13:41 Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt | |
• Çözgüt
Powestler
Sary bagşy Pürliniň Daşkenten okuwdan gaýdyp gelmegine gaty begendi. Onuň öýi eýeli ýaly bolaýdy. Öň güzeranyň, iç daşyň gürrüňini, aladasyny etmeýän adam, bu agyr labyry egninde çekdi welin dünýäsi daralan ýaly bolaýypdy. Indi ogly geldi, şol agyr ýük egninden düşene döndi. – Kakam, meniň agşamky pikirimi nähili gördüň? – diýip Sary bagşy ogluna sala saldy. Pürli birden kämilleşen, akyllanan ýaly bolaýdy. Sary bagşy ogluny görüp: "Düýe ýitmese, semremez" diýlen sözi ýatlady. Oglunyň gidenine köp zaman geçmese-de, ol indi geňeşe ýarapdy. Pürli kakasynyň şägirtli meselesini agşam ýagşy oýlanyp, ýüreginde, aňynda bişiripdi. Ol häzir jogap bermäge taýýardy. Ýöne kakasynyň ony nähili kabul etjegini bilenokdy. Sary bagşynyň bir sapar göwni döwülse, gaýdyp jany takga çykaýanda-da, oňa gaýdyp geňeşe gelmejekdigini ogly ýagşy bilýärdi. Şonuň üçin ol daşdan köwläp gaýtmaly boldy. – Wah, diýýäniň dogry-la, kaka. Seniň ýaly beýik çynaryň şägirdi bolsa heý, bagşynyň, sazandanyň armany galjakmy janynda. Ýöne şony nähili gurap borka, ine, şonuň pikirini etmeli. Häzir bu döwlete-de bil baglar ýaly däl. Onuň öz derdi özüne ýetik. Asyl, bagşa, sazanda eli ýeter ýaly däl. Men Taşkentde bolanymda... Sary bagşy oglunyň sözi daşdan aýlamasyny halamady. – Maňa döwletiň derdini diýme, nädip şägirt , bagşy-sazanda ýygnap bolar. Ine, şunuň pikirini et... Ol bu gürrüňe agşam nahar-şamdan soň ýene dolanyp geldi. – Bolmasa, Gaýgysyza beýleki sala salynsa nähili bolarka? Şoňa kömek etse, seniň tamyň gapdalyndan ýene birki sany otag salsak, içine düşek ýazsak, her ýerden bagşy çagyrsak, şol bolar-da... Pürli agyr oýa batdy. Birden hem galkynan ýaly boldy. – Şu Gaýgysyz diýeninde bir zat ýadyma düşdi, kaka – Ol gözlerini kakasynyň ýüzüne tutdy. – Gaýgysyzyň ýanynda ýir ýigit bolmaly. Ine, şol bize göwnejaý maslahaty berip biler... – Gaýgysyz bolanda, başlyk bolýa-da. Onuň sözi gerek bize... – Kaka, meniň diýýänim boljak bolsa, gaýgysyzyň hem şonuň sözi bilen iş ýöredýändir. Arada Uspen halypa geldi, ine, şol ýigidiň sözi, pikiri bilen getirilendir. Ýurtda mekdepler açylyp ýör, okuwa, sowatlylyga üns berilýär, olam şol ýigidiň sözi bilen ýöredilýär. Häzir ol türkmen şahyrlaryny bir agza jemläp ýör, medeniýet-adat diýip bagry girýanmyşyn şonuň... Sary bagşy uly gyzyklanma bilen oglunyň ýüzüne garady. – Kim-äýt, ol. Gaýgysyzdan öňe geçip, oňa akyl öwretjek. Türkmend-ä beýle ogul, aý näbileýin döräbilse ýagşy-la! Pürli kakasynyň ýüzüne begençli garady. – Sen ony tanaýarsyň, kaka. Ol Kel bagşynyň agasy Öwezbaýyň ogly – Seýitmyrat bolmaly. Sary bagşynyň gözleri buýsançly ýandy. – Ine, munyňa «hä» diýerin. Ol bolup biler. O ugra ýanaşsaň, häsini taparsyň... Sary bagşy Öwezbaýa beletdi. Ol türkmeniň akyldar ogludy. Nurberdi hana-da, ondan öňki ahal hanlaryna-da geňeş beren Öwezbaýdy. Ol Kel bagşynyň çöregini kän iýipdi. Öwezbaý Kel bagşynyň ata başga doganydy. – Beý – diýip, Sary bagşy başyny ýaýkady. – Hudaý tarapyn, Kel bagşynyň ejesi Ogulsenäm üç ärden ogul dogurupdy. Biri Öwezbaý, beýlekisi Şiraly, üçünjisi Kel bagşydy. Öwezbaýyň akyl-paýhasda öňüne geçjek türkmende ýokdur. Şiralynyň seýisçilikde türkmen-hä däl, Eýran-Turanda öňüne geçjek bolmaz, sazanda halypalykda-da Kel bagşynyň öňüne geçjek bolmaz. Men şolaryň yzyny tutjak ýokdur diýip ýördüm welin, Öwezbaýyň ogly bar diýsen-e. Özem Gaýgysyzyň ýanyna barypmy?! Bolubilýär... Ataly-ogul gijäniň bir wagtyna çenli Seýitmyradyň ýanyna baryp, geňeş soramagyň geňeşini edip oturdy. | |
|
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |