13:40 Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli | |
• Pürli
Powestler
Pürli Sary bagşynyň nowbahar ogludy. Ol Gartaň gyzylgözüň uly gyzy Ogulbossana öýlenenden bir ýyl soň, 1890-njy ýylyň ýazynda Bamyda doglupdy. Ine, indi ol tüweleme, ýigrimi bäş ýaşyndady. Özbaşyna öý-içerisi, gün-güzerany bardy. Häzir ol Türkmenistanda ýokdy. Ony Gaýgysyz Atabaýyň karar etmeginde, Daşkende alty aýlyk okuwa iberipdiler. Sary bagşy ilki-ilkiler Pürliniň okuwa gidenini makullasa-da, indi onuň ýeriniň gädik bolup durandygyny bilýärdi. Özi gezendä adam, ogly öýde ýok, Oraz bilen Nury gaty ýaş. Onsoň ähli alada, odun diýdi, çöp diýdi, huruş diýdi, barysy Ejeligiň başyna bolup durdy. şonuň üçin ol bir sapar Aşgabada gidende Gaýgysyz Atabaýyň ýanyna ýörite baryp, ýagdaýyny aýdypdy. Pürliniň öýe goýberilmegini towakga edipdi. Nesip bolsa, Pürli indi bu gün-erte Daşkentden gaýdyp gelmelidi. Sary bagşynyň Pürliden tamasy beýle bir uly däldi. Pürlide zehiniň bardygyny ol duýýardy. Emma türkmenleriň «Çynaryň saýasynda çynar boý almaz» diýişleri ýaly, özüniň barlygynda Pürliniň kök urup, şaha ýaýyp bilmeýänligini aňýardy. Pürlä, ganat ýaýmak üçin uly sarsgyn gerekdi. Şol sarsgyn, Sary bagşynyň duýşyça, Pürlini açmalydy. Şoňa çenli ol yra-dara geziberse-de, bolýardy. Sary bagşy çaga wagtlary synlap, Pürliden gowy bagşy bolar öýdüp çen tutýardy. Emma onuň çeni çykmady. Dört ýaşynda Pürli jäjek çykarypdy. Türkmenler gyzamyga jäjek diýýärdiler. Ogulbossan çaganyň gyzamyk çykaranyny atasynyň öýünde duýup galýar. Şondan soň Börmeden Bama gaýdýar. Ýazyň güni bolsa-da, şol gün howanyň gyýagy ajaýar. Öýe gelensoňam Pürli agyrja ýatýar. Şol bela-beterem onuň bokurdagyny owýar. Bolsa-da demine degmeýär. Sary bagşy nowbahar oglunyň ses ýolunyň bozulmasyna gaty gynanypdy. Şonuň üçin ol agramy onuň eline beripdi. Garrygaladan Allanur şyhyň ogly Hanmämmedi ýörite çagyrdyp, Pürlä halypa tutupdy. Pürli gyjagy çalt öwrendi. Ýöne Sary bagşy onuň bilen kanagatlanmady. Pürliniň türkmeniň ähli aýdymyny diňe bir çalmak däl, islendik ýerde, islendik wagt çalyp iň ýokary derejede çalyp, kowup, gaçyp biler ýaly ýagdaýda öwrenmegini isleýärdi. Ol şonuň üçin Hanmämmede-de ynam etmän, Pürlini toýlara öz ýany bilen alyp gidýärdi. Sary bagşy ogullarynyň hem, bu döwürlerde özüne sazandarlyk edýän ýaşlaryň hem inip çykuwlaryna kän bir myzaýyk edip baranokdy. Ol Myllyny sylaýardy. Mylly Kel bagşynam, Berkeli halypanam, beýlekilerem gören sazandady. Şonda-da ol Sary bagşynyň ýanynda eli pytyramasy bardy. Bir sapar agyr toýlaryň birinde Sary bagşy «Saryýadan», «Hajygolaga» geçende Myllynyň dutary «pylly-pylly» edip başlandyr-ow. Emma Mylly hiç düzüp bilenokdy. Şonda Sary bagşynyň gahary gaty geldi. Ol aýdyma çekip barşyna Myllynyň dutarynyň gulagyna sag eli bilen bir patyladyp ýelmäp goýberendir-ow. Nädersiň, dutar düzülme kemi galman, ýöne zarňyldap dursa. Şondan soň ol Pürli bilen Mylla üç günläp dutar düzmegi gaýtalatdy. Asyl, soň olar görlüp otursa, dutar heň bilenem düzülse düzülýän eken welin, gulagyň aýlaw ölçegi bilen hem düzülmesi bar eken. Aslynda Sary bagşy toýda, märeke-de Pürliniňem, Myllynyň kemini, kösüni görse-de sesini çykarmazdy. Emma soň bir gün olara şol ýalňyşýan ýerlerini telim sapar gaýtaladyp, ýagşy ynjalýança olary sypdyrmazdy. Pürli bilen Mylly iki gardaş ýalydylar. Olaryň ikisi-de Kel bagşynyň eliniň, diliniň, köňlüniň şerbetini başlaryna çekipdiler. Emma olar Sary bagşynyň körüginde ýagşy bişip, onuň sandalynda ýenjilip, şonuň zehininiň suwy bilen taplanypdylar. Sary bagşy olara diňe bir märekede oturyp, turmany däl, hak-heşdek almanyňam, toýdan gaýdylanda sag bollaşmanyňam, soň şol toý barada gürrüň etmäniň hem ýollaryny salgy beripdi. – Juda edepli boluň, edepli – diýip, ol her sapar oglanlara sargardy. Görüň-ä, türkmen kimden nusga almaly bu zamanda. Kime meňzemeli. Medreselerde şerigat okatsalar hem ädamkärçilik okuwyny öwredýän ýok. Şonuň üçin «Mollanyň diýenini et, edenini etme» diýýärdiler. Siziň diýeniňizem edilsin, edeniňizem. Adamlaryň iň ýagşy gylygyny, mähribanlygyny, edepliligini, kanagatlylygyny, sabyrlylygyny ýurda ýaýradýan hakyky bagşylardyr. Bagşyny köp adam synlaýandyr. Ýolda, yzda-da, «Aý hiç kim ýok-la» diýip, bolgusyzlyk etmeli däldir. Iliň gözi sizdedir. Il görmände-de Alla görüp durandyr. Şonuň üçin edebiňize gaýym boluň. Bagşynyň senedi Allanyň senedidir. Allatagala Adam atamyza jany saljak bolanda sazy döredipdir. Siz adama jan salmasaňyzam, jany bir ynjalykdan düşürmäň. Senedi harlamasaňyz, ol sizi hor etmez. Onuň haky juda halal bolmalydyr. Bu sözler ýaşlaryň gulagyna çüýlenip galypdy. Sary bagşy bir sapar Bamyda bir toýda Pürliniň aýdym aýdyp oturanyny görüpdi. Onuň aýdyşy beýle bir erbedem däldi. Iň esasy ýeri, ol inuw-çykyşyny, çeküwini, dartuwyny, jukguldysyny ýerbe-ýer edýärdi. Adamlar ony gowy diňleýärdiler. Emma bu ýagdaý Sary bagşa ýaramandy. Ol şol märekede sesini çykarmasa-da, ertesi Pürlini ýanyna çagyrtdy. – Kakam, düýn Amanlygyň toýunda bir eşek aňyran ýaly bolup, haýkyryp otyrdy-la, ol sen-ä dälsiň-dä. Pürli sesini çykarmady. – Gaýdyp, aýdym aýtma diýen zadyň gapdalynda görnäýmegin. Şoldur-da şoldur, Pürli Sary gaýdyp aýdym aýtma diýlen zadyň gapdalynda görünmändi. Ýok, ol tä Sary bagşy dünýäden ötýänçä «Men saz çalýan-ow» diýip, başyny galdyryp gezen kişi däldir. Diňe ol däl, Sary bagşynyň sesini eşidip, onuň gapdalynda saz çalan kişileriň hiç birem Sary bagşynyň diriliginde döşüni şemala açyp, elini hallanladyp aýdym-saz edip bilmändirler. Çünki, Sary bagşy başy asmana ýetýän beýik dag bolsa, olar, hawa olar kiçijik şiremdiler. Bu ölçegde diňe bir Pürli Sary, Mylly Täçmyrat däl, men-men diýen halypalaryň özlerem razydylar. | |
|
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |