapawulçylyklaryndan gorap bilmändigi, öz raýatlygyna salmak üçin atan haýbatlaryna jogap berip bilmändigi üçin beýleki türkmen taýpalary ýaly salyrlarhem Hywa hanyna bolan nägileçiliklerini dillerinden düşürmeýärdiler. Bu barada olar hatda Hywa hanynyň öz aralarynda ýaşap ýören dikmeleriniň ýanynda hem açykdan-açyk aýdýardylar. Hywa hanynyň raýatlygyndaky türkmenleriň aňyna ornaşan we ýüreklerinde kine goýan şol syýasy ýagdaý elbetde, wagty bilen Buhara emiri Nasrulla hem baryp ýetdi. Onuň bu ýagdaýdan peýdalanasy geldi we derhal özüne bähbitli işleri amala aşyrmaklygy ýüregine düwdi. Şol niýet bilenem ol öz adamlaryny gizlin halda türkmenleriň arasyna iberip, ýüze çykan ýagdaýyň magadyna ýetdi, hakykatdygyna göz ýetirdi we 1841-nji ýylda, türkmen taýpa begleriniň hersine aýry-aýrylykda, aşaklyk bilen hat gönderdi. Şol hatynda ol türkmenleri Hywanyň raýatlygyndan çykyp öz raýatlygyna girmeklige çagyrdy. Egerde şony edip bilseler, Alla görkezmesin welin, bardy-geldi düýnki ýaly Eýran ýa başga biri bilen bulaşyklyga düşäýen halatlarynda Hywa hany ýaly syrtyny çöpe diräp durman, duşman bilen döş direşip öz raýatlaryny gorajakdygyny öwran-öwran tekrarlady. Hernäçe ýaşrynlyk bilen edýän hem bolsa, onuňam bu hereketleri barybir Hywa hanyna aýan boldy. Şonuň üçinem, on ýedi ýyllap Hywa hanlyk eden we soňky Horasan wakalarynyň esasy sebäpkäri bolan Allaguly hanyň ornuna ýap-ýaňyja, geçen Rahymguly han derhal goşun toplady-da, Mary sebitlerinde oturan türkmenleriň üstlerine ýörüş gurnady. Ýöne, harb etmedi. Gaýtam Daşgorgan, Anthoý, Galaýynow ýaly ýerlere baryp, ýerli ilat bilen gowy gatnaşyklara girdi. Han-begler bilen mylakatly gürleşdi. Buhara emiriniň hajyk-hujuklaryna ynanmazlyklaryny haýyş etdi. Şondan soň ol hazarylar bilenem arasyny sazlap, Tagtabazara tarap gitdi. Ondanam günorta, Eýran serhetlerine sary ugur aldy. Horasandaky işlerini bitirip yzyna gaýdyşyn ol Pendide düşläp, türkmenlerden zekat ýygnady, jemşidileri bolsa näme üçindir Hywa sürdi. Saryk we salyr beglerine gymmat bahaly serpaýlar ýapdy. Şeýlelikde, Rahymguly han Mary sebitlerindäki raýatlary bilen özüniň öňki gatnaşyklaryny ýola goýdum, olary razy etdim, öýke-kinelerini ýazdym. Buharanyň öz garşysyna aşaklyk bilen gurnan hilesiniň öňüni aldym hasap etdi. Ýöne, ol munuň bilenem çäklenmedi. Gorkan öňürtilär etdimi ýa öňürti ursam emiriň sussuny basaryn öýtdümi şondan laýyk bir ýyl geçenden soň ol Buharanyň hut özüne urgy bolyp biläýjek ýörüş gurnady, ýagny, Çärjewe hüjüm etdi. Emma, bujagaz çäreler barybir Mary sebitindäki türkmenleriň Hywa hanyna bolan öňki nägilelikli gatnaşyklarynyň, öýke-kineleriniň öňüni alyp ýa-da olaryň Buhara bilen saklaýan aragatnaşyklaryny togtadyp bilmedi. Muny Rahymguly hanyň özem aňdy. Şonuň üçinem, kellesini juda köp agyrdan bu meseleden gutarnykly dynmak üçin, 1843-nji ýylyň aýaklarynda ol öz dogany Muhammet Emin ynagy şol ýerde tertip-düzgüni ýola goýary ýaly, serenjamy hertaraplaýyn üpjün edilen goşun bilen, Mary sebitine ýollady. Muhammet Emin baryp, Hywanyň Marydaky dikmesi Ýazmuhammet baýyň galasyn da ýerleşdi. Edil şol wagtam oňa Buharalylaryň Hywa hanlygyna ýörüşe taýýarlanýandyklary barada habar gelip gowuşdy. Muhammet Emin yzyna dolanmaga agasyndan ýörite buýruk almadyk hem bolsa, gelen habardan özüçe many çykardy-da, Marydan göterildi we Hywa tarap ýola düşdi. Olaryň bu aljyraňňylyklaryndan peýdalanyp, tekeleriň, saryklaryň we salyrlaryň öňdenem Hywa goşuny bilen uruşmaklyga taýýar bolup duran birleşen güýçleri Marydan çykyp-çykmanka Muhammet Eminiň gaýdyp barýan goşunynyň üstüne çozdy. Hywalylar dyr-pytrak bolşup, gaçmaga mejbur boldular. Şondan soň türkmenler yzlaryna dönüp, Muhammet Eminiň ýap-ýaňyja düşläp giden galasyna geldiler, ony taladylar, gala eýesi Ýazmuhammet baýyň özüni bolsa, Hywa hanyna gulluk edendigi üçin, ilen-çalanlary bilen bilelikde jezalandyryp öldürdiler. Mary we onuň sebitleri şondan soň uzak wagtlap Buhara raýat bolup oturdy. Şol döwür Maryda Buharanyň dini we syýasy dikmeleri ot urdylar, halkyň içinde wagyz-nesihat işlerini geçirdiler, Buhara emirliginiň şertini düzgünlerini ýöretdiler. Kazyçylyk işlerinem şolar alyp bardylar. Mary sebiti bilen Byhara emirliginiň arasyndaky söwda gatnaşyklary şol döwür henize çenli görlüp-eşidilmedik derejede gowulaşdy. Salyr- we saryk täjirleri Repetek ýoly bilen at tezegini guratman Buhara gatnadylar. Olar hususan-da däne söwdasy bilen meşgullanýardylar. Bu bolsa şol döwür Murgap derýasyndaky Soltanbendiň dikeldilip işe girizilmegi we suwarymly ýerleriň köpelmegi bilen baglydy. Buharanyň Marydaky edara ediş merkezi şol wagt Baýramalydy. Ýöne, Marydaky Ýazmuhammet baý galasy hem entek öz ähmiýetini ýitirmändi. Ol ýerde hususan-da saryklar ýaşaýardylar. Hywanyň welin henizem Mary sebitinden el çekesi gelmeýärdi. Ony Buharanyň elinden gaýdyp almak üçin dürli tärler bilen häli-şindi şol tarapa owsun atýardy, käte saklanyp bilmän penjesini uzadaýýan gezeklerem bolaýýardy. Onuň şol çyrpynmalarynyň esasylarynyň biri hökmünde, Buharanyň elinden alyp, öz tabynlygyna geçirmek üçin, Hywa hany Rahymguly hanyň 1844-nji ýylda, Ýolötende oturan salyrlaryň üstüne eden çozuşyny mysal görkezmek bolar. Şonda, daşyndaky bar bolan ähli emlägini, mal-mülküni taşlap, salyrlaryň barysy öz salan galalarynyň içine ýygnandylar. Ýöne, Hojanazar Selim atly bir barly adam özüne gulak asýan hem-de özi ýaly Hywa hanyna wepaly hasap edýän adamlary bilen bilelikde gala girmekden, goranyşa goşulmakdan boýun towlady we galanyň daşynda galdy. Goşun birmenzillik ýola gelip goş ýazdyrandanam derhal şol ýere bardy we öz yzyna düşüp gelen adamlaryň ählisiniň adyndan hana sadyklyk bildirdi. Garyndaşlyk gatnaşyklarynyň juda gaýymdygyny göz öňünde tutup, ýany bilen alyp gelen adamlaryny galadakylaryň garşysyna ulanmazlygyny haýyş etdi. Han onuň haýyşyny ýagdaýa düşünmeklik bilen kabul etdi we kanagatlandyrdy. Goşun gozgandy. Gala gabaldy. Top oklary “gümmürdeşip” dumly-duşdan galanyň içine ýagmaga başlady. Goh, zenzele asmana göterildi. Henizem baş hansyzdyklary sebäpli aralarynda doly derejede agzybirlik ýok hem bolsa, goraýjylar örän tutanýerlilik bilen söweşdiler. Ruhdan düşmediler. Duşmana aýgytly hem berk gaýtawul berdiler. Apbas Mürze bilen Sarahsda bolup geçen söweş tejribelerini ulanmak arkaly, gijelerine galadan çykybam uruşdylar, duşmana duýdansyz, agyr-agyr zarbalar urdular. Gerek ýerinde söweşe bu gezegem aýal-gyzlaram, garry-gurtularam, oglan-uşaklaram goşuldylar. Dyzmaç ýigitleriň biri top oklarynyň seýreklän mahaly ara düşen böwşeňlikden peýdalandy-da, diwaryň üstüne çykyp sesiniň ýetdiginden gygyrdy. – E-eý, porsy gaýralylar! Siz näme, ala-böle bäş öýli salyryň üstüne süssenekleşip gelýäňiz? Salyr näme siziň bajyňyzy ýemetdimi? Ýa eneňiziň aşagyny gorsadymy?.. Onuň bu sözi duşmana baryp ýetdimi ýa ýetmedimi, magat düşündilermi ýa düşünmedilermi, belli däl ýöne, şondan soň hüjüm görnetin güýçlendi. Top oklarynyň gelip düşmesi öňküsindenem kän ýygjamlaşdy. Hälki ýigit şol sözleri hiç kime geňeşmän, öz kellesi bilen aýdan bor-a çemeli, galanyň içindäki ýaşulylar ýerli-ýerden oňa tarap telpeklerini bulap aşak çagyrdylar. Ýanlaryna gelenden soň oňa erbet käýýediler. Bular ýaly uly söweşde özbaşdak hereket etmeli däldigini, eden-etdiligiň hiç haçan gowulygyň üstünden eltmeýändigini, asylam, duşmanyň bolaýanda-da namysyna degiji sözler aýtmaly däldigini düşündirdiler. Ýaşulylaryň şol diýenlerine söweşe ýolbaşçylyk edip ýören ekabyrlaram goşuldylar. Şeýle ýagdaý ýene bir gezek gaýtalanaýsa, söweşe gatanşmak hukugyndan mahrum etjekdiklerini ol ýigide duýdurdylar. Dagaşjak bolup durkalaram ýaşlardan biri ýüzüni küsserdip: – Ýa, i-i... Uruşdyrda, näme edeňde näme... Ýa indi öldüreňde bolýa-da sögeniňde bolmyýamyşynmy? – diýdi. – Howwa! Bolmyýa!.. Düýbünden bolmyýa! – diýip, beýleki ýigide käýýäp duran ýaşuly indi synyny silkip oňa tarap öwrüldi. – Tyg ýarasy biter, öleniň ýerine ertesi ýene biri doglar, ýöne, söz ýarasy bitmezem, ýitmezem, ýüküň haýsy tarapa agjagy bolsa belli däl. Ertir uruş gutaraga-da, şol sözüň ýeňilen tarapy, esasanam şol sözi aýdan adamyň özüni uruşdanam ölümdenem beter elhenç bir zadyň üstünden eltmegi mümkin. Sebäbi, namys diýlen zat ýeke sende däl hemmede-de bardyr. Onsoňam sen duşmanyň enesi ýa uýasy bilen urşaňok, näme gaýratyň bolsa agzyň bilen porsap durma-da, özüne görkez... Salyryň üstüne geleni üçin bolsa sen ondan gaty görme, gaýtam sag bolsun aýt, minnetdarlyk bildir. Çünki, gelen bolsa ol sende güýç özüne mynasyp bardygyny bilip gelendir, görüp gelendir. Gaýtawul görmejek ýerine hiç kim taýagyny çoçjaýdyp biriniň üstüne barmaz... Ýigit öz günäsini boýnuna aldy. Gaýdyp bular ýaly hereket etmejekdigine söz berdi. Şondan soň her kim ýerli-ýerine bardy. Söweş tä giç agşama çenli dowam etdi. Ol şol günüň ertesem, birigünem soňky günem, ondan soňkusy günem, mahlasy bir hepdeläp, bir aýlap dowam etdi. Şeýle-de bolsa, agyr artilleriýasynyň, gabaw serişdeleriniň bardygyna, goşun serenjamynyň hemmetaraplaýyn üpjündigine garamazdan, Rahymguly hanyň hut öz ýolbaşçylygyndaky Hywa goşuny Ýolöeten galasyny syndyryp, goraýjylaryny boýun egdirip bilmedi. Ahyram dagy nätjeklerini bilmän, olar galanyň töwerek-daşyndaky göze iläýjek zatlary talamaga başladylar. Öýleriň içindäki alyp bolaýjak zatlaryň barysyny oljaladylar, alyp bilmediklerini bolsa öýüň özi bilen bilelikde otladylar. Iş, zähmet gurallaryny, çagşytdylar, agyllary, kümeleri ýumurdylar, guýulary gömdüler, pagsa jaýlary ýykdylar. Şol wagtam edil, Apbas Mürze bilen Sarahsda bolan çaknyşykdaky ýaly bir ýerden bir bölek goşun peýda boldy-da, Hywa goşunyny bir ujundan gyran-jyrana salyp başlady. Salyrlar bu gezegem bir bada olaryň kimdikleriniem bilip bilmediler. Birdenem diwaryň üstünde tüpeňine ok sürüp duran ýigitleriň biri galanyň içindäkilere tarap öwrüldi-de, telpegini bulap başlady. – E-eý, bylar Sarahslylar ýaly-la-eý!... Şol ýerde duranlardan ýene birem onuň aýdanlaryny tassyklady. – Howwa e-eý, şolar –e-eý! Hemmeler diwara tarap çozdular. Gelenler dogrudanam şol wagt Sarahsda oturan teke garyndaşlardy. Olaryň arasynda meşhur Gowşut han hem bar. Ýöne, ol entek han däl. Şol wagt ol ýaňy bir ýigrimi bir ýaşynyň içinde bolup, tegelekden gelen ak ýüzli, ortadan ýokarrak boýly, döşi giň, ýaýbaň eginleri terezilenip duran dolmuş, süňkleri iri, süňňi berk ýigit. Ol kömege gelen topara ýolbaşçylyk edýär ekeni. ...Şondan soň galany goraýjylaram daş çykyp, Hywalylar bilen aç-açan, meýdan söweşine girişdiler. Onsuzam bir aýlap galany alyp bilmän, lapykeç halda serimsal bolup ýören goşun indi iki güýjiň arasynda-ha asylam durup bilmejekdigini duýdy-da, assa-ýuwaş yza tesmek bilen boluberdi. Diňe şondan soň salyrlar Sarahsdan gelen teke garyndaşlary bilen atdan düşüp, gujak gerşip, gadyrly salamlaşdylar, görüşdiler. Şeýle kyn pursatda kömege gelendikleri üçin köp-köp minetdarlyk bildirdiler. Şeýle hem olary üç gün myhman aldylar. Hezzet-hormat etdiler. Ýeňiş toýuny toýladylar. Hormat bilenem hoşlaşdylar. *** Buhara emiri welin, ýüze çykan bu ýagdaýdan ýene-de özüçe peýdalanmak isledi. Wagtynda duýup, wagtynda kömege ýetişmändigi üçin ötünjem soramady-da, Hywa hanyna ýaňadan göz görkezerleri ýaly saryklara, Ýolötendäki salyrlara ýeterlik mukdarda goşun iberdi. Türkmenler muny uly minnetdarlyk bilen kabul etdiler. Şondan soň Marydan-Hywa, Hywadan-Mara yzygiderli suratda talaňçylykly ýörüşler gaýtalandy durdy. Bu ýagdaý Buhara emiriniň gökdäki dilegini ýerde gowşurdy. Çünki, onuň esasy maksady – iliň eli bilen ot gorsamak, türkmenleriň üsti bilen Hywany birsyhly biynjalyk edip durmak, ony güýçden gaçyrmak. Onsoňam özara jenjelleri zerarly goý, türkmenleriňem, Hywa hanynyňam eli oňa ýetmesin. Goý, biri-birleri bilen sermenekleşsin ýörsünler. Ýöne, pelegiň çarhy Buhara emiriniň emri bilen aýlanmaýar, taryh öz öwrümleri üçin hiç kime geňeşmeýär. ...Horasan häkimleriniň biri Salaryň 1846-njy ýyldan başlap, tä 1850-nji ýyla çenli dowam eden, iňlisleriň meçew bermeginde, Eýran hökümetiniň hut özüne garşy turzan gozgalaňy netijesinde hem Eýranda, hem türkmen topragynda bolup geçen bulam-bujarlyklardan soň, dürli syýasy sebäplere görä, Mary sebitindäki türkmenler, şol sanda salyrlar hem ýene-de Hywanyň ygtyýaryna geçidler. Wakalar umuman alanyňda şu aşakdaky tertipde bolup geçdi. Salaryň gozgalaňy türkmen han-begleriniň ünsüni tussumandan özüne çekdi. Aňyrsynda kim-kimleriň durandygyndan bihabar, Garaoglan hanyň ýolbaşçylygynda Ahal tekeleri, Oraz hanyň hem-de Gowşut hanyň ýolbaşçylygynda Sarahsly tekeler oňa göwünjeň kömege geldiler. Maşady almaga we onda bir ýyldanam gowrak saklanmaga ýardam etdiler. Haçanda hökümet goşuny Maşady gabawa salanda Maryly türkmenler oňa üç müň adamdan ybarat goşun iberdiler. Maşady elden giderenden soň, Salar gaçyp özüni Ahal tekeleriniň arasyna atdy. Ýöne, Salara bolan dostlukly garaýyşlary, goldawlary ilk-ä Ahal tekeleriniň öz aralarynda agzalalyk döretdi. Ýagny, tohtamyşlara has köp üns berýär diýen düşünje bilen otamyşlar ondan öýkelediler. Kine etdiler. Öýke-kinäniň dawa-jenjele ýazaýmagyndan ätiýaç edip, Salar ur-tut ol ýerden göterildi. Sarahsly tekeleriň arasyna geldi. Nämäniň-nämä sebäp bolandygyny aýtmak kyn, ýöne, Salar şol ýere baranyndan soň Sarahsly serdarlar Oraz han bilen Hojamşükür han öýkeläp, öz diýen adamlary bilen bilelikde Sarahsdan çykyp gitdi we baryp, Mary ýolunda ýerleşýän Garaburun diýen ýerde düşledi. Oňa ondan-mundan başga-da gelip goşulanlar köp boldy. Tutumy gitdigiçe giňeldi. Şol ýere ýygnanan ilatyň içinden Aganyýaz perwanaçy, Omar beg we Mustapaguly kazy ýaly tanalýan hem täsirli adamlary ýanyna alyp, Hojamşükür han şol ýerden göni Hywa gitdi. Baryp Muhammet Emine sadyklyk bildirdi. Olaryň ýoklugyndan peýalanyp, Hojamşükür hanyň garşydaşlary Garaburuna çozdular we taladylar. Muňa gahar edip, Muhammet Emin han 1847-nji ýylda Mary sebitine goşun sürdi. Ol gelşi ýaly Baýramaly han galasynda ýerleşen saryklary gabady. Garaburunlylar bolsa şol ýere Hywa hanyna salama geldiler. Boýun sundylar, sowgatlar berdiler, hezzet-hormat etdiler. Gabawda oturan saryklara Sarahsly tekeler kömege geldiler. Ýöne, Hywalylar olara aýgytly hüjüme geçmäge maý bermediler. Şeýle-de bolsa, galany alyp ýa saryklary boýun egdiribem bilmediler. Şonuň üçinem, endiklerine görä galanyň daşynda talaňçylyk işlerini geçirdiler, ekin meýdanlaryny tozdurdylar, Soltanbendi ýykdylar. Umuman, şeýdip, Mary sebitiniň gündogar böleginde ýaşaýan türkmenleri derbi-dagyn etdim hasap edeninden soň, Muhammet Emin han Hywa dolandy. 1848-nji ýylda ol indi ikinji gezek, Sarahsly tekeleriň garşysyna ýörüş etdi. Tutuş Mary sebitinden ýygnanandyklaryna garamazdan, türkmenler ýeňlişe sezewar boldular we mejbury suratda Hywa bilen ylalaşyk baglaşdylar. Sarahsly tekelerden soň Ahal tekelerem Hywa tabyn bolýandyklaryny boýunlaryna aldylar. Şol ýylyň özünde saryklar bilen salyrlaram özlerini raýatlyga almagyny haýyş edip, Hywa ilçi iberdiler. Ine türkmenleriň ýene-de Hywa hanyna raýat bolmaklarynyň gysgaça beýany şundan ybarat. Ýöne, bu zatlaryň hemmesi türkmenleriň Hywany özlerine hakyky hossar saýýandyklary üçin däl-de, hatda, zerurlyk ýüze çykandygy üçinem däl-de, mejbury ýagdaýda bolup geçdi. Hywa hany haýdan-haý türkmenleriň arasyna öz dikmelerini, hadymlaryny we syýasy wagyzçylaryny iberdi. Horasan bulagaýçylyklaryna gatnaşandyklary hususan-da Salar bilen ýakyn aragatnaşykda bolandyklary üçin, on dokuzynjy asyryň kyrkynjy ýyllarynyň ahyrlaryndan, ellinji ýyllaryň ortalaryna çenli, Mary sebitinde ýaşaýan türkmenleriň esasanam tekeleriň ýagdaýy, Eýran hökümeti bilenem juda oňşuksyz halda boldy. 1850-nji ýylda Salary tutup, jezalandyranlaryndan soňam Eýran hökümeti türkmenlerden öç almasyny bes etmedi. Ahal we Sarahs tekelerine ol has-da rehimsiz darady. Şeýlelikde, tekeler iki oduň: Hywanyň hem Eýranyň arasynda çykgynsyz ýagdaýda galdylar. Öz raýatlygyna alan hem bolsa, Hywa türkmenleri doly suratda gorap bilmedi. Şonuň üçinem, türkmenler, Hywa doly göwün bermeýärdiler, bu meselede esasanam Ýolöetende oturan salyrlar erjellik görkezýärdiler. Olar Hywa hanynyň öz aralaryndaky wekillerini her hili ýollar bilen birsyhly ýanadylar ýördüler we ahyrsoňy gaçyp gitmäge mejbur etdiler. Şolar ýalyda Hywa türkmenleriň üstüne özüniň jeza beriji goşunlaryny sürýärdi, ýöne, Mary sebitinde ýaşaýan teke, saryk, salyr, türkmenleriniň birleşen güýçleri her gezek olara berk gaýtawul berýärdi, hüjümlerini yza serpikdirýärdi, gaçyp gitmäge mejbur edýärdi. Hywanyň hanlygy türkmenleriň başyndan diňe 1855-nji ýylda Sarahsda, Gowşut hanyň baştutanlygyndaky teke türkmenleri bilen bolan söweşde ýeňlip, Muhammet Emin hanyň özem öldürilenden soň sowuldy. Şol söweşde uly bolmadyk goşun bilen Gowşut hana Eýran hem kömek etdi. *** Şeýle-de bolsa, Eýran barybir tekeleri ol ýerde ynjaltmady. Uzak ynjalyp bilmejekdiklerini tekeleriň özlerem duýdular. Şonuň üçinem, aždarhanyň agzyndan aýrylmak üçin, 1857-nji ýylda Mara, Murgap derýasynyň ýakasyndaky suwarymly ýerlere göçdüler. Öň şol töwereklerde oturan saryklar bolsa, Pendi sähralyklaryna tarap süýşdiler. Ýolötende oturan salyrlaram öz gezeklerinde ol ýerden göterildiler-de, otuz ýyla golaý wagt bäri zaryny çekip ýören Watanlaryna – Sarahsa bakan rowana boldular. Sarahs şol wagtam ne Hywa, he Buhara, ne Eýrana, hiç kime degişli däldi. Şeýle-de bolsa, Eýran hökümeti salyrlara ol ýerde ornaşmaga rugsat bermedi we Eýranyň Horasan welaýatyna degişli Zurabat diýen ýere göçüp barmaklaryny talap etdi. “Otursaňyz-a ho-onha, şol ýer, oturmasaňyzam gelen ýeriňize gidiberiň” diýdi. Olaryň Apbas Mürzäniň gyrgynçylygyndan öň, Sarahsdaky sürgünli döwürlerini ýatlatdy. Indi o zatlara ýol berilmejekdigini duýdurdy. Şol elpe-şelpeligiň ahyrsoňy özlerini nämeleriň üstünden eltendigine gözi ýetip duran salyr kethudalaryna edilen teklip bilen ylalaşaýmakdan başga alaç galmady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |