13:49 Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl | |
• Ansambl
Powestler
Ansambl «Daýhanlar öýünde» ornaşdy. Bagşylar, sazandalar şol ýerde aýdym-saz çalýardylar. Türgenleşýärdiler. Türkmen halky aýdym-saz ýurdy bolsa-da, bagşy-sazandalar hemişe ýekebara bolupdyrlar. Toýlara köp bagşy çagyrsalar-da, olaryň hersi özbaşyna aýdýardy. Hersiniň öz diňleýjisi bardy. Emma Sary bagşy Daşkentde bolanynda on, ýigrimi hat-da ondan hem köp tarçynyň bir depregiň aşagynda saz çalanyny görüpdi. Ol türkmen sazyny hem şeýdip çalmagy ýola goýmak isleýärdi. Emma Han halypa, saryk bagşylary bu täre birhili göwnemediler. Olar gyjakly sazyň hem gyrasyna barmajak bolýardylar. Ýöne Sary bagşy hem aýak depip durmady. Ol öz diýen bagşylaryny, Hanmämmet gyjakçyny, Pürlini, Orazy, Myllyny beýleki sazandalary alyp, «Gördüňmi» bilen «Daş galdyny» köp dutarda, gyjakda türgenleşdirip başlady. Sary bagşy türgenleşige başladygy, beýleki bagşy-sazandalar çykyp gidýärdiler. şeýle ýagdaý on-onki güne çekdi. emma şol arada sungat uprawleniýesiniň ýolbaşçylary bilen Uspen halypanyň ýanynda gezen ýigit Nepesli gelip adamlary üýşürdiler. – Adamlar, bize «Sary bagşy ansambly böljek bolýar. Ol tarapgöýlük edýär» – diýip, arza gowuşdy. Geliň, şu meseläni bir aýdyňlaşdyralyň. Sary bagşy kimdir biriniň ýokary arz edenine düşünüp galdy. Şonda ol türkmeniň agzyny bir ýere jemlemegiň bu ugurda hem aňsat bolmajagyna düşünüp galdy. Bu ýerde kynçylyk döredýän zatlaryň biri, bagşy-sazandalaryň biri hem Aşgabada maşgalasyny alyp gelmändi. Şonuň üçin olaryň gözi, pikir-hyýaly obadady. Ikinjiden, bagşy-sazandalar bir erkin halkdy. Olar sagada salyp işlemek aňsat däldi. Olar haçan görseň, bir ýerlere gidermen ýaly bolup otyrdylar. Mundan başga-da, eýýäm öz ýoluny alan, inini-boýuny deňlän bagşy-sazandalar, öz illerinden arslan kimin çykyp, adamlaryň ykrarnamasyny alan halypalar saňa boýun bolaslary hem gelip duranokdy. Ine, şonuň üçin olaryň hersi bir tarapa seredýärdi. Hersiniň bir islegi bardy. – Adamlar, biz şu ýerde türkmen aýdym-sazynyň abraýyny götereliň – diýip ýygnandyk. Şonuň üçin hökümediň gurup beren düzgün-nyzamy bilen işlemeli bolarys. Ýöne, topar diýeniňizde, men bir zady aýdaýyn, biz hemişe adamlary bir topara daňyp goýmaly däl. Her kim islän adamsy bilen obalara gitsin, aýdym-saz etsin. Täze ýollary öwrensin. Ýöne, giden-gelen ýerleri barada, öwrenen zady barada ansamblyň öňünde, hökümediň öňünde hasabat bersin. Men şuňa razy... Sary bagşynyň teklibini gowy gördüler. Her kim aýdym-saz edip geljek bahanasy bilen obasyna, öýüne gidip-gelip biljekdi. – Ýöne, hepde-de bir gün üýşmeli edeliň. Şonda üýşüp çalmalam bolsa, aýrylşyp çalmalam bolsa, boýun gaçyrmak bolmaz. Adamlar muňa-da razy boldular. Ýöne, şu ýerde Sary bagşy bu ansambla halypalyk etmekden çürt-kesik boýun towlady. – Men bagşy bolup işläbereýin. Onuň ýerine Täçmämmet Suhangulyýewi bellediler. | |
|
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |