18:29 Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala | |
• Maşgala
Powestler
Pürli çaşgyn oglunyň arkasyndan depseň deprenmez baý bolup gitdi. ýöne onam, Üzümtäjem baýlykdan beter alada goýýan zat bardy, olam Saryny gözli-başly etmekdi. Olaryň öz çaşgynlarynda-da, garyndaş ugurlary bolan gyşyklarda-da gyz köki bardy. Üzümtäje gezek galsa, öz agalarynyň bir gyzy Garrygaladan getirip, nowbahar ogluna dakjakdy. Ýöne ýat ýerlerde özüniň ýagşy ornap bilmezligi, zenan adama dogan-garyndaşdan, il-günden uzakda ýaşamagyň agyrlygy ony iňkise goýýardy. Ol: Çuňňur guýa daş atsaň, Çümer gider, eje jan! Ýat illere gyz berseň, Ýiter gider, eje jan! – Diýen sözleriň manysyna indi düşünýärdi. Ol käte ezizlerini göresleri gelip, daga garşy uçup barýan guşlardan özüniň ýürek küýsegini ejesine iberip ýadapdy. Indi özüniň kowumlaryndan başga bir gyzyň öz gününe düşmegini islänokdy. Ýogsa, diýenini tutup otursa, adamsy Pürliniň hem gitjek ýeri ýokdy. Ahyr soňunda olaryň pikiri jemlendi. – Pürli diýär-ä – diýip, Üzümtäç bir gün aýak ýygnalyp, goňşy-golam, ýagalar ýatyşansoň, ýüreginde besläp ýören niýetini adamsyna açdy. – Sary janam-a gözli başly etmegiň wagty geldi. Araky gelenlerden ejemem «Näme, ýaman arkaýyn-la, bular» diýip, sargyt edip goýberipdir. Ogluň oba-oba syryp ýör diýsem, senem şol iki sany mal diýip, öýüňe köwleneňok. Saňa mal bolsa boljak ekeni... Pürli çaşgynyň hem şu pikirlerden ýaňa ýüregi byjyklap ýörene meňzedi. Onuňam gözleri ýiteldi. – Wah, näsini aýdýaň, keýwany. Men näme, «Gyz beýlekini aýal adam ýagşy biler diýip ýörün. Maňa galsa-ha, kakamy geçen ýyl öýlendirjekdim. Sen zat diýmäniňden soň, sesimi çykarman ýörendirin. Pürli çaşgynyň begenmesi ýöne ýere däldi. Ol Üzümtäç bilen ýaşap ýören ýyllarynda aýalynyň okuny ýaýyny ýagşy gurman awuna çemeleşmeýändigini, nyşana degmejek pikiri orta atmaýandygyna gowy göz ýetiripdi. Ol «Üzümtäç bir netijä gelse, diýmek, ýagşy maşgalany göz öňünde tutýandyr» diýip howlukmaç oýlandy. – Ogul seniňki, öý seniňki, sen ata. Doganyň bardyr, garyndaşyň bardyr. Soň öýke-kine bolmasyn. «Pylanylarda gowy gyz bar» diýseň, menem gitmäge ýaltanjak däl. Ataly bolsa, eneli bolsa, görsek, bilsek, soraşsak, soň ogluň gulagyndan çeksek. Indi, olam pata-da aldy, bir çen ýaşadam. Sary ýaly ogly on sekiz ýaşadyp öýereniňe il näme diýer. Illeň onuň ýaly oglunyň telim çagasy bar. – Men näme, ogluň-a on sekizini doldurýan bolsa, galanynam, maslahatlaşybermeli bolarys-da. – Ýok, sen maňa alasarmyk pikir atma. Aýt, öz garyndaş ugruňda kimiň gyzy bar, kim bilen garyndaş bolsaň ata-babaň razy boljak?! «Gudaçylyk müň ýyllyk» diýipdirler. Soň puşman edip ýörme. – Aý, ýok-la. Men näme, ogluň bilen özüň çözüber bu işleri. Adamsy oňa rugsadyny berdi. Indi gezek Üzümgülüňkidi. – Men bir ýeri göz öňüne tutýan welin, olar nähilidir? – Kim olar? – Börmeli Gartaň kethuda näme? Şonuň gowy gyzy bar – diýip gürrüň edýärler. – Kim diýýär?! Üzümtäç adamsynyň ýüzüne garady. – Kim diýer, gaýraky Sopy agsaklaryň goňşusy Gartaň kethudanyň aýal dogany. Arada toý edenlerinde şonuň uly gyzy gelipdirem. Wah, men görmändirin-dä. Maşgala kemi ýokmuşyn. Pürli çaşgyn oýa batdy. – Aý, näbileýin-dä. – O näme diýdigiň, seniň? Ýaşuly pikirini jemlejek bolup, aýalyny irikgä edip, ep-esli oturdy-da, birden azymly gepledi. – Näme indi şonam bileňokmy? – Nämäni? – Süýtli sygyr öz obasyndan daşa çykarylmaz., satyljak bolsa-da şol gowy gyz bolsa, Börmede-de eýe tapylardy, şoňa. Onsoňam, öz obamyzdan, tanap ýören ýerimiz bolsa gowy bolardy. Üçünjidenem, seniň gezende ogluňa Gartaň kethuda öz gül ýaly gyzynybermez. Ol adam tanaýandyr... Üzümtäjem kem galmady. – Meniň oglum gezende bolsa-da, nirede gep-gürrüň barka, nirede haram iş barka, nirede, iliň agzyndan galan-gaçan aş barka diýip, oba-oba, köçe-köçe syryp ýörenmi? Onsoňam, bilip goý, öz nowbahar ogluma ol-a Börme eken, baryp Hywa hanynyň gyzy gowy diýselerem, baryp söz aýdaryn. Hudaýa müň-de bir şükür, namysa galyp, ilden utanmaly ýerimiz ýokdur. Pürli çaşgyn sesin çykarmady. Ol oýlandygyça aýalynyň sözi dogry bolup barýan ýaly göründi. Şonuň üçin bir sähetli gün Börmä gitdi. Gartaň kethuda ony hoşamaýlyk bilen garşy aldy. Söwüş etdi. – Biziň bir gezenderäk, aýdym-saza göwnüni aldyran oglumyz bar. Näme, ata-ene bolsaňam ogly-gyzy öýermeli, çykarmaly. Bizem, näme, öz ýitigimizi gözläp geldik. Ýöne, Gartaň aga, «Gyzla müňüsi geler, nesiplisi alyp gider» diýipdirler. Oglanyň ejesi heýç goýmansoň, geldim. Ýogsa, sizi gaty gowy görýänim üçin, sylaýanym üçin gelmejek boldum. Gartaň kethuda «Haý, öýi köýen sylab-a bilýän ekeniň-ow» diýen manyda bir ýylgyrdy. Onuň hoşamaý ýylgyrmasyna Pürli çaşgyn has hem açyldy. – Men aýalyma aýtdym, «Men Gartaň aganyň gapysyndan şu gezende, elinden şol gaty taýakdan özge poh gelmeýän ogluň üçin gyz diýip barjak däl» diýip aýtdym. Mende günä ýok. Oglan şonuň ýaly. Men ol Hudaýdan gizlemedigimi senden gizlejek däl. Aýtdym, «Iliň gül ýaly gyzyny şol ykmandaňa alyp bermäne utanaňokmy» diýdim. Gepleşmänem gezdim. Ýöne, ahyr soňunda öýüň-aýalyň, gelmeli bolýar-da... Gartaň kethuda Pürli çaşgyny mundan artyk gepletmedi. – Aý, hawa-da, bagşam näme, ilde, günde ýok zat däl, gudaçylyga gelmegem ilde ýok zat däl. Ýöne, sen bir zady bek belle, Pürli, Sary ýaly oglum bolsa utanman iliň gapysyndan özm-ä barardym. Näme, galanynam, keýwany bar, gyz bar, geňeşeris, sorarys, ederis... Üzümtäç adamsynyň aýdan sözüne ýanyp-bişme kemini goýmady. – Sen iliň öýüne gidende içeriniň aýbyny açmalymy, naýynsap. Ogluň gezendeligi bilen näme işiň bar, elinden iş gelmeýändigi bilen näme işiň bar. Indi, şeýt-de, «Pürli çaşgynyň gudaçylyga gidişi ýaly» diýdir-de ýör. Hakykatdan hem il arasynda şondan soň: Pürli çaşgynyň gudaçylyga gidişi ýaly diýen gep galypdy. Emma bu gepleriň yzy gowa sepleşdi. Sary bagşy on sekizini doldurmanka Börmeli Gartaň gyzylgözüň gül ýaly gyzy Ogulbossany gelin edip törüne geçirdi. Ogulbossanyň öýe gelin bolup gelmegi bu içeriniň bir çyragyny ýaksa, beýleki bir çyragyny öçürdi. Pürli çaşgyn ýurduny täzeledi. Şondan kän wagt geçmänkä-de, Sary bagşynyň nowbahar ogly dünýä indi. Ogul bäbejige Pürli diýip at goýdular. * * * Adam ýaşap ýörse, başynda toý-da, ýas-da boluberýän eken. Ejesiniň ölümine gynanyp ýören Sarynyň depesinden asman düňderilene döndi. Bamyda Ogulbossan diýip guwanylyp ýörülen, gelinleriň serweri, jahan görki Ogulbossan Pürlini, Güljemaljyk bilen Altynjygy ýetim goýup, dünýäsini täzeläpdi. Boldy-boldy Sary bagşa boldy. Ol aýdym-sazyňam, toý-meýlisiňem, toý meýlisiňem seresiniň öýüň, ojagyň bitinligi ekenligine düşünüp galdy. Ol indi aýdym-sazy, toý-märekäni undupdy. Çagajyklarynyň arasynda bolup ýördi. Bolsa-da, Pürli ýetişip gelýärdi. Ony öýermek umydy bardy. Pürli öýli-işikli bolsa, çagalaryň tikin-çatynyna, biş-düşüne göz-gulak bolmaga adam boljakdy. Emma bu obanyň içinde unuň barka çörek bişirmek, hurşuň barka nahar-şor etdirmek hem hyllyllady. Emma Sarynyň garaşmadyk bir ýagdaýy boldy duruberdi. Hudaýyň: «Bir işigi ýapsam, müň işigi açaryn» diýeni çyn eken. Bir gije Gartaň gyzylgöz öz kiçi gyzy Ogulsabyry atynyň ardyna mündirip, sary bagşynyň öýüne alyp geldi. Agtyklary onuň öňünden ylgaşyp çykdylar. Şonda babalary olara: – Ine, size ejelik getirdim – diýip, gyzynyň arkasyndan itip, içeri saldy. Bu kelte boýly, diýseň dogumlydan berdaşly zenan diňe bir çagalar üçin däl, tutuş Bamy obasy, sary bagşynyň kowum-garyndaşlary üçin ejelik bolup galdy. Tä bu dünýäden gidýänçä onuň Ogulsabyr adyny soranam, bilenem, ýatlanam bolmady. Ol şol Ejelik ady bilen bu dünýäden gaýyp bolupdy. Sary bagşy Ejeligi halady. Bu aýal bagşynyň sungatyny jan-jigerden söýmedi. Bagşa Jahan, Gerek, Oraz, Nury, Annagül atly gül ýaly çagajyklary dogrup berdi. Pürlini, Güljemaly, Altyny öz çagalaryndan artyk görüp, söýdi, ulaldyp kemala getirdi. Sary bagşy Ejeligi ýatlanda ýüregi ýagtylyp gidýärdi. Ejelik barka öý-ojakdan, ogul-gyzdan, gün-güzerandan arkaýyndy. * * * Otly günbatara sary gidip barýardy. Bir wagtlar Sary bagşynyň howl alyp, ok-däriniň, top-tozanyň astynda galan galasy, Gökdepe galasy yzda galypdy. Galany synlan Sary bagşynyň ýadyna bir ýagdaý düşdi. Ol Gökdepe galasynyň içinde bolýarka her gün daňdan, agşam diýen ýaly öz halypasynyň – Kepeläň körüniň juda owadan ýugrulan ajaýyp aýdymlaryny diňlärdi. Kepeläň körüniň gözi az-kem şikeslidi. Şonuň üçin ol söweşe gidip bilenokdy. Ýöne adamlar söweşe gitjek bolanlarynda ol Görogly begiň namalaryny, Seýitnazar Seýdiniň «Ýöriň begler, ar almaga gideliň!» diýen goşgularyny üýgeşik owaz bilen aýdardy. Onsoň diňe bir özüne göwni ýetýän erkek adamlar däl, aýallar hem duşmanyň üstüne atly söweşe çykardylar. – Meni Amangeldi Göni Marydan Kepele diýen obadan alyp geldi, sesiň gowy – diýip, diýer oturardy. Ol Sarynyň ejesi Üzmtäjiň bişirýän burçly unaşyndan doýansoň, garnyny sypalardy-da: «Weý, edil bir hoja segsen ýaly bolduk» diýer gülerdi. Soňam Üzümtäje garap: – Enşalla, Sary janymy şeýle bir bagşy edip ýetişdirerin welin, türkmeniň-ä däl, Eýran, Turan haýran galar oňa- diýerdi. Sary şonda onuň özüniň hem Amangeldi Göniniň şägirdidigini bilmezdi. Aslynda, ilki Kepele aga saz çalyp bilmeýän eken. Ol ýanamaçy bagşy bolupdyr. emma Amangeldi Göni ony Marydan Arapgala göçürip gelenden soň, saz öwredipdir. Ondan «Sen aýdym aýdarsyň» diýip, jeň mahaly Gala alyp gelipdi. Bir gün daňdanlar Kepele bagşy: «Ýöriň, begler, ar almaga gideliň!» diýip, aýdym aýdyp durka sesi birden tapba kesilipdi. Soň adamlar «Kepeläň köri aýdym aýdyp durka, ok degip şehit boldy» gürrüň edipdiler. Şeýdibem, Sarynyň ilkinji halypasy bu dünýäni terk edip gidipdi. Otly günbatara barýardy. Onuň her duralgasy, ýoluň gyrasyndaky her oba Sary üçin ýatlama menzilidi. Ol şu geçen ömründe bu obalarda aýdym aýtmadyk ýeri ýok diýen ýalydy. Ol «Sen garypmyň, sen baýmyň, mallymyň, malsyzmyň» oňa bakmazdy. Onuň bar bilýäni aýdymdy. Ol aýdym aýtma kemini goýan däldir. Türkmensähra-da, Hywa illerinde, Pendi topragy-da onuň owazyna gark bolup galandyr. – «Görsen-e – diýip Sary bagşy ýene içini gepledip başlady. – «Men aýdym aýtma kemini goýmadym» diýip hondan bärsi bolup ýören ekenim. Emma barysy meniň özüm bilen gitmeli. Men ölenimden soň, meniň sesim, ne owazym ne-de adym galjak. Hana, Kepele halypa nähili aýdym aýdardy! Emma sesem, owazam özi bilen gitdi ahyryn. Emma biz ony gaýtalap, direldip ýörüs. Men welin... Şägirt diýip ýygnanym, öý bagşysy bolup galjak-da...» Sary bagşy öňünde iki sapar aýgytlylyk etdi. Ýöne olaryň ikisem abraýly boldy. ...Bir sapar, öz-ä ýigriminji ýyllaryň başlarydy. Öýlänara dört sany atly gumuň içi bilen Bama geldi. Oba-gara, daş-töwerek öňem gözi gaty gorkan adamlar üçin juda teşwüşli görünýärdi. Adamlar ätiýajy eleden bermejek bolýardylar. Şonuň üçin ol atlylar baryp Kerpiçliniň kakynda göze ilipdi. Olar tä oba gelýänçä adamlaryň nazaryndan sypmandy. Atlylar Sary bagşynyň işiginde atdan düşdüler. Sary bagşy myhmanlar söwüş etdi. Olar dem-dynç alsyn diýip, olaryň habaryny almady. Myhmanlaryň Daşhowuz-Hywa gapdalyndandygyny güman etdi. Emma myhmanlar gaty aladaly bolup çykdylar. – Bagşy aga, biziň habarymyzy alaweriň! – diýip, olar nahar iýip, gözleriniň awusyny alanlaryndan soň aýtdylar. «Myhmany atar, başyňy gutar» diýýändirler, biziň hywalylar. Sary bagşynyň tutumy aňyrrakdady. Ol bu gije myhmanlara aýdym-saz edip berjekdi. Sebäbi özi dosty Nurgeldi han, daýysy bilen Hywa illerine gezelenje gidipdi. Şonda bu ildäki adamlaryň myhmansöýerligine haýran galypdy. Bu gün bolsa olaryň hyzmatynyň bir bölejigini gaýtaraýyn diýip göwün edipdi. – Ýok, habar bolmaz, ýigitler. Biz bir hyzmat edeli, galany siziň bilendir. Emma myhmanlar özleriniň diýenlerini gögertdi. – Bolýar, aýdyň habaryňyzy. – Aýtsak, bagşy aga, bizi Han aga ýöriteläp iberdi. – Haýsy han?! – Gurbanmämmet serdar. Jüneýit han! – Aýdyp oturyň. – Han aga aýtdy. «Sary bagşynyň ady Hywa topragyna düşdi. Gelse bizem bir diňläp görsek» – diýdi. Şol çakylyk bilen bizi ýörite iberdi. Sary bagşy oýa batdy. – Wah, iniler – diýdi. – Han sizi gury azaba goýupdyr. Men hanlaryň bagşysy däldirin. Men halkyň bagşysydyryn. Eger Jüneýit hanyň Sary bagşyny diňläsi gelde, iliň biri bolup Bama gelsin-de, diňläbersin. Söz gutardy. Gelenler azyk-suwluk şaýlaryny tutup, ýola rowana boldular. Olar şol habary gylyny gymyldatman hana ýetirdiler. – Şeý diýmese onuň ady Sary bagşy bolarmydy! Ine, hanyň bir aýdan sözi şol bolupdy. Ýöne öz ýanyndan Sary bagşyny hiç haçan diňläp bilmejegine gaty gynanypdy. Sary bagşynyň ikinji aýgydy şeýle bolupdy. Ol bir sapar Sapar Han (Täçmämmet Suhangula ol şeýle ýüzlenerdi), Jülgeli Muhat agsak hemem daýysy molla Guwanç bilen Çowdur bagşynyň iline barýardylar. Olaryň ýoly Sowranly obasynyň üstünden düşdi. Atlylar mesawy gürleşip, oba itleriniň üýrüşýän seslerine ünsi köpräk berip, atlaryny maýdalyna sürüpdirler. Gün batyp baransoň, oba birhili ümsümlikdi. Mallaryň, oglan-uşagyň aýagy eýýäm ýygnanypdy. Günbatardan öwüsýän sowuk ýel adamlary düýrükdirýän ýalydy. Han aga bu ýerlere belet bolara çemeli. Ol nämüçindir myhman ýeri gözlegi bilen ýa-da täsin galma bilen töweregine garanjaklaman, ümzügini öňe dikip barýardy. Oňa derek Muhat agsak alaşasynyň jylawyny berk tutup oturşyna, «Şu öýleriň haýsy biriniň tüssesi belent çykýar, haýsy birine ertire çenli myhman bolup bolarka» diýen niýet bilen töweregine nazaryny aýlap barýardy. – Hany, aýak çekiň-le! –diýip, hol yzda galyp, gulagyny oba dikip duran ýerinden sary bagşy gygyrdy. – Bir alamat barmy ýa-da meniň göwnümemi?! Atlylar başly-baratlyrak saklandylar. Molla Guwanç ikindi namazy barada pikir edip baransoň, hiç zat eşitmedi. Bu wagt ýyly ýeriň pikirini edýän Muhat agsagam atyny aýlaýança ep-esli salym gerek boldy. emma Han aga döşüni ýapyp duran mäşbürünç sakalyny sowuk şemala ykjadyp, gulagyny gerdi-de, eýeriň üstünde dikelen ýaly boldy. Ol gözlerini gyrpyldadyp, obanyň jaýlaryny synlady. – Howwa-aýt, üýtgeşik ses-ä gelýär. – Ýa taňňyra, beýlek-ä se düşýärmikä? – Aý, ýok, näme bolsa-da çalynýan gural, manyly owaz, öz-ä. Molla Guwanç hem atyny yzyna dolady. Olam bu sese gulak goýdy. – Ol kemençe ýaly-la. – Näme? – Parslaryň, härirbeýjanlaryň saz guraly-deýt. Ol owaz indi has aýdyň eşidilýärdi. – Bi, adamlar, sazdan çaga ekläp ýören halymyza, bu owazyň üstünden depeläp geçmäliň. Näme-de bolsa göreliň... Muhat agsagyň göhi geldi. – Wah, şony diýsen-e, Sary jan. Mazaly, şu-ha bolaýdy. Olar Garrygalanyň aşak eteginde, Sumbar çaýynyň aýtymynda egnini ýazyp oturan Sowranly obasynyň insiziräk ýoluny syryp başladylar. Bu täsin owaz öňi bagsyz-bakjasyz ýan-ýana gurlan jaýdan gelýärdi. Atlylar jaýyň öňüne baryp, içeri tarap garap duruşlaryna, ýuwaşrak äheňde habar soradylar. – Habarlaşara adam barmyka? Habarlaşyň-ow – diýip, içerden adam çykmandan soň, Han aga has azymlyrak gygyrdy. Içeriden ýaş ýetginjek çykdy-da, işikdäki atlylara howsala hem-de geň galma bilen seretdi-de, ýene içeri sümülip gitdi. owaz ýatdy. Salym bermänem başy tahýaly, orta boýly, inçesagat ýigit daş çykdy. Ol atlylary gördi-de, aýakgabynam geýmän, olara bakan ýöneldi. – Essalowmaleýkim, geliň-de, düşüberiň! Ol atlylaryň her biri bilen «Essalowmaleýkim!» diýip, aýry-aýrylykda görüşdi. «Özüň-ä edep gören ýigide meňzeýärsiň!» diýip Sary bagşy salamlaşyp durşuna oýlandy. – Agalar, düşüň, myhmanymyz boluň. Muhat agsak öňürtiledi-de, alaşasyndan syrylyp düşdi. Soň hasasyna daýanyp, aty ahyrly gazyga bakan alyp gitdi. Işikde telim ahyryň, at baglanýan gazygyň barlygy, beýlede dag ýaly bolup duran ýaz bedesi bu öýüň gelim-gidimli öýdügini bildirip durdy. Sary bagşynyň atyny öý eýesiniň özi tutdy. Ony gazyga bakan alyp barşyna, içeriden ylgaşlap çykan ýetginjeklere ýumuş buýurdy. – Atlary jaýlaň. Otuna-iýmine göz-gulak boluň. Myhmanlar içeri girip namaz-täret bilen boldular. Diňe garaňky ýagşy goýalansoň, saçagyň başyna geçdiler. – Amanlykmydyr, inim! – diýip, Han aga öý eýesine habar gatdy. – Şükür, enşalla... Sary bagşy beýle-beýle tötänlige garaşmadyk bolara çemeli. Ol bir bendäniň duluny munça adam bolup ýassanyp oturjaklary üçinmi ýa-da öz tebigy bolşy bilenmi, özüni çekinjeň alyp barýardy. – Inim, günämizi öteweri, biz bir geçegçi, saý-sebäp bilen sowlup, rahatlygyňyzam bozduk welin... Öý eýesi munça-munça myhman çekmäge werdiş bolana meňzeýärdi. Ol arkaýyn gepledi. – Myhman, onda-da siziň ýaly gadyrly myhman gelmedik öýdenem bir öý bolarmy. Hany, geçiň saçagyň başyna. Öý eýesiniň ýumşak nanam, çekdirmesem taýýar bolara çemeli. Ol saçagyň üstüne bir zady goýdy. Az görmäň, adamlar. Yzy bardyr. Myhmanlar nahara başladylar. Sary bagşy çydap oturyp bilmedi. – Inim, ýaňy ýoldan geçip barýarkak bir hoşamaýdan üýtgeşik owaz eşitdik. Bizi bu öýe sowan şol owaz boldy. – diýdi. – Ol näme saz guraly boldugy. – Ilki bir tanyş bol ahyryn! – diýip, Han aga elindäki çemçäni tal çanaga goýdy. Soňra özüni tanyş etdi. – Ine, bu soranjaň adama Sary bagşy diýerler. – Bamyly, Sary bagşymy?! – Bamyly, Sary bagşy şol. Öý eýesi saçagyň başyndan turdy-da, gelip Sary bagşyny gujaklady. – Aý-hoý, aý-hoý! Meniň öýüme kimler gelipdir. – Ol – Molla Guwanç, Muhat ussa, Han aga bilen hem gujaklaşyp görüşdi. – Gör, muny, sizi meniň öýüme getiren gudrata döneýin. Ol şondan soň oturman daş çykdy. Bir salymdan öwrülip geldi. – Maňa Hanmämmet diýerler. Hanmämmet gyjakçy diýýärler. Kakama Allanur Şyh diýerler. Men, men Aly Seýidiň şägirdidirin. Myhmanlar biri-birleriniň ýüzlerine garanjaklaşdylar. – Gyjak bolanda näme bolýar? – Olam bir saz guraly. Üç kirişli. – Ol ýerinden turdy-da, ýüküň gapdalyndaky uzyn, baryp otagyň depesine ýeteňkirlän agajy saçaga golaý süýşürdi. Soň onuň depesindäki kädilije guraly sagyna towlady-da, gaňryp eline aldy. Ýerdenem gamçy ýalyjak, atyň guýrugyndan edilen ýüpi galdyrdy. Sary bagşy agzyny açyp galdy. ol saçagyň başynda oturandygyny unutdy. Sebäbi Hanmämmediň şol gamçyny kädä süýkäp çykarýan juda üýtgeşik owazyny-da, ol kädiniň özüni-de ol ömründe eşitmändem, görmändem. – Aý, Allam, şunça gezsegem, şunça görsegem, türkmeniň arkasynda beýle gudrat bardyr diýip kellämize-de gelenok ahyryn. Nahardan soň boldum edilip, töwür galdyryldy. – Çekilmäň, iýiň, myhmanlar. Häzir çekdirme-de gelýär. – Nahar kemi galan däldir. Sen şol gudratyňy bize-de bir görkez. Sary bagşy gyjagy, onuň kemançasyny eline alyp, haýranlar galmak bilen synlady. Kemençäni kirişlere syhap gördi. Soňam başyny ýaýkaý-ýaýkaý ony ýoldaşyna geçirdi. Soň uzyn söýege garady. – Ol nämesi? – Aşagy. Dik durup çalanda şol hada geýdirmeli. Muhat ussa belli dutar ussasy bolandan soň, gyjagy garyşlap, ussanyň göz ölçegi bilen synlap, soň Han aga berdi. Molla Guwanç bu gurala belent bolara çemeli. Ol oňa kän bir pisint edip durmady. – Hanmämmet jan, inim, hany birki saz çalyp ber bakaly. – Ýok, bagşy, men obamyzyň ýaşulylarynam çagyrdym. Biz bagşy diňläliň. Nesip bolsa, men sizi gyjakdan kem etmerin. Diňlejegiňiz gyjak bolsun. Sary bagşy güldi. Seniň aýdym diňläsiň gelse, ilki gyjagyňda saz çalyp ber. Kireýsiz kilim kakylýan däldir. – Onuň gürrüňi bolmaz. Hanmämmet gyjagy gulagyna ýetirip, ýagşy düzdi. Soňra kemençäniň bir ujuny sag eline aýlap aldy-da, ýuwaşlyk bilen çalyp başlady. Onuň damana ýolundan agladyp çalýan «Nergizi» içeriniň içene owaz bulagyny gapgaryp goýberdi welin, Sary bagşy tolgunmadan ýaňa ýekedyzyna galanynam duýman galdy. Bagşy beýle tolgunjy şu ýaşyna çenli görmändi. Ol türkmeniň örki diňe dutarydyr öýder ýörerdi. Şonuň üçin ol bu wakany ömrüniň juda uly tapyndysy saýdy. Hanmämmediň eline, kemençäni ýöredişine ýolsuz, çeliksiz, perdesiz ýerlere basyp, ussatlyk bilen ses alşyna telpek goýdy. Olar daňa golaý aýdym-sazy boldum etdiler. Adamlar öýlerine dargadylar. Şonda Sary bagşy gapdalynda ýassyga ýaplanman oturan Hanmämmediň ýüzüne syrlylyk bilen garady. – Inim, şu gyjagyň bagşynyň gapdalyndan goşup, kowup bolmazmyka? – diýdi. – Sen şu işi bitirip bilseň, türkmen saz harmanyna uly ýalkaw edermikäň diýýän. – Ol bolmaz! – diýip, Täçmämmet Suhanguly gyşaryp ýatan ýerinden ony inkär etdi. – Her zadyň öz ýeri bardyr. Türkmen ata-baba aýdymy tamdyra bilen aýdandyr. Halkymyzyň ýeketäk, hiç kimiňkä meňzemeýän bir sungaty aýdym-sazy. Onam kürtleriňki, häzirbeýjanyňky bilen garyp-gatjak bolmalyň. Gyjak häzirbeýjanyňky ahyryn. Gyjak çaljak bolsaň, tamdyranam ýok edip, tar ulanmaly bolarsyň. Ýogsa, bu ýüpek tarlaryňy gyjak basar-a. Taryň kirşi sim. Simiň owazam doňuz bakanyň sykylygy ýaly bir zatdyr-da. Onda ne owaz bar ne-de bir eşret bar. Ony goýbolsun et. Sen bu gürrüňiňi dagdan bärde etseňem, dagdan gaýrada etme. Ýaman nysyk ýokganç bolýandyr. Ol mama keseli ýaly, gaty çalt ýaýragyçdyr. Sary bagşy Han agany juda sylaýardy. Eýýäm halypalyga ýeten, Amangeldi Göniniň, Gulgeldi ussanyň eliniň, köňlüniň şerbetini alan, sazy ynsap derejesine göteren adamy özünden artyk hormatlaýardy. Ýöne, ol sazy, onda-da mukaddes türkmen sazyny dünýä ýaýmagyň, onuň mertebesini beýgeltmegiň hatyrasyna dostundan, halypasyndan artyk göreni üçin, oturyp bilmedi. Ol özünden alty ýaş ulam bolsa oňa «Han», «Han aga» diýýärdi. Şonuň üçin bu sapar başga hörpden gopdy. – Täçmämmet halypa! Sen meniňem, ata-babamyň hem dostusyň. Saňa hormatym çäksizdir. Emma saza welin sarpam has belent. Men türkmeniň şu sungatyna çigidiň gabygy ýaly ysnat getirjek bolsa, Amangeldi Göniniň Gökdepe galasynda duran ýerinde durup, ony şirin janymy berip goramasam namart bolaýyn. Men saz diýen zady şerigat bilen deň tutup ýören adam. şonuň üçin men saza çirk getirer-ä öýtme. Ony gowy etmejek bolsam, ýeriň teýine gitsin, gyjak diýen zat. Atam-babam şu wagta çenli gyjaksyz ötüpdir. Menem öterin. Ýöne her bir zada synanyp görmek aýyp däldir-ä. Näme namysy bar, gyjakda kowup, toýda aýdym aýtmanyň. Han aga ýolbarsyňky ýaly äpet başyny ýaýkady. – Çirkiňem bilmen, beýlekiňem. Saza garyndy goşulan ýerde men ýok. – Ol sesini çykarman bir gyrada diň salyp oturan Muhat agsaga tarap başyny atdy. – Sen aýdymy gyjak bilen aýtdyň-da, ýeri, bu äpet-äpet mukamlary näme etjek?! Atam-babamyň ne günler bilen döreden, ne günler bilen bu günlere getiren mukamlaryny näme etjek?! Ýa olaram bokuny böregine garan ýaly etjekmi?! Sary bagşy Han aganyň gaharyna ýumşak jogap berdi. – Gyjak bir ýowuz ýagy däldir-ä. Onuň öz girmeli ýeri bardyr, girmeli däl ýeri bardyr. Bizem çöregi başga ýerimizden iýemzog-a. Ony gelişjek, türkmeniň aýdym-sazynyň göterjek ýerine eltmeli bolar. Gelişmeýän ýerine aýagy sekmez. Han aga sözüni uzaldyp oturan adamlardan däldi. Ol şu ýerde gepi kesdi. – Şuny diňle, Sary. Şu kese dagyň aňyrsynda-ha seniň gyjagyňy alga aljak teke-türkmen tapylmaz. Ol il öz sazyny ýokarda goýýandyr. – Men, enşalla, gyjagyň ýerinem, ony ussatlyk bilen çaljak adamam taparyn. Şondan soň olar toýa gidip, Ahala öwrülip gelýänçäler gyjak barada söz açmadylar. Gaýdyşyn Sary bagşy Hanmämmedi Bama çagyrdy. Muhat agsaga-da gaýrat edip, onuň gyjagynyň ölçeg biçiwini almagy tabşyrdy. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |