13:54 Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel | |
• Kesel
Powestler
Bu derdi-bela şeýle ýeňil geçse-se, hiç yzyna köwlenesi gelenokdy. Sary bagşy şondan soň ansambla zar boldy. Ol ysgynyna galyp bilenokdy. Ony bu keselhanadan çykaryp, ol keselhana salýardylar. Çagalary indi keselhana nahar-şam daşamaga halys öwrenişip gidipdiler. Ansamblyň gyzygy Sary bagşy eken. Bu ýere ýygnananlaryň indi aýdym-saz bilenem, iş bilenem ugurlary ýokdy. Bagşy sazandalar topar-topar bolşup, keselhana gelýärdiler-de, Sary bagşynyň daşary çykaryna garaşýardylar. Halypa daşary çykandan soň tä nahar wagtyna çenli gümür-ýamyr edişip, çaý içişip oturýardylar. Käwagt, howanyň açylgan günleri daşarda, bagyň aşagynda aýdym-saz edip berýärdiler. – Näme, bagşylar ansambly indi keselhana göçüp geldimi? Ýok ediň, bagşylaryňyzy – diýip, aýdym-sazy halamaýanlar, agyr keselliler janagyrylyk bilen igenýärdiler. Emma bagşy-sazandalaryň Sary bagşydan aýrylyşaslary gelenokdy. Şol arada Şükür bagşynyň dünýesini täzeländigi baradaky habar gelip gowuşdy. Sary bagşy birhili däldirän ýaly boldy. – Beýik halypa gitdi diýsen-e... Ol gözlerine bir ýaş aýlady. Soň wraç ýaşulyny çagyrdy. – Petrow, sen maňa indi rugsat ber. Men barybir ölerin. Beýdip keselhanada çüýräp ýatmaýyn. Petrow Sary bagşyny gowy görýärdi. onuň öýüne baryp, maşgalasy bilen gatnaşýardy. Onuň derdiniň lukmany hem şoldy. Bu rus ýaşulysy baryp, Birinji jahan urşy ýyllarynda Bäherdene gelip, şondan hem Aşgabatda ornap galypdy. Ol Uspenskiniň hem dostydy. Uspenskiý Aşgabada gelende Petrow onuň lukmany bolupdy. Ony derman-däri bilen, Daşkende barar ýaly edipdi. Şonda ol Sary bagşy barada Uspenskiden köp gürrüňler eşidipdi. Şol sebäplem Sary bagşa ýakyn durupdy. Onuň maşgala lukmanyna öwrülip gidipdi. Emma Petrowyň gorkýan zady, Sary bagşynyň derdiniň dermany indi ýokdy. Onuň hem derdi Uspenskiniň derdidi. Umuman, türkmenler oňa «inçe» diýýärdiler. Öýken iki tarapdan sowuklap, azar wagtynda aýrylman, indi «inçä» ýazypdy. Onuň dermany bolsa henize çenli ýokdy. Şonuň üçin Petrow Sary bagşyny saklajagam bolanokdy. Ýöne oňa göwünlik berdi. – Bahşy, bu dert bahşy derdi. Bahşy aýdym aýtdy, öýkeni aýamaýa. Öýken ýukalýar. Bagşy ýene aýdym aýdýa. Ýene ýukalýa. Wot, onsoň kesel ony eýeleýär. Bagşy ýene aýdym aýdýar, emma öýken kesel boldy, kutardy. Sen aýdym aýtdy ýok, eger aýdym aýtdy, öýken deşildi, düşdi. Aýdym aýtdy ýok. Sary bagşy lukmanyň sözüni tutdy. Aýdym aýtmady. Adamlar muny «Şükür bagşy ölenden soň Sary bagşy aýdym aýtmasyny goýdy» diýip düşündiler. «Bu-da beýik halypalaryň bir »sapagydyr» diýýänler hem bardy. Emma Sary bagşy ýaşasy gelýärdi. Bagşy öýüne gelensoň birneme ýagşylaşdy. Ýöne şol arada bir habar ony serpmeden gaýdan ýaly etdi. – Öwezbaýyň ogly Seýitmyrady basypdyrlar. Sud edip, on ýyl berenmişler. Ol Pürliniň bu habaryny bagryna sanjylan gama ýaly kabul etdi. Gijesi bilen gözlerine uky gelmedi. – Gaýgysyz nirä seredýärkän? Heý, onuň ýaly akyldary hem bir türmä dözüp bolarmy? Olar ýaly beýik danalar müň ýyldan bir dogulýar ahyryn... Ol ahyr soňy, daňdanlar uka gitdi. Bir bahar güni onuň garşysyna Şükür bagşy çykdy. – Halypa, salowmaleýkim! – diýip, Sary bagşy Şükür bagşyny bagryna basdy. Şükür bagşynyň ony hiç goýbäresi gelenokdy. «Beý, Alla janlarym, «Şükür bagşy öldi» diýdiler welin, onuň aýatyna baryp bilmänime utanyp ýördüm. Bul-a asyl aýatda diri eken. Ýa men ol gepi ýatlatmasammykam ýa ötünç soraýsammykam...» Sary bagşy oýa batdy. Emma Şükür bagşy ony uzak oýlandyrmady. – «Şükür bagşy öldi» diýip, heşelle kakyp ýörmäň. Men ölmerin. Meni ýerden gazyp çykararlar. Türkmeniň oňa güýji ýetjek gerçek ogullary bardyr. Ýöne, ine sen bir ölseň, köp wagtlap adyň ýiter. Emma senem direltjek ogul bardyr. Seniň hem eliňden tutup, ýagty dünýä çykarjak bir hoja oglany geler. Seniň adyň bilen onuň özem ýalançyda baky galar. Ýöne oňa wagt gerek bolar, Sary jan... Şükür bagşy birden keýerjekläp Sary bagşynyň ýüzüne garady. «Sen Duşaga bir bar. Garry watanda «halypam» diýip bir ses et. Aglaýşyňy il-gün bir eşitsin. Soň Sary bagşy gelip Şükür bagşynyň ýerinde ses etdi diýerler ýaly. Onsoň, meniň yzymdanjyk gelibergin. Meniň seni göresim gelip, bagyrlarym gijäp gitdi. men saňa garaşýandyryn». Sary bagşy halypasyny gujaklady. Şükür bagşy onuň durkuna siňip gitdi. Sary bagşy gorkup, tisginip oýandy. | |
|
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |