17:37 Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy | |
• Bamy
Powestler
Otly gidip barýardy. Indiki duralga Bamy bolmalydy. Demir ýoldan ýüz elli, iki ýüz ädim ätleseň Sary bagşynyň öýüdi. Bamyda onuň ata-babalary ýatyrdy. Ol her ýere gitsin, emma ýüregi bamyny küýsäp durardy. Bamy onuň özüniňkidi. Biri dogany, biri garyndaşy. Biri goňşy, biri tanşy. Onuň ýüregi diňe Bamyda jaý tutýardy. Ýogsa, ol Aşgabada düşüp, dost-ýarlarynyňka gezelenje barsa-da bolman durjak däl. Ýa-da Bagyra köne aşnasy Muhat agsagyňka baryp birküç gün bolanda-da, Köşüli Hally bagşylaryňka baranda-da, gelme diýjek däldiler. Ýa-da ol Gökdepäniň üstünden geçdi, halypasy Kel bagşyny göresem gelýär. Emma sowlup bilmedi. Ol bagşam bolsa, hiç haçan toýdan-toýa giden adam däldi. Ol bir toýy armanyny goýman sowar, soňra öýüne barar. Öýde Ejeligiň gözi ýoldadyr. Ondan başga-da ýedi-sany garagöz çaga oňa garaşyp otyrdy. Sary bagşy ýene bir zada ýylgyrdy. Bamynyň deň ýarysy onuň öz gurup beren maşgalasydy. Ol şägirt diýip bäş-alty sany oglany işiginde saklap ýördi. Dogrusy, olaryň hiç birinden hem onuň göwni suw içip ýörenokdy. Ýöne ol özüne ýykylyp geleni kowmaga ynsap edýärdi. Ýogsa Hanpoladam, Garaja Çaram, Welje-de, Hudaýgulam, beýlekilerem ýigit kemi ýokdy. Emma olar saz adamsy däl. Yhlas bilen, azap bilen almaly zat bar, durmuşda, emma yhlasyňa, azabyňa berilmeýän zat bar. Alla bermese. Hany göreýin, bir doga batyl bendä şu meýdanyň keşbini, bu dünýäniň reňklerini aýdyp ber. Ol seniň gürrüňiňe düşünermi bir. Olaram şeýle-dä. Olara-da Alla azap, zähmet, yhlas beripdir. Emma zehin, üşük bermändir. Onsoň olary nädip bagşy, sazanda etjek... Sary bagşy Uspen halypanyň bir sözüni häzir ýadyna saldy. – Sary, sen baýmy, garypmy?! Halypa bu sowalyny gören-görşen bagşylarynyň ählisine-de berýärdi. Ol şeýdip türkmen bagşysynyň gün-güzeranyny anyklajak bolýardy. Onsoň gerekli ýerinde ony tymsal edip aýtsaňam, «Türkmen bagşylarynyň güni-güzerany şeýleräk» diýip, ylyma geçirseňem boljakdy. Ol muny kitüwsiz, kinesiz soraýardy. Şonda-da Sary bagşy göni jogap bermedi. – Hawa men baý, halypa – diýdi – Tutuş bamynyň mal-,ülki meniňkidir. Emma meniňem mal-mülküm Bamynyň halkynkydyr. Bu gürrüňde hakykatdan daş düş’me-de ýokdy. Çünki Sary bagşynyň aýdýany dogrydy. Ol Türkmensährada aýdym aýdan sapary köp mally bolupdy. Şonda onuň aýdymyna haýran galan Misgingylyç şahyr başyny ýaýkap: – Sary jan, men türkmeni sahy görmedim. Munça malyň näme, seniň bir aýdymyňa tutuş Türkmensährany bererdim – diýipdi. Ýogsa şonda Sary bagşa gaty köp mal düşüpdi. Ol Misgingylyç şahyra on-on bäş sany düýe, bäş-on sany sygyr goýup gaýtmakçy boldy. emma şahyr etmedi. – Men Çowdur bagşydan alaryn. Bary bir ol özüne näçe malyň düşenini bilibem baranok – diýip, Çowdur köre degipdi. Çowdur bagşam agşamky Sary bagşynyň aýdan aýdymlaryndan ýaňa heniz özüne gelenokdy. Şonuň üçin ýöne ýylgyryp otyrdy. – Wah, mende mal barmy näme, malam bolsa Sary jana tutjak. Garry aýalym bilen garry alaşam bar. Şolaram, özümem, başymam seniň aýdymyňa gurban bolsun, Sary janym – diýdi. Sary bagşy oglanlardan Çowdur bagşa on düýe, on sygyr, on sany goýun iberdi. Galany hem az däldi. Ol şol gelende dört bamylyny gözli-başly etdi. Albaba hojanyň toýuny sowup Bamynyň gädiginden inenlerinde özüni garşylamaga çykan toý märekesini gördi. Bir gyrada bolsa obanyň öýlenip bilmän ýören ýigitleriniň ýedisi durdy. Bagşy il-gün bilen saglyk-amanlyk soraşandan soň olara garap: – Ine, mal adamlar, şol bendeleriň ählisiniň maňlaýyny açyp, gözlerini dört edeýliň! – diýdi. Şol sapar onuň getiren mal-harjy, mata-marlygy, bürünji, ýagy, mäşi on oglany gözli-başly etmäge ýetipdi. Ine, ol şony göz öňüne tutýardy. Bagşy şondan soň hem on bäş-ýigrimi bamylyny gözli-başly edipdi. Onuň guran öýleri, ojaklary indi Sary bagşynyň ogly, gyzy ýaly bolup, onuň daşyny gallap otyrdylar. Olar toýuň, ýasyň geňeşini Sary bagşysyz çözmeýärdiler. Bagşa bolsa şondan uly sylag-serpaý gerek däldi. – Bu zatlar Allanyň işidir. Allatagala ol bendeleri meniň elim bilen, meniň köňlüm bilen ýalkaýandyr. Onuň meni sylap, maňa mertebe berip, il-günüň diline salyp ýörenine-de şükür. Meni bu mukaddes işler üçin saýlap-seçenine şükür. Başga birini maňa derek seçen bolsa näderdim. Bu ýagşylyklary duýmanam galardym. Otly Bama gelip daýandy. Sary bagşy horjunyny, dutaryny, süýji-köke salnan düwünçegini alyp otludan düşdi. Ony çagalary jagylda-jugul bolup garşyladylar. – Kaka! – diýip, körpe balasy Nuryjyk onuň öňünden çykdy. Üç-dört ýaşasa-da dogumlyja görünýän körpeje kakasynyň gujagyna atylyp girdi. Soň tä öýlerine barýança onuň boýnuny sypdyrmady. – Ejelik, sag-gurgunmysyňyz, içiň-daşyň amanmydyr?! – Şükür, özüňem, sag-aman geldiňmi? Hany, «Şu sapar Şükür halypany alyp gelerin» diýýädiň-le. Ýa eýgertmedimi? Sary bagşy elini, ýüzüni ine-gana ýuwdy. Soňra içeri girip üst-başyny ýeňletdi. Öňüne çaý alybam, ýassyga gyşardy. – Şükür halypa-da gaty garrapdyr. Adam ölmese garrajak eken, Ejelik. Men şu sapar halypanyň has garrandygyny gördüm. Ol tüweleme, indi ýüze ýeteňkirläp barýar. Şonda-da dili, işdäsi, keýpi sag. Gülşip-degişip otyr. Köp salam aýtdy. Şol halypa sen-ä gowy görýär. Telim sapar aýtdy, «Salam aýt» diýip. Patma ene «Göreslerim gelip bagyrlarym gijeýär» diýip aglap galdy. Seni şolara alyp gitmesem, olar sen diýip öljekler... Ejeligiň gözlerine ýaş aýlandy. Onuň kelteden dogumly süňňi galpyldap gitdi. Atişgir bilen ojagyň oduny dörüp durşuna, äýneginiň aşagyndaky gözleriniň ýaşy ýaňaklaryna çaýylyp gitdi. Ol Bamyda äýnek dakynýan ýeketäk adamdy. Ony Sary bagşy birki ýyllykda Daşkende gidende alyp gelipdi. Özüniň alyn dişleri ýaly, aýaly-da şonda ýasama gözli bolupdy. Çagalykdan bäri bir gözi görenokdy. Indi ikinji gözem dert tapynyp ugrapdy. Ylaýta-da gam-gussa batsa, çakyzasy tutsa, ähli awy-zerzaw gözünden inýän ýaly, göz almasy sorkuldap agyrýardy. Häzir hem onuň gözlerine duýdansyz ýaş indi. Ol özi barda, özüne edilýän alada, hyzmat barada uzak ilde gadyr bilen ýatlanylýanlygyna bozulypdy. Onsoňam Patma enäniň adamçylygam bir üýtgeşikdi. Ony Ejelik özüniň hem göresi gelmän duranokdy. – Pahyrlary alyp gaýdybermeli ekeniň-dä. On-on bäş gün hyzmat ederdik. Olar bir bişen miwe ahyryn, bu gün bar, ertir bar. Adam pahyr, göreniň özüňki, görmedigiň pelegiňki diýenleri eken-dä. Sary bagşy çaý içip oturyşyna aýalyna göwünlik berdi. – Ine, Nury jany sünnet edenimizde alar geläýeris. Onsoňam, olara dözer ýalam däl, nebsiň-janyň agyrýar. Ýyly ýerlerinden gozgasyň gelenok. Senem näme, çagalar, myhman, aladaň ýetik, olar gelse-de, ýene bir topar alada boljak-da, özüňem ýaramazragam... Ejelik adamsynyň özini gaýgy, alada etmegine begendi. Hakykatdan hem Ejeligiň ýüki ýetikdi. Ýedi çaga, onuň üstesine at tezegini guratman gelýän myhmanlar, oba-goňşy, toý-ýas, içeriniň güzerany Ejeligi halys edýärdi. Ol onda-da, indi ep-esli ýaşan Nuryjygy arkasyna hopba edip, şol gydyrdanyp ýördi. Kä gijeler bolsa bagşylara hyzmat edip, daňdana çenli ojagyň başynda çaý diýene çaý berip, nahar isläne nahar berip, daňyny atyrýardy... Sary bagşy şonuň üçin Ejeligi gowy görýärdi. ony aýratyn hormatlap, bir ýere gitse, hökman adyny tutup, ýagşy sowgat alýardy. – Meniň barlygym seniň bilendir, Ejelik. «Sary bagşy, Sary bagşy» diýseler, gapdalynda senem barsyň. Seniň barlygyňda men erkana gezip, ilden ilere gezen bolup ýörün. Aýa;syz öýüň ýüzüne köz degsin. Men şu wagt Ýere, suwa hökmi ýetýän Süleýman pygamber bolanymda-da, sen bolmasaň maňa bu öýüň hözirem, eşretem bolmazdy. Şonuň üçin gaýrat ediber. Ýöne saglygyňa-da seret. Ejelik ýaş, bardaşly eginlerini silkip, razylyk bilen ýerinden galdy. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |