17:35 Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý | |
• Toý
Powestler
Sary bagşy Bamynyň kötelliginden Garrygala tarap köplenç Garälem diýen ýeriň üsti bilen gidýärdi. Garälem uly öwlüýädi. Ol türkmeniň ata-baba ýykylýan öwlüýäsidi. Özem ol ýer häzir Albaba hojanyň mülkidi. Albaba hoja hojalaryň gammar şahasyndan bolup, ata-baba şu mekanda jaý tutup, ýaşap ýördi. Onuň mal-mülki bu aýtyma sygmajak bolýardy. Şonuň üçin diňe bir çopan, çoluk, daýhan tutman, öz ogullary Öwlüýäguly bilen Muhammetgulyny hem mal yzyndan goýanokdy. Dagyň eteginden yňdarylyp gaýdýan bir degirmenlik suwy bolsa deräniň içine ýaýylyp ýatan meýdanlara siňdirip, adyny tutan ekiniňi ekip, bu ýerlerde müsür turuzyp, hasyl alýardy. Indi onuň uly ogly Öwlüýäguly ýigit ýetipdi. Baý ogluny gözli-başly etmegiň ugruna çykypdy. Şonuň üçin bama Sary bagşa ýörite Çakylykçy iberip, toýuny sowup bermegi towakga edipdi. Apreliň başlarydy. Garälemden gaýmagyň ysy gelýärdi. Albaba hojanyň guran hatar-hatar ak öýüniň işigi, atgaýtarym meýdan syrylyp, süpürülip, gül ýaly edilipdi. Şonça ýere düşek ýazylypdy. – Bir topar atl-a bamynyň kötelinden inendir – diýip, depäniň üstünde dürbi tutup oturan mergenler öz aralarynda gala-gala gepleşdiler. Olaryň matlaby bu habary öý eýesine eşitdirmekdi. – Näçe käkilik atmaly her gazana – diýip, palaw bişirýänler biri-birinden soraýardylar. Olara berlen buýruk şeýledi. Myhmanlar Bamynyň gädiginden indigi, naharlar atarylyp başlanybermelidi. Şonda Hojagaladaky gelnaljy Garäleme bakan ugramalydy. Onsoň olar bara barak toý ýerine gelmelidi. Hywadam, Büjnürt gapdallaryndan, Gyzylarbada, Ahaldan geljek myhmanlar düýn öýlän gelipdiler. Garrygalalylar-a indi bir hepde bäri şu ýerdedi. Olar müňe golaý käkilik, ýüze golaý keýik urup gelip, myhmanlary delje dag awy bilen hezzetlemegiň ugrundadylar. – Haýt, her gazana ýüz elli käkilikden az atmaň. Özem diňe but bilen döş bolsun. Boýun, gol, ganat, içlik, daşlyk bolsa çagalara gowrup beriberiň. Beýemçiniň haýbatly sesi bu jülgä ýag ýaly bolup siňip gitdi. Gazanlardan göterilýän tagamly bug janyňy alyp barýardy. Hatar-hatar gazan, daşy ardylan paýalardan asyp goýlan sygyrlaryň semiz butlary, ap-akja öýler, ýataklardan gaňtarylgy bedew atlar, öýleriň töwereginde, gazana golaýrak ýerlerde inip-çykyşyp oýnaşýan çagalaryň enaýyja sesleri bu owadan jülgä toý görnüşini berip bilipdi. – Käkilikleri sary ýaga gowraweriň. Özünem akdyryp gowruň. Gaty bolmasyn – diýip, öýden çykan aýallaryň biri aşpezlere habar gatdy. – Bor, Totan eje! Gül ederis – diýip, gazanyň başynda gydyrdanyp ýörenleriň biri Albaba hojanyň aýalyna garap ýumşaklyk bilen jogap berdi. Ahally myhmanlar gelnaljynyň ediljek yz ýanyndan jülgä girdiler. Albaba hoja öňki äheňine görä, myhmanlary jülgäniň girelgesinde garşylady. Myhmanlar atdan düşdiler. – Toýlar gutly bolsun, hojam aga – diýip, peşeneli sakgally Jahangir işan bilen Ata işan Albaba hoja bilen salamlaşdylar. Öý eýesi olardan soň Sary bagşy bilen gujaklaşyp salamlaşdy. Soňra galan on-bäş myhman bilen gadyrly görüşdi. Myhmanlar, özleriniň mertebesine, hünärine göräräk ýerleşdirildi. – Ýaman Sary bagşy bilen gadyrly görüşdiň-le – diýip, Jahangir işan kündügi alyp, çete çykyp barýarka, gözüni Sary bagşa ümläp Albaba hojadan sorady. Albaba hojanyň gaşlary salkym bolup sallanyp gözüniň üstüni ýanyp durardy. Ol şonuň üçin köplenç birine ünsli garajak bolsa aýasy bilen sallanyp ýatan gaşlaryny götermeli bolýardy. Ol şu sapar hem şeýdip gaşlaryny göterdi-de Jahangir işana garady. – Sary jan ýigidiň bagşysydyr, bagşynyň ýagşysydyr – diýdi. Onuň sözüne işan aga nähili düşünjegini bilmese-de, ýylgyryp: – Hawa-da, bagşynyň erbedi bolmaz – diýjek bolýasyň-da! – diýdi. Öýle namazyndan soň orta saçak ýazylyp, ikindä çenli nahar-şor ortadan aýrylmady. Bu wagt Garälem deresi aýdym-sazyň öýjügine öwrülipdi. Azyndan on-on bäş ýerde topbak-topbak bolşup, aýdym-saz edýärdiler. Emma Sary bagşy ak öýden çykanda, olaryň ählisiniň sesi tapba ýatdy. Sary bagşynyň ýanynda molla Guwanç, Hanmämmet gyjakçy, Pürli bilen Mylly bardy. Olar heniz ýaş görünýärdiler. Emma Sary bagşynyň serwi ýaly dik kamaty, nur ýagyp duran ýakymly, juda owadan ýüzi, uzyn elleri, durşuna ap-ak eşige giren didary märekäni haýran galdyrdy. Bu ýere bagşy däl-de, ýagşyzada gaýdyp gelen ýaly, adamlar ylgaşyp baryp onuň bilen salamlaşýardylar. Sary bagşynyň ýüzi salam saýyn açylýardy. Ol oduň başynda tegelenip ýazylan düşege bakan ýöneldi. Düşegiň üstünde bagşynyň ýeri bellidi. Ot uludan ýakylypdy. Onuň daşynda bolsa tüňçeler düzüm-düzüm bolşup, boýly-başa durdy. Adamlaryň düşege geçeni düşege geçdi, düşege ýerleşmedigi bolsa aşak, jülge tarapda dik durdular. Sebäbi baýryň ýüzi guş bazary kimin, adamdan doludy. Aşagyrakda aýallar, gyz-gelinler, çagalar otyrdylar. – Adamlar ha-aw, eşitdim, eşitmedim diýmäň! – Jarçy oduň başyna gelip gygyryp başlady. – Külli türkmeniň beýik bagşysy Sary bagşy ýörite Ahaldan çagyrylyp getirilendirle-ha-aw! Toý eýesi Albaba hoja bagşa ýedi gyzlyk mal tutýandyr-la-ha-aw! Adamlar demlerini alman, haýran galyp seredişdiler. Ýedi gyzlyk mal diýmek, ýedi ýüze golaý gara mal diýmekdi. Munça baýrak öňde-soňda, bagşa tutulan ýeri ýokdur. – Bagşa Hanmämmet şyh, Mylly sazanda, Pürli Sary gezek-gezegine sazandarlyk etjekdirle-ha-aw! Toýy sag-aman sowmak üçin sizden sabyr, Alladan abraý dileýändiris-le ha-aw! Jarçy ýene gygyrdy. – Toýuň ýaşulusy Kümmet kowusly Ata işan bilen bamyly Jahangir işandyr-la-haw. Näme kemçilik, näme maslahatyňyz bolsa şolara ýüz tutarsyňyz-la-ha-aw! Sary bagşy baýryň ýüzünden seredeninde, ojagyň başyndaky düşekde ak guş oturan ýaly duýgy döredýärdi. Onuň ýüpek ýaly mylaýym sesi Garaälemiň bagy-bossanly, seleň jülgesiniň ugry bilen bir ýerlere akyp gidýän ýalydy. Albaba hoja toýuň bir gyrasynda oturan ýerinden özüni sylap gelen il-gününe alkyş okasa-da, onuň begenji, buýsanjy Sary bagşydy. Ol maly dünýä sygmaýan barly adamlardandy. Her günde işiginde iki gazan nahar bişerdi. Olaryň köpüsi Ol göreş üçin, at çapyşlyk üçin näçe mal baýrak goýanyny bilenokdy. Ýöne Eýrandan getirden ýüz halta tüwüsini, on halta kişmişini, mata-marlygyny welin aýamalydygyny berk tabşyrypdy. Bu ýerlerde gyt zat bürünçdi. Mata-marlykdy. Ol Sary bagşyny diňlejek bolýardy. Emma hiç maý bolanokdy. Adamlar gelip-gidip, maslahat sorap, «Ony näme etmeli, muny nireden almaly» diýişip bizar-peteňini çykarýardylar. Şonuň üçin ol: «Wah, Sary jan, sesiňe döneýin, seni aýratyn çagyryp bir diňlemesem armanly boldum» diýip, ýerinden turmak bilen bolupdy. Ol indi düşege baglanyp oturmaly-da bolmandy. Sary bagşynyň sesi daýanyp başlady. Ony indi hol ilerki Hasaryň kemerine münüp, oturan ýeriňden diňläbermelidi. Sary bagşynyň sesi aýdymdan aýdyma durlanýardy. Jahangir işan ýanynda oturan ulamalara garap: – Sary bagşynyň ýeke özi aýdýarma-aýt! – diýenini duýman galdy. Ol bu sowalynyň birhili gelşiksiz bolanyny bilse-de, soraman oturyp bilmedi. Çünki aýdýan bir bagşy ýaly welin, ol owaz asyl bir bagşynyň bokurdagyna sygjak owaza asla meňzemeýärdi. Hiç kimden ses çykmady. – Aý, hawwa-da, ol Sary bagşy-da! – diýip, özi aýtdy, özi goýdy. Bu wagt Sary bagşy «Näzli baýramy» tamamlap barýardy. Onuň bokurdagyna salyp edýän heňi, jukguldysy gyjagyň näzik owazy bilen goşulyp kalbyňa kürsäp urýardy-da, sende nähilidir bir hili jahyllyk ýeňilligini emele getirýärdi. Aýdym tamam boldy. kimdir biri bir iner tutdy. Ýene bir göleli sygyr tutdy. Ýene bir aýalyň sesi eşidildi. Bagşy «Gümmürlendä» başlady. Jahangir işan gözlerini ýumup, başyny ýaýkanyny duýman galdy. Birdenem edýän hereketini biedeplik hasap etdimi, nämemi, ýekedyzyna galyp oturdy. Sary bagşy gümmürdeýän daglaryň arasynda däli-porhan bolup kükreýärdi. Ol Görogly begiň kuwwatyny, yhlasyny demi bilen parladyp açaýjak ýaly bolup, owsun atýardy. Bu daglar oňa gaty maýda bolup görünýän ýalydy. Ol asmana ýetip duran beýik daglaryň zaryny çekýärdi. Ol asmana ýetip duran daglaryň gümmürdisini eşidesi gelýärdi. Ol daglar bolmany üçin, ol owazyny daga öwürip, şony görlüp-eşidilmedik duýgy bilen gümmürdedip barýardy. Adamlar sarsman otyrdylar. Olar beýle gudratly owazy hiç haçan eşitmändiler. Beýle sesiň owazyň indi gaýdyp bu külliýatda döremejeginem aňanokdylar. Sary bagşy gudratdy. Aýdymlar hatar-hatar bolup geçip durdylar. Sary bagşynyň esrek owazyna çydaman zar-zar eňreýän gyjagyň sesi diýäýmeseň, hemem oduň şol owaza üfleýän şemala şatyrdaýan közleri diýäýmeseň, hiç kimden ses çykanokdy. Häzir bu jülgede Sary bagşynyň owazyndan başga yns-jyns ýok ýalydy. Bagşy «Baba senemiň» yzyndan birki owurt gyzgyn suwy demine dartdy. Şol pursat iki sany erkek adamyň özara gürrüňi onuň gulagyna ildi. – Bäý-bä, beýle-de bir bagşy bolar eken-ow. Onuň aýdyşy dagy gudrat-la how. Men-ä şu bagşyny Türkmensährada oturybam diňläp bolarmyka diýýän. Beýleki adamyň gepi ynjyly çykdy. – Goýsan-aýt, maňa ýedi gyzlyk mal däl, iki gyzlyk mal berselerem aýdarym şonça. Oňa berlen baýragy, tutulýan mallary aýt sen. Ol adamyň bu sözüni Sary bagşy gulagynyň duşundan geçirmedi. Ýöne ol gürrüňi onuň ýanyragyndakylar barysy eşitdi. Sary bagşy owadan başyny galdyrdy-da, şol tarapa gaňryldy. – Şol adamy meniň ýanyma alyp geliň. Adamlar aýdymyň bu eşretli mahaly bagşynyň bu sözüne bir hili boldular. – Aý, ol bir diliniň eýesi däldir. Bagşy, sen ony myzaýyk bilme. Diýse diýip ýörendir. Häzir güýji-gurbaty diýjek çeninde jemlenen, mukamyň iň belent daglaryna aýagyny aşyran, adamlary owazyna kökeren bagşynyň demi daş ýardy. – Getiriň şony, eger şol gelmese aýdym bolmaz... Ol adamy bagşynyň ýanyna getirdiler. – Otur şu ýerde. – Sary bagşy halaýyga ýüzlendi. – Adamlar, ine şu Taňrynyň bendesi men aýdymymy tamamlaýançam ile eşitdirip «Sary bagşy, Sary bagşy» diýip oturyp bilse, ene süýdünden halal, men şu gije gazanan mal-baýlygymy şuňa geçýän. – Ol ýylgyryp oturan adama garady. – Razymy?! – Razy! Sary bagşy «Saryýa» çekdi. Onuň sesi bu dünýäniň sesi däldi. Ol yzynda gyjagy mälede-mälede «Saryýanyň» pasyrdap duran ganatlaryna münüp, uçup-uçup barýardy. Adamlar gözlerini ýaşladyşyp, özleriniň gözlerinden bir mahal gaýyp bolan «Saryýanyň» yzyndan delminip garaşyp otyrdylar. Dolanawer Halap-Şirwan sary-e-e-e-eý! Ah jan-eý, eý-eýe-eý-eý-eeeee-eý, saryýe-e-eý-eý! Sary bagşy arşyň üstlerini aýlanyp, buşluk owazasyny alyp gelip, oturanlaryň ýaşly ýüzlerine çalyp goýberýärdi. Hee kim elenip otyrdy. Her kim nirede oturanyny bilenokdy. Her kim özüni unudypdy. Olaryň ählisi Sary bagşynyň gudratmy, keramat siňen owazyna gaplanyp, öz gäbini taşlap, ruh bolup özüniň ýitip giden «Saryýesini» agtarýardy. Emma... Aýdym tamam boldy. hiç kimden ses çykanokdy. Sary bagşy ullakan ýüpek ýaglyk bilen ýüzüni süpürdi-de gapdalyna seretdi. Emma gapdalynda hälki adamy görmedi. Ol geň galmak bilen: – Hany, ol kişi? – diýip, sorady. – Ol-a «Saryýanyň» ýarsyna-da ýaramady, bagşy aga. Ilki bir «Sary bagşy, Sary bagşy!» diýip bir salym oturdam. Soň «Saryýanyň» demine düşdümi ýa-da ugruny ýitirdimi «...ary bagşy, Çary bagşy, ary bagşy...» diýip samrady-da, birdenem ökjäni göterdi... Oturanlar gülüşdiler... Albaba hojanyň toýy Sary bagşynyň aýdym diýlen keramatyň iň belent depesine çykan pillesi bolupdy. Ony Sary bagşynyň özem häzir otlynyň üstünde oturşyna boýnuna aldy... «Aý, ol gije keramat bolupdy. Garälem janyň ruhy meni şol gije gaty beýige göterdi.» «Aýrylsa», «Begler», «Heserli», «Daş galdy», «Hajygolak», «Sataşdym» diýip bir çekipdi welin, onuň şol toýda haýsy aýdymy aýdandygyny Hojagalanyň, Gyzylarbadyň, Garrygalanyň adamlary soň sanap berip oturypdylar. Albaba hoja Sary bagşynyň ellenden ogşady. Elleriňe, dilleriňe güller bitsin, Sary jan. Men ölýänçäm seniň sungatyň guludyryn. Ölmänkäm Alla ýene bir sapar seniň keremli owazyňy diňlemäge goýsa, ondan müňde bir razy bolardym. Albaba hoja myhmanlara üç gün söwüş etdi, soňra olary sylaglap, serpaýlap Bamynyň gädigine çenli ugradyp, yzyna gaýtdy. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |