19:23 Sen aýtmasañam bilýän... | |
SEN AÝTMASAÑAM BILÝÄN...
Goşgular
![]() Añybam otyryn, gidersiñ gaçyp... Ýalbarmaryn, ylgamaryn yzyñdan Emma pyşyrdyñy goýup git mende. Bilibem otyryn, gidersiñ gopup, Sypalap bilmerin mymyk saçyñdan Emma gül ysyñy goýup git mende. Düşünibem durun, gitseñ aýrylyp, Büdreññeç bolsam-da ýykylmaryn men Emma elwan reñkiñ goýup git mende. Duýubam otyryn, gidersiñ ýitip, Iñ uly hasratym özüñ bolarsyñ Emma müşk ysyñy goýup git mende. Üzñeleşip barýan, undar gidersiñ, Çyrpynýar gurşun deý agyr okean Emma tagamyny goýup git mende. Her niçik bolsa-da, bilýän gitjegñi, Hiç hili hakym ýok sägindirmäge Emma sen özüñi goýup git mende... ▶ DAR DÜNÝÄ Yüreğim göwräme sygmaýar, Göwräm otagma. Otagym öýüme sygmaýar Öýüm dünýäme. Dünýäm äleme sygmaýar Partlaýmasam... Hasratymyñ çökderliginden dymýan Dymmalygym bolsa göge sygmaýar. Eýse bu hasraty nädip aýtmaly? Göwnüm daryşganlyk edýär yşkyma Kellämem beýnime... Ah, çekgelem çatlap barýar ýene-de Düşündim, indi düşündim, Hiç kime düşündirmen... ▶ SÖÝGI DURALGASY Äht edişen ýerimizde duşuşdyk, Äht edişen wagtymyzda däl ýöne. Men ýigrimi ýyl irräk gelip garaşdym A sen ýigrimi ýyl giç galyp geldiñ. Men saña garaşyp ýaşym ötüşdi A sen garaşdyryp ýaşlygña galdyñ... Terjime eden: © Has TÜRKMEN. Eziz NESIN, türk ýazyjysy. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||