14:05 Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat | |
• Gudrat
Powestler
Sary bagşy özüni bir keramatyň yzarlap ýörenini ir duýupdy. Ol wagtlar heniz ol çagady. Bir gije bir ak sakgally baba gelip, ony ýerinden turuzyp, eline dutar beripdi. – Me, çal! Çaga gorkupdy, aglapdy. Emma ak sakal baba ony erkine goýmaýardy. Ol üç sapar gelip, Sara dutar çaldyrypdy. Şondan soň gaýyp bolupdy. Şol wakadan soň Sary dutarda islendik sazy, islendik ýoly ýüzüniň ugruna çalyp başlapdy. Bir sapar bolsa... Bir sapar ol tomsuň jöwzaly günlerinde, günortanyň garaňkysynda tamyň kölegesinde dutaryny tiňňirdedip otyrdy. Emma birden ýüregi göterildi-de, agzyna gelen sözleri sanap başlady... Asly hanyň obasy bar, ken-di-i-i bar-ar! Emmek üçi-in leble-e-erini-iň gandy bar... Ol gözlerini ýumupdy. Aýdym gutardy. Bir seretse, öýüň töweregi obadaşlaryndan doly. Olaryň ählisiniň gözünde hasrat bar. Şol arada Üzümtäç ylgap geldi-de, ogluny bagryna basdy. – Gorkma, balam! Gorkma! Sary gaty gorkdy. Çagajyk ilki bir gözlerini tegeläp durdy-da, soň erbet aglady. Üzümtäç ogluny bagryna basyp oturşyna, ony zordan köşeşdirdi. – Eý, Alla, men näme bolduka diýipdirin. Agymy, hasratmy, aýdymmy, lälemi, bir gudratly owaz gelýär, edil perişdäniň sesi ýaly diýip, Bamynyň çetiräginde oturan Ata aga aýtdy. – Men-ä eşidip, ýerimden galyp bilmesem näme, onki süňňüm doňup galsa näme. Bu çaga düzüg çaga däldir. Onuň sesi, owazy dagysy ne gudrat. Özem saza goşup aýdýar-a. Bu gürrüň oba-oba aýlanyp, tutuş Etege ýaýrady. Bir gün bolsa iki sany atly güpürdeşip işige geldi. – Kim bar, at tutara!.. Myhmanlaryň atyny tutup durşuna, Pürli çaşgyn gözlerine ynanmajak boldy. – Baý-bow, han aga, geleweriň-de, geçeweriň. Olar ahalyň hany Nurberdi han bilen, belli sazanda, Ahal topragynyň akyldary Amangeldi Gönibek halypady. Myhmanlar öýe girdiler. Janly soýuldy. Tamdyrlara nan ýapyldy. Bamy obasy kiçijik toý jaýyna aýlandy. – Biz bir habar eşitdik – diýip, Nurberdi han ilki dillendi. – Seniň birje çagaň üýtgeşik saz çalyp, üýtgeşik aýdym aýdýamyşyn. – Hawa, han aga, şeýleräk ýaly. Bizem haýran. Biziň kowumlarymyzda-ha aýdym aýdyp, saz çalyp ýörenimiz ýok welin, şu çaga şeýleräk bolup çykdy... Pürli çaşgynyň aýdýany dogrudyr. Onuň ýedi arkasynda: kakasy Sary-da onuň kakasy Baýmyrat-da, onuň kakasy Begmyrat-da, onuň kakasy Öre çaşgyn-da bagşyçylyk ugruna kän bir ýykylyp ýören adamlar däldi. Ýöne Pürli çaşgynyň daýy ugrunda zehinli bagşy-da, sazanda-da bardy. Ylaýta-da, Üzümtäjiň doganoglany, Garrygalaly molla Guwanç bu ugra ussat adamdyr. Ol Garadäli gökleňiň iň soňky şägirdidi. Emma ol hem indi ahunlyga ýetişen kişi bolansoň, aýdym-sazdan sowaşypdy. Şonda-da ol öz ýegeni üçin öz tamdyrasynam getirip beripdi. Olam indi gelmesini seýrekletdi... – Hany, ol oglan – diýip, Amangeldi Göni egninden düşüren dutaryny el-aýak ýetmezräk ýerde goýup durşuna sorady. – Bar, oýnap ýören bolmaly. Häzir, çaý-çörek gelýänçä getirerler. Orta çaý-çörek geldi. Emma myhmanlaryň meýli saçakda däldi. Olar iki gözlerini gapydan aýyrman otyrdylar. – Elini-ýüzüni ýuwuň ahyryn. Onuň ýüzünden iki güjük ýalap doýjak-la – diýip, Pürli çaşgyn birhili göterilip aýtdy. Getiriň, çaltyrak. – Ol Saryjygyň elinden tutdy-da, ony öýe bakan iterdi – Bar, oglum, uzak ýerden hormatly myhmanlar gelipdir, ikelläp salamlaş. Saryjyk batlyja ylgap barsa-da, birden bu epeý, nätanyş adamlar görüp ýadyrgady-da, hyrra yzyna dolandy. – Hany, hany – diýip, Nurberdi han goltugyna elini sokup nämedir bir zatlary çykaryp durşuna aýtdy. – Gel, köşek... Pürli çaşgyn oglunyň yza serpilenini gördi-de, ony tutdy. Soň özi ony tutaklap, myhmanlaryň ýanyna eltdi. – Gel, Sary jan, gel gujagyma! Sary epeýden ägirt görünýän hanyň nuranadan peşeneli ýüzüne gorkarak seredip, baryp Göni halypanyň öňünde oturdy. Myhmanlar onuň etegini puldan doldurdylar. Olar Saryjyk ýagşy öwrenişýänçä mesaýy gürrüň etdiler. Soň ugruny tapyp, Saryjygyň eline dutar tutdurdylar. – Dur, beýtme, men düzüp bereýin – diýip, Göni halypa dutaryny çepekeý düzdi-de Sarynyň eline berdi. Soň bolsa dutaryň kädisinden çalaja saýlanýan bujagaz çagajyga ynamsyzlyk bilen seretdi oturdy. Saryjyk dutary şeýle bir kakdy welin, tutuş içeri tisginip giden ýaly boldy. – O-ho! – diýip, ullakan per ýassyga söýenip oturan han ýekedyza galanyny duýman galdy. Saryjyk üýtgeşik bir owaz çaldy. Ol sazy Amangeldi Göni hiç haçan eşitmändi. Şonuň üçin ol sazyň başynyň, ortasynyň, soňunyň ýerbe-ýerligine, kakuwyň, çekiwüň diýseň ussatlyk bilen ýugrulşynam ylaýta-da, näzijek, ýuwanyň seçegi ýalyjak barmaklarynyň perdeden çykarýan sesine haýran galdy. Saz tamam boldy. – Haýsy saz ol! – Bilemok. – Hany, ýene bir saz çal. Saryjyk indi «Goňurbaş mukamyny» özünem diýseň üýtgeşik owaz bilen çaldy. Göni halypa doňup galdy. – Beh, beh! Bala, nädiberdiň muny... Mukam tamam boldy. Myhmanlardan ses çykmady. – Dädem, indi myhmanlara iki sany aýdym hem aýdyp ber. Saryjyk gözlerini ýumdy-da, dutaryny elendirip çalyp başlady. Soň «Eý, wah-eý!» diýip, şirwana çekdi welin, hol işikde irkilişip duran atlar diriň-diriň böküp başladylar. Çölde gezen ak jerenler, Ýary gördüň-meý, gördüň-me-eý, weý-eý!.. Göni halypa gözlerine-de, gulaklaryna-da ynanmajak bolýardy. Bu ses dodajyklary çaga bilbiliňki ýaljak körpe balanyň agzyndan däl-de, mis topuň agzyndan çykan jadyly owaz bolup durdy. Saryjyk ýene iki aýdym aýtdy. – Boldy, bala! Çagajyk elenip-elenip ýerinden turdy-da, daşary çykyp gitdi. – Eý, Allam. Türkmende beýle gudratam boljak eken-ow. Men ýatsam-tursam dünýäniň ýüzünde beýle keramat bardyr diýseler ynanmazdym. – Ol Pürli çaşgyna garady. – Pürli, inim, gaty bek saklagyn bu keramaty. Bu diňe Bamyňky, Ahalyňky ýa-da külli türkmeniňki däldir. Ol adamzadyň keramadydyr. Olm gaty uly hasrata, uly aga meňzeýär. Myhmanlar çaýlap, naharlap, aýdym-saz edip giçlik ýola düşensoňlar hem ep-esli menzile çenli seslerini çykarman gitdiler. Ahyryn Bamydan çykylansoň Göni halypa saklanyp bilmedi. – Han, bu alamatlardan bir syr aňjak bolýarsyňmy? – Ýok, men-ä haýran galmadan aýňalybam bilemok, bagşy. – Ol gözlerini süzüp, agyr oýa batyp gelýän sazanda garady. – Allanyň keramaty bolmasa, men näme diýeýin... – Wah – diýip, Göni halypa başyny ýaýkady. – Meniň ýüregiň gursun. Oňa her hili howsala gelip ugraýar. Aýdaýyn diýsem, syrym açyljak aýtmasam, ýüregim ot alyp barýar. – Aýt, aýt. – Han, bu beýik, adam ogly çekip bilmez bir hasratyň agysydyr. Ol çaga şol agyny, halkynyň agysyny aýdym edip aýdyp dur. Bu bir Alladan gelen alamat, bu... Bu söze Nurberdi hanyň peşeneli ýüzi birden agralyp gitdi. ol hasratly gözlerini uçgyraksyz Garaguma dikse-de, sesini çykarmady. * * * – Aý, adamlar, ýagy gelýändir-ow, başyňyzam gutaryň-how! Bu howsalaly söze tutuş Bamy obasynyň ini sarsyp gitdi. oba yzan-da-çuwan bolup, Pürli çaşgynyň gaýrasyndaky boşluga üýşdi. 1877-nji ýylyň bahar aýy bolsa-da, adamlaryň howsalalygyndanmy ýa-da howanyň öz çigregi ýetikmi, oglan-uşaklar, aýallar galpyldaýardylar. – Juma ikimiz ilerki daga dümä aýlanmaga gitdik. Birneme aryp, ýaňy çaýa oturan wagtlarymyz ilerden ýüz-ýüz elli atly gyzylbaşyň inip gelýänini gördük. Soň bukulyp, olaryň ýollarynda ýatdyk. Olaryň ugry Bamy bolmasa-da, şu töwereklere garşy. Soň ugruny tapyp, beýleki depä indik-de, bäri at saldyk – diýip, Müllük Aňkaryň ogly Amannazar sakaw aýtdy. – Ynanmasaňyz, han-a Juma! Biziňki aýtmak agalar! Obanyň ýaşulylary Amat dert bilen Müllük aňkar, beýleki aksakallar birhili ykjamlanan ýaly boldular. – Adamlar! Bala-çagalary, mallary gaýra sürmeli. Obanyň men diýen eli taýak tutýany Bamynyň ilerki gädigine barmaly. Bama duşmanyň toýnagy düşmeli däldir... Adamlar öýläne golaý ýagynyň Näzdepä tarap sowulanyny anykladylar. Şonuň üçin bamylylaryň elli töweregi Näzdepä at salyp gitdi. Näzdepeliler ýerli ýerden ýaraga ýapyşdylar. – Wah, ýagy ýetip gelýär. Näzdepäni habardar edenimiz ýagşy, emma gum içindäki obalary nätjek? – diýip, Amat aga howsalaly seslendi. – Çeperlik obasy, Hojalyk obasy, Nurlynyň, Kesekburnuň kaklarynyň ýanyndaky obalar ýagynyň edil ýolunda-da. Olara indi çapar iberseňem boljak däl. – Indi giç. Alla tabşyraýmasak. Aralyk düýelä bir ýatymlyk ýol ahyry – diýip, Meret baý Çyrla tarap göçüp barýan Näzdepelilere garap aýtdy. – Duruň! – diýip, Müllük aňkar adamlary tisgindirip gygyrdy. – Näme bold-ow, ýüregimizi ýardyň-la! – Hany Pürli, hany Sary jan! Pürli çaşgyn oglunyň elinden tutup, bir gyrada wakanyň soňuna ser salyp otyrdy. –Pürli jan, Saryny Näzdepä çykaryp, gygyrtsak nähili bolar! Pürli çaşgyn sesini çykarmady-da ogluna garap sözledi. – Il derdine ýarap bilse, näsini aýdýaňyz! – Onda-da şunuň ýaly günde diýsen-e! – diýip, başga biri onuň sözüni alyp göterdi. Saryjygy Näzdepäň üstüne çykardylar. – Balam, «Ilerden ýagy gelýär, göçüň!» diýip, sesiňde baryny edip gygyr. – Eýrandan ýagy gelýär, göçüň-o-oow! – Eýrandan ýagy gelýär, göçüň-ow! – Çaltyrak göçüň, Eýrandan ýagy gelýändir-le-how! Saryjygyň sesi älemi tutan ýaly boldy. uzakdaky kaklaryň boýunda oturan adamlar «Eşitdik» diýen manyda, ot ýakyp başladylar. Olaryň yşarat odunyň alawynyň tüssesi asmana göterilýärdi. – Eşitdiler öýdýän! – Sary janyň sesi baryp Hywa iline ýetendir. Kesikburnuň kaky dagy nämemiş – diýip, Müllük aga arkaýynlaşyp aýtdy. Şonda Bamyly Allaberdi çozgun gözlerine ýaş aýlap, şu setirleri sanady: Il-günümiň guwanjy, Saýra bilbil Sary jan! Gapyl obaň daýanjy, Saýra bilbil Sary jan! Habar berdiň kürleri, Aljyratdyň gurtlary. Täzeletdiň ýurtlary, Saýra bilbil Sary jan! Balam ýedi ýaşynda, Rehnet nury başynda. Paý berildi düýşünde, Saýra bilbil Sary jan! Aslyň seniň ýagşydyr, Ata-babaň bagşydyr. Aýdym-sazyň nagşydyr, Saýra bilbil Sary jan! Çykdy Näziň başyna, Nagra çekdiň daşyňa. Durmaň iýdiň hoşuňa, Saýra bilbil Sary jan! Ses ýetirdiň çöllere, Mälim etdiň illere. Kuwwat berdiň billere, Saýra bilbil Sary jan! Batly bolsun başlaryň, Uzyn bolsun ýaşlaryň. Şowly bolsun işleriň, Saýra bilbil Sary jan! Allaberdi sözlemiş, Duşmanyny gözlemiş. Gyzylbaşy yzlamyş, Saýra bilbil Sary jan! – Berekella! Allaberdi şahyr. Sen Taňrynyň sözüni sözlediň. Sary jan ýedi ýaşamanka öz halkyna arkadag bolsa, geljekde, nesil bolsa, tutuş türkmeniň arkadagy bolar. Indi bizem oňa arkadag bolmalydyrys. Indem, atlanyň, duşman üstüne... * * * Şondan köp ýyl geçmänkä Etrek galalarynyň, obalarynyň adamlary Gökdepe galasyna ýygnandylar. Şolaryň arasynda Sary jan hem bardy. Ol özüniň gözlerine ynanmajak bolýardy. Her gün telim adam amanadyny tabşyrýardy. Top-tüpeň sesleri, ahy-nala, suwsuzlyk, açlyk adamlary zar-zelil edip taşlaýardy. Uly-uly adamlaryň, hanlaryň, batyrlaryň gykylygy, dawalary, gijelerine galadan çykyp, gala girýän adamlar, zähräňi ýarýan atyşyklar onuň süňňüni lerzana getirýärdi. Häzir onuň ýadyna aýdym-sazam düşenokdy. Diňe: – Eý, Allam, şu ýurdumy depelemäge gelen haýynlary kerçelemekde güýç-kuwwat ber. Namys üçin, ar üçin şirin janymy namart bolman bermäge kömek et! – diýip, dälilik hetdinde samraýan adamlaryň sesi onuň gulagyndan gitmeýärdi. Şol söz, şol pikir galadaky men diýen batyr adamlaryň däl, aýal-gyzlaryň hem aňyna berçinlenipdi. Asyl, çagalar hem duşmanyň üstüne atylmagy arzuw edip ýaşaýardylar. Olar atlara seredip, ululara kömek berýärdiler. Aýallar, men diýen gyzlar bedew atlara atlanyp, kepenlerini boýunlaryna orap, ukynyň iň süýji wagtlary duşmanyň üstüne atlanýardylar. Soň bir salymdan gykuwlaşyp çala gelýärdiler. Eger kimdir biri ýow meýdanynda galsa, oňa bilmedikleriň gözi gidýärdi. «Wah, Amangözel şehit boldy! Biz onça bolup bilmedik. Heleý dulunda, gömülip otyrys!» diýip, zeýrenýärdiler. Asyl tutuş gala, duşmany kül-peýekun etmek ugrunda ýaşaýardy. Ertesi agşam aladan çykyp, duşmanyň üstüne gidýänleriň sany has hem köpelýärdi. Ony ýene bir zat haýrana goýýardy. Onuň ilkinji halypasy Batyr bagşy (Kepeläň köri) gijelerine daňdanlar galanyň depesine çykyp: Duşman geldi, galmaň namys astynda, Ýörüň begler, ar almaga çykaýlyň! – diýip şeýle bir aýdymlar aýdýardy. Onuň ýakymly şirin owazy tutuş galany ýaňlandyryp durdy. Emma ol aýdymam tapba kesilipdi. Şonda adamlar: «Kepeläň körüne gala çykyp aýdym aýdyp durka ok degdi. Pahyr şehit boldy» diýip gürrüň edipdiler... Ine, Saryjyk şu zatlary görüp, duşmanyň üstüne gitmegiň ýoluny agtarýardy. Emma onuň diýeni bolmady. Günleriň birinde galanyň kybla çüňki ot-ýalynyň içinde asmana göterildi. Duşman böwsülen ýerden guduzlan gelegurt sürüsi ýaly bolup döküldi. Olaryň öňi ne-de yzy bardy. Özlerem ne ýaraly, ne sag, ne nalyş’ eden, ne ýalbaran, ne aman dilän, erkek göbekli bolsa, çaga-da diýmän, garry, ýigit diýmän, barysyny bäşataryň naýzasyndan geçirýärdiler. Adamlar galanyň derwezesinden bosgun bolup gaçýardylar, bala-çaga, ogul-gyz hiç kimiň gözüne ilenokdy. Ata oguldan, ene gyzdan bizar bolan ýaly, baş-başa, jan-janady. Sary ardynjyrady. Ol «Eje, eje!» – diýip zarynlap, aglaýardy. Nirä gitjeginem, nirelerde gizlenjeginem bilenokdy. Öýler, at üçin taýýarlanylan ot küdeleri ýakylýardy. Ýaşamak, gizlenmek üçin gazylan tümler gyzyl-dörjük edilip barlanýardy. Saryjygy gören haýynlaryň ikisi oňa tarap ylgaşyp gaýtdy. Olaryň päli düzüg däldi. Emma şol pursat bir atly adam geldi-de, Saryny çalyp alyp, atynyň öňüne mündirdi-de, derwezä tarap gyp basdy. Bir haýynyň bäşatarynyň naýzasy ýaş oglanyň egnindäki sary nagşy giden donunyň dalysyny ep-esli dilipdi. Emma ol atly bagtynda ýetişdi. – Sen ölmeli dälsiň! Sen bu halkyň bu beýik hasratyny, bu beýik nalasyny külli ýurda aýdym edip aýdyp bermelisiň. Sen şony unutma!.. Ak sakally baba atyny saklady. Soň Saryjygyň arkasyna aýasy bilen ýuwaşja kakdy-da, atdan düşürdi... ...Saryjyk özüni kimdir biriniň alyp barýanyny duýdy. – Suw, eje, suw – diýip, ol çalaja iňledi. Bu goja adam ony ýere düşürdi-de, arassa çägäniň üstünde ýatyrdy. Soň agzyna suw tutdy. – Bagtyň bar eken, balam. Ölmän galypsyň. Seniň ýaly oglanlaryň ýüzlerçesi galada şehit bolup galdy. Saryjyk gözlerini açdy. Soň ýerinden yra-dara bolup turdy. Gala bakan göz aýlady. Gökdepe gallasy hol ilerde, dagyň eteginde seleňläp durdy. Ol häzir misli zalym duşmanyň aýagynyň astynda depelenmedik ýalydy. Iliň-günüň päkize namysy harlanmadyk, nebir-nebir ýigitler, eneler, atalar, gyzlar, gelinler parçalanmadyk ýalydy. – Balam, ol ýüze garama. Bu gala parçalanan namysyň mazaryna dönendir. Ýat ýigrenjiler indi näçe gündir, türkmeniň namysyny parçalaýarlar. Hany, indi bu harap illeri synlap bilseň synla-da. Ah, dünýe, ah, gabha pelek... Ýaşuly Saryjygy arkasyna alyp, gumuň içine bakan mytdyldap ugrady. Ol şol barşyna silkinip-silkinip aglady. Soňam, erbet ah çekýärdi. Agşamara ol çolaja düşelgä ýetdi-de, oglanjygy egninden düşürdi. Bu ýerde ýaralanan adamlar, basgylansa-da duşmana per bermän çöle çykan gelin-gyzlar, ýaşlar, ýetginjekler kändi. Galadaky, onuň töweregindäki obalaryň garry-gurtulary maslahatlaşyp, gala baryp bilmeselerde, onuň töwereklerine aýlanyp, galan-gaçan ýaralanan, surnugan adamlary ýygnamaly edipdiler. Olar ep-esli adam bardy. Gün ýaşansoň olar has köpeldiler. Nahar ataryldy. Çaý-suw içildi. Saryny getiren adam şol aglap otyrdy, aglap otyrdy. Onuň hasraty tutuş iliň hasraty bolup ýaňlanýardy. Agalar bu galaň zaryn çekeýin-eý, Şehit doly äpet gör ýatyr onda. Namys-ar diýp ata çykan türkmeniň, Al ganyndan dörän köl ýatyr munda... Umyt söndi, parçalandy namysy, Ýaryn pelek, duşman çapdy ýarysyn. Armanly ýumulan gözleň hanasyn, Dolduryp-dolduryp, sil ýatyr onda... Hany şir-arslanym, namysyň täji, Gönübekim hany, mukam magrajy. Hem bu dünýäň, hem o dünýäň mätäji, Gurbanmyrat işan, pir ýatyr onda... Şeýdip gül ýüzlüler gitdimi solup, Şeýdip ter umytlar öçdümi sönüp. Il-gün çirk ýetirmez namysy bolup, Imana dolanan il ýatyr onda... Gojanyň bu hasratly hiňlenmesi adamlary erbet çaýkady. Adamlaryň ählisi, aýal-gyzlar, çagalar egrelişip aglaşyp başladylar... Bu hasratly owaz Saryjygyň dünýäsini erbet çaýkady. Ol titiräp ýerinden turdy-da, aňyrda, gollarynyň arasynda ýatan köne dutary eline aldy. Soň bir gyra çykdy-da, kirişe kakdy. Şonda onuň gözüne galadan at öňüne alyp gaýdan ak sakal goja görnen ýaly boldy. – Başla!.. Saryjyk dutaryň kirişine taýly sapar kakdy. Şol bada adamlar oňa bakan öwrüldiler. – Häýt, goý tamdyrany – diýip, gojalaryň biri aýtdy. – Aýyp bolar. Bu gün külli türkmeniň ýas güni. Aýdym däl-de, agy gerek bu gün! – Başla, çal! – Ak sakal goja oňa dutary çepekeýligine düzüp berdi. Özem başga bir dutary eline alyp, onuň garşysyna geçdi. Saryjyk ol gojany hem görýärdi hem görenokdy. Goja başlady. Dünýä mukam bolup gitdi. Saryjyk hem näzik, kirli barmaklaryny gapagyň üstünde ýöretdi. – Başla! Aýdyma başla! Bol «Agalar bu galaň zaryn çekeýin» – diý! – Aýdyp bilemok. – Aýt! Agalar bu galaň zaryn çekeýin, Şehit doly äpet gör ýatyr onda... Saryjyk ezberlendi. Ol gözlerini ýumdy-da, «Hak» diýip bir gygyrdy welin, älem-jahan lerzana gelen ýaly boldy. – Eý, Allam! – diýip, hälki «Aýdym aýtma!» diýen goja gobsundy. Ol ýaşuly däl, ol ýerde oturanlaryň özleri hem bu ömürlerinde bu beýle owaz, beýle aýdym, beýle saz görmändiler. Agalar bu galaň zaryn çekeýin, Şehit doly äpet gör ýatyr onda... – Wah, wah, jan balam, mundan ulam agy-hesret bolarmy... Adamlar silkinip-silkinip aglaşýardylar. Olar dünýäni unudypdylar. Garagumuň bir çolaja goly adamdan dolup gidipdi. Emma gelýänleriň sany tükenenokdy. Misli Gökdepe galasy bu ýere süýşüp gelen ýaly bolupdy. – Goýma, goýma, balam, goýma!.. Hälki ýaşuly elenip-elenip sözledi. – Goýsaň derdim täzelenýär. Meni az pursatlyk hem bolsa namys odundan çykar... Saryjygyň dutary elinden gaçdy. Onuň ysgynsyzja göwresi gumuň üstüne süýnüp gitdi. Ol ertesi guşluk mahaly gözlerini açdy. – Oýandy, gözüňiz aýdyň. Oýandy... Oglanjygyň agzyna nabat atylan çaý tutdular. Ol birki owurt içdi-de, başyny ýaýkady. – Sen kim bolarsyň, balam, ynsmysyň-jynsmysyň, haýsy ynsanyň balasy sen... Saryjyk ejesini, kakasyny, doganlaryny göresleri gelip ag;ady. – Men... Ol sözläp bilmedi. Adamlar onuň sözüne garaşdylar. – Adamlar! Gözüňiz aýdyň, bu uly hasrat size bir keramaty dogrup berendir. Belki, uzagyndan bolsun. Belki, beýik hasratyňyzyň agysyny aglaman, toýlarymyzyň aýdymçysy bolsun-da. – Agzyňdan Hudaý eşitsin... Adamlar bu ýedi ýaşly çagajygy Garagumuň obalaryna, golma-gol aýladylar. Onuň hasratly aýdymyny tutuş Garagum diňledi. Bu aýdym, aýdym däldi. Ol beýik bir hasratyň agysydy. Ol aýdym ulyny-da, kiçini-de, aýaly-da, gyzy-da agladýardy. Ol aýdym türkmen halkynyň Watan, ar-namys üçin beren gurbanlary, çeken ahy-nalasynyň köşeşdiriji owazydy. Ol aýdymy eşiden ýürek aglap-aglap, derdini egsen ýaly bolýardy. – Boldy! – diýip, bir gije şol ak sakal goja ýaşajyk çagany silterledi. – Tur, gideli! Saryjyk gojanyň diýeni bilen boldy. ol gojanyň tisginip duran Gyratyna münüp, bir gözüni açdy-da, Bamyda, Pürli çaşgynyň işiginde duranyny bilip galdy. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |