15:12 Semizlik / hekaýa | |
SEMIZLIK
Hekaýalar
Ýagyň özüňden döremesin... Muňam teni özüne duşman boldy. Ilki talypka, soň gullukda, iňňä sapaýmaly, şilliň uzyn, soguljansypat bir zatdy. Emma, öýlendi-de, ýa öte sulhy alyşdy, ýa-da jahyllygyň iň hupbatly aladasyndan sag-aman dynyp, göwnem-göwresem agaýana ýazylyp-ýaýrady. Garaz, heleýjigi janyna-da, tenine-de noş bolup, ol ers-mers ýarsdy. Boýy – bir segsen iki. Belet adamlaň aýtmyşyna görä: “Boýuň öňki birliginden soň gelýän sana barabar agramyň bolsa, ot duşi bolýamyş. Halys symyşlasyň gelip ölüp ýatsaňam, şo sanyň üstüne ýene-de bäş kile goşmak lazymmyş”. Oň bolsa, gullukdan gelendäki elli ýedi kilesi, gözli-başly bolandan soň, ilk-ä segseni seňseletdi. Soň togsany togtatdy. Soň sentneri serpmeden gaýtardy. Ahbetinem, il aýtmyşlaýyn: “iki gözi dört bolanna” ýarym ýyl geçip-geçmän, bir ýüz on ýedi kilä bardy-da, ol, mazaly soýubermeli baggoýna çalymdaşlykda, tos-togalak boldy galaýdy. “Ghorokhlu metaphoric stile” usulyny ulanyp şekillendirseň, onuň – kellesi gazan ýaly, alkymlary iňlis buldogynyňky deý, ýaňaklarynyň lopbuşlygyndan ýaňa gözleri deriň deşigine dönen, burny aňňal, agzy maňňal deýin, çekgesinde çelpek, ýeňsesinde çapady ýaýybermeli, garny meşik kimin, elleri but dek, butlary sütün kibi, özi bolsa tutuşlygyna döw bilen böwenjigiň nikasyndan doglan mysaly, äpetden gelen, mähnet bir zatdy. Dogrusy, ol ilki-ilkiler özüniň tulkuldap gidip barýan äpetligine hemmelerden pynhanam bolsa, guwanýardy. Sebäbi özüňi özgelerden mähnet duýmagyň lezzeti başgady. Ýeri, olar senden akylly, ylymly, görmegeý, pully, ulagly, edeni ugruna bolýan we şe-me, we şe-me bolanda näme, sen şu, sumoçy pälwanlaňka gaýra dur diýdirýän göwräň bilen, bat alakga bir süseňde, olary hol allaowarra atyp düşürip, huşundan gidirip taşlap biljek bolsaň?!... Emma, günlerde bir gün, onuň ömür edýän işi däldir welin, çepine turdumy nämemi, olam pillerini alyp, hümerlenişip barýan goňşularynyň ugruna, oba öwlüýäsindäki ýowara gatnaşdy. Oglanlygynda-da üýtgeşik eli pil tutup görmän diýen ýaly ulalan çaga, diňe bir alnyndan däl, eýsem tutuş tulkuldyk bedeninden joralanyp akýan derden ýaňa myžžaryp, birmahal könelen mazarlaryň daşynyň ot-çöpüni çapyşdyryp ýörşüne, töweregine garanjaklap, öz göwresinden kemsinmek kemsindi. Çar ýanyndaky deň-duşlary, oňa görä dözümli deprenýänem bolsalar, batlaryny gaýtarman, göwnübir işleşen bolup ýörler. Munuňky ýaly garasuw bolup, demi-demine ýetmän, ölüm halynda çalajan gymyldaýany ýok. Bu bolsa, edil onlarça menzil aralygy ylgap geçen dek ýa-da ilerdäki gara dagyň takmynan ep-esliň ýarysyndanam gowragyny gerşi bilen daşap tekizlän deý, agzyny hatap kibi açyp, sojap, öýkenini agzyndan çykaraýjak bolýar. Ýogsa, bar işlänem-ä sähelçe. Köpçülikde hiç kim oňa kelam agyz gyjalat bermese-de, ol özüne garşy assyrynlyk bilen oklanýan ýaşyryn kinaýadan püre-pür nazarlaryň hemmesinem gördi. Ýa-da tosun bedenine çakdan aşa zor salynmagyndan ýaňa bulaşyp duran nepesi zerarly, şeýle bakyşlar bardyr, özem olary görýändirin öýtdi. Aslynda: “Seň semizligiň-arryklygyň kimiň nä nemesine?! Bü zamana tüýs: “özbek özüne bek” diýilýän zamana dämi nä?!” diýäge-de, aňyny eýelän bu şeýtan şübhesine ünsem bermeli däldi welin, elbetde, şu tulkuldyklygyna kemsinmek öňem ýüreginiň bir ýerinde bukulyp ýatan bolara çemeli. Ol, şo gün leji çykan agyr göwresini sag-aman öýüne oklanyndan soň, horlanmagyň kül-külüne düşdi. Ilk-ä, bü mesele bilen “diýetolog, endokrinolog” we beýleki “log” diýilýän dogtorlara ýüz tutmaga ýaýdanyp, ondan-mundan: “ýamanam bet peýda edýämişdik” diýip eşiden berhizlerini saklamaga girişdi. “Diňe gaýnadylan zatlary iýseňmişdik, aňyrsy üç-dört hepdäň içinde: “Sypatyň dagy nätüýslek-how, anabolikden doýan Arni ýalaky bolup?!” diýilýäne dönýäňmişdik” diýip, özüni diňe gaýnan owkada tutdy. Gaýnadylan et, käşir, şugundyr, ýeralma, kelem, kädi, sogan, sarymsak, pomidor, badamjan, bulgarburç... Peýdasy nöw. Soňra: “Çig suw içmän, diňe gaýnadylyp sowadylan suw içseň, aňry gitse ýigrimi bir gün diýlende, erkekler üçin türsik reklama edilýän žurnalda model bolubermeli kaddy-kamata girýämişiň” diýip, esli wagtlap ýanyndan gaýnag suwly düpbesini aýyrmaýana öwrüldi. Peýdasy nöw. “Belaň körügi muçnoýda bolmaly. Aslynda, taryhy seneýazgylary bilen tassyklanan anyk çeşmelerden alnan, ýüz prosent ygtybarly maglumatlara görä, Adam ata bilen How enäň jennetden kowlup iberilmegine-de, şoň ýekkejejik dilimi sewäp bolupmyşdyk!” diýip, hamyrly zatlary iýmesini kesdi. Peýdasy nöw. “Şekere “ak ajal” diýýäler” diýip, süýji iýmesini bes etdi. Oňam peýdasy öňküler ýaly. “Ylgamaly” diýip, irden-agşam özüne zor salybam bolsa, höküdikläp, obaň köçelerinde eýläk-beýläk jort atyp gördi. Muňam peýdasy gara jinnek. “Kaçatsýa etmeli” diýip, tä ýüregine düşýänçä, ýagny, tutuşlygyna bir hepdeläp şäherdäki sport toplumynyň zalyna gatnady. Bu saparam öňki-öňkülik. “Ýüzmeli” diýip, onam etdi. Dogrusy, ýüzüp bilmese-de, il deňinde serhowza gatnap, suwuň içinde bolşuna görä gybyrdyklap-däbşenekläb-ä göwün solpusyndan çykdy. Bir hepdeläp. Emma, horlanmagyň bu usulynyňam peýdasynyň öňkülerden tapawudy nol. Soňra: “Öňküler-ä ýer depensoňlar möjek ýaly agajet, çus ekenler” diýip, onam başlajak bolup gördi. Emma, eýlesi-beýlesi birki ädimlik ýeri, göwünli-göwünsiz depen boldy-da, bu pişe dessine ýüregine düşdi. “Jähenneme gitsin-laý! Şeýdip horlanmaly bolsa, çişikligime öläýjek. Garaz, tabydymy eginlerinde göterip bilmeseler, pogruzçik bilen bir zat ederler-dä. Gömmän, porsadyp taşmajaklar-a belli” diýip, gaharly tüýkürinjiräp, käýinjiräp, ýeňsesini tüňňerdip, öýüne gaýtdy. Ýeri, indi nätmeli? Ol hammamdaky diwar aýnasyndan özüne bakýan lopbuk ýüze tiňkesini dikip durşuna iňkise gitdi. Indi, şeýdip, şu ýalançydan, ine şuň ýaly tulkuldap duran tulumpisint bir zat bolup, ötüp geçäýmeli bolaýarmyka?! Waý da-a-a-t! Wadaryga-a-a!!! Süňňüni gaplan lapykeçlikden ýaňa, onuň agysy tutdy. Şeýlebir tukatlyk basmarlady welin, ol gursagynda dyňzap duran umytsyz gam-gussa sebäpli, tasdanam dady-perýat edip, bagry birýan, gözi girýan, ýarym-ýaş aglap ugraýardy. Ýöne, özüniň erkekdigi, ýakyn günlerde-de oglan-gyz, garaz nähilem bolsa bir çagaň atasy boljakdygy hakyndaky pikir, onuň owalaryny dolduran nemi kepedäýdi. Megerem, şol pikir itergi berendir, şondan soň, göýä, onuň beýnisinden göwnüçökgünlik perdesi syrylan mysaly, ol ýene-de öz derdiniň najadyny agtaryp, içinden öwür-çöwür etmäge başlady. Ýo, beýdip, bada-bat ruhdan düşjek bolup ýatmaly dämikä diýýän! Nähilem bolsa, il deňinde horlanmaň alajyny tapmaly. Ýa, dugtora ýüz tutup göräýsemikä? Internetd-ä şolaň näme etse-de horlanyp bilmeýän adamlaň garnyna nasos sokup, ýagyny sorduryp alyşlary hakda rolikler ba ýalydy... Emma, köpbilmiş aňynyň ilgeziklik bilen hödürlän bu çykalgasy, onuň ýüregine jüňk bolmady. Ýutubda görendäkisi ýaly, garnyny dilip, içine-de ýylpyldawuk plastikden çaklaňja tokurtgajygy sokakga, “hossuk-hossuk” edip, böwrüniň ak ýagyny sorduryşlary göz öňüne gelende, gorkudan ýaňa onuň endamynyň tüýleri syh-syh boldy. Elleriniň-aýaklarynyň hamy bolsa towugyňky deý digir-digir digirlendi. Ylla bir, edil şu pille golundan gaňryp, şatyrdadyp tutaga-da özüni narkozyň astyna alyberjekler ýaly, ol bu usuly inkär etmäge howlukdy. Ýo-laý! Ol-a bolmyýa-laý! Gümüne gitsin-läý! Beýdip kösenip. Üstesine-de, öňem bir edeni tersine bolup, düýäň üstünde it ýaryp ýören biriniň: “Owalbaşda meň maňlaýym ikidi – biri şum täleýim, beýlekisi düýäň s...k...di” diýşi ýaly, menem beýtdirjek bolsam, ýa narkozdan açylyp bilmän gatap galaryn, ýa-da ýagy sordurylan garnyma hapa düşüp, iriňläp, diriligime çüýrärin... Ýeri, bu usulam bolmaýan bolsa, çişiklikden dynmak üçin näme etseň rast bolar?! Ol şeýdip içini hümledip, hammamdan çykdy-da, özüne: “Iýjek-içjegiň bamy?” diýýän hamyla gelnine gözüni alardyp, sesini çykarman, öz otaglaryna geçdi. Sandygyň üstüne galdyrylan ýorgan-düşegiň arasyndan sogrup, ýassyk aldy-da, dulda süýndi. Birsellem gözüni dikmaýtaryna dikip, böwrüni diňläp ýatdy. Ýüzinligine öwrülip, ýassygy bagyrtlady. Nätmeli?! Alla bilsin. Şol pursadam onuň kelleçanagynda, edil eltelefona sms gelendäki ýaly, duýduryjy owazjyk ýaňlanyp gitdi. Dyň-dyň, dyň-dyň... Ol oslagsyzlykdan ýaňa tisgindi. Gözüni ýumjuklatdam welin, bäbeneginiň iç ýüzünde internet-forumlardaky ýaly ýazgy peýda boldy: 1. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:06) [Mowzuga geç] Nä-il-ow, bläk broze?! Ýaman imezmiň? Nä, rožaňy sortdurýaň?! Ýa, meň krasiwyý sypatym, iýýäm ýüregiňe düşäýdimi?! Bratok, görýän welin, sen Magtymguly akgamyzy kän okamansyň öýdýän, hä?! Şo dünýe döräp, öňli-soňly, woobçe krutoý talantly bratok, ýamanam bir, gaty bet edip, ot duşi ýanjap ötüpdir-ä: “Iýip-içip, s...çyp, münüp-guçup, öt ýagşy” diýip! Onnoň sen nä, beýdip mennen nägile bolan bolup ýöň-aý?! Bilseň, drug, şu ýalançy jahanna diňe iýeniň-içeniň, münüp-guçanyň, onnoňam s...çanyň galar. Başga hiç zat... Ýa, nä, özüňi Magtymgulydanam akyllydyryn öýdýämiň? Hä?! Ol owasynda peýda bolan bu ýazga allaniçigsi boldy. Laňňa oturdy-da, kellesini silkeledi. Emma, beýdeni bilen ýazgy gaýyp bolmandan soň, hasam howsala düşdi. “Eý Hudaý-a! Semizlik barada aşa köp gaýgylanyp, dälirejek bolýamykam?” diýip, içinden aljyraňňy oýlananda bolsa, gözüniň öňünde täze ýazgy döredi: 2. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:08) [Mowzuga geç] Bro, beýdip, meýniň iç ýüzünde köneçil oýlanmasana-how! Maňa okamak kyn bolýa. Beýle öte-de bir durmuşdan yzagalak bolmazlar-how, dossum! Özüň bilýäň-ä, bü mahal aýpi tehnologiýalaň eýýamy. Adam dörände gyrlyp tükenen dinozawrlar kimin gazylyp alynýan tapyndy bolma-da, sowremmennyý boljak bolaýsana-how, bläk broze! Muň üçribem ikimize pikir alyşmak aňsat bolary ýalaky, öz pikirleňňi meňki tek, net-forum habaryna meňzedip oformlýat etsene! Näme üçindir bu ýazgy, durkuny eýelän howsaladan onuň ünsüni sowdy. Öz içindäki nämälim bir ýerden özüne habar ýollaýan, özüni “DJ TULKULDYK” diýen nik bilen atlandyran söhbetdeşine: “Nädip?” diýen sowaly berenini, özem duýman galdy. 3. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:10) [Mowzuga geç] Woobçe problemasy ýok, bro! Özüň meň bilen çatda ýa-da forumda ýazyşýan diýip, göz öňüne getir-de, göwnüňe näme gelse, ha taraşlap, ha taraşlaman eňteriber. Gowy zady, bu taýda seň “ýazanyňa dä” diýjek ýa-da ýazanyňy filtrläp, göwnüne ýaramadygyny öçürjek, ýa-da gepde basylsa, seni saýtdan banlajak adminem ýok, moderem. Bu ýazgyny okap ol, @Didjeý Tulkuldygyň berýän maslahatyndan peýdalanyp, aňyndaky pikiri inet ýazgysy görnüşinde göz öňüne getirmäge synanyşdy. Geň galaýmaly, birinji synanyşygam şowuna boldy. 4. ÝURT EÝESI (Şu gün 10:11) [Mowzuga geç] Mbäh! Täsin-aý! Göni, birinji saparda edenim ugruna bolaýdy-aýt! Ýoh-ha men internet ugrundan haker bolmag-a beýlede dursun, barypýatan waňk welin... 5. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:12) [Mowzuga geç] He-he-he, bolman näme, bro? Seň serweriň ýaman krutoý bolmaly, gaty aňsat hem çalt işleýä! Tizligi megabaýtda dä-de terabaýtda öýdýän, hä, bro?! 6. ÝURT EÝESI (Şu gün 10:13) [Mowzuga geç] Äý, näbileýin-aý, gardaş! Men-ä, şu güne çenli özümde beýle zadyň ýygşyrylgy ýatanny bilmännirinem... 7. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:14) [Mowzuga geç] Bilmeseň, inni bilip goýarsyň-da, dos. Ýöne, dossum, bü özüňe saýlan nikiň dagy nätüýsleg-aý? Birhili, judadanam beter, çerez çur gopbamsy dä-maýt?! 8. ÝURT EÝESI (Şu gün 10:15) [Mowzuga geç] Äý, ony men-ä saýlamadym. Seň öwredişiň ýaly, pikirimi inet-ýazgy görnüşinde göz öňüne getirdim welin, oýlanmam öz-özünden şu lakam bilen ýazyldy oturyberdi... 9. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:16) [Mowzuga geç] Aý bolýa-laý, dossum, nikiň näme bolanna näme?! Esasy zat özüň adam bolsaň bolýa-da. Ýeri bolýa bro, inni, sen özüňdäki bu elpe-şelpelikden peýdalanmag-a öwrenniň. Inni ikimiz, näme hakda forumlaşaly, hä?! 10. ÝURT EÝESI (Şu gün 10:19) [Mowzuga geç] Bilmedim. Ýöne, ine şü, näçe wagt bär-ä meni azara goýýan zad-a, şü gümlama gitmän geçen semizlikdi welin... 11. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:20) [Mowzuga geç] Bolýa-laý, dossum! Şuny kän kelläňe almasana-aý! Nä, tyňkyja bolaňda nämä-aý? Gül ýaly figuraň bar-a-how! Göze doýumly. Seredeniň nazaryny dokundyrýan. Onnoňam eşitdiňmi, artykmaç agram erkeklerde, haçan-da olaň toplan akyly, ylym-bilimi, tejribesi kellesine ýerleşmän, he-he-he...tutuş bedenine ýaýrap başlanda emele gelýämişin-ä! 12. ÝURT EÝESI (Şu gün 10:22) [Mowzuga geç] Seň gülkiň gelýä, dos, meň bolsa aýnada özüme seretsem agym tutýa. Içimiň ýangynjyndan ýaňa... Hemme ýeriň çogup çykyp, bylkyldap dur. Sähel tizräk hereket etseň, der basyp, porsap başlaýaň. “Myssyldap”, dem aljak bolsaňam, güzap. Onnoňam, ýaňy ýigrimi bäş ýaşadym. Nireden mende meýnime sygman endamyma ýaýrap başlar ýaly, akyl, tejribe bolsun?! Özem bilýäňmi, gardaş, şeýle bolmak üçin men jinnek ýalam jepa çekmedim. Iýýänim-ä öňem-soňam şol bir zatdy. Öz-özünden şeýle boldy. Birdenkä, sähel wagtyň içinde, güpür-tapyr, mylkyldap duran lokga et boldum galaýdym... Şu güne çenlem, horlanjak bolup, barlamadyk usulym galmady. Ine sen, gardaş, maňa näme maslahat berersiň? Ýa, dogrudanam dugtoryň pyçagynyň astyna giräkge, haram etdir-ýagymy kesdirip taşlaýynmy?! 13. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:27) [Mowzuga geç] Iňkise git, bro! Diňe göwni dok, öz-özündenem, ýaşaýşyndanam razy adamyň iýeni tenine ýokup, semreýändir. Ünjüli adam bolsa, içine gurçuk düşen dowar ýaly, näçe gäwüşese-de etine-ganyna gelmänjik geçäýer. 14. ÝURT EÝESI (Şu gün 10:29) [Mowzuga geç] Nämäni alada edeýin-aý, dossum?! Hudaýa şükür, daşymda-içerimde hemme zadym gow-a-how! Diplomym ba. Işim ba. Depämdäki kryşam, başyma gabyr gapagy dä. Sebäp diýseň, öýdäki bilen oňuşýas. Öýdäkilerem öýdäki bilen oňuşýalar. Aýlygam, garaz, boljak. Özümem öz ýagdaýyma belet. Üýtgeşik bir alyp barýan zehinimiň ýokdugyny bilýän. Şoň üçinem, Jeýlo bolmanam, Leýdi Gaga ýa-da Nil Armstrong bolmanam, matematikadan Nobel baýragyny almanam arzuw edemok. Aýa ýa-da Marsa-da uçasym gelenok. Ýene-de bir Garri Potterem ýazmaga höwesim ýok. Tütjar baý bolmak üçin, gijämi gündize öwrüp, şapadaňlamaga-da isleg zero. Onsoň, içimden çykmaz ýaly nämäni iňkis edineýin-aý! Şo-o-l, özbaşyna derýadan akyp barýan gury çöpem bir, menem. Akdyrylan ugruma endigan akan bolup barýand-a... 15. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:34) [Mowzuga geç] Durmuşyňda iňkis tapyp bilmeýän bolsaň, men saňa salgy bereýin: Heleýiňi kow! Özem, biderek ýerden yrsarap, hiç hili bahanasyz. Onsoň, alada etmejegem bir bolup gör. Nädersiň ýöne: “Inni, töwellasyzam yzyna köwlenermikä? Ýa-da mamaşy-pahany yzyndan ugratsaňam dolanmajagyna tutup oturyberermikä?! Öňem-ä ony edinjek bolup, giden çykdajy edilipdi. Ýa, ýene-de şonça çykdajyny täzesine çykarmaly bolaýarmyka? Ýöne, bi hany: “Ikinji gezekde birinjiden amatlyrak bolýan ýaly” diýibem-ä bir myş-myş setanda-seýranda gulaga degýädi...” diýip, ediljek bäş-üç günüň içinde, iň aňrybaşy berhizdäkidenem beter, on-on bäş kiläňi zyňyp goýberäýseň! Hä?! 16. ÝURT EÝESI (Şu gün 10:38) [Mowzuga geç] Goýsan-aýt! Onyňdanam bir maslahat bormy? Nä, inni, heýem bir: “horlanjak” diýip, heleýiňi kowup bolarmy-aý?! 17. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:39) [Mowzuga geç] Äý, onna, men-ä seň näme etseň gowy boljakdygyny bilmedim... Ýogsa-da, dur, hany. Täze bir pikir döredi. Sen kitapçy.komuň agzasymy? 18. ÝURT EÝESI (Şu gün 10:40) [Mowzuga geç] Nämäň? 19. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:40) [Mowzuga geç] https://kitapcy.com saýtynyň. 20. ÝURT EÝESI (Şu gün 10:41) [Mowzuga geç] Äý, hawa, aram-aram: “güýmenje” diýip, o taýdan ony-muny okaýan. 21. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:42) [Mowzuga geç] Onda, şol saýta gir-de, onda öz meseläň barada täze mowzuk açyp, iň soňunda-da soragyňy goý. Kim bilýä, belki mowzugyň teswirlerinde saňa degerli bir zat salgy bererler. 22. ÝURT EÝESI (Şu gün 10:43) [Mowzuga geç] Şeýdäýinmi-aý? Bihuda iş bolmazmy? 23. DJ TULKULDYK (Şu gün 10:43) [Mowzuga geç] Goý! Ýaýdanma. Jogap bermeseler, ýitirýän zadyň näme?! Hiç zady görmeýän gözlerini bir nokada dikip, otagda ýeke özi, öz-özi bilen “forumlaşyp” oturan bu pyýada, ukudan açylan ýaly gozganjyrap, gerindi-de, başujuna oklan eltelefonyna ýapyşdy. Ekranyň ýüzünden barmagyny ýöredip, https://kitapcy.com saýtyny açdy. Öz profiline girdi. Täze mowzuk açybam, nijeme hepde bäri özüni dert-azara goýýan sowalyny, iri harplar bilen ýazdy: MÄHRIBAN KITAPÇYDAŞLAR!!! MEN NÄDIP HORLANMALY?!... Ýa-da öz-özüme @Didjeý Tulkuldygyň aýdýan iňkisini döredinmelimi?! | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |