13:48 Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz | |
• Aşgabady tisgindiren owaz
Powestler
Sary bagşy çagalary göçüp gelenden soň, Hüseýin parsyň howlusyna ýagşy ýerleşdi. Aşgabadyň Žukowski köçesiniň 54-nji jaýyndaky howly diýseň amatly bolup çykdy. Dogry, iki otag Sary bagşynyň, Pürliniň çagalary üçin daryşgandy. Emma agşamlaryna, Pürli, Oraz, Hanmämmet gyjakçy tamyň üstüne çykyp ýatýardylar. Gündiz bolsa çagalar injirleriň astynda hezil edip oýnaşyp ýördiler. Sary bagşy Pürlini, Orazy, Hanmämmet gyjakçyny ýanyna alyp Teke bazarynyň gapdalyndaky mal bazaryna baryp, şahy burlup giden goçlaryň ikisini saýlap aldy. Goçlar biçilendi. Sebäbi ýarawsyzrak bolany üçin Ejelik, Oraz erkek malyň etini iýip bilenokdylar, soň hem bu bagşy diýen milletiň juda ynjyk halk bolýandygyny Sary bagşy kössüz bilýärdi. Ondan başga-da, toý üçin gerek-ýarak zatlaryň ählisi alyndy. Ullakan samawar, bedre, iki sany uly gazan satyn alyndy. Ýene-de dört-bäş sany palas, odun satyn alyndy. Toýa taýýarlyk uludan tutuldy. Oraz, Nury, Pürli, Hanmämmet gyjakçy Kazimi ýanlaryna alyp giň howlynyň otuny, odun-çöpüni ýagşy arassaladylar. Soň suwlap, süpürdiler. Bu howly ömürnde görmedigini gördi. Kazim bolsa aýraçylykda gezip ýören kakasyny ýatlap, gözlerine ýaşam aýlady. – Kakam bu howlyny görse, baý begenerd-ä – diýdi. Şonda-da bar agram Ejeligiň egnine düşýärdi. Ol bäş ýaşlyja Nuryjygy arkasyna alyp, ýelgamak bolup aýlanýardy. Ýogsa Sary bagşynyň durmuşa çykan uly gyzy Güljemal gelipdi. Ol hem kakalarynyň aşgabada göçüp gitmegini görmäge, täze ýurduny gutlamaga gelipdi. – Sary bahşy, seniň maşhalaň üçinem bir toý lazymdy – diýip, Kazim Sary bagşa degip aýdýardy. Çünki bu howly Sary bagşynyň ogul-gyzlarynyň, agtyklarynyň sesinden tudanasy bişen tuda gelip gonan bir süri sary saryňka çalym edýärdi. Sebäbi, bu taşlandy, indi niçeme wagt bäri haraba bolup duran howludaky janlylyk, arassalyk her kimi geň galdyrýardy. Bazara gelip-geçýänler boýunlaryny uzadyşyp-uzadyşyp geçip gidýärdiler. Gazanlar atarylyp, naharyň ysy howla ýaýrap ugrandan soň-ha çagalaryň jagyl-juguly hasam artdy. Ikindä bakan howly has hem gelşigine girdi. Sary bagşy ýigrimä golaý adam bilen dolanyp geldi. Olaryň köpüsi bagşy-sazandalardy. Ýöne olaryň içinde Seýitmyrat Öwezbaý, Gaýgysyz Atabaý ýaly beýik mertebeli döwlet işgärleri hem bardy. Olaryň ählisi törde otyrdylar. – Sary bagşy, bu nämäniň toýy – diýip, Seýitmyrat Gaýgysyza garap sorady. – Etmeýän işidir, bu gün Gaýgysyz Serdar ogly seniňkä myhman gelipdir-ä – diýip, gözlerini ýumjukladyp ýylgyrdy. – Bu gün inim, täze döwletiň beýik bagşylarynyň toýy. Aýdym-sazyň toýy. Oňa Gaýgysyz gelmän, kim gelsin. Bu işler Gaýgysyzyň gaýraty bilen bolan ahyryn. Bu gün Gaýgysyzyň toýy! Gaýgysyzyň göwni hoş boldy. – Berekella, bagşy aga. Munça bolanyna görä, Seýitmyradyň içini ýakyp, bir gowy aýdym-sazam ediň. Adamlar hezil edip gülüşdiler. Nahar çekildi. Gaýgysyz ýerinden turdy. – Adamlar, nahara başlamankaňyz bir söz aýtjak. Ine, bu gün siz ýaş türkmen respublikasynyň azat bagşylary. Baryňyz bir saçagyň başyna jemlendiňiz. Munuň özi beýik Lenin ideýalarynyň, ýoldaş Staliniň çäksiz aladalarynyň netijesi. Mähriban partiýamyz bizi bagtly ýola alyp çykdy. Şol batdan her bir türkmen öz bagtyny almalydyr. Sizem şu gün Aşgabada üýşdüňiz. Bir zady bilip goýuň. Sizi şu ýere üýşüren, ony biziň ýadymyza salan, bizi günümize goýman, öz diýenini etdiren türkmeniň aýdym-saz akademiýasy, türkmeniň aýdym-saz äleminiň beýik sütüni sary bagşydyr. Siz Sary bagşyny diňläň, öwreniň, şonuň daşyna jemleniň. Ol bagşy, Uspen halypa aýtmyşlaýyn, «Türkmen aýdym-saz sungatynyň iň beýik, janly, diri, aramyzda gezip ýören halypasydyr». Ol diňe bir halypa bolman, şu gün türkmen aýdym-sazynyň täze ugrunyň çyn howandary boldy. Sag bol, Sary bagşy. Seniň beýik işiňi geljek nesiller hiç haçan unutmaz. – Gaýgysyz bir salym sägindi. – Ine, men şu sözleri size aýtmaga geldim. Indem, iýiň, içiň, noş bolsun... Adamlar döwletiň beýik patyşasy Gaýgysyz Atabaýyň hut Sary bagşynyň öýüne gelip, bu sözleri, özem gaty mert bolaýmasaň göterer dagy eder ýaly däl sözleri aýtmagyna haýran galdylar. Diňe Täçmämmet Suhanguly agyr telpekli kellesini yrady. – Nämä gerek, nämä gerek... – diýip hymyrdady. Ýagly çekdirmeden, soň ýagşy gowrulan etden soň bagşylar gök çaýa degip başladylar. – Hany, aýdym-sazam edip oturyň – diýip Seýitmyrat jübi sagadyna garap, seslendi. – Maslahat! Näme diýseňiz, şol bolar... Seýitmyrat toýa beýemçilik edip başlady. Ol Gaýgysyzyň ýanynda oturany üçin, adamlaryň ählisi onuň sözüni Gaýgysyzyň sözi diýip düşündiler. – Adamlar, bize maslahat salsaňyz, şeýle edeliň. Şu ýerde on iki bagşy bar. Geliň, her bagşy özüniň dutarçysy bilen bir aýdym aýtmaly edeliň. Aýdymyň soňuny beýik halypa Sary bagşa bereliň. Sary bagşy horazlar ilkinji gygyrýança aýtmaly. Şonuň üçin bir gulagyňyz Sary bagşyda bolsa, birisi horazlaryň sesinde bolsun. Bu howly adamdan doludy. Çaga-çugalar haýatlara çykyşyp otyrdylar. Ortada ot ýakyldy. Oduň başynda bagşy düşegi ýazyldy. – Pul tutmalymy?! – Pul tutmaly däl. – Bu ses Sary bagşynyň sesidi. Toý eýesi men, bagşylaryň baýragyny özüm berjek. Adamlar Gaýgysyza bakan ýüzlendiler. Gaýgysyz hem elini bulady. – Men hökümediň adyndan, şu günki aýdym-sazyňyz üçin we ansamblyňyzyň açylmagy mynasybetli. Her bagşa bir aýlygyny baýrak hökmünde berýän. Öwezbaýyň ogly kem galmady. Bir daňy ýüzlügi bagşy düşeginiň üstüne oklap goýberdi. Olaryň ýanyndaky adamlar hem jübilerini sermenişip başladylar. Şeýde-şeýde bagşy düşeginiň üsti heniz bagşy geçmänkä, puldan dolup galdy. – Orta iň ýaş bagşymyz Nobat Amansähet geçsin. Oňa Garly bagşy sazandarlyk etsin. Nobat bagşynyň ýüpek ýaly owadan, içi burum-burum näz-u-duýgy, owaz bolup duran sesi jümle-jahana akyp gitdi. ol elenip elenip bir aýtdy welin, oturanlar haýran galdy. Onuň: Geçip gitdeý, Hora-sanyň-eý durna-a-a-asy – diýen owazy bilen garylyp ähli yhlasyň, duýgynyň giden ýaly boldy. adamlar ondan «Gyrmyzyny» aýtmagy haýyş etdiler. Arman eýläp ur eliňi ganyma, Iller diýsin, on barmagy gyrmyzy... Bu süýji aýdym adamlary aglatdy. Nämüçindir Nobat bagşynyň sesinde birhili romantiki hesret bardy. Şol hesreti bokurdak jukguldysyna, dutaryň çalgysyna, aýdymyň toşabyna garanda ol owaz onuň bokurdagyndan gaýyp, pasyrdap gelip seniň ýüregiňe guýulýardy-da seni owazyň, mukamyň, duýgusynyň hesretine batyrýardy. Ol ylaýta-da aýdymyň sözi, sözleriniň manysy bilen garyp goýberende welin, seniň paýhas horjunyň dolan ýaly bolýardy. Onuň elenip aýtmasynyň özem her zada degýärdi. Şonuň üçin onuň ornuna kiçi Garly geçende, adamlar birhili gynanyp galdylar. Sary bagşy Nobat bagşynyň baýragyny ýetirdi. Oňa içine pul, bir hywa donuny salnan düwünçek berdi-de: – Berekella, kesbiňden kemal tap, toýuňda gaýtsyn – diýdi. Kiçi Garly turuwbaşdan salyr-saryk ýolunyň iň ýokary çeküwine, «Nowaýa» başlady. Onuň gaýşarylyp, özüni «Nowaýynyň» derejesine çykaryp, gözlerini ýumup aýdyşy çeniň däldi. Garly bagşynyň eliniň ýüwrükligi diliniň hem çeni däldi. Şonuň üçin ol säginmän «Nowaýynyň» çiline çykdy-da, mürähede garaşyp durman, öňki ýerine geçdi. Nursähet Halsähetden soň Oraz Salyr gezek aldy. Kimdir biri gowur-gowur edip gepleşjek bolanda, Gaýgysyzyň hut özi barmagyny çommaltdy. – Adamlar, diňläň muny... Diňläň, şuny... Oraz Salyr diýenleri dutar çalmakda beýle bir çulum bolmasa-da aýdym aýtmakda Babagammaryň hut özünem tisgindirse gerek. Ol «Eý, da-de-eý!» diýip, bir çygnyp gygyrdy welin, haýatlarda hataran oturan çagalara çenli aşaklygyna tap-ba-tap-ba gaçyberdiler. Irkiljiräp oturan adamlar hem «Bu nämäniň alamatyka!» diýip, yranyberdiler. As-man-da-ky torgaý guşlar, Ýar-ry gördüň-mi, gördüň-mi-ini! Aý-e-ee-eý... Ol gözlerini ýumup, bir çekendir welin, hälkiniň hem çeni däldi. Beýlekiler-hä däl, aýdym-saz diýlende ähli ugry elek edip bilýän Sary bagşynyň özem bu bagşynyň owazynyň belentligine, joşgunlydan güýçliligine haýran galdy. Girman bagşynyň «Durnanyňy», Sahy Jepbaryň «Görüneri», Hally bagşynyň «Elden gideri», Hanmämmet gyjakçynyň «Owsuny», Täçmämmet Suhangulynyň «Burnaşagy», Pürli Sarynyň «Ýandymy» adamlaryň aklyny haýran etdi. Gaýgysyzdan başlap, şu ýerde oturanlaryň ählisi Allatagalanyň şu keremli owazlary ýazar ýaly bir gudrat bermänine gaty gynandylar. Ýöne Gaýgysyz Seýitmyradyň gulagyna pyşyrdady. – Lelingratdan gramafon ýazýanlary çagyrmaly. Goý, bagşy-sazandalaryň sesi nämä durýan hem bolsa, ýazdyrmaly. Muny döwlet öz üstüne alar. Gezek Sary bagşa ýetdi. Ol bagşy düşege geçmänkä toýa serenjam berdi. – Pürli, Hanmämmet, myhmanlaryň naharyny, çaý-suwuny kem etmäň. Ody uludan ýakyň. Sary bagşy orta geçdi. bir ýanynda Pürli bilen Hanmämmet gyjakçy, bir ýanynda Mylly otyrdy. Onsuzam Sary bagşynyň dutary bir däl, on däl, ýüz dutary birden owazlandyrlan ýalydy. Ine, onuň syry, ine, onuň gudraty. Adamlar, şu ýerde üýşüp oturan, Türkmenistanyň dürli ýerindäki bagşy-sazandalar hem Sary bagşy barada öwgi aýdylasa: «Bagşydyr-da, adam edenini adam eder» diýmeleri bardy. Emma bu gün oturanlar bir zada göz ýetiripdiler. Sary bagşynyň çalýan sazlaryny, aýdýan aýdymlaryny adam edenokdy. Ol Allahy bir keramatdy. Ol dogamy, keramatmy, gudratmy, heniz türkmen ýurdunda görlüp eşidilmedik gudratdy. Bagşy ýapbyldakdan başlady. Onuň owazy dembe-dem açylyp, arçalyp barýardy. Emma bagşy özüni «Ýagşydyryň» deňinde goýmady. Ol oturanlary haýran galdyryp, eýýäm ikinji aýdymynda «Näzli baýramyň» depesine çykdy. Maryly bagşylar, salyr-saryk ýolunuň bagşylary ýapbyldagyň gujagynda näzirgäp, toýuň ahyrynda hälki bir Göz görkezeýin üçin «Nowaýy» perdäniň aşak ýokary ýanlaryny sermäp alýardylar. Ahalda-da, ýomut-gökleň ýollarynda-da bagşylaryň damana ýollarynda eräp-akyp, sazyň näz-kereşmesine beslenip aýtmasy ýoň bolupdy. Emma Sary bagşynyň bu böküşi, onda-da altmyşyň bäri ýanlarynda uçup-uçup, owsun atmasy oturanlary haýran galdyrmy. Bagşy «Näzli baýramy» asman bilen zeminiň arasynda gaýdyryp, gyjagyň, dutaryň owazy bilen onuň yzyndan kowýardy. Käte ýetip, käte geçip, bokurdak gaýnatma, jukguldy, daraklama, kakuw bilen owazy owaza garyp, heniz bu jülgelerde görülmedik bir keramatly sungata öwürdi otryberdi. Onuň sazy ne mukam, ne mukamdan hem ägirt umman, öz-ä bir gudrata öwrüldi. Bagşylar «Berekella-da berekella» boluşyberdiler. Uky, aşgabadyň horazlarynyň sesi ýatdan çykyp gitdi. Sary bagşy «Gümmürlendini», «Baba seni», «Aýrylsany», «Begleri», «Ýigitlik çagyny», «Heserlini», «Daş galdyny» döwüm-döwüm edip, «Gözelimi» tirip barýardy. Aşgabadyň horazalry bagyryp başladylar. Bagşylar şerti ýatlaryna salýan ýaly, töwereklerine garanjaklaşdylar. Emma Gaýgysyz «Päsgel bermäň» diýýän görnüşde ellerini galdyrdy. Bagşy Ýandyma dyrmaşyp başlady. Ol derläpdi. Emma mylgyrap duran kalbyndan çykan owazlar juda üýtgeşikdi, mähribandy. Salkym-salkym, seçek-seçekdi. Käte bir «A-a-ah!» diýip goýberýärdi welin, edil janyňy örkünden üzüp barýardy. Onuň owadan didary, ýumuk gözlerinden dökülýän nur alawlap duran oda tutaşdyrlyk berýän ýalydy. Garadäli gökleňiň, Molla Guwanjyň, özem bu parlak aýdymy beýle-de aýdyp boljakdygyny hyýallaryna-da getirip biljek däldiler. Bu aýdym Allahy keramatyň owazyna ýugrulyp, çarhy-pelegiň ganly zynjyrlaryny para-para etmek üçin aýdylýan ýalydy. Sary bagşy «Sataşdymdan» soň «Hajygolagy» aýtdy. Bu ýerde oturanlaryň köpüsi Sary bagşynyň adyny, owazasyny eşitseler-de, onuň aýdymlaryny diňläp görmändiler. Olar üçin bu gije diňe bir bagşy diňlemek, hasabat bermek däldi. Sary bagşy türkmen mukamynyň nähili beýik güýjüniň bardygyny, ony ganat edip asmana, äleme çykyp boljakdygyny olara buşlapdy. Sary bagşy dutaryny gapdalyna söýedi-de, öňündäki ullakan ýaglygyny alyp, maňlaýyny, boýnuny, gollaryny howlukman süpürdi. Soňra Gaýgysyza bakan gözüniň gytagyny aýlady. – Horazlar nätdi? Adamlar näme diýjeklerini bilmän, huşy gaçan ýaly bolup otyrdylar. – Berekella, Sary bagşy! Ömrüň uzak bolsun! Sary bagşy ýylgyrdy. – Nätdi, bir zat boldym-a... – Gulagymyzyň posuny açdyň, halypa. Sag bol! – Ýok, adamlar, Sary bu gije tutuş Aşgabadyň gulaklarynyň posuny açdy, Sag bol, halypa... Gaýgysyz ýerinden turdy, soň aýakgabyny geýip, derwezä bakan ýöneldi. Adamlar hümmer bolup onuň daşyna üýşdiler. – Ine, adamlar, beýik aýdym-saz akademiýasy! Öwreniň, diňläň. Bize şeýle sungat gerek. Bize şeýle bagşylar gerek. Bu bir aýdym-saz däl-de, älem ahyryn, şeýle dälmi... – Şeýle! – Wah, Hak bermese, müň ýyl aýdym aýdanyňda beýdip bolýarmy, jan ogul! – Hally bagşy Gaýgysyzyň elinden ýapyşyp durşuna aýtdy. – Bu bir Hakyň owazy, Hakyň mukamy ahyryn. Bizi oňa deňeme, deňeme... Şol günden soň Sary bagşy bu ýere üýşen bagşy-sazandalaryň ählisiniň halypasy boldy. eline dutar alan, eline gyjak alan, Men bagşydyryn diýen Sary bagşy tä obasyny täzeleýänçä, oňa Halypa diýip gezendir. Hawa, Sary bagşy şol gije Aşgabadyň, Aşgabatlylaryň gulagyny üýtgeşik owaz bilen gandyrypdy. Emma şondan soň, tä şu güne çenli Aşgabat aýdym-sazyň merkezine öwrülse-de, Aşgabadyň gulagyny şeýdip gandyran bolan däldir. | |
|
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |