23:45 Salyr soñy Sarahs -7: Zurabat | |
ZURABAT
Taryhy proza
Zurabat Köne Sarahsdan 120 wýorst çemesi uzaklykda, Tejen derýasynyň ýokary akymlarynda, çep kenarda ýerleşýär. Oňa barmak üçin, öňürti derýanyň sag kenary bilen akymyň tersine, günorta tarap, tä Pulhatyn köprüsine çenli gitmeli, ondan çep kenara geçmeli we ýene-de ýokarlygyna tarap ýöremeli. Halk ony öz dilinde heniz-henizlerem “Zirewe” diýip atlandyrýar. Pars dilinde ol “güýç şäheri, “güýçli şäher” diýmekligi aňladýar. (Zur – zor, güýçli, abat – şäher.) Heniz düýn-öňňünki agyr göçüň ýadawlygyndanam doly aýňalyp ýetişmedik halk ygym-sogum bolşup ýene-de ýola düşdi. Aýaklary gan-gabarçak bolan aýallar çarkandakly ýol bilen entirekleşip baryşlaryna: Alla jan, hiý bu göç-gon biziň başymyzdan aýryljak dälmikä? Aýagymyzyň ýer tutan wagty bolmazmyka – diýşip hünübirýan aglaşdylar. Olaryň perýadyna çagalaram goşuldylar. Nazarmuhammet hanyň ýolbaşçylygyndaky garamanlardan we öz hanlary bolmansoň köp wagt bäri iki bölünen ýalawaçlaryň bir böleginden ybarat birinji topar-a Zurabatda, Berdimyrat hanyň ýolbaşçylygyndaky kiçiagalardan hem-de ýalawajyň beýleki böleginden ybarat ikinji topar bolsa Zurabatdan on-onki çakyrym ýokarrakda ýerleşýän Garadepe diýen ýerde ornaşdy. Zurabatda-da, Garadepede-de halkyň oturşy başly-baradrak. Bitertip. Bölek-bölek. Şolaryň her kowçumy bir tire, urug ýa-da haýsydyr bir tiräniň bir bölegi. Mysal üçin garamanlar: ükürjikli, sapalak, halyl, çulum, alam, kiçiagalylar: eýke, musa, ýagup, saýat, ýaýçy, ýalowaçlar: gurt, hebip, kerimaga, şeterrik ýaly böleklerden ybarat. Olaryň begsi, sakar ýaly has ownuk tireleri bolsa ol wagt Owganystanyň Meýmene diýen ýerinde otyrdylar. Kowçumlaryň has uluraklaram, has kiçiräklerem bar. Käbirleri bolsa birigip, küren tutup otyrlar. Her tiraniň baş hanynyň oturan küreni beýlekilere görä ulurak. Onda bäşleň-üçleň ak öý, işiklerinde ýatak, howly mal-gara görünýär. Ownuk tireleriňem hersiniň öz hany, kethudasy bar. Olaryňam ýaşaýyşy, güzerany hiç neneň däl. Köpçüligiň öz ýagdaýy welin el-halrak. Umumy baş han ýok, ýöne, gyzzy gyzza gelende hemmesi Nazar han bilen Berdimyrat hanyň agzyna bakýalar. Islendik mesele köpçülik we ownuk tire hanlary bilen bilelikde maslahatlaşyp çözülýär. Tertip-düzgüne seredýän, dawaly meseleleri aýdyňlaşdyryp berýän umumy kazylary, şeýle hem baş kethudalary bar. Zurabat Sarahs ýaly mes toprakly ýurt däl. Suw köp, ýöne ol çagylly, daşly, egrem-egrem dar jülgeleriň, baýyrlyklaryň saýlaryň içi bilen zymdyrylyp akyp gidip barýar, töwereginde ekin ekere amatly ýer ýok. Zurabadyň köne harabaçylyklaryna golaý ýerde bolsa ekin üçin az-owlak ýer bar-da, suw ýok. Ýap gazyp derýadan alara-da halkda güýç-kuwwat, harajat, serişde iş gurallary ýok. Üstesine-de ýurt çyg, şorluk, gamyşlyk. Ýüzüni ýaşyl kerepler örten, hiç hili hereketsiz we peýdasyz ýatan arnalardaky, kölçelerdäki ýata suwlardan göterilýän agyr yslardan ýaňa demiňi alar ýaly däl. Çybyn-çirkeý bolsa Gün ýaşandan tä daňdana çenli adamlary dik oturdýar. Hiç kime-de aňsat däl welin, bu ýagdaý hasam çagalary heläk edýär. Üstesine, şol zatlar zerarly keselçilik baram döräp gidip otyr. Keselçiligiň soňy bolsa gürrüňsiz, gyrgynçylyga eltýär. Adam jaýlamak, öli ugratmak dagy soňabaka adaty bir pişä öwrüldi. Adamlaryň agysy tükendi. Taýpa san taýdan göz-görtele azaldy. Üstüne bütinleý ýitip gitmek howpy abandy. Toý-tomaşa, märeke, meýlis ýat boldy. Her niçik hem bolsa gelen ýyllary Eýran hökümetinden karzyna däne alyň, onda-munda ýer açyp, bolşuna görä bugdaý ekdiler. Onuňam köp böleginde-hä hiç zat bitmedi, bitenjelerem meňki bolsun diýer ýaly hasyl bermedi. Hasyl beräýjeklerem bişip ýetişmänkä suwsuzlykdan ýaňa gurady. Umuman, şol ýylky hasyl arly ýyl iýmäge ýa bergilerini üzmäge-hä däl, asyl indiki ýyl üçin tohumlyga-da ýetmedi. Ýylyň-ýylyna gaýtalanyp duran şu ýagdaý salyrlary Eýran hökümetiniň öňünde ýurt bergidary edip goýdy. Şeýdip on bir ýyl dyrjaşdylar, has takygy açlyk bilen, ölüm bilen göreşdiler. On ikinji ýyl diýlende Nazarmuhammet han bilen Berdimyrat hanyň ýolbaşçylygynda, her obadan bir wekil bolup, Tährana gitdiler we edil şanyň özüni görüp bilmeselerem Eýran hökümetiniň degerli adamlary bilen duşuşyp, özleriniň ata-watanlaryna goýbermeklerini haýyş etdiler. Olaram gyssagly suratda şa bilen maslahatlaşyp, wekillere şeýle jogap berdiler: – Bolýa. Biz sizi goýberýäs. Şa muňa razy. Ýöne, bir şert bilen: Siz Eýran serhetini Mary tekelerinden we saryklardan goramaly. Şolary geçirmeli däl. Galkan bolmaly. Salyr kethudalary özara maslahatlaşdylar-da: “Tekelerem, saryklaram öz garybymyzdyr, ýagdaýymyza düşünerler, bizden kine edip durmazlar, bizem bir olaryň öňlerinden çykyp, döşlerine döş direşip durmarys, olaram bir gelip, üstümize dyzap durmazlar, galanam nebibedir, häzirlikçe şu ýagdaýdan bir çykalyň” diýişdiler. Şeýdibem öz öňlerinde goýlan şerti kabul etdiler. *** Olaryň getiren hoş habarlaryna halk diýseň begendi. Her kim ýerli-ýerden göç şaýyny tutup ugrady. Aýallar bu gezegem aglaşdylar, ýöne, gynançlaryna däl-de, begençlerine agladylar. Şondan soň köp wagt geçmänkä, agyr göç Zurabatdan çykyp, derýanyň çep kenary bilen Pulhatyna geldi, ondan geçibem sag kenary syryp, Köne Sarahsa bakan ugur aldy. ...Her kim öý dikmezden owal maňlaýyny ýere urup, ýurduna togap etdi. Topragyna ogşady. Tozuny gözüne sürtdi. Ýöne, entek doly ýaýrap-ýazylyp ýetişmänkälerem aňryujy boljak bolsa bolaýmaly iş gopdy. Eýran hökümeti bilen özleri babatda şolar ýaly şertnama baglaşandyklaryny eşidip, Gowşut han salyrlardan juda gaty gördi. Gahary geldi. Şonuň üçinem, nökerlerine olaryň ähli mallaryny sürüp gaýtmaklygy buýurdy. Han aýtdy gutardy. Tabşyrygy derhal ýerine ýetirdiler. Düýn-öňňünlikde “Alla, Alla” bilen Zurabadyň kynçylyklaryndan sypan salyr ýaşulylary Nazarmuhammet han bilen Berdimyrat hanyň ýolbaşçylygynda indi ellerini ýeňleriniň içine sokuşyp, çalaragam eglişip, mallarynyň yzy bilen Mara tarap ýola düşdüler. Gowşut hanyň gaşyna baryp, mallarynyň gaýtarylyp berilmegini haýyş etdiler. – Bizler şeýle şerte kaýyl bolmaly bolduk, han, çünki, siziň alamançylyk etmeýändigiňizem, şondan ötri siziň şol ýolda bize hiç haçan gabat gelmejekdigiňizem, iki ýeke ogrular üçin, bolsa siziň beýdip, ýemedip durmajakdygyňyzam bilýäs, şoň üçinem... Gowşut han gaharyny gizlejegem bolmady. Şeýle-de bolsa hem-ä ilçilik edähedini bozmazlyk, hemem han hökmünde sypaýyçylygy elden bermezlik üçin başardygyndan parahat gürlemäge çalyşdy. – Gep mende däl, garyndaşlar, berlen sözüň, baglaşylan şertiň manysynda... – diýende tegelekden gelen boldumly ak ýüzi al öwsüp gitdi – Biziň kimdir biri tarapyndan biri-birimize garşy goýulýandygymyzda. Hamala teke bilen saryg-a ýol urup ýören talaňçylarmyşyn, sizem ol ikisi bilen Eýranyň arasyndaky adyllyk ölçegimişiňiz. Nazatmuhammet han öz eden hereketlerini aklamaga çalyşdy. – Zirewede oturarlyk ýok, han... soň bosa... Gowşut han ýüzüni ýerden galdyrman oturşyna kesgitli gürledi. – Öň näme, sizi bu ýerden biri zor bilen kowdumy? Gitmäge mejbur etdimi? – Ýak. Hiç kim kowanok. Özümiz gitdik. Watan diýip gitdik. Ýöne Horasan häkimleri bizi öz ýurdumyzda oturtmadylar. Soň... osoň... O ýerde-de güzeran bolmansoň Sarahsa goýbermeklerini haýyş etdik... Olaram... –Näme, bizi ynjaltmadyk adamlar ol ýerde sizi ynjaldarlar öýtdüňizmi? Onsoňam... – Gowşut han kinaýaly ýylgyrdy. – ...Onsoňam öňki gezek oturanyňyzda gözleriniň oduny alypsyňyz-a olaryň. –Bizde indi olar ýaly güýç ýok, han. Bize indi öz güzeranymyz gaýgy. Geçenden bolsa peýda ýok. – Näme diýseňizläň, garyndaşlar – Gowşut han wekilleriň ýüzüne ýekän-ýekän garap çykdy. – Indiden soň gep guzladyşyp oturmakdan peýda ýok. – Ol ýüreginden syzdyryp gepledi. – Şu ýere göçüp gelseňiz-ä mallaryňyzyň hemmesini başy bitin gaýtaryp berýäs. Oturyň, il boluň, biziň iýenimizi iýersiňiz, içenimizi içersiňiz, aç ýerimizde aç, dok ýerimizde dok bolarsyňyz. Adybir türkmenimiziň bir bölegi beýdip, göreniň gapysynda gul bolup, ýetimsireşip ýörseler bize-de ýakyp baranok. Ahal bilen Mary birikdi. Nurberdi hany bolsa baş hanlyga göterdi. Saryklaram hyýalynda. Ärsarylar bilen ýomutlaram hemmämiziň birigip bir hanlyk, ýagdaý bolsa döwlet döretmekligiň tarapdary. Şol güne ýetibilsek, Sarahsa sizi biziň özümiz göçürip elteris. Sebäbi, ol ýer siziň asly mekanyňyz, ata-watanyňyz... Bolmasa-da.... – Han ýüzüni bir gapdala sowdy. – Bolmasa-da ho-onha gidiň-de Eýranyň serhetini goraberiň, gaýratyňyzy görkeziberiň. Göwün islegiňiz şol ýerde garyndaşlaryňyz bilen garpyşmak bolsa tekelerem, saryklaram sizi uzak garaşdyrmazlar. Bararlar... Barmasalaram barar ýaly ederis... Salyr kethudalary Gowşut hanyň garşysyna hiç zat aýdyp bilmediler. Aýdara delil tapmadylar. Çünki, han dogry aýdýardy. Döwletlilige bir agza bakmaklyga ündeýärdi. Şonuň üçinem, olaryň barysy birden başlaryny atyşyp, özleriniň rasydyklaryny bildirdiler. *** Sarahsa gelişleri ýalam uly-kiçi, aýal-erkek ulusy bir ýere jemläp, gürrüňçilik geçirdiler. Gowşut hanyň sözlerini birin-birin beýan etdiler. Başga bir ýoluň, çykalganyň ýokdugyny aýtdylar. Düşündirdiler. Halk ýene-de goşuna ýapyşdy. Göç ýola düşdi. Aýallar ýene-de aglaşdylar. “Wah gaýdyp barjak bolsak, aslynda ol ýerden gaýtmalam däl ekenik” diýşip, yzlaşdylar. Özlerini şeýdip, iki ýana entedip ýören han-begleriň adyna nägilelikli sözler aýtdylar. Ýöne, nätjek, ýol uzak, gök yrak, gözýaş bolsa çäkli, adam başy daşdan gaty diýlenem bir zat bar, wagtyň geçmegi bilen ol ähli zada kaýyl bolýar. Olaryňam orta ýola ýetmänkäler gözýaşlary gurady, göwünlerine giňlik aralaşdy, hersi öňde duran durmuş baranlaryndan soňky güzeran barada biri-birleri bilen pikir alşyp başladylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |